GurluşyKelle beýnisi kelleçanagyň içindäki boşlukda ýerleşýär Ol esasan üç bölümden ýagny sütünden beýnijikden we öňdäki
Kelle beýnisi

Gurluşy
Kelle beýnisi kelleçanagyň içindäki boşlukda ýerleşýär. Ol, esasan, üç bölümden, ýagny sütünden, beýnijikden we öňdäki beýniniň uly ýarym şaryndan durýar.
Sütün bölümi. Kelle beýnisiniň sütün bölümi süýri beýniden, köprüden, ortaky we aralyk beýnilerden durýar. Süýri beýni oňurga ýiliginiň göni dowamydyr. Onuň görnüşi oňurga ýiligine meňzeşdir. Onuň öňki we yzky üstlerinde edil oňurga ýiliginiňki ýaly oňat bildirýän dik joýajygy bar. Süýri beýniniň kese-kesiginde ak we çal maddalar görünýärler. Aşaky böleginde çal madda kebelek şekilli görnüşde bolýar. Ýokarky böleginde bolsa, ol ak maddanyň içinde ýerleşýär we aýry-aýry toplumlary - ýadrolary emele getirýär. Süýri beýni ýaşaýyş üçin birnäçe möhüm işleri ýerine ýetirýär. Onda dem alyş we ýürek-damar ulgamynyň merkezleri ýerleşýärler. Ondan başga-da süýri beýnide sormaklygyň, ýuwutmaklygyň, çeýnemekligiň nerw merkezleri, şeýle hem diliň we galkan görnüşli mäziň işlerini sazlaşdyrýan nerw merkezleri bar. Birnäçe goranyş refleksleri - üsgürme, asgyrma, gaýtarma hadysalary hem süýri beýni bilen baglanyşyklydyr. Süýri beýniden ýokarda, ondan aýdyň kese joýajyk bilen bölünen köpri ýerleşendir. Köpriniň esasy bölegini keseligine ýerleşen nerw süýümlerinden emele gelen ak madda düzýär. Çal madda aýry-aýry ýadrolar görnüşinde ak maddanyň galyňlygynda ýerleşýär. Ol ýadrolar nerw öyjükleriniň (neýronlaryň) bedenlerinde emele gelendirler, olardan ösüntgiler aýrylyp gaýdýarlar. Köprüniň üstünden öňdäki we ortaky beýnini süýri beýni we oňurga ýiligi bilen baglanyşdyrýan nerw ýollary geçýärler. Yüz we eşidiş nerwleri hem köprüden aýrylyp gaýdýarlar. Eşidiş nerwleri eşidiş reseptorlaryndan gelýän habarlardan başga-da deňagramlylygy saklaýan synalardan gelýän habarlary hem beýnä geçirýärler. Köprüden soň ortaky beýni gelýär. Ortaky beýniniň içinde çal maddanyň uly bolmadyk toplumlary ýerleşýär. Köprüden we süýri beýniden öňdäki beýnä geçýän, ol ýerden hem yzyna barýan köp sanly nerw baglanyşyklary ortaky beýniniň üstünden geçýär. Bu ýerde birnäçe möhüm duýujy, şol sanda görüş hem-de eşidiş we hereketlendiriji merkezler ýerleşendir. Mundan başga-da ortaky beýniden myşsalara üznüksiz oýanyş geçirilip durulýar. Netijede, beden özüniň belli bir görnüşini saklap durýar, myşsalar bolsa kadaly dartgynlygynda galýar. Aralyk beýni sütüniň iň ýokarsynda ýerleşýär. Onuň aşaky ýüzünde gipofiz (beýniniň aşagyndaky ösüntgi) ýerleşýär. Aralyk beýnide içki synalaryň işini dolandyrýan merkezler, şeýle hem bedeniň gyzgynlygyny sazlaşdyrýan, teşneligiň, açlygyň we doklugyň duýgularyny berýän merkezler ýerleşýärler. Sütüniň içinden käbir ýerlerinde giňelýän akaba geçýär. Ol oňurga ýilik akabasynyň dowamydyr. Sütüniň üstüniň köp bölegi ak madda bilen örtülendir. Sütüniň içinde ýerleşen nerw öýjükleri, bedenlerinde bolsa aýry-aýry ýadrolar görnüşinde çal madda emele gelendir.
Beýnijigiň gurluşy we işi.
Beýnijik süýri beýniniň üstünde, ýarym şarlaryň yzynda we aşagynda ýerleşendir. Adamyň beýnijiginiň agramy 150 gr. töweregidir. Oňurga ýiliginden we kelle beýnisiniň sütün böleginden tapawutlylykda, beýnijigiň üsti çal maddanyň ýukajyk gatlagy bilen örtülendir. Bu onuň gabygydyr. Nerw öýjükleriniň ösüntgilerinden emele gelen ak madda beýnijigiň içki gatlagynda ýerleşendir. Bu ösüntgiler beýnijigi merkezi nerw ulgamynyň beýleki bölümleri bilen baglanyşdyrýar. Beýnijik bedeniň çylşyrymly hereketlerini sazlaşdyrmakda, şeýle hem bedeniň deňagramlylygyny saklamakda uly ähmiýete eýedir. Adamda beýnijigiň işiniň näsazlygy kadaly hereketi bozýar, ujaklaryň aýry-aýry myşsa toparlarynyň arasyndaky myşsa dartgynlyklary kadasyzlandyrýar. Şeýlelikde, edilýän hereket tagaşyksyz we näsaz bolýar. Adam derrew ýadaýar, aýaklarynyň arasyny giňden açyp ýöreýär, üznüksiz yranýar, büdreýär we ýykylýar. Beýnijigiň şular yaly bozulmalary birnäçe wagtdan soň doly bolmadyk ýagdaýda dikelýär. Bu bolsa hereketiň sazlaşdyrylmagyna kelle beýnisiniň gabygynyň hem gatnaşýandygyny görkezýär.
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Kelle beýnisi hakda maglumat, Kelle beýnisi näme? Kelle beýnisi näme diýmek?
GurlusyKelle beynisi kellecanagyn icindaki boslukda yerlesyar Ol esasan uc bolumden yagny sutunden beynijikden we ondaki beyninin uly yarym saryndan duryar Sutun bolumi Kelle beynisinin sutun bolumi suyri beyniden kopruden ortaky we aralyk beynilerden duryar Suyri beyni onurga yiliginin goni dowamydyr Onun gornusi onurga yiligine menzesdir Onun onki we yzky ustlerinde edil onurga yiligininki yaly onat bildiryan dik joyajygy bar Suyri beyninin kese kesiginde ak we cal maddalar gorunyarler Asaky boleginde cal madda kebelek sekilli gornusde bolyar Yokarky boleginde bolsa ol ak maddanyn icinde yerlesyar we ayry ayry toplumlary yadrolary emele getiryar Suyri beyni yasayys ucin birnace mohum isleri yerine yetiryar Onda dem alys we yurek damar ulgamynyn merkezleri yerlesyarler Ondan basga da suyri beynide sormaklygyn yuwutmaklygyn ceynemekligin nerw merkezleri seyle hem dilin we galkan gornusli mazin islerini sazlasdyryan nerw merkezleri bar Birnace goranys refleksleri usgurme asgyrma gaytarma hadysalary hem suyri beyni bilen baglanysyklydyr Suyri beyniden yokarda ondan aydyn kese joyajyk bilen bolunen kopri yerlesendir Koprinin esasy bolegini keseligine yerlesen nerw suyumlerinden emele gelen ak madda duzyar Cal madda ayry ayry yadrolar gornusinde ak maddanyn galynlygynda yerlesyar Ol yadrolar nerw oyjuklerinin neyronlaryn bedenlerinde emele gelendirler olardan osuntgiler ayrylyp gaydyarlar Koprunin ustunden ondaki we ortaky beynini suyri beyni we onurga yiligi bilen baglanysdyryan nerw yollary gecyarler Yuz we esidis nerwleri hem kopruden ayrylyp gaydyarlar Esidis nerwleri esidis reseptorlaryndan gelyan habarlardan basga da denagramlylygy saklayan synalardan gelyan habarlary hem beyna geciryarler Kopruden son ortaky beyni gelyar Ortaky beyninin icinde cal maddanyn uly bolmadyk toplumlary yerlesyar Kopruden we suyri beyniden ondaki beyna gecyan ol yerden hem yzyna baryan kop sanly nerw baglanysyklary ortaky beyninin ustunden gecyar Bu yerde birnace mohum duyujy sol sanda gorus hem de esidis we hereketlendiriji merkezler yerlesendir Mundan basga da ortaky beyniden myssalara uznuksiz oyanys gecirilip durulyar Netijede beden ozunin belli bir gornusini saklap duryar myssalar bolsa kadaly dartgynlygynda galyar Aralyk beyni sutunin in yokarsynda yerlesyar Onun asaky yuzunde gipofiz beyninin asagyndaky osuntgi yerlesyar Aralyk beynide icki synalaryn isini dolandyryan merkezler seyle hem bedenin gyzgynlygyny sazlasdyryan tesneligin aclygyn we doklugyn duygularyny beryan merkezler yerlesyarler Sutunin icinden kabir yerlerinde ginelyan akaba gecyar Ol onurga yilik akabasynyn dowamydyr Sutunin ustunin kop bolegi ak madda bilen ortulendir Sutunin icinde yerlesen nerw oyjukleri bedenlerinde bolsa ayry ayry yadrolar gornusinde cal madda emele gelendir Beynijigin gurlusy we isi Beynijik suyri beyninin ustunde yarym sarlaryn yzynda we asagynda yerlesendir Adamyn beynijiginin agramy 150 gr toweregidir Onurga yiliginden we kelle beynisinin sutun boleginden tapawutlylykda beynijigin usti cal maddanyn yukajyk gatlagy bilen ortulendir Bu onun gabygydyr Nerw oyjuklerinin osuntgilerinden emele gelen ak madda beynijigin icki gatlagynda yerlesendir Bu osuntgiler beynijigi merkezi nerw ulgamynyn beyleki bolumleri bilen baglanysdyryar Beynijik bedenin cylsyrymly hereketlerini sazlasdyrmakda seyle hem bedenin denagramlylygyny saklamakda uly ahmiyete eyedir Adamda beynijigin isinin nasazlygy kadaly hereketi bozyar ujaklaryn ayry ayry myssa toparlarynyn arasyndaky myssa dartgynlyklary kadasyzlandyryar Seylelikde edilyan hereket tagasyksyz we nasaz bolyar Adam derrew yadayar ayaklarynyn arasyny ginden acyp yoreyar uznuksiz yranyar budreyar we yykylyar Beynijigin sular yaly bozulmalary birnace wagtdan son doly bolmadyk yagdayda dikelyar Bu bolsa hereketin sazlasdyrylmagyna kelle beynisinin gabygynyn hem gatnasyandygyny gorkezyar