Gaznalylar döwleti 1 Gaznaly döwletiniň döremegi 2 Gaznalylar döwletiniň daşary syýasaty Mahmyt Gaznaly 3 Gaznalylar döw
Gaznalylar döwleti

Gaznalylar döwleti
1.Gaznaly döwletiniň döremegi.
2.Gaznalylar döwletiniň daşary syýasaty. Mahmyt Gaznaly.
3.Gaznalylar döwletiniň gowşamagy.
Seljerilsin bashy, mazarda her bir öleniň,
Parhy barmy göreliň, hökümdar bilen gulunyň.
Mahmyt Gaznaly
Gözbaşyny Oguz han türkmenden alyp gaýdýan Gaznawyly döwleti dörediji Mahmyt Gaznalydyr. Ruhnamada bellenişi ýaly Mahmyt Gaznaly 962-nji ýylda Gazna şäherine gelip, Gazna döwletini esaslandyrýar. (Ruhnama, sah.224)
Ady rowaýatlara siňip, “Nurnama” bilen baglanyşdyrylýan Mahmyt Gaznawy 971-nji ýylyň Sanjar aýynyň 2-sinde Gaznada dünýä inýär. Ol Gaznawy soltanlygynyň düýbüni tutan All Teginiň körekeni, ýagny giýewsi Söbük Teginiň ogludyr. Söbük Tegin gaýynatasynyň patyşalyk mirasyna dowam berip, Gaznada iňňän güýçli şalygy gurýar. Gürrüňi edilýän Mahmyt Gaznawy-da kakasynyň ýoluny tutýar. Örän güýçli döwletiň eýesi bolýar. Mahmyt ýaşlygyndan okuwa berilýär. Kazy Abu-Nasyrdan tälim alýar. Soňra kakasy Söbük Tegin oňa harby tejribe öwredýär. Heniz on bäş ýaşlaryndaka Hindistanyň Rajasy Jipal bilen Söbük Teginiň arasyndaky ýüz beren söweşde özüniň mertligini görkezýär. Biraz wagtdan soň, 997-nji ýylda Buhara patyşasy Emir Nuhuň emirleriniň birnäçesi onuň garşysyna baş göterýär. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin Emir Nuh Samany Söbük Teginden haraý isleýär. Söbük Tegin Mahmydy leşgerlere baş edip kömege ýollaýar. Emir Nuhuň begenjiniň çägi bolmaýar. Mahmyda gymmat bahaly serpaýlar edýär. Seýfud-dewle derejesini berýär. Horasanyň weliligini-de bagyşlaýar.
997-nji ýylda Söbük Tegin agyr keselden aradan çykýar. Agyr ýatyrka kiçi ogly Ysmaýyl ýanynda ekeni. Ol enesiniň mekirligi bilen mirasdüşer bolýar. Söbük Tegin agyr ýatyrka ony özüne orunbasar belleýär. Horasanda ýören Mahmyt bu habary eşiden dessine Ysmaýyla “Seniň ýaşyň meniňkiden kiçi, baý tejribäň hem ýok. Şol sebäpli sen patyşalygy maňa ber. Ýöne, şonda-da ygtyýar seniň eliňde bolsun. Maňa diňe jihad etmäge, Hindistana goşun çekmäge, garşydaşlary basyp ýatyrmaga şert döretseň bolýar” diýen many-mazmundaky haty iberýär. Emma Ysmaýyl teklibi kabul etmeýär. Onsoň Mahmyt Gazna goşun çekmäge mejbur bolýar. 998-nji ýylda Gaznany öz golastyna geçirýär. Ysmaýyl bilen enesini Goruň galasynda zyndana atýar.
Emir Nuh Samany bu ýeňşi eşidip, Mahmydyň Gaznadaky patyşalygyny kabul edýär, ony gutlaýar. Ýöne, onuň Horasana weliligini ýatyryp, başga birine berýär. Muňa gazap eden Mahmyt Gaznawy Horasana goşun çekýär. Emir Nuh Samanynyň goşunyny ýeňip, Horasany zor bilen öz golastyna geçirýär.
Ýeňşiniň habaryny şol mütdetde Yslam dünýäsiniň halyfy bolup, Bagdatda oturan Al-Kadyr bi-Amrillaha ýetirýär. Halyf muňa hoş bolup, Mahmyt Gaznawa Ýemenud-Dewle, Eminul-Mille atlaryny berýär. Basyp alan ýerleriniň ählisine hökmürowan häkimligi ygtyýar edýär.
999-njy ýylda Illek Han Buharany basyp alýar. Samany patyşalygy synýar. Şondan soň Mahmyt Gaznawy Garaşsyz patyşalyga hökmürowan permandar bolýar. Ol Illek Han bilen dostlukly aragatnaşygy ýola goýýar. Ýüz bermegi mümkin bolan meseleleri çözmek üçin şertnama baglaşýarlar. Häzirki Amyderýany aracäk belläp, gaýrasy Illek Hana, ilersi Mahmyt Gaznawa degişli edilýär. Iki türkmen birek-biregiň ýurduna çozmazlyk hakynda ähtnama baglaşýar.
Samany döwletiniň pese düşüş pursatyny peýlän Halef bin Ahmet Sistana hüjüm edip, ony basyp alýar. Özüçe bir garaşsyz döwlet gurýar. Eger-de, Söbük Teginiň höküm sürýän ýerinde kimdir biri onuň garşysyna çyksa, gozgalaň etse, olary götergiläp, goldaw edip başlaýar. Baş göterenleriň tarapyny tutýar. Ol bu hereketini Mahmyt Gaznawynyň döwründe-de dowam edýär. Hatda Illek Hany-da gijjeleýär. Gazna hüjüm etse, özüniň goldaw berjekdigini aýdýar. Bu habar Soltan Mahmyda ýetýär. Salymyny bermän, Sistana goşun sürýär. Halef bin Ahmet mekirlige ýüz urýar. Sowgat-serpaý bilen onuň öňünden çykýar. Ötünç soraýar. Ylalaşyga gelmegi towakga edýär. Ak ýürekli türkmen Mahmyt Gaznawy ylalaşygy kabul edýär. Söweş etmän, yzyna, Gazna dolanýar.
Biraz wagt geçenden soň Halef bin Ahmet bilen ogly Tahyryň arasynda oňşuksyzlyk döreýär. Özara çaknyşyk bolýar. Bir tär bilen ogluny tutup öldürýär. Habar ýyldyrym çaltlygynda il içine ýaýraýar. Sistananyň emirleridir wezir-wekilleri Ahmediň garşysyna çykýarlar. “Perzendine rehim etmedik, halkyna-da rehim etmez” diýen pikire uýup, Mahmyt Gaznawa ýüz tutýarlar. Sistany basyp almaga çagyrýarlar. Şeýlelikde, halkyň islegi bilen Mahmyt Gaznawy 1002-nji ýylda Sistana goşun çekýär.
Ahmet galany berkidip, söweşe taýýarlyk görýär. Ýöne gabaw düşenden soň, Mahmyt Gaznawynyň basyp aljakdygyna göz ýetirip, ýene-de öňki hereketine ýüz urýar. Ýaragyny taşlap, sowgat-serpaýlar bilen Mahmydyň ýanyna ötünç sorap barýar. Günäsiniň geçilmegini soraýar. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy ony öldürtmän, Jüzjanyň galasyndaky zyndana atdyrýar. Ahmet 1009-njy ýylda şol ýerde amanadyny tabşyrýar.
Biz ýazgylaryň başynda Mahmyt Gaznawynyň mertlik ýolunyň Hindistanyň rajasy Jipal bilen bolan söweşden başlanandygyny ýaňzydypdyk. Ol Jipal bilen soň hem söweşmeli bolýar, çünki duşmançylyk kakasynyň döwründen gožbaş alyp gaýdýardy.
982-nji ýylda Jipal Gazna üçin söweş edýär. Söbük Tegin öz ýurduny goramak üçin onuň garşysyna çykýar.
Howa örän sowuk ekeni. Garyň galyňlygy türkmeniň “goýnuň gözünden, düýäň dyzyndan” diýenine barýar. Jipal ýöwselleýär. Gazna hüjüm etmäge derek, täç bermäge, araçäkdäki galalaryň birnäçesini Söbük Teginiň golastyna geçirmäge razy bolýar.
Emma onuň “hor-hory” ýatmaýar. “Şertim-şahyma” edip, öz ýurduna dolanandan soň Gaznanyň ilçilerini tussag edýär, türmä salýar. Gazap atyna atlanan Söbük Tegin Hindistana hüjüm edýär. Jipal beýleki hindi rajalaryny söweşiň garşysyna goldawa çagyrýar. Barybir, şonda-da birleşen goşunlar Söbük Teginden ýeňilýär. Olar Peşewara çenli bolan ýerleri elden giderýärler. Söbük Tegin ol ýerleri Gazna hökümdarlygyna goşýar.
“Köne duşman dost bolmaz” diýleni. Söbük Tegin dünýäden ötenden soň, Jipal onuň basyp alan ýerlerini yzyna gaýtarmak maksady bilen, söweş meýdanyna çykýar. Garadan gaýtmaz, arslan ýürek Mahmyt onuň garşysyna çykyp, Lemgan diýen ýerde 1000-nji ýylda hüjüme geçýär. Onuň daş-töweregindäki galalaryň ählisini basyp alýar. 1001-nji ýylda Jipalyň üstüne täzeden çozmak üçin goşun ýygýar. Mahmyt Gaznawynyň söweş maksady bilen Gaznadan ugranlygyny eşiden Jipal goşunyny Peşewaryň golaýyna getiryär. Sanjar aýynyň 27-sinde başlanan güýçli çaknyşykda Mahmyt Gaznawy ýeňýär. Jipal bolsa 15 sany oguldyr agtyklary bilen ýesir düşýär.
Mähmyt Gaznawy hüjümi dowam edip, Jipalyň ýurdunyň paýtagty Wihindi, onuň daş-töweregindäki häkimlikleri basyp alyp, öz adamlaryndan birini ol ýere hökümdar belleýär. Özi bolsa Gazna dolanýar. Jipaly-da ogullarydyr agtyklary bilen Gazna alyp gaýdýar. Ýöne ol Mahmyt Gaznawa altyn-kümüş, zer-zerbap baryny berip, azatlyga çykýar. Hindistana barandan soň, ogly Inendpaly patyşa belläp, düşen ýagdaýyna namys edip, özüni bolsa 1003-nji ýylda diri oda ýakýar.
Taryhy maglumatlara görä, Mahmyt Gaznawynyň iň köp söweş hereketleri Hindistan bilen baglanyşyklydyr. Şolaryň biri-de 1004-nji ýylda bolýar. Ol Gündogar Sinda bilen Behawullur raýatlarynyň arasynda ýerleşen Behatyý atly ýere Bulujystanyň Seýba welaýatynyň üsti bilen hüjüm edýär. Behatyýýeniň rajasy Bijiraý gizlinlik bilen Karamaty häkimine goldaw eden ekeni. Mahmyt Gaznawynyň maksady oňa bu hereketi üçin göz görkezmekdi.
Raja Bijiraý Mahmyt Gaznawynyň garşysyna dört günläp gaýduwsyzlyk bilen söweşýär. Barybir ýeňiljegine göz ýetirip, galadan çykyp gaçmakçy bolýar. Emma oňa pursat bermeýärler. Ol Mahmydyň goluna ýesir düşmejek bolup, öz ýüregine özi hanjar urup ölýär.
Soltan Mahmyt Bahatyýäni, onuň daş-töweregindäki şäher-kentleri basyp alýar. Ol ýerleriň halkyny Yslam dinine çagyrmaga şertler döredýär. Oz serdarlaryndan birini ol ýere häkim belläp, Gazna dolanýar.
Şol döwürlerde Miltanyň Abul Feth Dawud bin Nasyr karmatylardan bolup, Yslam dini üçin ilkinji howp döredenleriň biri bolupdyr. Nirede bir musulmanyň at derejesi, şöhraty artyberse, jansyzlarynyň üsti bilen öldürdýän ekeni. Soltan Mahmyt Gaznawy ony ýok etmegiň ugruna çykýar. 1006-njy ýylyň ýazynda Gaznadan Miltana ugraýar. Ol Sindh derýasyndan Miltanyň golaýyndan geçmegi howply hasaplap, Peşewaryň ýakynyndan geçmegi ýerlikli saýýar. Emma şu ýeriň rajasy Indendpal ýoluny baglaýar. Onuň bilen söweş baş goşýar. Ýöne, derrew goşuny bäs gelip bilmän, gaçmak bilen bolýar. Kaşmir daglarynyň arasynda gizlenýär. Kowa-kowa, Mahmyt Gaznawy onuň goşunyny dyr-pytrak edýär. Soň Miltana ugramaga goşuna buýruk berýär.
Dawud bin Nasyr bu habary eşidip, öz ýaranlary bilen Sindh derýasynyň kenaryndaky tokaýlyklaryň birinde gizlenýär. Goşunyň bir bölegi bolsa, Miltan galasynyň derwezesini goraýarlar. Ýedi gün bolan söweşden soň olar ýeňilýärler.
Şäheriň halky iki million dirhem puly çekilen zyýan üçin Mahmyt Gaznawa töläp, janlaryny halas edýärler. Ýöne Karmaty toparyndan bolanlaryň ählisini gyrýar. Mahmyt Gaznawy Miltanyň häkimligini paja Jipalyň agtygy Sükpala tabşyrýar. Sebäbi, ol Yslam dinine girip, Nowasa şa ady bilen taryha girýär. Emma 1007-nji ýylda Mahmyt Gaznawy Illek hanyň garşysyna söweşip ýörkä, Sindh Sükpal Yslam dininden çykyp, soltandan hem ýüz öwürýär.
Muny eşiden Mahmyt Gaznawy Balhdan göni Miltana ugraýar. Ýogsam, howa örän sowuk ekeni. Onuň üstüne ugrandygyny eşiden Sükpal garşysyna çykyp bilmejegine göz ýetirip, ýakyn garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny ýanyna alyp, daglyga pena tutunýar. Emma Mahmyt Gaznawy olary ýesir alyp, zyndana salýar. Sükpal ýeňlip, zyndana düşenden soň, Dawud bilen Nasyr Karmaty ýene Miltanyň daş-töweregindäki goşunlary ýygnap, ýene Mahmyt Gaznawynyň garşysyna baş göterýär.
1010-njy ýylda Mahmyt Gaznawy gozgalaňy basyp ýatyrýar. Dawudy zyndana atýar. Goşunynyň agramly bölegi gyrlyp, gala olara ýesir düşýär.
Mahmyt Gaznawy bilen Illek hanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak üçin bir ylalaşyga gol çekilip, şoňa laýyklykda Amyderýanyň aracäk bolandygyny öňde agzap geçipdik. Emma Illek han assyrynlyk bilen Horasana göz gyzdyrýar. Soltan Mahmyt Gaznawy Sükpalyň üstüne goşun goýberen mahaly, 1006-njy ýylda, Horasany basyp alýar. Bu habary eşiden Mahmyt Gaznawy Miltanda parahatçylygy ýola goýup, ol ýere häkimini belläp şondan Horasana ugraýar. Illek hanyň serkerdelerini ýesir edip, Horasany yzyna gaýdyp alýar. Muňa garamazdan, Illek han dek ýatmaýar. Ýeňlişden soň Kaşgaryň welisi, ýakyn garyndaşy Kadyr handan kömek alyp, ýene-de Horasana goşun çekýär. Amyderýanyň ilersini, Mahmyt Gaznawynyň höküm sürýän ýerlerini basyt almak isleýär. Mahmyt Gaznawy Balhyň töwereginde onuň öňünden çykyp, goşuny yzyna gaýtarmak isleýär. Iki türkmen serdarynyň goşunlarynyň arasynda ganly çaknyşyk bolýar. Söweş birnäçe güne çekýär. Ahyr ýeňiş Mahmyt Gaznawynyň tarapyna çözülýär. Illek han goşuny bilen gaçýar.
