Umumy maglumatlarOrta asyr alymlary tarapyndan sanalýan 24 türkmen taýpasynyň biri bolan bu toparyň adyny Mahmyt Kaşgary
Gara öýli

Umumy maglumatlar
Orta asyr alymlary tarapyndan sanalýan 24 türkmen taýpasynyň biri bolan bu toparyň adyny Mahmyt Kaşgary garabölük (ýagny «garalaryň bölümi»), Reşidetdin we Salar baba garaewli-garaöwli, Abulgazy hem garaöýli görnüşinde ýazypdyrlar. Onuň orny Mahmytda 12-nji, Reşidetdin we Abulgazyda 4-nji, Salar babada bolsa 7-njidir. Reşidetdin bilen Abulgazy garaöýlileri Oguz hanyň birinji ogly Günhanyň 4-nji neberesi hasaplasa, Salar baba ony Oguz hanyň ikinji ogly Aýhanyň üçünji çagasyndan önen il diýip ýazýar. Garaöýli etnoniminiň manysyny Reşidetdin «gara öýli», Abulgazy «her kaýda oltursa, hergäh birlen (ýagny gara öýde) olturgyjy», Salar Baba bolsa «ýolda çerik (goşun) bilen hub ýörür» diýip düşündirýärler. Garagalpak alymy we ýazyjysy D. Aýtmyradow bu pikirleriň ählisini red edip, garaöýli etnoniminiň «gara saçly» manysynyň tarapyny tutýar, çünki, onuň pikiriçe, uý sözi gadymy türki dillerde, «ýüň», «tüý», ýagny «saç» manysynda hem ulanylypdyr. Bu alym etnonimi gadymy türk erkekleriniň kellesinde saç (gulpak) goýmak däbi bilen baglanyşdyrýar. Bu düşündirişleriň haýsyna ynanmalydygyny, goý, okyjylaryň özi çözsün. Ýöne Abulgazynyň «Türkmenleriň şejeresi» diýen kitabynda garaöýlüler barada köp maglumatlaryň getirilendigini ýatladalyň. Şu kitapda ýazylyşyna görä, Ärsary baýyň gyzy Mamabike Horasandan gaýdanda, 4 ogly we 2 gyzy bolan bir guly we gyrnagy oňa hyzmatkär berýärler. Bu guluň uly ogluna Hydyr-Çora (Hydyr Jora), ikinjisine Aly Jora, üçünjisine Igbeg, dördünjisine hem Kaşga Jora diýýärler. Mamabike garrandan soň, bu gullara uly döwlet we mülk berip, olary azat edýär. Ogullar baýlaşyp, hersi özbaşyna bir iliň taýpabaşysy bolýar. Hydyryň iline hydyrili, Alynyňka一alili, Kaşganyňka garaöýli taýpasy diýen at galýar. Kaşganyň ili Ajydeňziň (Garabogaz kölüniň) ýakalarynda ýaşaýar. Altyn Orda hany Berdibeg 1359-njy ýylda öldürilenden soň, Balkandaky düýeçiler talanýar, garyp düşýär. Kenarda ýaşaýan garaöýlülerden haraý isläp, düýeçiler olaryň ýanyna göçýärler. Ençeme ýyldan soň düýeçileriň sany köpelýär, olar barha gurplanýarlar, emma garaöýliler garyplaşýar. Şol açlyk ýyllarynda bularyň içinde Halyl diýen dogumly ýigit döreýär. Ol garaöýli aksakgallaryny ýygnap, Ärsary baýyň onbegileriniň we ýagşyzadalarynyň huzuryna baryp, şeýle diýýär: «Öň biz siziň hyzmatkärleriňizdik. Häzir garyp düşdük. Sizden uly haýyş: Uly we Kiçi Balkandaky suwly, ekmäge amatly we guşly ýerlerden bize ýer berseňiz. Biz size onuň üçin ýylda näme tölemeli bolsa töläli». Ärsary kethudalary maslahatlaşyp, garaöýlilere, Ärsary babanyň uly Balkandaky 6 akar çeşmesini, 10 höwürtge laçyn, 18 höwürtge ütegli bermegi karar edýärler. Bu zatlar üçin garaöýliler ýylda ekinlerinden alan hasylynyň ýarysyny, agyl (aran) dikmek üçin 2 müň gamyş, 10 uly laçyn, 4 jüre (?) laçyn, 18 uly ütegli 6 saryja (awçy guş) bermeli bolýarlar. Halyl dagy muňa razy bolýarlar, ýöne aw guşlaryny tutmak üçin ýüpleriniň (urganynyň) ýokdugyny, özleriniň hem azyksyz galanyny aýdýarlar. Ärsary kethudalary bulara 100 gulaç ýüp, 6 sany owlakly geçi, iki tulum (meşik) çökelik (çekide) we bir eşek berýärler. Garaöýlüler köp ýyllap bu zatlary ulanyp güzeran görýärler. Taryhçylaryň barlaglaryndan mälim bolşuna görä, XV一XVI asyrlarda düýeçiler Balkan etrapyndan garaöýlileri gysyp çykarýarlar. Garaöýlüleriň köpüsi sakar, galanlary-da ärsary, ýomut taýpalarynyň arasyna siňip gidýär, olaryň garaöýli diýen etnik ady hem taryhyň sahnasyndan düşüp galýar. Sakarlaryň düzümine giren garaöýlülere dagsakar diýen täze etnik at dakylýar.
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Gara öýli hakda maglumat, Gara öýli näme? Gara öýli näme diýmek?
Umumy maglumatlarOrta asyr alymlary tarapyndan sanalyan 24 turkmen taypasynyn biri bolan bu toparyn adyny Mahmyt Kasgary garaboluk yagny garalaryn bolumi Residetdin we Salar baba garaewli garaowli Abulgazy hem garaoyli gornusinde yazypdyrlar Onun orny Mahmytda 12 nji Residetdin we Abulgazyda 4 nji Salar babada bolsa 7 njidir Residetdin bilen Abulgazy garaoylileri Oguz hanyn birinji ogly Gunhanyn 4 nji neberesi hasaplasa Salar baba ony Oguz hanyn ikinji ogly Ayhanyn ucunji cagasyndan onen il diyip yazyar Garaoyli etnoniminin manysyny Residetdin gara oyli Abulgazy her kayda oltursa hergah birlen yagny gara oyde olturgyjy Salar Baba bolsa yolda cerik gosun bilen hub yorur diyip dusundiryarler Garagalpak alymy we yazyjysy D Aytmyradow bu pikirlerin ahlisini red edip garaoyli etnoniminin gara sacly manysynyn tarapyny tutyar cunki onun pikirice uy sozi gadymy turki dillerde yun tuy yagny sac manysynda hem ulanylypdyr Bu alym etnonimi gadymy turk erkeklerinin kellesinde sac gulpak goymak dabi bilen baglanysdyryar Bu dusundirislerin haysyna ynanmalydygyny goy okyjylaryn ozi cozsun Yone Abulgazynyn Turkmenlerin sejeresi diyen kitabynda garaoyluler barada kop maglumatlaryn getirilendigini yatladalyn Su kitapda yazylysyna gora Arsary bayyn gyzy Mamabike Horasandan gaydanda 4 ogly we 2 gyzy bolan bir guly we gyrnagy ona hyzmatkar beryarler Bu gulun uly ogluna Hydyr Cora Hydyr Jora ikinjisine Aly Jora ucunjisine Igbeg dordunjisine hem Kasga Jora diyyarler Mamabike garrandan son bu gullara uly dowlet we mulk berip olary azat edyar Ogullar baylasyp hersi ozbasyna bir ilin taypabasysy bolyar Hydyryn iline hydyrili Alynynka一alili Kasganynka garaoyli taypasy diyen at galyar Kasganyn ili Ajydenzin Garabogaz kolunin yakalarynda yasayar Altyn Orda hany Berdibeg 1359 njy yylda oldurilenden son Balkandaky duyeciler talanyar garyp dusyar Kenarda yasayan garaoylulerden haray islap duyeciler olaryn yanyna gocyarler Enceme yyldan son duyecilerin sany kopelyar olar barha gurplanyarlar emma garaoyliler garyplasyar Sol aclyk yyllarynda bularyn icinde Halyl diyen dogumly yigit doreyar Ol garaoyli aksakgallaryny yygnap Arsary bayyn onbegilerinin we yagsyzadalarynyn huzuryna baryp seyle diyyar On biz sizin hyzmatkarlerinizdik Hazir garyp dusduk Sizden uly hayys Uly we Kici Balkandaky suwly ekmage amatly we gusly yerlerden bize yer berseniz Biz size onun ucin yylda name tolemeli bolsa tolali Arsary kethudalary maslahatlasyp garaoylilere Arsary babanyn uly Balkandaky 6 akar cesmesini 10 howurtge lacyn 18 howurtge utegli bermegi karar edyarler Bu zatlar ucin garaoyliler yylda ekinlerinden alan hasylynyn yarysyny agyl aran dikmek ucin 2 mun gamys 10 uly lacyn 4 jure lacyn 18 uly utegli 6 saryja awcy gus bermeli bolyarlar Halyl dagy muna razy bolyarlar yone aw guslaryny tutmak ucin yuplerinin urganynyn yokdugyny ozlerinin hem azyksyz galanyny aydyarlar Arsary kethudalary bulara 100 gulac yup 6 sany owlakly geci iki tulum mesik cokelik cekide we bir esek beryarler Garaoyluler kop yyllap bu zatlary ulanyp guzeran goryarler Taryhcylaryn barlaglaryndan malim bolsuna gora XV一XVI asyrlarda duyeciler Balkan etrapyndan garaoylileri gysyp cykaryarlar Garaoylulerin kopusi sakar galanlary da arsary yomut taypalarynyn arasyna sinip gidyar olaryn garaoyli diyen etnik ady hem taryhyn sahnasyndan dusup galyar Sakarlaryn duzumine giren garaoylulere dagsakar diyen taze etnik at dakylyar