Çagry begGysgaçaDoguldy 989 nji ýyl Horasan häzirki Günorta Türkmenistan Öldi 16 07 1060 njy ýyl Sarahs Hüküm sürdi 1040
Çagry beg

Gysgaça
Doguldy: 989-nji ýyl Horasan (häzirki Günorta Türkmenistan).
Öldi: 16. 07. 1060-njy ýyl. Sarahs.
Hüküm sürdi: 1040-1060 ý.ý.
Soňra ýerine geçen: Alp Arslan
Kakasy: ogly Mikaýyl.
Lakamlary: Ebu Süleýman
Dini lakam : Dawud.
Öz ady: Çagry beg
Çagalary: 1.Alp Arslan, 2., 3., 4., 5., 6., 7., 8. 9., 10.
Dini: Yslam, Çagry begiň hakyky ady Ebu Süleýman Dawut Çagry beg bin Mikaýyl (989-1060) bolup, ol Oguzlaryň Kynyk taýpasyndan bolan Seljukly hökümdary Seljuk begiň agtygy, Mikaýylyň hem oglydyr. Ol Togrul begiň agasydyr. Şeýle hem Alp Arslanyň hem kakasydyr.
Umumy maglumat
Çagry adynyň manysy:
Çagry ady şol wagtlar çekdirilip ulanylan Türki sözünde Dogan ýa-da Bozdogan (Ak dogan) manysyny beripdir[1][2] Mahmyt Kaşgarynyň Diwanylugatitturk atly eserinde «Çagry» diýmek. Dogan guş, Çakyr guş manysyny aňladýandygy ýazylypdyr[3]. Çagry beg we dogany Togrul beg Oguz taýpalarynyň Horasan we Horezm döwletlerine ýaýylan-ýaýran ýelerinde dogulypdyrlar. Çagry beg we Seljuk türkmenleri beýleki Türkmen taýpalary arasynda kynçylyk çeken soňlar Mawerannahrdan Horasana göçüp bardylar. Horasana häzirki wagtda günorta Türkmenistan bilen Demirgazyk Eýran we demirgazyk Owganystan giripdir. Horasan ol wagtlar Gaznalylar döwletiniň bir bölegidi. Togrul beg bilen birlikde Kynyklara we Seljuk maşgalasyna ýolbaşçylyk etdiler. 1035-nji ýylda Gaznaly hökümdary Mesut I bilen bolan söweşlerde üstünlik gazanýarlar. Gaznalylar söweşde ýeňilýär. Bir şertnama gazanylmagy pursat tapan Mesut bu saparda Çagry begi ýeňdi we Türkileriň gadymy hökümdary Afrasiýabyň gurdurandygy rowaýat edilen Merw şäherini Çagry beg 1037-nji ýylda zabt edip, içgi gala çozup girdi we atynyň eýerini ýerde goýup «Tagt» hökmünde üstünde oturdy[4]. Bular hakynda giňişleýin taryhy ýazan Ibn Esir şeýle diýýär:
Bularyň taýpa-topary olaryň diýenini edipdir. Ýagşyny ündän ýerinde bitiripdirler, ýamany gadagan edende saklanypdyrlar. Olar Buharanyň ýigrimi parsahlyk golaýynda mesgen tutdular. Emma Buharanyň emiri bulardan gorkusyna olara gün bermedi, olary heläkläp, ýok etmek isledi. Bular Türküstanyň patyşasy Bugra handan pena sorap, şonuň ýurduna göçdüler we şol ýerlerde ornaşdylar. Togrul beg bilen Çagry begiň ikisiniň gelen kararyna görä Bugra hanyň ýanyna hiç haçan bile barmaly däldiler. Eger biri Bugra hanyň ýanyna gitse, beýlekisi hökman ilbaşynda oturmalydy. Sebäbi olar Bugra hanyň mekirligi, bu ikisini bir ýere jemläp, tutduryp, tussag etdirip, ili başsyz goýmagyň mümkindiginden çekinýärdiler. Bugra han bu ikisini öz huzurynda bile görmek üçin her näçe jan etse-de, olar muny kabul etmediler. Şonda Bugra han gahar edip, Togrul begi tutdurdy we ÿesir etdi. Çagry beg öz taýpasyny we yzyna eýerýänleri jemläp gozgalaň turuzdy, agasyny halas etmek üçin Bugra hanyň üstüne gaýtdy. Bugra han hem munuň üstüne öz esgerlerini sürdi. Iki tarap hem ýowuz döwüşdiler. Soňra Bugra hanyň esgerleri ýeňlip, gaçyp başlady. Olardan örän köp adamyň jany ahyrýete iberildi.Çagry beg agasyny ýesirlikden halas etdi we bu ýerleri taşlap, ýene-de Buharanyň golaýyndaky Jent sebitlerine tarap göçüp bardylar we şol ýerde hem ornaşdy. Samanly döwleti dargap, Ilek han Buharany eýeläninden soňra Çagry beg bilen Togrul beg iň agasy Arslan ibn Seljugyň Mawerannahrdaky täsiri has güýçlendi. Bu wagtlar Arslan hanyň tussaglygynda ýatan Alytegin gaçmagy başardy. Ol özüni Buhara atdy we bu ýerleri eýeledi. Arslan han Ilek hanyň süýtdeş doganydyr. Alytegin Arslan ibn Seljuk bilen ylalaşdy we bilelikde goranmaga başlady. Bularyň işi indi ilek han üçin has-da çylşyrymlydy. Arslan hanyň dogany Ilek han ýüregini bire baglap, olaryň üstüne çozuş etdi. Emma ýeňlişe sezewar boldy. Ol ikisi bolsa Buharada galdy. Alytegin Ýemineddöwläniň ýurdunda goňşuçylykda oturan ýerinden oňa köp ters işleri ederdi. Onuň Türk patyşalaryna yzygiderli gatnap duran ilçileriniň ýoluny beklärdi. Öň ýatlap geçişmiz ýaly, Mahmyt Amyderýadan geçende, Alytegin Buharany taşlap, gaçyp gitdi. Arslan ibn Seljuk bolsa öz jemagatyny ýanyna alyp, Mahmytdan goranmak üçin şol ýerdäki sähralyga özüni atdy. Seljuklaryň güýç-kuwwatyny olaryň edermenligini, gaýduwsyzlygyny we adam sanynyň köplügini görende, Ýemineddöwläniň ýüregine ömründe bolmadyk gorky ornaşdy. Ol Arslan ibn Seljuga hat ýazyp, ony öz tarapyna çekmäge synanyşdy, onuň ýüreginde bu pikire bolan höwes döredi. Arslan ibn Seljuk onuň ýanyna gelen dessine Ýemineddöwle ony tutdurdy we salymyny bermän, galadaky zyndana atdyrdy. Olaryň öýlerini talady. Ýemineddöwle onuň maşgalasyny we taýpasyny näme etmelidigi hakda maslahat soranda, Mahmydyň iň ýakyn adamlarynyň biri Arslan Jazyp ýaý atyp bilmezlikleri üçin olaryň başam barmaklaryny çapmaklygy ýa-da hemmesini Amyderýa gark etmekligi maslahat berýär. Ýemineddöwle oňa: «Seniň ýaly doňýüregi görmändim» diýýär. Soňra olary Amyderýadan geçirip goýberýär. Horasan sebitlerine dagan bu adamlara salgyt salnypdyr. Patyşanyň wekilleri salgyt ýygnanda, olara sütem edipdir. Soňabaka bularyň elleri olaryň ähli mal-mülküne we gyzyna-ogluna uzap başlady. Bu ýagdaýa çydam etmedik iki müň adam olardan bölünip Kermana, bu ýerden hem.geçip, Yspyhana gitdiler. Soňra bu seljuklylar bilen Yspyhanyň häkimi Alaeddöwle ibn Käkeweýhiň arasynda öň ýatlap geçen dartgynly söweşimiz bolup geçdi. Soňra olar Yspyhany hem taşlap, Genjä gitdiler. Ine, bular Arslan hanyň adamlarydyr. Emma onuň doganynyň perzentleri hakynda aýtsak, Buharanyň häkimi Alytegin olary ele geçirmek üçin hile-pirim oýlady. Ol Togrul beg Muhammediň we Çagry beg Dawudyň agalarynyň ogly Ýusup ibn Musa ibn Seljugyň ýanyna çapar iberip, bol haýyr-yhsanlary wada berdi. Göwnüniň küýsändigi üçin öz huzuryna gelmegini haýyş etdi. Ýusup onuň ýanyna geleninde Alytegin ony öz welaýatyndaky ähli türkmenleriň serkerdesi diýip yglan etdi. Örän köp mülk ýerlerini sowgat berdi we oňa Emir Ynanç Beýgu diýen lakam dakdy. Bularyň arasyndaky çaparyň bitirmeli işi agalarynyň ogly Togrul beg bilen Dawudy ýeňmek üçin Ýusubyň adamlaryna we taýpa-toparyna kömek etdi. Munuň gizlin maksadyny bilensoň, Ýusup özünden islenilen zatlaryň hiç birine hem boýun bolmady. özüniň Ýusup hakyndaky mekirliginiň ýol almandygyny, maksadyna ýetmändigini bilende, ony öldürmekde buýruk berdi. Şeýdip Ýusup öldürildi. Onuň ölüm jezasyny Alyteginiň emirleriniň biri Alp Gara ýerine ýetirdi. Munuň öldürilmegi Togrul bege, inisi Çagry bege we olaryň taýpasyna agyr degdi. Olar matam lybasyny geýdiler. Ar almak üçin jemläbilen türkmenlerini bir ýere jemlediler. Alytegin hem goşun jemläp, bularyň üstüne ugrady. Bu söweşde Alyteginiň esgerleri masgaraçylykly ýeňlişe sezewar boldular. Dört ýüz ýigrimi birinji hijri ýylynda Togrul beg bilen Çagry beg agalarynyň ogly Ýusuby öldüren Alp Garanyň üstüne hüküm edip, ony öldürdiler. Alyteginiň esgerlerinden bir uly topar bilen duşuşup, söweşe girdiler. Olardan müň töweregi adamy öldürdiler. Muňa gany gaýnap joşan Alytegin esgerlerini, ogullaryny we ýarag göteribilen ýaranlarynyň ählisini jemläp, seljuklaryň üstüne çar tarapyndan hüjüme geçdiler. Örän dartgynly geçen bu söweşde seljuk esgerlerinden köp adam öldürildi. Olaryň baýlyklary we ogul-gyzlary ýesir-olja alyndy. Aýallary we ýaş bala-çagalary ýesir edip sürdüler. Mundan soň olara Horasana aşmak zerurlygy ýüze çykdy. Olar Amyderýadan geçenlerinde, Horezmşa Harun ibn Altyndaş ylalaşykda we agzybirlikde bir il bolup ýaşamak üçin olary ýanyna çagyrdy. Togrul beg we onuň iki dogany Çagry bilen Beýgu onuň ýanyna gitdiler. 426-njy hijri ýylynda olar Horezmiň eteginde çadyr dikdiler. Horezmşanyň çakylygyna ýürekden ynandylar we özlerini örän arkaýyn duýdular. Emma Horezmşa ähtiýalanlyk bilen hereket etdi we Emir Şamäligi olaryň üstüne öjükdirdi. Harunyň hem birnäçe esgerini ýanyna alyp, Şamälik öz goşuny bilen duýdansyzlykda seljuklaryň üstüne döküldi. Olaryň köpüsini öldürdi, ýesir aldy, talap tozdurdy. Bu hyýanatçylygyň üsti bilen olar örän erbet ýagdaýa düşdüler we ählisi jem bolup, Horezmi taşlap, Nusaý sähralygyna tarap gitdiler. Olar şu ýylyň içinde Merwe hüjüm etdiler. Ýöne hiç kime zulum-sütem, jebir görkezilmedi. Olaryň ogul-gyzlary,ýaş çagalary bolsa entegem ýesirlikdedi. Öň ýatlap geçişimiz ýaly, bu wagtlar patyşa Mesut ibn Mahmyt ibn Söbüktegin Tabarystandady we ol ýerleri basyp alypdy. Seljuklar oňa hat iberdiler we aman soradylar. Özleriniň diňe ýurt içinde bozgakçylyk edýänleriň üstüne hüjüm edýändiklerini, adamlary olaryň zulum-süteminden goraýandyklaryny, diňe şolar bilen söweşýändiklerini, eger aman berip, öz ýanyna kabul etse, islendik adamyň garşysyna, islendik söweşde onuň iň uly ýardamçysy boljakdyklaryna kepil geçdiler. Emma Mesut ilçileri tutdurdy we öz hajyby Ildoganyň (Begdogdy) hemde beýleki ekabyr baştutanlygynda san-sajaksyz goşun jemläp, olaryň üstüne ugrady. Olar şu ýylyň meret aýynda Nusaýda duşuşdylar we söweşe girdiler»[5]. 1040-njy ýylda Daňdanakan söweşi başlady. Çagry begiň baştutanlygyndaky Seljuklylar Gaznalylaryň üstünden gutarnykly ýeňiş gazandylar. Çagry beg hökümdarlygy ikä bölüp dogany bilen paýlaşdy we hökümdarlygyň günbatar topraklaryny agasy Togrul beg, gündogar topraklary bolsa özi dolandyrdy. Çagry beg dogany Togrul beg bilen ýakyndan gatnaşypdyrlar. Çagry beg Togrul begiň öwlatsyz galmagyny islemändir we oňa öz ogly Alp Arslany ogulluk edip beripdir. Togrul beg 1056-njy ýylda Bagdatda höküm süren Şyga Büweýhogullary döwletini sybdyrýar. Büweýhogullarynyň süteminden dynan sünni halyflar Seljuklylary gowy garşylaýarlar. Halyf Kaim Togrul bege Ruknuddawla (Ýurduň goragy we ş.m.) ýaly lakamlary dakypdyr. Togrul beg Abbasy halyfy El-Kaimyň gyzy Seýýide Fatima el-Betula öýlenipdir. Araplar bilen Seljuklylaryň arasyndaky garyndaşlyk berkäpdir. Soňra Halyf El-Kaim Çagry begiň gyzy Hatyja Arslan hatyna öýlenipdir. Taryhy çeşmelerde Çagry beg hakynda köp maglumat berilmändir.
Çeşme
[1] Clauson, p. 410.
[2] Çagry 1. Kimdir birini çagyrmak, 2. Dogan, Çakyr guş. 3. Rutbe, lakam. TDK adam atlarynyň sözlügi (türkçe).
[3] Atalaý. B. (2006). Diwanylugatitturk. Ankara: Türk taryhynyň gurluşy çaphana.ISBN 975-16-0405-2, jilt II. sah-343 we jilt III sah-332.
[4] Tabakat al-Naşiri. sah-127. Čaghrī Beg Dāwūd Encyclopaedia Iranica (iňlisçe)
[5] Ibn el-Esir. Kämil taryh. Miras çaphanasy. 2005. I jilt. sah-189-90.
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Çagry beg hakda maglumat, Çagry beg näme? Çagry beg näme diýmek?
Cagry begGysgacaDoguldy 989 nji yyl Horasan hazirki Gunorta Turkmenistan Oldi 16 07 1060 njy yyl Sarahs Hukum surdi 1040 1060 y y Sonra yerine gecen Alp Arslan Kakasy ogly Mikayyl Lakamlary Ebu Suleyman Dini lakam Dawud Oz ady Cagry beg Cagalary 1 Alp Arslan 2 3 4 5 6 7 8 9 10 Dini Yslam Cagry begin hakyky ady Ebu Suleyman Dawut Cagry beg bin Mikayyl 989 1060 bolup ol Oguzlaryn Kynyk taypasyndan bolan Seljukly hokumdary Seljuk begin agtygy Mikayylyn hem oglydyr Ol Togrul begin agasydyr Seyle hem Alp Arslanyn hem kakasydyr Umumy maglumatCagry adynyn manysy Cagry ady sol wagtlar cekdirilip ulanylan Turki sozunde Dogan ya da Bozdogan Ak dogan manysyny beripdir 1 2 Mahmyt Kasgarynyn Diwanylugatitturk atly eserinde Cagry diymek Dogan gus Cakyr gus manysyny anladyandygy yazylypdyr 3 Cagry beg we dogany Togrul beg Oguz taypalarynyn Horasan we Horezm dowletlerine yayylan yayran yelerinde dogulypdyrlar Cagry beg we Seljuk turkmenleri beyleki Turkmen taypalary arasynda kyncylyk ceken sonlar Mawerannahrdan Horasana gocup bardylar Horasana hazirki wagtda gunorta Turkmenistan bilen Demirgazyk Eyran we demirgazyk Owganystan giripdir Horasan ol wagtlar Gaznalylar dowletinin bir bolegidi Togrul beg bilen birlikde Kynyklara we Seljuk masgalasyna yolbascylyk etdiler 1035 nji yylda Gaznaly hokumdary Mesut I bilen bolan soweslerde ustunlik gazanyarlar Gaznalylar sowesde yenilyar Bir sertnama gazanylmagy pursat tapan Mesut bu saparda Cagry begi yendi we Turkilerin gadymy hokumdary Afrasiyabyn gurdurandygy rowayat edilen Merw saherini Cagry beg 1037 nji yylda zabt edip icgi gala cozup girdi we atynyn eyerini yerde goyup Tagt hokmunde ustunde oturdy 4 Bular hakynda ginisleyin taryhy yazan Ibn Esir seyle diyyar Bularyn taypa topary olaryn diyenini edipdir Yagsyny undan yerinde bitiripdirler yamany gadagan edende saklanypdyrlar Olar Buharanyn yigrimi parsahlyk golayynda mesgen tutdular Emma Buharanyn emiri bulardan gorkusyna olara gun bermedi olary helaklap yok etmek isledi Bular Turkustanyn patysasy Bugra handan pena sorap sonun yurduna gocduler we sol yerlerde ornasdylar Togrul beg bilen Cagry begin ikisinin gelen kararyna gora Bugra hanyn yanyna hic hacan bile barmaly daldiler Eger biri Bugra hanyn yanyna gitse beylekisi hokman ilbasynda oturmalydy Sebabi olar Bugra hanyn mekirligi bu ikisini bir yere jemlap tutduryp tussag etdirip ili bassyz goymagyn mumkindiginden cekinyardiler Bugra han bu ikisini oz huzurynda bile gormek ucin her nace jan etse de olar muny kabul etmediler Sonda Bugra han gahar edip Togrul begi tutdurdy we yesir etdi Cagry beg oz taypasyny we yzyna eyeryanleri jemlap gozgalan turuzdy agasyny halas etmek ucin Bugra hanyn ustune gaytdy Bugra han hem munun ustune oz esgerlerini surdi Iki tarap hem yowuz dowusdiler Sonra Bugra hanyn esgerleri yenlip gacyp baslady Olardan oran kop adamyn jany ahyryete iberildi Cagry beg agasyny yesirlikden halas etdi we bu yerleri taslap yene de Buharanyn golayyndaky Jent sebitlerine tarap gocup bardylar we sol yerde hem ornasdy Samanly dowleti dargap Ilek han Buharany eyelaninden sonra Cagry beg bilen Togrul beg in agasy Arslan ibn Seljugyn Mawerannahrdaky tasiri has guyclendi Bu wagtlar Arslan hanyn tussaglygynda yatan Alytegin gacmagy basardy Ol ozuni Buhara atdy we bu yerleri eyeledi Arslan han Ilek hanyn suytdes doganydyr Alytegin Arslan ibn Seljuk bilen ylalasdy we bilelikde goranmaga baslady Bularyn isi indi ilek han ucin has da cylsyrymlydy Arslan hanyn dogany Ilek han yuregini bire baglap olaryn ustune cozus etdi Emma yenlise sezewar boldy Ol ikisi bolsa Buharada galdy Alytegin Yemineddowlanin yurdunda gonsucylykda oturan yerinden ona kop ters isleri ederdi Onun Turk patysalaryna yzygiderli gatnap duran ilcilerinin yoluny beklardi On yatlap gecismiz yaly Mahmyt Amyderyadan gecende Alytegin Buharany taslap gacyp gitdi Arslan ibn Seljuk bolsa oz jemagatyny yanyna alyp Mahmytdan goranmak ucin sol yerdaki sahralyga ozuni atdy Seljuklaryn guyc kuwwatyny olaryn edermenligini gayduwsyzlygyny we adam sanynyn koplugini gorende Yemineddowlanin yuregine omrunde bolmadyk gorky ornasdy Ol Arslan ibn Seljuga hat yazyp ony oz tarapyna cekmage synanysdy onun yureginde bu pikire bolan howes doredi Arslan ibn Seljuk onun yanyna gelen dessine Yemineddowle ony tutdurdy we salymyny berman galadaky zyndana atdyrdy Olaryn oylerini talady Yemineddowle onun masgalasyny we taypasyny name etmelidigi hakda maslahat soranda Mahmydyn in yakyn adamlarynyn biri Arslan Jazyp yay atyp bilmezlikleri ucin olaryn basam barmaklaryny capmaklygy ya da hemmesini Amyderya gark etmekligi maslahat beryar Yemineddowle ona Senin yaly donyuregi gormandim diyyar Sonra olary Amyderyadan gecirip goyberyar Horasan sebitlerine dagan bu adamlara salgyt salnypdyr Patysanyn wekilleri salgyt yygnanda olara sutem edipdir Sonabaka bularyn elleri olaryn ahli mal mulkune we gyzyna ogluna uzap baslady Bu yagdaya cydam etmedik iki mun adam olardan bolunip Kermana bu yerden hem gecip Yspyhana gitdiler Sonra bu seljuklylar bilen Yspyhanyn hakimi Alaeddowle ibn Kakeweyhin arasynda on yatlap gecen dartgynly sowesimiz bolup gecdi Sonra olar Yspyhany hem taslap Genja gitdiler Ine bular Arslan hanyn adamlarydyr Emma onun doganynyn perzentleri hakynda aytsak Buharanyn hakimi Alytegin olary ele gecirmek ucin hile pirim oylady Ol Togrul beg Muhammedin we Cagry beg Dawudyn agalarynyn ogly Yusup ibn Musa ibn Seljugyn yanyna capar iberip bol hayyr yhsanlary wada berdi Gownunin kuysandigi ucin oz huzuryna gelmegini hayys etdi Yusup onun yanyna geleninde Alytegin ony oz welayatyndaky ahli turkmenlerin serkerdesi diyip yglan etdi Oran kop mulk yerlerini sowgat berdi we ona Emir Ynanc Beygu diyen lakam dakdy Bularyn arasyndaky caparyn bitirmeli isi agalarynyn ogly Togrul beg bilen Dawudy yenmek ucin Yusubyn adamlaryna we taypa toparyna komek etdi Munun gizlin maksadyny bilenson Yusup ozunden islenilen zatlaryn hic birine hem boyun bolmady ozunin Yusup hakyndaky mekirliginin yol almandygyny maksadyna yetmandigini bilende ony oldurmekde buyruk berdi Seydip Yusup oldurildi Onun olum jezasyny Alyteginin emirlerinin biri Alp Gara yerine yetirdi Munun oldurilmegi Togrul bege inisi Cagry bege we olaryn taypasyna agyr degdi Olar matam lybasyny geydiler Ar almak ucin jemlabilen turkmenlerini bir yere jemlediler Alytegin hem gosun jemlap bularyn ustune ugrady Bu sowesde Alyteginin esgerleri masgaracylykly yenlise sezewar boldular Dort yuz yigrimi birinji hijri yylynda Togrul beg bilen Cagry beg agalarynyn ogly Yusuby olduren Alp Garanyn ustune hukum edip ony oldurdiler Alyteginin esgerlerinden bir uly topar bilen dususup sowese girdiler Olardan mun toweregi adamy oldurdiler Muna gany gaynap josan Alytegin esgerlerini ogullaryny we yarag goteribilen yaranlarynyn ahlisini jemlap seljuklaryn ustune car tarapyndan hujume gecdiler Oran dartgynly gecen bu sowesde seljuk esgerlerinden kop adam oldurildi Olaryn baylyklary we ogul gyzlary yesir olja alyndy Ayallary we yas bala cagalary yesir edip surduler Mundan son olara Horasana asmak zerurlygy yuze cykdy Olar Amyderyadan gecenlerinde Horezmsa Harun ibn Altyndas ylalasykda we agzybirlikde bir il bolup yasamak ucin olary yanyna cagyrdy Togrul beg we onun iki dogany Cagry bilen Beygu onun yanyna gitdiler 426 njy hijri yylynda olar Horezmin eteginde cadyr dikdiler Horezmsanyn cakylygyna yurekden ynandylar we ozlerini oran arkayyn duydular Emma Horezmsa ahtiyalanlyk bilen hereket etdi we Emir Samaligi olaryn ustune ojukdirdi Harunyn hem birnace esgerini yanyna alyp Samalik oz gosuny bilen duydansyzlykda seljuklaryn ustune dokuldi Olaryn kopusini oldurdi yesir aldy talap tozdurdy Bu hyyanatcylygyn usti bilen olar oran erbet yagdaya dusduler we ahlisi jem bolup Horezmi taslap Nusay sahralygyna tarap gitdiler Olar su yylyn icinde Merwe hujum etdiler Yone hic kime zulum sutem jebir gorkezilmedi Olaryn ogul gyzlary yas cagalary bolsa entegem yesirlikdedi On yatlap gecisimiz yaly bu wagtlar patysa Mesut ibn Mahmyt ibn Sobuktegin Tabarystandady we ol yerleri basyp alypdy Seljuklar ona hat iberdiler we aman soradylar Ozlerinin dine yurt icinde bozgakcylyk edyanlerin ustune hujum edyandiklerini adamlary olaryn zulum suteminden gorayandyklaryny dine solar bilen sowesyandiklerini eger aman berip oz yanyna kabul etse islendik adamyn garsysyna islendik sowesde onun in uly yardamcysy boljakdyklaryna kepil gecdiler Emma Mesut ilcileri tutdurdy we oz hajyby Ildoganyn Begdogdy hemde beyleki ekabyr bastutanlygynda san sajaksyz gosun jemlap olaryn ustune ugrady Olar su yylyn meret ayynda Nusayda dususdylar we sowese girdiler 5 1040 njy yylda Dandanakan sowesi baslady Cagry begin bastutanlygyndaky Seljuklylar Gaznalylaryn ustunden gutarnykly yenis gazandylar Cagry beg hokumdarlygy ika bolup dogany bilen paylasdy we hokumdarlygyn gunbatar topraklaryny agasy Togrul beg gundogar topraklary bolsa ozi dolandyrdy Cagry beg dogany Togrul beg bilen yakyndan gatnasypdyrlar Cagry beg Togrul begin owlatsyz galmagyny islemandir we ona oz ogly Alp Arslany ogulluk edip beripdir Togrul beg 1056 njy yylda Bagdatda hokum suren Syga Buweyhogullary dowletini sybdyryar Buweyhogullarynyn suteminden dynan sunni halyflar Seljuklylary gowy garsylayarlar Halyf Kaim Togrul bege Ruknuddawla Yurdun goragy we s m yaly lakamlary dakypdyr Togrul beg Abbasy halyfy El Kaimyn gyzy Seyyide Fatima el Betula oylenipdir Araplar bilen Seljuklylaryn arasyndaky garyndaslyk berkapdir Sonra Halyf El Kaim Cagry begin gyzy Hatyja Arslan hatyna oylenipdir Taryhy cesmelerde Cagry beg hakynda kop maglumat berilmandir Cesme 1 Clauson p 410 2 Cagry 1 Kimdir birini cagyrmak 2 Dogan Cakyr gus 3 Rutbe lakam TDK adam atlarynyn sozlugi turkce 3 Atalay B 2006 Diwanylugatitturk Ankara Turk taryhynyn gurlusy caphana ISBN 975 16 0405 2 jilt II sah 343 we jilt III sah 332 4 Tabakat al Nasiri sah 127 Caghri Beg Dawud Encyclopaedia Iranica inlisce 5 Ibn el Esir Kamil taryh Miras caphanasy 2005 I jilt sah 189 90