Bir milletiň we jemgyýetiň sagdynlygy we kämilligi maşgala bilen berk baglanyşyklydyr Maşgala mukaddes ojakdyr Başlangyj
Maşgala kanuny (Yslam)

Bir milletiň we jemgyýetiň sagdynlygy we kämilligi maşgala bilen berk baglanyşyklydyr. Maşgala mukaddes ojakdyr.
Başlangyjynda sagdyn esaslarda gurlan, maddy we ruhy sagadatda ýaşaýan maşgala millet üçin berk esasy we fazyletli şahslary ýetişdirýän mübärek mekdepdir. Öýlerini mekdep ýaly feýzli we bereketli, mekdeplerini hem öýleri ýaly mähirli, muhabbetli ýagdaýa getirip bilen millet geljek nesliň parahat we bagtyýar ýaşaýşyny kepillendirýär.
Milleti we maşgalany şahslar düzýär. Maşgala kiçi, millet bolsa uly maşgaladyr. Şonuň üçin maşgalalar ýagşy bolsa, millet ýagşy, maşgalalar erbet bolsa, millet hem erbetdir.
Kurany Kerimde maşgala gatnaşyklary ahlak, hukuk we ižtimagy taýdan giňden düşündirilýär. Ynsan onda bellenen düzgünlere görä ýaşasa, parahat, bagtyýar ömür sürer.
Pygamberimiz hem maşgala durmuşy bilen baglanyşykly meseleleri sahabalaryna düşündiripdir we öz ýaşaýşy bilen nusga bolupdyr.
Öýlenmek
Öýlenmek – ynsan tebigatynyň zerurlygy bolup, şahsyýetiň duýgy we düşünjeleriniň, jynsy arzuw-islegleriniň tertipleşdirilmegidir. Öýlenmegiň asyl maksady Allahy we Onuň Resulyny razy etjek nesilleri ýetişdirmekdir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Öýleniň, köpeliň! Çünki, men kyýamat gününde ymmatymyň köplügi bilen buýsanaryn», (Ajluni «Keşful-Hafa»; Abdurrezzak «Musannef») diýipdir. Ýagny, sepil, keýpi-sapanyň guly, maňlaýy seždesiz, wyždany bozuk nesile Resuly Ekremiň buýsanmajagy aýandyr. Serwerimiziň köpelmegini arzuw eden nesli: dini, ahlagy arassa, milletine, maşgalasyna wepaly, Allahy we Onuň Resulyny razy etjek nesildir. Bu maksady özünde jemlemän gurlan maşgala niýetsiz amallar ýaly netijesiz we bereketsizdir. Şonuň üçin öýlenjekler birek-biregiň daş owadanlygyna, baýlygyna we jemgyýetdäki tutýan derejesine görä däl-de, ruhy gözelligine, namys we ahlak düşünjesine seredip maşgala gurmalydyr. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar: «Araňyzdaky öýlenmedikleri we durmuşa çykmadyklary we salyh gul-gyrnaklary öýeriň. Eger olar garyp bolsa, Allah lutfy-keremi bilen olary mätäçlikden halas eder. Çünki Allahyň lutfy-keremi giňdir. Ol her bir zady bilýändir», (Nur, 32).
Maşgala gurýanlar maşgalaly bolmagyň ullakan borçdugyny unutmaly däldir. Maşgalabaşy bolmaly ýigit geljekde maşgalasyny eklemäge, goramaga, çagalaryna terbiýe bermäge borçludyr. Gyz bolsa bir öýüň keşigini çekmäge, adamsyna söýget bolmaga, sagdyn nesil ýetişdirmäge taýyn bolmalydyr. Bularyň şu zatlary etmäge ýeterlik akyly, sowady, gaýraty bolmalydyr. Iň esasy zat hem boýnuna düşen borjy maşgalanyň, ene-atanyň, jemgyýetiň hatyrasyna, şeýle hem hut öz mertebäň üçin birkemsiz ödemelidir. Borjuny berjaý edip bilmeýän adamda mertebe bolmaz. Mertebesizlik binamyslyga elter.
Haka sygynyp, mantyk we düşünjäni esas edinip, ilkinji kerpiji goýlan maşgala şeýle bir mübärek öýdür, ol ömürboýy mekdep ýaly işlär we ýetişdiren nesilleri bilen halkynyň edepliliginiň we dowamlylygynyň girewidir. Oýlanyp-ölçenilmän gurlan maşgala yzynda gözi ýaşly eneleri, maşgala mährinden mahrum ýalňyz köňülleri galdyrar.
Öýlenmegiň şahsyýete peýdasy bir bolsa, millete has köpdür. Şeýle hem oýlanylman gurlan maşgala hem-de asla öýlenmezlik we durmuşa çykmazlyk, gyzlary sepil, ýaş ýigitleri ryswa eder. Netijede, halk geljegini ýitirer.
Fykyh alymlary maşgala gurmagy birnäçe görnüşlere bölüpdirler.
- a) Farz bolan öýlenmek. Zyna etmek we haram iş etmek howpy bolanyň maşgala eklemäge ýagdaýy bar bolsa, öýlenmegi farzdyr.
- b) Wajyp bolan öýlenmek. Haram iş etmek howpy bolman, diňe beýle işi ederin öýdüp gorkan kişiniň maşgala eklemäge güýji ýetýän bolsa öýlenmegi wajypdyr.
- ç) Sünnet bolan öýlenmek. Hiç hili howp bolmasa-da öýlenmek islegi bolan biriniň durmuş gurmagy sünnetdir.
- d) Haram bolan öýlenmek. Öýlenende haram ýollar bilen maşgala eklejek we ýanýoldaşyna zulum etjek adamyň durmuş gurmagy haram saýylypdyr.
- e) bolan öýlenmek. Haram ýollar bilen maşgala eklemek we ýanýoldaşyna zulum etmek endişesi bolan adama öýlenmek mekruhdyr.
- ä) bolan öýlenmek. Halal gazanýan, zyna eder gümany bolmadyk, mehir (galyň) bermäge we maşgalasyny eklemäge güýji ýetýän biriniň öýlenmegi mubahdyr. Bu ýagdaýdaky adam öýlenip hem biler, öýlenmän hem biler.
Adaglama
Ömürboýy bile ýaşajak, her hili kynçylyklary bilelikde ýeňip geçjek, täze dünýä injek çagalara eýe boljak oglan bilen gyzyň nikahdan öň biri-birini görüp, tanyşmagy, häsiýetlerini öwrenmegi täze guruljak maşgalanyň berkligi üçin öpän möhümdir.
Şonuň üçin gudaçylyga barlandan soň, gyz-oglanyň biri-birini synlamagy dini taýdan dürsdür. Pygamberimiz: «Sizden haýsyňyz hem bolsaňyz biriňiz bir gyzy ýa-da aýaly nikahlap aljak bolsa, ony gowy synlasyn», (Ebu Dawud) diýipdir. Hatda, durmuş gurmakçy bolýan zenan maşgalanyňam äre barmakçy adamynyň aslyny soramagy, ýakyndan tanaýanlar bilen maslahatlaşmagy, tanaýanlaryň bolsa, ol barada bilýänlerini doly aýtmagy hiç hili ilden çykma däldir. Bu mesele bilen baglanyşykly şu hadysy mysal getirip bileris:
Pygamberimiziň ýanyna Kaýsyň gyzy Fatyma gelip: «Ebu Jehm b. Huzeýfe bilen Muawiýe b. Ebu Sufýanyň söz aýdyjy gelendigini we haýsyna barsa gowy boljagy barada maslahat soraýar. Pygamberimiz: «Ebu Jehm aýallary uragandyr. Muawiýe bolsa garypdyr. Sen gowusy Usamä durmuşa çyk», (Tirmizi) diýipdir.
Öýlenjekleriň biri-birini görmegi, gürleşmegi ikiçäk ýagdaýda bolup geçmeli däldir. Gyzyň ýanynda hökman mähremlerinden biri bolmalydyr. Çünki yslamda nikahdan öň ýigit bilen gyzyň hylwat ýerde ikiçäk duşuşmagy dürs däldir.
Iki tarap hem razyçylyk bildirenden soň, gyz-oglan adaglanýar. Mundan soň başga biriniň sawçylyga baryp, ara düşmegi dürs däldir. Ýöne iki tarap razylaşmadyk ýagdaýynda täze barjaklar öňkülerden rugsat soramalydyr. Pygamberimiziň bir hadysynda şeýle buýrulýar: «Sizden hiç biri din doganynyň gudaçylyga barýan ýerine guda bolmak niýeti bilen barmasyn», (Müslim).
Adaglanmak öýlenmegi mejbur edýän däldir. Ol islendik wagt bozulyp bilner. Adaglanmak taraplara bile ýaşamak hukugyny hem bermeýär. Adaglananlaryň ýaramaz niýeti bolmasa-da, nikah gyýylýança olar biri-biri üçin ýatdyr, nämähremdir. Şonuň üçin adaglananlaryň ikiçäk tirkeşip ýörmegi bolmaýar.
Adaglanmagyň bozulmagy köplenç gyz tarapynyň abraýyna zeper ýetirýär. Şonuň üçin adaglanmak wagty uzaga çekmeli däldir. Eger adaglanmak erkek tarapyndan bozulsa, berlen sowgatlar yzyna alynmaýar. Eger gyz tarapyndan bozulsa, sowgatlar yzyna berilmelidir.
Gyzyň ýigitde üns bermeli esasy aýratynlygy: onuň dini we ahlak arassalygydyr. Pygamberimiz bir hadysynda bu barada şeýle aýdypdyr: «Eger biriniň dinini berjaý edişinden we ahlak arassalygyndan hoşal bolsaňyz, ol hem gyzyňyza öýlenmek islese, ony yzyna gaýtarmaň. Eger şeýle etmeseňiz, ýer ýüzünde pitne we bozuklyk dörär» diýipdir. Sahabalardan biriniň:
– Eý, Resulallah, eger ol garyp ýa-da tanymal maşgaladan däl bolsa nätmeli? – diýen sowalyna, Pygamberimiz ýene: «Eger biriniň dinini berjaý edişinden we ahlak arassalygyndan hoşal bolsaňyz, ol hem gyzyňyza öýlenmek islese, ony yzyna gaýtarmaň. Eger şeýle etmeseňiz, ýer ýüzünde pitne we bozuklyk dörär» diýip, öňki aýdanyny üç gezek gaýtalapdyr, (Mansur Aly Nasyf «Et-Täjül-Jamy»). Kurany Kerimde bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýilýär: «Araňyzdaky öýlenmedikleri we durmuşa çykmadyklary we salyh gul-gyrnaklary öýeriň. Eger olar garyp bolsa, Allah lutfy-keremi bilen olary mätäçlikden halas eder. Çünki Allahyň lutfy-keremi giňdir. Ol her bir zady bilýändir», (Nur, 32).
Erkegiň aýal maşgalada üns bermeli esasy aýratynlygy, onuň dini we ahlagy arassa, namysyny gorap bilýän bolmalydyr. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Aýal maşgala dört zady sebäpli nikahlanýar: bular – mal baýlygy, nesebi (asly), owadanlygy we dindarlygydyr. Sen dindar bolanyny saýla, parahat ýaşarsyň, bereketiň artar».
Din we ahlak arassalygy iň esasy aýratynlykdyr. Maşgala durmuşy diňe şu dünýä degişli durmuş däldir. Ol perzentler bilen dowam edýän we ahyretde hem dowam etjek durmuşdyr. Pygamberimiz: «Aýaly maly we owadanlygy üçin nikahlap alan baýlykdanam, owadanlykdanam mahrum ediler», (el-Heýsemi «Zewaid) diýipdir. Şonuň üçin dünýä we ahyret bagtynyň çeşmesi bolan ýagşy maşgala şu dünýädäki jennet köşgüdir. Bu meselede ýalňyşlyk goýberen iki dünýesini-de berbat eder.
Kurany Kerimde kim bilen durmuş gurmagyň haramlygy şeýle görkezilýär:
(Eý, mukminler!) Size (şular bilen nikalaşmak) haram edilendir: ejeleriňiz, gyzlaryňyz, gyz uýalaryňyz, kakaňyzyň aýal doganlary (ejekeleriňiz), daýzalaryňyz, erkek doganyňyzyň gyzlary, aýal doganyňyzyň gyzlary, sizi emdiren süýt eneleriňiz, süýt emşen uýalaryňyz, gaýyneneleriňiz, (jynsy gatnaşykda bolan) aýallaryňyzyň ýany bilen gelen öýüňizdäki öweý gyzlaryňyz. Ýöne (nikalaşyp), heniz jynsy gatnaşykda bolman (aýrylyşan aýallaryňyzyň gyzlary bilen nikalaşmagyňyzda) hiç hili günä ýokdur. Emma öz biliňizden önen (ogullyk alynmadyk) ogullaryňyzyň (aýrylyşan) aýallaryna (öýlenmegiňiz) we iki gyz dogany bir wagtda (nikaňyzda) birleşdirmegiňiz (hem haram edildi). Emma (nadanlyk döwründe öň bolup) geçeni geçdi biliň! (Siz oňa jogapkär dälsiňiz). Takyk, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehimşepagatlydyr.
— Kuran: sura №4, aýat №23
Bu aýata görä, yslam alymlary öýlenmek haram edilenleri üç topara bölüpdirler.
1) Nesil
Bular: eje, ene, mama, gyzy, uýasy, erkek doganynyň we uýasynyň gyzy, bibisi we daýzasydyr.
2) Süýt emşenlik
Süýt emşen doganyňa öýlenmek haramdyr. Süýt emişmegiň kadasy şudur:
- a) Süýt emişmek iki ýarym ýaşa (otuz aý) çenli aralykda bolmalydyr.
- b) Bir gezek emişmek hem ýeterlikdir.
- ç) Süýt saglyp içirilse-de, emşen saýylýar.
Süýt emeniň emdirene nebsi (özi), emdireniň emene özi we nesli haramdyr. Ýagny süýt enekesi, onuň enesi we mamasy, süýt enekesiniň äri, onuň enesi we mamasy, süýt emşen doganlary, olaryň çagalary, emşen doganlaryň daýzasy, bibisi emen üçin haramdyr.
3) Öýlenmek
Gaýyn enä, gaýyn ata, baldyza, öweý enä, öweý gyza, nikahly aýala öýlenmek haramdyr. Iki dogany bir nikahda saklamak haram bolsa-da, aýalyň ölenden soň, onuň aýal doganyna öýlenmek bolýar. Ýahudy we hristian dinindäki aýala öýlenmek bolýar, emma musulman gyzyň gaýry dindäki adama durmuşa çykmagy haramdyr. Hiç bir dine ynanmaýan we aýala öýlenmek hem haramdyr.
Öýlenmek üçin hökman nikadan geçmelidir.
Mähr
Nikada durmuşa çykýan zenan üçin mähr tölemelidir.
Aýalyň maşgaladaky wezipeleri
- Aýal ärine boýun bolmalydyr. Dinimizde aýala: Allahdan soň ärine hormat goýmak ündelýär. Maşgalanyň bagty we sagadaty üçin, Allahyň emrine we gadagan eden zatlaryna ters gelmeýän ýagdaýynda, aýal ärine gulak asmalydyr. Kurany Kerimde:
«Ýagşy aýallar ytagatkär bolup, Allah (j.j) olaryň hak-hukuklaryny nähili goraýan bolsa, olar hem äri öýde ýok wagtynda hak-hukuklaryny goraýanlardyr» (Nisa, 34) diýilýär. Aýalyň äri öýde ýok wagty onuň hak-hukugyny goramagy iki görnüşde bolup biler. Biri zynadan saklanyp, äriniň abraýyny goramagy, ikinjisi bolsa, äriniň mal-mülküni aýamagydyr. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle diýýär:
«Kişiniň elindäki hazynalarynyň iň gowusyny aýdaýynmy? Ol seredeniňde göwnüňi açýan, emr edeniňde boýun egýän, sen öýde ýok wagtyň malyňy we namysyňy goraýan salyha bir aýaldyr», (Ebu Dawud, Ahmet b. Hanbel). - Maşgalanyň syrlaryny paş etmeli däldir. Aýalyň maşgala ýa-da ärine degişli bir syry iň ýakyn garyndaşyna hem aýtmagy dürs däldir. Bu maşgalanyň agzybirligine zeper ýetirjek zadyň iň ilkinjisidir.
Äriň maşgaladaky wezipeleri
- Maşgalanyň eklenjini gazanmak. Maşgalany eklemek erkegiň borjudyr. Erkek içersini halal gazanç bilen eklemelidir.Çünki haram eklenç bilen ýetişdirilen çagalar jähennem zakgumy ýaly, ynsana durmuşynda azap berer. Eger iýenimiz, içenimiz, geýenimiz, güzeranymyz haram gazançdan bolsa, onda bu ýagdaý bizden önýän çagalaryň betbagt bolmagyna elter. Çünki haram bilen ösdürilýän ynsanyň ruhy dünýäsi şeýtana meýillidir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Allahyň Käbesini togap edeniňde egniňde haram gazançdan alnan eşik, içinde haram lukma bolan biri: «Lebbeýk Allahumme, lebbeýk» diýse-de Allah onuň bu dogasyna jogap bermez. (Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid»). Diýmek, bir lukma-da bolsa, ony maşgalaňa iýdirmekden saklanmaly, Allahdan gorkmalydyr.
- Ýagşy hereketde bolmak. Maşgalany biri-birine birikdirýän iň esasy zat söýgüdir. Är-aýal biri-birini söýmegiň ýollaryny gözlemelidir. Bu meselede iň uly wezipe erkege düşýär. Kurany Kerimde: «Aýallaryňyza ýakymly boluň», (Nisa, 19). Pygamberimiz bolsa şeýle buýurýar: «Siziň iň haýyrlyňyz, aýalyna iň haýyrly bolanyňyzdyr», (Ibni Maje). Hezreti Omar bolsa maşgalasyndan närazy ärlere : «Olaryň göwnünden turjak, olary razy etjek ýollary gözläň» diýip maslahat beripdir.
- Geçirimli bolmak. Zyna we aşa oňşuksyzlyga eltmese, aýala geçirimli bolmak ündelýär. Kurany Kerimde: «Aýallaryňyza ýakymly boluň. Eger olar göwnüňizden turmasa-da, Allah size şolaryň üsti bilen haýyr takdyr edendir», (Nisa, 19) buýrulýar. Ýagny, Allah olardan salyh bir perzent öndürip sizi begendirer. Şonuň üçin bagyşlanyp boljak aýyplara geçirimli boluň.
- Aýala äsgermezçilik etmeli däldir. Aýal bolsun, erkek bolsun, säwlik bilen ýalňyşany ýaňsa almaly däldir. Kurany Kerimde: «Eý, iman edenler, sizden hiç bir jemagat başga bir jemagaty ýaňsa alyp, üstünden gülmesin. Mümkin, ýaňsa alnanlar, ýaňsylanlardan has haýyrly bolup biler...» (Hujurat, 11).
Salgylanmalar
- https://en.wikipedia.org/wiki/Islamic_marital_jurisprudence
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Maşgala kanuny (Yslam) hakda maglumat, Maşgala kanuny (Yslam) näme? Maşgala kanuny (Yslam) näme diýmek?
Bir milletin we jemgyyetin sagdynlygy we kamilligi masgala bilen berk baglanysyklydyr Masgala mukaddes ojakdyr Baslangyjynda sagdyn esaslarda gurlan maddy we ruhy sagadatda yasayan masgala millet ucin berk esasy we fazyletli sahslary yetisdiryan mubarek mekdepdir Oylerini mekdep yaly feyzli we bereketli mekdeplerini hem oyleri yaly mahirli muhabbetli yagdaya getirip bilen millet geljek neslin parahat we bagtyyar yasaysyny kepillendiryar Milleti we masgalany sahslar duzyar Masgala kici millet bolsa uly masgaladyr Sonun ucin masgalalar yagsy bolsa millet yagsy masgalalar erbet bolsa millet hem erbetdir Kurany Kerimde masgala gatnasyklary ahlak hukuk we iztimagy taydan ginden dusundirilyar Ynsan onda bellenen duzgunlere gora yasasa parahat bagtyyar omur surer Pygamberimiz hem masgala durmusy bilen baglanysykly meseleleri sahabalaryna dusundiripdir we oz yasaysy bilen nusga bolupdyr OylenmekOylenmek ynsan tebigatynyn zerurlygy bolup sahsyyetin duygy we dusunjelerinin jynsy arzuw isleglerinin tertiplesdirilmegidir Oylenmegin asyl maksady Allahy we Onun Resulyny razy etjek nesilleri yetisdirmekdir Pygamberimiz bir hadysynda Oylenin kopelin Cunki men kyyamat gununde ymmatymyn koplugi bilen buysanaryn Ajluni Kesful Hafa Abdurrezzak Musannef diyipdir Yagny sepil keypi sapanyn guly manlayy sezdesiz wyzdany bozuk nesile Resuly Ekremin buysanmajagy ayandyr Serwerimizin kopelmegini arzuw eden nesli dini ahlagy arassa milletine masgalasyna wepaly Allahy we Onun Resulyny razy etjek nesildir Bu maksady ozunde jemleman gurlan masgala niyetsiz amallar yaly netijesiz we bereketsizdir Sonun ucin oylenjekler birek biregin das owadanlygyna baylygyna we jemgyyetdaki tutyan derejesine gora dal de ruhy gozelligine namys we ahlak dusunjesine seredip masgala gurmalydyr Kurany Kerimde bu barada seyle aydylyar Aranyzdaky oylenmedikleri we durmusa cykmadyklary we salyh gul gyrnaklary oyerin Eger olar garyp bolsa Allah lutfy keremi bilen olary mataclikden halas eder Cunki Allahyn lutfy keremi gindir Ol her bir zady bilyandir Nur 32 Masgala guryanlar masgalaly bolmagyn ullakan borcdugyny unutmaly daldir Masgalabasy bolmaly yigit geljekde masgalasyny eklemage goramaga cagalaryna terbiye bermage borcludyr Gyz bolsa bir oyun kesigini cekmage adamsyna soyget bolmaga sagdyn nesil yetisdirmage tayyn bolmalydyr Bularyn su zatlary etmage yeterlik akyly sowady gayraty bolmalydyr In esasy zat hem boynuna dusen borjy masgalanyn ene atanyn jemgyyetin hatyrasyna seyle hem hut oz merteban ucin birkemsiz odemelidir Borjuny berjay edip bilmeyan adamda mertebe bolmaz Mertebesizlik binamyslyga elter Haka sygynyp mantyk we dusunjani esas edinip ilkinji kerpiji goylan masgala seyle bir mubarek oydur ol omurboyy mekdep yaly islar we yetisdiren nesilleri bilen halkynyn edepliliginin we dowamlylygynyn girewidir Oylanyp olcenilman gurlan masgala yzynda gozi yasly eneleri masgala mahrinden mahrum yalnyz konulleri galdyrar Oylenmegin sahsyyete peydasy bir bolsa millete has kopdur Seyle hem oylanylman gurlan masgala hem de asla oylenmezlik we durmusa cykmazlyk gyzlary sepil yas yigitleri ryswa eder Netijede halk geljegini yitirer Fykyh alymlary masgala gurmagy birnace gornuslere bolupdirler a Farz bolan oylenmek Zyna etmek we haram is etmek howpy bolanyn masgala eklemage yagdayy bar bolsa oylenmegi farzdyr b Wajyp bolan oylenmek Haram is etmek howpy bolman dine beyle isi ederin oydup gorkan kisinin masgala eklemage guyji yetyan bolsa oylenmegi wajypdyr c Sunnet bolan oylenmek Hic hili howp bolmasa da oylenmek islegi bolan birinin durmus gurmagy sunnetdir d Haram bolan oylenmek Oylenende haram yollar bilen masgala eklejek we yanyoldasyna zulum etjek adamyn durmus gurmagy haram sayylypdyr e bolan oylenmek Haram yollar bilen masgala eklemek we yanyoldasyna zulum etmek endisesi bolan adama oylenmek mekruhdyr a bolan oylenmek Halal gazanyan zyna eder gumany bolmadyk mehir galyn bermage we masgalasyny eklemage guyji yetyan birinin oylenmegi mubahdyr Bu yagdaydaky adam oylenip hem biler oylenman hem biler AdaglamaOmurboyy bile yasajak her hili kyncylyklary bilelikde yenip gecjek taze dunya injek cagalara eye boljak oglan bilen gyzyn nikahdan on biri birini gorup tanysmagy hasiyetlerini owrenmegi taze guruljak masgalanyn berkligi ucin opan mohumdir Sonun ucin gudacylyga barlandan son gyz oglanyn biri birini synlamagy dini taydan dursdur Pygamberimiz Sizden haysynyz hem bolsanyz biriniz bir gyzy ya da ayaly nikahlap aljak bolsa ony gowy synlasyn Ebu Dawud diyipdir Hatda durmus gurmakcy bolyan zenan masgalanynam are barmakcy adamynyn aslyny soramagy yakyndan tanayanlar bilen maslahatlasmagy tanayanlaryn bolsa ol barada bilyanlerini doly aytmagy hic hili ilden cykma daldir Bu mesele bilen baglanysykly su hadysy mysal getirip bileris Pygamberimizin yanyna Kaysyn gyzy Fatyma gelip Ebu Jehm b Huzeyfe bilen Muawiye b Ebu Sufyanyn soz aydyjy gelendigini we haysyna barsa gowy boljagy barada maslahat sorayar Pygamberimiz Ebu Jehm ayallary uragandyr Muawiye bolsa garypdyr Sen gowusy Usama durmusa cyk Tirmizi diyipdir Oylenjeklerin biri birini gormegi gurlesmegi ikicak yagdayda bolup gecmeli daldir Gyzyn yanynda hokman mahremlerinden biri bolmalydyr Cunki yslamda nikahdan on yigit bilen gyzyn hylwat yerde ikicak dususmagy durs daldir Iki tarap hem razycylyk bildirenden son gyz oglan adaglanyar Mundan son basga birinin sawcylyga baryp ara dusmegi durs daldir Yone iki tarap razylasmadyk yagdayynda taze barjaklar onkulerden rugsat soramalydyr Pygamberimizin bir hadysynda seyle buyrulyar Sizden hic biri din doganynyn gudacylyga baryan yerine guda bolmak niyeti bilen barmasyn Muslim Adaglanmak oylenmegi mejbur edyan daldir Ol islendik wagt bozulyp bilner Adaglanmak taraplara bile yasamak hukugyny hem bermeyar Adaglananlaryn yaramaz niyeti bolmasa da nikah gyyylyanca olar biri biri ucin yatdyr namahremdir Sonun ucin adaglananlaryn ikicak tirkesip yormegi bolmayar Adaglanmagyn bozulmagy koplenc gyz tarapynyn abrayyna zeper yetiryar Sonun ucin adaglanmak wagty uzaga cekmeli daldir Eger adaglanmak erkek tarapyndan bozulsa berlen sowgatlar yzyna alynmayar Eger gyz tarapyndan bozulsa sowgatlar yzyna berilmelidir Gyzyn yigitde uns bermeli esasy ayratynlygy onun dini we ahlak arassalygydyr Pygamberimiz bir hadysynda bu barada seyle aydypdyr Eger birinin dinini berjay edisinden we ahlak arassalygyndan hosal bolsanyz ol hem gyzynyza oylenmek islese ony yzyna gaytarman Eger seyle etmeseniz yer yuzunde pitne we bozuklyk dorar diyipdir Sahabalardan birinin Ey Resulallah eger ol garyp ya da tanymal masgaladan dal bolsa natmeli diyen sowalyna Pygamberimiz yene Eger birinin dinini berjay edisinden we ahlak arassalygyndan hosal bolsanyz ol hem gyzynyza oylenmek islese ony yzyna gaytarman Eger seyle etmeseniz yer yuzunde pitne we bozuklyk dorar diyip onki aydanyny uc gezek gaytalapdyr Mansur Aly Nasyf Et Tajul Jamy Kurany Kerimde bu mesele bilen baglanysykly seyle diyilyar Aranyzdaky oylenmedikleri we durmusa cykmadyklary we salyh gul gyrnaklary oyerin Eger olar garyp bolsa Allah lutfy keremi bilen olary mataclikden halas eder Cunki Allahyn lutfy keremi gindir Ol her bir zady bilyandir Nur 32 Erkegin ayal masgalada uns bermeli esasy ayratynlygy onun dini we ahlagy arassa namysyny gorap bilyan bolmalydyr Pygamberimiz bu barada seyle aydypdyr Ayal masgala dort zady sebapli nikahlanyar bular mal baylygy nesebi asly owadanlygy we dindarlygydyr Sen dindar bolanyny sayla parahat yasarsyn bereketin artar Din we ahlak arassalygy in esasy ayratynlykdyr Masgala durmusy dine su dunya degisli durmus daldir Ol perzentler bilen dowam edyan we ahyretde hem dowam etjek durmusdyr Pygamberimiz Ayaly maly we owadanlygy ucin nikahlap alan baylykdanam owadanlykdanam mahrum ediler el Heysemi Zewaid diyipdir Sonun ucin dunya we ahyret bagtynyn cesmesi bolan yagsy masgala su dunyadaki jennet kosgudir Bu meselede yalnyslyk goyberen iki dunyesini de berbat eder Durmus gurmak haram bolanlarKurany Kerimde kim bilen durmus gurmagyn haramlygy seyle gorkezilyar Ey mukminler Size sular bilen nikalasmak haram edilendir ejeleriniz gyzlarynyz gyz uyalarynyz kakanyzyn ayal doganlary ejekeleriniz dayzalarynyz erkek doganynyzyn gyzlary ayal doganynyzyn gyzlary sizi emdiren suyt eneleriniz suyt emsen uyalarynyz gayyneneleriniz jynsy gatnasykda bolan ayallarynyzyn yany bilen gelen oyunizdaki owey gyzlarynyz Yone nikalasyp heniz jynsy gatnasykda bolman ayrylysan ayallarynyzyn gyzlary bilen nikalasmagynyzda hic hili guna yokdur Emma oz bilinizden onen ogullyk alynmadyk ogullarynyzyn ayrylysan ayallaryna oylenmeginiz we iki gyz dogany bir wagtda nikanyzda birlesdirmeginiz hem haram edildi Emma nadanlyk dowrunde on bolup geceni gecdi bilin Siz ona jogapkar dalsiniz Takyk Alla Bagyslayjydyr Rehimsepagatlydyr Kuran sura 4 ayat 23 Bu ayata gora yslam alymlary oylenmek haram edilenleri uc topara bolupdirler 1 Nesil Bular eje ene mama gyzy uyasy erkek doganynyn we uyasynyn gyzy bibisi we dayzasydyr 2 Suyt emsenlik Suyt emsen doganyna oylenmek haramdyr Suyt emismegin kadasy sudur a Suyt emismek iki yarym yasa otuz ay cenli aralykda bolmalydyr b Bir gezek emismek hem yeterlikdir c Suyt saglyp icirilse de emsen sayylyar Suyt emenin emdirene nebsi ozi emdirenin emene ozi we nesli haramdyr Yagny suyt enekesi onun enesi we mamasy suyt enekesinin ari onun enesi we mamasy suyt emsen doganlary olaryn cagalary emsen doganlaryn dayzasy bibisi emen ucin haramdyr 3 Oylenmek Gayyn ena gayyn ata baldyza owey ena owey gyza nikahly ayala oylenmek haramdyr Iki dogany bir nikahda saklamak haram bolsa da ayalyn olenden son onun ayal doganyna oylenmek bolyar Yahudy we hristian dinindaki ayala oylenmek bolyar emma musulman gyzyn gayry dindaki adama durmusa cykmagy haramdyr Hic bir dine ynanmayan we ayala oylenmek hem haramdyr NikahOylenmek ucin hokman nikadan gecmelidir MahrNikada durmusa cykyan zenan ucin mahr tolemelidir Ayalyn masgaladaky wezipeleriAyal arine boyun bolmalydyr Dinimizde ayala Allahdan son arine hormat goymak undelyar Masgalanyn bagty we sagadaty ucin Allahyn emrine we gadagan eden zatlaryna ters gelmeyan yagdayynda ayal arine gulak asmalydyr Kurany Kerimde Yagsy ayallar ytagatkar bolup Allah j j olaryn hak hukuklaryny nahili gorayan bolsa olar hem ari oyde yok wagtynda hak hukuklaryny gorayanlardyr Nisa 34 diyilyar Ayalyn ari oyde yok wagty onun hak hukugyny goramagy iki gornusde bolup biler Biri zynadan saklanyp arinin abrayyny goramagy ikinjisi bolsa arinin mal mulkuni ayamagydyr Pygamberimiz bir hadysynda seyle diyyar Kisinin elindaki hazynalarynyn in gowusyny aydayynmy Ol seredeninde gownuni acyan emr edeninde boyun egyan sen oyde yok wagtyn malyny we namysyny gorayan salyha bir ayaldyr Ebu Dawud Ahmet b Hanbel Masgalanyn syrlaryny pas etmeli daldir Ayalyn masgala ya da arine degisli bir syry in yakyn garyndasyna hem aytmagy durs daldir Bu masgalanyn agzybirligine zeper yetirjek zadyn in ilkinjisidir Arin masgaladaky wezipeleriMasgalanyn eklenjini gazanmak Masgalany eklemek erkegin borjudyr Erkek icersini halal gazanc bilen eklemelidir Cunki haram eklenc bilen yetisdirilen cagalar jahennem zakgumy yaly ynsana durmusynda azap berer Eger iyenimiz icenimiz geyenimiz guzeranymyz haram gazancdan bolsa onda bu yagday bizden onyan cagalaryn betbagt bolmagyna elter Cunki haram bilen osdurilyan ynsanyn ruhy dunyasi seytana meyillidir Pygamberimiz bir hadysynda Allahyn Kabesini togap edeninde egninde haram gazancdan alnan esik icinde haram lukma bolan biri Lebbeyk Allahumme lebbeyk diyse de Allah onun bu dogasyna jogap bermez Heysemi Mejmauz Zewaid Diymek bir lukma da bolsa ony masgalana iydirmekden saklanmaly Allahdan gorkmalydyr Yagsy hereketde bolmak Masgalany biri birine birikdiryan in esasy zat soygudir Ar ayal biri birini soymegin yollaryny gozlemelidir Bu meselede in uly wezipe erkege dusyar Kurany Kerimde Ayallarynyza yakymly bolun Nisa 19 Pygamberimiz bolsa seyle buyuryar Sizin in hayyrlynyz ayalyna in hayyrly bolanynyzdyr Ibni Maje Hezreti Omar bolsa masgalasyndan narazy arlere Olaryn gownunden turjak olary razy etjek yollary gozlan diyip maslahat beripdir Gecirimli bolmak Zyna we asa onsuksyzlyga eltmese ayala gecirimli bolmak undelyar Kurany Kerimde Ayallarynyza yakymly bolun Eger olar gownunizden turmasa da Allah size solaryn usti bilen hayyr takdyr edendir Nisa 19 buyrulyar Yagny Allah olardan salyh bir perzent ondurip sizi begendirer Sonun ucin bagyslanyp boljak ayyplara gecirimli bolun Ayala asgermezcilik etmeli daldir Ayal bolsun erkek bolsun sawlik bilen yalnysany yansa almaly daldir Kurany Kerimde Ey iman edenler sizden hic bir jemagat basga bir jemagaty yansa alyp ustunden gulmesin Mumkin yansa alnanlar yansylanlardan has hayyrly bolup biler Hujurat 11 Salgylanmalarhttps en wikipedia org wiki Islamic marital jurisprudence