Abylgazy Bahadyr Han 1603 63 Hywa hany 1645 83 taryhçy döwlet işgäri Has doly maglumaty 9 njy synp Turkmenistanyn taryhy
Abylgazy Bahadyr han

Abylgazy Bahadyr Han (1603-63)- Hywa hany (1645-83), taryhçy, döwlet işgäri. Has doly maglumaty 9-njy synp Turkmenistanyn taryhy kitabyndan okap bilersiniz. Ol 1645 ýylda, hanlykdaky içki syýasy garşylyklaryň ýitileşen şertlerinde, özbek feodallarynyň harby güýjüne daýanyp, häkimiýet başyna geçipdir. Onuň höküm süren döwründe Hywada özbek feodallarynyň agalygy pugtalanypdyr. Hanlykdaky hemme ýokary wezipeler, söwda we senetçiler, ekerançylyk üçin amatly ýerleriň köpüsi feodallaryň eline geçipdir. Abylgazynyň döwleti dolandyryş, ýer-suw we beýleki babatlarda geçiren ähli reformalary özbek feodal döwletiniň ykdysady we syýasy ýagdaýyny pugtalandyrmaga gönükdirilipdir. Abylgazy Hywada türkmenleriň täsiriniň soňuna çykmak ugrunda çalşypdyr. Netijede, ýerden-suwdan mahrum edilen we üznüksiz talaňçylara sezewar bolan Hywa türkmenleri hanlykdan çykyp gitmäge ýa-da agyr hem kemsidijilikli şertlerde ýaşamaga mejbur bolupdyrlar. Derýalyk boýundaky türkmen ilatly galapyn welaýatlaryň, şol sanda Adak, Wezir, Buldumsaz ýaly şäherleriň bütinleý boşap galmaklygy hut şol döwre degişlidir. Abylgazy hanlygyň paýtagtyny Hywa şäherine göçüripdir. Türkmen sähralaryna golaý bolan we Derýalygyň akmasynyň kesilmegi zerarly boşap galan öňki paýtagt - Ürgenjiň (häzirki Köneürgenjiň) deregine, Abylgazy hanlygyň golaý böleginde täze Ürgenç şherini saldyrypdyr. Abylgazynyň daşarky syýasatynda galmyklar we Buhara bilen bolan uruşlar, Russiýa bilen bolan söwda-diplomatik gatnaşyklary, ylaýta-da türkmen taýpalaryna garşy gurulýan köp sanly talaňçylykly ýörişler esasy orun tutupdyr ( serediň: Abylgazy hanyň türkmenlere garşy ýörişleri). Abylgazy taryhçy hökmünde 2 sany belli işiň: "Şejerei terakime" ("Türkmenleriň şejeresi"), "Şejerei türk" ("Türkleriň şejeresi") ýygyndylarynyň awtorydyr. Bu kitaby https://www.kitaphana.net/book/1622 alyp okap bilersiniz. Olar 1897, 1906 ýyllarda rus dilinde neşir edilipdir. İkinki işiň 1874 ýylda çykan fransuz neşiri hem bar. Bu işler galapyn dilden aýdylyp gürrüňler we rowaýatlar esasynda ýazylanlygyna, käbir maglumatlaryň jedelli bolmagyna garamazdan, olar Hywanyň, Demirgazyk Türkmenistanyň we gonşy welaýatlaryň 15-17 asyrlardaky taryhyny öwrenmekde gymmatly edebi çeşme bolup hyzmat edýärler. Abylgazynyň bu işlerinde türkmen taýpalarynyň urug-tirä bölünişleri, ýaşaýan ýerleri, kärleri, içki we daşky syýasy ýagdaýlary boýunça iňňän gymmatly taryhy maglumatlar bar.
Abu al-Ghazi Bahadur | |
Han | |
---|---|
Faýl:Khan bahadur 2.JPG | |
Kakasy |
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Abylgazy Bahadyr han hakda maglumat, Abylgazy Bahadyr han näme? Abylgazy Bahadyr han näme diýmek?
Abylgazy Bahadyr Han 1603 63 Hywa hany 1645 83 taryhcy dowlet isgari Has doly maglumaty 9 njy synp Turkmenistanyn taryhy kitabyndan okap bilersiniz Ol 1645 yylda hanlykdaky icki syyasy garsylyklaryn yitilesen sertlerinde ozbek feodallarynyn harby guyjune dayanyp hakimiyet basyna gecipdir Onun hokum suren dowrunde Hywada ozbek feodallarynyn agalygy pugtalanypdyr Hanlykdaky hemme yokary wezipeler sowda we senetciler ekerancylyk ucin amatly yerlerin kopusi feodallaryn eline gecipdir Abylgazynyn dowleti dolandyrys yer suw we beyleki babatlarda geciren ahli reformalary ozbek feodal dowletinin ykdysady we syyasy yagdayyny pugtalandyrmaga gonukdirilipdir Abylgazy Hywada turkmenlerin tasirinin sonuna cykmak ugrunda calsypdyr Netijede yerden suwdan mahrum edilen we uznuksiz talancylara sezewar bolan Hywa turkmenleri hanlykdan cykyp gitmage ya da agyr hem kemsidijilikli sertlerde yasamaga mejbur bolupdyrlar Deryalyk boyundaky turkmen ilatly galapyn welayatlaryn sol sanda Adak Wezir Buldumsaz yaly saherlerin butinley bosap galmaklygy hut sol dowre degislidir Abylgazy hanlygyn paytagtyny Hywa saherine gocuripdir Turkmen sahralaryna golay bolan we Deryalygyn akmasynyn kesilmegi zerarly bosap galan onki paytagt Urgenjin hazirki Koneurgenjin deregine Abylgazy hanlygyn golay boleginde taze Urgenc sherini saldyrypdyr Abylgazynyn dasarky syyasatynda galmyklar we Buhara bilen bolan uruslar Russiya bilen bolan sowda diplomatik gatnasyklary ylayta da turkmen taypalaryna garsy gurulyan kop sanly talancylykly yorisler esasy orun tutupdyr seredin Abylgazy hanyn turkmenlere garsy yorisleri Abylgazy taryhcy hokmunde 2 sany belli isin Sejerei terakime Turkmenlerin sejeresi Sejerei turk Turklerin sejeresi yygyndylarynyn awtorydyr Bu kitaby https www kitaphana net book 1622 alyp okap bilersiniz Olar 1897 1906 yyllarda rus dilinde nesir edilipdir Ikinki isin 1874 yylda cykan fransuz nesiri hem bar Bu isler galapyn dilden aydylyp gurrunler we rowayatlar esasynda yazylanlygyna kabir maglumatlaryn jedelli bolmagyna garamazdan olar Hywanyn Demirgazyk Turkmenistanyn we gonsy welayatlaryn 15 17 asyrlardaky taryhyny owrenmekde gymmatly edebi cesme bolup hyzmat edyarler Abylgazynyn bu islerinde turkmen taypalarynyn urug tira bolunisleri yasayan yerleri karleri icki we dasky syyasy yagdaylary boyunca innan gymmatly taryhy maglumatlar bar Abu al Ghazi BahadurHanFayl Khan bahadur 2 JPGKakasy