Gusül arap غ س ل ýuwunmak gusul Dini manysy bedeniň hiç ýerinde iňňäň ujy ýaly ýer goýman ýuwunmak diýmekdir Muňa halk a
Gusul

Gusül (arap. غُسْل — ýuwunmak, gusul). Dini manysy – «bedeniň hiç ýerinde iňňäň ujy ýaly ýer goýman ýuwunmak» diýmekdir. Muňa halk arasynda «boý tahareti» hem diýilýär.
- Gusülüň alnyşy:
- Bedendäki hapalary aýyrmaly (lak we ş.m suw geçirmeýän zatlary hem aýyrmaly).
- Synja almaly.
- Taharet almaly. (Muhammed pygamber 0.832 litr suw ulanypdyr).
- Bedeniňe ýokardan aşak üç gezek suw akydyp eliň bilen ýuwunmaly (awrat ýerler eliňi degirmeli däl). Bedende gury ýer galdyrmaly däl, saç, göbek, awrat ýere gowy suw barýanlygyna üns bermeli. (Muhammed pygamber 3.3 litr suw ulanypdyr).
Gusül almagy zerur edýän ýagdaýlar
Jünüplik
a) Oýa ýa-da ukudadygyňa seretmezden, ihtilam bolmak, ýagny, iniň hapalanmagy. Bu – (ýagdaýyň nähili bolup geçendigine garamazdan) meniniň erkek we aýaldan şehwet bilen daşary çykmagydyr.
Aýal adam hem ukuda ihtilam bolup biler. Bu barada radiýallahu anhadan şeýle gürrüň berilýär: «Enesiň ejesi Ummu Suleým aýtdy: «Eý, Allahyň Resuly! Hakykatda Allah dogrynyň aýdylmagyndan haýa etmez. Aýal düýşünde jynsy gatnaşyk etse, oýananda näme etmeli?» Pygamberimiz: «Eger-de öl bolanyny görse, gusl almaly» diýdi. Ummu Seleme «Aýal hem ihtilam bolarmy?» diýip, geň galyp sorady. Allahyň Resuly: «Hawa bolar. Erkegiň tohumy goýy akdyr. Aýalyňky bolsa suwuk we sarydyr. Iki suwdan haýsy öň gelse, ýa-da köp bolsa, çaga şoňa meňzär» diýip jogap berdi», (Ibni Mäje).
Sowuk, agyr ýük götermek, hassalyk sebäpli meniniň şehwetsiz çykan ýagdaýynda hem-de mezi we wedi gelende, kişi jünüp saýylmaz. Şonuň üçin oňa gusl almak gerekmez. Onuň diňe tahareti bozular. Pygamberimiz bu barada «Mezide taharet, menide gusl bardyr» diýýär. (Şewkany, «Neýlül ewtar», I tom)
b) Jynsy gatnaşykda bolmak, erkegiň jyns organy haşefesine – sünnetli ýerine çenli giren ýagdaýynda meni gelse-gelmese, gusl almak aýala-erkege hökmandyr.
– erkek we aýala degişli tohumdyr (nutfe, sperma).
– jynsy arzuw oýanandan soň, meniden öň erkek we aýaldan gelýän reňksiz suwuklyk.
– kä halatda buşuganyňdan soň gelýän goýy ak suwuklykdyr.
ç) bilen ýerinden aýrylyp, bedenden çykan meni säbäpli gusl hökmandyr. Şehwet bilen ýerinden aýrylyp, şehwet gidenden soň bedenden çykan meni säbäpli we Ymam Muhammede görä, gusl alynmalydyr. Emma Ymam Ebu Ýusufa görä bolsa, gerekmez.
Myhmançylykda, saparda we sowuk günlerde düýşde şehwet bilen çykan meniniň ýoly beklenip saklansa we soň şehwet gidenden soň çyksa, bu ýagdaýda Ymam Ebu Ýusufyň görşüni saýlamak ýeňilligi sebäpli makul görlendir. Başga ýagdaýlarda gusl almak iň laýygydyr.
d) Ukudan oýanan kişi eşiginde öl görse, onuň mezidigini bilse, gusl hökman däldir, emma meni ýa-da mezidigini anyk bilmese, gusl almalydyr. Mezi ýa-da menidigini anyklamak üçin: eger-de jyns organy kiçelen bolsa menidigine, dik bolsa, mezidigine höküm edilýär.
e) Eger-de düşeginden turan kişi düýşünde ihtilam bolandygy ýadyna düşse, emma öl görmese gusl gerekmez. Ymam Muhammede görä, şeýle ýagdaýdaky aýal ätiýaçlyk üçin ýuwunmalydyr.
ä) Jyns organlaryna barmak sokulmagy sebäpli gusl gerekmez, emma lezzet alsa, onda gusl hökmandyr.
