Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Ebu Jafer Muhammet ibn Jerir Taberi 838 923 görnükli taryhçy Onuň asly eýranly Ol Hazar deňziniň günorta gündogar kenary

Ebu Jafer Taberi

  • Baş sahypa
  • Ebu Jafer Taberi
Ebu Jafer Taberi
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Ebu Jafer Muhammet ibn Jerir Taberi (838-923) - görnükli taryhçy. Onuň asly eýranly. Ol Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarynda ýerleşýän Tabarystan welaýatynda doglupdyr. Arabystan ýarym adasyndaky döwletlere uzak wagtlap syýahat edenden soň, Bagdada barýar. Ol döwrüniň klassyky bilimini alýar we birnäçe uly eser ýazýar. Ol orta asyrda bütin dünýä taryhynyň ilkinji awtorlarynyň biri hökmünde tanalýar. Onuň "Taryh ar-rusul wa-l-mülýük" ("Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy") atly işi (dünýäniň döreýşi hakyndaky töwrat rowaýatlaryndan başlanmak bilen) yslamyň döreýşiniň we arap halifatynyň taryhyny beýan edýär. Bu işde Eýranyň, Orta Aziýanyň gadymy we irki orta asyrlar taryhy ep-esli orun tutýar. Onuň işlerinde arap serkerdeleri tarapyndan Horasanyň, Eýranyň beýleki ýerleriniň, Owganystanyň we Orta Aziýanyň basylyp alnyşy barada gyzykly maglumatlar bar. Alymyň ýazan işleri doly saklanmandyr, biziň günlerimize çenli örän az bölegi gelip ýetipdir. Galyberse-de, olar täzeden işlenipdir we baryp 10 asyrda arap dilinden fars diline terjime edilipdir. Şol terjimäniň awtory Samanitler dinastiýasynyň weziri Abu Aly Muhammet Balamydyr (974 lynda ölen). Balamynyň arap dilindäki golýazmany ilki redaktirläp, soňra terjime edendigini sowet gündogary öwrenijileri subut etdiler. Şol terjime eýran-täjik prozasynyň ilkinji ýadygärliklerinden biri bolup, taryhy çeşme hökmünde onuň uly ähmiýeti bardyr. Tabary kanun we teologiýa boýunça-da köp işleriň awtorydyr. Onuň şol işleriniň arasynda kanun hakyndaky ylymlar boýunça "Kitab ihtilaf al-fukaha" ("Hukuk öwrenijileriň dürli garaýyşlarynyň kitaby") diýen ýörite traktaty bar. Şol eserinde dürli ugurlardan musulman kanuny hakyndaky ylymlaryň teoriýasyny işläp düzüpdir. Şeýle hem "Tafsir al-koran" ("Gurhana düşündiriş") diýen at bilen gurhana 30 tomdan ybarat ýörite düşündiriş ýazypdyr. Tabarynyň hyzmaty arap-fars orta asyr istoriografiýasynda bütindünýä taryhy boýunça ilkinji bolup iş döredenligindedir.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 18 Iýul, 2025 / 16:50

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Ebu Jafer Taberi hakda maglumat, Ebu Jafer Taberi näme? Ebu Jafer Taberi näme diýmek?

Ebu Jafer Muhammet ibn Jerir Taberi 838 923 gornukli taryhcy Onun asly eyranly Ol Hazar denzinin gunorta gundogar kenarynda yerlesyan Tabarystan welayatynda doglupdyr Arabystan yarym adasyndaky dowletlere uzak wagtlap syyahat edenden son Bagdada baryar Ol dowrunin klassyky bilimini alyar we birnace uly eser yazyar Ol orta asyrda butin dunya taryhynyn ilkinji awtorlarynyn biri hokmunde tanalyar Onun Taryh ar rusul wa l mulyuk Pygamberlerin we patysalaryn taryhy atly isi dunyanin doreysi hakyndaky towrat rowayatlaryndan baslanmak bilen yslamyn doreysinin we arap halifatynyn taryhyny beyan edyar Bu isde Eyranyn Orta Aziyanyn gadymy we irki orta asyrlar taryhy ep esli orun tutyar Onun islerinde arap serkerdeleri tarapyndan Horasanyn Eyranyn beyleki yerlerinin Owganystanyn we Orta Aziyanyn basylyp alnysy barada gyzykly maglumatlar bar Alymyn yazan isleri doly saklanmandyr bizin gunlerimize cenli oran az bolegi gelip yetipdir Galyberse de olar tazeden islenipdir we baryp 10 asyrda arap dilinden fars diline terjime edilipdir Sol terjimanin awtory Samanitler dinastiyasynyn weziri Abu Aly Muhammet Balamydyr 974 lynda olen Balamynyn arap dilindaki golyazmany ilki redaktirlap sonra terjime edendigini sowet gundogary owrenijileri subut etdiler Sol terjime eyran tajik prozasynyn ilkinji yadygarliklerinden biri bolup taryhy cesme hokmunde onun uly ahmiyeti bardyr Tabary kanun we teologiya boyunca da kop islerin awtorydyr Onun sol islerinin arasynda kanun hakyndaky ylymlar boyunca Kitab ihtilaf al fukaha Hukuk owrenijilerin durli garayyslarynyn kitaby diyen yorite traktaty bar Sol eserinde durli ugurlardan musulman kanuny hakyndaky ylymlaryn teoriyasyny islap duzupdir Seyle hem Tafsir al koran Gurhana dusundiris diyen at bilen gurhana 30 tomdan ybarat yorite dusundiris yazypdyr Tabarynyn hyzmaty arap fars orta asyr istoriografiyasynda butindunya taryhy boyunca ilkinji bolup is doredenligindedir Bagdatda Halife metjidi welayaty

Iň soňky makalalar
  • Iýul 17, 2025

    1121

  • Iýun 19, 2025

    1120ýý

  • Iýul 17, 2025

    1120

  • Iýul 17, 2025

    1119

  • Iýul 17, 2025

    1118

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary