MeyilnamaömriGurbandurdy Zelili Gürgenin Garaguzy obasynda 1779 njy ýylda eneden dogulýar Onun kakasyna Mämmetjuma ejesi
Gurbandurdy Zelili

Meyilnama
ömri
Gurbandurdy-Zelili Gürgenin Garaguzy obasynda 1779-njy ýylda eneden dogulýar. Onun kakasyna Mämmetjuma,ejesine Hurma (Magtymgulynyň ýegeni) diýer ekenler. Zeliliniň önüp-ösen ýerleri Etrek,Gürgen,Garrygala sebitleridir.Önüp-ösen ýerini Zelili öz döredijiliginde şeýle setirler bilen görkezýär:
"Ata-baba geçen jaýlary görsem , Gürgende nan iýsem , Etrekde ýörsem….",
Zeili oba mekdebinde , soňra bolsa Hywadaky “ Şirgazy” medresesinde okapdyr diýen maglumat bar.
Zelili-zelil ,horlanan , ezilen ,ejiz düşen diýmekdir . Sebäbi Zelili öz ömründe oňly gün görmändir , mydama onuň ýaşaýşy horlukda , ekspluatator synplar tarapyndan kemsidilmekde geçipdir. Gurbandurdynyň Zelili diýen lakamy onuň ýşaýşy-durmuşy bilen baglanyşyklydyr .
Halk arasyndaky rowaýatlara görä, Zeliliniň esasy kesp-käri kümüş , demir ussaçylygy bolupdyr . Zelili öz güzeranyny garyplykda geçiripdir .Şahyryň:
"Kyn boldy güzeran ,düşdük bir hala, Kemdest bolduk hiçe başyň içinde,"
ya-da:
"Bu garyplyk üstümüzdengitmedi, Köňül maksat –myradyna ýetmedi"
diýen setirleri-de onuň garyp bolandygyny subut edýär.
Zelili ýaşlykdan öz obadaşy Döndi diýen gyz bilen söyüşyär. Şahyr öz söýgülsine bagyşlap ,birnäçe şygyrlar hem düzýär.”Döndi hanym”, “ Janymyň jananasy” we başgalar. Emma Zelilä Döndi bilen öý-işik bolup maşgala durmuşyny gurmak miýesser bolmandyr. Bu hakda halk arasynda bolan maglumatlaryň birinde “ Döndi bir barly ýere çykarlypdyr” diýilýär. Şu maglumatyň dogrulygy ähtimaldyr . Şol döwürde öýlenmek üçin töleýän galyň Zelili ýaly garyplara örän agyr düşüpdir , olar köp ýyllar barlylaryň igençli we agyr zähmetini çekmäge mejbur bolupdyrlar. Munuň üstüne-de ekspluatator synp wekilleri azat söýgini barlapdyrlar . Ine, şonuň üçin hem Zelili Döndä öýlenip bilmändir .
Zelili Nury atly gyza öýlenip ,onuň bilen ömrüniň ahyryna çenli ýaşapdyr . Nuryň ogly bolýar , oňa Mämmetdöwlet diýýärler .Mämmetdöwlet ilki Mama diýen gyza öýlenýär,ol aradan çykansoň . Halbibi bilen durmuş gurýar .Halbibiden Jumadöwlet ,olardan hem Ogulnar, Maýa, Şemşat bolýar , häzir Zeiliniň nebereleri Garrygala töwereklerinde ýaşaýarlar.
Lirikasy
Zelili bir topar liriki goşgularyň awtorydyr .Onuň edebi döredijiliginde ýaşan döwründe ýüze çykan wakalary suratlandyrmak bilen , il – güne degişli , sosiýal deňsizligi görkezýän , mert we namartlara degişli öwüt – nesihat beriji,
söygi temada çeper şygyrlar uly orun tutýar. Zeliliniň döredijiligi özüniň manylylygy we çeperçiligi bilen tapawutlanýar . Onuň döredijiligi türkmen klassyky edebiýatynyň durmuşa has içgin aralaşmakdaky täze ädimini alamatlandyrýar. Zeliliniň döredijiliginiň kämilleşmegine , ösmegine , birinjiden , onuň özüniň edebiýat bilen gyzyklanmagy , edebiýatyň jemgyýetçilik durmuşunda tutýan ornuna belli derejede akyl ýetirmegi , köp okamaklygy , ikinjiden , daýysy Magtymgulynyň döredijiligi uly täsir edipdir.
