Ās sälämu aleýkum arap ا لس ل ام ع ل ي ك م gowluk size arap dilindäki yslam salamy Salam berlen adam salam berene و ع ل
Äs sälämu aleýkum

Ās-sälämu aleýkum (arap. اَلسَّلَامُ عَلَيْكُمُ — gowluk size) arap dilindäki yslam salamy. Salam berlen adam salam berene (وَعَلَيْكُمُ ٱلسَّلَامُ — waleýkumus-säläm) «Sizede gowluk bolsun!» diýmeli.
Salamda elleşmek (musafaha)
Musafaha musulmanlaryň arasynda mähir-muhabbeti görkezýän esaslardan biridir. Ymam Mäligiň «Muwatta» atly kitabyndaky «Elleşiň, kalbyňyzdaky kine aýrylsyn, sowgat beriň, biri-biriňize söýgi döresin, araňyzdaky duşmançylyk aýrylsyn» diýen hadysy muňa aýdyň mysaldyr. Pygamberimiziň: «Salamlaşmagyň soňy musafahadyr» (Suýuti, «Jamy'us-sagir») diýmegi salamlaşmakdan soň elleşmegiň gerekdigini görkezýär. Iki eliň bilen salamlaşmalydyr. Ýöne ýeke eliň bilen salamlaşylsa-da dürsdür.
Pygamberimiz (s.a.w) sahabalary bilen duşuşanda, juma we baýram namazlaryndan soň, şeýle hem bir mesele bilen baglanyşykly mübäreklände musafaha eder eken, (Buhary). Başga bir hadysda Pygamberimiz şeýle diýipdir: «Iki musulman duşuşan wagty musafaha edip, Aziz we Jelil bolan Allahdan biri-birine afuw edilmegi dileseler, entek aýrylmanka Allah Tagala olary bagyşlar», (Buhary, Ebu Dawud).
Aýallar bilen elleşmek ýalňyşdyr. Aýal ýaş we şehwete sebäp boljak ýagdaýda bolsa, onuň bilen elleşmek haramdyr. Ýöne garry aýallar bilen elleşmek bolýar.
Mesjidlerde diňe juma we soň elleşmek sünnet hasaplanypdyr. Emma mesjidde okalýan, beýleki adaty bäş wagt namazdan soň elleşmek dogry saýylmandyr. Çünki ilki duşuşyp salamlaşanyňdan soň elleşilýär. Häzirki döwürde hem mesjitdäki ähli kişi bilen elleşmek mümkin hem däldir. Emma ýanyňdaky elini uzatsa elleşmelidir.
Nahar iýlip oturylan bolsa, wajyp bir meseläniň maslahaty gidip duran ýerde ýeke-eke elleşip çykmak dogry däldir.
Salamlaşmak
Salam – duşuşan adamyňyza saglyk we esenlik arzuw etmek diýmekdir. Salam bermek sünnetdir, almak bolsa farzy-kifaýedir. Salam köpçülige berilse, olardan biri salamy alsa, şol farzyň ýerine ýetirildigi bolýar. Eger hiç biri almasa, hemmesi günäkär bolýar. Salam bermek Allahyň buýrugydyr. «Eý, iman edenler, kesekiniň öýüne eýesinden rugsat soraman we salam bermän girmäň», (Nur, 27). Pygamberimiz bolsa: «Iman etmeseňiz jennete girip bilmersiňiz. Biri-biriňizi söýmeseňiz kämil imana eýe bolup bilmersiňiz. Size biri-biriňizi söýdürjek bir zady öwredeýinmi? Araňyzda salamy ýaýyň», (Müslim) diýip ündäpdir.
Salamlaşmagyň iň gözel görnüşi «äs-sälämu aleýkum» diýmekdir. «Sälämun aleýkum» diýilse-de dürsdür. Munuň iki görnüşi hem Kurany Kerimde bardyr (ser. Ra'd, 24; Saffat, 79,130; Taha, 47; Merýem, 33). Salam berlen kişi «We aleýkum-selam» diýip jogap bermelidir. Kurany Kerimde «Salam berlen wagty siz ondan has gözeli bilen şol salamy alyň ýa-da edil şol derejede jogap beriň...», (Nisa, 86) buýrulýar.
Salam bereniňde şu aýratynlyklara üns bermelidir:
- Ulagly pyýada, pyýada ýöräp barýan oturana, kiçi ula, azlyk köplüge salam bermelidir, (Buhary). Başga bir hadysda bolsa, «Adamlaryň arasynda Allahyň iň halany ilki salam berýänlerdir», (Ebu Dawud) diýilýär.
- Köpüň ýygnanan ýerine barlanda salam berlişi ýaly, gideniňde-de salam berilmelidir. Pygamberimiz: «Sizden biriňiz köpüň ýygnanan ýerine gelende salam berşi ýaly, gidende-de salam bersin... », (Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir.
- Salam musulmanyň şygarydyr. Tanasaň-tanamasaň salam bermek iň laýygydyr. Pygamberimiziň ýanyna bir adam gelip: «Yslamyň haýsy işi has gowudyr?» diýip soranda Pygamberimiz: «Tagam iýdirmek we tananyňa-tanamadygyňa salam bermekdir», (Buhary) diýipdir. Emma gynansagam, uly mähelleli ýerlerde muny berjaý etmek kyndyr. Şonuň üçin diňe tanaýanlaryňa, gatnaşyk saklaýanlaryňa salam berseň, bu sünnetiň ýerine ýetirildigi saýylýar.
- Aýallara, çagalara hem salam bermek dürsdür. Hezreti Enes (r.a) çagalara duş gelende salam berip: «Resulullah (s.a.w.) hem şeýle edýärdi» diýer eken. Ýezidiň gyzy Esma şeýle gürrüň berýär: «Birnäçe aýal bilen otyrdyk. Pygamberimiz deňimizden geçende, bize salam berdi», (Ebu Dawud). Bir kişä aýalynyň ýanyndaka salam bermek hem dürsdür. Çünki Pygamberimiz itikafdaka ýanyna gelen aýaly Safiýýäni öýüne äkidende, iki sany sahaba Pygamberimize salam beripdir, («Težpidi Saryh»). Diýmek, aýal erkege salam berip bilýär we salamyny hem alyp bilýär. Ýöne, salam berende we alanda aýallar diňe garyndaşyna ýa-da zerurlyk bolan ýagdaýda özgä-de salam bermelidir. Aýal ýolda ýöräp barşyna, her öňünden çykana salam bermegi dürs däldir. Bu pitne döredip biler. Şonuň üçin Hanefi alymlary «Aýal erkege, erkek aýala salam berip biler, ýöne, erkegiň ýaş aýala, ýaş aýalyň erkege salam bermegi mekruhdyr» diýip belläpdir. Telefonda gürleşilende-de şu kada saklansa has laýygydyr. Häzirki döwürde aýallar salamlaşanlarynda diňe «salam» ýa-da «salamälik» diýýärler.
Bolmalysy şu aşakdaky ýalydyr: Eger bir aýal bir aýala salam berjek bolsa: «Sälämu aleýki», birnäçe aýala salam berjek bolsa: «äs-sälämu aleýkunne», aýal-erkek garyşyk ýa-da diňe erkeklere salam berjek bolsa: «Äs-sälämu aleýkum» diýmeli.
- Bir kişi öz öýüne girende, öýde hiç kim bolmasa-da salam bermelidir. Pygamberimiz hezreti Enese (r.a) şeýle maslahat beripdir: «Oglum, öýüňe gireniňde salam ber. Şeýle etseň saňa we içeriňe bereket geler», (Tirmizi). Kurany Kerimde bolsa: «Öýe giren wagtyňyz biri-biriňize Allahdan feýiz, bereket, ýagşylyk, gözellik, esenlik bolan salamy beriň», (Nur, 61).
- Musulman däller bilen görşülende, Pygamberimiziň musulman däl döwlet ýolbaşçylaryna iberen çakylyk hatlaryndaky ýaly, şeýle hem Kurany Kerimde geçýän görnüşde «Dogry ýola eýerenlere salamatlyk bolsun!». (Taha, 47) diýip salam bermek iň laýygydyr. Eger şeýdip salam bermek olary ynjytjak bolsa, olaryň salam berşi ýaly salamlaşmak has laýygydyr.
Şu ýerlerde we şu kişilere salam berilmeýär:
Bellik
Salgylanmalar
- https://en.m.wikipedia.org/wiki/As-salamu_alaykum
- https://ru.m.wikipedia.org/wiki/Ас-саляму_алейкум
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Äs sälämu aleýkum hakda maglumat, Äs sälämu aleýkum näme? Äs sälämu aleýkum näme diýmek?
As salamu aleykum arap ا لس ل ام ع ل ي ك م gowluk size arap dilindaki yslam salamy Salam berlen adam salam berene و ع ل ي ك م ٱلس ل ام waleykumus salam Sizede gowluk bolsun diymeli Arap kalligrafynda track source source Arapca salam berlisi As salamu aleykum source source Salama jogap Waleykumus salam Salamda ellesmek musafaha Musafaha musulmanlaryn arasynda mahir muhabbeti gorkezyan esaslardan biridir Ymam Maligin Muwatta atly kitabyndaky Ellesin kalbynyzdaky kine ayrylsyn sowgat berin biri birinize soygi doresin aranyzdaky dusmancylyk ayrylsyn diyen hadysy muna aydyn mysaldyr Pygamberimizin Salamlasmagyn sony musafahadyr Suyuti Jamy us sagir diymegi salamlasmakdan son ellesmegin gerekdigini gorkezyar Iki elin bilen salamlasmalydyr Yone yeke elin bilen salamlasylsa da dursdur Pygamberimiz s a w sahabalary bilen dususanda juma we bayram namazlaryndan son seyle hem bir mesele bilen baglanysykly mubareklande musafaha eder eken Buhary Basga bir hadysda Pygamberimiz seyle diyipdir Iki musulman dususan wagty musafaha edip Aziz we Jelil bolan Allahdan biri birine afuw edilmegi dileseler entek ayrylmanka Allah Tagala olary bagyslar Buhary Ebu Dawud Ayallar bilen ellesmek yalnysdyr Ayal yas we sehwete sebap boljak yagdayda bolsa onun bilen ellesmek haramdyr Yone garry ayallar bilen ellesmek bolyar Mesjidlerde dine juma we son ellesmek sunnet hasaplanypdyr Emma mesjidde okalyan beyleki adaty bas wagt namazdan son ellesmek dogry sayylmandyr Cunki ilki dususyp salamlasanyndan son ellesilyar Hazirki dowurde hem mesjitdaki ahli kisi bilen ellesmek mumkin hem daldir Emma yanyndaky elini uzatsa ellesmelidir Nahar iylip oturylan bolsa wajyp bir meselanin maslahaty gidip duran yerde yeke eke ellesip cykmak dogry daldir SalamlasmakSalam dususan adamynyza saglyk we esenlik arzuw etmek diymekdir Salam bermek sunnetdir almak bolsa farzy kifayedir Salam kopculige berilse olardan biri salamy alsa sol farzyn yerine yetirildigi bolyar Eger hic biri almasa hemmesi gunakar bolyar Salam bermek Allahyn buyrugydyr Ey iman edenler kesekinin oyune eyesinden rugsat soraman we salam berman girman Nur 27 Pygamberimiz bolsa Iman etmeseniz jennete girip bilmersiniz Biri birinizi soymeseniz kamil imana eye bolup bilmersiniz Size biri birinizi soydurjek bir zady owredeyinmi Aranyzda salamy yayyn Muslim diyip undapdir Salamlasmagyn in gozel gornusi as salamu aleykum diymekdir Salamun aleykum diyilse de dursdur Munun iki gornusi hem Kurany Kerimde bardyr ser Ra d 24 Saffat 79 130 Taha 47 Meryem 33 Salam berlen kisi We aleykum selam diyip jogap bermelidir Kurany Kerimde Salam berlen wagty siz ondan has gozeli bilen sol salamy alyn ya da edil sol derejede jogap berin Nisa 86 buyrulyar Salam bereninde su ayratynlyklara uns bermelidir Ulagly pyyada pyyada yorap baryan oturana kici ula azlyk kopluge salam bermelidir Buhary Basga bir hadysda bolsa Adamlaryn arasynda Allahyn in halany ilki salam beryanlerdir Ebu Dawud diyilyar Kopun yygnanan yerine barlanda salam berlisi yaly gideninde de salam berilmelidir Pygamberimiz Sizden biriniz kopun yygnanan yerine gelende salam bersi yaly gidende de salam bersin Ebu Dawud Tirmizi diyipdir Salam musulmanyn sygarydyr Tanasan tanamasan salam bermek in layygydyr Pygamberimizin yanyna bir adam gelip Yslamyn haysy isi has gowudyr diyip soranda Pygamberimiz Tagam iydirmek we tananyna tanamadygyna salam bermekdir Buhary diyipdir Emma gynansagam uly mahelleli yerlerde muny berjay etmek kyndyr Sonun ucin dine tanayanlaryna gatnasyk saklayanlaryna salam bersen bu sunnetin yerine yetirildigi sayylyar Ayallara cagalara hem salam bermek dursdur Hezreti Enes r a cagalara dus gelende salam berip Resulullah s a w hem seyle edyardi diyer eken Yezidin gyzy Esma seyle gurrun beryar Birnace ayal bilen otyrdyk Pygamberimiz denimizden gecende bize salam berdi Ebu Dawud Bir kisa ayalynyn yanyndaka salam bermek hem dursdur Cunki Pygamberimiz itikafdaka yanyna gelen ayaly Safiyyani oyune akidende iki sany sahaba Pygamberimize salam beripdir Tezpidi Saryh Diymek ayal erkege salam berip bilyar we salamyny hem alyp bilyar Yone salam berende we alanda ayallar dine garyndasyna ya da zerurlyk bolan yagdayda ozga de salam bermelidir Ayal yolda yorap barsyna her onunden cykana salam bermegi durs daldir Bu pitne doredip biler Sonun ucin Hanefi alymlary Ayal erkege erkek ayala salam berip biler yone erkegin yas ayala yas ayalyn erkege salam bermegi mekruhdyr diyip bellapdir Telefonda gurlesilende de su kada saklansa has layygydyr Hazirki dowurde ayallar salamlasanlarynda dine salam ya da salamalik diyyarler Bolmalysy su asakdaky yalydyr Eger bir ayal bir ayala salam berjek bolsa Salamu aleyki birnace ayala salam berjek bolsa as salamu aleykunne ayal erkek garysyk ya da dine erkeklere salam berjek bolsa As salamu aleykum diymeli Bir kisi oz oyune girende oyde hic kim bolmasa da salam bermelidir Pygamberimiz hezreti Enese r a seyle maslahat beripdir Oglum oyune gireninde salam ber Seyle etsen sana we icerine bereket geler Tirmizi Kurany Kerimde bolsa Oye giren wagtynyz biri birinize Allahdan feyiz bereket yagsylyk gozellik esenlik bolan salamy berin Nur 61 Musulman daller bilen gorsulende Pygamberimizin musulman dal dowlet yolbascylaryna iberen cakylyk hatlaryndaky yaly seyle hem Kurany Kerimde gecyan gornusde Dogry yola eyerenlere salamatlyk bolsun Taha 47 diyip salam bermek in layygydyr Eger seydip salam bermek olary ynjytjak bolsa olaryn salam bersi yaly salamlasmak has layygydyr Su yerlerde we su kisilere salam berilmeyar we yaly hapa yerdakilere Guna is bilen mesgullanyana Sozuni bolmezlik we unsi cekmezlik ucin azan okayana namaz okayana Kuran okayana ylym bilen mesgullanyana sohbet edip oturanlara BellikSalgylanmalarhttps en m wikipedia org wiki As salamu alaykum https ru m wikipedia org wiki As salyamu alejkum