Illek han 1013-nji ýylda aradan çykýar. Onuň ornuna geçenler hem Mahmyt Gaznawy bilen ganda-pyçak bolýarlar. Onuň bilen yzygiderli söweşip durýarlar. Ahyr soňy bolmajagyny bilen Mahmyt Gaznawy Amyderýadan gaýra geçip, Illek hanyň ýurduna hüjüm edip, paýtagt Samarkandy basyp alýar. Şondan soň türki halklaryň arasynda Mahmyt Gaznawynyň dabarasy dag aşýar. Kaşgaryň hökümdary Kadyr hanyň özi 1010-njy ýylda Mahmyt Gaznawy bilen duşuşmak üçin Samarkanda gelýär. Iki türkmen serdary dostlukly aragatnaşygy ýola goýmak üçin özara ylalaşyga gelýärler. Kadyr han öz ýurduna Kaşgara dolanýar.
Soltan Mahmyt Gaznawynyň sebitde artyp barýan güýjünden howatyr edip, Hindistanyň Penjabynyň agramly bölegini gol astynda saklaýan Inendpal oňa çäre agtaryp başlaýar. Gündogar Hindistanyň rajalaryna goldaw üçin ýüz tutýar. Olar hem goldaýarlar. Netijede uly güýçli goşun toplaýar. Ogly Brahmanpaly Gazna hüjüm etdirmek üçin Peşewara ugradýar. Bu habar Mahmyt Gaznawa bada-bat ýetýär. Ol howanyň çaksyz sowuklygyna garamazdan, 1008-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-i güni Gaznadan çykýar. Peşewara baryp, hindileriň goşuny heniz Sindh derýasyndan geçmänkä, türkmen gerçekleri Wihendiň golaýyndan derýadan geçýär-de, olaryň öňlerinde sap tutýar. Iki tarapy hem gazap bilen söweşýär.
Mahmyt Gaznawa ýene-de ýeňiş ýar! Hindi goşuny gaçmak bilen bolýar. Brahmanpalyň goşuny Nigernut galasynyň Wakangir diýen ýerine gaçyp gidýär. Emma gowgy galmaýar. Mahmyt Gaznawy Nigernut galasyny gabaýar. Üç gün söweş edip, ony basyp alýar. Hasapsyz oljanyň eýesi bolýar. Sebäbi ondaky hazyna Pandaw hojalygy paja Behimiň döwründen bäri toplanyp ýören ekeni.
Mahmyt bu gala özleriniňkiden birini häkim belläp, Gazna dolanýar. 1009-njy ýylyň Garaşşyzlyk aýynda Mahmyt Gaznawy hindileriň mukaddes Gang derýasynyň kenarynda ýerleşen Naralin welaýatyna goşun çekip, basyp alýar. Maksady Hindistanyň merkezine ýol açmak, mukaddes derýadan geçip, Ellur diýen ýeri-de basyp alýar. Ol ýeriň rajasy Mahmyt Gaznawa ýylda salgyt tölemäge mejbur bolýar. Ol Gazna dolanyp gelenden soň, yzyndan dürli şaý-sepleri, zer-zümerretleri sowgat hökmünde ýükläp, elli sany pil iberýär. Şeýle-de gerek wagty, zerur mahaly ulanar ýaly iki müň sany ýaragly esgeri kömek üçin ibermegi, salgyt töleýän özge rajalar ýaly Mahmyt Gaznawynyň Permanyna laýyk hereket etmegi wada berýär.
Soltan Mahmyt Gaznawy-da özi tarapyndan rajanyň höküm sürýän ýurduna azar bermezlige razy bolýar. Netijede bolsa, şu ylalaşyk arkaly Horasan bilen Hindistanyň arasynda söwda aragatnaşygy ösüp başlaýar. Ýöne munuň özi Mahmyt Gaznawynyň şöhratly ömrüni hasyl eden söweşleriniň tamamlanandygyny aňlatmaýar.
Gur atly ülke örän bek ýolly daglykda ýerleşýändigi üçin hüjüm edijiler oňa üns etmändirler. Söbük Tegin bolsa öz hökümdarlyk eden döwründe Guruň hökümdary Ibn Sewrini özüne boýun egdiripdir. Salgyt tölemäge mejbur edipdir. Tä Söbük Tegin aradan çykýança buýruga boýun bolupdyr. Haçan-da Söbük Tegin aradan çykandan soň, Mahmyt Gaznawa boýun synman başlaýar. Hatda ýurdunyň üstünden geçýän söwdagärleri, kerwenleri talamakdan hem çekinmeýär. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy 1011-nji ýylda Gündogar Gura hüjüm edýär. Gazaply söweşden soň onuň paýtagty Aheňgerany basyp alýar. Hökümdar ibn Sewri, wezir-wekilleri hem-de ogly Şiş bilen ýesir düşýär. Şondan soňra Mahmyt Gaznawy ýuwaş-ýuwaşdan günbatar Gury basyp alýar. 1020-nji ýylda bolsa ogly Mesgudy Guruň galan ýerlerini basyp almak üçin iberýär. Ol birnäçe galalary basyp alyp, Guruň paýtagtyna barýar. Hökümdar Mahmyt Gaznawa boýun bolýar. Basyp alnan galalary onuň haýryna geçirýär. Häkimler Soltan Mahmydyň permany bilen bellenýär. Şeýlelikde, tutuş Gur Gaznawy soltanlygyna degişli bolýar.
Illek han-da diş agyrysy ýaly bolup, Mahmyt Gaznawynyň bir tarapyndan azaryny ýetirip durýar. 1011-nji ýylda Hazdaryň welisi onuň maslahaty bilen Mahmyt Gaznawa salgyt tölemegini bes edýär. Onuň garşysyna çykýar.
Bulujystanda ýerleşen Hazdar barmasy kyn daglyk ýerde ýerleşse-de, Mahmyt Gaznawy1011-nji ýylda oňa hüjüm edip, galany eýeleýär. Häkim baş egip, salgyt tölemäge boýun bolýar. Taryhy maglumatlardan görnüşi ýaly, Mahmyt Gaznawy patyşalyk täjini başa geýenden soňky az wagtyň içinde Horasany öz golastyna alýar. Şonuň bilen bir hatarda 999-njy ýylda ilçileriniň birini Gürjüstanyň hökümdaryAbu-Nasyr Muhammet Şaryň ýanyna iberýär. Onuň üsti bilen “Eger sen maňa ýagşylyk bilen boýun egseň gowy bolar, ýogsam meniň gazabyma taýýar bol” diýen mazmunly haty ýollaýar. Abu Nasyr Muhammet Şar boýun egmek teklibini kabul edýär. Metjitlerde onuň adyna hutba okadyp başlaýar. Emma bu ylalaşyga garamazdan, birnäçe wagtdan soň Abu Nasyr Muhammet Şaryň uly ogly özbaşdak herekete baş goşýar, Mahmyt Gaznawy bilen Hindistana söweş etmekden boýun gaçyrýar. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy häzirki pursaty amatly bilip, 1017-nji ýylda Gürjüstana hüjüm edýär. Ony basyp alyp, ýurt başyna öz emirlerinden birini goýýar. Abu Nasyr Muhammet Şaryň ogluny zyndana salyp, özüni bolsa ýany bilen Gazna alyp gaýdýar. Sebäbi, ol döwrüniň iňňän güýçli, zehinli alymlarynyň biri bolupdyr. Mahmyt Gaznawy ony Gazna getirenden soň, uly hormat goýup, ähli zatlaryny gaýtaryp berýär. Abu Nasyr Muhammet Şar 1018-nji ýylda Gaznada wepat bolýar.
Şo-ol ady belli Jipalyň ogly Inendpal 1011-nji ýylda aradan çykýar. Ýerine ogly Termuçynpal tagta geçýär. Ýöne onuň kiçijik döwletiniň höküm sürýän ýeri Kuhustan bilen Nemek ekeni. Penjaba degişli başga ýerleri Mahmyt Gaznawy öz golastynda saklaýar. Emma bir pikir welin serinden çykmaýar. “Termuçynpal Hindistanyň gadymdan gelýän şa hojalygynda ir-u-giç bulaşyklyk döreder. Gowusy, onuň kiçijik häkimliginiň soňuna çykmaly”. Ol şu pikir bilen 1014-nji ýylda onuň ýurdunyň paýtagty Nenduna ugraýar. Oňa hüjüm edýär. Termuçynpal Kaşmir pajasyndan haraý isläp, onuň ýanyna gidýär. Galany goramak üçin öz ornuna bolsa ogly Behimpoly belleýär. Örän daglyk ýerdeligine garamazdan, Mahmyt Gaznawy galany basyp almagy başarýar.
Oňa Termuçynpalyň, Kaşmiriň rajasynyň goşunynyň garşysyna söweşdirmek üçin alyp gelýändigini habar berýärler. Mahmyt Gaznawy pursaty elden gidermeýär. Olara garşy ugraýar. Jehleli diýen ýeriň golaýynda iki goşun ýüzbe-ýüz bolup, gazaply söweş tutaşýar. Bu aýylganç söweşde Mahmyt Gaznawy ýeňiş gazanýar. Duşmanyň aglabasy ýesir düşýär. Bu habary eşiden ýakyn-u-uzakdaky rajalaryň birnäçesi Mahmyt Gaznawa meýletin boýun bolup, höküm ýöretmegine razy bolýarlar. Hindilerden Yslam dinini kabul edenler örän köp bolýar. Şonuň üçin Mahmyt Gaznawy bu ýurtda metjit-medreseler saldyrýar. Musulmançylygy kabul edenlere bu ugurdan ylym bermek üçin mugallymlar taýynlaýar. Penjab tutuşlygyna Mahmyt Gaznawynyň permany astynda hereket etmäge geçýär.
Termuçynpal gaçyp Sewalyk atly daglykda gizlenýär. Şol ýerde uly bolmadyk bir topara häkimlik edýär. Mahmyt Gaznawy ony öz erkine goýup, Tehanysyr galasyna hüjüm edýär. Ol Hindistanyň meşhur galalarynyň biri ekeni. Hüjümiň habaryny eşiden Tehanysyryň rajasy galany taşlap gaçýar. Gala söweşsiz eýelenýär. Mahmyt Gaznawy olaryň daşdan ýasalan meşhur butyny, Murty Çekersüwemi hudaýyny öz ýany bilen Gazna alyp gaýdýar. Ony şäheriň uly köçeleriniň bir çatrygynda atlaryň aýak astyna taşladýar. Tutuş Penjaba hökmüni ýöreden Mahmyt Gaznawy Kaşmiri almak maksady bilen, oňa iki gezek goşun sürýär. (1015-nji hem-de 1021-nji ýyllarda). Ikinji sapar berk daglyga duçar bolup, yzyna dönýär. Kaşmiri eýeläp bilmeýär.
Horezimde Al-Mämun atly bir dinastiýa Buhara emirligine degişli eken, özem Samany döwletine salgyt töläpdir. Samanylaryň synmagy bilen bolsa Horezmde Garaşsyz döwletini jar edýär. Onuň täçdary Abul-Abbas Soltan Mahmyt Gaznawynyň aýal doganlarynyň birine öýlenýär. Galyberse-de, ol Illek handan ynjalykly bolanlygy üçin, Abul-Abbasa ýurdunda öz adyna hutba okatmak üçin hökümnama ýollaýar. Abul-Abbas bu permana razy bolsa-da, emirleri boýun towlaýar. Mahmyt Gaznawy gazaba münýär. Horezme agyr goşun dartýar. Tä Abul-Abbas adyna hutba okadýança Horezmi gabap saklaýar. Öz adyna hutba okalyp başlandan soňra yzyna, Gazna dolanýar.
Goşun yzyna dolanan badyna Abul-Abbasyň emirleri gozgalaň turuzýarlar. Gaýnatasynyň adyna hutba okatmagyny bahanalap, 1018-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-sinde ony öldürýärler. Muny eşiden Mahmyt Gaznawy täzeden gazap atyna münýär. Horezme täzeden leşger sürýär. Emirler onuň garşysyna ýiti göreş alyp barsalar-da ýeňilýärler. Horezmiň paýtagty basylyp alynýar. Giýewsi Abul-Abbasy öldüren emirleri uly ile göz edip öldürdýär. Horezmiň hökümdarlygyny bolsa öz emirlerinden biri Altyndaşa tabşyrýar. Hökümdarlygy söweş ýollary bilen bagly bolan Mahmyt Gaznawynyň Hindistanyň ençeme ýerlerini golastyna alandan soň, Kunusy almak üçin Gaznadan ugramagynyň hem sebäbi bardy. Inendpal özi bilen söweş eden mahaly Kunusyň Mithera, Mehabil diýen ýerleriniň hökümdarlary oňa goldaw beripdir. Mahmyt Gaznawy olaryň bu etmişlerini ýadyndan çykaranokdy. Temmilerini bermekçidi. Sumna derýasynyň golaýynda ýerleşen Sersaw atly ýeriň rajasy onuň gelýändigini eşidip gaçýar. Gala söweşmän alynýar. Mahmyt Gaznawy uly bir şähere ýetýär. Onuň baştutany Hordat oňa özüni meýletin tabşyrýar. Mahmyt Gaznawynyň öňünde dyza çöküp, musulmançylygy kabul edýär. Salgyt tölemäge-de razy bolýar.
Gaýduwsyz söweşiji ondan soň Mehabiniň galasyny eýeläp, Mithera tarap ugraýar. Şol döwürde Mithera Hindistanyň meşhur galalarynyň biri bolup, ol mukaddes ýer hasaplanylypdyr. Galanyň çakyňdan beýik hem-de berkdigine garamazdan, hindiler söweş etmezden ony Mahmyt Gaznawynyň goluna tabşyrýarlar. Ol bu ýerde juda köp olja eýe çykýar.
Şondan soň ol ýörişini Kunusa dowam edýär. 1018-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 20-sinde ol ýere baryp ýetýär. Onuň patyşasy Rajipal gaçyp, Gang derýasynyň ol tarapyna geçýär. Galany goraýjylar welin Mahmyt Gaznawynyň garşysyna çykýarlar. Barybir, onuň bir hüjümine bäs gelip bilmän, galany tabşyrýarlar. Mahmyt Gaznawy basyp alan ýerlerinde öz adamlaryny häkim belläp Gazna öwrülýär. Ýolugra başga-da birnäçe galalary basyp alýar. Ýöne, ýolda Gazna bilen Sindh derýasynyň aralygyndaky daglyklarda garakçylyk edip, güzeran görüp ýören puştunlar geçip barýan goşunyň üstüne duýdansyz çozup, örän uly zeper ýetirýär. Ol Gazna gelenden soň, aryny ýerine salmak üçin puştunlaryň üstüne ugraýar. Olary daglaryň jülgesine gabap, aýaman gyrýar. Aýal, ýaş çaga hem-de garrylardan başgalaryny öldürmäge buýruk berýär.
Belli bir wagtda soltan Mahmyt Garahanly döwletiniň esasy bölegi bilen gowy gatnaşykda bolýar. Şol mahal ol Mawerannahrda özüni görkezen Seljuk serkerdäniň ogullary bilen gidişýär. Onuň ogly Arslan hany zyndana atdyrandan soň, onuň ýigitlerine bagly oguzlaryň uly bölegine Horasana göçüp barmaga rugsat berýär. Emma Seljuk serkerdäniň ýetişip gelýän agtyklary Çary bilen Togruldan birahat bolan wagtlary az däl. Soltan Mahmyt Garahanlylaryň içindäki dogan-dogana bolan çaknyşygyň öňüni alyp: “Biri-biriňize duşmançylygy taşlaň. Hanjaryňyzy gynyňyza salyň, her haýsyňyz öz welaýatyňyz bilen boluň” diýip, olary ylalaşdyryp bilse-de, özi ölenden soň, ogullary tagt dawasyna başlaýar.
Soltan Mahmydyň ogly soltan Mesut tagta geçenden soň, onuň esasy işi Horasan üçin seljuk türkmenleri bilen çaknyşmak bolýar. Iki türkmen tiresi Oguz ýurdunyň üstünde ilki Täk (Durun) galanyň töwereginde 1038-nji ýylda söweşýär, ondan kän wagt geçmänkä, Sarahs töwereginde ýene çaknyşýarlar. Bu iki söweşiň netijesi seljuk türkmenleriniň ýeňşi bilen gutarýar. Ahyry 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşinde soltan Mesudyň ýygyny seljuk türkmenleri tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Bu söweşden soň Horasan, Eýran, Köneürgenç, Mawerannahr seljuk türkmenleriniň eline geçýär. Gazna döwleti ondan soň gaty garyşyk ýagdaýda ýaşaýar, esli wagt bu döwlet seljuklara tabyn bolup galýar.
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Gaznalylar döwleti hakda maglumat, Gaznalylar döwleti näme? Gaznalylar döwleti näme diýmek?
Gaznalylar dowleti 1 Gaznaly dowletinin doremegi 2 Gaznalylar dowletinin dasary syyasaty Mahmyt Gaznaly 3 Gaznalylar dowletinin gowsamagy Seljerilsin bashy mazarda her bir olenin Parhy barmy gorelin hokumdar bilen gulunyn Mahmyt Gaznaly Gozbasyny Oguz han turkmenden alyp gaydyan Gaznawyly dowleti dorediji Mahmyt Gaznalydyr Ruhnamada bellenisi yaly Mahmyt Gaznaly 962 nji yylda Gazna saherine gelip Gazna dowletini esaslandyryar Ruhnama sah 224 Ady rowayatlara sinip Nurnama bilen baglanysdyrylyan Mahmyt Gaznawy 971 nji yylyn Sanjar ayynyn 2 sinde Gaznada dunya inyar Ol Gaznawy soltanlygynyn duybuni tutan All Teginin korekeni yagny giyewsi Sobuk Teginin ogludyr Sobuk Tegin gayynatasynyn patysalyk mirasyna dowam berip Gaznada innan guycli salygy guryar Gurruni edilyan Mahmyt Gaznawy da kakasynyn yoluny tutyar Oran guycli dowletin eyesi bolyar Mahmyt yaslygyndan okuwa berilyar Kazy Abu Nasyrdan talim alyar Sonra kakasy Sobuk Tegin ona harby tejribe owredyar Heniz on bas yaslaryndaka Hindistanyn Rajasy Jipal bilen Sobuk Teginin arasyndaky yuz beren sowesde ozunin mertligini gorkezyar Biraz wagtdan son 997 nji yylda Buhara patysasy Emir Nuhun emirlerinin birnacesi onun garsysyna bas goteryar Gozgalany basyp yatyrmak ucin Emir Nuh Samany Sobuk Teginden haray isleyar Sobuk Tegin Mahmydy lesgerlere bas edip komege yollayar Emir Nuhun begenjinin cagi bolmayar Mahmyda gymmat bahaly serpaylar edyar Seyfud dewle derejesini beryar Horasanyn weliligini de bagyslayar 997 nji yylda Sobuk Tegin agyr keselden aradan cykyar Agyr yatyrka kici ogly Ysmayyl yanynda ekeni Ol enesinin mekirligi bilen mirasduser bolyar Sobuk Tegin agyr yatyrka ony ozune orunbasar belleyar Horasanda yoren Mahmyt bu habary esiden dessine Ysmayyla Senin yasyn meninkiden kici bay tejriban hem yok Sol sebapli sen patysalygy mana ber Yone sonda da ygtyyar senin elinde bolsun Mana dine jihad etmage Hindistana gosun cekmage garsydaslary basyp yatyrmaga sert doretsen bolyar diyen many mazmundaky haty iberyar Emma Ysmayyl teklibi kabul etmeyar Onson Mahmyt Gazna gosun cekmage mejbur bolyar 998 nji yylda Gaznany oz golastyna geciryar Ysmayyl bilen enesini Gorun galasynda zyndana atyar Emir Nuh Samany bu yensi esidip Mahmydyn Gaznadaky patysalygyny kabul edyar ony gutlayar Yone onun Horasana weliligini yatyryp basga birine beryar Muna gazap eden Mahmyt Gaznawy Horasana gosun cekyar Emir Nuh Samanynyn gosunyny yenip Horasany zor bilen oz golastyna geciryar Yensinin habaryny sol mutdetde Yslam dunyasinin halyfy bolup Bagdatda oturan Al Kadyr bi Amrillaha yetiryar Halyf muna hos bolup Mahmyt Gaznawa Yemenud Dewle Eminul Mille atlaryny beryar Basyp alan yerlerinin ahlisine hokmurowan hakimligi ygtyyar edyar 999 njy yylda Illek Han Buharany basyp alyar Samany patysalygy synyar Sondan son Mahmyt Gaznawy Garassyz patysalyga hokmurowan permandar bolyar Ol Illek Han bilen dostlukly aragatnasygy yola goyyar Yuz bermegi mumkin bolan meseleleri cozmek ucin sertnama baglasyarlar Hazirki Amyderyany aracak bellap gayrasy Illek Hana ilersi Mahmyt Gaznawa degisli edilyar Iki turkmen birek biregin yurduna cozmazlyk hakynda ahtnama baglasyar Samany dowletinin pese dusus pursatyny peylan Halef bin Ahmet Sistana hujum edip ony basyp alyar Ozuce bir garassyz dowlet guryar Eger de Sobuk Teginin hokum suryan yerinde kimdir biri onun garsysyna cyksa gozgalan etse olary gotergilap goldaw edip baslayar Bas goterenlerin tarapyny tutyar Ol bu hereketini Mahmyt Gaznawynyn dowrunde de dowam edyar Hatda Illek Hany da gijjeleyar Gazna hujum etse ozunin goldaw berjekdigini aydyar Bu habar Soltan Mahmyda yetyar Salymyny berman Sistana gosun suryar Halef bin Ahmet mekirlige yuz uryar Sowgat serpay bilen onun onunden cykyar Otunc sorayar Ylalasyga gelmegi towakga edyar Ak yurekli turkmen Mahmyt Gaznawy ylalasygy kabul edyar Sowes etman yzyna Gazna dolanyar Biraz wagt gecenden son Halef bin Ahmet bilen ogly Tahyryn arasynda onsuksyzlyk doreyar Ozara caknysyk bolyar Bir tar bilen ogluny tutup olduryar Habar yyldyrym caltlygynda il icine yayrayar Sistananyn emirleridir wezir wekilleri Ahmedin garsysyna cykyarlar Perzendine rehim etmedik halkyna da rehim etmez diyen pikire uyup Mahmyt Gaznawa yuz tutyarlar Sistany basyp almaga cagyryarlar Seylelikde halkyn islegi bilen Mahmyt Gaznawy 1002 nji yylda Sistana gosun cekyar