Owşar Taryhy çeşmelerde awşar afşar görnüşlerinde duş gelýän bu etnik topar gadymy oguz türkmen taýpalarynyň biri bolup
Owşar

Owşar — Taryhy çeşmelerde awşar, afşar görnüşlerinde duş gelýän bu etnik topar gadymy oguz-türkmen taýpalarynyň biri bolup, Mahmyt Kaşgary we Salar Baba ony 24 taýpanyň 6-njysy, Reşidetdin, Ýazyjy ogly we Abulgazy hem 9-njysy hasaplaýarlar. Salar baba Owşary Oguz hanyň ogly Aýhanyň ikinjisi perzendi diýse, agzalan alymlaryň beýlekileri ony Ýyldyzhanyň birinji ogly diýip görkezýärler. Adyň manysy barada olaryň pikiri şeýle: «çewik (çalasyn) we bagşy haýwan awyna höwesli» (Reşidetdin), «çustu çalak (çalasyn) we awa, janawara, guşa höwesli» (Ýazyjy ogly), «çalak», ähtimal, «çalasyn» (Salar baba), «işni ýyldam işlegçi» (Abulgazy). Abraýly çeşmelerde bu adyň etimologiýasy barada ýokarda ýatlanan pikirleriň tersine, biz ony düýbünden başga hili düşündirmekçi: 0wşar diýen etnonim og (ow) sözünden we -ş hem-de -ar goşulmalaryndan emele gelipdir. Og «taýpa», «il» diýen manydadyr, -ş we -ar bolsa jemi, köplügi bildirýän gadymy türki goşulmalarydyr. Etnonimiň asly owuş bolupdyr, muny ýomutlaryň orsukçy urugynyň düzümindäki owuş diýen tiräniň ady hem tassyklaýar. Ow we -uş一biri-biri bilen sepleşip, bir söze öwrülip gidenden soň, onuň yzyna köplügi aňladýan -ar goşulmasy ikinji gezek goşulypdyr. Abdallaryň osgşuk (ogşukbaba) tiresiniň adynda bolsa oguş sözüniň yzyna köplügi aňladýan başga bir goşulma一-yk goşulypdyr. Gazaply Nedir şany dünýä inderen bu taýpa şu şanyň döwründe iň kuwwatly ile öwrülýär, ol Eýrana, Türkiýä we Azerbeýjana hem ýaýraýar. Ýerli alymlaryň biragyzdan ykrar etmeklerine görä, Azerbeýjandaky Apşeroun (azerbeýjança Awşaran, ýagny «awşarlar») ÿarym adasyna hem şu ýere Türkmenistandan göçüp gelen awşarlaryň etnik ady dakylypdyr. Nedir şa döwründe esasy bölegi Eýrana giden owşarlaryň galan bölekleri soňra aýry-aýry tireler hökmünde gökleň, mürçeli, esgi we ärsary taýpalarynyň düzümine siňipdirler, mürçelileriň bolsa uly bölegini emele getiripdir. Alilileriň düzüminde-de owşarlar uly rol oýnapdyr.
Çeşme
Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty) Aşgabat «Turan一1» 1994. sah 164.
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Owşar hakda maglumat, Owşar näme? Owşar näme diýmek?
Owsar Taryhy cesmelerde awsar afsar gornuslerinde dus gelyan bu etnik topar gadymy oguz turkmen taypalarynyn biri bolup Mahmyt Kasgary we Salar Baba ony 24 taypanyn 6 njysy Residetdin Yazyjy ogly we Abulgazy hem 9 njysy hasaplayarlar Salar baba Owsary Oguz hanyn ogly Ayhanyn ikinjisi perzendi diyse agzalan alymlaryn beylekileri ony Yyldyzhanyn birinji ogly diyip gorkezyarler Adyn manysy barada olaryn pikiri seyle cewik calasyn we bagsy haywan awyna howesli Residetdin custu calak calasyn we awa janawara gusa howesli Yazyjy ogly calak ahtimal calasyn Salar baba isni yyldam islegci Abulgazy Abrayly cesmelerde bu adyn etimologiyasy barada yokarda yatlanan pikirlerin tersine biz ony duybunden basga hili dusundirmekci 0wsar diyen etnonim og ow sozunden we s hem de ar gosulmalaryndan emele gelipdir Og taypa il diyen manydadyr s we ar bolsa jemi koplugi bildiryan gadymy turki gosulmalarydyr Etnonimin asly owus bolupdyr muny yomutlaryn orsukcy urugynyn duzumindaki owus diyen tiranin ady hem tassyklayar Ow we us一biri biri bilen seplesip bir soze owrulip gidenden son onun yzyna koplugi anladyan ar gosulmasy ikinji gezek gosulypdyr Abdallaryn osgsuk ogsukbaba tiresinin adynda bolsa ogus sozunin yzyna koplugi anladyan basga bir gosulma一 yk gosulypdyr Gazaply Nedir sany dunya inderen bu taypa su sanyn dowrunde in kuwwatly ile owrulyar ol Eyrana Turkiya we Azerbeyjana hem yayrayar Yerli alymlaryn biragyzdan ykrar etmeklerine gora Azerbeyjandaky Apseroun azerbeyjanca Awsaran yagny awsarlar yarym adasyna hem su yere Turkmenistandan gocup gelen awsarlaryn etnik ady dakylypdyr Nedir sa dowrunde esasy bolegi Eyrana giden owsarlaryn galan bolekleri sonra ayry ayry tireler hokmunde goklen murceli esgi we arsary taypalarynyn duzumine sinipdirler murcelilerin bolsa uly bolegini emele getiripdir Alililerin duzuminde de owsarlar uly rol oynapdyr CesmeSoltansa Atanyyazow Sejere turkmenlerin nesil daragty Asgabat Turan一1 1994 sah 164