B e öňki III asyryň ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter özüniň güýçli goşuny bilen Merwe gelende ol bu töwe
Gäwürgala

B.e. öňki III asyryň ikinji ýarymynda selewkit hökümdary Antioh Soter özüniň güýçli goşuny bilen Merwe gelende, ol bu töwerekleriň bol suwuna, mes toprakly ýerlerine göz gyzdyryp, Merwi özüne paýtagt edinmegi, ony düýpli gurlan gala bilen berkitmegi ýüregine düwüpdir. Erkgala oňa darlyk edipdir. Şonuň üçinem ol bu galanyň günortasyndaky bag-bakjalyga bürenip oturan ilatly ýeri göz öňünde tutup, şol ýerden hem takyk oýlanylan plan esasynda grekleriň gala guruş usulynda äpet galanyň gurluşygyna başladýar. Örän tiz wagtda bina edilen bu dörtgyraň galanyň diwarlary 6.6 metre ýetýän galyňlykda bolupdyr beýikligi 7.4 metire barabar bolupdyr, onuň her bir gapdal ganatynyň uzynlygy hem tas 1,5 kilometre ýetipdir. Geçmişde “butparazlaryň galasy” ýa-da “kapyrgala” ady bilen tanalan bu gala biziň günlerimize GÄWÜRGALA ady bilen gelip ýetipdir. Ol 360 gektara golaý meýdany öz içine alýar. Orta asyryň Ibn al-Fakih, Idrisi, Makdisi ýaly arap dilinde ýazan awtorlarynyň işlerinden mälim bolşuna görä, Gäwürgalada iki sany erkek we aýal adamynyň şekili bilen bezelen Keýmerzuban atly gadymy öýüň we sežde edilýän uly metjit jaýynyň bolandygy mälim. Gäwürgalanyň dört tarapky diwarlarynyň dördüsinde-de derwezeler bolupdyr, galanyň içine kanal çekilipdir, galanyň içki diwaryny deň dörde bölýän goşmak şekilli uly köçeler bolupdyr, bazar meýdançasy, degirmençiler we hazarçyllar kärhanasy ýerleşipdir. Antioh Soter Gäwürgalanyň daşyna 250 kilometre golaý halkalaýyn daşky galany hem saldyrypdyr.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Gäwürgala hakda maglumat, Gäwürgala näme? Gäwürgala näme diýmek?
B e onki III asyryn ikinji yarymynda selewkit hokumdary Antioh Soter ozunin guycli gosuny bilen Merwe gelende ol bu towereklerin bol suwuna mes toprakly yerlerine goz gyzdyryp Merwi ozune paytagt edinmegi ony duypli gurlan gala bilen berkitmegi yuregine duwupdir Erkgala ona darlyk edipdir Sonun ucinem ol bu galanyn gunortasyndaky bag bakjalyga burenip oturan ilatly yeri goz onunde tutup sol yerden hem takyk oylanylan plan esasynda greklerin gala gurus usulynda apet galanyn gurlusygyna basladyar Oran tiz wagtda bina edilen bu dortgyran galanyn diwarlary 6 6 metre yetyan galynlykda bolupdyr beyikligi 7 4 metire barabar bolupdyr onun her bir gapdal ganatynyn uzynlygy hem tas 1 5 kilometre yetipdir Gecmisde butparazlaryn galasy ya da kapyrgala ady bilen tanalan bu gala bizin gunlerimize GAWURGALA ady bilen gelip yetipdir Ol 360 gektara golay meydany oz icine alyar Orta asyryn Ibn al Fakih Idrisi Makdisi yaly arap dilinde yazan awtorlarynyn islerinden malim bolsuna gora Gawurgalada iki sany erkek we ayal adamynyn sekili bilen bezelen Keymerzuban atly gadymy oyun we sezde edilyan uly metjit jayynyn bolandygy malim Gawurgalanyn dort tarapky diwarlarynyn dordusinde de derwezeler bolupdyr galanyn icine kanal cekilipdir galanyn icki diwaryny den dorde bolyan gosmak sekilli uly koceler bolupdyr bazar meydancasy degirmenciler we hazarcyllar karhanasy yerlesipdir Antioh Soter Gawurgalanyn dasyna 250 kilometre golay halkalayyn dasky galany hem saldyrypdyr Bu makala ownuk makaladyr Ony uytgetmek hem de osdurmek arkaly Wikipediya komek edip bilersiniz