Ahmet galany berkidip sowese tayyarlyk goryar Yone gabaw dusenden son Mahmyt Gaznawynyn basyp aljakdygyna goz yetirip yene de onki hereketine yuz uryar Yaragyny taslap sowgat serpaylar bilen Mahmydyn yanyna otunc sorap baryar Gunasinin gecilmegini sorayar Sonun ucin Mahmyt Gaznawy ony oldurtman Juzjanyn galasyndaky zyndana atdyryar Ahmet 1009 njy yylda sol yerde amanadyny tabsyryar Biz yazgylaryn basynda Mahmyt Gaznawynyn mertlik yolunyn Hindistanyn rajasy Jipal bilen bolan sowesden baslanandygyny yanzydypdyk Ol Jipal bilen son hem sowesmeli bolyar cunki dusmancylyk kakasynyn dowrunden gozbas alyp gaydyardy 982 nji yylda Jipal Gazna ucin sowes edyar Sobuk Tegin oz yurduny goramak ucin onun garsysyna cykyar Howa oran sowuk ekeni Garyn galynlygy turkmenin goynun gozunden duyan dyzyndan diyenine baryar Jipal yowselleyar Gazna hujum etmage derek tac bermage aracakdaki galalaryn birnacesini Sobuk Teginin golastyna gecirmage razy bolyar Emma onun hor hory yatmayar Sertim sahyma edip oz yurduna dolanandan son Gaznanyn ilcilerini tussag edyar turma salyar Gazap atyna atlanan Sobuk Tegin Hindistana hujum edyar Jipal beyleki hindi rajalaryny sowesin garsysyna goldawa cagyryar Barybir sonda da birlesen gosunlar Sobuk Teginden yenilyar Olar Pesewara cenli bolan yerleri elden gideryarler Sobuk Tegin ol yerleri Gazna hokumdarlygyna gosyar Kone dusman dost bolmaz diyleni Sobuk Tegin dunyaden otenden son Jipal onun basyp alan yerlerini yzyna gaytarmak maksady bilen sowes meydanyna cykyar Garadan gaytmaz arslan yurek Mahmyt onun garsysyna cykyp Lemgan diyen yerde 1000 nji yylda hujume gecyar Onun das toweregindaki galalaryn ahlisini basyp alyar 1001 nji yylda Jipalyn ustune tazeden cozmak ucin gosun yygyar Mahmyt Gaznawynyn sowes maksady bilen Gaznadan ugranlygyny esiden Jipal gosunyny Pesewaryn golayyna getiryar Sanjar ayynyn 27 sinde baslanan guycli caknysykda Mahmyt Gaznawy yenyar Jipal bolsa 15 sany oguldyr agtyklary bilen yesir dusyar Mahmyt Gaznawy hujumi dowam edip Jipalyn yurdunyn paytagty Wihindi onun das toweregindaki hakimlikleri basyp alyp oz adamlaryndan birini ol yere hokumdar belleyar Ozi bolsa Gazna dolanyar Jipaly da ogullarydyr agtyklary bilen Gazna alyp gaydyar Yone ol Mahmyt Gaznawa altyn kumus zer zerbap baryny berip azatlyga cykyar Hindistana barandan son ogly Inendpaly patysa bellap dusen yagdayyna namys edip ozuni bolsa 1003 nji yylda diri oda yakyar Taryhy maglumatlara gora Mahmyt Gaznawynyn in kop sowes hereketleri Hindistan bilen baglanysyklydyr Solaryn biri de 1004 nji yylda bolyar Ol Gundogar Sinda bilen Behawullur rayatlarynyn arasynda yerlesen Behatyy atly yere Bulujystanyn Seyba welayatynyn usti bilen hujum edyar Behatyyyenin rajasy Bijiray gizlinlik bilen Karamaty hakimine goldaw eden ekeni Mahmyt Gaznawynyn maksady ona bu hereketi ucin goz gorkezmekdi Raja Bijiray Mahmyt Gaznawynyn garsysyna dort gunlap gayduwsyzlyk bilen sowesyar Barybir yeniljegine goz yetirip galadan cykyp gacmakcy bolyar Emma ona pursat bermeyarler Ol Mahmydyn goluna yesir dusmejek bolup oz yuregine ozi hanjar urup olyar Soltan Mahmyt Bahatyyani onun das toweregindaki saher kentleri basyp alyar Ol yerlerin halkyny Yslam dinine cagyrmaga sertler doredyar Oz serdarlaryndan birini ol yere hakim bellap Gazna dolanyar Sol dowurlerde Miltanyn Abul Feth Dawud bin Nasyr karmatylardan bolup Yslam dini ucin ilkinji howp doredenlerin biri bolupdyr Nirede bir musulmanyn at derejesi sohraty artyberse jansyzlarynyn usti bilen oldurdyan ekeni Soltan Mahmyt Gaznawy ony yok etmegin ugruna cykyar 1006 njy yylyn yazynda Gaznadan Miltana ugrayar Ol Sindh deryasyndan Miltanyn golayyndan gecmegi howply hasaplap Pesewaryn yakynyndan gecmegi yerlikli sayyar Emma su yerin rajasy Indendpal yoluny baglayar Onun bilen sowes bas gosyar Yone derrew gosuny bas gelip bilman gacmak bilen bolyar Kasmir daglarynyn arasynda gizlenyar Kowa kowa Mahmyt Gaznawy onun gosunyny dyr pytrak edyar Son Miltana ugramaga gosuna buyruk beryar Dawud bin Nasyr bu habary esidip oz yaranlary bilen Sindh deryasynyn kenaryndaky tokaylyklaryn birinde gizlenyar Gosunyn bir bolegi bolsa Miltan galasynyn derwezesini gorayarlar Yedi gun bolan sowesden son olar yenilyarler Saherin halky iki million dirhem puly cekilen zyyan ucin Mahmyt Gaznawa tolap janlaryny halas edyarler Yone Karmaty toparyndan bolanlaryn ahlisini gyryar Mahmyt Gaznawy Miltanyn hakimligini paja Jipalyn agtygy Sukpala tabsyryar Sebabi ol Yslam dinine girip Nowasa sa ady bilen taryha giryar Emma 1007 nji yylda Mahmyt Gaznawy Illek hanyn garsysyna sowesip yorka Sindh Sukpal Yslam dininden cykyp soltandan hem yuz owuryar Muny esiden Mahmyt Gaznawy Balhdan goni Miltana ugrayar Yogsam howa oran sowuk ekeni Onun ustune ugrandygyny esiden Sukpal garsysyna cykyp bilmejegine goz yetirip yakyn garyndaslaryny dost yarlaryny yanyna alyp daglyga pena tutunyar Emma Mahmyt Gaznawy olary yesir alyp zyndana salyar Sukpal yenlip zyndana dusenden son Dawud bilen Nasyr Karmaty yene Miltanyn das toweregindaki gosunlary yygnap yene Mahmyt Gaznawynyn garsysyna bas goteryar 1010 njy yylda Mahmyt Gaznawy gozgalany basyp yatyryar Dawudy zyndana atyar Gosunynyn agramly bolegi gyrlyp gala olara yesir dusyar Mahmyt Gaznawy bilen Illek hanyn arasynda dostlukly gatnasyklary yola goymak ucin bir ylalasyga gol cekilip sona layyklykda Amyderyanyn aracak bolandygyny onde agzap gecipdik Emma Illek han assyrynlyk bilen Horasana goz gyzdyryar Soltan Mahmyt Gaznawy Sukpalyn ustune gosun goyberen mahaly 1006 njy yylda Horasany basyp alyar Bu habary esiden Mahmyt Gaznawy Miltanda parahatcylygy yola goyup ol yere hakimini bellap sondan Horasana ugrayar Illek hanyn serkerdelerini yesir edip Horasany yzyna gaydyp alyar Muna garamazdan Illek han dek yatmayar Yenlisden son Kasgaryn welisi yakyn garyndasy Kadyr handan komek alyp yene de Horasana gosun cekyar Amyderyanyn ilersini Mahmyt Gaznawynyn hokum suryan yerlerini basyt almak isleyar Mahmyt Gaznawy Balhyn towereginde onun onunden cykyp gosuny yzyna gaytarmak isleyar Iki turkmen serdarynyn gosunlarynyn arasynda ganly caknysyk bolyar Sowes birnace gune cekyar Ahyr yenis Mahmyt Gaznawynyn tarapyna cozulyar Illek han gosuny bilen gacyar Illek han 1013 nji yylda aradan cykyar Onun ornuna gecenler hem Mahmyt Gaznawy bilen ganda pycak bolyarlar Onun bilen yzygiderli sowesip duryarlar Ahyr sony bolmajagyny bilen Mahmyt Gaznawy Amyderyadan gayra gecip Illek hanyn yurduna hujum edip paytagt Samarkandy basyp alyar Sondan son turki halklaryn arasynda Mahmyt Gaznawynyn dabarasy dag asyar Kasgaryn hokumdary Kadyr hanyn ozi 1010 njy yylda Mahmyt Gaznawy bilen dususmak ucin Samarkanda gelyar Iki turkmen serdary dostlukly aragatnasygy yola goymak ucin ozara ylalasyga gelyarler Kadyr han oz yurduna Kasgara dolanyar Soltan Mahmyt Gaznawynyn sebitde artyp baryan guyjunden howatyr edip Hindistanyn Penjabynyn agramly bolegini gol astynda saklayan Inendpal ona care agtaryp baslayar Gundogar Hindistanyn rajalaryna goldaw ucin yuz tutyar Olar hem goldayarlar Netijede uly guycli gosun toplayar Ogly Brahmanpaly Gazna hujum etdirmek ucin Pesewara ugradyar Bu habar Mahmyt Gaznawa bada bat yetyar Ol howanyn caksyz sowuklygyna garamazdan 1008 nji yylyn Bitaraplyk ayynyn 31 i guni Gaznadan cykyar Pesewara baryp hindilerin gosuny heniz Sindh deryasyndan gecmanka turkmen gercekleri Wihendin golayyndan deryadan gecyar de olaryn onlerinde sap tutyar Iki tarapy hem gazap bilen sowesyar Mahmyt Gaznawa yene de yenis yar Hindi gosuny gacmak bilen bolyar Brahmanpalyn gosuny Nigernut galasynyn Wakangir diyen yerine gacyp gidyar Emma gowgy galmayar Mahmyt Gaznawy Nigernut galasyny gabayar Uc gun sowes edip ony basyp alyar Hasapsyz oljanyn eyesi bolyar Sebabi ondaky hazyna Pandaw hojalygy paja Behimin dowrunden bari toplanyp yoren ekeni Mahmyt bu gala ozlerininkiden birini hakim bellap Gazna dolanyar 1009 njy yylyn Garassyzlyk ayynda Mahmyt Gaznawy hindilerin mukaddes Gang deryasynyn kenarynda yerlesen Naralin welayatyna gosun cekip basyp alyar Maksady Hindistanyn merkezine yol acmak mukaddes deryadan gecip Ellur diyen yeri de basyp alyar Ol yerin rajasy Mahmyt Gaznawa yylda salgyt tolemage mejbur bolyar Ol Gazna dolanyp gelenden son yzyndan durli say sepleri zer zumerretleri sowgat hokmunde yuklap elli sany pil iberyar Seyle de gerek wagty zerur mahaly ulanar yaly iki mun sany yaragly esgeri komek ucin ibermegi salgyt toleyan ozge rajalar yaly Mahmyt Gaznawynyn Permanyna layyk hereket etmegi wada beryar Soltan Mahmyt Gaznawy da ozi tarapyndan rajanyn hokum suryan yurduna azar bermezlige razy bolyar Netijede bolsa su ylalasyk arkaly Horasan bilen Hindistanyn arasynda sowda aragatnasygy osup baslayar Yone munun ozi Mahmyt Gaznawynyn sohratly omruni hasyl eden soweslerinin tamamlanandygyny anlatmayar Gur atly ulke oran bek yolly daglykda yerlesyandigi ucin hujum edijiler ona uns etmandirler Sobuk Tegin bolsa oz hokumdarlyk eden dowrunde Gurun hokumdary Ibn Sewrini ozune boyun egdiripdir Salgyt tolemage mejbur edipdir Ta Sobuk Tegin aradan cykyanca buyruga boyun bolupdyr Hacan da Sobuk Tegin aradan cykandan son Mahmyt Gaznawa boyun synman baslayar Hatda yurdunyn ustunden gecyan sowdagarleri kerwenleri talamakdan hem cekinmeyar Sonun ucin Mahmyt Gaznawy 1011 nji yylda Gundogar Gura hujum edyar Gazaply sowesden son onun paytagty Ahengerany basyp alyar Hokumdar ibn Sewri wezir wekilleri hem de ogly Sis bilen yesir dusyar Sondan sonra Mahmyt Gaznawy yuwas yuwasdan gunbatar Gury basyp alyar 1020 nji yylda bolsa ogly Mesgudy Gurun galan yerlerini basyp almak ucin iberyar Ol birnace galalary basyp alyp Gurun paytagtyna baryar Hokumdar Mahmyt Gaznawa boyun bolyar Basyp alnan galalary onun hayryna geciryar Hakimler Soltan Mahmydyn permany bilen bellenyar Seylelikde tutus Gur Gaznawy soltanlygyna degisli bolyar Illek han da dis agyrysy yaly bolup Mahmyt Gaznawynyn bir tarapyndan azaryny yetirip duryar 1011 nji yylda Hazdaryn welisi onun maslahaty bilen Mahmyt Gaznawa salgyt tolemegini bes edyar Onun garsysyna cykyar Bulujystanda yerlesen Hazdar barmasy kyn daglyk yerde yerlesse de Mahmyt Gaznawy1011 nji yylda ona hujum edip galany eyeleyar Hakim bas egip salgyt tolemage boyun bolyar Taryhy maglumatlardan gornusi yaly Mahmyt Gaznawy patysalyk tajini basa geyenden sonky az wagtyn icinde Horasany oz golastyna alyar Sonun bilen bir hatarda 999 njy yylda ilcilerinin birini Gurjustanyn hokumdaryAbu Nasyr Muhammet Saryn yanyna iberyar Onun usti bilen Eger sen mana yagsylyk bilen boyun egsen gowy bolar yogsam menin gazabyma tayyar bol diyen mazmunly haty yollayar Abu Nasyr Muhammet Sar boyun egmek teklibini kabul edyar Metjitlerde onun adyna hutba okadyp baslayar Emma bu ylalasyga garamazdan birnace wagtdan son Abu Nasyr Muhammet Saryn uly ogly ozbasdak herekete bas gosyar Mahmyt Gaznawy bilen Hindistana sowes etmekden boyun gacyryar Sonun ucin Mahmyt Gaznawy hazirki pursaty amatly bilip 1017 nji yylda Gurjustana hujum edyar Ony basyp alyp yurt basyna oz emirlerinden birini goyyar Abu Nasyr Muhammet Saryn ogluny zyndana salyp ozuni bolsa yany bilen Gazna alyp gaydyar Sebabi ol dowrunin innan guycli zehinli alymlarynyn biri bolupdyr Mahmyt Gaznawy ony Gazna getirenden son uly hormat goyup ahli zatlaryny gaytaryp beryar Abu Nasyr Muhammet Sar 1018 nji yylda Gaznada wepat bolyar So ol ady belli Jipalyn ogly Inendpal 1011 nji yylda aradan cykyar Yerine ogly Termucynpal tagta gecyar Yone onun kicijik dowletinin hokum suryan yeri Kuhustan bilen Nemek ekeni Penjaba degisli basga yerleri Mahmyt Gaznawy oz golastynda saklayar Emma bir pikir welin serinden cykmayar Termucynpal Hindistanyn gadymdan gelyan sa hojalygynda ir u gic bulasyklyk doreder Gowusy onun kicijik hakimliginin sonuna cykmaly Ol su pikir bilen 1014 nji yylda onun yurdunyn paytagty Nenduna ugrayar Ona hujum edyar Termucynpal Kasmir pajasyndan haray islap onun yanyna gidyar Galany goramak ucin oz ornuna bolsa ogly Behimpoly belleyar Oran daglyk yerdeligine garamazdan Mahmyt Gaznawy galany basyp almagy basaryar Ona Termucynpalyn Kasmirin rajasynyn gosunynyn garsysyna sowesdirmek ucin alyp gelyandigini habar beryarler Mahmyt Gaznawy pursaty elden gidermeyar Olara garsy ugrayar Jehleli diyen yerin golayynda iki gosun yuzbe yuz bolup gazaply sowes tutasyar Bu ayylganc sowesde Mahmyt Gaznawy yenis gazanyar Dusmanyn aglabasy yesir dusyar Bu habary esiden yakyn u uzakdaky rajalaryn birnacesi Mahmyt Gaznawa meyletin boyun bolup hokum yoretmegine razy bolyarlar Hindilerden Yslam dinini kabul edenler oran kop bolyar Sonun ucin Mahmyt Gaznawy bu yurtda metjit medreseler saldyryar Musulmancylygy kabul edenlere bu ugurdan ylym bermek ucin mugallymlar tayynlayar Penjab tutuslygyna Mahmyt Gaznawynyn permany astynda hereket etmage gecyar Termucynpal gacyp Sewalyk atly daglykda gizlenyar Sol yerde uly bolmadyk bir topara hakimlik edyar Mahmyt Gaznawy ony oz erkine goyup Tehanysyr galasyna hujum edyar Ol Hindistanyn meshur galalarynyn biri ekeni Hujumin habaryny esiden Tehanysyryn rajasy galany taslap gacyar Gala sowessiz eyelenyar Mahmyt Gaznawy olaryn dasdan yasalan meshur butyny Murty Cekersuwemi hudayyny oz yany bilen Gazna alyp gaydyar Ony saherin uly kocelerinin bir catrygynda atlaryn ayak astyna tasladyar Tutus Penjaba hokmuni yoreden Mahmyt Gaznawy Kasmiri almak maksady bilen ona iki gezek gosun suryar 1015 nji hem de 1021 nji yyllarda Ikinji sapar berk daglyga ducar bolup yzyna donyar Kasmiri eyelap bilmeyar Horezimde Al Mamun atly bir dinastiya Buhara emirligine degisli eken ozem Samany dowletine salgyt tolapdir Samanylaryn synmagy bilen bolsa Horezmde Garassyz dowletini jar edyar Onun tacdary Abul Abbas Soltan Mahmyt Gaznawynyn ayal doganlarynyn birine oylenyar Galyberse de ol Illek handan ynjalykly bolanlygy ucin Abul Abbasa yurdunda oz adyna hutba okatmak ucin hokumnama yollayar Abul Abbas bu permana razy bolsa da emirleri boyun towlayar Mahmyt Gaznawy gazaba munyar Horezme agyr gosun dartyar Ta Abul Abbas adyna hutba okadyanca Horezmi gabap saklayar Oz adyna hutba okalyp baslandan sonra yzyna Gazna dolanyar Gosun yzyna dolanan badyna Abul Abbasyn emirleri gozgalan turuzyarlar Gaynatasynyn adyna hutba okatmagyny bahanalap 1018 nji yylyn Nowruz ayynyn 17 sinde ony olduryarler Muny esiden Mahmyt Gaznawy tazeden gazap atyna munyar Horezme tazeden lesger suryar Emirler onun garsysyna yiti gores alyp barsalar da yenilyarler Horezmin paytagty basylyp alynyar Giyewsi Abul Abbasy olduren emirleri uly ile goz edip oldurdyar Horezmin hokumdarlygyny bolsa oz emirlerinden biri Altyndasa tabsyryar Hokumdarlygy sowes yollary bilen bagly bolan Mahmyt Gaznawynyn Hindistanyn enceme yerlerini golastyna alandan son Kunusy almak ucin Gaznadan ugramagynyn hem sebabi bardy Inendpal ozi bilen sowes eden mahaly Kunusyn Mithera Mehabil diyen yerlerinin hokumdarlary ona goldaw beripdir Mahmyt Gaznawy olaryn bu etmislerini yadyndan cykaranokdy Temmilerini bermekcidi Sumna deryasynyn golayynda yerlesen Sersaw atly yerin rajasy onun gelyandigini esidip gacyar Gala sowesman alynyar Mahmyt Gaznawy uly bir sahere yetyar Onun bastutany Hordat ona ozuni meyletin tabsyryar Mahmyt Gaznawynyn onunde dyza cokup musulmancylygy kabul edyar Salgyt tolemage de razy bolyar Gayduwsyz sowesiji ondan son Mehabinin galasyny eyelap Mithera tarap ugrayar Sol dowurde Mithera Hindistanyn meshur galalarynyn biri bolup ol mukaddes yer hasaplanylypdyr Galanyn cakyndan beyik hem de berkdigine garamazdan hindiler sowes etmezden ony Mahmyt Gaznawynyn goluna tabsyryarlar Ol bu yerde juda kop olja eye cykyar Sondan son ol yorisini Kunusa dowam edyar 1018 nji yylyn Bitaraplyk ayynyn 20 sinde ol yere baryp yetyar Onun patysasy Rajipal gacyp Gang deryasynyn ol tarapyna gecyar Galany gorayjylar welin Mahmyt Gaznawynyn garsysyna cykyarlar Barybir onun bir hujumine bas gelip bilman galany tabsyryarlar Mahmyt Gaznawy basyp alan yerlerinde oz adamlaryny hakim bellap Gazna owrulyar Yolugra basga da birnace galalary basyp alyar Yone yolda Gazna bilen Sindh deryasynyn aralygyndaky daglyklarda garakcylyk edip guzeran gorup yoren pustunlar gecip baryan gosunyn ustune duydansyz cozup oran uly zeper yetiryar Ol Gazna gelenden son aryny yerine salmak ucin pustunlaryn ustune ugrayar Olary daglaryn julgesine gabap ayaman gyryar Ayal yas caga hem de garrylardan basgalaryny oldurmage buyruk beryar Belli bir wagtda soltan Mahmyt Garahanly dowletinin esasy bolegi bilen gowy gatnasykda bolyar Sol mahal ol Mawerannahrda ozuni gorkezen Seljuk serkerdanin ogullary bilen gidisyar Onun ogly Arslan hany zyndana atdyrandan son onun yigitlerine bagly oguzlaryn uly bolegine Horasana gocup barmaga rugsat beryar Emma Seljuk serkerdanin yetisip gelyan agtyklary Cary bilen Togruldan birahat bolan wagtlary az dal Soltan Mahmyt Garahanlylaryn icindaki dogan dogana bolan caknysygyn onuni alyp Biri birinize dusmancylygy taslan Hanjarynyzy gynynyza salyn her haysynyz oz welayatynyz bilen bolun diyip olary ylalasdyryp bilse de ozi olenden son ogullary tagt dawasyna baslayar Soltan Mahmydyn ogly soltan Mesut tagta gecenden son onun esasy isi Horasan ucin seljuk turkmenleri bilen caknysmak bolyar Iki turkmen tiresi Oguz yurdunyn ustunde ilki Tak Durun galanyn towereginde 1038 nji yylda sowesyar ondan kan wagt gecmanka Sarahs towereginde yene caknysyarlar Bu iki sowesin netijesi seljuk turkmenlerinin yensi bilen gutaryar Ahyry 1040 njy yylda Dandanakan sowesinde soltan Mesudyn yygyny seljuk turkmenleri tarapyndan derbi dagyn edilyar Bu sowesden son Horasan Eyran Koneurgenc Mawerannahr seljuk turkmenlerinin eline gecyar Gazna dowleti ondan son gaty garysyk yagdayda yasayar esli wagt bu dowlet seljuklara tabyn bolup galyar