Indeýler Amerikanyň ýerli ilatynyň umumy ady eskimoslardan we aleutlardan başgasy Bu at ilkinji deňizde ýüzüjileriň 15 a
Indeýler

Indeýler Amerikanyň ýerli ilatynyň umumy ady (eskimoslardan we aleutlardan başgasy). Bu at ilkinji deňizde ýüzüjileriň (15 asyryň aýagynda H. Kolumb we b.) Atlantik okeanyň aňyrsynda açan ýerlerine Hindistan diýip ýalňyş düşünmeklerinden gelýär. Indeýler antropologik gurluşy taýdan amerikan jynsyna degişli. Amerikadaky indeýleriň umumy sany takmynan 30 milliondan gowrak (1960). Indeýleriň dil bölünşigi örän köp. Olaryň dili entek ylmy taýdan kadaly öwrenilmändir. Indeýleriň dini ynançlary boýunça geçmişde dürli urug-taýpa kultlarynda (şamanism, totemizm galyndylary we.b) uýmak bolupdyr. Häzirki indeýlerde şol kultlar hudaýlar hökmünde Amerikanyň diňe barmasy kyn we çet sebitlerinde ýaşaýan taýpalarda saklanyp galypdyr. Indeýleriň köpüsi hristiançylygy: Günorta Amerikada, esasan, katolizmi, Demirgazyk Amerikada ýaşaýanlaryň aglabasy bolsa protestantizmiň dürli mezheplerini kabul edipdirler. Indeýleriň we eskimoslaryň ata-babalary 30-20 müňýyllyklarda demirgazyk-gündogar Aziýadan Bering bogazynyň üsti bilen Amerika göçüp barypdyrlar diýip çak edilýär. Amerikanyň ýewropalylar tarapyndan koloniýalaşdyrylyp ugralmagy bilen (16-njy asyrdan başlap), indeýleriň durmuşynda düýpli özgerişikler bolup başlaýar. Ýewropa kolonizatorlary indeýleriň tebigy ösüşini togtatmaga çalyşýarlar. Kolonizatorlar demirgazyk Amerikada indeýleriň köpüsini garypdyrlar, ep-esli bölegi bolsa ABŞ-nyň we Kanadanyň rezerwasiýalaryna göçürilipdir. Diňe materigiň çet demirgazygyndaky ýerli indeýler ýarym çarwa durmuşynda ýaşaýarlar, ABŞ-daky indeýleriň köp bölegi amerikanlar bilen assimilleşip Amerikanys şäher we oba proletariatynyň hem-de garyp fermerleriniň hataryna goşulýarlar. Latyn Amerikasyndaky (West-Hindistan, Urugway, Argentina) indeýleriň köp taýpalary gyrlypdyr. Indeýleriň diňe az bölegi Amazonka derýasynyn basseýniniň çet ýerlerinde öz medeni-durmuş gurluşyny saklapdyr. Latyn Amerikasyndaky birnäçe ýurtlaryň häzirki milletleriniň (meksikanlaryň, paragwaýlaryň, peruanlaryň) we beýlekileriň emele gelmeginde indeýler olaryň esasy düzüm bölegi bolýar. Birnäçe döwletlerde ispan dili bilen birlikde indeýleriň dili hem ulanylýar (ýagny-keçýa-Peruda, Boliwiýada, Ekuadorda, guarani- Paragwaýda ikinji resmi dil hasap edilýär.). Indeýleriň dünýä medeniýetine goşan goşandy uludyr. Indeýler ajaýyp arhitektura ýadygärliklerini, şekillendiriş sungatyny, şahyrana halk döredijiligini döretdi.
Bu jemgyýet makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Indeýler hakda maglumat, Indeýler näme? Indeýler näme diýmek?
Indeyler Amerikanyn yerli ilatynyn umumy ady eskimoslardan we aleutlardan basgasy Bu at ilkinji denizde yuzujilerin 15 asyryn ayagynda H Kolumb we b Atlantik okeanyn anyrsynda acan yerlerine Hindistan diyip yalnys dusunmeklerinden gelyar Indeyler antropologik gurlusy taydan amerikan jynsyna degisli Amerikadaky indeylerin umumy sany takmynan 30 milliondan gowrak 1960 Indeylerin dil bolunsigi oran kop Olaryn dili entek ylmy taydan kadaly owrenilmandir Indeylerin dini ynanclary boyunca gecmisde durli urug taypa kultlarynda samanism totemizm galyndylary we b uymak bolupdyr Hazirki indeylerde sol kultlar hudaylar hokmunde Amerikanyn dine barmasy kyn we cet sebitlerinde yasayan taypalarda saklanyp galypdyr Indeylerin kopusi hristiancylygy Gunorta Amerikada esasan katolizmi Demirgazyk Amerikada yasayanlaryn aglabasy bolsa protestantizmin durli mezheplerini kabul edipdirler Indeylerin we eskimoslaryn ata babalary 30 20 munyyllyklarda demirgazyk gundogar Aziyadan Bering bogazynyn usti bilen Amerika gocup barypdyrlar diyip cak edilyar Amerikanyn yewropalylar tarapyndan koloniyalasdyrylyp ugralmagy bilen 16 njy asyrdan baslap indeylerin durmusynda duypli ozgerisikler bolup baslayar Yewropa kolonizatorlary indeylerin tebigy osusini togtatmaga calysyarlar Kolonizatorlar demirgazyk Amerikada indeylerin kopusini garypdyrlar ep esli bolegi bolsa ABS nyn we Kanadanyn rezerwasiyalaryna gocurilipdir Dine materigin cet demirgazygyndaky yerli indeyler yarym carwa durmusynda yasayarlar ABS daky indeylerin kop bolegi amerikanlar bilen assimillesip Amerikanys saher we oba proletariatynyn hem de garyp fermerlerinin hataryna gosulyarlar Latyn Amerikasyndaky West Hindistan Urugway Argentina indeylerin kop taypalary gyrlypdyr Indeylerin dine az bolegi Amazonka deryasynyn basseyninin cet yerlerinde oz medeni durmus gurlusyny saklapdyr Latyn Amerikasyndaky birnace yurtlaryn hazirki milletlerinin meksikanlaryn paragwaylaryn peruanlaryn we beylekilerin emele gelmeginde indeyler olaryn esasy duzum bolegi bolyar Birnace dowletlerde ispan dili bilen birlikde indeylerin dili hem ulanylyar yagny kecya Peruda Boliwiyada Ekuadorda guarani Paragwayda ikinji resmi dil hasap edilyar Indeylerin dunya medeniyetine gosan gosandy uludyr Indeyler ajayyp arhitektura yadygarliklerini sekillendiris sungatyny sahyrana halk doredijiligini doretdi Bu jemgyyet makala ownuk makaladyr Ony uytgetmek hem de osdurmek arkaly Wikipediya komek edip bilersiniz