Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Aýnul häsäd arap عين الحسد göz degmegi Göz degmesin diýlip asylýan zatlaryň köpüsi şirk käbiri bidgat Olary ulanmak satm

Göz degmegi

  • Baş sahypa
  • Göz degmegi
Göz degmegi
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Aýnul häsäd (arap. عين الحسد‎‎ — göz degmegi).

Göz degmek – gadym eýýamdan bäri bilinýän we häzirki döwürde-de ykrar edilýän ýagdaýdyr. Göz degmegi öldürip ýa-da maýyp edip hem bilýär. Şonuň üçin halk arasynda «Göz degmegi ynsany mazara, haýwany gazana elter» diýilýär. Hatda «Nazar aýaty» diýip meşhur bolan şu aýat göz degmeginiň hakykatdygyna yşarat edýär: «Käfirler Kurany eşidenlerinde görüpliklerinden ýaňa göýä gözleri bilen Seni ýykjak bolup serederler we «Ol däldiräpdir», (Kalem 51) diýerler.

Pygamberimiz bolsa göz degmegi barada şulary aýdypdyr: «Göz degmegi hakdyr. Eger ýazgydy üýtgetjek bir zat bar bolsa, bu göz degmegi bolardy. Sizden ýuwunmagyňyz talap edilende, ýuwunyň», (Müslim, Tirmizi).

Muhammet b. Ebi Umame Ibn Sehl Ibn Hanif kakasyndan şulary eşidendigini gürrüň berýär: «Kakam Sehl Harrar diýlen ýerde ýuwunýar. Şol wagt Amr b. Rebiga oňa seredýär. Sehliň teni ak eken. Amr: «Şeýle ak tenli erkek kişini görmändim» diýip geň galýar. Sähle şobada garaguş keseli degen ýaly bolýar. «Ýa, Resulallah, Sehl agyr keselledi. Ol goşun bilen gitmäge ýarajak däl» diýip, ýagdaýy Pygamberimize habar berýärler. Pygamberimiz: «Oňa näme boldy? Kimden zeper ýetdi?» diýip soranda: «Amr b. Rebigadan» diýip jogap berdiler. Resulullah ony çagyrdyp gaharly: «Sen näme üçin gardaşyňy ölüm halyna getirdiň?! Bärekellah diýseň bolmadymy?! Derrew taharet kyl» diýdi. Amr gyssanmaç taharet kyldy. Onuň taharet suwuny bir gaba alyp, Sehliň bedenine çaldylar. Ol şobada gowulanyp duruberdi», (Ymam Mälik, «Muatta»).

Alymlar bu hadyslardan şu netijeleri çykarypdyr.

