Kazy Ahmed Burhaneddin Türkçe Kadı Ahmet Burhanettin Türkmenleriñ we sebitlerinde 1381 1398 nji ýyllar aralygynda dowam
Kazy Ahmet Burhaneddin Siwasly

Kazy Ahmed Burhaneddin (Türkçe:Kadı Ahmet Burhanettin) Türkmenleriñ we sebitlerinde 1381-1398-nji ýyllar aralygynda dowam eden begligini esaslandyryjy. Ol 1345-nji ýylda Kaýsaryda doglupdyr. Onuñ kakasy Şemsetdin Mämmet Kaýsarynyñ kazysy bolupdyr. Bu nebere oguzlaryñ Salyr boýundan gelip çykandyr. Burhaneddiniñ atasy Mämmet Horezmden göçüp, Anadolynyñ Kastamonu sebitine (Gara deñziniñ günorta kenarlary) gelipdir. Burhaneddin 4-5 ýaşlaryndan başlap bilim öwrenmäge başlapdyr. Gysga wagtda arapça, parsça ýazmagy we okamagy öwrenipdir. Ol Şamda we Müsürde beýik ylym adamlaryndan sapak alyp, özüniñ ylym derejesini artdyrypdyr. Burhaneddin Ahmet 1364-nji ýylda Kaýsarynyñ kazylygyna bellenipdir. Ol Kaýsaryny edara edýän Eretnaogullary begi Gyýaseddin Mämmediñ gyzyna öýlenipdir. Kazylygy bilen birlikde özüni syýasy sahnada hem görkezip başlapdyr. Eratna begliginiñ gowşamagyndan peýdalanyp goñşy Garamanogullary Kaýsaryny olaryñ elinden alypdyr. Emma Burhaneddin Ahmet Kaýsaryny Garamanogullarynyñ elinden yzyna alypdyr. Bu hyzmaty üçin Eratna begi Aly beg ony 1375-nji ýylda öz wezirligine belläpdir. Eratna begliginiñ ýykylmagy bilen 1381-nji ýylda Kazy Burhanneddin Ahmet Siwasda özüni hökümdar diýip yglan edipdir. Adyna hutba okadypdyr, teññe zikgeledipdir. Burhaneddin Ahmet Yrakdaky, Şamdaky we Anadoludaky musulman döwletlerine ilçi ýollap, öz hökümdarlygyny ykrar etmekleri barada namalar gönderipdir. Kazy Burhaneddin Ahmediñ Müsürdäki Memluk türkmenleriniñ soltanlygy bilen gatnaşyklary dostana ýagdaýda bolmandyr. Sebäbi ol memluklaryñ elinden Malatyýany alypdyr. Memluklaryñ şäheri yzyna gaýdyp almak synanyşygy şowsuz tamamlanypdyr (1389). Kazy Burhaneddin Ahmet Çorumuñ golaýyndaky Kyrkdilim diýen ýerde bolan söweşde Ýyldyrym Baýezidiñ ýolbaşçylygyndaky Osman türkmen goşunyny ýeñipdir (1391). Kyrkdilim söweşinde gazanan ajaýyp ýeñşi Kazy Burhaneddin Ahmediñ şöhratyny Anadola hasam ýaýypdyr. Ol Kastamonu saparynyñ netijesinde öñ osmanlara tabyn bolan käbir ýerleri özüniñ gol astyna alypdyr. Şu ýeñişleriñ yzysüre Kazy Burhaneddin Ahmediñ yzly-yzyna iki oglunyñ ölümüniñ bagyr awusyny çekendigini bellemegimiz gerek. Kazy Burhaneddin Ahmet Teýmirleñe garşy gazaply göreşen türkmen serkerdesidir. Ol Teýmirleñe garşy bileleşigi döretmek üçin Müsürdäki memluk türkmenleriniñ soltany Berkuk, Osman türkmenleriniñ soltany Ýyldyrym Baýezit, Altyn Ordanyñ hany Togtamyş han bilen gepleşikler geçiripdir. Teýmirleñ Hasangalanyñ Çopan köprüsi diýen ýerine gelende bu dörtler bileleşiginiñ garşysyna durup bilmejekdigine düşünipdir. Olary ýeke-ýekeden dargatmagyñ amatlydygyny bilip, ilki Togtamyşyñ üstüne gidipdir. Kazy Burhaneddin Ahmet Teýmirleñe boýun egen türkmen beglerini sylap goýmandyr. 1394-nji ýylyñ ýazynda şeýle beglikleriñ biri bolan Garamanogullarynyñ üstüne ýöriş edipdir. Akgoýunly türkmenleriñ hökümdary Gara Ýülük Osman öz doganlaryna garşy göreşde Kazy Burhaneddin Ahmediñ hyzmatyna giripdir. Ol Burhaneddiniñ iñ bir ynamdar emirleriniñ birine öwrülipdir. Emma Gara Ýülük Osman bilen Burhaneddiniñ aragatnaşyklary ýaramazlaşypdyr. Onuñ sebäpleri barada çeşmelerde gapma-garşy maglumatlar bar. Gepiñ gysgasy 1398-nji ýylda Siwasyñ golaýynda gije bolan söweşde Osman beg Burhaneddini öldüripdir. Kazy Burhaneddiniñ gubury Siwas şäherindedir. Ömrüniñ köp bölegi ýörişlerde geçendigi sebäpli Burhaneddine «Abul Fath» lakamy berlipdir. Çeşmelerde Kazy Burhaneddin alym, adyl soltan, sylag-hormatyñ eýesi hasaplanýan, çydamly, alymlary goldaýan adam hökmünde suratlandyrylýar: «Ulamalar bilen söhbetdeşlik etmekden lezzet alýardy. Hepdede üç gün — Başgün, Sogapgün, we Anna günleri ylmy söhbetleri gurardy». Kazy Burhaneddiniñ ölüm habary Hindistanda ýörişde bolan Teýmir Agsaga-da ýetipdir. Esasy duşmanynyñ biriniñ aradan aýrylandygyna begenen Agsak Teýmir derhal Anadola tarap ümzügini öwrüpdir. Teýmire Kazy Burhaneddiniñ näderejede kuwwatly bir hökümdardygyny şeýle habar beripdirler: «Burhaneddin hiç haçan öz duşmanlarynyñ özüne garşy birleşmegine mümkinçilik bermändir». Erzinjan häkiminiñ 5 müñ, Garamanogullarynyñ 10 müñ, Niksar begi Mahmyt Çelebiniñ 6 müñ, Bafra emiriniñ 2 müñ, mongollaryñ, Diýarbekir we Şam türkmenleriniñ 20 müñ adamly goşuny bilen garşysyna çykanda-da onuñ özüni nähili gorap bilendigi Teýmiri üýşendiripdir. Kazy Burhaneddin Ahmet ýogalansoñ onuñ guran begliginiñ möhüm ähmiýetli Tokat, Niksar, Siwas we Kaýsary şäherleri Osman türkmenleriniñ döwletiniñ golastyna geçipdir. Kazy Burhaneddin Ahmet merkezi häkimiýeti güýçlendiren türkmen hökümdarydyr. Özüne garşy çykanlaryñ gozgalañyny basyp ýatyrmak üçin ol merkezde güýçli goşun saklapdyr. Ömrüniñ köp böleginiñ söweşlerde geçendigine garamazdan, gurluşyk işlerini-de ünsden düşürmändir. Turhalda, Erzinjanda, Niksarda, Kyrşehirde galalar, metjit-medreseler saldyrypdyr. Kazy Burhaneddin hökümdar, serkerde bolmak bilen bilelikde «Siwasly» lakamy bilen goşgy ýazan meşhur türkmen şahyrydyr. Edebiýatçy alym Abdyrahman Mülkamanow «Burhaneddiniñ söz sungaty» /«Edebiýat we sungat», 2001ý. Nowruz aýynyñ 16-sy/ atly makalasynda bu barada şeýle ýazýar: «Ussat şahyr şygyrlar ýazanda, halkyñ dil baýlygyna, sözüñ gudratyna uly sarpa goýupdyr. Sözleriñ açyk-ýapyk bogunlarda gelişlerine, olaryñ sazlaşygyna, çekimsiz sesleriñ öz orunlaryny tapmagyna, gaýtalanýan sözleriñ-sesleriñ biri-birini güýçlendirişine uly üns beripdir. Şahyr şygra girýän sözleriñ ýakyp-ýandyryjy bolmalydygyny nygtapdyr. Her sözüñ, her jümläniñ hyjuw bilen gaýnap durmagyny gazanypdyr. Şahyryñ eserleriniñ ýene bir özboluşly tarapy tejnisler (omonimler) ýa-da söz oýnatmalary bilen bezelenligidir».
