Autizm Çagalykda esasan hem çaganyň 3 ýaşyna çenli döwründe onuň ruhy taýdan ösüşiniň binýady tutulyp gylyk häsiýetler t
Autizm

Autizm —Çagalykda, esasan hem çaganyň 3 ýaşyna çenli döwründe onuň ruhy taýdan ösüşiniň binýady tutulyp, gylyk-häsiýetler toplumynyň emele gelmegi we kebşirlenmegi bolup geçýändir.
Autizm keseliniň alamatlary hem çaganyň 3 ýaşyna çenli döwründe ýüze çykýandyr.
Çaga autizmi – beýniniň ösüşiniň bozulmalary netijesinde döräp, hemmetaraplaýyn sosial aragatnaşyklaryň, esasan hem gürrüňleşme ukybynyň ýetmezçiligi, gyzyklanmalaryň çäkliligi we şol bir hereketleri gaýtalap durma endiginiň döreýänligi bilen häsiýetlendirilýär.
Barlaglaryň görkezişi ýaly, autizmiň alamatlary her 1000 çaganyň 6-da duş gelip bilýär. Gyzjagazlara garanyňda, oglanjyklarda bu ýagdaý 4 esse ýygy duş gelýändir.
Autizm keseliniň sebäpleri beýniniň nerw öýjükleriniň geçirijilik ukybyna täsir edýän genler bilen baglanyşdyrylýar. Ýöne keseliň gelip çykmagynyň sebäpleri çylşyrymly bolup, onuň ýüze çykmagynda haýsy ýagdaýyň has täsir edýänligini bilip bolmaýar: gen toplumynyň özara arabaglanşygymy ýa-da belli bir faktorlar sebäpli geniň häsiýetleriniň üýtgemegimi (gen mutasiýalary).
Gen toplumyna täsir edýän ýaramaz faktorlary öwrenmekde hem ylmy işler alnyp barylýar. Ýaramaz täsir edýän bu faktorlara şular degişlidir: käbir iýmit önümleri, ýokançly keseller, agyr metallar, himiki eredijiler, dizel dwigateliň tüssesi, plastik önümçiliginde ulanylýan fenol we ftalatlar, pestisidler, brominirlenen oda çydamly materiallar, alkogol içgileri, neşe önümleri, çilimkeşlik. Autizmiň döremeginde bu faktorlaryň gönüiden-göni täsiriniň bardygyny subut edýän ylmy deliller entek bolmasa-da, göwreliligiň birinji 8 hepdesinde olaryň düwünçege edýän täsiri howpludyr. Keseliň ýüze çykmagynda waksinasiýanyň täsiri barada hem käbir deliller getirilýär. Bu barada aýdylan pikirler, käbir ýurtlarda öňüni alyş sanjymlary geçirmegiň ýygylygyny azaltdy. Bu bolsa gyzamyk keseline uçraýanlaryň sanyny artdyrdy. Geçirilen köpsanly barlaglar, MMR- waksinanyň, şonuň ýaly-da waksinalara goşulýan timerosalyň autizmiň döremegi bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýoklugyny subut etdiler. Şonuň ýaly-da, autizmiň ýüze çykmagynda enäniň we atanyň ýaşynyň uly bolmagy, kiçi agramly çagalar, wagtyndan öň bolan dogrum, dogrumda çagada ýüze çykýan kislorod ýetmezçiligi ýaly ýagdaýlary hem ünsden düşürmeli däldir.
Keseliň taryhyna göz aýlasak, "austsmuş" termini 1910-njy ýylda şweýsar psihiatry Eýgen Bleýler tarapyndan şizofreniýanyň alamatlaryny beýan etmek üçin ulanylşa girizilipdir. Ol "özüni çendenaşa gowy görmek" manysyny aňladýan täze latyn sözüne "özüm" diýen grek sözüni goşmak bilen, "näsaglaryň öz guran howaýy dünýäsinde ýaşaýanlygy we islendik daşdan gelýän täsire ýürege düşgünçlik ýaly garaýandyklaryny" nygtajak bolupdyr. D. Hopkins gospitalynyň lukmany Leo Kanner iňlis dilinde "autizm" sözüne täze döwrebap many berdi. 1943-nji ýylda 11 sany çaganyň özüni alyp barşynda umumy alamatlaryň bardygyny beýan edip, ol "irki çaga autizmi" diýen söz düzümini ulandy.
Autizmden ejir çekýän näsaglaryň gylyk häsiýetlerinde aşakdaky özboluşly alamatlar döräp, käbir çäklerde olar has hem aýdyň ýüze çykýandyr:
- Sosial aragatnaşyklarda ýüze çykýan kynçylyklar şu alamatlary öz içine alyp biler:
Sözsüz gatnaşyklarda tejribe toplamak kynçylyklarynyň ýüze çykmagy bolup biler. Meselem, göni gözüňe seretmek endigi, ýüzüň içki duýgulara görä üýtgemegi, bedeniň ýagdaýynyň üýtgemegi; Öz deň-duşlary bilen dostlukly aragatnaşyklary gurap bilmezlik; Töweregindäkiler bilen şatlygyny, üstünliklerini, gyzyklanmalaryny bölüşip bilmezlik ýagdaýynyň ýüze çykmagy; Autizmli adamlarda başga adamlaryň içki duýgularyna, gam-gussaly ýagdaýyna düşünip, olara duýgudaşlyk etme häsiýeti bolmaýar.
- Sözli we sözsüz aragatnaşyklaryň bozulmagy aşakdaky alamatlary öz içine alýar:
Çaga giç dil açýar ýa-da asla geplemeýär. Autizmli näsaglaryň 40%-i hiç haçan geplemäni öwrenip bilmeýärler; Gürrüňdeş bolmak üçin söz açmak autizmli näsaglara kyn düşýär. Şonuň ýaly-da, başlanan gürrüňi alyp gitmek, gürrüňdeşligi saklamak olar üçin kyn mesele bolup durýandyr; Autizmli näsaglara öz gürrüňlerinde birmeňzeş, gaýtalanýan sözleri we söz düzümlerini gaýtalamak (eholaliýa) mahsusdyr; Autizmden ejir çekýän adam öz gürrüňdeşine kynlyk bilen düşünýändir. Meselem, ol öz gürrüňdeşiniň degişme äheňli gürrüňine düşünmän biler. Sebäbi olar hemme aýdylanlara gönimel düşünip, sözüň gizlin manysyny anyklap bilmeýärler.
- Autizmli näsaglaryň durmuşynda çäkli gyzyklanmalar ýüze çykýandyr:
Bir zadyň böleklerinde ünsüň jemlenmegi. Autizmli kiçijik çagalar bütin bir oýnawaç bilen oýnaman, onuň aýry-aýry böleklerine güýmenýärler. Meselem, tutuş maşynjagaz bilen gyzyklanman, onuň tigirjikleri bilen gümra bolýarlar; Şonuň ýaly-da, autizmli çagalar belli bir zada gyzyklanma bildirýärler. Meselem, uly ýaşly çagalar we ulular wideooýunlar, kartly oýunlar ýa-da maşynlaryň nomerli belgileri bilen gyzyklanyp bilerler; Öz gün tertibinde birmeňzeşlige ymtylmak ýagdaýy autizmli näsaglara mahsusdyr. Meselem, çaga işdäaçar iýmezden öň, hemişe çörek iýýär ýa-da ony her gün mekdebe şol bir ýol bilen äkidilmegini talap edýär. Olar öz oýnawaçlaryny, otagdaky zatlaryny hemişe rejeläp goýmaga ymtylýarlar; Autizmli näsaglara uzak wagt şol bir hereketleri gaýtalama ýagdaýy mahsusdyr. Meselem, yranyp oturma ýa-da uzak wagt çapak çalma, kellesini aýlap oturma we başgalar. Öz-özüňi dişlemek ýa-da ýiti jisimler bilen özüňi sançmak ýaly hereketler autizmden ejir çekýän näsaglaryň arasynda ýygy duş gelýändir. 2007-nji ýylda geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, autizmli çagalaryň 30%-i öz ömründe bir gezek hem bolsa özlerine şikeslenme ýetirendirler.
Özüni alyp barmada we häsiýetinde gaýtalanma hereketleriň hiç biri hem autizm üçin aýratyn mahsus bolmasa-da, bu keselde hereketleriň gaýtalanmagy ýygy we aýdyň duş gelýäligini bellemelidir.
Autizmden ejir çekýän näsaglary başga alamatlar hem tapawutlandyrýar:
Okuw sapaklaryny ýeterlik özleşdirip bilmezlik häsiýeti olaryň arasynda ýygy duş gelýändir. Tutgaýlaryň ýüze çykmagy. Ýetginjeklik döwründe olaryň has hem köpelmegi bolup biler. Ünsi jemlemekde ýetmezçilikleriň ýüze çykmagy. Ulular tarapdan berlen tabşyryklaryň ünssüz ýerine ýetirilmegi mümkin (meselem, okuw sapaklary) bolup, tersine, öz saýlan güýmenjelerine (şol bir multfilmi gaýta-gaýta görmek, kubikleri yzly-yzyna düzmek) ünsli çemeleşip bilerler Autizmli çagalaryň ýygy we güýçli gaharlanmagy mümkindir. Bu ýagdaý çaga öz talaplaryny doly beýan edip bilmedik ýa-da onuň adaty gün tertibine başga biri goşulanda ýüze çykyp biler. Näsaglarda daş-töwereginden gelýän gyjyndyrmalary nädogry kabul etmek ýagdaýy ýüze çykýar. Bu olaryň duýujylygynyň (sensor kabul ediş) bozulanlygy bilen düşündirilýär. Meselem, olar hemişe hereketde bolýarlar ýa-da tersine çalt ýadaýarlar, olara deglende tisginme ýagdaýynyň ýüze çykmagy, ys almada ýokary duýujylyk, elleri hapalananda alada galmak ýagdaýlary degişlidir. Çagalar belli bir hereketi amala aşyranda oňaýsyzlyk duýup bilerler: hiňňillikde uçanlarynda, ýapgyt tekizlikden düşenlerinde, meselem, basgançakdan ýa-da tersine ýapgyt ýere dyrmaşmaly bolan ýagdaýlarynda. Autizmli näsaglaryň 2/3 böleginde iýmit saýlaýjylyk, iýmitden ýüz döndürmek ýaly ýagdaýlar duş gelýär. Olarda iýmit siňdiriş agzalarynyň näsazlyklary ýüze çykyp biler, ýöne bu autizm üçin mahsus alamat däldir. Autizmli çagalarda ukusyzlyk has ýygy duş gelip, olar gijäniň ýarymynda ýa-da ir säherde oýanyp bilýändirler. Autizmli çagalaryň ene-atalary çagalarynyň adaty bolmadyk ýaşaýşy we oňa hemişe gözegçilik etme zerurlygynyň ýüze çykýanlygy sebäpli, uly dartgynlylyk ýagdaýda ýaşaýarlar. Autistler doganlary bilen seýrek ýagdaýda dawalaşýarlar, olar köplenç öz doganlaryna buýsanyp gezýärler. Ýöne uly ýaşly autistlerde ene-atalary we doganlary bilen düşünişmezlikler ýygy duş gelip biler.
Ene-atalar öz çagalarynda bar bolan autizme mahsus alamatlary, çaga 18 aýlyk bolandan soň duýup başlaýarlar. Çaga 2 ýaşyna baranda bu alamatlara ene-atalaryň 80%-e golaýy üns berýärler. Çaganyň ömrüniň birinji ýylynda käbir alamatlar saýgaryp bilner, meselem çaganyň aýry-aýry sesler bilen lak atmasynyň giç ýüze çykmagy, gürrüňleşmek üçin söz atylanda gowşak reaksiýanyň döremegi ýaly yagdaýlar ýüze çykýar. 2-3 ýaşly çagalara az we seýrek gepleme, öz sözlerinde çekimsiz sesleriň az ulanmagy, söz baýlygynyň garyp bolmagy mahsusdyr. Autist çagalar haýyş bilen seýrek ýüz tutup, içki hyýallaryny başgalar bilen paýlaşýan däldirlrer. Öň belläp geçişimiz ýaly, başgalaryň aýdan sözlerini gaýtalap durma (eholaliýa) ýa-da at çalyşmalaryny ýalňyş ulanmak olar üçin mahsusdyr. Meselem, "Seniň adyň näme?" diýen soraga, çaga "seniň" sözi "meniň" söze çalşyrman "Seniň adyň Myrat" diýip jogap berip biler. Çagalaryň ünsüniň ýeterlik däldigi sebäpli, eliň bilen bir zat görkezilende, olar zada seretmän, adamyň eline seredýändirler. Özleri hem bir zady el bilen görkezip, şol barada öz pikirlerini aýtmaga ukyply bolmaýarlar.
Autizm keselinde, öz wagtynda başlanylmadyk bejerginiň, gerekli, peýdaly netijelere giç getirjekdigini bellemelidir. Şol sebäpli hem, aşakdaky alamatlaryň islendigi ýüze çykanda lukmana ýüz tutmalydyr:
Eger 1 ýaşly çaga şindiz hem aýry-aýry sözleri we bogunlary aýdyp, geplejek bolmaýan bolsa; 1 ýaşly çaga hereketleri bilen düşünişmäge ukyply bolmadyk ýagdaýynda (eli bilen bir zady görkezme, hoşlaşanda eljagazyny bulamak); 16 aýlykda sözleri diýip bilmese; 24 aýda iki sözden ybarat söz düzümlerini diýip bilmese; Eger islendik ýaşda gepleme ýa-da sosial ukyplylygyň bir bölegi ýitirilse. Autizm her näsagda dürli derejede ýüze çykyp biler. Dil we akyl taýdan yza galýan, yranyp ýa-da üznüksiz ellerini bulaýlap wagtyny geçirýän näsaglar hem, tersine, gepleşikde täsin bolup görünýän, çäkli gyzyklanmalar spektri bolan, köp gürleýän, sosial taýdan işjeň autistler hem duş gelip bilýändirler.
Käbir uly ýaşly autizmden ejir çekýän adamlar özbaşdak işläp hem ýaşap bilýärler. Başga biriniň kömegine garaşsyz ýaşamak ukyby adamynyň akyl taýdan kämilligine we gürrüňleşip bilme ukybyna baglydyr. Näsaglaryň 33%-i başgalardan az garaşly bolup ýaşap bilýärler. Akyl taýdan pes we sözleşip bilmeýän uly autizmli adamlar başgalaryň kömegine mätäçdir.
Autizmiň bejergisinde ýeke-täk netijeli usullar ýokdur. Her näsagyň ýagdaýyna, keseliň alamatlarynyň ýüze çykyş derejesine baglylykda çäreler toplumy saýlanylmalydyr.
Bejerginiň esasy maksady – maşgalada autizm bilen bagly bolan dartgynlylygy aradan aýyrmak we autistiň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyryp, başgalardan garaşsyz bolmagyny gazanmakdyr. Psihososial kömeginiň dürli usullarynyň peýdaly netijeleri berýändigini belläp geçmelidir. Her näsagyň häsiýetiniň dürli taraplary derňelip, ýörite düzülen uýgunlaşma meýilnamalarynyň kömegi bilen okuw sapaklaryny geçmek, sosial ukyplylygy ösdürmek, logoped lukmanyň bejergisini almak, özleşdirilşine görä zähmetiň dürli görnüşlerini öwretmek bejerginiň esasy usullary bolup durýandyr. Geçirilen çäreler toplumy degerli netijeler bermedik ýagdaýynda demanlaryň käbir görnüşlerinden peýdalanylýandyr. ABŞ-da autist çagalaryň ýarysyndan gowragy tutgaýa garşy serişdeleri, ruhy gamgynlylyga we psihiki üýtgeşmelere garşy dermanlardan peýdalanýandyrlar. Autizmli näsaglarda dermanlaryň ýerliksiz ulanylmagy ters netijelere we gaýraüzülmelere getirip biler. Autizmde ýüze çykýan sosial kynçylyklary hiç bir dermanyň düzedip bilmejekdigi düşnüklidir.
Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda autizmiň ömürlik dowam edýän keseldigi barada düşünje döredi.
Psihiatr lukmanlary ony şizofreniýadan, kem akyllylykdan tapawutlandyryp, belli bir alamatlar toplumy mahsus bolan psihiki kesel höküminde kesgitlediler.
Häzirki wagtda autizm keseline garaýşyň ugurlary üýtgäp, käbirleri autistler keselden saplanmagyň ýollaryny gözlese, başgalary autizmi "ýaşaýşyň köp ugurlarynyň bir görnüşi" diýip hasaplaýarlar.
Daşarky çykgytlar
- Жизнь в ауте.
- Жизнь других Archived 2012-07-11 at the Wayback Machine
- Николай Дилигенский. СЛОВО СКВОЗЬ БЕЗМОЛВИЕ. Archived 2013-05-02 at the Wayback Machine
- Роман «Особое детство»
Bu medisina makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Autizm hakda maglumat, Autizm näme? Autizm näme diýmek?
Autizm Cagalykda esasan hem caganyn 3 yasyna cenli dowrunde onun ruhy taydan osusinin binyady tutulyp gylyk hasiyetler toplumynyn emele gelmegi we kebsirlenmegi bolup gecyandir Autizmli nasaglaroz oynawaclaryny otagdaky zatlaryny hemise rejelap goymaga ymtylyarlar Autizmli nasaglar oz oynawaclaryny otagdaky zatlaryny hemise rejelap goymaga ymtylyarlar Autizm keselinin alamatlary hem caganyn 3 yasyna cenli dowrunde yuze cykyandyr Caga autizmi beyninin osusinin bozulmalary netijesinde dorap hemmetaraplayyn sosial aragatnasyklaryn esasan hem gurrunlesme ukybynyn yetmezciligi gyzyklanmalaryn cakliligi we sol bir hereketleri gaytalap durma endiginin doreyanligi bilen hasiyetlendirilyar Barlaglaryn gorkezisi yaly autizmin alamatlary her 1000 caganyn 6 da dus gelip bilyar Gyzjagazlara garanynda oglanjyklarda bu yagday 4 esse yygy dus gelyandir Autizm keselinin sebapleri beyninin nerw oyjuklerinin gecirijilik ukybyna tasir edyan genler bilen baglanysdyrylyar Yone keselin gelip cykmagynyn sebapleri cylsyrymly bolup onun yuze cykmagynda haysy yagdayyn has tasir edyanligini bilip bolmayar gen toplumynyn ozara arabaglansygymy ya da belli bir faktorlar sebapli genin hasiyetlerinin uytgemegimi gen mutasiyalary Gen toplumyna tasir edyan yaramaz faktorlary owrenmekde hem ylmy isler alnyp barylyar Yaramaz tasir edyan bu faktorlara sular degislidir kabir iymit onumleri yokancly keseller agyr metallar himiki eredijiler dizel dwigatelin tussesi plastik onumciliginde ulanylyan fenol we ftalatlar pestisidler brominirlenen oda cydamly materiallar alkogol icgileri nese onumleri cilimkeslik Autizmin doremeginde bu faktorlaryn gonuiden goni tasirinin bardygyny subut edyan ylmy deliller entek bolmasa da gowreliligin birinji 8 hepdesinde olaryn duwuncege edyan tasiri howpludyr Keselin yuze cykmagynda waksinasiyanyn tasiri barada hem kabir deliller getirilyar Bu barada aydylan pikirler kabir yurtlarda onuni alys sanjymlary gecirmegin yygylygyny azaltdy Bu bolsa gyzamyk keseline ucrayanlaryn sanyny artdyrdy Gecirilen kopsanly barlaglar MMR waksinanyn sonun yaly da waksinalara gosulyan timerosalyn autizmin doremegi bilen hic hili arabaglansygynyn yoklugyny subut etdiler Sonun yaly da autizmin yuze cykmagynda enanin we atanyn yasynyn uly bolmagy kici agramly cagalar wagtyndan on bolan dogrum dogrumda cagada yuze cykyan kislorod yetmezciligi yaly yagdaylary hem unsden dusurmeli daldir Keselin taryhyna goz aylasak austsmus termini 1910 njy yylda sweysar psihiatry Eygen Bleyler tarapyndan sizofreniyanyn alamatlaryny beyan etmek ucin ulanylsa girizilipdir Ol ozuni cendenasa gowy gormek manysyny anladyan taze latyn sozune ozum diyen grek sozuni gosmak bilen nasaglaryn oz guran howayy dunyasinde yasayanlygy we islendik dasdan gelyan tasire yurege dusgunclik yaly garayandyklaryny nygtajak bolupdyr D Hopkins gospitalynyn lukmany Leo Kanner inlis dilinde autizm sozune taze dowrebap many berdi 1943 nji yylda 11 sany caganyn ozuni alyp barsynda umumy alamatlaryn bardygyny beyan edip ol irki caga autizmi diyen soz duzumini ulandy Autizmden ejir cekyan nasaglaryn gylyk hasiyetlerinde asakdaky ozbolusly alamatlar dorap kabir caklerde olar has hem aydyn yuze cykyandyr Sosial aragatnasyklarda yuze cykyan kyncylyklar su alamatlary oz icine alyp biler Sozsuz gatnasyklarda tejribe toplamak kyncylyklarynyn yuze cykmagy bolup biler Meselem goni gozune seretmek endigi yuzun icki duygulara gora uytgemegi bedenin yagdayynyn uytgemegi Oz den duslary bilen dostlukly aragatnasyklary gurap bilmezlik Toweregindakiler bilen satlygyny ustunliklerini gyzyklanmalaryny bolusip bilmezlik yagdayynyn yuze cykmagy Autizmli adamlarda basga adamlaryn icki duygularyna gam gussaly yagdayyna dusunip olara duygudaslyk etme hasiyeti bolmayar Sozli we sozsuz aragatnasyklaryn bozulmagy asakdaky alamatlary oz icine alyar Caga gic dil acyar ya da asla geplemeyar Autizmli nasaglaryn 40 i hic hacan geplemani owrenip bilmeyarler Gurrundes bolmak ucin soz acmak autizmli nasaglara kyn dusyar Sonun yaly da baslanan gurruni alyp gitmek gurrundesligi saklamak olar ucin kyn mesele bolup duryandyr Autizmli nasaglara oz gurrunlerinde birmenzes gaytalanyan sozleri we soz duzumlerini gaytalamak eholaliya mahsusdyr Autizmden ejir cekyan adam oz gurrundesine kynlyk bilen dusunyandir Meselem ol oz gurrundesinin degisme ahenli gurrunine dusunman biler Sebabi olar hemme aydylanlara gonimel dusunip sozun gizlin manysyny anyklap bilmeyarler Autizmli nasaglaryn durmusynda cakli gyzyklanmalar yuze cykyandyr Bir zadyn boleklerinde unsun jemlenmegi Autizmli kicijik cagalar butin bir oynawac bilen oynaman onun ayry ayry boleklerine guymenyarler Meselem tutus masynjagaz bilen gyzyklanman onun tigirjikleri bilen gumra bolyarlar Sonun yaly da autizmli cagalar belli bir zada gyzyklanma bildiryarler Meselem uly yasly cagalar we ulular wideooyunlar kartly oyunlar ya da masynlaryn nomerli belgileri bilen gyzyklanyp bilerler Oz gun tertibinde birmenzeslige ymtylmak yagdayy autizmli nasaglara mahsusdyr Meselem caga isdaacar iymezden on hemise corek iyyar ya da ony her gun mekdebe sol bir yol bilen akidilmegini talap edyar Olar oz oynawaclaryny otagdaky zatlaryny hemise rejelap goymaga ymtylyarlar Autizmli nasaglara uzak wagt sol bir hereketleri gaytalama yagdayy mahsusdyr Meselem yranyp oturma ya da uzak wagt capak calma kellesini aylap oturma we basgalar Oz ozuni dislemek ya da yiti jisimler bilen ozuni sancmak yaly hereketler autizmden ejir cekyan nasaglaryn arasynda yygy dus gelyandir 2007 nji yylda gecirilen barlaglaryn gorkezisi yaly autizmli cagalaryn 30 i oz omrunde bir gezek hem bolsa ozlerine sikeslenme yetirendirler Ozuni alyp barmada we hasiyetinde gaytalanma hereketlerin hic biri hem autizm ucin ayratyn mahsus bolmasa da bu keselde hereketlerin gaytalanmagy yygy we aydyn dus gelyaligini bellemelidir Autizmden ejir cekyan nasaglary basga alamatlar hem tapawutlandyryar Okuw sapaklaryny yeterlik ozlesdirip bilmezlik hasiyeti olaryn arasynda yygy dus gelyandir Tutgaylaryn yuze cykmagy Yetginjeklik dowrunde olaryn has hem kopelmegi bolup biler Unsi jemlemekde yetmezciliklerin yuze cykmagy Ulular tarapdan berlen tabsyryklaryn unssuz yerine yetirilmegi mumkin meselem okuw sapaklary bolup tersine oz saylan guymenjelerine sol bir multfilmi gayta gayta gormek kubikleri yzly yzyna duzmek unsli cemelesip bilerler Autizmli cagalaryn yygy we guycli gaharlanmagy mumkindir Bu yagday caga oz talaplaryny doly beyan edip bilmedik ya da onun adaty gun tertibine basga biri gosulanda yuze cykyp biler Nasaglarda das towereginden gelyan gyjyndyrmalary nadogry kabul etmek yagdayy yuze cykyar Bu olaryn duyujylygynyn sensor kabul edis bozulanlygy bilen dusundirilyar Meselem olar hemise hereketde bolyarlar ya da tersine calt yadayarlar olara deglende tisginme yagdayynyn yuze cykmagy ys almada yokary duyujylyk elleri hapalananda alada galmak yagdaylary degislidir Cagalar belli bir hereketi amala asyranda onaysyzlyk duyup bilerler hinnillikde ucanlarynda yapgyt tekizlikden dusenlerinde meselem basgancakdan ya da tersine yapgyt yere dyrmasmaly bolan yagdaylarynda Autizmli nasaglaryn 2 3 boleginde iymit saylayjylyk iymitden yuz dondurmek yaly yagdaylar dus gelyar Olarda iymit sindiris agzalarynyn nasazlyklary yuze cykyp biler yone bu autizm ucin mahsus alamat daldir Autizmli cagalarda ukusyzlyk has yygy dus gelip olar gijanin yarymynda ya da ir saherde oyanyp bilyandirler Autizmli cagalaryn ene atalary cagalarynyn adaty bolmadyk yasaysy we ona hemise gozegcilik etme zerurlygynyn yuze cykyanlygy sebapli uly dartgynlylyk yagdayda yasayarlar Autistler doganlary bilen seyrek yagdayda dawalasyarlar olar koplenc oz doganlaryna buysanyp gezyarler Yone uly yasly autistlerde ene atalary we doganlary bilen dusunismezlikler yygy dus gelip biler Ene atalar oz cagalarynda bar bolan autizme mahsus alamatlary caga 18 aylyk bolandan son duyup baslayarlar Caga 2 yasyna baranda bu alamatlara ene atalaryn 80 e golayy uns beryarler Caganyn omrunin birinji yylynda kabir alamatlar saygaryp bilner meselem caganyn ayry ayry sesler bilen lak atmasynyn gic yuze cykmagy gurrunlesmek ucin soz atylanda gowsak reaksiyanyn doremegi yaly yagdaylar yuze cykyar 2 3 yasly cagalara az we seyrek gepleme oz sozlerinde cekimsiz seslerin az ulanmagy soz baylygynyn garyp bolmagy mahsusdyr Autist cagalar hayys bilen seyrek yuz tutup icki hyyallaryny basgalar bilen paylasyan daldirlrer On bellap gecisimiz yaly basgalaryn aydan sozlerini gaytalap durma eholaliya ya da at calysmalaryny yalnys ulanmak olar ucin mahsusdyr Meselem Senin adyn name diyen soraga caga senin sozi menin soze calsyrman Senin adyn Myrat diyip jogap berip biler Cagalaryn unsunin yeterlik daldigi sebapli elin bilen bir zat gorkezilende olar zada seretman adamyn eline seredyandirler Ozleri hem bir zady el bilen gorkezip sol barada oz pikirlerini aytmaga ukyply bolmayarlar Autizm keselinde oz wagtynda baslanylmadyk bejerginin gerekli peydaly netijelere gic getirjekdigini bellemelidir Sol sebapli hem asakdaky alamatlaryn islendigi yuze cykanda lukmana yuz tutmalydyr Eger 1 yasly caga sindiz hem ayry ayry sozleri we bogunlary aydyp geplejek bolmayan bolsa 1 yasly caga hereketleri bilen dusunismage ukyply bolmadyk yagdayynda eli bilen bir zady gorkezme hoslasanda eljagazyny bulamak 16 aylykda sozleri diyip bilmese 24 ayda iki sozden ybarat soz duzumlerini diyip bilmese Eger islendik yasda gepleme ya da sosial ukyplylygyn bir bolegi yitirilse Autizm her nasagda durli derejede yuze cykyp biler Dil we akyl taydan yza galyan yranyp ya da uznuksiz ellerini bulaylap wagtyny geciryan nasaglar hem tersine geplesikde tasin bolup gorunyan cakli gyzyklanmalar spektri bolan kop gurleyan sosial taydan isjen autistler hem dus gelip bilyandirler Kabir uly yasly autizmden ejir cekyan adamlar ozbasdak islap hem yasap bilyarler Basga birinin komegine garassyz yasamak ukyby adamynyn akyl taydan kamilligine we gurrunlesip bilme ukybyna baglydyr Nasaglaryn 33 i basgalardan az garasly bolup yasap bilyarler Akyl taydan pes we sozlesip bilmeyan uly autizmli adamlar basgalaryn komegine matacdir Autizmin bejergisinde yeke tak netijeli usullar yokdur Her nasagyn yagdayyna keselin alamatlarynyn yuze cykys derejesine baglylykda careler toplumy saylanylmalydyr Bejerginin esasy maksady masgalada autizm bilen bagly bolan dartgynlylygy aradan ayyrmak we autistin yasaysynyn hilini yokarlandyryp basgalardan garassyz bolmagyny gazanmakdyr Psihososial komeginin durli usullarynyn peydaly netijeleri beryandigini bellap gecmelidir Her nasagyn hasiyetinin durli taraplary dernelip yorite duzulen uygunlasma meyilnamalarynyn komegi bilen okuw sapaklaryny gecmek sosial ukyplylygy osdurmek logoped lukmanyn bejergisini almak ozlesdirilsine gora zahmetin durli gornuslerini owretmek bejerginin esasy usullary bolup duryandyr Gecirilen careler toplumy degerli netijeler bermedik yagdayynda demanlaryn kabir gornuslerinden peydalanylyandyr ABS da autist cagalaryn yarysyndan gowragy tutgaya garsy serisdeleri ruhy gamgynlylyga we psihiki uytgesmelere garsy dermanlardan peydalanyandyrlar Autizmli nasaglarda dermanlaryn yerliksiz ulanylmagy ters netijelere we gayrauzulmelere getirip biler Autizmde yuze cykyan sosial kyncylyklary hic bir dermanyn duzedip bilmejekdigi dusnuklidir Gecen asyryn 70 nji yyllarynda autizmin omurlik dowam edyan keseldigi barada dusunje doredi Psihiatr lukmanlary ony sizofreniyadan kem akyllylykdan tapawutlandyryp belli bir alamatlar toplumy mahsus bolan psihiki kesel hokuminde kesgitlediler Hazirki wagtda autizm keseline garaysyn ugurlary uytgap kabirleri autistler keselden saplanmagyn yollaryny gozlese basgalary autizmi yasaysyn kop ugurlarynyn bir gornusi diyip hasaplayarlar Dasarky cykgytlarZhizn v aute Zhizn drugih Archived 2012 07 11 at the Wayback Machine Nikolaj Diligenskij SLOVO SKVOZ BEZMOLVIE Archived 2013 05 02 at the Wayback Machine Roman Osoboe detstvo Bu medisina makala ownuk makaladyr Ony uytgetmek hem de osdurmek arkaly Wikipediya komek edip bilersiniz