TaryhyZöhre Tahyryň köşgi ýa da Nawidah şäherçesi Bu taryhy medeni ýadygärlik Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çägin
Zöhre Tahyryň köşgi ýa da Nawidah şäherçesi

Taryhy
Zöhre-Tahyryň köşgi ýa-da Nawidah şäherçesi. Bu taryhy-medeni ýadygärlik Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çäginde ýerleşýär. Ýadygärlik Amyderýanyň sag kenarynda esaslandyrylan iri şäher galyndylarynyň biri bolmak bilen, yurdumyzyň III-XII asyrlardaky taryhy geçmişini öwrenmekde aýratyn orna eýedir. Häzirki wagtda Zöhre-Tahyryň köşgüniň tutýan umumy meýdany 250 x 250 metre barabar bolup, ýadygarligiň saklanyp galan bölegi inedördül görnüşindedir. Onuň medeni gatlagynyň özeni bolan Erk köşgi şäheriň günbatar böleginde esaslandyrylypdyr. Şäheriň daş-töweregini 3-4 metr beýiklikde, dürli ýerleri diňler bilen berkidilen we çig kerpiçlerden gurlan goranyş diwary gurşap alýar. Biziň günlerimize çenli şol diňleriň bäşisi asyl nusgasynda saklanypdyr. Şähere girmek üçin onuň ýeke-täk derwezesi bolup, ol galanyň demirgazyk tarapynda ýerleşýär. Şäheriň hemmetaraplaýyn ösen we kuwwatlanan döwri IX-X asyrlar diýlip senelenýär. Şol döwürde şäheriň tutýan meýdany has-da giňelip, ykdysady taýdan diýseň ýokary derejä ýetipdir. Mundan başga-da şol wagtlar şäher «Nawidah» diýlip atlandyrylypdyr. Ýadygärlikde 1931-nji ýylda A.A.Maruşenko, 1964-nji ýylda W.N.Pilipko, 1990-njy ýylda G.Gutlyýew we A.A.Burhanow tarapyndan ylmy-barlag işleri geçirilipdir. Olaryň dowamynda ýadygärligiň çäklerinde amala aşyrylan we türkmen halkynyň III- XII asyrlardaky durmuşy bilen baglanyşykly diýseň köp tapyndylar ýüze çykaryldy. Şol tapyndylaryň arasynda kümüşden we misden zikgelenen teňňe pullar, aýal terrakota heýkeljikleri, toýundan ýasalan we külalçylyk sungatynyň önümi bolan çanaklar, küýzeler we beýleki tapyndylar ýüze çykaryldy. Ýadygärlikden tapylan başga-da köp sanly tapyndylar goraghananyň muzeýinde saklanylyp, olar ýurdumyza gelýän syýahatçylara görkezmek üçin diýseň gymmatly çeşme bolup durýar.
Edebiyat
- "Medeniyet" žurnaly. Aşgabat şäheri. 2014. №6. S.61
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Zöhre Tahyryň köşgi ýa da Nawidah şäherçesi hakda maglumat, Zöhre Tahyryň köşgi ýa da Nawidah şäherçesi näme? Zöhre Tahyryň köşgi ýa da Nawidah şäherçesi näme diýmek?
TaryhyZohre Tahyryn kosgi ya da Nawidah sahercesi Bu taryhy medeni yadygarlik Lebap welayatynyn Hojambaz etrabynyn caginde yerlesyar Yadygarlik Amyderyanyn sag kenarynda esaslandyrylan iri saher galyndylarynyn biri bolmak bilen yurdumyzyn III XII asyrlardaky taryhy gecmisini owrenmekde ayratyn orna eyedir Hazirki wagtda Zohre Tahyryn kosgunin tutyan umumy meydany 250 x 250 metre barabar bolup yadygarligin saklanyp galan bolegi inedordul gornusindedir Onun medeni gatlagynyn ozeni bolan Erk kosgi saherin gunbatar boleginde esaslandyrylypdyr Saherin das toweregini 3 4 metr beyiklikde durli yerleri dinler bilen berkidilen we cig kerpiclerden gurlan goranys diwary gursap alyar Bizin gunlerimize cenli sol dinlerin basisi asyl nusgasynda saklanypdyr Sahere girmek ucin onun yeke tak derwezesi bolup ol galanyn demirgazyk tarapynda yerlesyar Saherin hemmetaraplayyn osen we kuwwatlanan dowri IX X asyrlar diylip senelenyar Sol dowurde saherin tutyan meydany has da ginelip ykdysady taydan diysen yokary dereja yetipdir Mundan basga da sol wagtlar saher Nawidah diylip atlandyrylypdyr Yadygarlikde 1931 nji yylda A A Marusenko 1964 nji yylda W N Pilipko 1990 njy yylda G Gutlyyew we A A Burhanow tarapyndan ylmy barlag isleri gecirilipdir Olaryn dowamynda yadygarligin caklerinde amala asyrylan we turkmen halkynyn III XII asyrlardaky durmusy bilen baglanysykly diysen kop tapyndylar yuze cykaryldy Sol tapyndylaryn arasynda kumusden we misden zikgelenen tenne pullar ayal terrakota heykeljikleri toyundan yasalan we kulalcylyk sungatynyn onumi bolan canaklar kuyzeler we beyleki tapyndylar yuze cykaryldy Yadygarlikden tapylan basga da kop sanly tapyndylar goraghananyn muzeyinde saklanylyp olar yurdumyza gelyan syyahatcylara gorkezmek ucin diysen gymmatly cesme bolup duryar Edebiyat Medeniyet zurnaly Asgabat saheri 2014 6 S 61