Informatika Informasiýa informatikanyň ilkinji we düýpli düşünjeleriniň biridir Şonuň üçin informasiýa düşünjesine gysga
Informatika

Informatika—Informasiýa informatikanyň ilkinji we düýpli düşünjeleriniň biridir. Şonuň üçin informasiýa düşünjesine gysgaça kesgitleme bermek ýa-da ony bir sözlem bilen beýan etmek mümkin däldir.
Informasiýa “informatio” diýen latyn sözünden gelip çykýar we türkmen dilinde “düşündirmek”, “aýdyň etmek”, “beýan etmek”, “aýdyp bermek”, “habarlylyk”, “maglumatlylyk” diýen ýaly manylary berýär. Biziň ýerine ýetirýän islendik işimiz haýsydyr bir habary, maglumaty kabul etmek we peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Meselem, kitap, gazet okamak, surata, telewizora seretmek we ş. m. arkaly biz habarlary, maglumatlary kabul edýäris, ýatda saklaýarys, toplaýarys, özümizçe gaýtadan işleýäris hem-de başgalara ýaýradýarys. Hat ýazsak-da, telefonda gürleşsek-de söhbetdeşimize haýsydyr bir habary, maglumaty berýäris. Islendik meseläni çözmek üçin maglumatlar bilen işleýäris, meseläniň şertinde berlen düşünjeden başlap, оnuň çözgüdinde – täze bir düşünjä gelýäris. Habar bermeler önümçilikde we durmuşda ýazgylar we çyzgylar, maglumatlar we hasabatlar, jedweller (tablisalar) ýaly görnüşlerde hem duş gelip bilýärler. Çyzgylar we saz eserleri, kitaplar we suratlar, spektakllar we kinofilmler - bularyň barysy-da informasiýalaryň beýan edilşiniň görnüşleridir. Maglumat anyklyk we dolulyk, gymmatlylyk we derwaýyslyk, aýdyňlyk we düşnüklilik ýaly birnäçe esasy häsiýetlere eýedir. Işiň hakyky ýagdaýyny häsiýetlendirýän maglumat anyk maglumatdyr. Anyk däl maglumatyň nädogry düşünjelere ýa-da nädogry çözüwlere getirmegi mümkin. Eger habar çözgüdi kabul etmek üçin ýeterlik bolsa, onda оňа doly maglumat diýilýär. Doly däl maglumat çözgüdi kabul etmekde ýa-da оňа düşünmekde kynçylyk döredýär. maglumatyň gymmatlylygy onuň kömegi bilen nähili meseleleriň çözülişine baglydyr. Derwaýys maglumat şertleri üýtgäp durýan işlerde zerurdyr. Düşnüksiz sözler bilen aňladylan habar peýdasyz bolup biler. Berilýän maglumat, habar aýdyň we düşňükli bolmalydyr.
Informasiýalaryň kodlanyşy. Maglumatlaryň mukdarynyň ölçeg birlikleri
Maglumatlary dürli usullarda beýan edip, toplap, gaýtadan işläp we ýaýradyp bolýar. Adamlar özara dil ýa-da ýazuw üsti bilen düşünişmeli bolanlarynda kesgitli harplardan düzülen elipbiýden, sifrlerden, dyngy belgilerinden we ş.m. peýdalanýarlar. Elektron hasaplaýjy maşynlarda islendik maglumaty beýan etmekde 2-lik hasaplaýyş ulgamynyň 0 we 1 sifrlerinden düzülen belgiler toplumyndan peýdalanylýar. Diýmek, kompýuter diňe ikilik sanlara düşünýär. 0 ýa-da 1 sifrleri bit (BInary digiT - ikilik sifr) diýip atlandyrýarlar. Edil uzynlygyň metr, wagtyň sagat, massanyň kilogram we ş. m. arkaly ölçenilişi ýaly maglumatlaryň mukdary hem degişli ölçeg birlikleriniň kömegi bilen ölçenilýär. Bit maglumatyň mukdaryny ölçemegiň iň kiçi birligidir. Bitleriň kömegi bilen islendik belgini aňladyp bolýar. Eger şeýle bolýan bolsa, onda näme üçin kompýuterde latyn “A” harpy ýazgyly düwmejik basylanda, ekranda onuň şekili peýda bolýar-ka? Häzirki zaman EHM-leriniň köpüsinde her bir belgä bitleriň sekiz sanysyndan düzülen yzygiderlik degişli edilýär. Oňa belginiň ikilik kody diýilýär we baýt diýlip atlandyrylýar. Baýt “byte” diýen iňlis sözünden alnan, 1 baýt = 8 bit. Meselem latyn “A” harpy 01000001 (10-luk hasaplaýyş ulgamynda 65), latyn “B” harpy 01000010 (10-luk hasaplaýyş ulgamynda 66) san bilen belgilenýär. Her bir harpa, sifre, belgä 0-dan 255-e çenli aralykda üýtgeýän haýsydyr bir onlyk san görnüşinde kod degişli edilýär. 255-den uly sanlar bilen belgileri kodlamak mümkin däldir (sebäbi bitleriniň hemmesi 1-likler bolan san: 11111111 = 128 + 64 + 32 + 16 + 8 + 4 + 2 + 1 = 255). Latyn “A” harpynyň basylmagy bilen kompýutere onuň ikilik sifrlerden düzülen kody (baýty) ugradylýar, ýörite elektron shemalar şu kod arkaly “A” harpynyň duran ýerini tapýarlar we ony ekranda “çap edýärler”. Häzirki döwürde belgileriň 128 sanysyny (0-dan 127-ä çenli sanlar arkaly) kodirleýän ASCII (American Standart Code for Information Interehange) kod jedweli ölçeg hökmünde peýdalanylýar. Onda dolandyryjy belgiler (0-dan 31-e çenli, meselem, [Enter] we [Esc] klawişleri degişlilikde 13 we 27), hyzmat ediji belgiler (meselem, boş ýer 32, “-“ belgisi 45, “_” belgisi 95), sifrler (48-den 57-ä çenli), baş we setir latyn harplary (degişlilikde 65-den 90-a we 97-den 122-ä çenli) kodlanandyrlar. Belgileriň galan 128 sanysy (128-den 255-ä çenli sanlar arkaly) ölçeg hökmünde kesgitlenen däldir. Onda milli elipbiýler we käbir belgiler kodlanýarlar. Maglumatyň mukdaryny ölçemek üçin bit we baýtdan başga-da has uly ölçeg birlikleri (Kbaýt, Mbaýt, Gbaýt) hem ulanylýar:
1 Kbaýt (bir kilobaýt) = 210 baýt = 1 024 baýt;
1 Mbaýt (bir megabaýt) = 210 Kbaýt = 1 024 Kbaýt;
1 Gbaýt (bir gigabaýt) = 210 Mbaýt = 1 024 Mbaýt.
1 Tbaýt (bir terebaýt) = 210 Gbaýt = 1 024 Gbaýt.
Bashga temalara seret:
Wikimedia Commonsda Informatika bilen bagly medýa faýllary tapyp bilersiňiz. |
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Informatika hakda maglumat, Informatika näme? Informatika näme diýmek?
Informatika Informasiya informatikanyn ilkinji we duypli dusunjelerinin biridir Sonun ucin informasiya dusunjesine gysgaca kesgitleme bermek ya da ony bir sozlem bilen beyan etmek mumkin daldir Kompyuter Informasiya informatio diyen latyn sozunden gelip cykyar we turkmen dilinde dusundirmek aydyn etmek beyan etmek aydyp bermek habarlylyk maglumatlylyk diyen yaly manylary beryar Bizin yerine yetiryan islendik isimiz haysydyr bir habary maglumaty kabul etmek we peydalanmak bilen baglanysyklydyr Meselem kitap gazet okamak surata telewizora seretmek we s m arkaly biz habarlary maglumatlary kabul edyaris yatda saklayarys toplayarys ozumizce gaytadan isleyaris hem de basgalara yayradyarys Hat yazsak da telefonda gurlessek de sohbetdesimize haysydyr bir habary maglumaty beryaris Islendik meselani cozmek ucin maglumatlar bilen isleyaris meselanin sertinde berlen dusunjeden baslap onun cozgudinde taze bir dusunja gelyaris Habar bermeler onumcilikde we durmusda yazgylar we cyzgylar maglumatlar we hasabatlar jedweller tablisalar yaly gornuslerde hem dus gelip bilyarler Cyzgylar we saz eserleri kitaplar we suratlar spektakllar we kinofilmler bularyn barysy da informasiyalaryn beyan edilsinin gornusleridir Maglumat anyklyk we dolulyk gymmatlylyk we derwayyslyk aydynlyk we dusnuklilik yaly birnace esasy hasiyetlere eyedir Isin hakyky yagdayyny hasiyetlendiryan maglumat anyk maglumatdyr Anyk dal maglumatyn nadogry dusunjelere ya da nadogry cozuwlere getirmegi mumkin Eger habar cozgudi kabul etmek ucin yeterlik bolsa onda ona doly maglumat diyilyar Doly dal maglumat cozgudi kabul etmekde ya da ona dusunmekde kyncylyk doredyar maglumatyn gymmatlylygy onun komegi bilen nahili meselelerin cozulisine baglydyr Derwayys maglumat sertleri uytgap duryan islerde zerurdyr Dusnuksiz sozler bilen anladylan habar peydasyz bolup biler Berilyan maglumat habar aydyn we dusnukli bolmalydyr Informasiyalaryn kodlanysy Maglumatlaryn mukdarynyn olceg birlikleriMaglumatlary durli usullarda beyan edip toplap gaytadan islap we yayradyp bolyar Adamlar ozara dil ya da yazuw usti bilen dusunismeli bolanlarynda kesgitli harplardan duzulen elipbiyden sifrlerden dyngy belgilerinden we s m peydalanyarlar Elektron hasaplayjy masynlarda islendik maglumaty beyan etmekde 2 lik hasaplayys ulgamynyn 0 we 1 sifrlerinden duzulen belgiler toplumyndan peydalanylyar Diymek kompyuter dine ikilik sanlara dusunyar 0 ya da 1 sifrleri bit BInary digiT ikilik sifr diyip atlandyryarlar Edil uzynlygyn metr wagtyn sagat massanyn kilogram we s m arkaly olcenilisi yaly maglumatlaryn mukdary hem degisli olceg birliklerinin komegi bilen olcenilyar Bit maglumatyn mukdaryny olcemegin in kici birligidir Bitlerin komegi bilen islendik belgini anladyp bolyar Eger seyle bolyan bolsa onda name ucin kompyuterde latyn A harpy yazgyly duwmejik basylanda ekranda onun sekili peyda bolyar ka Hazirki zaman EHM lerinin kopusinde her bir belga bitlerin sekiz sanysyndan duzulen yzygiderlik degisli edilyar Ona belginin ikilik kody diyilyar we bayt diylip atlandyrylyar Bayt byte diyen inlis sozunden alnan 1 bayt 8 bit Meselem latyn A harpy 01000001 10 luk hasaplayys ulgamynda 65 latyn B harpy 01000010 10 luk hasaplayys ulgamynda 66 san bilen belgilenyar Her bir harpa sifre belga 0 dan 255 e cenli aralykda uytgeyan haysydyr bir onlyk san gornusinde kod degisli edilyar 255 den uly sanlar bilen belgileri kodlamak mumkin daldir sebabi bitlerinin hemmesi 1 likler bolan san 11111111 128 64 32 16 8 4 2 1 255 Latyn A harpynyn basylmagy bilen kompyutere onun ikilik sifrlerden duzulen kody bayty ugradylyar yorite elektron shemalar su kod arkaly A harpynyn duran yerini tapyarlar we ony ekranda cap edyarler Hazirki dowurde belgilerin 128 sanysyny 0 dan 127 a cenli sanlar arkaly kodirleyan ASCII American Standart Code for Information Interehange kod jedweli olceg hokmunde peydalanylyar Onda dolandyryjy belgiler 0 dan 31 e cenli meselem Enter we Esc klawisleri degislilikde 13 we 27 hyzmat ediji belgiler meselem bos yer 32 belgisi 45 belgisi 95 sifrler 48 den 57 a cenli bas we setir latyn harplary degislilikde 65 den 90 a we 97 den 122 a cenli kodlanandyrlar Belgilerin galan 128 sanysy 128 den 255 a cenli sanlar arkaly olceg hokmunde kesgitlenen daldir Onda milli elipbiyler we kabir belgiler kodlanyarlar Maglumatyn mukdaryny olcemek ucin bit we baytdan basga da has uly olceg birlikleri Kbayt Mbayt Gbayt hem ulanylyar 1 Kbayt bir kilobayt 210 bayt 1 024 bayt 1 Mbayt bir megabayt 210 Kbayt 1 024 Kbayt 1 Gbayt bir gigabayt 210 Mbayt 1 024 Mbayt 1 Tbayt bir terebayt 210 Gbayt 1 024 Gbayt Bashga temalara seret Wikimedia Commonsda Informatika bilen bagly medya fayllary tapyp bilersiniz Matematiki logika barada dusunje Matematiki logikanyn elementleri