Ýemin arap يمين kasam ant kuwwat Ýemin dini taýdan bir işi edip ýa da etmezlik meselesinde ynandyryjylyk güýjüni artdyrm
Ýemin

Ýemin (arap. يمين — kasam, ant, kuwwat). Ýemin dini taýdan bir işi edip ýa-da etmezlik meselesinde ynandyryjylyk güýjüni artdyrmak üçin Allahyň adyny ýa-da sypatlaryny ara goşup berlen sözdür. Meselem, «Wallahi, şeýle işi gaýdyp etmerin». Şeýle ýeminlere fikhde kasam diýilýär. Ýemin: «wallahi», «billähi», «tallahi», «Allah şaýat» ýaly sözler bilen edilýär.
Allahyň ady we sypatlary zikir edilmän aýdylan söz ýemin saýylmaýar. Pygamberleriň, Käbäniň, melekleriň adyny tutup ýemin etmek hem dürs däldir. Il arasyndaky «duz kessin, çörek kessin» diýen ýaly antlar hem bolmaýar. Hatda şeýle kasam eden kişi günäkär bolýar.
Kasam etmek, esasan, mubah hereket bolsa-da, ýöne ýere kasam etmek, ony endige öwürmek dogry däldir. Ýygy-ýygydan kasam edip duran kişi sözüne Allahy şaýat tutunýandyr. Eger sözüni ýerine ýetirmese, Allahy äsgermeýän, sözüniň dogrudygyny subut etmek üçin mukaddes gymmatlyklary peseldýän, il arasynda abraýyny ýitirýän kişi bolýar. Musulman – kasam zerurlygy bolmazdan sözüne ynanylýan kişidir. Ýalan ýere kasam etmek ýa-da kasam edilen sözde durmazlyk uly hata, agyr günädir.
Kurany Kerimde berlen sözüň ýerine ýetirilmegi barada:
«Kasamlaryňyzy goraň (wepaly boluň)!»
— Maide: 89.
«Äht edeniňizde Allanyň ähti-peýmanyna (Onuň adyny agzap beren sözüňize) wepaly boluň! Allany özüňize kepil tutunyp, (ähti-peýmanyňyzy) pugta edeniňizden soň, kasamlaryňyzy bozmaň! Takyk, Alla edýän zatlaryňyzy bilýär.»
— Nahl: 91.
diýilýär.
Ýeminiň görnüşleri
Kasam görnüşinde aýdylan ýeminiň üç görnüşi bardyr:
- Ýemini lagw – ýalňyşlyk bilen ýa-da dogrudyr öýdülip aýdylan ýemindir. Bir kişiniň borjuny ödändirin öýdüp: «Borjumy ödedim» diýip ýemin etmegi muňa mysaldyr. Şeýle hem endigine görä, dil ujundan: wallahy, billahy diýip sözüň arasynda aýdylan ýeminler hem lagw ýemini saýylýar. Kuranda
Şeýle ýeminler sebäpli keffaretiň gerek däldigi aýdylypdyr. Ýöne agzy endik edip, ýygy-ýygy kasam edýänleriň bu erbet endigi taşlamagy gerekdir.«Alla (bilkastlaýyn bolman) ýalňyşyp eden kasamlaryňyz sebäpli, sizi soraga çekmez. »
— Maide: 89. - Ýemini gomus – öň bir wagt edilen ýa-da edilmedik bir iş hakynda bilip, bilkastlaýyn we ýalan ýere aýdylan ýemindir. Bir kişiniň bergisini bermedigini bilip duran halyna: «bergimi berdim» diýip, ýalan ýere kasam etmegi muňa mysaldyr. Bular ýaly ýemin uly günädir. Bu bilkastlaýyn edilen ýalňyşlygyň bagyşlanmagy üçin keffaret ýeterlik bolmaýar. Şonuň üçin gamus ýeminine keffaret edilmeýär. Ýalan ýere ýemin eden kişi köp toba-istigfarda bolmaly. Gaýdyp beýle ýalňyşlygy etmezligi ýüregine berk düwmelidir. Ýemini sebäpli ýetiren zyýanynyň öwezini töläp, zyýan ýetiren adamynyň razylygyny almalydyr.
- Ýemini mun'akide – ýeminiň istilah manysyna laýyk gelýän görnüşi bolup, gelejege degişli mesele babatda aýdylan ýemindir. Mysal üçin, «Wallahy, ertir bergimi üzerin» diýip kasam etmek. Bu ýemin ediljek bir işe Allahy şaýat tutmak diýmekdir we hökman ýerine ýetirmelidir. Eger ýerine ýetirilmese, ýemin bozulýar we keffaret gerek bolýar.
Ýemin keffareti
Ýemin edenden soň, sözünde durmadyk kişi ýemin keffaretini tölemelidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar:
«Alla (bilkastlaýyn bolman) ýalňyşyp eden kasamlaryňyz sebäpli, sizi soraga çekmez. Emma ýüregiňize düwen (bilkastlaýyn eden) kasamlaryňyz üçin welin soraga çeker. Onuň (bilkastlaýyn eden kasamyňyzyň) keffaraty (jerime tölegi) öz maşgalaňyza iýdirýän ortaça (tagamyňyzdan) on misgine tagam bermek, ýa-da olary geýindirmek, ýa-da bir gul azat etmekdir. Kim (bularyň hiç birini) tapyp bilmese, üç gün agyz beklemelidir. Ine, bu kasam edip (soň hem dänen) kasamlaryňyzyň keffaratydyr. Kasamlaryňyzy goraň (wepaly boluň)! Ine, siziň şükür etmegiňiz üçin Alla size aýatlaryny beýan edýär. »
— Maide: 89.
Pygamberimiz bolsa şeýle aýdýar: «Ýemin edip, başga bir zadyň ondan haýyrlydygyny görseň, haýyrlysyny et we ýeminiň keffaretini töle», (Ibni Maje).
Yslam müjdehidleriniň aýtmagyna görä, ýeminini bozan keffaret hökmünde ilki on sany garyby ertirine-agşamyna doýurmaly ýa-da on garyba egin-eşik geýdirmeli, muňa güýji ýetmese, üç gün yzly-yzyna oraza tutmaly.
Oraza keffaretinde agyz beklemek ilkinji nobatda bolup, garyby doýurmak iň soňa goýlupdyr. Orazanyň bilgeşleýin bozulmagynyň ýene agyz beklemek bilen ýerine salynmagy, jezanyň kişiniň nebsini terbiýelemegiň esasy maksadydygy üçindir. Ýemin keffaretinde garyby doýurmak we geýindirmek öňde goýlupdyr. Muňa mümkinçiligi bolmadyk oraza tutmaly edilipdir. Bu garyp-gasarlary goldamak we ijtimagy maksatlar sebäplidir.
Salgylanmalar
- https://ar.wikipedia.org/wiki/قسم_(لغة)
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Ýemin hakda maglumat, Ýemin näme? Ýemin näme diýmek?
Yemin arap يمين kasam ant kuwwat Yemin dini taydan bir isi edip ya da etmezlik meselesinde ynandyryjylyk guyjuni artdyrmak ucin Allahyn adyny ya da sypatlaryny ara gosup berlen sozdur Meselem Wallahi seyle isi gaydyp etmerin Seyle yeminlere fikhde kasam diyilyar Yemin wallahi billahi tallahi Allah sayat yaly sozler bilen edilyar Allahyn ady we sypatlary zikir edilman aydylan soz yemin sayylmayar Pygamberlerin Kabanin meleklerin adyny tutup yemin etmek hem durs daldir Il arasyndaky duz kessin corek kessin diyen yaly antlar hem bolmayar Hatda seyle kasam eden kisi gunakar bolyar Kasam etmek esasan mubah hereket bolsa da yone yere kasam etmek ony endige owurmek dogry daldir Yygy yygydan kasam edip duran kisi sozune Allahy sayat tutunyandyr Eger sozuni yerine yetirmese Allahy asgermeyan sozunin dogrudygyny subut etmek ucin mukaddes gymmatlyklary peseldyan il arasynda abrayyny yitiryan kisi bolyar Musulman kasam zerurlygy bolmazdan sozune ynanylyan kisidir Yalan yere kasam etmek ya da kasam edilen sozde durmazlyk uly hata agyr gunadir Kurany Kerimde berlen sozun yerine yetirilmegi barada Kasamlarynyzy goran wepaly bolun Maide 89 Aht edeninizde Allanyn ahti peymanyna Onun adyny agzap beren sozunize wepaly bolun Allany ozunize kepil tutunyp ahti peymanynyzy pugta edeninizden son kasamlarynyzy bozman Takyk Alla edyan zatlarynyzy bilyar Nahl 91 diyilyar Yeminin gornusleriKasam gornusinde aydylan yeminin uc gornusi bardyr Yemini lagw yalnyslyk bilen ya da dogrudyr oydulip aydylan yemindir Bir kisinin borjuny odandirin oydup Borjumy odedim diyip yemin etmegi muna mysaldyr Seyle hem endigine gora dil ujundan wallahy billahy diyip sozun arasynda aydylan yeminler hem lagw yemini sayylyar Kuranda Alla bilkastlayyn bolman yalnysyp eden kasamlarynyz sebapli sizi soraga cekmez Maide 89 Seyle yeminler sebapli keffaretin gerek daldigi aydylypdyr Yone agzy endik edip yygy yygy kasam edyanlerin bu erbet endigi taslamagy gerekdir Yemini gomus on bir wagt edilen ya da edilmedik bir is hakynda bilip bilkastlayyn we yalan yere aydylan yemindir Bir kisinin bergisini bermedigini bilip duran halyna bergimi berdim diyip yalan yere kasam etmegi muna mysaldyr Bular yaly yemin uly gunadir Bu bilkastlayyn edilen yalnyslygyn bagyslanmagy ucin keffaret yeterlik bolmayar Sonun ucin gamus yeminine keffaret edilmeyar Yalan yere yemin eden kisi kop toba istigfarda bolmaly Gaydyp beyle yalnyslygy etmezligi yuregine berk duwmelidir Yemini sebapli yetiren zyyanynyn owezini tolap zyyan yetiren adamynyn razylygyny almalydyr Yemini mun akide yeminin istilah manysyna layyk gelyan gornusi bolup gelejege degisli mesele babatda aydylan yemindir Mysal ucin Wallahy ertir bergimi uzerin diyip kasam etmek Bu yemin ediljek bir ise Allahy sayat tutmak diymekdir we hokman yerine yetirmelidir Eger yerine yetirilmese yemin bozulyar we keffaret gerek bolyar Yemin keffaretiYemin edenden son sozunde durmadyk kisi yemin keffaretini tolemelidir Kurany Kerimde bu barada seyle aydylyar Alla bilkastlayyn bolman yalnysyp eden kasamlarynyz sebapli sizi soraga cekmez Emma yureginize duwen bilkastlayyn eden kasamlarynyz ucin welin soraga ceker Onun bilkastlayyn eden kasamynyzyn keffaraty jerime tolegi oz masgalanyza iydiryan ortaca tagamynyzdan on misgine tagam bermek ya da olary geyindirmek ya da bir gul azat etmekdir Kim bularyn hic birini tapyp bilmese uc gun agyz beklemelidir Ine bu kasam edip son hem danen kasamlarynyzyn keffaratydyr Kasamlarynyzy goran wepaly bolun Ine sizin sukur etmeginiz ucin Alla size ayatlaryny beyan edyar Maide 89 Pygamberimiz bolsa seyle aydyar Yemin edip basga bir zadyn ondan hayyrlydygyny gorsen hayyrlysyny et we yeminin keffaretini tole Ibni Maje Yslam mujdehidlerinin aytmagyna gora yeminini bozan keffaret hokmunde ilki on sany garyby ertirine agsamyna doyurmaly ya da on garyba egin esik geydirmeli muna guyji yetmese uc gun yzly yzyna oraza tutmaly Oraza keffaretinde agyz beklemek ilkinji nobatda bolup garyby doyurmak in sona goylupdyr Orazanyn bilgesleyin bozulmagynyn yene agyz beklemek bilen yerine salynmagy jezanyn kisinin nebsini terbiyelemegin esasy maksadydygy ucindir Yemin keffaretinde garyby doyurmak we geyindirmek onde goylupdyr Muna mumkinciligi bolmadyk oraza tutmaly edilipdir Bu garyp gasarlary goldamak we ijtimagy maksatlar sebaplidir Salgylanmalarhttps ar wikipedia org wiki قسم لغة