Haýz
Haýz – aýbaşynyň tamamlanmagy we nifasyň – çaga dogulmagy sebäpli çilesiniň dolmagy bilen aýalyň gusl almagy farzdyr. Jünüp, haýz we nifas ýagdaýynda musulman bolan biriniň gusl etmegi farzdyr. Bu ýagdaýlardan arassa haldaka musulmanyň ýuwunmagy bolsa mendupdyr.
Guslyň hikmetleri
Gusl almagyň ruhy we maddy peýdasy ummasyzdyr. Ynsan farzy ýerine ýetirende, hem Allahyň söýgüsine, hem-de razylygyna naýyl bolar. Şeýle hem gusl almak kiçi günälere-de keffaretdir. Pygamberimiz Enes b. Mälik hezretlerine ýüzlenip: «Eý, Enes! gusl alanyňda mubalaga et. Şeýdip ýuwunsaň, günä we hatalardan saplanarsyň» diýdi. Hezreti Enes «Eý, Resulallah mubalaga nähili bolýar?» diýip soranda, Pygamberimiz: «Saçlaryň düýplerini doly ölle we endamyňy hapadan arassala» diýip jogap berýär.
Jünüplik – ybadat etmäge päsgel berýän magnewi bir hapalyk bolany üçin, ilkibaşda mü’mine agyr degýän, ony birahat edýän, ruhuny gysýan haldyr. Ýeriň jünüp gezýän adamlara bolan ýigrenji hakynda Allaha şikaýat edendigi hadyslarda aýdylýar. Jünüp adamlaryň ýanyna rahmet melekleri gelmez. Şonuň üçin salyh we takwa adamlar jünüp bolan ýagdaýynda, bu haldan gutulmaga howlugypdyr. Bütin gijäni jünüp geçirmekden örän gaça durupdyrlar. Bu işiň takwalyk tarapydyr.
Jünüp bolan adamy bişowlyk getirýän, hapa we nejis saýmak bolmaz. Onuň bilen gürleşmek dogry däl diýmek ýalňyşdyr. Esasy üns berilmeli zat – namaz wagtyny geçirmän ýuwunmakdyr. Şol aralykda jünüp bolan adam haram bolan zatlardan başga ýagdaýa görä nahar taýýarlap, iýip-içip, uklap biler. Ýer ýüzüniň ýigrenip, rahmet melekleriniň gaçýan adamy jünüplige ähmiýet bermeýän we bu ýagdaýa endik bolup, ony häsiýet edinen adamlardyr.
Guslyň ynsan saglygyna peýdasy barada şeýle aýdylýar: Jynsy gatnaşykdan soň, ynsanyň ähli nerw sistemasy gowşaýar. Şol wagt bedende birgiden öýjükler ölýär. Güýçli ýadawlyk döreýär. Ýuwunmak bolsa bu ýadawlygy we gowşaklygy aýyrýar we bedene dynç berýär.
Gusl farz bolanlara haram saýylýan zatlar
- Namaz okamak. Jünüp bolan kişi agzyny bekläp biler, emma, haýz we nifas halyndaky aýal oraza hem tutup bilmez.
- Kuran okamak. Ýatdan ýa-da mushafa uzakdan seredip, Kuran okamak haramdyr. Ýöne, Kurandaky doga we sena aýatlaryny doga we sena niýeti bilen ýatdan okamak jaýyz görülýär. Mysal üçin, Fatiha suresini doga niýeti bilen okamak bolar. Kelemäni gaýtarmak, tesbih we tekbir getirmek hem jaýyzdyr.
- Kurany Kerime el degirmek (bir aýat hem bolsa) haramdyr. Ýöne, ol gabyň içinde ýa-da bir zada dolanan bolsa el degirmek bolar.
- Käbeýi Muazzamany togap etmek.
- Zerurlyk bolmasa mesjide girmek.
- Üstünde Kurany Kerimden ýazgy bolan altyn-kümüş, pul ýa-da şaý-sep, lewhany ellemek haramdyr.
Gusl farz bolanlara mekruh saýylýan zatlar
- Dini kitaplary alyp okamak.
- Eliňi, agzyňy ýuwman iýip-içmek.
Guslyň sahyh bolmagynyň şertleri
Guslyň sahyh bolmagy üçin aýallarda haýz we nifas ganynyň, erkeklerde bolsa meniniň doly kesilmegine garaşmak zerurdyr.
Erkek kişi meniniň doly kesilmegi üçin (orgazmdan) soň ýa uklamaly, ýa-da az salym ýöremeli, ýa-da sähelçe bolsa-da buşugmaly. Bu çärelerden soň gusl alan kişiden ýene-de meni gelse, täzeden ýuwunmak gerekmez. Ýöne, bu çäreleri etmän ýuwnanyňdan soň meni gelse, şol gusl dürs däldir, täzeden gusl almak gerekdir.
Guslyň syhhatynyň ikinji şerti bolsa endamyňda iňňäň ujy ýaly hem gury ýeriň galmazlygyna üns bermekdir. Eger galaýsa, gusl dürs bolmaz.
Plomba goýlan we gapladylan diş gusla zyýan berermi?
Hanefi mezhebine görä agyz bedeniň daşky bölegine girýär. Şonuň üçin farz bolan gusly berjaý edeniňde agzyňy suw bilen doly çaýkamalydyr. Ýöne çüýrän dişe plomba goýlan, ýa-da gapladylan ýagdaýynda onuň aşagyna suw barmaýar. Bu meselede zerurlyk we te’amül sebäpli Ymam Muhammediň fetwasy esas alynýar. Oňa görä agzyň içindäki gaplanan we plomba goýlan dişler gusla zyýan bermeýär. Çünki bular zynat üçin däl-de, zerurlyk sebäpli edilendir. Ýöne zynat üçin diş goýdurylsa, ýa-da gapladylsa, gusl dürs bolsa-da, kişi günäkärdir. Bu hökümi öň bilmän eden biriniň soňra ol dişlerini aýyrtmagy hökman däldir. Eger-de, gaplanan we plomba goýlan dişleriň aşagyna guslda suw geçirmek hökman diýlip kabul edilse, saglyk taýdan zyýanly we azaply bolardy. Saglygy goramak hem farzdyr. Şonuň üçin bu mubah derejesine girer. Netijede, gaplama ýa-da plomba goýlan dişler gusluň sahyh bolmagyna zyýan bermez.
Ymam Serahsy «Mebsut» atly kitabynda Ymamy Muhammediň altyn diş goýdurmagyň ýa-da altyn gaplatmagyň hiç hili zyýanynyň ýokdugyny aýdyp geçendigini belläpdir. Häzirki döwrüň medisinasy hem kümşüň ýerine altyn diş goýdurmagyň saglyga has ýaramlydygyny aýdýar. Sebäbi kümüş agzyňy yslandyrýar.
Guslyň farzlary
Guslyň farzlary üçdür:
- Mazmaza – agzyňy bir gezek doly çaýkamak. Dişleriň arasynda suwuň degmegine päsgel berjek galyndy bar bolsa, olary doly aýyrmalydyr.
- Istinşak – burna bir gezek doly suw almak. Burunda guran hapa bar bolsa, şolary aýyrmaga üns bermeli. Orazaly kişi bu amallary berjaý edende, suw ýuwutmakdan serasap bolmalydyr. Mälikiler we şafygylar agzyň we burnuň içini bedeniň içki organy hasaplaýar. Olaryň pikiriçe, bulary gusl we taharetde ýuwmak farz däldir-de sünnetdir. Hanbeliler agzyň we burnuň içini ýüze dahylly edýändigi üçin, taharetde hem guslda olary ýuwmak farzdyr.
- Bedeni bir gezek doly ýuwmak. Suwuň bedeniň ähli ýerine ýetmegi üçin, endamdan hamyr, mum, ýelim, boýag, dyrnak reňkleri ýaly zatlary doly aýyrmalydyr. Sebäbi bu zatlaryň bedene suw geçirmezligi mümkin. Bu amallary üç gezek etmek sünnet sogabyny gazandyrar. Gulakhalkalar üçin deşilen deşikleriň hem öllenmegi zerurdyr. Eger gulakhalka dakylgy bolsa, olary ýerinden gozgamalydyr. Göbegiň hem barmagyň ujy bilen gowy ýuwulmalydyr. Gür sakgally adamlar sakgalynyň düýplerine suw ýetirmelidir. Gaş we murt hem şeýle ýuwulmalydyr. Aýallara uzyn ýa-da örülen saçlarynyň hemmesini öllemek hökman däldir. Esasy şert saçlaryň düýbüne suwuň ýetirilmegidir. Erkeklerde şeýle uzyn we örülen saç bar bolsa, olar hökman doly ýuwmalydyr. Çünki saç erkekler üçin zerurlyk däldir. Gusl alanyňda agzyňy ýuwan wagtyň, oturtma-protez dişleri çykarmak gerekdir.
Guslyň sünnetleri
- Gusla «e’uzi-besmele» bilen başlamak.
- Kalp we dil bilen gusla niýet etmek. Hanefilerden beýleki mezheblerde niýet farzdyr. Jünüplikden tämizlenmek üçin ýuwnandygyňy bilmek – niýet saýylar. Bu ybadat sogabyny gazandyrar.
- Taharetdäki bolşy ýaly, miswak ulanmak, ýagny, dişleri arassalap gusla başlamak.
- Guslda ilki elleri soňra owrat ýerleri ýuwmak. Endamdan hapany ýuwup aýyrmak.
- Namaz tahareti ýaly taharet almak. Eger aýaklaryň aşagynda suw ýygnanýan bolsa, aýaklary iň soňundan ýuwmalydyr. Taharet alanyňda Hanefi we Hanbelilerdäki agyz we burnuňy gowy ýuwmak farzy hem bir wagtda berjaý edilýär.
- Taharet alanyňdan soň, ilki başyňa, soň sag we sol egniňe üç gezek suw akytmak. Suw akydanyňda bedeniň her agzasyny owkalap ýuwmak.
Ymam Mälik we Ebu Ýusufa görä, guslda owkalanyp ýuwunmak farzdyr. Bir adam agzyna we burnuna suw alyp arassalanyndan soň, akyp duran suwa, ýa-da howza, ýa-da deňze çümse, gusl aldygy bolar. Suwuň içinde bede-nini elleri bilen ýuwsa, guslyň ähli sünnetlerini berjaý etdigi bolar.
Guslyň adaby
Taharetiň adaplary şol bir wagtda guslyň adabydyr. Ýöne taharetdäki kybla bakmak we doga okamak adaby guslda berjaý edilmez. Owrat ýeriň açyklygy sebäpli, beýle etmek mekruhdyr.
Guslyň iň möhüm edebi ýuwunýan wagtyň owrat ýeriňi örtmekdir.
Pygamberleriň ählisi haýa-şerimiň ynsanyň iň uly zynatydygyny nygtapdyr. Haýaly ynsan tenini aýratyn hem owrat ýerlerini başgalara görkezmegi halamaz. Onuň edep-terbiýesi muňa ýol bermez. Sahabalardan biriniň «Asmandan aşak gaçyp, parça-parça bolmaga razydyryn, emma owrat ýerlerimi başga birine görkezmäge razy däldirin» diýmegi bize nusga alarlyk mysaldyr.
Taharetde bolşy ýaly, gusl alanyňdan soň hem iki rekagat namaz okamak. Bu namaz okalanda nafile ýa-da kaza niýet etseňem bolar.
Guslyň mekruhlary
Taharetde mekruh bolan zatlar guslda hem mekruhdyr. Ýöne ýokarda belläp geçişimiz ýaly, guslda doga okamak we kybla öwrülmek mekruh hasap edilipdir.
Guslyň ýerine ýetirilişi
Gusl iki hili ýerine ýetirilýär.
- Suwuň ýetmezçiligi, howanyň sowuklygy, wagtyň azlygy ýaly ýagdaýlarda gyssanmaç alynýar. Munda ilki iniňdäki hapalary ýuwup, soň üç gezek agyz hem burun çaýkalýar. Mundan soň bedende gury ýer goýman ýuwulýar. Şeýlelikde, guslyň diňe farzlary berjaý edilýär.
- Arkaýynçylykda bolsa ýene owrat ýerleri ýuwulýar, soňra namaz tahareti ýaly taharet kylynýar. Mundan soňra ilki başyňdan, soň sag we sol egniňden suw akydylyp bedeniň üç gezek ýuwulýar. Suw akydylanda beden owkalanyp ýuwulýar. Iň soňunda aýaklar ýuwlup çykylýar.
Gusl bilen baglanyşykly käbir meseleler
- Tahareti bozýan bir ýagdaý ýüze çykýança, gusl tahareti bilen namaz we beýleki ähli ybadatlar berjaý edilip bilner.
- Gusl alyp durkaň, peşew dammagy, gan akmagy, dişiň ganamagy ýaly zatlar guslyň dürslügine zyýan etmez. Şeýle ýagdaýda ynsan jünüplikden doly arassalanýar. Ýöne täzeden taharet kylmasa, şol gusl bilen namaz we beýleki taharetli berjaý edilýän ybadatlary amal edip bilmez. Şonuň üçin fykyhda: «gusly bozan her bir zat tahareti bozar, emma welin, tahareti bozýan her bir zat gusly bozmaz» diýilýär.
- Gusl alyp durka agzyny, burnuny ýa-da başga bir agzasyny ýuwmandygyny bilen biri täzeden gusl etmän, diňe unudan ýerini ýuwýar.
- Käbir jaýlaryň hajathanasy we hammamy bir ýerde ýerleşýär. Zerurlyk sebäpli şol ýerde-de gusl almak, taharet kylmak bolar.
Guslyň görnüşleri
Farz bolan gusül
Jünüplik ýa-da aýallaryň haýz, nifas hallary kesilenden soň gusül almak farzdyr.
Sünnet bolan gusül
a) Juma namazy üçin gusül almak sünnetdir. Juma agşamy ýuwnanyň hem bu sünneti berjaý etdigi bolar. Alymlar dyrnak aýyrmak, goltuk we uýat ýerleriň gyllaryny aýyrmak işini şol gün berjaý etmegi maslahat beripdirler.
b) Baýram namazlary üçin ýuwunmak;
ç) Haj we Umra üçin ihrama girmezden öň ýuwunmak;
d) Arafatda wakfe üçin ýuwunmak hem sünnetdir.
Mustahap we mendup bolan gusl
a) Jünüp ýa-da haýz, nifas däl ýagdaýda yslamy kabul eden biriniň gusül almagy.
b) Bulug çagyna ýetse-de, ihtilam we haýz bolmaýan gyz we oglanyň gusül almagy.
ç) Mekge we Medine şäherlerine girmek we Müzdelifede wakfa üçin gusül almagy.
d) Çaşyp özüňe geleniňden soň gusül almak.
e) Gadyr gijesi ýaly mübärek gijeleriň hormatyna gusül almak.
ä) Gan aldyranyňdan soň gusül almak.
f) Ölini ýuwanyňdan soň gusül almak.
g) Ýagmyr dogasyna çykmak üçin gusül almak.
h) Sapardan geleniňden soň gusül almak.
i) Günäsine toba etmek üçin gusül almak.
j) Jünüplikden tiz halas bolmak üçin gusül almak.
ž) Adaty ýuwunanyňda gusül almak.
Salgylanmalar
- https://en.m.wikipedia.org/wiki/Ghusl
- https://ru.m.wikipedia.org/wiki/Гусль
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Gusul hakda maglumat, Gusul näme? Gusul näme diýmek?
Gusul arap غ س ل yuwunmak gusul Dini manysy bedenin hic yerinde innan ujy yaly yer goyman yuwunmak diymekdir Muna halk arasynda boy tahareti hem diyilyar Gusulun alnysy Bedendaki hapalary ayyrmaly lak we s m suw gecirmeyan zatlary hem ayyrmaly Synja almaly Taharet almaly Muhammed pygamber 0 832 litr suw ulanypdyr Bedenine yokardan asak uc gezek suw akydyp elin bilen yuwunmaly awrat yerler elini degirmeli dal Bedende gury yer galdyrmaly dal sac gobek awrat yere gowy suw baryanlygyna uns bermeli Muhammed pygamber 3 3 litr suw ulanypdyr Gusul almagy zerur edyan yagdaylar Junuplik a Oya ya da ukudadygyna seretmezden ihtilam bolmak yagny inin hapalanmagy Bu yagdayyn nahili bolup gecendigine garamazdan meninin erkek we ayaldan sehwet bilen dasary cykmagydyr Ayal adam hem ukuda ihtilam bolup biler Bu barada radiyallahu anhadan seyle gurrun berilyar Enesin ejesi Ummu Suleym aytdy Ey Allahyn Resuly Hakykatda Allah dogrynyn aydylmagyndan haya etmez Ayal duysunde jynsy gatnasyk etse oyananda name etmeli Pygamberimiz Eger de ol bolanyny gorse gusl almaly diydi Ummu Seleme Ayal hem ihtilam bolarmy diyip gen galyp sorady Allahyn Resuly Hawa bolar Erkegin tohumy goyy akdyr Ayalynky bolsa suwuk we sarydyr Iki suwdan haysy on gelse ya da kop bolsa caga sona menzar diyip jogap berdi Ibni Maje Sowuk agyr yuk gotermek hassalyk sebapli meninin sehwetsiz cykan yagdayynda hem de mezi we wedi gelende kisi junup sayylmaz Sonun ucin ona gusl almak gerekmez Onun dine tahareti bozular Pygamberimiz bu barada Mezide taharet menide gusl bardyr diyyar Sewkany Neylul ewtar I tom b Jynsy gatnasykda bolmak erkegin jyns organy hasefesine sunnetli yerine cenli giren yagdayynda meni gelse gelmese gusl almak ayala erkege hokmandyr erkek we ayala degisli tohumdyr nutfe sperma jynsy arzuw oyanandan son meniden on erkek we ayaldan gelyan renksiz suwuklyk ka halatda busuganyndan son gelyan goyy ak suwuklykdyr c bilen yerinden ayrylyp bedenden cykan meni sabapli gusl hokmandyr Sehwet bilen yerinden ayrylyp sehwet gidenden son bedenden cykan meni sabapli we Ymam Muhammede gora gusl alynmalydyr Emma Ymam Ebu Yusufa gora bolsa gerekmez Myhmancylykda saparda we sowuk gunlerde duysde sehwet bilen cykan meninin yoly beklenip saklansa we son sehwet gidenden son cyksa bu yagdayda Ymam Ebu Yusufyn gorsuni saylamak yenilligi sebapli makul gorlendir Basga yagdaylarda gusl almak in layygydyr d Ukudan oyanan kisi esiginde ol gorse onun mezidigini bilse gusl hokman daldir emma meni ya da mezidigini anyk bilmese gusl almalydyr Mezi ya da menidigini anyklamak ucin eger de jyns organy kicelen bolsa menidigine dik bolsa mezidigine hokum edilyar e Eger de duseginden turan kisi duysunde ihtilam bolandygy yadyna dusse emma ol gormese gusl gerekmez Ymam Muhammede gora seyle yagdaydaky ayal atiyaclyk ucin yuwunmalydyr a Jyns organlaryna barmak sokulmagy sebapli gusl gerekmez emma lezzet alsa onda gusl hokmandyr Hayz Hayz aybasynyn tamamlanmagy we nifasyn caga dogulmagy sebapli cilesinin dolmagy bilen ayalyn gusl almagy farzdyr Junup hayz we nifas yagdayynda musulman bolan birinin gusl etmegi farzdyr Bu yagdaylardan arassa haldaka musulmanyn yuwunmagy bolsa mendupdyr Guslyn hikmetleriGusl almagyn ruhy we maddy peydasy ummasyzdyr Ynsan farzy yerine yetirende hem Allahyn soygusine hem de razylygyna nayyl bolar Seyle hem gusl almak kici gunalere de keffaretdir Pygamberimiz Enes b Malik hezretlerine yuzlenip Ey Enes gusl alanynda mubalaga et Seydip yuwunsan guna we hatalardan saplanarsyn diydi Hezreti Enes Ey Resulallah mubalaga nahili bolyar diyip soranda Pygamberimiz Saclaryn duyplerini doly olle we endamyny hapadan arassala diyip jogap beryar Junuplik ybadat etmage pasgel beryan magnewi bir hapalyk bolany ucin ilkibasda mu mine agyr degyan ony birahat edyan ruhuny gysyan haldyr Yerin junup gezyan adamlara bolan yigrenji hakynda Allaha sikayat edendigi hadyslarda aydylyar Junup adamlaryn yanyna rahmet melekleri gelmez Sonun ucin salyh we takwa adamlar junup bolan yagdayynda bu haldan gutulmaga howlugypdyr Butin gijani junup gecirmekden oran gaca durupdyrlar Bu isin takwalyk tarapydyr Junup bolan adamy bisowlyk getiryan hapa we nejis saymak bolmaz Onun bilen gurlesmek dogry dal diymek yalnysdyr Esasy uns berilmeli zat namaz wagtyny gecirman yuwunmakdyr Sol aralykda junup bolan adam haram bolan zatlardan basga yagdaya gora nahar tayyarlap iyip icip uklap biler Yer yuzunin yigrenip rahmet meleklerinin gacyan adamy junuplige ahmiyet bermeyan we bu yagdaya endik bolup ony hasiyet edinen adamlardyr Guslyn ynsan saglygyna peydasy barada seyle aydylyar Jynsy gatnasykdan son ynsanyn ahli nerw sistemasy gowsayar Sol wagt bedende birgiden oyjukler olyar Guycli yadawlyk doreyar Yuwunmak bolsa bu yadawlygy we gowsaklygy ayyryar we bedene dync beryar Gusl farz bolanlara haram sayylyan zatlarNamaz okamak Junup bolan kisi agzyny beklap biler emma hayz we nifas halyndaky ayal oraza hem tutup bilmez Kuran okamak Yatdan ya da mushafa uzakdan seredip Kuran okamak haramdyr Yone Kurandaky doga we sena ayatlaryny doga we sena niyeti bilen yatdan okamak jayyz gorulyar Mysal ucin Fatiha suresini doga niyeti bilen okamak bolar Kelemani gaytarmak tesbih we tekbir getirmek hem jayyzdyr Kurany Kerime el degirmek bir ayat hem bolsa haramdyr Yone ol gabyn icinde ya da bir zada dolanan bolsa el degirmek bolar Kabeyi Muazzamany togap etmek Zerurlyk bolmasa mesjide girmek Ustunde Kurany Kerimden yazgy bolan altyn kumus pul ya da say sep lewhany ellemek haramdyr Gusl farz bolanlara mekruh sayylyan zatlar Dini kitaplary alyp okamak Elini agzyny yuwman iyip icmek Guslyn sahyh bolmagynyn sertleriGuslyn sahyh bolmagy ucin ayallarda hayz we nifas ganynyn erkeklerde bolsa meninin doly kesilmegine garasmak zerurdyr Erkek kisi meninin doly kesilmegi ucin orgazmdan son ya uklamaly ya da az salym yoremeli ya da sahelce bolsa da busugmaly Bu carelerden son gusl alan kisiden yene de meni gelse tazeden yuwunmak gerekmez Yone bu careleri etman yuwnanyndan son meni gelse sol gusl durs daldir tazeden gusl almak gerekdir Guslyn syhhatynyn ikinji serti bolsa endamynda innan ujy yaly hem gury yerin galmazlygyna uns bermekdir Eger galaysa gusl durs bolmaz Plomba goylan we gapladylan dis gusla zyyan berermi Hanefi mezhebine gora agyz bedenin dasky bolegine giryar Sonun ucin farz bolan gusly berjay edeninde agzyny suw bilen doly caykamalydyr Yone cuyran dise plomba goylan ya da gapladylan yagdayynda onun asagyna suw barmayar Bu meselede zerurlyk we te amul sebapli Ymam Muhammedin fetwasy esas alynyar Ona gora agzyn icindaki gaplanan we plomba goylan disler gusla zyyan bermeyar Cunki bular zynat ucin dal de zerurlyk sebapli edilendir Yone zynat ucin dis goydurylsa ya da gapladylsa gusl durs bolsa da kisi gunakardir Bu hokumi on bilman eden birinin sonra ol dislerini ayyrtmagy hokman daldir Eger de gaplanan we plomba goylan dislerin asagyna guslda suw gecirmek hokman diylip kabul edilse saglyk taydan zyyanly we azaply bolardy Saglygy goramak hem farzdyr Sonun ucin bu mubah derejesine girer Netijede gaplama ya da plomba goylan disler guslun sahyh bolmagyna zyyan bermez Ymam Serahsy Mebsut atly kitabynda Ymamy Muhammedin altyn dis goydurmagyn ya da altyn gaplatmagyn hic hili zyyanynyn yokdugyny aydyp gecendigini bellapdir Hazirki dowrun medisinasy hem kumsun yerine altyn dis goydurmagyn saglyga has yaramlydygyny aydyar Sebabi kumus agzyny yslandyryar Guslyn farzlaryGuslyn farzlary ucdur Mazmaza agzyny bir gezek doly caykamak Dislerin arasynda suwun degmegine pasgel berjek galyndy bar bolsa olary doly ayyrmalydyr Istinsak burna bir gezek doly suw almak Burunda guran hapa bar bolsa solary ayyrmaga uns bermeli Orazaly kisi bu amallary berjay edende suw yuwutmakdan serasap bolmalydyr Malikiler we safygylar agzyn we burnun icini bedenin icki organy hasaplayar Olaryn pikirice bulary gusl we taharetde yuwmak farz daldir de sunnetdir Hanbeliler agzyn we burnun icini yuze dahylly edyandigi ucin taharetde hem guslda olary yuwmak farzdyr Bedeni bir gezek doly yuwmak Suwun bedenin ahli yerine yetmegi ucin endamdan hamyr mum yelim boyag dyrnak renkleri yaly zatlary doly ayyrmalydyr Sebabi bu zatlaryn bedene suw gecirmezligi mumkin Bu amallary uc gezek etmek sunnet sogabyny gazandyrar Gulakhalkalar ucin desilen desiklerin hem ollenmegi zerurdyr Eger gulakhalka dakylgy bolsa olary yerinden gozgamalydyr Gobegin hem barmagyn ujy bilen gowy yuwulmalydyr Gur sakgally adamlar sakgalynyn duyplerine suw yetirmelidir Gas we murt hem seyle yuwulmalydyr Ayallara uzyn ya da orulen saclarynyn hemmesini ollemek hokman daldir Esasy sert saclaryn duybune suwun yetirilmegidir Erkeklerde seyle uzyn we orulen sac bar bolsa olar hokman doly yuwmalydyr Cunki sac erkekler ucin zerurlyk daldir Gusl alanynda agzyny yuwan wagtyn oturtma protez disleri cykarmak gerekdir Guslyn sunnetleri Gusla e uzi besmele bilen baslamak Kalp we dil bilen gusla niyet etmek Hanefilerden beyleki mezheblerde niyet farzdyr Junuplikden tamizlenmek ucin yuwnandygyny bilmek niyet sayylar Bu ybadat sogabyny gazandyrar Taharetdaki bolsy yaly miswak ulanmak yagny disleri arassalap gusla baslamak Guslda ilki elleri sonra owrat yerleri yuwmak Endamdan hapany yuwup ayyrmak Namaz tahareti yaly taharet almak Eger ayaklaryn asagynda suw yygnanyan bolsa ayaklary in sonundan yuwmalydyr Taharet alanynda Hanefi we Hanbelilerdaki agyz we burnuny gowy yuwmak farzy hem bir wagtda berjay edilyar Taharet alanyndan son ilki basyna son sag we sol egnine uc gezek suw akytmak Suw akydanynda bedenin her agzasyny owkalap yuwmak Ymam Malik we Ebu Yusufa gora guslda owkalanyp yuwunmak farzdyr Bir adam agzyna we burnuna suw alyp arassalanyndan son akyp duran suwa ya da howza ya da denze cumse gusl aldygy bolar Suwun icinde bede nini elleri bilen yuwsa guslyn ahli sunnetlerini berjay etdigi bolar Guslyn adaby Taharetin adaplary sol bir wagtda guslyn adabydyr Yone taharetdaki kybla bakmak we doga okamak adaby guslda berjay edilmez Owrat yerin acyklygy sebapli beyle etmek mekruhdyr Guslyn in mohum edebi yuwunyan wagtyn owrat yerini ortmekdir Pygamberlerin ahlisi haya serimin ynsanyn in uly zynatydygyny nygtapdyr Hayaly ynsan tenini ayratyn hem owrat yerlerini basgalara gorkezmegi halamaz Onun edep terbiyesi muna yol bermez Sahabalardan birinin Asmandan asak gacyp parca parca bolmaga razydyryn emma owrat yerlerimi basga birine gorkezmage razy daldirin diymegi bize nusga alarlyk mysaldyr Taharetde bolsy yaly gusl alanyndan son hem iki rekagat namaz okamak Bu namaz okalanda nafile ya da kaza niyet etsenem bolar Guslyn mekruhlary Taharetde mekruh bolan zatlar guslda hem mekruhdyr Yone yokarda bellap gecisimiz yaly guslda doga okamak we kybla owrulmek mekruh hasap edilipdir Guslyn yerine yetirilisi Gusl iki hili yerine yetirilyar Suwun yetmezciligi howanyn sowuklygy wagtyn azlygy yaly yagdaylarda gyssanmac alynyar Munda ilki inindaki hapalary yuwup son uc gezek agyz hem burun caykalyar Mundan son bedende gury yer goyman yuwulyar Seylelikde guslyn dine farzlary berjay edilyar Arkayyncylykda bolsa yene owrat yerleri yuwulyar sonra namaz tahareti yaly taharet kylynyar Mundan sonra ilki basyndan son sag we sol egninden suw akydylyp bedenin uc gezek yuwulyar Suw akydylanda beden owkalanyp yuwulyar In sonunda ayaklar yuwlup cykylyar Gusl bilen baglanysykly kabir meseleler Tahareti bozyan bir yagday yuze cykyanca gusl tahareti bilen namaz we beyleki ahli ybadatlar berjay edilip bilner Gusl alyp durkan pesew dammagy gan akmagy disin ganamagy yaly zatlar guslyn durslugine zyyan etmez Seyle yagdayda ynsan junuplikden doly arassalanyar Yone tazeden taharet kylmasa sol gusl bilen namaz we beyleki taharetli berjay edilyan ybadatlary amal edip bilmez Sonun ucin fykyhda gusly bozan her bir zat tahareti bozar emma welin tahareti bozyan her bir zat gusly bozmaz diyilyar Gusl alyp durka agzyny burnuny ya da basga bir agzasyny yuwmandygyny bilen biri tazeden gusl etman dine unudan yerini yuwyar Kabir jaylaryn hajathanasy we hammamy bir yerde yerlesyar Zerurlyk sebapli sol yerde de gusl almak taharet kylmak bolar Guslyn gornusleriFarz bolan gusul Junuplik ya da ayallaryn hayz nifas hallary kesilenden son gusul almak farzdyr Sunnet bolan gusul a Juma namazy ucin gusul almak sunnetdir Juma agsamy yuwnanyn hem bu sunneti berjay etdigi bolar Alymlar dyrnak ayyrmak goltuk we uyat yerlerin gyllaryny ayyrmak isini sol gun berjay etmegi maslahat beripdirler b Bayram namazlary ucin yuwunmak c Haj we Umra ucin ihrama girmezden on yuwunmak d Arafatda wakfe ucin yuwunmak hem sunnetdir Mustahap we mendup bolan gusl a Junup ya da hayz nifas dal yagdayda yslamy kabul eden birinin gusul almagy b Bulug cagyna yetse de ihtilam we hayz bolmayan gyz we oglanyn gusul almagy c Mekge we Medine saherlerine girmek we Muzdelifede wakfa ucin gusul almagy d Casyp ozune geleninden son gusul almak e Gadyr gijesi yaly mubarek gijelerin hormatyna gusul almak a Gan aldyranyndan son gusul almak f Olini yuwanyndan son gusul almak g Yagmyr dogasyna cykmak ucin gusul almak h Sapardan geleninden son gusul almak i Gunasine toba etmek ucin gusul almak j Junuplikden tiz halas bolmak ucin gusul almak z Adaty yuwunanynda gusul almak Salgylanmalarhttps en m wikipedia org wiki Ghusl https ru m wikipedia org wiki Gusl