Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Umumy maglumatlarOrta asyr türkmen oguzlaryň düzüminde şeýle atda uly taýpa bolupdyr Taryhy çeşmelerde bu adyň gadymy gö

Ak öýli

  • Baş sahypa
  • Ak öýli
Ak öýli
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Umumy maglumatlar

Orta asyr türkmen-oguzlaryň düzüminde şeýle atda uly taýpa bolupdyr. Taryhy çeşmelerde bu adyň gadymy görnüşi we manysy barada dürli çaklamalar getirýärler. Meselem, XI asyryň görnükli dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki sözler diwany» atly ajaýyp sözlüginde alkabölük 22 türkmen taýpasynyň biri hasaplanýar. XIV asyr taryhçysy Reşidetdin bu taýpanyň adyny alkyr-ewli görnüşinde ýazýar we ony Oguz hanyň Günhan diýen oglundan bolan üçünji agtygynyň ady hasaplaýar. Ýazyjy oglunyň (XV asyr) we Salyr Baba Gulaly oglunyň işlerinde-de bu at alka-ewli görnüşinde getirlipdir. Reşidetdin Alkyr-ewli diýen adam (soňra taýpa) adynyň manysyny «her ýerde bolsa-da, ýakymly bolar» diýip, Abulgazy hem (XVII asyr) Oguz hanyň Alkaöýli diýen agtygynyň hem-de onuň neberelerinden emele gelen türkmen taýpasynyň adyny «muwapyk», laýyk, ýakymly» diýip terjime edýärler. Salyr baba bolsa bu adyň «baý we bagtly» diýen manysynyň tarapyny tutýar. Gürrüňi edilýän etnonimiň türki (türkmen) sözlerinden emele gelendigine seretmezden, onuň anyk manysy «ynha şu» diýip aýdaýmak gaty çetin, çünki taryhy çeşmelerde bu at dürli görnüşlerde duş gelýär. Şonuň üçin onuň asyl köki, haýsy sözlerden we goşulmalardan ybaratdygyny belli bolman galýar. Türkmenleriň soňky döwüre degişli tire-taýpalarynyň atlarynda-da bu sözüň dürli görnüşlerde ulanylýandygyny bellemelidiris. Meselem, Horezm oblastyndaky salyrlaryň düzüminde alabölükli diýen etnonimler duş gelýär. Etnograf一alym Ata Jykyýew ony «ala börükli», ýagny «ala tahýa geýýänler» diýip düşündirýär. Ýöne bu adyň Mahmyt Kaşgarly tarapyndan agzalýan alkabölük diýen etnonimiň bir az fonetik üýtgeşmä sezewar edilen görnüşidigini aňlamak kyn däl. Ürgenç raýonynda ýaşaýan salyrlaryň bir bölegine alaöýlükli diýilýär. Türkmen halkynyň taryhyny ürç edip öwrenen moskwaly alym G. P. Wasilýewa bu etnonimiň aslynda gadymy alabölük taýpasyndan gaýdýanlygyny çak edýär, çünki bu ýerde alabölük diýen türkmen urugy 1779-njy ýylda-da bar eken. Ýöne bu alym alaöýlükli diýen tire-urug adyny «keseki öýli», «başga öýli» diýip düşündirýär. Düşündirişler köp, ýöne olaryň hiç haýsy ylmy tarapdan doly esaslandyrylan we ynandyryjy däl. Biz hem bu etnonimiň hakyky manysyny häzirlikçe anyklap bilmedik, ýöne onuň iň ir (XI asyrda) duşýan alkabölük wariantyndan ugur alyp, bu etnonimiň alka we bölük diýen iki sözden durýandygyny aýtmakçydyrys. Onuň bölük sözi «bölek», «topar» (ýagny «urug, tire») diýen manyda bolsa gerek, ýöne wagtyň geçmegi bilen bölük sözüniň öýli (ewli) sözi bilen ornuny çalyşmagy iňkise goýýar. Bu ýagdaýy «garabölük - garaöýli» diýen türkmen etnoniminde-de synlamak bolýar. Alkabölük etnoniminiň birinji sözüni alka, alkyr, alkyn ýaly sözler bilen birlikde bir kökden dörän hasaplasak, onda alka sözi hem «ýygyn», «topar» ýa-da «galyndy» («göçmän galanlary») ýaly manylarda ýüze çykandyr diýip hasaplamak mümkin. Deňeşdirmek üçin, çagataý türkleriniň alkyn sözüni «ýygyn» manysynda ulanandygyny, türkmen şiwelerinde alkyndy sözüniň «galyndy» («sabyn») manyda duş gelýändigini şu ýerde ýatlap geçeliň. Eger bu söz etnonimiň düzüminde ilki alka däl-de, ala görnüşinde ulanylan bolsa, onda onuň gadymy türki (karaim, kaşgar, kuman) dillerindäki alaý sözüniň gysgalan görnüşidigini çaklamak mümkin. Bu dillerde alaý sözi «ýygyn», «topar» (has dogrusy, «urug», «tire») manysynda ulanylypdyr. Eger şu çaklamamyz dogry bolsa, onda alabölük diýen etnonimiň iki sözi-de şol bir manyny ýagny «topary», «urugy» aňladýar.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 05 Iýul, 2025 / 21:42

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Ak öýli hakda maglumat, Ak öýli näme? Ak öýli näme diýmek?

Umumy maglumatlarOrta asyr turkmen oguzlaryn duzuminde seyle atda uly taypa bolupdyr Taryhy cesmelerde bu adyn gadymy gornusi we manysy barada durli caklamalar getiryarler Meselem XI asyryn gornukli dilci alymy Mahmyt Kasgarlynyn Turki sozler diwany atly ajayyp sozluginde alkaboluk 22 turkmen taypasynyn biri hasaplanyar XIV asyr taryhcysy Residetdin bu taypanyn adyny alkyr ewli gornusinde yazyar we ony Oguz hanyn Gunhan diyen oglundan bolan ucunji agtygynyn ady hasaplayar Yazyjy oglunyn XV asyr we Salyr Baba Gulaly oglunyn islerinde de bu at alka ewli gornusinde getirlipdir Residetdin Alkyr ewli diyen adam sonra taypa adynyn manysyny her yerde bolsa da yakymly bolar diyip Abulgazy hem XVII asyr Oguz hanyn Alkaoyli diyen agtygynyn hem de onun neberelerinden emele gelen turkmen taypasynyn adyny muwapyk layyk yakymly diyip terjime edyarler Salyr baba bolsa bu adyn bay we bagtly diyen manysynyn tarapyny tutyar Gurruni edilyan etnonimin turki turkmen sozlerinden emele gelendigine seretmezden onun anyk manysy ynha su diyip aydaymak gaty cetin cunki taryhy cesmelerde bu at durli gornuslerde dus gelyar Sonun ucin onun asyl koki haysy sozlerden we gosulmalardan ybaratdygyny belli bolman galyar Turkmenlerin sonky dowure degisli tire taypalarynyn atlarynda da bu sozun durli gornuslerde ulanylyandygyny bellemelidiris Meselem Horezm oblastyndaky salyrlaryn duzuminde alabolukli diyen etnonimler dus gelyar Etnograf一alym Ata Jykyyew ony ala borukli yagny ala tahya geyyanler diyip dusundiryar Yone bu adyn Mahmyt Kasgarly tarapyndan agzalyan alkaboluk diyen etnonimin bir az fonetik uytgesma sezewar edilen gornusidigini anlamak kyn dal Urgenc rayonynda yasayan salyrlaryn bir bolegine alaoylukli diyilyar Turkmen halkynyn taryhyny urc edip owrenen moskwaly alym G P Wasilyewa bu etnonimin aslynda gadymy alaboluk taypasyndan gaydyanlygyny cak edyar cunki bu yerde alaboluk diyen turkmen urugy 1779 njy yylda da bar eken Yone bu alym alaoylukli diyen tire urug adyny keseki oyli basga oyli diyip dusundiryar Dusundirisler kop yone olaryn hic haysy ylmy tarapdan doly esaslandyrylan we ynandyryjy dal Biz hem bu etnonimin hakyky manysyny hazirlikce anyklap bilmedik yone onun in ir XI asyrda dusyan alkaboluk wariantyndan ugur alyp bu etnonimin alka we boluk diyen iki sozden duryandygyny aytmakcydyrys Onun boluk sozi bolek topar yagny urug tire diyen manyda bolsa gerek yone wagtyn gecmegi bilen boluk sozunin oyli ewli sozi bilen ornuny calysmagy inkise goyyar Bu yagdayy garaboluk garaoyli diyen turkmen etnoniminde de synlamak bolyar Alkaboluk etnoniminin birinji sozuni alka alkyr alkyn yaly sozler bilen birlikde bir kokden doran hasaplasak onda alka sozi hem yygyn topar ya da galyndy gocman galanlary yaly manylarda yuze cykandyr diyip hasaplamak mumkin Denesdirmek ucin cagatay turklerinin alkyn sozuni yygyn manysynda ulanandygyny turkmen siwelerinde alkyndy sozunin galyndy sabyn manyda dus gelyandigini su yerde yatlap gecelin Eger bu soz etnonimin duzuminde ilki alka dal de ala gornusinde ulanylan bolsa onda onun gadymy turki karaim kasgar kuman dillerindaki alay sozunin gysgalan gornusidigini caklamak mumkin Bu dillerde alay sozi yygyn topar has dogrusy urug tire manysynda ulanylypdyr Eger su caklamamyz dogry bolsa onda alaboluk diyen etnonimin iki sozi de sol bir manyny yagny topary urugy anladyar

Iň soňky makalalar
  • Iýun 12, 2025

    Zafarobod etraby

  • Iýun 14, 2025

    Zafarobod

  • Iýun 25, 2025

    Zoologiýa

  • Iýun 18, 2025

    Zonguldak

  • Iýun 12, 2025

    Zomin etraby

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary