Kada äl häjet arap قضاء الحاجة hajathana edepleri Ýapon hajathanasy Hajathanada köp oturmaly däl sebäbi gemorroý edýär Ş
Hajathana edepleri (Yslam)

Kada äl-häjet (arap. قضاء الحاجة — hajathana edepleri).
Hammam adaby
giren adam üçin wajyp hem dykgat etmeli zatlary şulardyr:
- Owrat ýeriňi açmazlyk. Musulmanyň dyz we göbek aralygy owratdyr, onuň başga kişä görkezilmegi haramdyr. Hammamda owrat ýeriňi açmak haramdyr, (Nesaýy, «Hakim»).
- Başganyň owrat ýerine seretmezlik.
Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Allaha we ahyret gününe ynanýan kişi hammama izarsyz (uýat ýerlerini örtmän) girmesin...» (Tirmizi, Nesaýy).
Bu mesele bilen baglanyşykly Ymam Agzamyň başyndan geçen bir wakany şeýle gürrüň berýärler:
Bir gün Ebu Hanife hezretleri hammama gidýär. üçin gusul almak isleýär. Onuň ýanyndaky adam owrat ýerini açyp ýuwunýar eken. Ymam Agzam ony görmejek bolup gözlerini ýumýar şol aralykda suw akydynýan gabyny ýitirýär. Gözleri ýumuk sermenip duran Ymam Agzamy gören beýleki adam suw gabyny onuň eline berip: «Eý, Ymam! Siziň gözüňiz haçan kör boldy?» diýip soraýar. Ymam Agzam onuň bu sowalyna: «Seniň uýat ýerleriň açykdygyny görenimden bäri. Eger haýa edip, örtünseň, gözüm açylar diýip umyt edýärin» diýýär. - Hammama girmezden «Allahumme inniý ä’uzu bike minel-hubsi wel-habais» (Buhary, Muslim) dogasyny okamaly we işiginden çep aýagyňy ädip girmeli.
- Hammamda adam az bolýan wagty gitmek.
- Suwy gereginden artyk döküp, isrip etmezlik.
- Hammamda salamlaşmazlyk.
- Köp gürleşmezlik.
- Kuran sesli okalmaz, emma içinden «besmele» aýdylyp biliner.
Aýallaryň hammama gitmegi
Pygamberimiz: «Öýünde hammamy bolan maşgalasynyň umumy hammama gitmegine rugsat berse, halal bolmaz» (Ebu Dawud) diýipdir. Emma zerurlyk ýagdaýynda aýallar hem hammama gidip biler. Hezreti Aişe enemiz hassalykdan açylmak niýeti bilen umumy hammama gidipdir.
Hammama gidilende aýallar hem özaralarynda göbek bilen dyz aralygyny bir-birine görkezmeli däldir. Iň laýygy – umumy hammamda bolýan bir adamlyk ýörite otaglaryň birini saýlamakdyr.
Istinja we istibra
Istinja
Istinja – hapadan tämizlenmek islemek diýmekdir. Dini taýdan kiçi we uly hajaty edeniňden soň, owrat ýerleriňi tämizlemek diýmekdir. Bu tämizlik müekked sünnetdir.
Istinja suw bilen kylnyşy ýaly, suw bolmadyk ýagdaýda ownuk daş ýa-da kesek, ýörite edilen nem sorýan kagyzlar bilen edilip bilner. Ýöne süňk, aýna, ýazgyly kagyz, ýüpek ýaly gymmat bahaly mata bölekleri we Zemzem suwy bilen istinja kylmak mekruhdyr. Mundan başga-da, ýazmak üçin ulanylýan arassa kagyzyň hem gadyryny gaçyrmazlyk dogrudyr. Çünki isrip – haramdyr.
Istinja kylmakda iň laýygy ilki kesek, daş ýa-da hajathana kagyzy bilen süpürinip, suw bilen ýuwunanyňdan soň, mata ýa-da hajathana kagyzy bilen gurunmakdyr.
Istibra
Buşugandan soň, erkek kişiniň peşew damjalarynyň doly kesilmegine garaşmagyna istibra diýilýär. Muny etmek wajypdyr. Istibra, esasan, hajathanadan çykylmanka edilmeli.
Istibra etmegiň – peşew damjalaryny doly kesmegiň dürli ýollary bardyr. Peşew damjalary käbir adamlarda çalt, käbirlerinde uzak wagtdan soň kesilýär. Her kes öz ýagdaýyna görä, taharet almazyndan öň, peşew damjalarynyň kesilmegine garaşmaly, üsgürmeli, hajathanadan çykanyňdan soň, derrew taharet kylman, biraz ýörmeli, hereket etmeli, soňra taharet kylmalydyr.
Istibra etmek taharetiň syhhatyna päsgel bermezlik üçindir. Eger-de buşuganyňdan soň, derrew taharet kylynsa, peşewiň damanyndan ýa-da dammanyndan habaryň bolmasa-da, taharet bozular. Okalan namaz hem sahyh bolmaz. Şonuň üçin istibra meselesine gaty jür bolmalydyr. Ýöne bu meselede öte was-waslyk hem dogry däldir.
Pygamberimiz bir hadysy şerifinde: «Peşewden seresap boluň, çünki gabyr azabynyň köpüsi şol sebäplidir» diýmek bilen, buşuganyňdan soňky istibranyň ähmiýetini nygtapdyr.
Istinjanyň we istibranyň düzgüni Hajathana girmänkäň, eliňde Allahyň ýa-da Pygamberimiziň ady ýazylan ýüzük, jübüňde aýat, Kurandan bir bölek ýazylan sahypa bar bolsa, olary aýyrmaly ýa-da suw geçirmeýän bir zada salmaly. Muňa mümkinçilik bolmasa, ýüzügiň ýazgyly ýerini owujyň içine öwürmäge-de rugsat edilýär.
Şeýle he m «Bismillä» diýip, şu dogany: «Allahumme inniý ä’uzu bike minel hubsi wel habais» (Buhary, Muslim) okamak mustahapdyr.
- Manysy: Allahym, hapysa şeýtanlardan Saňa sygynýaryn.
Hajathana sol aýagyň bilen girip, sag aýagyň bilen çykylýar.
Hajathanada kybla bakyp hem, arkaňy öwrüp oturmak hem bolmaýar. Bular mekruhdyr. Ýöne jaýlarda hajathana kybla bakdyrylyp salnan bolsa, nalaçlyk sebäpli munuň zeleli ýokdur.
Hajathanada zerurlyk bolmasa gürlemeli däl, zikir edilmeýär, salam bermek hem, almak hem bolmaýar.
Hajathanada tüýkürmek, sümgürmek, hapa galdyrmak biedeplikdir.
Keýpine dik durup buşugmak dogry däldir. Ýöne zerurlyk bolanda muňa rugsat edilýär. Oturyp buşugmak tämizlik we saglyk jähtinden iň laýygydyr. Bu ýagdaýda peşew haltasy doly boşaýar hem soňra damja gelmesi az bolýar.
Hajathanada nejasete hem owrat ýeriňe bakmaly däldir. Bu gözüň nuruny alar. Hajathanadan çykanyňda: «Älhämdulillähillezi ezhebe annil-eza we afaniý» diýmelidir.
- Manysy: Menden yzany gidirip, maňa afiýet ihsan eden Allaha hamd bolsun.
Istinjanyň mekruhlary
Şemala garşy, köl, derýa, çeşme we ş.m.leriň suwuna, agajyň düýbüne, kölegelik ýerlere, mör-möjekleriň hinine, ýol üstüne meýdan etmek mekruhdyr. Adamlaryň geçýän, dynç alýan ýerlerini hapalap, olaryň gargyşyna sebäp bolmazlyk üçin, hadysy şeriflerde şeýle ýerlerde meýdan etmek gadagan edilendir. Köpçüligiň hajathanasynda hapa yzlaryny galdyrmak hem hadysda gadagan edilendir.
Istinjada we istibrada tämizlik hemişe çep el bilen edilmeli, sag eli ulanmak mekruhdyr. Istinja kylanyňda suw syçratmaly däldir.
Istanja edip bilmezlik derejede ýarawsyz bolan kişi, ýanýoldaşy ýa-da mähremi bolmasa ýagdaýyna görä bolar.
Salgylanmalar
- https://en.wikipedia.org/wiki/Islamic_toilet_etiquette
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Hajathana edepleri (Yslam) hakda maglumat, Hajathana edepleri (Yslam) näme? Hajathana edepleri (Yslam) näme diýmek?
Kada al hajet arap قضاء الحاجة hajathana edepleri Yapon hajathanasy Hajathanada kop oturmaly dal sebabi gemorroy edyar Sonun ucin hazirki dowurde unitaz ulanyarlar yone olar mejbury dine saherdaki etaz jaylarda gerek Sebabi oba yerler ucin oturgyc ulanyp bolyar Dolan hajathanan yerinden oturdylan bag Oba hajathanalary yaly yapon hajathanasy Hammam adabygiren adam ucin wajyp hem dykgat etmeli zatlary sulardyr Owrat yerini acmazlyk Musulmanyn dyz we gobek aralygy owratdyr onun basga kisa gorkezilmegi haramdyr Hammamda owrat yerini acmak haramdyr Nesayy Hakim Basganyn owrat yerine seretmezlik Pygamberimiz bu barada seyle aydypdyr Allaha we ahyret gunune ynanyan kisi hammama izarsyz uyat yerlerini ortman girmesin Tirmizi Nesayy Bu mesele bilen baglanysykly Ymam Agzamyn basyndan gecen bir wakany seyle gurrun beryarler Bir gun Ebu Hanife hezretleri hammama gidyar ucin gusul almak isleyar Onun yanyndaky adam owrat yerini acyp yuwunyar eken Ymam Agzam ony gormejek bolup gozlerini yumyar sol aralykda suw akydynyan gabyny yitiryar Gozleri yumuk sermenip duran Ymam Agzamy goren beyleki adam suw gabyny onun eline berip Ey Ymam Sizin gozuniz hacan kor boldy diyip sorayar Ymam Agzam onun bu sowalyna Senin uyat yerlerin acykdygyny gorenimden bari Eger haya edip ortunsen gozum acylar diyip umyt edyarin diyyar Hammama girmezden Allahumme inniy a uzu bike minel hubsi wel habais Buhary Muslim dogasyny okamaly we isiginden cep ayagyny adip girmeli Hammamda adam az bolyan wagty gitmek Suwy gereginden artyk dokup isrip etmezlik Hammamda salamlasmazlyk Kop gurlesmezlik Kuran sesli okalmaz emma icinden besmele aydylyp biliner Ayallaryn hammama gitmegi Pygamberimiz Oyunde hammamy bolan masgalasynyn umumy hammama gitmegine rugsat berse halal bolmaz Ebu Dawud diyipdir Emma zerurlyk yagdayynda ayallar hem hammama gidip biler Hezreti Aise enemiz hassalykdan acylmak niyeti bilen umumy hammama gidipdir Hammama gidilende ayallar hem ozaralarynda gobek bilen dyz aralygyny bir birine gorkezmeli daldir In layygy umumy hammamda bolyan bir adamlyk yorite otaglaryn birini saylamakdyr Istinja we istibraIstinja Istinja hapadan tamizlenmek islemek diymekdir Dini taydan kici we uly hajaty edeninden son owrat yerlerini tamizlemek diymekdir Bu tamizlik muekked sunnetdir Istinja suw bilen kylnysy yaly suw bolmadyk yagdayda ownuk das ya da kesek yorite edilen nem soryan kagyzlar bilen edilip bilner Yone sunk ayna yazgyly kagyz yupek yaly gymmat bahaly mata bolekleri we Zemzem suwy bilen istinja kylmak mekruhdyr Mundan basga da yazmak ucin ulanylyan arassa kagyzyn hem gadyryny gacyrmazlyk dogrudyr Cunki isrip haramdyr Istinja kylmakda in layygy ilki kesek das ya da hajathana kagyzy bilen supurinip suw bilen yuwunanyndan son mata ya da hajathana kagyzy bilen gurunmakdyr Istibra Busugandan son erkek kisinin pesew damjalarynyn doly kesilmegine garasmagyna istibra diyilyar Muny etmek wajypdyr Istibra esasan hajathanadan cykylmanka edilmeli Istibra etmegin pesew damjalaryny doly kesmegin durli yollary bardyr Pesew damjalary kabir adamlarda calt kabirlerinde uzak wagtdan son kesilyar Her kes oz yagdayyna gora taharet almazyndan on pesew damjalarynyn kesilmegine garasmaly usgurmeli hajathanadan cykanyndan son derrew taharet kylman biraz yormeli hereket etmeli sonra taharet kylmalydyr Istibra etmek taharetin syhhatyna pasgel bermezlik ucindir Eger de busuganyndan son derrew taharet kylynsa pesewin damanyndan ya da dammanyndan habaryn bolmasa da taharet bozular Okalan namaz hem sahyh bolmaz Sonun ucin istibra meselesine gaty jur bolmalydyr Yone bu meselede ote was waslyk hem dogry daldir Pygamberimiz bir hadysy serifinde Pesewden seresap bolun cunki gabyr azabynyn kopusi sol sebaplidir diymek bilen busuganyndan sonky istibranyn ahmiyetini nygtapdyr Istinjanyn we istibranyn duzguni Hajathana girmankan elinde Allahyn ya da Pygamberimizin ady yazylan yuzuk jubunde ayat Kurandan bir bolek yazylan sahypa bar bolsa olary ayyrmaly ya da suw gecirmeyan bir zada salmaly Muna mumkincilik bolmasa yuzugin yazgyly yerini owujyn icine owurmage de rugsat edilyar Seyle he m Bismilla diyip su dogany Allahumme inniy a uzu bike minel hubsi wel habais Buhary Muslim okamak mustahapdyr Manysy Allahym hapysa seytanlardan Sana sygynyaryn Hajathana sol ayagyn bilen girip sag ayagyn bilen cykylyar Hajathanada kybla bakyp hem arkany owrup oturmak hem bolmayar Bular mekruhdyr Yone jaylarda hajathana kybla bakdyrylyp salnan bolsa nalaclyk sebapli munun zeleli yokdur Hajathanada zerurlyk bolmasa gurlemeli dal zikir edilmeyar salam bermek hem almak hem bolmayar Hajathanada tuykurmek sumgurmek hapa galdyrmak biedeplikdir Keypine dik durup busugmak dogry daldir Yone zerurlyk bolanda muna rugsat edilyar Oturyp busugmak tamizlik we saglyk jahtinden in layygydyr Bu yagdayda pesew haltasy doly bosayar hem sonra damja gelmesi az bolyar Hajathanada nejasete hem owrat yerine bakmaly daldir Bu gozun nuruny alar Hajathanadan cykanynda Alhamdulillahillezi ezhebe annil eza we afaniy diymelidir Manysy Menden yzany gidirip mana afiyet ihsan eden Allaha hamd bolsun Istinjanyn mekruhlary Semala garsy kol derya cesme we s m lerin suwuna agajyn duybune kolegelik yerlere mor mojeklerin hinine yol ustune meydan etmek mekruhdyr Adamlaryn gecyan dync alyan yerlerini hapalap olaryn gargysyna sebap bolmazlyk ucin hadysy seriflerde seyle yerlerde meydan etmek gadagan edilendir Kopculigin hajathanasynda hapa yzlaryny galdyrmak hem hadysda gadagan edilendir Istinjada we istibrada tamizlik hemise cep el bilen edilmeli sag eli ulanmak mekruhdyr Istinja kylanynda suw sycratmaly daldir Istanja edip bilmezlik derejede yarawsyz bolan kisi yanyoldasy ya da mahremi bolmasa yagdayyna gora bolar Salgylanmalarhttps en wikipedia org wiki Islamic toilet etiquette