  1. Göz degmek hakdyr, ýagny inkär edip bolmajak hadysadyr. Pygamberimiz göz degýänligini ynandyrmak üçin, ony ýazgyda deňäp şeýle diýipdir: «Üýtgedip bolmaýan ýazgydy üýtgetjek bir güýç bar bolsa, bu göz degmegi bolardy».
    Ibni Hajer: «Göz degmegi haýsy-da bolsa göwnüňden turan bir zada seredilmegi bilen bolup geçýär. Seredýän görip kişi bolsa-da, gowy görüşýän dost bolsa-da, salyh kişi bolsa-da gözi degip biler» diýipdir. Ýöne göz degmegi, umuman, göripligiň we bahyllygyň netijesidir.
    Häzirki döwürde ylym göz degmegini doly düşündirip bilmese-de, bu hadysany ruh bilen baglanyşdyryp, bedenimizdäki käbir atomlaryň energiýa öwrülmegi bilen bolup biljekdigini öňe sürýär. Alymlar göz degmegini telepatiýa bilen deňeşdirýärler. Käbir alymlar bolsa, hadysda aýdylýan gözi degen kişiniň taharet suwunyň göz degene şypa bolmagyny: «Ynsan derisiniň üsti bilen hem dem alýar, derleýär, bedenindäki zyýanly maddalary (toksinler we antigenler) daşyna çykarýar. Taharet suwunda ýygnanan bu maddalar göz degen kişä em bolýar» diýip düşündirýärler.
  2. Pygamberimiz göz degmeginden açylmak üçin, görülmeli käbir çäreleri salgy beripdir:
    a) Göz degen kişä Fatiha suresi, Aýatel Kursi we Muawwizeteýn (Felak we Nas) surelerini okamak.
    b) Hadyslarda aýdylýan şu dogany okamak.
    «Allahyň doly sözleri bilen her bir şeýtandan we öldüriji zäher göterýänlerden Allaha sygynýaryn. Ýagşyzadalaryň, bet niýetlileriň hem täsir edip bilmedik Allahyň doly sözleri bilen Allahyň ýaradan, bar eden zatlarynyň şerinden, gökden inenleriň we göge göterilenleriň şerinden, ýerde ýaradanlarynyň we ýerden çykanlaryň şerinden, gijäniň pitnesiniň şerinden, gije we gündiz gelenleriň şerinden, eý, Rahman bolan Rabbim Saňa sygynýaryn».
    ç) Kimiň gözi degen bolsa, onuň taharet suwuny alyp göz degen kişä çalmalydyr.
  3. Pygamberimiz göz degmezligi üçin, öňünden görülmeli çäreler hökmünde şulary ündäpdir:
    Nesaýy we Ibni Majäniň gürrüň beren bir hadysynda: «Kimdir biri doganynda göwnünden turan bir zady görse, oňa bereket dogasyny etsin» diýýär. Ýagny
    «» (Allah ony saňa mübärek kylsyn)»,
    «Tebärokallahu ähsenul holikyn» (Ony seniň üçin bereketli we haýyrly etsin. Ol iň gözel ýaradyjydyr),
    «Allahumme bärik fihi» (Allahym ony mübärek et),
    « » (Allah şeýle isläpdir. Kuwwat diňe Allahdandyr) diýlip doga edilýär.
  4. Göz degmeginden goranmak üçin Pygamberimiziň bu maslahatlaryndan başga çäreler gözlemek dogry däldir. Halk arasynda giňden ýaýran gözmonjugy, dagdan agajy, alaja, doňzuň dişi, ýylanyň kellesi ýaly zatlary dakynmak yslama ters gelýän, batyl düşünjelerdir. Göz degmegi we şuňa meňzeş kesellerden goranmak üçin dakynylýan bu zatlardan şypa garaşmakda ýaşyryn şirk bardyr. Muňa arap dilinde «temime» diýilýär. Pygamberimiz bir hadysynda: «Kim (şypa gözläp) bir zat dakynsa, şoňa tabşyrylar», (Tirmizi) diýipdir. Ýagny kişiniň şol zada tabşyrylmagy diýmek, şypany şol zatdan gözlemek diýmekdir. Hatda adaty keseller üçin ulanylýan dermanlardan we edilen bejergilerden hem göni şypa gözlemek ýalňyşdyr. Hakyky şypany berýän Allah Tagaladyr. Ondan başga hiç bir zat şypa berip bilmez. Käbir alymlar Allahyň atlaryny we Kuranyň aýatlaryny ýazyp dakynmagyň şypa edýändigini aýdýar. Ýöne bu meselede esasy zat: Allahyň şol atlaryny we Kuran aýatlaryny dakynmakdan, okamak has laýykdyr. Şeýle hem şypany dakynanlaryňdan däl-de, Allahdan gözlemelidir.

Şeýle-de

  • Rukýe (göz degmeden goranmak üçin)

Salgylanmalar

  • https://en.wikipedia.org/wiki/Evil_eye

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 16 Iýul, 2025 / 17:14

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Göz degmegi hakda maglumat, Göz degmegi näme? Göz degmegi näme diýmek?

Aynul hasad arap عين الحسد goz degmegi Goz degmesin diylip asylyan zatlaryn kopusi sirk kabiri bidgat Olary ulanmak satmak satyn almak we yasamak haramdyr Goz degmek gadym eyyamdan bari bilinyan we hazirki dowurde de ykrar edilyan yagdaydyr Goz degmegi oldurip ya da mayyp edip hem bilyar Sonun ucin halk arasynda Goz degmegi ynsany mazara haywany gazana elter diyilyar Hatda Nazar ayaty diyip meshur bolan su ayat goz degmeginin hakykatdygyna ysarat edyar Kafirler Kurany esidenlerinde gorupliklerinden yana goya gozleri bilen Seni yykjak bolup serederler we Ol daldirapdir Kalem 51 diyerler Pygamberimiz bolsa goz degmegi barada sulary aydypdyr Goz degmegi hakdyr Eger yazgydy uytgetjek bir zat bar bolsa bu goz degmegi bolardy Sizden yuwunmagynyz talap edilende yuwunyn Muslim Tirmizi Muhammet b Ebi Umame Ibn Sehl Ibn Hanif kakasyndan sulary esidendigini gurrun beryar Kakam Sehl Harrar diylen yerde yuwunyar Sol wagt Amr b Rebiga ona seredyar Sehlin teni ak eken Amr Seyle ak tenli erkek kisini gormandim diyip gen galyar Sahle sobada garagus keseli degen yaly bolyar Ya Resulallah Sehl agyr keselledi Ol gosun bilen gitmage yarajak dal diyip yagdayy Pygamberimize habar beryarler Pygamberimiz Ona name boldy Kimden zeper yetdi diyip soranda Amr b Rebigadan diyip jogap berdiler Resulullah ony cagyrdyp gaharly Sen name ucin gardasyny olum halyna getirdin Barekellah diysen bolmadymy Derrew taharet kyl diydi Amr gyssanmac taharet kyldy Onun taharet suwuny bir gaba alyp Sehlin bedenine caldylar Ol sobada gowulanyp duruberdi Ymam Malik Muatta Alymlar bu hadyslardan su netijeleri cykarypdyr Goz degmek hakdyr yagny inkar edip bolmajak hadysadyr Pygamberimiz goz degyanligini ynandyrmak ucin ony yazgyda denap seyle diyipdir Uytgedip bolmayan yazgydy uytgetjek bir guyc bar bolsa bu goz degmegi bolardy Ibni Hajer Goz degmegi haysy da bolsa gownunden turan bir zada seredilmegi bilen bolup gecyar Seredyan gorip kisi bolsa da gowy gorusyan dost bolsa da salyh kisi bolsa da gozi degip biler diyipdir Yone goz degmegi umuman goripligin we bahyllygyn netijesidir Hazirki dowurde ylym goz degmegini doly dusundirip bilmese de bu hadysany ruh bilen baglanysdyryp bedenimizdaki kabir atomlaryn energiya owrulmegi bilen bolup biljekdigini one suryar Alymlar goz degmegini telepatiya bilen denesdiryarler Kabir alymlar bolsa hadysda aydylyan gozi degen kisinin taharet suwunyn goz degene sypa bolmagyny Ynsan derisinin usti bilen hem dem alyar derleyar bedenindaki zyyanly maddalary toksinler we antigenler dasyna cykaryar Taharet suwunda yygnanan bu maddalar goz degen kisa em bolyar diyip dusundiryarler Pygamberimiz goz degmeginden acylmak ucin gorulmeli kabir careleri salgy beripdir a Goz degen kisa Fatiha suresi Ayatel Kursi we Muawwizeteyn Felak we Nas surelerini okamak b Hadyslarda aydylyan su dogany okamak Allahyn doly sozleri bilen her bir seytandan we olduriji zaher goteryanlerden Allaha sygynyaryn Yagsyzadalaryn bet niyetlilerin hem tasir edip bilmedik Allahyn doly sozleri bilen Allahyn yaradan bar eden zatlarynyn serinden gokden inenlerin we goge goterilenlerin serinden yerde yaradanlarynyn we yerden cykanlaryn serinden gijanin pitnesinin serinden gije we gundiz gelenlerin serinden ey Rahman bolan Rabbim Sana sygynyaryn c Kimin gozi degen bolsa onun taharet suwuny alyp goz degen kisa calmalydyr Pygamberimiz goz degmezligi ucin onunden gorulmeli careler hokmunde sulary undapdir Nesayy we Ibni Majanin gurrun beren bir hadysynda Kimdir biri doganynda gownunden turan bir zady gorse ona bereket dogasyny etsin diyyar Yagny Allah ony sana mubarek kylsyn Tebarokallahu ahsenul holikyn Ony senin ucin bereketli we hayyrly etsin Ol in gozel yaradyjydyr Allahumme barik fihi Allahym ony mubarek et Allah seyle islapdir Kuwwat dine Allahdandyr diylip doga edilyar Goz degmeginden goranmak ucin Pygamberimizin bu maslahatlaryndan basga careler gozlemek dogry daldir Halk arasynda ginden yayran gozmonjugy dagdan agajy alaja donzun disi yylanyn kellesi yaly zatlary dakynmak yslama ters gelyan batyl dusunjelerdir Goz degmegi we suna menzes kesellerden goranmak ucin dakynylyan bu zatlardan sypa garasmakda yasyryn sirk bardyr Muna arap dilinde temime diyilyar Pygamberimiz bir hadysynda Kim sypa gozlap bir zat dakynsa sona tabsyrylar Tirmizi diyipdir Yagny kisinin sol zada tabsyrylmagy diymek sypany sol zatdan gozlemek diymekdir Hatda adaty keseller ucin ulanylyan dermanlardan we edilen bejergilerden hem goni sypa gozlemek yalnysdyr Hakyky sypany beryan Allah Tagaladyr Ondan basga hic bir zat sypa berip bilmez Kabir alymlar Allahyn atlaryny we Kuranyn ayatlaryny yazyp dakynmagyn sypa edyandigini aydyar Yone bu meselede esasy zat Allahyn sol atlaryny we Kuran ayatlaryny dakynmakdan okamak has layykdyr Seyle hem sypany dakynanlaryndan dal de Allahdan gozlemelidir Seyle deRukye goz degmeden goranmak ucin Salgylanmalarhttps en wikipedia org wiki Evil eye

Iň soňky makalalar
  • Iýul 16, 2025

    1336

  • Iýul 16, 2025

    1335

  • Iýul 16, 2025

    1334

  • Iýul 16, 2025

    1333

  • Iýul 16, 2025

    1332

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary