Azərbaycan  AzərbaycanMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  Türkiyə
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Döwletmämmet Azady 1695 nji ýylda doglan türkmenleriň beýik şahyrlaryndan biridir Türkmenistanyň Garrygala oblastynyň Et

Döwletmämmet Azady

  • Baş sahypa
  • Döwletmämmet Azady
Döwletmämmet Azady
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Döwletmämmet Azady 1695- nji ýylda doglan, türkmenleriň beýik şahyrlaryndan biridir. Türkmenistanyň Garrygala oblastynyň, Etrek derýasyyň boýundaky Gürgen raýonunda ýaşap geçendir. Edebi lakamy - Azady.

Dädesi - Magtymguly Ýonaçy "Ýonaçy" - dürli gol hünarleri bilen birlikde, ýona tikipdir şonun üçin oňa Magtymguly Ýonaçy diýipdirler. Ýonaçy ogluna öz kakasynyň-Döwletmammediň adyny dakýar. Ýöne bu oglunyň ýaşlykdan “GARRYMOLLA” diýen lakamy ýörginli bolyar. Şu fakt garrymollanyň diňe bir kakasy Magtymguly-ýonaçy sowatly bolman, eýsem onuň atasy Döwletmämmet-ýonaçynyň hem halk arasynda “Molla” adyny alan hatly- sowatly adam bolandygyna güwä geçyär. Diýmek, Azady arkama-arkam aňyrdan gelyän sowatly, medeniyetli we gurply maşgalada dünýä inipdir, terbiýie alypdyr.

Döwletmämmet-Azady ilki oba mollasynda sowadyny çykýar. Soňra Hywa medreseleriniň birinde okuwyny dowam etdirýär. Medrese döwründe ol arap, pars dillerini kämil öwrenýär. Türki ýazuw dilini oňat özleşdirýär. Şol wagt şu dillerde ýazylan we talaplara elýeter bolan edebiýata, taryha, filosofiýa, esasan hem yslam dininiň taglymatlaryna degişli kitaplary, golýazma ýygyndylary irginsiz okaýar we öwrenýär. Megerem, şol ýyllarda onuň öz halkyna neneňsi hemaýat etmelidigi baradaky özboluşly oý-pikiri tertibe girip ugrandyr. Sebäbi Hywada okap, Nyzamyny, Nowaýyny, Jamyny, Hysrow Dählewini… okamazlyk, bilmezlik mümkin däl ahyry. Belki ony türki dilde eser ýazmaklyga iteklän Alyşir Nowaýy bolandyr!?

Döwletmämmet-Azady Nowaýynyň “Sabai saýýar” (“Edi älem”) eseri bilen tanşanda, onuň 36-njy babynda Bähramyň Nowaýa ýüzlenip aýdýan şu sözlerini-de okandyr: “Olaryň ( Nyzamy, Dählewi, Jamy dagy göz öňünde tutulýar) farsy kelamlary farsy äheňler bolup, ondan çykan owazlar hem farsy labzyndady… Olary farsyçany bilyän kişiler okap, köp türki halklar ondan bibähre galypdyrlar. Sen öz nyzamyňny türki dilde ýazdyň, farsy dilinde yazmagy ar-namys bildiň…

Dünýädäki şahslar içinde kim türki bolsa, ol ýeriň halklary hem türki dilde gepleşýärler. Sen şu halaty hasaba alanyň sebäpli türki ulusyny (ilini) gaty begendirmekde, ylymly-bilimli etmekde, edebi döredijilik işine ugrukdyrmada uly tapawut dòredersiň”

Döwletmämmet-Azady 65 ýaşap, 1760-njy ýylyň mart aýynda aradan çykýar. Magtymguly kakasynyň ölümüne bagyşlap ýazan “Atamyň” diýen elegiýasynda onuň 65 ýaşandygyny şeýle ýatlaýar:

“Altmyş bäşde, nowruz güni luw ýyly
Turdy ajal, ýoluň tusdy atamyň.
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli,
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň”

Döwletmämmediň jaýlanan ýeri Etrek çaýy bilen Soňy dagynyň arasynda-Aktokaýda ýerleşýän Garry molla diýen gonamçylykdadyr. Döwletmämmet Azadynyň 《Wagzy-azat》, 《》, 《》, 《》diýen eserleri we birnäçe goşgulary bize gelip ýetipdir.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 08 Iýun, 2025 / 01:31

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Döwletmämmet Azady hakda maglumat, Döwletmämmet Azady näme? Döwletmämmet Azady näme diýmek?

Dowletmammet Azady 1695 nji yylda doglan turkmenlerin beyik sahyrlaryndan biridir Turkmenistanyn Garrygala oblastynyn Etrek deryasyyn boyundaky Gurgen rayonunda yasap gecendir Edebi lakamy Azady Dadesi Magtymguly Yonacy Yonacy durli gol hunarleri bilen birlikde yona tikipdir sonun ucin ona Magtymguly Yonacy diyipdirler Yonacy ogluna oz kakasynyn Dowletmammedin adyny dakyar Yone bu oglunyn yaslykdan GARRYMOLLA diyen lakamy yorginli bolyar Su fakt garrymollanyn dine bir kakasy Magtymguly yonacy sowatly bolman eysem onun atasy Dowletmammet yonacynyn hem halk arasynda Molla adyny alan hatly sowatly adam bolandygyna guwa gecyar Diymek Azady arkama arkam anyrdan gelyan sowatly medeniyetli we gurply masgalada dunya inipdir terbiyie alypdyr Dowletmammet Azady ilki oba mollasynda sowadyny cykyar Sonra Hywa medreselerinin birinde okuwyny dowam etdiryar Medrese dowrunde ol arap pars dillerini kamil owrenyar Turki yazuw dilini onat ozlesdiryar Sol wagt su dillerde yazylan we talaplara elyeter bolan edebiyata taryha filosofiya esasan hem yslam dininin taglymatlaryna degisli kitaplary golyazma yygyndylary irginsiz okayar we owrenyar Megerem sol yyllarda onun oz halkyna nenensi hemayat etmelidigi baradaky ozbolusly oy pikiri tertibe girip ugrandyr Sebabi Hywada okap Nyzamyny Nowayyny Jamyny Hysrow Dahlewini okamazlyk bilmezlik mumkin dal ahyry Belki ony turki dilde eser yazmaklyga iteklan Alysir Nowayy bolandyr Dowletmammet Azady Nowayynyn Sabai sayyar Edi alem eseri bilen tansanda onun 36 njy babynda Bahramyn Nowaya yuzlenip aydyan su sozlerini de okandyr Olaryn Nyzamy Dahlewi Jamy dagy goz onunde tutulyar farsy kelamlary farsy ahenler bolup ondan cykan owazlar hem farsy labzyndady Olary farsycany bilyan kisiler okap kop turki halklar ondan bibahre galypdyrlar Sen oz nyzamynny turki dilde yazdyn farsy dilinde yazmagy ar namys bildin Dunyadaki sahslar icinde kim turki bolsa ol yerin halklary hem turki dilde geplesyarler Sen su halaty hasaba alanyn sebapli turki ulusyny ilini gaty begendirmekde ylymly bilimli etmekde edebi doredijilik isine ugrukdyrmada uly tapawut doredersin Dowletmammet Azady 65 yasap 1760 njy yylyn mart ayynda aradan cykyar Magtymguly kakasynyn olumune bagyslap yazan Atamyn diyen elegiyasynda onun 65 yasandygyny seyle yatlayar Altmys basde nowruz guni luw yyly Turdy ajal yolun tusdy atamyn Bu dunyanin isi beylemis beli Omrunin tanapyn kesdi atamyn Dowletmammedin jaylanan yeri Etrek cayy bilen Sony dagynyn arasynda Aktokayda yerlesyan Garry molla diyen gonamcylykdadyr Dowletmammet Azadynyn Wagzy azat diyen eserleri we birnace gosgulary bize gelip yetipdir

Iň soňky makalalar
  • Iýun 07, 2025

    Mongol dili

  • Iýun 06, 2025

    Lüksemburg

  • Iýun 05, 2025

    Lihtenşteýn

  • Iýun 05, 2025

    Latyn dili

  • Iýun 06, 2025

    Owganystan

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary