Bu makalada hiç bir maglumat hakynda ýok Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir Bu maglu
Halkara atçylyk sport toplumy

Bu makalada hiç bir maglumat hakynda ýok. |
Halkara atçylyk sport toplumy - Türkmenistanda iň uly atçylyk sport toplumy. Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ýerleşýa.
Häzirki döwürde bu künjekde tutuş sebitde iri Halkara atçylyk sport toplumy emele geldi.
Bu ýerde paýtagtyň hysyrdylaryndan, çatryklardaky şowhundan uzakda tutuş bir şäherçe ýerleşýär. Ol uzakdan seredeniňde Türkmenistanda uly hormat goýulýan bedewiň belent ruhuny janlandyrýar. Gün şöhlelerine öwşün atýan ak mermerli, altyn çaýylan nagyşlary bolan binalar toplumynyň öňünde beýikligi 20 metre barabar bolan asmana göterilmäge hyýal edýän bäş sany ajaýyp bedewiň heýkeli janlandyrylypdyr. Janly ýaly şekillendirilen bürünç bedewleriň arka tarapyndan atçylyk sport toplumynyň iki sany belent ötügi bolan girelgesi bar. Toplumyň çägine gireniňde bolsa, ol ýerde Oguzhanyň sekiz burçunyň şekilini emele getirýän suw çüwdürimler kompozisiýasy bar. Merkezinde bedewleriň heýkeli bolan bu toplumdaky bedewler, hamala diýersiň, granit daşlardan üzülip, çapyp gidiberjek ýaly duýgyny döredýär. Deňi-taýy bolmadyk bu uly toplumyň umumy meýdany 90 gektardan gowrak bolup, ol köp sanly desgalary özünde jemleýär. Ruhabatda Halkara atçylyk sport toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününe gabatlanyldy.
Çapyşyk ýodalary toplumyň sport çäreleriniň esasy künjegidir. Bu ýerde merkezi çapuw ýodasynyň umumy uzynlygy 2 müň metr bolup, kiçileri 1800 metrdir. Şeýle hem bu ýerde 1900 metrlik otly we 1800 metrlik bolsa beton ýodalar bar. Çapyşyk günlerinde boş orun bolmaýan tomaşaçy üçin niýetlenen tribunalar 7 müň orunlykdyr. Olaryň arasynda dürli ýaşdaky adamlar bar. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemeli, ol hem çapyşyk pursadynda diňe bir atlaryň bäsleşigine däl, eýsem öz aralarynda güýç synanyşýan bedewleriň hereketine tomaşa edýän adamlaryň ýüz keşbine syn etmek hem gyzyklydyr. Olar – ýaşlar we ak sakgal ýaşulular edil jahyllyk höwesi bilen özleriniň söýgüli bedewlerine tomaşa edýärler.
Tribunanyň aşagyndaky birinji gatda aýlawyň edara ediş, hojalyk we gulluk otaglary ýerleşdirilipdir, olarda toplumyň işgärleriniň netijeli işi üçin ähli zerur şertler döredilipdir.
Binanyň ikinji gatynda oňaýly eýwanlar we çaýhana bar. Ol ýerde süýji tagamlar, şol sanda milli aşhananyň datly naharlary hödürlenýär. Üçünji gatda bolsa 52 orunlyk myhmanhana we CIP – tomaşa zaly bar. Dördünji gatda belent mertebeli myhmanlar üçin ýörite tomaşa zaly bar. Atçylyk sport toplumynyň taslamasy düzülende onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berlipdr. Bu ýerdäki eminler, režissýorlar, synçylar üçin niýetlenen otaglar, audio we wideo studiýalary halkara ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli tilsimatlar bilen üpjün edilipdir. Döwrebap telekommunikasiýa tehnikalary we hemra aragatnaşygy göni alyp görkezilişi hem-de Türkmenistanyň beýleki aýlawlary bilen teleköprüleri üpjün edýär. Şeýle hem toplumyň ähli künjeklerinde oturdylan monitorlarda tomaşaçylar foto pellehananyň we totalizator oýnunyň goýumlary hakyndaky maglumatlar bilen tanşyp bilýärler.
Tomaşaçylar tribunasynyň çep tarapynda 500 orunlyk sirkiň binasy ýerleşýär. Ol ýerde türkmen jigitleri hyjuwly çykyşlary bilen tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrýarlar.
Bu ýerden uzak bolmadyk künjekde 800 orunlyk atçylyk sportunyň oýunlaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen bina ýerleşýär. Ol ýerde açyk we ýapyk görnüşli böküş meýdançalary bar. Mälim bolşy ýaly, ahalteke bedewleri diňe bir çapyşyklarda däl, eýsem atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerinde, şol sanda olimpiýa görnüşlerinde hem örän ajaýyp netijeleri görkezýärler. Şeýle hem ýapyk türgenleşik zallary howa şertlerine garamazdan, ýylyň ähli paslynda türgenleşik geçmäge we atlaryň bir durkuny saklamaga oňaýly mümkinçilikleri döredýär.
Atçylyk sport toplumynyň hojalyk bölüminde on sany athana, seýisler we çapyksuwarlar üçin bäş sany ýaşaýyş jaýy, 20 bedewe niýetlenen barlaghana, atlar üçin türgenleşik howzy, 80 bedewi ýaryşa taýýarlamak üçin niýetlenen bölüm, tehniki binalar, ussahana, nal taýýarlanylýan otag, bede we ýörite iýmleri saklamaga niýetlenen jaýlar bar. Toplumyň hünärmenleri bedewlere edilýän weterinar hyzmatyna aýratyn üns berýärler. Çünki atlar hem edil adamlar ýaly türgenler ahyryn, hut şonuň üçinem bu ýerde atlaryň saglygyna gözegçilik gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar.
Täze toplumda işewür duşuşyklaryny, beýleki çäreleri, sergiler geçirmek üçin hem ähli mümkinçilikler bar. Bu bolsa ahalteke bedewlerine dünýäniň alymlary we hünärmenleri tarapyndan bolşy ýaly, işewürler tarapyndan hem gyzyklanmalar barha artýar. Şeýle hem toplumyň taslamaçylary dynç alyş düzümini hem ýatdan çykarmandyrlar. Olar binalarda ýöriteleşdirilen oýun otaglaryny gurup, olaryň binagärlik aýratynlygyna üns beripdirler. Şeýlelikde, toplumyň ähli binalary bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Şeýle hem bu ýerde restoran, myhman öýleri, açyk asmanyň astyndaky çaýhana we amfiteatr bu ýere gelýänlere öz hyzmatlaryny hödürleýärler. Toplumda çagalar üçin hem ýörite otaglar bar. Aýlawa gelýän körpeler üçin bu ýerde sirk maneži ýaýbaňlandyrylypdyr. Onuň töwereginde birnäçe oýun we şowhun meýdançalary ýerleşdirilipdir.
Arassa howada dynç almagy we atlar bilen gezelenç etmegi küýseýänler üçin hem bu ýerde ähli amatly şertler hem döredilipdir. Toplumda ýetginjekler at münmegiň, ony çapmagyň usullary bilen hem tanşyp bilýärler. Mundan başga-da, atçylyk sportunyň bölümlerine gatnaýan çagalar bu ýerde bedewlere ideg etmegiň usullaryny öwrenýärler. Bu görnüşleriň özi çagalaryň dünýägaraýşynda täze, ajaýyp giňişligi açýar. Bu ýerde çagalar atlar bilen dostlaşýarlar.
Şeýle hem at çapmak sportuň ajaýyp görnüşidir. Bu görnüş adam bedenine oňyn täsir edýär we ol çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Belli bolşy ýaly, her bir çaga ussat türgen bolup bilmeýär, ýöne bu ýerde beden taýýarlygyny geçýär, bedewler bilen ysnyşýar. Bedewler bilen geçilýän oýunlar toparlaýyn görnüşde alnyp barylýar. Atçylyk sporty seniň esasy hünäriň bolmazlygy hem mümkin, ýöne bu ýere gelip at çapmak örän ýakymly.
Bir söz bilen aýdanyňda, hünärmenleriň türgenleşik geçmekleri we atlaryň göwnejaý saklanmagy, şeýle hem täsirli oýunlary, gezelençleri guramak üçin ähli şertleriň döredilen ýeri örän ajaýyp künjek hasaplanýar. Özüniň derejesine laýyklykda, Halkara atçylyk sport toplumy iri halkara ýaryşlaryny, ýaşlar spartakiadalaryny, dünýä derejesindäki açyk birinjiligi we ýaryşlary geçirmäge doly mümkinçilik berýär. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän toplum dünýäniň atşynaslaryny, ahalteke bedewleriniň muşdaklaryny we hünärmenleri Türkmenistana çagyrýar.
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Halkara atçylyk sport toplumy hakda maglumat, Halkara atçylyk sport toplumy näme? Halkara atçylyk sport toplumy näme diýmek?
Bu makalada hic bir maglumat hakynda yok Bu makalada upjun edilen maglumatlar hakynda salgylanma gorkezilmandir Bu maglumatlaryn ygtybarlylygy belli dal Bu mowzuga degisli ygtybarly cesme bilyan bolsanyz makalany uytgetmek hem de osdurmek arkaly salgylanma upjun etmek bilen okyjylara yardam berip bilersiniz Degisli yorgunli salgylanmalar gorkezilenden sonra bu duydurysy ocurmegi unutman Halkara atcylyk sport toplumy Turkmenistanda in uly atcylyk sport toplumy Ahal welayatynyn Ruhabat etrabynda yerlesya Atcylyk sport toplumy Hazirki dowurde bu kunjekde tutus sebitde iri Halkara atcylyk sport toplumy emele geldi Bu yerde paytagtyn hysyrdylaryndan catryklardaky sowhundan uzakda tutus bir saherce yerlesyar Ol uzakdan seredeninde Turkmenistanda uly hormat goyulyan bedewin belent ruhuny janlandyryar Gun sohlelerine owsun atyan ak mermerli altyn cayylan nagyslary bolan binalar toplumynyn onunde beyikligi 20 metre barabar bolan asmana goterilmage hyyal edyan bas sany ajayyp bedewin heykeli janlandyrylypdyr Janly yaly sekillendirilen burunc bedewlerin arka tarapyndan atcylyk sport toplumynyn iki sany belent otugi bolan girelgesi bar Toplumyn cagine gireninde bolsa ol yerde Oguzhanyn sekiz burcunyn sekilini emele getiryan suw cuwdurimler kompozisiyasy bar Merkezinde bedewlerin heykeli bolan bu toplumdaky bedewler hamala diyersin granit daslardan uzulip capyp gidiberjek yaly duygyny doredyar Deni tayy bolmadyk bu uly toplumyn umumy meydany 90 gektardan gowrak bolup ol kop sanly desgalary ozunde jemleyar Ruhabatda Halkara atcylyk sport toplumynyn acylmagy yurdumyzyn bas bayramy bolan Garassyzlyk gunune gabatlanyldy Capysyk yodalary toplumyn sport carelerinin esasy kunjegidir Bu yerde merkezi capuw yodasynyn umumy uzynlygy 2 mun metr bolup kicileri 1800 metrdir Seyle hem bu yerde 1900 metrlik otly we 1800 metrlik bolsa beton yodalar bar Capysyk gunlerinde bos orun bolmayan tomasacy ucin niyetlenen tribunalar 7 mun orunlykdyr Olaryn arasynda durli yasdaky adamlar bar Su yerde bir zady ayratyn bellemeli ol hem capysyk pursadynda dine bir atlaryn baslesigine dal eysem oz aralarynda guyc synanysyan bedewlerin hereketine tomasa edyan adamlaryn yuz kesbine syn etmek hem gyzyklydyr Olar yaslar we ak sakgal yasulular edil jahyllyk howesi bilen ozlerinin soyguli bedewlerine tomasa edyarler Tribunanyn asagyndaky birinji gatda aylawyn edara edis hojalyk we gulluk otaglary yerlesdirilipdir olarda toplumyn isgarlerinin netijeli isi ucin ahli zerur sertler doredilipdir Binanyn ikinji gatynda onayly eywanlar we cayhana bar Ol yerde suyji tagamlar sol sanda milli ashananyn datly naharlary hodurlenyar Ucunji gatda bolsa 52 orunlyk myhmanhana we CIP tomasa zaly bar Dordunji gatda belent mertebeli myhmanlar ucin yorite tomasa zaly bar Atcylyk sport toplumynyn taslamasy duzulende onun tehniki taydan enjamlasdyrylysyna ayratyn uns berlipdr Bu yerdaki eminler rezissyorlar syncylar ucin niyetlenen otaglar audio we wideo studiyalary halkara ulnulerine layyk gelyan yokary derejeli tilsimatlar bilen upjun edilipdir Dowrebap telekommunikasiya tehnikalary we hemra aragatnasygy goni alyp gorkezilisi hem de Turkmenistanyn beyleki aylawlary bilen telekopruleri upjun edyar Seyle hem toplumyn ahli kunjeklerinde oturdylan monitorlarda tomasacylar foto pellehananyn we totalizator oynunyn goyumlary hakyndaky maglumatlar bilen tansyp bilyarler Tomasacylar tribunasynyn cep tarapynda 500 orunlyk sirkin binasy yerlesyar Ol yerde turkmen jigitleri hyjuwly cykyslary bilen tomasacylarda yakymly tasirler galdyryarlar Bu yerden uzak bolmadyk kunjekde 800 orunlyk atcylyk sportunyn oyunlaryny gecirmek ucin yoritelesdirilen bina yerlesyar Ol yerde acyk we yapyk gornusli bokus meydancalary bar Malim bolsy yaly ahalteke bedewleri dine bir capysyklarda dal eysem atcylyk sportunyn beyleki gornuslerinde sol sanda olimpiya gornuslerinde hem oran ajayyp netijeleri gorkezyarler Seyle hem yapyk turgenlesik zallary howa sertlerine garamazdan yylyn ahli paslynda turgenlesik gecmage we atlaryn bir durkuny saklamaga onayly mumkincilikleri doredyar Atcylyk sport toplumynyn hojalyk boluminde on sany athana seyisler we capyksuwarlar ucin bas sany yasayys jayy 20 bedewe niyetlenen barlaghana atlar ucin turgenlesik howzy 80 bedewi yarysa tayyarlamak ucin niyetlenen bolum tehniki binalar ussahana nal tayyarlanylyan otag bede we yorite iymleri saklamaga niyetlenen jaylar bar Toplumyn hunarmenleri bedewlere edilyan weterinar hyzmatyna ayratyn uns beryarler Cunki atlar hem edil adamlar yaly turgenler ahyryn hut sonun ucinem bu yerde atlaryn saglygyna gozegcilik gije gundizin dowamynda alnyp barylyar Taze toplumda isewur dususyklaryny beyleki careleri sergiler gecirmek ucin hem ahli mumkincilikler bar Bu bolsa ahalteke bedewlerine dunyanin alymlary we hunarmenleri tarapyndan bolsy yaly isewurler tarapyndan hem gyzyklanmalar barha artyar Seyle hem toplumyn taslamacylary dync alys duzumini hem yatdan cykarmandyrlar Olar binalarda yoritelesdirilen oyun otaglaryny gurup olaryn binagarlik ayratynlygyna uns beripdirler Seylelikde toplumyn ahli binalary bir bitewi sazlasygy emele getiryar Seyle hem bu yerde restoran myhman oyleri acyk asmanyn astyndaky cayhana we amfiteatr bu yere gelyanlere oz hyzmatlaryny hodurleyarler Toplumda cagalar ucin hem yorite otaglar bar Aylawa gelyan korpeler ucin bu yerde sirk manezi yaybanlandyrylypdyr Onun towereginde birnace oyun we sowhun meydancalary yerlesdirilipdir Arassa howada dync almagy we atlar bilen gezelenc etmegi kuyseyanler ucin hem bu yerde ahli amatly sertler hem doredilipdir Toplumda yetginjekler at munmegin ony capmagyn usullary bilen hem tansyp bilyarler Mundan basga da atcylyk sportunyn bolumlerine gatnayan cagalar bu yerde bedewlere ideg etmegin usullaryny owrenyarler Bu gornuslerin ozi cagalaryn dunyagaraysynda taze ajayyp ginisligi acyar Bu yerde cagalar atlar bilen dostlasyarlar Seyle hem at capmak sportun ajayyp gornusidir Bu gornus adam bedenine onyn tasir edyar we ol cagalaryn sazlasykly osusini upjun edyar Belli bolsy yaly her bir caga ussat turgen bolup bilmeyar yone bu yerde beden tayyarlygyny gecyar bedewler bilen ysnysyar Bedewler bilen gecilyan oyunlar toparlayyn gornusde alnyp barylyar Atcylyk sporty senin esasy hunarin bolmazlygy hem mumkin yone bu yere gelip at capmak oran yakymly Bir soz bilen aydanynda hunarmenlerin turgenlesik gecmekleri we atlaryn gownejay saklanmagy seyle hem tasirli oyunlary gezelencleri guramak ucin ahli sertlerin doredilen yeri oran ajayyp kunjek hasaplanyar Ozunin derejesine layyklykda Halkara atcylyk sport toplumy iri halkara yaryslaryny yaslar spartakiadalaryny dunya derejesindaki acyk birinjiligi we yaryslary gecirmage doly mumkincilik beryar Kopetdagyn etegindaki gozel kunjekde yerlesyan toplum dunyanin atsynaslaryny ahalteke bedewlerinin musdaklaryny we hunarmenleri Turkmenistana cagyryar