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Kazy Ahmet Burhaneddin Siwasly hakda maglumat, Kazy Ahmet Burhaneddin Siwasly näme? Kazy Ahmet Burhaneddin Siwasly näme diýmek?
Kazy Ahmed Burhaneddin Turkce Kadi Ahmet Burhanettin Turkmenlerin we sebitlerinde 1381 1398 nji yyllar aralygynda dowam eden begligini esaslandyryjy Ol 1345 nji yylda Kaysaryda doglupdyr Onun kakasy Semsetdin Mammet Kaysarynyn kazysy bolupdyr Bu nebere oguzlaryn Salyr boyundan gelip cykandyr Burhaneddinin atasy Mammet Horezmden gocup Anadolynyn Kastamonu sebitine Gara denzinin gunorta kenarlary gelipdir Burhaneddin 4 5 yaslaryndan baslap bilim owrenmage baslapdyr Gysga wagtda arapca parsca yazmagy we okamagy owrenipdir Ol Samda we Musurde beyik ylym adamlaryndan sapak alyp ozunin ylym derejesini artdyrypdyr Burhaneddin Ahmet 1364 nji yylda Kaysarynyn kazylygyna bellenipdir Ol Kaysaryny edara edyan Eretnaogullary begi Gyyaseddin Mammedin gyzyna oylenipdir Kazylygy bilen birlikde ozuni syyasy sahnada hem gorkezip baslapdyr Eratna begliginin gowsamagyndan peydalanyp gonsy Garamanogullary Kaysaryny olaryn elinden alypdyr Emma Burhaneddin Ahmet Kaysaryny Garamanogullarynyn elinden yzyna alypdyr Bu hyzmaty ucin Eratna begi Aly beg ony 1375 nji yylda oz wezirligine bellapdir Eratna begliginin yykylmagy bilen 1381 nji yylda Kazy Burhanneddin Ahmet Siwasda ozuni hokumdar diyip yglan edipdir Adyna hutba okadypdyr tenne zikgeledipdir Burhaneddin Ahmet Yrakdaky Samdaky we Anadoludaky musulman dowletlerine ilci yollap oz hokumdarlygyny ykrar etmekleri barada namalar gonderipdir Kazy Burhaneddin Ahmedin Musurdaki Memluk turkmenlerinin soltanlygy bilen gatnasyklary dostana yagdayda bolmandyr Sebabi ol memluklaryn elinden Malatyyany alypdyr Memluklaryn saheri yzyna gaydyp almak synanysygy sowsuz tamamlanypdyr 1389 Kazy Burhaneddin Ahmet Corumun golayyndaky Kyrkdilim diyen yerde bolan sowesde Yyldyrym Bayezidin yolbascylygyndaky Osman turkmen gosunyny yenipdir 1391 Kyrkdilim sowesinde gazanan ajayyp yensi Kazy Burhaneddin Ahmedin sohratyny Anadola hasam yayypdyr Ol Kastamonu saparynyn netijesinde on osmanlara tabyn bolan kabir yerleri ozunin gol astyna alypdyr Su yenislerin yzysure Kazy Burhaneddin Ahmedin yzly yzyna iki oglunyn olumunin bagyr awusyny cekendigini bellemegimiz gerek Kazy Burhaneddin Ahmet Teymirlene garsy gazaply goresen turkmen serkerdesidir Ol Teymirlene garsy bilelesigi doretmek ucin Musurdaki memluk turkmenlerinin soltany Berkuk Osman turkmenlerinin soltany Yyldyrym Bayezit Altyn Ordanyn hany Togtamys han bilen geplesikler geciripdir Teymirlen Hasangalanyn Copan koprusi diyen yerine gelende bu dortler bilelesiginin garsysyna durup bilmejekdigine dusunipdir Olary yeke yekeden dargatmagyn amatlydygyny bilip ilki Togtamysyn ustune gidipdir Kazy Burhaneddin Ahmet Teymirlene boyun egen turkmen beglerini sylap goymandyr 1394 nji yylyn yazynda seyle begliklerin biri bolan Garamanogullarynyn ustune yoris edipdir Akgoyunly turkmenlerin hokumdary Gara Yuluk Osman oz doganlaryna garsy goresde Kazy Burhaneddin Ahmedin hyzmatyna giripdir Ol Burhaneddinin in bir ynamdar emirlerinin birine owrulipdir Emma Gara Yuluk Osman bilen Burhaneddinin aragatnasyklary yaramazlasypdyr Onun sebapleri barada cesmelerde gapma garsy maglumatlar bar Gepin gysgasy 1398 nji yylda Siwasyn golayynda gije bolan sowesde Osman beg Burhaneddini olduripdir Kazy Burhaneddinin gubury Siwas saherindedir Omrunin kop bolegi yorislerde gecendigi sebapli Burhaneddine Abul Fath lakamy berlipdir Cesmelerde Kazy Burhaneddin alym adyl soltan sylag hormatyn eyesi hasaplanyan cydamly alymlary goldayan adam hokmunde suratlandyrylyar Ulamalar bilen sohbetdeslik etmekden lezzet alyardy Hepdede uc gun Basgun Sogapgun we Anna gunleri ylmy sohbetleri gurardy Kazy Burhaneddinin olum habary Hindistanda yorisde bolan Teymir Agsaga da yetipdir Esasy dusmanynyn birinin aradan ayrylandygyna begenen Agsak Teymir derhal Anadola tarap umzugini owrupdir Teymire Kazy Burhaneddinin naderejede kuwwatly bir hokumdardygyny seyle habar beripdirler Burhaneddin hic hacan oz dusmanlarynyn ozune garsy birlesmegine mumkincilik bermandir Erzinjan hakiminin 5 mun Garamanogullarynyn 10 mun Niksar begi Mahmyt Celebinin 6 mun Bafra emirinin 2 mun mongollaryn Diyarbekir we Sam turkmenlerinin 20 mun adamly gosuny bilen garsysyna cykanda da onun ozuni nahili gorap bilendigi Teymiri uysendiripdir Kazy Burhaneddin Ahmet yogalanson onun guran begliginin mohum ahmiyetli Tokat Niksar Siwas we Kaysary saherleri Osman turkmenlerinin dowletinin golastyna gecipdir Kazy Burhaneddin Ahmet merkezi hakimiyeti guyclendiren turkmen hokumdarydyr Ozune garsy cykanlaryn gozgalanyny basyp yatyrmak ucin ol merkezde guycli gosun saklapdyr Omrunin kop boleginin soweslerde gecendigine garamazdan gurlusyk islerini de unsden dusurmandir Turhalda Erzinjanda Niksarda Kyrsehirde galalar metjit medreseler saldyrypdyr Kazy Burhaneddin hokumdar serkerde bolmak bilen bilelikde Siwasly lakamy bilen gosgy yazan meshur turkmen sahyrydyr Edebiyatcy alym Abdyrahman Mulkamanow Burhaneddinin soz sungaty Edebiyat we sungat 2001y Nowruz ayynyn 16 sy atly makalasynda bu barada seyle yazyar Ussat sahyr sygyrlar yazanda halkyn dil baylygyna sozun gudratyna uly sarpa goyupdyr Sozlerin acyk yapyk bogunlarda gelislerine olaryn sazlasygyna cekimsiz seslerin oz orunlaryny tapmagyna gaytalanyan sozlerin seslerin biri birini guyclendirisine uly uns beripdir Sahyr sygra giryan sozlerin yakyp yandyryjy bolmalydygyny nygtapdyr Her sozun her jumlanin hyjuw bilen gaynap durmagyny gazanypdyr Sahyryn eserlerinin yene bir ozbolusly tarapy tejnisler omonimler ya da soz oynatmalary bilen bezelenligidir