FORBES žurnaly 1999 njy ýyldan bäri meşhur hem de gurply adamlaryň sanawyny düzüp olaryň durmuşy gyzyklanýan pişesi işin
Forbes

“FORBES” žurnaly 1999-njy ýyldan bäri meşhur hem-de gurply adamlaryň sanawyny düzüp, olaryň durmuşy, gyzyklanýan pişesi, işinde gazanan üstünlikleri dogrusynda makalalary çap edýär. Ýyldyzlar, telekeçiler,syýasatçylar we görnükli adamlar hakynda berilýän maglumatlar halk arasynda uly gyzyklanma bilen kabul edilensoň, “FORBES” žurnaly şu ugur boýunça ymykly meşgullanyp başlady. Indi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem dünýäniň görnükli adamlarynyň durmuşy ,işi,baýlygy hakyndaky maglumatlary şu žurnala salgylanyp beýan edýäler.
“FORBES” žurnalynyň seljermelerine görä,sungat işgärleriniň arasynda aýdymçy Jenifer Lopes 2012-nji ýylynda iň baý we meşhur zenany diýip yglan edildi. Ol Amerikanyň teleýaýlymlarynyň biriniň alyp baryjysy Opru Uinfriden(2-nji orun), aýdymçy Jastin Biberden(3nji orun),aýdymçy Riannadan(4-nji orun) hem-de aýdymçy Ledi Gagadan (5-nji orun) saýlanmagy başardy. Aýdymçy hem-de aktrisa “American Idol” bäsleşiginiň emin agzasy bolmak,Gilette,L’Oreal,Fiat hemde TOUS şereketleriniň mahabatyna gatnaşmak,kino surata düşmek ,konsertlerde çykyş etmek hem-de öz hususy telekeçiliginiň girdejisini artdyrmak(onuň täze çykaran atyrynyň özi eýýäm 2 millard dollar girdeji getirdi) bilen şeýle uly orna,ýokary derejä eýe boldy.
Suratkeş-floraçy Aýrýan Galstýanyň döreden köýnegi dünýä zenanlarynyň arasynda taryp ediji seslenmelere mynasyp boldy. Bu köýnek diňe zenanlary däl,eýsem,erkekleri hem biňarh goýmady. Täsin köýnegiň görkezilişi uly dabara bilen geçdi. Sebäbi ukrain dizaýneri ony Ginnesiň rekordlar kitabyna hem hödürledi. Okajylarda “Köýnek haýsy biçüwi bilen haýran galdyrýarka? “ diýen sowalyň ýüze çykmagy ahmal. Köýnek , dogurdanam ,örän owadan hem-de täsin. Uzynlygy 11,92 metre barabar bolan köýnek 10 000 sany benewşe reňkli ter orhideýa gülleri bilen bezelipdir.Güller solmaz ýaly,köýnek iki gat matadan: asty atlazdan , üsti gara mahmaldan ybarat. Ýagny atlaz çyglylygy saklaýar, mahmalyň sütüjekleri bolsa toprak mysaly gülleri çygly saklaýar. Bir ýylyň dowamynda tikilen bu köýnegi köpçülige görkezmek üçin uly zal gerek boldy. Ony “Älem gözeli - 2011” bäsleşiginde ikinji orna mynasyp bolan ukrain gözeli Olesýa Stefanko geýdi. Köýnek aşa uzyn bolonsoň, her tarapyndan 5 gyz onuň etegini götermeli boldy. Umuman , A.Galstyan maksadyna ýetdi. Ol döreden gözel lybasy bilen ukrain rekordlar kitabyna girmegi başardy.
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Forbes hakda maglumat, Forbes näme? Forbes näme diýmek?
FORBES zurnaly 1999 njy yyldan bari meshur hem de gurply adamlaryn sanawyny duzup olaryn durmusy gyzyklanyan pisesi isinde gazanan ustunlikleri dogrusynda makalalary cap edyar Yyldyzlar telekeciler syyasatcylar we gornukli adamlar hakynda berilyan maglumatlar halk arasynda uly gyzyklanma bilen kabul edilenson FORBES zurnaly su ugur boyunca ymykly mesgullanyp baslady Indi kopculikleyin habar beris serisdeleri hem dunyanin gornukli adamlarynyn durmusy isi baylygy hakyndaky maglumatlary su zurnala salgylanyp beyan edyaler FORBES zurnalynyn seljermelerine gora sungat isgarlerinin arasynda aydymcy Jenifer Lopes 2012 nji yylynda in bay we meshur zenany diyip yglan edildi Ol Amerikanyn teleyaylymlarynyn birinin alyp baryjysy Opru Uinfriden 2 nji orun aydymcy Jastin Biberden 3nji orun aydymcy Riannadan 4 nji orun hem de aydymcy Ledi Gagadan 5 nji orun saylanmagy basardy Aydymcy hem de aktrisa American Idol baslesiginin emin agzasy bolmak Gilette L Oreal Fiat hemde TOUS sereketlerinin mahabatyna gatnasmak kino surata dusmek konsertlerde cykys etmek hem de oz hususy telekeciliginin girdejisini artdyrmak onun taze cykaran atyrynyn ozi eyyam 2 millard dollar girdeji getirdi bilen seyle uly orna yokary dereja eye boldy Suratkes floracy Ayryan Galstyanyn doreden koynegi dunya zenanlarynyn arasynda taryp ediji seslenmelere mynasyp boldy Bu koynek dine zenanlary dal eysem erkekleri hem binarh goymady Tasin koynegin gorkezilisi uly dabara bilen gecdi Sebabi ukrain dizayneri ony Ginnesin rekordlar kitabyna hem hodurledi Okajylarda Koynek haysy bicuwi bilen hayran galdyryarka diyen sowalyn yuze cykmagy ahmal Koynek dogurdanam oran owadan hem de tasin Uzynlygy 11 92 metre barabar bolan koynek 10 000 sany benewse renkli ter orhideya gulleri bilen bezelipdir Guller solmaz yaly koynek iki gat matadan asty atlazdan usti gara mahmaldan ybarat Yagny atlaz cyglylygy saklayar mahmalyn sutujekleri bolsa toprak mysaly gulleri cygly saklayar Bir yylyn dowamynda tikilen bu koynegi kopculige gorkezmek ucin uly zal gerek boldy Ony Alem gozeli 2011 baslesiginde ikinji orna mynasyp bolan ukrain gozeli Olesya Stefanko geydi Koynek asa uzyn bolonson her tarapyndan 5 gyz onun etegini gotermeli boldy Umuman A Galstyan maksadyna yetdi Ol doreden gozel lybasy bilen ukrain rekordlar kitabyna girmegi basardy