Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Eýmiriň nyşanyUmumy maglumatOguz türkmenleriniň gadymy taýpalarynyň biri bolan eýmirleriň adyny orta asyr alymlary eýmür

Eýmir

  • Baş sahypa
  • Eýmir
Eýmir
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Umumy maglumat

Oguz-türkmenleriniň gadymy taýpalarynyň biri bolan eýmirleriň adyny orta asyr alymlary eýmür, Abulgazy bolsa imir görnüşinde ulanypdyr. Mahmyt Kaşgarly ony 24 taýpanyň arasynda 11-nji, Reşideddin, Ýazyjy-ogly we Abulgazy 18-nji, Salyr Baba bolsa 21-nji orunda goýýar. Kaşgarlydan we Salyr Babadan beýleki alymlar Eýmiri Oguz hanyň 5-nji ogly bolan Daghanyň 2-nji perzendiniň ady we ondan önen il hasaplasa, Salyr Baba ony Deňizhanyň 1-nji oglynyň ady diýip çaklaýar. Bu alymlar eýmir sözüniň manysyny şeýle düşündirýärler. Reşideddin: «Soň derejede iýi (gowy) we zengin (güýçli)»; Ýazyjy-ogly: «Hetsiz eýi, baý ol (bol) », Salar Baba: «Leşgerlik we tawangär bolgaý»; Abylgazy: «Baýlaryň baýy». Etnograf alym Ýu. Zuýew eýmir diýen etnonimiň aňladýan manysyna degişli ýörite makala ýazypdyr. Oña görä, bu taýpanyň ady totemden emele gelip, «teke» diýen manyny aňladýar, sebäbi Reşideddin eýmirleriň totemi hökmünde şu haýwanyň adyny tutýar; galyberse-de X一XI asyrlarda ýazylan hytaý çeşmelerinde gara guýrukly imo (imir) diýen haýwanyň ady duş gelýär. Ol geçi ýa-da keýik bolmaly. Şu zatlary nazara alyp, Ý. Zuýew imir diýen ady iki bölege bölýär: im we -r (goşulma). Im sözi, onuň pikiriçe, häzirki türkmen dilindäki umga/ýumga (dag geçisi) we emmek sözünde saklanyp, ol «teke», «geçi» diýen manydadyr. Eýmir sözüniň aňladýan manysyna Ýewropa alymlary hem üns beripdirler. Meselem, Gamiltonyň pikiriçe, bu at «şan-şöhretli, ygtybarly» diýen many añladýar. Elbetde, ymykly ylmy barlaglar geçirmezden, eýmir etnonimine berilýän beýle düşündirişlere ynanmak kyn. Bu sözüň asyl köküni hunlaryň, ýada, türki, mongol, tungus-manjur halklarynyň bir umumylygy emele getiren altaý döwründe ýaşan halklaryň dilinden gözlemek dogry bolar, sebäbi eýmirleriň ady gadymy türki eýýamda-da duş gelýär. Meselem, türk alymy Ibrahim Kafesoğlunyñ ýazmagyna görä, baryp 745-nji ýylda Ötükende öz döwletini guran uýgurlara dokuzoguz («9 taýpa») hem diýilýän eken, çünki olar 9 taýpadan ybarat bolupdyr. Onuň 8-nji taýpasynyň ady hytaýça Hi-ýe-wu görnüşinde ýazylyp, ol türkçe okalanda aýamur ýa-da aýmur görnüşine eýe bolýar. Kafesoğlu bu ady hut eýmirler bilen baglanyşdyrýar. Eýmir ya-da iýmir etnik adyň eý/iý bölegi, biziň pikirimizçe, igdir etnoniminiň ig sözi bilen asyldaş bolsa gerek, çünki türki (türkmen) dillerinde g sesi aňsatlyk bilen ý sesine geçip bilýär. Meselem: ege一eýýe,一eýe, tük一tüg一 tüý, çugun一ço:ýun一çoýun we ş.m.

Çeşme

Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmeniň nesil daragty). Aşgabat, «Turan一 1». 1994.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 26 Iýun, 2025 / 14:30

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Eýmir hakda maglumat, Eýmir näme? Eýmir näme diýmek?

Eymirin nysanyUmumy maglumatOguz turkmenlerinin gadymy taypalarynyn biri bolan eymirlerin adyny orta asyr alymlary eymur Abulgazy bolsa imir gornusinde ulanypdyr Mahmyt Kasgarly ony 24 taypanyn arasynda 11 nji Resideddin Yazyjy ogly we Abulgazy 18 nji Salyr Baba bolsa 21 nji orunda goyyar Kasgarlydan we Salyr Babadan beyleki alymlar Eymiri Oguz hanyn 5 nji ogly bolan Daghanyn 2 nji perzendinin ady we ondan onen il hasaplasa Salyr Baba ony Denizhanyn 1 nji oglynyn ady diyip caklayar Bu alymlar eymir sozunin manysyny seyle dusundiryarler Resideddin Son derejede iyi gowy we zengin guycli Yazyjy ogly Hetsiz eyi bay ol bol Salar Baba Lesgerlik we tawangar bolgay Abylgazy Baylaryn bayy Etnograf alym Yu Zuyew eymir diyen etnonimin anladyan manysyna degisli yorite makala yazypdyr Ona gora bu taypanyn ady totemden emele gelip teke diyen manyny anladyar sebabi Resideddin eymirlerin totemi hokmunde su haywanyn adyny tutyar galyberse de X一XI asyrlarda yazylan hytay cesmelerinde gara guyrukly imo imir diyen haywanyn ady dus gelyar Ol geci ya da keyik bolmaly Su zatlary nazara alyp Y Zuyew imir diyen ady iki bolege bolyar im we r gosulma Im sozi onun pikirice hazirki turkmen dilindaki umga yumga dag gecisi we emmek sozunde saklanyp ol teke geci diyen manydadyr Eymir sozunin anladyan manysyna Yewropa alymlary hem uns beripdirler Meselem Gamiltonyn pikirice bu at san sohretli ygtybarly diyen many anladyar Elbetde ymykly ylmy barlaglar gecirmezden eymir etnonimine berilyan beyle dusundirislere ynanmak kyn Bu sozun asyl kokuni hunlaryn yada turki mongol tungus manjur halklarynyn bir umumylygy emele getiren altay dowrunde yasan halklaryn dilinden gozlemek dogry bolar sebabi eymirlerin ady gadymy turki eyyamda da dus gelyar Meselem turk alymy Ibrahim Kafesoglunyn yazmagyna gora baryp 745 nji yylda Otukende oz dowletini guran uygurlara dokuzoguz 9 taypa hem diyilyan eken cunki olar 9 taypadan ybarat bolupdyr Onun 8 nji taypasynyn ady hytayca Hi ye wu gornusinde yazylyp ol turkce okalanda ayamur ya da aymur gornusine eye bolyar Kafesoglu bu ady hut eymirler bilen baglanysdyryar Eymir ya da iymir etnik adyn ey iy bolegi bizin pikirimizce igdir etnoniminin ig sozi bilen asyldas bolsa gerek cunki turki turkmen dillerinde g sesi ansatlyk bilen y sesine gecip bilyar Meselem ege一eyye 一eye tuk一tug一 tuy cugun一co yun一coyun we s m CesmeSoltansa Atanyyazow Sejere turkmenin nesil daragty Asgabat Turan一 1 1994

Iň soňky makalalar
  • Iýun 15, 2025

    Kaýseri

  • Iýun 10, 2025

    Kasympaşaspor

  • Iýun 08, 2025

    Kasymguly Babaýew

  • Iýun 06, 2025

    Kasym-Jomart Tokaýew

  • Iýun 17, 2025

    Kastamonu

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary