Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Çary Geldimyradow 9 12 1950 Aşgabat şäheri Türkmenistan görnükli türkmen ýazyjysy terjimeçisi we edebiýat işgäri Magtymg

Çary Geldimyradow

  • Baş sahypa
  • Çary Geldimyradow
Çary Geldimyradow
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Çary Geldimyradow (9.12.1950, Aşgabat şäheri, Türkmenistan) görnükli türkmen ýazyjysy, terjimeçisi we edebiýat işgäri. "Magtymguly Pragy" adyndaky medalyň eýesi, "Türkmeniň Altyn asyry" atly bäsleşiginiň ýeňijisi

Çary Geldimyradow
Doglan senesi we ýeri09.12.1950
Aşgabat, Türkmenistan SSR, SSSR
MilletiTürkmen
Esasy baýraklary«Magtymguly Pyragy» adyndaky medaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi

Biografiýa

1965-nji ýylda şäheriň 26-njy orta mekdebinde 7-nji synpy tamamlap, okuwyny 13-nji işçi ýaşlar mekdebinde dowam etdirýär. Ol ilki şol wagtky Aşgabat etrabynyň «Zähmet» gazetinde korrektor bolup işe başlaýar. 1970-nji ýylda bolsa «Edebiýat we sungat» gazetinde zähmet ýoluny dowam etdirýär. Şu redaksiýada 1995-nji ýyla çenli dürli wezipelerde işleýär. 1995-nji ýyldan hormatly dynç alşa çykýança, 2013-nji ýyla çenli «Watan» gazetinde dürli wezipelerde işleýär. 2013-nji ýyldan bäri «Dünýä edebiýaty» žurnalynda terjimeçi. Ç.Geldimyradowyň «Rahatlyk» (1982) atly çagalar üçin hekaýalar ýygyndysy, «Çykalga» (1987), «Lälik» (1981), «Ýolbarsyň haky» (1989) atly gülküli hekaýalar ýygyndysy çap boldy. Bulardan başga-da döredijilik işgärleri bilen bolup geçen gyzykly wakalary özünde jemleýän «Gören-eşidenelrimden habar bersem» atly ýygyndyny, dünýä halklarynyň ýumorlaryny özünde jemleýän «Dünýä gülýär» atly ýygyndyny, ýurdumyzyň görnükli döredijilik işgärleri bilen baglanyşykly elliden gowrak ýatlamany özüne birikdirýän «Ýakymly ýatlamalar» atly ýygyndyny kitap görnüşinde taýýarlady.

Baýraklary

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijisi. (2015)
  • Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi. (2014)
  • Aziýa we Afrika ýurtlarynyň raýdaşlygynyň sowet komitetiniň Hormat haty we medaly.
  • Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň neşir işleriniň bäsleşiginde I derejeli diploma, Hormat hatyna we pul sylagyna mynasyp boldy.
  • SSSR Ýazyjylar, SSSR Žurnalistler birleşiginiň agzasy.
  • Zähmet weterany. (2016)

Terjime Eden Eserleri

  • Marko Polo „Dünýäniň köpdürlüligi hakynda kitap“.
  • Migel de Serwantes „Ýeser idalgo Don Kihot Lamançaly“, 2 tomdan ybarat roman.
  • Waleriý Berezikow, „Emir Teýmir“, roman-hronika.
  • Gerbert Uells, „Göze ilmezek“, fantastiki roman, «Gaýyp» roman.
  • Piter Şeffer, „Amadeý“, sahna eseri.
  • Gumer Başirow, „Tatar halk döredijiligi“, degişmeler, ýomaklar, gysgajyk kyssalar.
  • Aleksandr Belýaýew «Adam-balyk» («Adam-amfibiýa») roman

Bulardan başga-da köpsanly hekaýalary türkmen diline geçirdi, çeper terjimäniň meseleleri barada ençeme makalalary, ýüze golaý hekaýa, döredijilik işgärleri barada elliden gowrak ýatlamalary, şonuň ýaly-da publisistik makalalary hem-de başga-da dürli žanrdaky eserleri ýazdy.


Işlän Ýerleri

  • 1965-nji ýylda Aşgabat etrabynyň „Zähmet“ gazetinde korrektor bolup işe girýär.
  • 1970—1995-nji ýyllar aralygynda „Edebiýat we sungat“ gazetinde korrektor, neşiri goýberiji, edebi işgär, bölüm müdiri, jogapkär kätip wezipelerinde işleýär.
  • 1995—2013-nji ýyllar aralygynda „Watan“ gazetinde habarçy, jogapkär kätibiň orunbasary, bölüm müdiri, jogapkär kätip wezipelerinde işleýär.
  • 2013-nji ýyldan bäri „Dünýä edebiýaty“ žurnalynyň terjimeçisi.

Çykan Kitaplary

  • „Lälik“, satiriki hekaýalar.
  • „Rahatlyk“, çagalar üçin hekaýalar.
  • „Çykalga“, satiriki hekaýalar.
  • „Ýolbarsyň haky“, satiriki hekaýalar.
  • „Gören-eşidenlerimden habar bersem...“, döredijilik işgärleri bilen bolup geçen gyzykly wakalar.
  • „Dünýä gülýär“, dünýä halklarynyň ýumorlary

Goşmaça

Meretmämmet Hanmämmedow Çary aga barada şeýle sözleri aýdýar:"Çary Geldimyradow köptaraply tejribeli halypa. Onyň pensiýa çykandygyny eşidip, baş redaktor wagtym «Dünýä edebiýaty» žurnalyna işe çagyrdyk. Zehinine, adamkärçiligine ýakyndan göz ýetirdim. Sypaýy, işjanly ýaşuly. Ilki neşiri goýberiji, terjimeçi, edebi işgär boldy, soňra ýene terjimeçilige geçdi. Ol žurnala täze-täze ideýalar bilen geldi. Okyjylaryň aýdyşy ýaly žurnalyň ýüzi täzelendi, sahypalaryny täze rubrikalar bezedi. «Kim näme terjime edýär?» rubrikasy Çary aganyň teklibi bilen açyldy. Ýurdumyzyň belli terjimeçileri Daňatar Berdiýew, Atajan Tagan, Kakabaý Gurbanmyradow dagy bilen özboluşly söhbetdeşlikler gurady. Annaly Berdiýew, Şadurdy Çaryýew, Aşyrberdi Kürt, Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Gurbandurdy Gurbansähedow, Aleksandr Aborskiý we başga-da meşhur terjimeçi, ýazyjy-şahyrlar barada ýakymly ýatlamalar bilen çykyş etdi. Ençeme ýaş terjimeçileriň romanlaryny, powestlerini, hekaýalaryny redaktirledi.Bilýänsiňiz, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň okyjylaryň terjimeçilere sowalnama bilen ýüzlenen rubrikasynda terjimeçileriň beren jogaplary bardyr. Şol rubrikany teklip eden hem onuň sowallaryny taýýarlan Çary Geldimyradow. Belli hem-de ýaş terjimeçiler anketanyň sowallaryna jogap berip, terjime sungatyndaky tejribeleri bilen okyjylar köpçüligini tanyşdyrypdylar. Çary aganyň dili gowy, türkmen dilini gowy bilýär. Ol çeper terjime, sözme-söz terjime, erkin terjime ýaly bu sungatdaky duşýan ugurlar barada-da öz pikir-garaýyşlaryny öňe sürýän ençeme makalalar ýazdy. Şol makalalar terjime sungatyndaky derwaýys meseleleri ýüze çykarýardy. Şonuň üçin makalalar okyjylaryň arasynda gyzgyn seslenme döretdi — diýip gürrüň berdi.

Bir gezek žurnalist Ýegenmämmet Taýlyýew oňa: — Halypa, terjimede esasy zat näme, öz terjimäňiziň şowly ýa-da şowsuz çykandygyny kesgitläp bilýäňizmi?— diýip sowal berdi.

—Terjimede esasy zat kän. Terjimeçi terjime edýän eseriniň içinde «ýaşamaly», onuň awtory bilen bir gulakdan gopmaly. Terjime «Men näme diýýän, tamdyram näme diýýä» bolmaly däl. Terjime sözme-söz gitmeli däl, çeper bolmaly, oňa şirin türkmen dilini siňdirmeli, mahlasy eser türkmençe gürlemeli. Mysal üçin, şeýleräk terjimäni alyp göreliň: «Dükanda çörek we bulka önümleriniň dürli görnüşleri bar eken, men bulka almagy arzuw etdim…». Şeýle seredeňde düşnükli, eýesi-habary ýerbe-ýer. Ýöne, hany, bärde owadan türkmen dili? Ynha, terjimeçi şuň ýaly gülkünç sözlemlere ýol bermeli däl. «Iki dilem gowy bilýän» diýip, terjimä haýdabereniň bilen işiň şowlajagy gümana. Terjime edýän eseriň çeperçilik taraplaryny saklamaga çalyşmaly. Döredijiligiň islendik görnüşinde çeperçilik täriniň nämedigine düşünmezden, guraksy sözlemler bilen «süýji tagam» taýýarlap bolmaýa. Terjime sungaty hasam irginsizligi talap edýä. Sebäbi asyl nusgadaky käbir köpmanyly, aýlawly jümlelere, sözlere aň ýetirmek, soňam olary ýerbe-ýer türkmen dilinde bermek oýun-oýunjak iş däl. Dürli taýlaryny agtarmaly, iň soňunda-da iň ygtybarlysyny saýlamaly.Terjime eden eseriňe, elbetde, kärdeşleň, okyjylar köpçüligi baha berse ýagşy. Öwrenje ýazyjy, öwrenje terjimeçi öz ýazan hekaýasynyň ýa-da terjimesiniň ibaly çykanyny-çykmanyny aňsat-aňsat kesgitläp bilmeýä. Muň üçin wagt gerek, ýyllar gerek, türgenlik gerek. Tejribe toplaňsoň, dil goruň baýlaşansoň, tekiz ýöreýäni ýa-da büdreýäni düýdurýa. «Aý, şu ýerde-hä ejizledim, şu ýerini-hä asyl nusgasyndanam gowy alyp çykdym!» diýdirýän gezekleri bolýa. Ýöne tutuş göwrümli eseri asyl nusgasynyň derejesindenem zyýat terjime etmek, aňsat-aňsat, başardaýanok. Özüm-ä asyl nusga bilen deňeçerräk ýöräp bilsem, armanym ýok — diýip kiçigöwünlik bilen jogap berdi.

Makala gyzykly bolsun diýip terjimeçi, ýazyjy Amangeldi Goşaýewiňem:

— Kärdeş, haýsy dile degişli bolanda-da terjimeden terjime edilen eserler «çorbaň çorbasy» ýaly duýulýa. Ýurdumyzda ýaşlaň dürli dillerden baş çykarmaklary üçin örän uly mümkinçilikler döredilýä. Şunuň bilen bagly terjimeçilik sungatynda her bir eseriň asyl nusgasyndan terjime edilmeginiň täsiri barada pikiriňizi paýlaşsaňyz — diýen sowaly bilenem ýüzlendik. Şonda ol:

— Amangeldi, özüňiz gowy bilýäňiz. Bizde belli bir döwürde, esasan, rus dilinden terjime etmek ýörgünli boldy. Munuňam birgiden sebäbi bar. Doganlyk rus halky bilen ykbalymyz çatlyşdy, ençeme halk bolup, bir güzerden suw içildi, bir il bolup ýaşaldy. Şunlukda, rus dilini ymykly öwrenmäge şert döredi. Ýörite sözlükler düzüldi. Şol sözlüklerem elujy däldi, düýplüdi. Umuman, rus dili häzirem dünýäde esasy dilleň biri hasaplanýa. Şu dilden terjime edýänlerem kem-kemden ökdeledi, tejribe toplady. Ýöne munuň üçin wagt gerek bolupdy. Başda ýüzleý, öwrenje terjimelere-de ýol berlipdi, säwliklerem gidipdi, ýoýulmalaram duşupdy. Ýöne ýuwaş-ýuwaş kämilligem gelipdi. Onlarça ýyllaň dowamynda Bäşim Ataýew, Annaly Berdiýew, Daňatar Berdiýew, Sapargeldi Annasähedow, Şadurdy Çaryýew, Aşyrberdi Kürt… ýaly ussatlyga gol beren terjimeçiler ýetişdi. Terjimeçilik mekdebi döräpdi. Mekdep häzirem dowam edýä. Özüňizem şol mekdebiň uçurymy. Ýöne, näme üçindir, şol ýyllar gös-göni beýleki dillerden terjime etmäge kembaha garaldy. Dogry, türki dillerden, arap-pars dillerinden azda-kände, has dogrusy, ujypsyzja terjimeler edilýädi. Ýöne hytaý, hindi, ýapon, koreý, ispan, nemes, italýan… ýaly dilleri öwrenmek, şol dillerden göni terjime edip bilýänleri ýetişdirmegiň aladasy edilmändir. Şu babatda, umuman, terjime sungaty barada ussat terjimeçi dostumyz Kakabaý Gurbanmyradow bilen kän pikir alşypdyk. Ol terjimeçileň halkara derejesinde geçirilen çäreleriniň birnäçesine gatnaşypdy. Şonda ondan: «Asyl nusgadan terjime etmegiň ýagdaýy beýleki respublikalarda nähiliräk?» diýip sorapdym. Bu aýdýanlarym 1989-njy ýylyň gürrüňi…— diýenden, Çary aga, Kakabaý agaň terjimeçiligi babatda «Onuň orny häzirem oýulyp dur» diýýänler kän. Belki, şol gürrüňleriň käbiri ýadyňyzda galandyr? — diýdim.

Çary aga-da täsin gürrüňler kän. Her gezek jaňlaşamyzda dürli temalardan gürrüň gözgaýas.

— Çeper eser, köplenç gyzykly bolýa. Ýöne dokumental žanrlarda-da täsin wakalar duş gelýä. Ana, şolaram okyjylara ýetiresiň gelýä. Ýigrimi-otuz ýyl mundan ozal «futboluň şasy» diýlip ykrar edilen Pele hakynda çeper eseriň derejesindäki bir makala duş geldim. Maňzyma batansoň, durup bilmän, ony türkmençä geçirdim. Pele öz döwründe ýurdunyň baýlygyna deňelipdi. Ýewropa ýurtlarynyň belli futbol toparlary braziliýaly bu hüjümçini öz hatarlaryna goşmak üçin pul baryny hödürleýäler. Emma Braziliýanyň şol wagtky Prezidenti ýörite perman çykaryp, Peläni ýurduň baýlygy diýip yglan edýä. Ýurduň baýlygyny bolsa, daşyna çykarmak gadagandy. Şol terjimeden bir parça:

«1970-nji ýylda Nigeriýada içerki agzalalyk dowam edýärdi. Taraplar biri-birine öçlüdi. Ýurda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmek üçin «Santos» topary gelipdi. Elbetde, olaryň arasynda Pele-de bardy. Peläniň oýnaýşyny görmek üçin dawaly taraplar ýörite iki günlük ýaraşyk yglan edipdirler. Hawa, şahsyýet güýçli bolanda dawa-jenjelleri-de togtadyp bilýä.

1965-nji ýylda Pele «Meniň adym — Pele» atly terjimehal şekilli kitabyny çykartdy. Onda ady rowaýata öwrülen futbolçy öz durmuş ýoly barada gürrüň berýädi. Şol ýyllar Braziliýada çalasowat kişiler ýetik eken. Ana, şol adamlaram öz söýgüli futbolçularynyň ýazan kitabyny okamak üçin elipbiý satyn alyp, harplary hem-de kitaby okamagy öwrenipdirler. Munuň üçin Braziliýanyň Magaryf ministrligi futbolça ýadygärlik altyn medal gowşurypdy…»

Bellikler

Ceşmeler

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/8/articles/40228 Archived 2022-01-31 at the Wayback Machine

https://eurasia-assembly.org/sites/default/files/24.03.2023_-_edebiyat_we_sungat.pdf

https://www.atavatan-turkmenistan.com/cary-geldimyradow-ylhamy-ganatly-halypa/

https://www.atavatan-turkmenistan.com/247503/

https://www.atavatan-turkmenistan.com/gulki-zeminin-duzy/

https://kitapcy.su/tag/cary-geldimyradow/

https://sites.google.com/view/cary-geldimyradow/home

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 19 Iýul, 2025 / 06:10

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Çary Geldimyradow hakda maglumat, Çary Geldimyradow näme? Çary Geldimyradow näme diýmek?

Cary Geldimyradow 9 12 1950 Asgabat saheri Turkmenistan gornukli turkmen yazyjysy terjimecisi we edebiyat isgari Magtymguly Pragy adyndaky medalyn eyesi Turkmenin Altyn asyry atly baslesiginin yenijisiCary GeldimyradowDoglan senesi we yeri09 12 1950 Asgabat Turkmenistan SSR SSSRMilletiTurkmenEsasy bayraklary Magtymguly Pyragy adyndaky medaly Turkmenistanyn Prezidentinin Turkmenin Altyn asyry atly baslesiginin yenijisiBiografiya1965 nji yylda saherin 26 njy orta mekdebinde 7 nji synpy tamamlap okuwyny 13 nji isci yaslar mekdebinde dowam etdiryar Ol ilki sol wagtky Asgabat etrabynyn Zahmet gazetinde korrektor bolup ise baslayar 1970 nji yylda bolsa Edebiyat we sungat gazetinde zahmet yoluny dowam etdiryar Su redaksiyada 1995 nji yyla cenli durli wezipelerde isleyar 1995 nji yyldan hormatly dync alsa cykyanca 2013 nji yyla cenli Watan gazetinde durli wezipelerde isleyar 2013 nji yyldan bari Dunya edebiyaty zurnalynda terjimeci C Geldimyradowyn Rahatlyk 1982 atly cagalar ucin hekayalar yygyndysy Cykalga 1987 Lalik 1981 Yolbarsyn haky 1989 atly gulkuli hekayalar yygyndysy cap boldy Bulardan basga da doredijilik isgarleri bilen bolup gecen gyzykly wakalary ozunde jemleyan Goren esidenelrimden habar bersem atly yygyndyny dunya halklarynyn yumorlaryny ozunde jemleyan Dunya gulyar atly yygyndyny yurdumyzyn gornukli doredijilik isgarleri bilen baglanysykly elliden gowrak yatlamany ozune birikdiryan Yakymly yatlamalar atly yygyndyny kitap gornusinde tayyarlady BayraklaryTurkmenistanyn Prezidentinin Altyn asyr baslesiginin yenijisi 2015 Magtymguly Pyragy medalynyn eyesi 2014 Aziya we Afrika yurtlarynyn raydaslygynyn sowet komitetinin Hormat haty we medaly Ozbegistanyn Gazagystanyn Gyrgyzystanyn Tajigistanyn Turkmenistanyn nesir islerinin baslesiginde I derejeli diploma Hormat hatyna we pul sylagyna mynasyp boldy SSSR Yazyjylar SSSR Zurnalistler birlesiginin agzasy Zahmet weterany 2016 Terjime Eden EserleriMarko Polo Dunyanin kopdurluligi hakynda kitap Migel de Serwantes Yeser idalgo Don Kihot Lamancaly 2 tomdan ybarat roman Waleriy Berezikow Emir Teymir roman hronika Gerbert Uells Goze ilmezek fantastiki roman Gayyp roman Piter Seffer Amadey sahna eseri Gumer Basirow Tatar halk doredijiligi degismeler yomaklar gysgajyk kyssalar Aleksandr Belyayew Adam balyk Adam amfibiya roman Bulardan basga da kopsanly hekayalary turkmen diline gecirdi ceper terjimanin meseleleri barada enceme makalalary yuze golay hekaya doredijilik isgarleri barada elliden gowrak yatlamalary sonun yaly da publisistik makalalary hem de basga da durli zanrdaky eserleri yazdy Islan Yerleri1965 nji yylda Asgabat etrabynyn Zahmet gazetinde korrektor bolup ise giryar 1970 1995 nji yyllar aralygynda Edebiyat we sungat gazetinde korrektor nesiri goyberiji edebi isgar bolum mudiri jogapkar katip wezipelerinde isleyar 1995 2013 nji yyllar aralygynda Watan gazetinde habarcy jogapkar katibin orunbasary bolum mudiri jogapkar katip wezipelerinde isleyar 2013 nji yyldan bari Dunya edebiyaty zurnalynyn terjimecisi Cykan KitaplaryCary Geldimyradow 1993 y Lalik satiriki hekayalar Rahatlyk cagalar ucin hekayalar Cykalga satiriki hekayalar Yolbarsyn haky satiriki hekayalar Goren esidenlerimden habar bersem doredijilik isgarleri bilen bolup gecen gyzykly wakalar Dunya gulyar dunya halklarynyn yumorlaryGosmacaMeretmammet Hanmammedow Cary aga barada seyle sozleri aydyar Cary Geldimyradow koptaraply tejribeli halypa Onyn pensiya cykandygyny esidip bas redaktor wagtym Dunya edebiyaty zurnalyna ise cagyrdyk Zehinine adamkarciligine yakyndan goz yetirdim Sypayy isjanly yasuly Ilki nesiri goyberiji terjimeci edebi isgar boldy sonra yene terjimecilige gecdi Ol zurnala taze taze ideyalar bilen geldi Okyjylaryn aydysy yaly zurnalyn yuzi tazelendi sahypalaryny taze rubrikalar bezedi Kim name terjime edyar rubrikasy Cary aganyn teklibi bilen acyldy Yurdumyzyn belli terjimecileri Danatar Berdiyew Atajan Tagan Kakabay Gurbanmyradow dagy bilen ozbolusly sohbetdeslikler gurady Annaly Berdiyew Sadurdy Caryyew Asyrberdi Kurt Gurbannazar Ezizow Kerim Gurbannepesow Gurbandurdy Gurbansahedow Aleksandr Aborskiy we basga da meshur terjimeci yazyjy sahyrlar barada yakymly yatlamalar bilen cykys etdi Enceme yas terjimecilerin romanlaryny powestlerini hekayalaryny redaktirledi Bilyansiniz Dunya edebiyaty zurnalynyn okyjylaryn terjimecilere sowalnama bilen yuzlenen rubrikasynda terjimecilerin beren jogaplary bardyr Sol rubrikany teklip eden hem onun sowallaryny tayyarlan Cary Geldimyradow Belli hem de yas terjimeciler anketanyn sowallaryna jogap berip terjime sungatyndaky tejribeleri bilen okyjylar kopculigini tanysdyrypdylar Cary aganyn dili gowy turkmen dilini gowy bilyar Ol ceper terjime sozme soz terjime erkin terjime yaly bu sungatdaky dusyan ugurlar barada da oz pikir garayyslaryny one suryan enceme makalalar yazdy Sol makalalar terjime sungatyndaky derwayys meseleleri yuze cykaryardy Sonun ucin makalalar okyjylaryn arasynda gyzgyn seslenme doretdi diyip gurrun berdi Bir gezek zurnalist Yegenmammet Taylyyew ona Halypa terjimede esasy zat name oz terjimanizin sowly ya da sowsuz cykandygyny kesgitlap bilyanizmi diyip sowal berdi Terjimede esasy zat kan Terjimeci terjime edyan eserinin icinde yasamaly onun awtory bilen bir gulakdan gopmaly Terjime Men name diyyan tamdyram name diyya bolmaly dal Terjime sozme soz gitmeli dal ceper bolmaly ona sirin turkmen dilini sindirmeli mahlasy eser turkmence gurlemeli Mysal ucin seylerak terjimani alyp gorelin Dukanda corek we bulka onumlerinin durli gornusleri bar eken men bulka almagy arzuw etdim Seyle seredende dusnukli eyesi habary yerbe yer Yone hany barde owadan turkmen dili Ynha terjimeci sun yaly gulkunc sozlemlere yol bermeli dal Iki dilem gowy bilyan diyip terjima haydaberenin bilen isin sowlajagy gumana Terjime edyan eserin cepercilik taraplaryny saklamaga calysmaly Doredijiligin islendik gornusinde cepercilik tarinin namedigine dusunmezden guraksy sozlemler bilen suyji tagam tayyarlap bolmaya Terjime sungaty hasam irginsizligi talap edya Sebabi asyl nusgadaky kabir kopmanyly aylawly jumlelere sozlere an yetirmek sonam olary yerbe yer turkmen dilinde bermek oyun oyunjak is dal Durli taylaryny agtarmaly in sonunda da in ygtybarlysyny saylamaly Terjime eden eserine elbetde kardeslen okyjylar kopculigi baha berse yagsy Owrenje yazyjy owrenje terjimeci oz yazan hekayasynyn ya da terjimesinin ibaly cykanyny cykmanyny ansat ansat kesgitlap bilmeya Mun ucin wagt gerek yyllar gerek turgenlik gerek Tejribe toplanson dil gorun baylasanson tekiz yoreyani ya da budreyani duydurya Ay su yerde ha ejizledim su yerini ha asyl nusgasyndanam gowy alyp cykdym diydiryan gezekleri bolya Yone tutus gowrumli eseri asyl nusgasynyn derejesindenem zyyat terjime etmek ansat ansat basardayanok Ozum a asyl nusga bilen denecerrak yorap bilsem armanym yok diyip kicigowunlik bilen jogap berdi Makala gyzykly bolsun diyip terjimeci yazyjy Amangeldi Gosayewinem Kardes haysy dile degisli bolanda da terjimeden terjime edilen eserler corban corbasy yaly duyulya Yurdumyzda yaslan durli dillerden bas cykarmaklary ucin oran uly mumkincilikler doredilya Sunun bilen bagly terjimecilik sungatynda her bir eserin asyl nusgasyndan terjime edilmeginin tasiri barada pikirinizi paylassanyz diyen sowaly bilenem yuzlendik Sonda ol Amangeldi ozuniz gowy bilyaniz Bizde belli bir dowurde esasan rus dilinden terjime etmek yorgunli boldy Mununam birgiden sebabi bar Doganlyk rus halky bilen ykbalymyz catlysdy enceme halk bolup bir guzerden suw icildi bir il bolup yasaldy Sunlukda rus dilini ymykly owrenmage sert doredi Yorite sozlukler duzuldi Sol sozluklerem elujy daldi duypludi Umuman rus dili hazirem dunyade esasy dillen biri hasaplanya Su dilden terjime edyanlerem kem kemden okdeledi tejribe toplady Yone munun ucin wagt gerek bolupdy Basda yuzley owrenje terjimelere de yol berlipdi sawliklerem gidipdi yoyulmalaram dusupdy Yone yuwas yuwas kamilligem gelipdi Onlarca yyllan dowamynda Basim Atayew Annaly Berdiyew Danatar Berdiyew Sapargeldi Annasahedow Sadurdy Caryyew Asyrberdi Kurt yaly ussatlyga gol beren terjimeciler yetisdi Terjimecilik mekdebi dorapdi Mekdep hazirem dowam edya Ozunizem sol mekdebin ucurymy Yone name ucindir sol yyllar gos goni beyleki dillerden terjime etmage kembaha garaldy Dogry turki dillerden arap pars dillerinden azda kande has dogrusy ujypsyzja terjimeler edilyadi Yone hytay hindi yapon korey ispan nemes italyan yaly dilleri owrenmek sol dillerden goni terjime edip bilyanleri yetisdirmegin aladasy edilmandir Su babatda umuman terjime sungaty barada ussat terjimeci dostumyz Kakabay Gurbanmyradow bilen kan pikir alsypdyk Ol terjimecilen halkara derejesinde gecirilen carelerinin birnacesine gatnasypdy Sonda ondan Asyl nusgadan terjime etmegin yagdayy beyleki respublikalarda nahilirak diyip sorapdym Bu aydyanlarym 1989 njy yylyn gurruni diyenden Cary aga Kakabay agan terjimeciligi babatda Onun orny hazirem oyulyp dur diyyanler kan Belki sol gurrunlerin kabiri yadynyzda galandyr diydim Cary Geldimyradow we Meret Gylyjow Cary aga da tasin gurrunler kan Her gezek janlasamyzda durli temalardan gurrun gozgayas Ceper eser koplenc gyzykly bolya Yone dokumental zanrlarda da tasin wakalar dus gelya Ana solaram okyjylara yetiresin gelya Yigrimi otuz yyl mundan ozal futbolun sasy diylip ykrar edilen Pele hakynda ceper eserin derejesindaki bir makala dus geldim Manzyma batanson durup bilman ony turkmenca gecirdim Pele oz dowrunde yurdunyn baylygyna denelipdi Yewropa yurtlarynyn belli futbol toparlary braziliyaly bu hujumcini oz hatarlaryna gosmak ucin pul baryny hodurleyaler Emma Braziliyanyn sol wagtky Prezidenti yorite perman cykaryp Pelani yurdun baylygy diyip yglan edya Yurdun baylygyny bolsa dasyna cykarmak gadagandy Sol terjimeden bir parca 1970 nji yylda Nigeriyada icerki agzalalyk dowam edyardi Taraplar biri birine ocludi Yurda yoldaslyk dususygyny gecirmek ucin Santos topary gelipdi Elbetde olaryn arasynda Pele de bardy Pelanin oynaysyny gormek ucin dawaly taraplar yorite iki gunluk yarasyk yglan edipdirler Hawa sahsyyet guycli bolanda dawa jenjelleri de togtadyp bilya 1965 nji yylda Pele Menin adym Pele atly terjimehal sekilli kitabyny cykartdy Onda ady rowayata owrulen futbolcy oz durmus yoly barada gurrun beryadi Sol yyllar Braziliyada calasowat kisiler yetik eken Ana sol adamlaram oz soyguli futbolcularynyn yazan kitabyny okamak ucin elipbiy satyn alyp harplary hem de kitaby okamagy owrenipdirler Munun ucin Braziliyanyn Magaryf ministrligi futbolca yadygarlik altyn medal gowsurypdy BelliklerCesmelerhttps www turkmenmetbugat gov tm tk newspapers 8 articles 40228 Archived 2022 01 31 at the Wayback Machine https eurasia assembly org sites default files 24 03 2023 edebiyat we sungat pdf https www atavatan turkmenistan com cary geldimyradow ylhamy ganatly halypa https www atavatan turkmenistan com 247503 https www atavatan turkmenistan com gulki zeminin duzy https kitapcy su tag cary geldimyradow https sites google com view cary geldimyradow home

Iň soňky makalalar
  • Iýul 20, 2025

    Mete

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary