Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Babasyl gemorroý keseli köp duş gelýän adama köp oňaýsyzlyklary döredýän keseldir Ol göni içegäniň aşaky böleginde ýerle

Babasyl

  • Baş sahypa
  • Babasyl
Babasyl
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Babasyl (gemorroý) keseli köp duş gelýän, adama köp oňaýsyzlyklary döredýän keseldir. Ol göni içegäniň aşaky böleginde ýerleşýän wena damarlarynda (babasyl düwünleri) gan aýlanşygynyň bozulyp, olaryň ulalmagy bilen häsiýetlendirilýär.

Ilatyň 10%-i babasyl keselinden ejir çekýändir. Keseliň döremegine gan aýlanşygy kynlaşdyrýan dürli faktorlar sebäp bolup biler. Ol faktorlara aşakdakylar degişlidir:

  • Gaýtalanyp duran, dowamly iç gatama ýagdaýlary;
  • Oturyp işlenilýän zähmetiň görnüşleri;
  • Agyrlyklary göterme bilen utgaşýan fiziki zähmet;
  • Dowamly bronhit, gipertoniýa (gan basyşynyň ýokarlanmagy), göwrelilik ýagdaýynda, erkeklik jyns mäziniň adenomasy, çanaklyk agzalaryň dowamly sowuklama kesellerinde göni içegäniň damarlarynda gan basyşyň ýokarlanmagy bolup geçýändir.

Babasyl keseliň gaýtalanmagyna nädogry iýmitlenme (ýiti, duzly iýmit, alkogol kabul etmek) hem sebäp bolup biler.

Keseliň başlangyç döwründe artbujakda ýakymsyz sanjylamalar, gijeme ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şu alamatlar näsagy birnäçe ýyllaryň dowamynda biynjalyk edip biler. Wagtyň geçmegi bilen, täret etmeden soň, artbujakdan ganyň gelmegi yüze çykyp, bu ýagdaý gaytalanyp başlaýar. Wagtynda bejergi başlanylmadyk ýagdaýynda, babasyl düwünleri ulalyp, çişýändir. Täretlenme wagtynda olar atrbujakdan çykyp, ýene yzyna çekilip bilýärler.

Babasyl düwünleriniň ganamagy has ýygy duş gelip, agyr ýük göterme, gan basyşyň ýokarlanmagy ony has hem güýjedip biler.

Ýöriteleşdirilen medisina kömegi berilmedik ýagdaýynda kesel has hem beterleşip bilýär. Näsagy artbujakda agyry, kynlyk bilen, agyryly täret etme biynjalyk edýär. Olaryň umumy ýagdaýy agyrlaşyp, käwagtlar bedeniň gyzgyny hem ýokarlanyp bilýär. Bejergisiz babasyl düwünleri has hem çişip, ulalyp, artbujakdan çykýarlar we yzyna olar kynlyk bilen salynýandyr. Bu ýagdaýda, babasyl düwünlerini barlag wagty görüp ýa-da el bilen hem anyklap bolýandyr.

Ýiti döwürde, babasyl düwünlerinde gan lagtalarynyň (tromb) ýa-da nekrozyň emele gelmegi ýaly gaýraüzülmeler ýüze çykyp biler. Babasyl keseli göni içegäniň poliplerinden, howply täze döremelerinden, içegäniň diwertikulez keselinden aýyl-saýyl edilýändir. Şonuň üçin hem, artbujakda ýüze çykýan islendik ýaramaz alamatlar proktolog lukmanyna ýüz tutmaga esas bolmalydyr.

Babasyl keseliniň bejergisinde köpsanly derman serişdeleri (konserwatiw bejergi) we operatiw usullar ulanylýandyr.

Derman serişdeleri düzüminde birnäçe dermanlary saklap, göni içegä goýulýan şemler, melhemler we suwuklyklar (mikroklizma üçin) görnüşinde ulanylýar. Bu serişdeler ýerli sowuklama ýagdaýyny, çişi, agyryny we gijemäni aradan aýyrýar. Olaryň düzümine girýän geparin bolsa, gan aýlanşygy kadalaşdyryp, emele gelen gan lagtalaryň (tromblaryň) eremegine kömek edýär. Häzirki günde dermanlaryň dürli görnüşleri ulanylýandyr: proktozan, ultraprokt, kortos, proktosedil, gepatotrombin we başgalar. Her dermanyň ulanyş aýratynlygynyň barlygy sebäpli, olary ýörite barlagdan soň, proktolog lukmany bellemelidir.

Ýörüte ýerli täsiri bolan dermanlaryň peýdalylygyny ýokarlanyrmak maksady bilen, agyzdan wena damarlaryň işini kadalaşdyryp, olarda gan lagtalarynyň emele gelmeginiň öňüni alar ýaly serişdeleri kabul etmelidir. (detraleks, troksewazin, wenodiol we ş.m.) Ýöne derman serişdeleri bilen bejerginiň doly we gutarnykly sagalma getirip bilmeýänligini bellemelidir. Olar diňe keseliň alamatlaryny wagtlaýyn aýyrmaga ýa-da gaýraüzülmeleriň öňüni almaga kömek edip bilerler. Başga bir tarapdan bolsa, geçirilen bejergiden soň lukmanyň maslahaty berjaý edilende, hirurgiki bejergini talap etmeýän halatlar hem duş gelýär.

Ýöne hemme adamlar öz ýaşaýyş we iş endiklerini çalyşmaga, olary üýtgetmäge taýyn däldirler. Şol sebäpli ýa-da babasylyň gaýraüzülmeleri ýüze çykan ýagdaýynda hirurgiki bejergini saýlamaly bolýar.

Ýarym hirurgiki operasiýalar (aýawly çemeleşýän usullar).

1. Skleroterapiýa.

Keseliň başlangyç döwründe ulanylýar: Göni içege doly açylyp, babasyl düwnüniň aýajygyna guradyjy serişde (meselem, etoksiskleroz) goýberilýär. Onuň täsiri netijesinde düwün gurap, ýeri birleşdiriji dokuma bilen çalşylýar. Bu operasiýany ýerine ýetirme lukmandan uly tejribäni we usullylygy talap edýändir. Operasiýany saglyk öýüniň şertlerinde geçirip bolýandyr we ol ýerli ýa-da umumy agyrsyzlandyrmany talap edýän däldir.

2. Temperaturanyň täsiri bilen bejermek.

Bu usul hem keseliň irki döwürlerinde ulanylýandyr. Pes temperaturanyň (kriodestruksiýa) ýa-da ýokary (infragyzyl koagulýasiýa) temperaturanyň kömegi bilen babasyl düwni dargadylýandyr. Uly düwünlerde bu operasiýa birnäçe tapgyrda geçirilyär. Başga usullara garşy görkezme bolanda bu usuly saylap alyp bolar. Keseliň ýene gaýtalanyp bilmegi, bu usulyň esasy ýetmezçiligidir.

3. Lateks halkajyklaryň kömegi bilen düwni daňmak.

Ýörite abzalyň kömegi bilen düwnüň düýbüne halkajyklar geýdirilýändir. Onuň täsiri bilen düwne gan baryp, onuň iýmitlenmegi bozulyandyr we düwün dargap başlaýandyr. Soňundan halka düwün bilen bile gaçýandyr.

Ýokarda agzalan usullaryň hemmesi näsaga az şikes ýetirip, olar näsag tarapyndan ýeňil geçirilýär. Ýöne keseliň ötüşen ýagdaýynda, bu usullar has radikal operasiýany geçirmek üçin taýynlyk höküminde ulanylýar. Bu usullar, babasylyň esasy sebäbi bolan, düwünleriň bozulan gan aýlanşygyny aradan aýyrmaýar. Bu ýagdaý hem olaryň esasy ýetmezçiligidir. Şol sebäpli hem, ortaça 3-5 ýyldan keseliň gaýtalanmagy mümkindir.

Radikal operasiýalar – babasylyň sebäbini aýyrýarlar.

1. Longonyň operasiýasy.

Babasylyň hirurgiki bejergisiniň iň ýaýran görnüşidir. Ýerine ýetirilişi az wagty talap edip, babasyl düwünlerini kesip aýyrma bejergisine garşy görkezme bolanda ulanylýandyr. Bu usulda göni içegäniň nemli bardasy düwnüň yokarsyndan dilinyändir.Longonyň operasiýasy babasyl keseliniň irki döwründe ulanylýar.

2. Babasyl düwünlerini kesip aýyrmak.

Düwünleri kesip aýyrmak giňden ulanylýan usullaryň biridir. Operasiýa şikes ýetiriji bolup, umumy agyrsyzlandyrma bilen ýerine ýetirilýändir. Operasiýadan soňky dikeliş döwri has uzak bolup, göni içegä gowy idegi talap edýär. Uly babasyl düwünlerinde ulanmak ýerlikli bilinýär. 3. Dezarterizasiýa.

Häzirki wagtda dezarterizasiýa usuly giňden ulanylýandyr.

Babasyly bejermegiň häzirki zaman, täze hirurgiki usulydyr. Onuň esasyny uly babasyl düwnüni iýmitlendirýän arteriýany kesmek düzyändir. Bu opersiýany geçirmek üçin dopplermetriýa geçirmäge mümkinçiligi bolan ultrases abzaly gerekdir. Bu apparat lukmana gerekli gan damaryny tapyp, ony kesmäge we tikmäge mümkinçilik döredýändir. Operasiýa agyrysyz bolup, 25-30 minutyň dowamynda geçirilýändir. Dikeldiş döwrüni geçirmege talap etmeýär. Näsag 2-3 günden öz adaty gündelik durmuşyna gaýdyp gelýändir. Bu usuly babasylyň ötüşen ýagdaýlarynda hem geçirip bolýandyr we bejergiden soň keseliň gaýtalanma ýagdaýlary ýüze çykmaýandyr.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 25 Iýul, 2025 / 01:42

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Babasyl hakda maglumat, Babasyl näme? Babasyl näme diýmek?

Babasyl gemorroy keseli kop dus gelyan adama kop onaysyzlyklary doredyan keseldir Ol goni iceganin asaky boleginde yerlesyan wena damarlarynda babasyl duwunleri gan aylansygynyn bozulyp olaryn ulalmagy bilen hasiyetlendirilyar Ilatyn 10 i babasyl keselinden ejir cekyandir Keselin doremegine gan aylansygy kynlasdyryan durli faktorlar sebap bolup biler Ol faktorlara asakdakylar degislidir Gaytalanyp duran dowamly ic gatama yagdaylary Oturyp islenilyan zahmetin gornusleri Agyrlyklary goterme bilen utgasyan fiziki zahmet Dowamly bronhit gipertoniya gan basysynyn yokarlanmagy gowrelilik yagdayynda erkeklik jyns mazinin adenomasy canaklyk agzalaryn dowamly sowuklama kesellerinde goni iceganin damarlarynda gan basysyn yokarlanmagy bolup gecyandir Babasyl keselin gaytalanmagyna nadogry iymitlenme yiti duzly iymit alkogol kabul etmek hem sebap bolup biler Keselin baslangyc dowrunde artbujakda yakymsyz sanjylamalar gijeme yaly alamatlar yuze cykyar Su alamatlar nasagy birnace yyllaryn dowamynda biynjalyk edip biler Wagtyn gecmegi bilen taret etmeden son artbujakdan ganyn gelmegi yuze cykyp bu yagday gaytalanyp baslayar Wagtynda bejergi baslanylmadyk yagdayynda babasyl duwunleri ulalyp cisyandir Taretlenme wagtynda olar atrbujakdan cykyp yene yzyna cekilip bilyarler Babasyl duwunlerinin ganamagy has yygy dus gelip agyr yuk goterme gan basysyn yokarlanmagy ony has hem guyjedip biler Yoritelesdirilen medisina komegi berilmedik yagdayynda kesel has hem beterlesip bilyar Nasagy artbujakda agyry kynlyk bilen agyryly taret etme biynjalyk edyar Olaryn umumy yagdayy agyrlasyp kawagtlar bedenin gyzgyny hem yokarlanyp bilyar Bejergisiz babasyl duwunleri has hem cisip ulalyp artbujakdan cykyarlar we yzyna olar kynlyk bilen salynyandyr Bu yagdayda babasyl duwunlerini barlag wagty gorup ya da el bilen hem anyklap bolyandyr Yiti dowurde babasyl duwunlerinde gan lagtalarynyn tromb ya da nekrozyn emele gelmegi yaly gayrauzulmeler yuze cykyp biler Babasyl keseli goni iceganin poliplerinden howply taze doremelerinden iceganin diwertikulez keselinden ayyl sayyl edilyandir Sonun ucin hem artbujakda yuze cykyan islendik yaramaz alamatlar proktolog lukmanyna yuz tutmaga esas bolmalydyr Babasyl keselinin bejergisinde kopsanly derman serisdeleri konserwatiw bejergi we operatiw usullar ulanylyandyr Derman serisdeleri duzuminde birnace dermanlary saklap goni icega goyulyan semler melhemler we suwuklyklar mikroklizma ucin gornusinde ulanylyar Bu serisdeler yerli sowuklama yagdayyny cisi agyryny we gijemani aradan ayyryar Olaryn duzumine giryan geparin bolsa gan aylansygy kadalasdyryp emele gelen gan lagtalaryn tromblaryn eremegine komek edyar Hazirki gunde dermanlaryn durli gornusleri ulanylyandyr proktozan ultraprokt kortos proktosedil gepatotrombin we basgalar Her dermanyn ulanys ayratynlygynyn barlygy sebapli olary yorite barlagdan son proktolog lukmany bellemelidir Yorute yerli tasiri bolan dermanlaryn peydalylygyny yokarlanyrmak maksady bilen agyzdan wena damarlaryn isini kadalasdyryp olarda gan lagtalarynyn emele gelmeginin onuni alar yaly serisdeleri kabul etmelidir detraleks troksewazin wenodiol we s m Yone derman serisdeleri bilen bejerginin doly we gutarnykly sagalma getirip bilmeyanligini bellemelidir Olar dine keselin alamatlaryny wagtlayyn ayyrmaga ya da gayrauzulmelerin onuni almaga komek edip bilerler Basga bir tarapdan bolsa gecirilen bejergiden son lukmanyn maslahaty berjay edilende hirurgiki bejergini talap etmeyan halatlar hem dus gelyar Yone hemme adamlar oz yasayys we is endiklerini calysmaga olary uytgetmage tayyn daldirler Sol sebapli ya da babasylyn gayrauzulmeleri yuze cykan yagdayynda hirurgiki bejergini saylamaly bolyar Yarym hirurgiki operasiyalar ayawly cemelesyan usullar 1 Skleroterapiya Keselin baslangyc dowrunde ulanylyar Goni icege doly acylyp babasyl duwnunin ayajygyna guradyjy serisde meselem etoksiskleroz goyberilyar Onun tasiri netijesinde duwun gurap yeri birlesdiriji dokuma bilen calsylyar Bu operasiyany yerine yetirme lukmandan uly tejribani we usullylygy talap edyandir Operasiyany saglyk oyunin sertlerinde gecirip bolyandyr we ol yerli ya da umumy agyrsyzlandyrmany talap edyan daldir 2 Temperaturanyn tasiri bilen bejermek Bu usul hem keselin irki dowurlerinde ulanylyandyr Pes temperaturanyn kriodestruksiya ya da yokary infragyzyl koagulyasiya temperaturanyn komegi bilen babasyl duwni dargadylyandyr Uly duwunlerde bu operasiya birnace tapgyrda gecirilyar Basga usullara garsy gorkezme bolanda bu usuly saylap alyp bolar Keselin yene gaytalanyp bilmegi bu usulyn esasy yetmezciligidir 3 Lateks halkajyklaryn komegi bilen duwni danmak Yorite abzalyn komegi bilen duwnun duybune halkajyklar geydirilyandir Onun tasiri bilen duwne gan baryp onun iymitlenmegi bozulyandyr we duwun dargap baslayandyr Sonundan halka duwun bilen bile gacyandyr Yokarda agzalan usullaryn hemmesi nasaga az sikes yetirip olar nasag tarapyndan yenil gecirilyar Yone keselin otusen yagdayynda bu usullar has radikal operasiyany gecirmek ucin tayynlyk hokuminde ulanylyar Bu usullar babasylyn esasy sebabi bolan duwunlerin bozulan gan aylansygyny aradan ayyrmayar Bu yagday hem olaryn esasy yetmezciligidir Sol sebapli hem ortaca 3 5 yyldan keselin gaytalanmagy mumkindir Radikal operasiyalar babasylyn sebabini ayyryarlar 1 Longonyn operasiyasy Babasylyn hirurgiki bejergisinin in yayran gornusidir Yerine yetirilisi az wagty talap edip babasyl duwunlerini kesip ayyrma bejergisine garsy gorkezme bolanda ulanylyandyr Bu usulda goni iceganin nemli bardasy duwnun yokarsyndan dilinyandir Longonyn operasiyasy babasyl keselinin irki dowrunde ulanylyar 2 Babasyl duwunlerini kesip ayyrmak Duwunleri kesip ayyrmak ginden ulanylyan usullaryn biridir Operasiya sikes yetiriji bolup umumy agyrsyzlandyrma bilen yerine yetirilyandir Operasiyadan sonky dikelis dowri has uzak bolup goni icega gowy idegi talap edyar Uly babasyl duwunlerinde ulanmak yerlikli bilinyar 3 Dezarterizasiya Hazirki wagtda dezarterizasiya usuly ginden ulanylyandyr Babasyly bejermegin hazirki zaman taze hirurgiki usulydyr Onun esasyny uly babasyl duwnuni iymitlendiryan arteriyany kesmek duzyandir Bu opersiyany gecirmek ucin dopplermetriya gecirmage mumkinciligi bolan ultrases abzaly gerekdir Bu apparat lukmana gerekli gan damaryny tapyp ony kesmage we tikmage mumkincilik doredyandir Operasiya agyrysyz bolup 25 30 minutyn dowamynda gecirilyandir Dikeldis dowruni gecirmege talap etmeyar Nasag 2 3 gunden oz adaty gundelik durmusyna gaydyp gelyandir Bu usuly babasylyn otusen yagdaylarynda hem gecirip bolyandyr we bejergiden son keselin gaytalanma yagdaylary yuze cykmayandyr

Iň soňky makalalar
  • Iýul 22, 2025

    Dido

  • Iýul 24, 2025

    Gyzyk

  • Iýul 26, 2025

    Genetika inženerligi

  • Iýul 26, 2025

    Garkyn

  • Iýul 22, 2025

    Gazi uniwersiteti

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary