Azərbaycan  AzərbaycanLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

1858 nji ýylda Garrygalada we türkmenleriň arasynda geçen bir söweş Garrygala söweşi Sebit Garrygala Netije Türkmen Ýeňi

Garrygala söweşi

  • Baş sahypa
  • Garrygala söweşi
Garrygala söweşi
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

1858-nji ýylda Garrygalada we türkmenleriň arasynda geçen bir söweş.


Garrygala söweşi
Sebit Garrygala
Netije Türkmen Ýeňişi
Taraplar
Türkmenler
Serkerdeler



Güýçler
10,000 50,000
Ýitgiler
? 6,000 - 10,000

Sarahs söweşinden (1855) soň, Hywa goşunlary Günorta Türkmenistana aýaklaryny sekmedi, indi bu ýerlerde Eýrandaky gajar türkmenleriniň hökümdarlygynyň şasy Nasreddiniň goşunlary basybalyş hereketlerini ýaýbaňlandyryp başladylar. Ol türkmenleri tabyn edip, özüne salgyt töletmekçidi. Emma türkmenler XIX asyryň ortalarynda goňşy döwletleriň basybalyjylykly ýörişlerine garşy gaýduwsyzlyk bilen göreşip, ata Watanyny, ene topragyny döş gerip goradylar. 1858-nji ýylyň Garrygala söweşinde-de hut şeyle boldy. Nasreddin şa türkmenleriň üstüne ýöriş guramak üçin mejlis geçirýär. Köşkdäki emeldarlaryň we serkerdeleriň mekirlik bilen taryna kakyp görýär. Şol mejlisde Büjnürt welaýatynyň häkimi Japarguly han türkmenleriň üstüne harby ýörişe gitmäge taýýardygyny mälim edýär. Şa Japarguly hany 1858-nji ýylda öz goşunlaryna baş serkerde edip, Garrygalany, soňra bolsa Ahaly basyp almak üçin iberýär. Japarguly hanyň goşunlary ençeme gün ýol ýöräp, Gürgen boýunda düşleýär. Uruş howpunyň abanyp gelýändiginden habarly gökleň türkmenleri Durdy hanyň baştutanlygynda özara maslahatlaşyp, galany berkidip, söweşe taýýarlyk görüp başlaýarlar. Olar goňşulary Ahal we günbatar türkmenlerine çapar ýollap, kömege çagyrmagy karar edýärler. Habar barandan atlanha-atlan bolup, derrew gökleň doganlaryna kömek bermek üçin Ahaldan Nurberdi hanyň baştutanlygynda 10 müň atly, günbatardan Mahmyt işanyň baştutanlygynda 8 müň atly Garrygala gelýär. Munuň özi kyn günde birek-biregi goldamagyň, umumy düşmana garşy bileleşip göreşmegiň türkmenleriň ganyna siňendigini subut edýärdi. Bu wakany Abdysetdar kazy “Jeňnamada” şeýle beýan edýär: Gördi gökleň ili gerdi-gubary, Yetip gelen on müň çapyksuwary. Tanadylar ony, Nurberdi handyr, Merdana, il bilen bir tenu-jandyr. Öňlerinden çykyp, aldylar garşy, Uly-kiçi aýdyp ýüz-müň alkyşy. Ýaşyl donly, eli ýaşyl hasaly, Köňlünde hak ýady, dili senaly. Mahmyt işan diýrler onuň ismine, Gelýär ol baş bolup ýomut iline. Munuň özi türkmenleriň atly-ýaragly saýlama edermen ýigitlerine bir tuguň-baýdagyň astyna jemlenip, duşmanyň öňünden çykmaga mümkinçilik beripdir. Japarguly hanyň goşunlary Çendiriň üstünden geçip, Garrygalanyň golaýyna gelip düşläpdir. Adatça, gadymdan gelýän däbe görä, her tarapdan söweşden öň bir batyr urşujy pälwan ýekme-ýek söweşmek üçin orta çykmaly eken. Bu gezek hem şeýle bolupdyr. Ýekme-ýek söweşde, esasan, galkan bilen naýza, gylyç ulanylýardy. Japarguly han öz pälwanyny öňe çykarypdyr. Gyzylarbatdan Päli mergen diýen bir batyr türkmen ýigidi garşydaşy bilen söweşip, onuň süýr depesinden gylyjy inderipdir. Başa-baş söweşden soň, Garrygalanyň eteginde uruş başlanypdyr. Japarguly han galany top okuna tutup almakçy bolýar. Türkmenler bolsa ilki mergenleri, soňra galan nökerlerini söweşe girizýärler. Söweşiň edil jygba-jygbaly pursadynda günbatardan gelen ýomut atlylary hem hüjüme geçýär. Uruşda tekeleriň, ýomutlaryň, gökleňleriň birleşen güýçlerine umumy ýolbaşçylyk etmek wezipesi Nurberdi hanyň paýyna düşýär. Duşman bilen söweş barha güýjeýärdi. Nurberdi han kethudalar, serdarlar bilen maslahatlaşyp, olara duşmanyň üstüne aýgytly hüjüme geçmek wagtynyň gelendigini mälim edýär. Soňra han ähli nökerlere ýüz tutup, türkmen tire-taýpalarynyň agzybir bolanda almajak galasynyň, gaýtarmajak ýagysynyň ýokdugyny nygtap, olary şir-peleň kimin duşmana daramaga çagyrýar. Duşman bilen aýgytly söweş bolan güni tekeler Nurberdi hanyň, Dykma serdaryň, Çopan batyryň (kir) ýolbaşçylygynda ortada, ýomutlar Mahmyt işanyň, Tuwakmyrat Taraşyň baştutanlygynda çep tarapda, gökleňler bolsa Durdy hanyň, Ýagşy mergeniň baştutanlygynda sag tarapda durup söweşipdirler. Japarguly han ähli top-tophanasyny söweş meýdanyna çykarýar. Bu aýgytly çaknyşykda iki tarap hem örän erjel söweşýär. Japarguly hanyň nökerleri türkmenleriň gazaply hüjümine çydaman, yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. Kän salym geçmänkä, türkmenler doly ýeňiş gazanypdyrlar. Olar duşmanyň tuguny çapypdyrlar, nökerleriniň aglabasyny gylyçdan geçiripdirler. Bu gazaply söweş Monjukly depäniň töwereklerinde bolupdyr. Umuman, Garrygalanyň eteginde bolan uruşda Päli mergen, Öwezli tentek batyr, Çary batyr, Pena serdar, Marydan gelen Gülten batyr ýaly başga-da köp ýigitler uly edermenlik görkezipdirler. Japarguly han galan az-owlak nökeri bilen ähli getiren harby enjamlaryny taşlap, söweş meýdanyndan gaçyp gidipdir. Eýran goşunlarynyň ýeňilendigi baradaky habary eşiden Nasreddin şanyň gaty gahary gelipdir we ahmyrlydygyny aýdypdyr. Gökleňler duşmandan olja alnan mis topy Nurberdi hana sowgat beripdirler. Türkmenleriň Garrygala söweşindäki ýeňşi Eýrandaky gajar türkmenleriniň hökümdarlygyna uly urgy boldy. Bu söweşde üç sany uly türkmen taýpasynyň birleşip, duşmana garşy göreşmeginde Nurberdi hanyň, Durdy hanyň, Mahmyt işanyň şahsy goşantlary uludyr. Olar Garrygala söweşinden has öň hem ýakyn aragatnaşyk saklapdyrlar. Bu hanlar biri-biri bilen ýüzbe-ýüz duşuşanlarynda, türkmen taýpalarynyň güýç birikdirip, agzybir bolmagyň zerurlygy barada söhbetdeş bolýardylar. Garrygala söweşi hem şonuň dogrudygyny hakykat ýüzünde subut etdi.

Çeşme: , . Türkmenistanyň taryhy. XVII-XX asyrlar. Orta mekdepleriň IX synpy üçin synag okuw kitaby. – A.: , 2009.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 15 Iýun, 2025 / 11:59

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Garrygala söweşi hakda maglumat, Garrygala söweşi näme? Garrygala söweşi näme diýmek?

1858 nji yylda Garrygalada we turkmenlerin arasynda gecen bir sowes Garrygala sowesi Sebit Garrygala Netije Turkmen Yenisi Taraplar Turkmenler Serkerdeler Guycler 10 000 50 000 Yitgiler 6 000 10 000 Sarahs sowesinden 1855 son Hywa gosunlary Gunorta Turkmenistana ayaklaryny sekmedi indi bu yerlerde Eyrandaky gajar turkmenlerinin hokumdarlygynyn sasy Nasreddinin gosunlary basybalys hereketlerini yaybanlandyryp basladylar Ol turkmenleri tabyn edip ozune salgyt toletmekcidi Emma turkmenler XIX asyryn ortalarynda gonsy dowletlerin basybalyjylykly yorislerine garsy gayduwsyzlyk bilen goresip ata Watanyny ene topragyny dos gerip goradylar 1858 nji yylyn Garrygala sowesinde de hut seyle boldy Nasreddin sa turkmenlerin ustune yoris guramak ucin mejlis geciryar Koskdaki emeldarlaryn we serkerdelerin mekirlik bilen taryna kakyp goryar Sol mejlisde Bujnurt welayatynyn hakimi Japarguly han turkmenlerin ustune harby yorise gitmage tayyardygyny malim edyar Sa Japarguly hany 1858 nji yylda oz gosunlaryna bas serkerde edip Garrygalany sonra bolsa Ahaly basyp almak ucin iberyar Japarguly hanyn gosunlary enceme gun yol yorap Gurgen boyunda dusleyar Urus howpunyn abanyp gelyandiginden habarly goklen turkmenleri Durdy hanyn bastutanlygynda ozara maslahatlasyp galany berkidip sowese tayyarlyk gorup baslayarlar Olar gonsulary Ahal we gunbatar turkmenlerine capar yollap komege cagyrmagy karar edyarler Habar barandan atlanha atlan bolup derrew goklen doganlaryna komek bermek ucin Ahaldan Nurberdi hanyn bastutanlygynda 10 mun atly gunbatardan Mahmyt isanyn bastutanlygynda 8 mun atly Garrygala gelyar Munun ozi kyn gunde birek biregi goldamagyn umumy dusmana garsy bilelesip goresmegin turkmenlerin ganyna sinendigini subut edyardi Bu wakany Abdysetdar kazy Jennamada seyle beyan edyar Gordi goklen ili gerdi gubary Yetip gelen on mun capyksuwary Tanadylar ony Nurberdi handyr Merdana il bilen bir tenu jandyr Onlerinden cykyp aldylar garsy Uly kici aydyp yuz mun alkysy Yasyl donly eli yasyl hasaly Konlunde hak yady dili senaly Mahmyt isan diyrler onun ismine Gelyar ol bas bolup yomut iline Munun ozi turkmenlerin atly yaragly saylama edermen yigitlerine bir tugun baydagyn astyna jemlenip dusmanyn onunden cykmaga mumkincilik beripdir Japarguly hanyn gosunlary Cendirin ustunden gecip Garrygalanyn golayyna gelip duslapdir Adatca gadymdan gelyan dabe gora her tarapdan sowesden on bir batyr ursujy palwan yekme yek sowesmek ucin orta cykmaly eken Bu gezek hem seyle bolupdyr Yekme yek sowesde esasan galkan bilen nayza gylyc ulanylyardy Japarguly han oz palwanyny one cykarypdyr Gyzylarbatdan Pali mergen diyen bir batyr turkmen yigidi garsydasy bilen sowesip onun suyr depesinden gylyjy inderipdir Basa bas sowesden son Garrygalanyn eteginde urus baslanypdyr Japarguly han galany top okuna tutup almakcy bolyar Turkmenler bolsa ilki mergenleri sonra galan nokerlerini sowese girizyarler Sowesin edil jygba jygbaly pursadynda gunbatardan gelen yomut atlylary hem hujume gecyar Urusda tekelerin yomutlaryn goklenlerin birlesen guyclerine umumy yolbascylyk etmek wezipesi Nurberdi hanyn payyna dusyar Dusman bilen sowes barha guyjeyardi Nurberdi han kethudalar serdarlar bilen maslahatlasyp olara dusmanyn ustune aygytly hujume gecmek wagtynyn gelendigini malim edyar Sonra han ahli nokerlere yuz tutup turkmen tire taypalarynyn agzybir bolanda almajak galasynyn gaytarmajak yagysynyn yokdugyny nygtap olary sir pelen kimin dusmana daramaga cagyryar Dusman bilen aygytly sowes bolan guni tekeler Nurberdi hanyn Dykma serdaryn Copan batyryn kir yolbascylygynda ortada yomutlar Mahmyt isanyn Tuwakmyrat Tarasyn bastutanlygynda cep tarapda goklenler bolsa Durdy hanyn Yagsy mergenin bastutanlygynda sag tarapda durup sowesipdirler Japarguly han ahli top tophanasyny sowes meydanyna cykaryar Bu aygytly caknysykda iki tarap hem oran erjel sowesyar Japarguly hanyn nokerleri turkmenlerin gazaply hujumine cydaman yza cekilmage mejbur bolupdyrlar Kan salym gecmanka turkmenler doly yenis gazanypdyrlar Olar dusmanyn tuguny capypdyrlar nokerlerinin aglabasyny gylycdan geciripdirler Bu gazaply sowes Monjukly depanin towereklerinde bolupdyr Umuman Garrygalanyn eteginde bolan urusda Pali mergen Owezli tentek batyr Cary batyr Pena serdar Marydan gelen Gulten batyr yaly basga da kop yigitler uly edermenlik gorkezipdirler Japarguly han galan az owlak nokeri bilen ahli getiren harby enjamlaryny taslap sowes meydanyndan gacyp gidipdir Eyran gosunlarynyn yenilendigi baradaky habary esiden Nasreddin sanyn gaty gahary gelipdir we ahmyrlydygyny aydypdyr Goklenler dusmandan olja alnan mis topy Nurberdi hana sowgat beripdirler Turkmenlerin Garrygala sowesindaki yensi Eyrandaky gajar turkmenlerinin hokumdarlygyna uly urgy boldy Bu sowesde uc sany uly turkmen taypasynyn birlesip dusmana garsy goresmeginde Nurberdi hanyn Durdy hanyn Mahmyt isanyn sahsy gosantlary uludyr Olar Garrygala sowesinden has on hem yakyn aragatnasyk saklapdyrlar Bu hanlar biri biri bilen yuzbe yuz dususanlarynda turkmen taypalarynyn guyc birikdirip agzybir bolmagyn zerurlygy barada sohbetdes bolyardylar Garrygala sowesi hem sonun dogrudygyny hakykat yuzunde subut etdi Cesme Turkmenistanyn taryhy XVII XX asyrlar Orta mekdeplerin IX synpy ucin synag okuw kitaby A 2009

Iň soňky makalalar
  • Iýun 15, 2025

    Demirgazyk polýus

  • Iýun 07, 2025

    Demirgazyk deňzi

  • Iýun 08, 2025

    Demirgazyk ada (Täze Zelandiýa)

  • Iýun 06, 2025

    Demirgazyk Koreýa

  • Iýun 08, 2025

    Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary