Türkmenistanda Aziada 2017 taýýarlyk V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bary ýogy 200 gün galdy Bir tarapdan bu wagt oýunl
Türkmenistanda “Aziada – 2017” taýýarlyk.

Türkmenistanda “Aziada – 2017” taýýarlyk. V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bary ýogy 200 gün galdy. Bir tarapdan, bu wagt oýunlara ykjam taýarlyk görmek üçin ýeterlik ýaly beýleki tarapdan bolsa, wagt az ýaly, çünki edilmeli işler örän köp we iňňän jogapkärçiliklidir. “Aziýada-2017” örän iri taslamadyr. Ol tutuş sebitiň we yklymyň sport hem-de syýahatçylyk durmuşynyň merkezi hökmünde biziň ýurdymyz barada dünýä bileleşiginde täze garaýyşlary döretmelidir. Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlary, 2014-ni ýylyň noýabyrynda türkmen Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan gol çekilen taryhy Ähtnama laýyklykda, Aziýa ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleriniň 45-siniň, şeýle hem Okeaniýa döwletleriniň 17-siniň wekilllerini ýygnap özüniň AIMAG seriýasynda iň irisi bolar. Oňa dünýäniň 62 döwletinden 5 müňden gowrak türgen gatnaşyp olar sportyň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Bize geljek müňlerçe adam şol sanda žurnalistler we janköýerler özleri üçin täze Türkmenistany – ruhubelentligiň we ösüşiň sportyň we sagdynlygyň ýurdyny açarlar. Bu babatda esasy wezipeleriň biri hem “Aziada-2017” maksadnamasyny durmyşa geçirmekde Aşgabadyň, Türkmenistanyň durnykly ösüşüni we gözelleşmegini üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmak bolup durýar. Gürrüň häzirki wagtda we geljekde serişdeler kuwatyny netijeli peýdalanmagyň hasabyna durmyş we ykdysady ulgamlarda uzak möhletlerde oňyn özgerişleri amala aşyrmak barada barýar. Oýunlaryň mirasyny maddy we maddy däl esaslara bölmek bolar. Oýunlarda işlejek adamlaryň umumy sany 11 müňe golaý. Olardan 10 müňsi meýletinçilerdir. Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlary diňe bir Türkmenistana şöhrat getirmek Internet giňişliginde ýurdy täzeden açyp görkezmek bilen çäklenmän eýsem, syýahatçylygyň ösdürülmegine, Türkmenistanyň dünýäniň sport hereketine goşuluşmagyna kuwwatly itergi berýär. Biziň ýurdymyzda eýýäm milli göreş boýunça dünýä çempionaty, windsýorfing boýunça dünýä kubogy ýaly iri halkara ýaryşlar geçirler. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 2017-nji ýylda kabul etjek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meseleleri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz bu waka jahanyň sport dünýäsinde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak, şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýe- sagaldyş we sport hereketini wagyz etmek, onuň hatarlaryna ýaşlaryň we çagalaryň köp sanlysyny çekmek nukdaý nazaryndan aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda. bu ulgamyň häzirkizaman düzümini döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek meselelerine milli Liderimiz tarapyndan diňe bir ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek üçin esaslyk binýadyny döretmek däl-de, eýsem, berk bedenli nesli ýetişdirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini we endiklerini berkarar etmek nukdaý nazaryndan hem seredilýär. Bu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler alnyp barylýar.Bu ýerde eýýäm stadionlaryn onlarçasy,Buzly köşk, Suw toplumy, Gyşky oýunlar sport toplumy we beýleki sport desgalarynyň ençemesi bar. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere we dünýä gazananlaryna tarap okgunly hereketimiziň beýanyna öwrüldi. Bu ýerde ýene birnäçe günden Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlary geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň başlangyjy Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň şeýle çözgüdi kabul etmeginiň möhüm şerti bolup hyzmat etdi. Sebitde iri Olimpiýa şäherçesiň gurluşygyna 5 ýyl mundan öň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan badalga berildi.
Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersiteti Ilmämmedow Didar 3-nji ýyl talyp
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Türkmenistanda “Aziada – 2017” taýýarlyk. hakda maglumat, Türkmenistanda “Aziada – 2017” taýýarlyk. näme? Türkmenistanda “Aziada – 2017” taýýarlyk. näme diýmek?
Turkmenistanda Aziada 2017 tayyarlyk V Aziya oyunlarynyn baslanmagyna bary yogy 200 gun galdy Bir tarapdan bu wagt oyunlara ykjam tayarlyk gormek ucin yeterlik yaly beyleki tarapdan bolsa wagt az yaly cunki edilmeli isler oran kop we innan jogapkarciliklidir Aziyada 2017 oran iri taslamadyr Ol tutus sebitin we yklymyn sport hem de syyahatcylyk durmusynyn merkezi hokmunde bizin yurdymyz barada dunya bilelesiginde taze garayyslary doretmelidir Asgabatda gecjek Aziya oyunlary 2014 ni yylyn noyabyrynda turkmen Okeaniyanyn Milli Olimpiya komiteti tarapyndan gol cekilen taryhy Ahtnama layyklykda Aziya yurtlarynyn milli Olimpiya komitetlerinin 45 sinin seyle hem Okeaniya dowletlerinin 17 sinin wekilllerini yygnap ozunin AIMAG seriyasynda in irisi bolar Ona dunyanin 62 dowletinden 5 munden gowrak turgen gatnasyp olar sportyn 21 gornusi boyunca basleserler Bize geljek munlerce adam sol sanda zurnalistler we jankoyerler ozleri ucin taze Turkmenistany ruhubelentligin we osusin sportyn we sagdynlygyn yurdyny acarlar Bu babatda esasy wezipelerin biri hem Aziada 2017 maksadnamasyny durmysa gecirmekde Asgabadyn Turkmenistanyn durnykly osusuni we gozellesmegini upjun etmek ucin ahli mumkincilikleri doly peydalanmak bolup duryar Gurrun hazirki wagtda we geljekde serisdeler kuwatyny netijeli peydalanmagyn hasabyna durmys we ykdysady ulgamlarda uzak mohletlerde onyn ozgerisleri amala asyrmak barada baryar Oyunlaryn mirasyny maddy we maddy dal esaslara bolmek bolar Oyunlarda islejek adamlaryn umumy sany 11 mune golay Olardan 10 munsi meyletincilerdir Asgabatda gecjek Aziya oyunlary dine bir Turkmenistana sohrat getirmek Internet ginisliginde yurdy tazeden acyp gorkezmek bilen caklenman eysem syyahatcylygyn osdurulmegine Turkmenistanyn dunyanin sport hereketine gosulusmagyna kuwwatly itergi beryar Bizin yurdymyzda eyyam milli gores boyunca dunya cempionaty windsyorfing boyunca dunya kubogy yaly iri halkara yaryslar gecirler Paytagtymyz Asgabat saherinin 2017 nji yylda kabul etjek V Aziya oyunlaryna tayyarlyk gormek meseleleri milli Liderimizin hemise uns merkezinde duryar Hormatly Prezidentimiz bu waka jahanyn sport dunyasinde Turkmenistanyn abrayyny artdyrmak seyle hem yurdumyzda bedenterbiye sagaldys we sport hereketini wagyz etmek onun hatarlaryna yaslaryn we cagalaryn kop sanlysyny cekmek nukday nazaryndan ayratyn ahmiyet beryar Sunun bilen baglylykda bu ulgamyn hazirkizaman duzumini dowrebaplasdyrmak we gineltmek meselelerine milli Liderimiz tarapyndan dine bir yokary ustunlikler sportuny osdurmek ucin esaslyk binyadyny doretmek dal de eysem berk bedenli nesli yetisdirmek jemgyyetimizde sagdyn durmus yorelgesini we endiklerini berkarar etmek nukday nazaryndan hem seredilyar Bu gun gozel paytagtymyz Asgabat saherini iri sport merkezine owurmek ucin uly mumkincilikler alnyp barylyar Bu yerde eyyam stadionlaryn onlarcasy Buzly kosk Suw toplumy Gysky oyunlar sport toplumy we beyleki sport desgalarynyn encemesi bar Paytagtymyzda Olimpiya saherjiginin gurulmagy yurdumyzyn taze belentliklere we dunya gazananlaryna tarap okgunly hereketimizin beyanyna owruldi Bu yerde yene birnace gunden Yapyk binalarda we sowes sungaty boyunca Aziya oyunlary geciriler Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyn hut ozunin baslangyjy Aziyanyn Olimpiya genesinin seyle cozgudi kabul etmeginin mohum serti bolup hyzmat etdi Sebitde iri Olimpiya sahercesin gurlusygyna 5 yyl mundan on hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan badalga berildi Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Osus Uniwersiteti Ilmammedow Didar 3 nji yyl talyp