Zeliliniň watançylygy .Zeliliniň döredijiliginde il-güni , ýurdy söýmek we halkyň erkin durmuşyny , agzybir ýaşaýşyny goramak pikirleri uly orun tutýar . Zelili öz ülkesini – ýaşan ýerini, onuň tebigatyny bütün baýlygyny , zähmetkeş halkyny tüýs ýürekden söýen watançydyr .
Şahyr öz önüp-ösen yeriniň –Etregiň ,Gürgeniň keşbini, tebigatyny “Watanym, seni” diýen şygrynda uly joşgun bilen suratlandyrypdyr .Watan temasyna degişli beýleki şygyrlarynda bolşy ýaly ,şahyryň bu şygyrynda hem basybalyjy duşmanyň abat oturan Etrek, Gürgen zähmetkeşlerini gyrgyna berşi, talaňa salşy görkezilýär.Zelili ýesirlikde diňe watan umydy bilen ýaşaýar, haçanda watanyny,onuň gözel tebigatyny ýatlanda,ol gözýaşyny saklap bilmeýär. Şahyryň duşmana bolan ýigrenji onda watana bolan söýgini, joşguny has güýçlendirýär. Zelili öz ülkesinden näçe uzaklykda bolsa-da ,onuň keşbini ,ajaýyp tebigatyny hiç wagt gözüniň öňünden aýyrmaýar:
" Sugunly , umgaly , çal goçly daglar , Belentden pestine akan bulaglar, Sowuk suwly,ter çemenli awlaglar, Köňül arzuw eýlär ,watanym ,seni”.
Zelili bu şygrynda bir topar ýesir eltilenleriň adyndan il –ýurda söýgi besleýär ,ony tüýs ýürekden wasp edýär.Şahyryň:
"Ýürek talwas eder, göterler serim, Köňül arzuw eýlär, watanym, seni! Etrek, Gürgen ýurdum –gezen ýerlerim, Köňül arzuw eýlär, watanym ,seni!”
Ýa-da:
“Köňlümüň aramy, çeşmim röwşeni, Men neýläýin, dostlar ,onsuz bu jany…."
diýen setirlerini diňläp zähmetkeş il-ýurda söýgi hyjuwy bilen joşman durup bilmez. Zeliliniň :
"Haýp, abat iller ber-bibat boldy Dostlar gamgyn boldy , duşman şat boldy, Aýrylyşdy, aşyna – ýarlar ýat boldy, Köňül arzuw eýlär ,watanym ,seni!"
diýen setirlerini öňden hem talaňçy duşmanyň zulumyndan ýaňa zeýrenip, ah çekip ýören ýesirlerde Hywa hanyna ýigrenç, gahar –gazap döredipdir
Mertlik, batyrlyk, ahlaklylyk barada. Zelili il- ýurdy ýürekden söýmek bilen birlikde , onuň ýigitleriniň mertligini, batyrlygyny , gowy ahlaklaryny wasp edipdir . Şahyr öz ildeşlerini arly – namysly bolmaklyga çagyrypdyr . Şahyryň şeýle eserleri ýigitlere teselli beripdir, olary ruhlandyrypdyr we olaryň güýçlerine güýç goşupdyr . Zeliliniňil-günüň,ýurduňar-namysynyugrunda tutanýerli söweş eden gaýduwsyz ýigitleriň at –owzasyny dabaralandyrmagy, munuň tersine, gorkaklary, nalajedeýinleri,aýal ýagysy dik düşdileri,ýaňralary köpçüligiň öňünde masgaralamagy tötändenblman, şol döwrüň şertleri ,ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Duşmanyň talaňçylykly ýörüşine gaýtawul bermek üçin,batyr, gaýduwsyz, at- ýaragdan peýdalanyp bilýän adam gerek bolupdyr.Zelili bolsa duşmana garşy çanlakaý söweşijileriňsanyny köpelmek maksady bilen , batyrgaý ýigitleri taryplapdyr, götergiläpdir, namarlary ýazgarypdyr.
Şahyr mertler bilen namartlary deňeşdirende, olara mahsus bolan aýratynlygy örän ýerlikligörkezýär. Ol özüniň ”Dert galar” diýen şygrynyň:
"Ýowuz ýerde ýüzde –ýüz gelse, Yzyn dönmez,namart gaçar ,mert galar"
diýen setirleinde il-halk üçin duşman bilen söweşmeli bolanda, mert ýigitleriň ölümden heder etmän, soňky demlerine çenli söweşýändiklerini,emma namartlaryň binamyslylyk edip gaçýandyklaryny, il-ýurt hakda pikir etmän ,öz janlary hakda aladalanýandyklaryny , hatda namarlaryň bile söweşe çykan ýoldaşlarynyň ykbalynyň neneňsi boljakdygyny hem unudýandyklaryny belleýär . Zeliliniň “Diýmek biläni” şygrynyň:
“Keýpi açylar duşman görende mertler, Pikir basar , gaýga gider namartlar…"
diýen setirlerinde hem mertler bilen namartlar bir-birinden aýyl –saýyl edilip suratlandyrylýar.Bu setirlerde “mert ýigidiň duşman görende” ,oňa garşy ýigrenjilik bilen aldym- berdimle söweş edýändigi, emma namartlaryň bolsa duşman gördügi gaýga batyp dowla düşýändigi beýan edilýär.
Şahyr “Bilen” şygrynda hem “ Diýmek bilýäni” diýen şygryndaky pikirlerini gaýtalaýar.Ol:
“Söweş güni mert ýarasyn baglamaz, Namart gaçar dönüp, soňyn saglamaz…".
diymek bilen , mert ýigitleriň çydamlylygyny wasp edýär, emma , gorkaklaryň “ namartja olam , sagja olam” diýip, söweş meýdanyndan ýazzyny berýändiklerini tankyt edýär. Zelili “Diýmek biläni" diýen şygyrlarynyň ilki setirlrinde namartlaryň üstünden düşýär. Namartlara syn bermezligi, etjek işini olaraduýdurmazlygy olara berk talap edýär.Eger-de syry ,göz öňünde tutulan maksady namartlar duýsalar,berk tabşyryga garamazdan olaryň ýaňrajakdyklaryny ,syry äşgär etjkdiklerini şahyr nygtap görkezýär:
"Namarda syr berme, syr saklar diýip, Namarat syr saklamaz, diýmek biläni…"
Şu şygyryň balka bir ýerinde Zelili uzak wagtlap myhmançylykda bolýanlaryň, ondan–da gezip ýörenleriň, duş gelen ýerde gürrüňdeşlerine geplemäge gezek bermän, ýaňrap ýörenleriň hem-de yaşlykda lälik saklanyp, ulalansoň zähmet çekmäge ukyby bolmadyklaryň il içinde ýigrentgilerdigini billýär:
"Öznü ýigrendir köp ýatan myhman, Bir bimaýa gezen, mazasyz ýaňran,
Işe taby bolmaz ulalansoňran, ňran, Ýaşlykda beslenen gaýmak biläni”.
Şahyr özünüň şygyrlarynda birek –birege ajy söz aýtmazlygy nesihat edýär:
“…Ýagşy söz diýeniň güldür, ýaman söz tiken ýalydyr …"
diýen setirlerinde ("Ýow çykan ýalydyr ") beýan edýär.
Şahyr “Bilen “şygrynyň:
“Köňül almaz ýerden bir ýaman sözi Eşitseň ,iç gysar sygyrmak bilen "…
diyen setirlerinde-de birek-birege süýji sözli bolmaklygyň ,biderek ýere adamyň göwnüne degmezligiň tarapynda durýar
Zeliliniň “ Özge dem bolmaz “diýen şygry başdan –aýak öwüt –nesihat häsiýetlidir. Şahyr bu şygyrynda mugthorçylyk almyty üçin biri –birinden gabanyp ,ilesopuçylyk satýan sopularyň gara nebisleri üçin her zat etmäge taýýardyklaryny real beýan edýär .
Ýalançy mugthorlardan seresap bolmaly diýen pikiri öňe sürýär .
Zelili aňsat eklenç üçin özlerine din hadymy hasaplaýan ýalançy pirlere hergiz ynanmaly däldigini hem bu eserinden aýratyn nygtap aýdýar. Pirler näçe keramat satsalar-da, özlerini öwseler-de,ýagşy kişi bolan blsalar-da ,olaryň zähmet çekmän, ilatyň dilenip ýa-da olary aldap, şol aldawçylygyň hasabyna ýaşaýandyklaryny düşündürýär. Pirleriňpyssy-pyjurlygyny görüp ,şahyr olary “Şeýtanyň şägirtleri” diýip , açyk yglan edýär.
Zelilibu şygrynda dogry sözlügi ündemegi ,gybatkeşligi, ýalançylygy ýazgarmagy hem maksat edinipdir .Bulardan başga-da
Ol zähmet çekmekden,işlemekden gaçýan adamlary tankytlaýar we şonuň bilen birlikde ,beýlekilere şeýle häsiýetlri endik edinmezligi öwüt-nesihat edýär. Meselem:
“…Bikardyr ýaltanup , ýaman ýöreniň, Bu bir hassalykdyr ,asla em bolmaz…"
Şahyr bu ýerde, birinjiden, ýaltanyň gününiň hor geçjegini aýdýan bolsa, ikinjiden, ýaltalyk-hassalykdyr, ondan daşda duruň diýen ideýany öňe sürýär.
Zeliliniň “Bşgana ýagşy”diýen şygry hemöwüt-nesihat beriji, çuň we ýiti manyly eserleriň biridir. Häzir-de halk arasynda bu şygryň birnäçe setirleri nakyl hökmünde ulanylýar. Şahyrň:
“Atsaň,nyşana deger okuň dogrusy, Bir meňzile ýetmez ýüküň egrisi, Basym sandan çykar oba ogrusy, Ýigit sada gerek ,türkana ýagşysy”
diýen setirlerinde adamlaryň dogruçyl ,sada bolmaklary durmuş hadysalarynyň mysalynda ,ýagny deňeşdirmek ýoly bilen ,nesihat berilyär.
Zelili”Aslyna ýet, söz manysyn sora-da” diýmekbilen,aýdylan sözi oňat diňläp,onuň manysyna düşünmegiň ähmiýetini,etjek işiňi,düşünjek zadyňy soraşdyryp anyklaşdyrmagy maslahat berýär. Sözüň manysyna düşünmän ,aýdylan pikiriň nygyna ýetmän,bolgusyz netije çykarmaga howlukma diýip nesihat edýär.
salgylanma
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Gurbandurdy Zelili hakda maglumat, Gurbandurdy Zelili näme? Gurbandurdy Zelili näme diýmek?
MeyilnamaomriGurbandurdy Zelili Gurgenin Garaguzy obasynda 1779 njy yylda eneden dogulyar Onun kakasyna Mammetjuma ejesine Hurma Magtymgulynyn yegeni diyer ekenler Zelilinin onup osen yerleri Etrek Gurgen Garrygala sebitleridir Onup osen yerini Zelili oz doredijiliginde seyle setirler bilen gorkezyar Ata baba gecen jaylary gorsem Gurgende nan iysem Etrekde yorsem Zeili oba mekdebinde sonra bolsa Hywadaky Sirgazy medresesinde okapdyr diyen maglumat bar Zelili zelil horlanan ezilen ejiz dusen diymekdir Sebabi Zelili oz omrunde only gun gormandir mydama onun yasaysy horlukda ekspluatator synplar tarapyndan kemsidilmekde gecipdir Gurbandurdynyn Zelili diyen lakamy onun ysaysy durmusy bilen baglanysyklydyr Halk arasyndaky rowayatlara gora Zelilinin esasy kesp kari kumus demir ussacylygy bolupdyr Zelili oz guzeranyny garyplykda geciripdir Sahyryn Kyn boldy guzeran dusduk bir hala Kemdest bolduk hice basyn icinde ya da Bu garyplyk ustumuzdengitmedi Konul maksat myradyna yetmedi diyen setirleri de onun garyp bolandygyny subut edyar Zelili yaslykdan oz obadasy Dondi diyen gyz bilen soyusyar Sahyr oz soygulsine bagyslap birnace sygyrlar hem duzyar Dondi hanym Janymyn jananasy we basgalar Emma Zelila Dondi bilen oy isik bolup masgala durmusyny gurmak miyesser bolmandyr Bu hakda halk arasynda bolan maglumatlaryn birinde Dondi bir barly yere cykarlypdyr diyilyar Su maglumatyn dogrulygy ahtimaldyr Sol dowurde oylenmek ucin toleyan galyn Zelili yaly garyplara oran agyr dusupdir olar kop yyllar barlylaryn igencli we agyr zahmetini cekmage mejbur bolupdyrlar Munun ustune de ekspluatator synp wekilleri azat soygini barlapdyrlar Ine sonun ucin hem Zelili Donda oylenip bilmandir Zelili Nury atly gyza oylenip onun bilen omrunin ahyryna cenli yasapdyr Nuryn ogly bolyar ona Mammetdowlet diyyarler Mammetdowlet ilki Mama diyen gyza oylenyar ol aradan cykanson Halbibi bilen durmus guryar Halbibiden Jumadowlet olardan hem Ogulnar Maya Semsat bolyar hazir Zeilinin nebereleri Garrygala towereklerinde yasayarlar LirikasyZelili bir topar liriki gosgularyn awtorydyr Onun edebi doredijiliginde yasan dowrunde yuze cykan wakalary suratlandyrmak bilen il gune degisli sosiyal densizligi gorkezyan mert we namartlara degisli owut nesihat beriji soygi temada ceper sygyrlar uly orun tutyar Zelilinin doredijiligi ozunin manylylygy we ceperciligi bilen tapawutlanyar Onun doredijiligi turkmen klassyky edebiyatynyn durmusa has icgin aralasmakdaky taze adimini alamatlandyryar Zelilinin doredijiliginin kamillesmegine osmegine birinjiden onun ozunin edebiyat bilen gyzyklanmagy edebiyatyn jemgyyetcilik durmusunda tutyan ornuna belli derejede akyl yetirmegi kop okamaklygy ikinjiden dayysy Magtymgulynyn doredijiligi uly tasir edipdir Zelilinin watancylygy Zelilinin doredijiliginde il guni yurdy soymek we halkyn erkin durmusyny agzybir yasaysyny goramak pikirleri uly orun tutyar Zelili oz ulkesini yasan yerini onun tebigatyny butun baylygyny zahmetkes halkyny tuys yurekden soyen watancydyr Sahyr oz onup osen yerinin Etregin Gurgenin kesbini tebigatyny Watanym seni diyen sygrynda uly josgun bilen suratlandyrypdyr Watan temasyna degisli beyleki sygyrlarynda bolsy yaly sahyryn bu sygyrynda hem basybalyjy dusmanyn abat oturan Etrek Gurgen zahmetkeslerini gyrgyna bersi talana salsy gorkezilyar Zelili yesirlikde dine watan umydy bilen yasayar hacanda watanyny onun gozel tebigatyny yatlanda ol gozyasyny saklap bilmeyar Sahyryn dusmana bolan yigrenji onda watana bolan soygini josguny has guyclendiryar Zelili oz ulkesinden nace uzaklykda bolsa da onun kesbini ajayyp tebigatyny hic wagt gozunin onunden ayyrmayar Sugunly umgaly cal gocly daglar Belentden pestine akan bulaglar Sowuk suwly ter cemenli awlaglar Konul arzuw eylar watanym seni Zelili bu sygrynda bir topar yesir eltilenlerin adyndan il yurda soygi besleyar ony tuys yurekden wasp edyar Sahyryn Yurek talwas eder goterler serim Konul arzuw eylar watanym seni Etrek Gurgen yurdum gezen yerlerim Konul arzuw eylar watanym seni Ya da Konlumun aramy cesmim rowseni Men neylayin dostlar onsuz bu jany diyen setirlerini dinlap zahmetkes il yurda soygi hyjuwy bilen josman durup bilmez Zelilinin Hayp abat iller ber bibat boldy Dostlar gamgyn boldy dusman sat boldy Ayrylysdy asyna yarlar yat boldy Konul arzuw eylar watanym seni diyen setirlerini onden hem talancy dusmanyn zulumyndan yana zeyrenip ah cekip yoren yesirlerde Hywa hanyna yigrenc gahar gazap doredipdir Mertlik batyrlyk ahlaklylyk barada Zelili il yurdy yurekden soymek bilen birlikde onun yigitlerinin mertligini batyrlygyny gowy ahlaklaryny wasp edipdir Sahyr oz ildeslerini arly namysly bolmaklyga cagyrypdyr Sahyryn seyle eserleri yigitlere teselli beripdir olary ruhlandyrypdyr we olaryn guyclerine guyc gosupdyr Zelilininil gunun yurdunar namysynyugrunda tutanyerli sowes eden gayduwsyz yigitlerin at owzasyny dabaralandyrmagy munun tersine gorkaklary nalajedeyinleri ayal yagysy dik dusdileri yanralary kopculigin onunde masgaralamagy totandenblman sol dowrun sertleri yagdayy bilen baglanysyklydyr Dusmanyn talancylykly yorusine gaytawul bermek ucin batyr gayduwsyz at yaragdan peydalanyp bilyan adam gerek bolupdyr Zelili bolsa dusmana garsy canlakay sowesijilerinsanyny kopelmek maksady bilen batyrgay yigitleri taryplapdyr gotergilapdir namarlary yazgarypdyr Sahyr mertler bilen namartlary denesdirende olara mahsus bolan ayratynlygy oran yerlikligorkezyar Ol ozunin Dert galar diyen sygrynyn Yowuz yerde yuzde yuz gelse Yzyn donmez namart gacar mert galar diyen setirleinde il halk ucin dusman bilen sowesmeli bolanda mert yigitlerin olumden heder etman sonky demlerine cenli sowesyandiklerini emma namartlaryn binamyslylyk edip gacyandyklaryny il yurt hakda pikir etman oz janlary hakda aladalanyandyklaryny hatda namarlaryn bile sowese cykan yoldaslarynyn ykbalynyn nenensi boljakdygyny hem unudyandyklaryny belleyar Zelilinin Diymek bilani sygrynyn Keypi acylar dusman gorende mertler Pikir basar gayga gider namartlar diyen setirlerinde hem mertler bilen namartlar bir birinden ayyl sayyl edilip suratlandyrylyar Bu setirlerde mert yigidin dusman gorende ona garsy yigrenjilik bilen aldym berdimle sowes edyandigi emma namartlaryn bolsa dusman gordugi gayga batyp dowla dusyandigi beyan edilyar Sahyr Bilen sygrynda hem Diymek bilyani diyen sygryndaky pikirlerini gaytalayar Ol Sowes guni mert yarasyn baglamaz Namart gacar donup sonyn saglamaz diymek bilen mert yigitlerin cydamlylygyny wasp edyar emma gorkaklaryn namartja olam sagja olam diyip sowes meydanyndan yazzyny beryandiklerini tankyt edyar Zelili Diymek bilani diyen sygyrlarynyn ilki setirlrinde namartlaryn ustunden dusyar Namartlara syn bermezligi etjek isini olaraduydurmazlygy olara berk talap edyar Eger de syry goz onunde tutulan maksady namartlar duysalar berk tabsyryga garamazdan olaryn yanrajakdyklaryny syry asgar etjkdiklerini sahyr nygtap gorkezyar Namarda syr berme syr saklar diyip Namarat syr saklamaz diymek bilani Su sygyryn balka bir yerinde Zelili uzak wagtlap myhmancylykda bolyanlaryn ondan da gezip yorenlerin dus gelen yerde gurrundeslerine geplemage gezek berman yanrap yorenlerin hem de yaslykda lalik saklanyp ulalanson zahmet cekmage ukyby bolmadyklaryn il icinde yigrentgilerdigini billyar Oznu yigrendir kop yatan myhman Bir bimaya gezen mazasyz yanran Ise taby bolmaz ulalansonran nran Yaslykda beslenen gaymak bilani Sahyr ozunun sygyrlarynda birek birege ajy soz aytmazlygy nesihat edyar Yagsy soz diyenin guldur yaman soz tiken yalydyr diyen setirlerinde Yow cykan yalydyr beyan edyar Sahyr Bilen sygrynyn Konul almaz yerden bir yaman sozi Esitsen ic gysar sygyrmak bilen diyen setirlerinde de birek birege suyji sozli bolmaklygyn biderek yere adamyn gownune degmezligin tarapynda duryar Zelilinin Ozge dem bolmaz diyen sygry basdan ayak owut nesihat hasiyetlidir Sahyr bu sygyrynda mugthorcylyk almyty ucin biri birinden gabanyp ilesopucylyk satyan sopularyn gara nebisleri ucin her zat etmage tayyardyklaryny real beyan edyar Yalancy mugthorlardan seresap bolmaly diyen pikiri one suryar Zelili ansat eklenc ucin ozlerine din hadymy hasaplayan yalancy pirlere hergiz ynanmaly daldigini hem bu eserinden ayratyn nygtap aydyar Pirler nace keramat satsalar da ozlerini owseler de yagsy kisi bolan blsalar da olaryn zahmet cekman ilatyn dilenip ya da olary aldap sol aldawcylygyn hasabyna yasayandyklaryny dusunduryar Pirlerinpyssy pyjurlygyny gorup sahyr olary Seytanyn sagirtleri diyip acyk yglan edyar Zelilibu sygrynda dogry sozlugi undemegi gybatkesligi yalancylygy yazgarmagy hem maksat edinipdir Bulardan basga da Ol zahmet cekmekden islemekden gacyan adamlary tankytlayar we sonun bilen birlikde beylekilere seyle hasiyetlri endik edinmezligi owut nesihat edyar Meselem Bikardyr yaltanup yaman yorenin Bu bir hassalykdyr asla em bolmaz Sahyr bu yerde birinjiden yaltanyn gununin hor gecjegini aydyan bolsa ikinjiden yaltalyk hassalykdyr ondan dasda durun diyen ideyany one suryar Zelilinin Bsgana yagsy diyen sygry hemowut nesihat beriji cun we yiti manyly eserlerin biridir Hazir de halk arasynda bu sygryn birnace setirleri nakyl hokmunde ulanylyar Sahyrn Atsan nysana deger okun dogrusy Bir menzile yetmez yukun egrisi Basym sandan cykar oba ogrusy Yigit sada gerek turkana yagsysy diyen setirlerinde adamlaryn dogrucyl sada bolmaklary durmus hadysalarynyn mysalynda yagny denesdirmek yoly bilen nesihat berilyar Zelili Aslyna yet soz manysyn sora da diymekbilen aydylan sozi onat dinlap onun manysyna dusunmegin ahmiyetini etjek isini dusunjek zadyny sorasdyryp anyklasdyrmagy maslahat beryar Sozun manysyna dusunman aydylan pikirin nygyna yetman bolgusyz netije cykarmaga howlukma diyip nesihat edyar salgylanmahttp www tkm 8m net zelili htm