Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Üçler bileleşigi Fransiýa garşy urşa taýýarlanýan Germaniýa özüne ýaranlary gözleýärdi Şeýle ýaran ozaly bilen Awstro We

Üçler bileleşigi

  • Baş sahypa
  • Üçler bileleşigi
Üçler bileleşigi
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Üçler bileleşigi.

Fransiýa garşy urşa taýýarlanýan Germaniýa özüne ýaranlary gözleýärdi. Şeýle ýaran ozaly bilen Awstro-Wengriýa bolup biljekdi. Ol Russiýanyň elini baglap, Fransiýa bilen bileleşmekden saklap biljekdi. Awstro-Wengriýa we Russiýa Balkanlarda esasy bäsdeşlerdi.

1879-njy ýylda Germaniýa bilen Awstro-Wengriýanyň arasynda şertnama baglaşyldy. Olar Russiýa çozan mahalynda birek-biregi goldamagy ylalaşdylar. 1882-nji ýylda bu şertnama Italiýa hem goşuldy. 1881-nji ýylda Fransiýanyň Tunisi basyp almagy onuň Italiýa bilen gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrdy.

1882-nji ýylda Germaniýanyň, Awstro-Wengriýanyň we Italiýanyň arasynda baglaşylan harby şertnama Üçler bileleşigi adyny aldy. Germaniýa we Italiýa Fransiýa öz üstlerine çozan halatynda birek-birege kömek bermäge söz berdiler. Awstro-Wengriýa bilen Russiýanyň arasynda dawa tutaşaýsa, Italiýa bitaraplygyny saklamalydy. Bismark Russiýany Germaniýa bilen urşa girmez diýip hasaplaýardy.

Wilgelm II-niň täze imperator bolmagy we Bismarkyň iş başindan aýrylmagy bilen Germaniýanyň syýasatynda üýtgeşmeler boldy. Nemes generallary iki ugurda uruş alyp barmakdan çekinmeli daldigini öňe sürdüler. Olar ruslaryň çalt goşun düzjekdigine kembaha garadylar. Nemesler ilki Fransiýany dyza çökerip, soňra ruslaryň üstüne çozmakçydy.

Germaniýanyň täze kansleri Býulow işjeň daşary syýasat alyp bardy. Ol reýhstagda eden çykyşynda : “Beýleki halklar öz aralarynda ýeri we suwy paýlaşanlarynda, biz nemeslere gök asmandan başga hiç zat ýetmändir. Biz özümize Günüň aşagyndan mynasyp ýer berilmegini talap edýäris” diýen şygary öňe sürüpdir. XIX asyryň 90-njy ýyllarynda Germaniýa Hytaýa kürsäp girdi. Şandun ýarymadasynda harby bazasyny gurdy. Ýuwaş okeanda Karolin we Marian adalaryny eýeledi. Täze bakna mülkleriniň eýelenmegi, daşary söwdanyň artmagy Germaniýadan kuwwatly deňiz flotyny döretmegi talap edýärdi. Wilgelm II “Biziň geljegimiz deňizdedir” diýip öwünýärdi.

1895-nji ýylda Demirgazyk we Baltika deňizlerini birleşdirýän Kil kanaly açyldy. 1898-nji ýylda reýhstag harby gämileriň gurluşygy hakynda uly maksatnamany tassyklady. Bu gönüden-göni Beýik Britaniýanyň deňiz agalygyna uly howp salýardy. Beýik Britaniýa deňiz döwletleri bolan Fransiýanyň we Germaniýanyň bilelikdäki flotundan hem güýçli floty saklamaga çalyşýardy. Iňlis hökümeti her bir gurlan täze german linkoryna garşy täze iki iňlis gämisini gurmagy karar etdi. Özüniň güýçlenýän deňiz garşydaşyna garşy Beýik Britaniýa köne duşmany Fransiýadan haraý isläp, onuň bilen ýakynlaşyp başlady.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 23 Iýun, 2025 / 09:58

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Üçler bileleşigi hakda maglumat, Üçler bileleşigi näme? Üçler bileleşigi näme diýmek?

Ucler bilelesigi Fransiya garsy ursa tayyarlanyan Germaniya ozune yaranlary gozleyardi Seyle yaran ozaly bilen Awstro Wengriya bolup biljekdi Ol Russiyanyn elini baglap Fransiya bilen bilelesmekden saklap biljekdi Awstro Wengriya we Russiya Balkanlarda esasy basdeslerdi 1879 njy yylda Germaniya bilen Awstro Wengriyanyn arasynda sertnama baglasyldy Olar Russiya cozan mahalynda birek biregi goldamagy ylalasdylar 1882 nji yylda bu sertnama Italiya hem gosuldy 1881 nji yylda Fransiyanyn Tunisi basyp almagy onun Italiya bilen gatnasyklaryny yaramazlasdyrdy 1882 nji yylda Germaniyanyn Awstro Wengriyanyn we Italiyanyn arasynda baglasylan harby sertnama Ucler bilelesigi adyny aldy Germaniya we Italiya Fransiya oz ustlerine cozan halatynda birek birege komek bermage soz berdiler Awstro Wengriya bilen Russiyanyn arasynda dawa tutasaysa Italiya bitaraplygyny saklamalydy Bismark Russiyany Germaniya bilen ursa girmez diyip hasaplayardy Wilgelm II nin taze imperator bolmagy we Bismarkyn is basindan ayrylmagy bilen Germaniyanyn syyasatynda uytgesmeler boldy Nemes generallary iki ugurda urus alyp barmakdan cekinmeli daldigini one surduler Olar ruslaryn calt gosun duzjekdigine kembaha garadylar Nemesler ilki Fransiyany dyza cokerip sonra ruslaryn ustune cozmakcydy Germaniyanyn taze kansleri Byulow isjen dasary syyasat alyp bardy Ol reyhstagda eden cykysynda Beyleki halklar oz aralarynda yeri we suwy paylasanlarynda biz nemeslere gok asmandan basga hic zat yetmandir Biz ozumize Gunun asagyndan mynasyp yer berilmegini talap edyaris diyen sygary one surupdir XIX asyryn 90 njy yyllarynda Germaniya Hytaya kursap girdi Sandun yarymadasynda harby bazasyny gurdy Yuwas okeanda Karolin we Marian adalaryny eyeledi Taze bakna mulklerinin eyelenmegi dasary sowdanyn artmagy Germaniyadan kuwwatly deniz flotyny doretmegi talap edyardi Wilgelm II Bizin geljegimiz denizdedir diyip owunyardi 1895 nji yylda Demirgazyk we Baltika denizlerini birlesdiryan Kil kanaly acyldy 1898 nji yylda reyhstag harby gamilerin gurlusygy hakynda uly maksatnamany tassyklady Bu gonuden goni Beyik Britaniyanyn deniz agalygyna uly howp salyardy Beyik Britaniya deniz dowletleri bolan Fransiyanyn we Germaniyanyn bilelikdaki flotundan hem guycli floty saklamaga calysyardy Inlis hokumeti her bir gurlan taze german linkoryna garsy taze iki inlis gamisini gurmagy karar etdi Ozunin guyclenyan deniz garsydasyna garsy Beyik Britaniya kone dusmany Fransiyadan haray islap onun bilen yakynlasyp baslady

Iň soňky makalalar
  • Iýun 26, 2025

    Rabiul äwwäl

  • Iýun 10, 2025

    Raul Gonzales Blanko

  • Iýun 13, 2025

    Ronaldo

  • Iýun 12, 2025

    Ronaldinýo

  • Iýun 14, 2025

    Romário

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary