Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

GurluşyOňurga ýiligi merkezi nerw ulgamynyň iň irki emele gelen bölümidir Onuň silindr şekilli görnüşi bolup uzynlygy 42

Oňurga ýiligi

  • Baş sahypa
  • Oňurga ýiligi
Oňurga ýiligi
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Gurluşy

Oňurga ýiligi merkezi nerw ulgamynyň iň irki emele gelen bölümidir. Onuň silindr şekilli görnüşi bolup, uzynlygy 42-45 sm, diametri 1 sm töweregidir. Oňurga ýiligi oňurgalygyň süňk ýodasynda ýerleşýär. Ol kelleçanagyň ýeňse deşiginiň aşagragyndan başlanyp, süýri beýniniň gös-göni dowamydyr. Ol 1-2-nji bil oňurga süňkleriniň deňine çenli ýetýär. Ol ýerden türre süňküne çenli onuň hiç hili wezipäni yerine ýetirmeýän bölegi - ujundaky sapajygy uzalyp gidýär. Oňurga ýiligi birleşdiriji dokumadan emele gelen üç sany barda bilen örtülen. Olar oňurga ýiligini gorap saklaýarlar we iýmit bilen üpjün edýärler. Boýun we aşaky döş oňurga süňkleriniň ýerleşýän ýerlerinde oňurga ýiligi ýognalma emele getirýär, bu ýerde ondan ujaklara tarap örän uly nerwler uzalyp gidýärler. Oňurga ýiliginiň öň we yz üstlerinde, bütin boýuna joýajyk uzalyp gidýär. Ol joýajyk oňurga ýiligini sag we çep ýarymlara bölýärler. Oňurga ýiliginiň kese-kesiginde, onun merkezinden bütin boýuna uzalyp gidýän örän inçejik oňurga ýilik akarynyň bardygy görünýär. Ol limfa meňzeş suwuklyk bilen doldurylandyr. Oňurga ýilik akarynyň töwereginde çal madda ýerleşýär. Çal madda oňurga ýiliginiň kese-kesiginde ganaty ýazylan kebelek görnüşinde ýa-da «N» (en) harpy ýaly bolup görünýär. Çal madda neýronlaryň uzyn ösüntgilerinden emele gelen ak madda bilen gurşalandyr. Olar beýniniň geçiriji ýollaryny emele getirýärler, ýagny oňurga ýiliginiň nerw merkezlerini bir-birleri bilen we kelle beýnisiniň nerw merkezi bilen birleşdirýärler. Oňurga ýilik nerwleri oňurga ýiliginden uzalyp gidýärler. Olar bedeniň göwre böleginde, boýnunda we ujaklarynda şahalanýarlar. Oňurga ýilik nerwleri merkeze ymtylýan we merkezden daşlaşýan nerwlerden ybaratdyr.

Ýerine ýetirýän işleri

Köp sanly gözegçilikler we tejribeler oňurga ýiliginde hereket ediş pitewalarynyň merkeziniň ýerleşýänligini görkezdi. Görnükli rus fiziology I.M.Seçenow (1829-1905) öz geçiren barlaglarynda oňurga ýiliginde bolýan hadysalaryň üstüni açýar. Oňurga ýiligi esasy 2 sany, ýagny reflektorlyk we geçirijilik işini ýerine ýetirýär. Oňurga ýiliginiň reflektorlyk işi hereketi üpjün edýär. Oňurga ýiliginiň üsti bilen bedeniň skelet myşsalarynyň ýygrylmagy bilen baglanyşykly (kelle myşsasyndan başgasy) reflektorlyk dugalary geçyär. Ýönekeý hereketlendiriji refleksiň mysaly bolup dyz refleksi hyzmat edýär. Ol dyz çanagynyň aşak ýüzündäki siňre duýdansyz urlanda, aýagyň çalt galdyrylmagynda ýüze çykýar. Oňurga ýiligi kelle beýnisi bilen bilelikde içki synalaryň: ýüregiň, aşgazanyň, peşew haltajygynyň, jyns synalarynyň işini sazlayar. Oňurga ýiliginiň ak maddasy geçirijilik wezipesini ýerine ýetirmek bilen merkezi nerw ulgamynyň ähli bölümleriniň baglanyşygyny we sazlaşykly işini üpjün edýär. Oňurga ýiligine reseptorlardan gelýän nerw impulslary ýokary gidýän geçiriji ýollar boýunça kelle beýnisine geçirilýär. Impulslar kelle beýnisinden aşak inýän geçiriji ýollar boýunça oňurga ýiliginiň aşakda ýerleşýän bölümlerine - olardan bolsa synalara baryp ýetýär. Kelle beýnisi oňurga ýiliginiň işini sazlaýar. Oňurgalyga zeper ýetmeginiň ýa-da döwülmeginiň netijesinde adamyň oňurga ýiligi bilen kelle beýnisiniň arasyndaky baglanyşygyň üzülyän halatlary bellidir. Şeýle adamlaryň kelle beýnisi kadaly işleýär. Emma merkezleri şikes yeten ýerden aşakda ýerleşyän oňurga ýilik refleksleriniň köpüsi ýitýärler. Şeýle adamlar kellesini öwrüp, iýip-içip, bakyşynyň ugruny üýtgedip, kähalatlarda olar ellerini hem hereketlendirip bilýärler, şol bir wagtyň özünde hem olaryň göwresiniň aşaky bölegi ysman, duýujylykdan mahrumdyr we hereketsizdir.

Çeşme

Orta mekdepler üçin niýetlenen Biologiýa 8 kitaby

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 28 Iýun, 2025 / 19:14

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Oňurga ýiligi hakda maglumat, Oňurga ýiligi näme? Oňurga ýiligi näme diýmek?

GurlusyOnurga yiligi merkezi nerw ulgamynyn in irki emele gelen bolumidir Onun silindr sekilli gornusi bolup uzynlygy 42 45 sm diametri 1 sm toweregidir Onurga yiligi onurgalygyn sunk yodasynda yerlesyar Ol kellecanagyn yense desiginin asagragyndan baslanyp suyri beyninin gos goni dowamydyr Ol 1 2 nji bil onurga sunklerinin denine cenli yetyar Ol yerden turre sunkune cenli onun hic hili wezipani yerine yetirmeyan bolegi ujundaky sapajygy uzalyp gidyar Onurga yiligi birlesdiriji dokumadan emele gelen uc sany barda bilen ortulen Olar onurga yiligini gorap saklayarlar we iymit bilen upjun edyarler Boyun we asaky dos onurga sunklerinin yerlesyan yerlerinde onurga yiligi yognalma emele getiryar bu yerde ondan ujaklara tarap oran uly nerwler uzalyp gidyarler Onurga yiliginin on we yz ustlerinde butin boyuna joyajyk uzalyp gidyar Ol joyajyk onurga yiligini sag we cep yarymlara bolyarler Onurga yiliginin kese kesiginde onun merkezinden butin boyuna uzalyp gidyan oran incejik onurga yilik akarynyn bardygy gorunyar Ol limfa menzes suwuklyk bilen doldurylandyr Onurga yilik akarynyn towereginde cal madda yerlesyar Cal madda onurga yiliginin kese kesiginde ganaty yazylan kebelek gornusinde ya da N en harpy yaly bolup gorunyar Cal madda neyronlaryn uzyn osuntgilerinden emele gelen ak madda bilen gursalandyr Olar beyninin geciriji yollaryny emele getiryarler yagny onurga yiliginin nerw merkezlerini bir birleri bilen we kelle beynisinin nerw merkezi bilen birlesdiryarler Onurga yilik nerwleri onurga yiliginden uzalyp gidyarler Olar bedenin gowre boleginde boynunda we ujaklarynda sahalanyarlar Onurga yilik nerwleri merkeze ymtylyan we merkezden daslasyan nerwlerden ybaratdyr Yerine yetiryan isleriKop sanly gozegcilikler we tejribeler onurga yiliginde hereket edis pitewalarynyn merkezinin yerlesyanligini gorkezdi Gornukli rus fiziology I M Secenow 1829 1905 oz geciren barlaglarynda onurga yiliginde bolyan hadysalaryn ustuni acyar Onurga yiligi esasy 2 sany yagny reflektorlyk we gecirijilik isini yerine yetiryar Onurga yiliginin reflektorlyk isi hereketi upjun edyar Onurga yiliginin usti bilen bedenin skelet myssalarynyn yygrylmagy bilen baglanysykly kelle myssasyndan basgasy reflektorlyk dugalary gecyar Yonekey hereketlendiriji refleksin mysaly bolup dyz refleksi hyzmat edyar Ol dyz canagynyn asak yuzundaki sinre duydansyz urlanda ayagyn calt galdyrylmagynda yuze cykyar Onurga yiligi kelle beynisi bilen bilelikde icki synalaryn yuregin asgazanyn pesew haltajygynyn jyns synalarynyn isini sazlayar Onurga yiliginin ak maddasy gecirijilik wezipesini yerine yetirmek bilen merkezi nerw ulgamynyn ahli bolumlerinin baglanysygyny we sazlasykly isini upjun edyar Onurga yiligine reseptorlardan gelyan nerw impulslary yokary gidyan geciriji yollar boyunca kelle beynisine gecirilyar Impulslar kelle beynisinden asak inyan geciriji yollar boyunca onurga yiliginin asakda yerlesyan bolumlerine olardan bolsa synalara baryp yetyar Kelle beynisi onurga yiliginin isini sazlayar Onurgalyga zeper yetmeginin ya da dowulmeginin netijesinde adamyn onurga yiligi bilen kelle beynisinin arasyndaky baglanysygyn uzulyan halatlary bellidir Seyle adamlaryn kelle beynisi kadaly isleyar Emma merkezleri sikes yeten yerden asakda yerlesyan onurga yilik reflekslerinin kopusi yityarler Seyle adamlar kellesini owrup iyip icip bakysynyn ugruny uytgedip kahalatlarda olar ellerini hem hereketlendirip bilyarler sol bir wagtyn ozunde hem olaryn gowresinin asaky bolegi ysman duyujylykdan mahrumdyr we hereketsizdir CesmeOrta mekdepler ucin niyetlenen Biologiya 8 kitaby

Iň soňky makalalar
  • Iýun 11, 2025

    2-nji asyr

  • Iýun 09, 2025

    1 sentýabr

  • Iýun 15, 2025

    1 oktýabr

  • Iýun 16, 2025

    1 noýabr

  • Iýun 18, 2025

    1 maý

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary