Azərbaycan  AzərbaycanMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  Türkiyə
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Bu makalada hiç bir maglumat hakynda ýok Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir Bu maglu

Azerbaýjan taryhy

  • Baş sahypa
  • Azerbaýjan taryhy
Azerbaýjan taryhy
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda ýok. Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir. Bu maglumatlaryň ygtybarlylygy belli däl. Bu mowzuga degişli ygtybarly çeşme bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly salgylanma üpjün etmek bilen okyjylara ýardam berip bilersiňiz. Degişli ýörgünli salgylanmalar görkezilenden soňra bu duýduryşy öçürmegi unutmaň.

XVI-XVIII asyrlarda

Azerbaýjan Sefewiler döwründe Osmanly-sefewi urşy Sefewi türkmenleriň hökümdarlygyny XVI asyryň ahyrlarynda Ysmaýyl I (1501-1524) esaslandyrýar. 1500-1501-nji ýylda Sefewiler Şirwan şasy Farruh Ýasaryň goşunyny derbi- dagyn edip Semahy we Bakuwy eýeleýärler. Soňra bolsa günorta tarap Nahiçewana süýşýärler. Bu ýerde 1501-nji ýylda Ysmaýyl Akgoýunly döwletiniň esasy güýjüni ýeňlişe sezewar edýär. Ol şol ýylyň ahyrynda dabaraly ýagdaýda Töwrize girýär. Şol ýerde şa täjini geýmek bilen özüni Azerbaýjanyň şasy diýip yglan edýär. Ysmaýyl şa döwletiň paýtagty edip Töwriz şäherini saýlaýar. XVI asyryň başlarynda Merkezi Aziýada Temirler döwletini ýykan Muhammet Şeýbany han (1500-1510) güýçli döwlet gurup, Sefewiler döwletiniň garşysyna durýar. 1510-nji ýylda Ysmaýyl şa Şeýbany hany ýeňip, Şeýbanylaryň elinden alýar. Sefewileriň günbatara süýşmegi bolsa Osmanly döwleti tarapyndan güýçli garşylyga sezewar bolýar. Şeýlelikde, 1514-nji ýylda Çaldyran düzlüginde gazaply söweş bolup, söweşde Ysmaýyl I goşuny soltan Selim I goşunyndan ýeňilýär. Şol söweşden soň, ysmaýyl şa uly söweşlere gatnaşmandyr we 1524-nji ýylda 35 ýaşynda tarpa-taýyn aradan çykypdyr. Tagta Ysmaýylyň ogly Tahmasp I (1524-1576) çykypdyr. Tutuş XVI asyryň dowamynda Osmanly döwleti Azerbaýjany basyp almak meýlinden el üzmändir. Osmanly hökümdary soltan Süleýman Azerbaýjanyň üstüne dört gezek , 1535, 1548, 1554) ýöriş edipdir. Söweşiň gidişinde osman goşunlary Töwriz şäherini basyp alýarlar we rehimsizlik bilen talaýarlar. Urşuň netijesinde 1555-nji ýylda Amasýa şäherinde iki döwlet arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekilýär. Şertnama boýunça Gündogar Ermenistan, Gündogar Gürjüstan we Azerbaýjan Sefewiler döwletiniň düzüminde galýar. Osmanly döwletiniň Azerbaýjany basyp alyp, Kaspiý deňziniň kenarlaryna çykmak meýli başa barmaýar. 1576-njy ýylda Tahmasp I ölenden soň, onuň ogullarynyň tagt ugrundaky özara dawalary başlanýar. Ýokary gatlak wekilleriniň goldamagynda tagta Ysmaýyl II (1576-1577) çykýar. Emma ol ýyl ýarym geçensoň dildüwşülip öldürilýär. Sefewiler döwletiniň içki agzalalygyndan Osman soltany Myrat III peýdalanypdyr. 1578-nji ýylda ýüz müň adamdan ybarat osman goşuny Zakawkazýa çozýar. Netijede, on iki ýyla çeken uruş başlanýar. Basyp alyjylar Şemahy, we Şirwany alýarlar. Şol bir wagtda Osmanlylary goldap Sefewileriň üstüne Krym hanlygy hem çozuş edýär. Sefewiler bir wagtyň özünde hem Osmanly döwletiniň hem Krym hanlygynyň garşysyna göreşmeli bolupdyr. Osman soltany Myrat III uly ýitgiler çekip, tutuş Zakawkaziýany şeýle hem Azerbaýjany basyp alypdyr. 1590-njy ýylda Stambul şertnamasy boýunça Sefewiler döwletiniň patyşasy (1587-1629) Azerbaýjanyň günorta-gündogar böleginden galanyny Osman döwletine bermäge razy bolýar. Osman döwletiniň Azerbaýjany basyp almagy XVII asyryň başlaryna çenli dowam edipdir. Azerbaýjanyň territoriýasyndan Osman goşunlaryny çykarmak maksady bilen birnäçe reformalary geçirýär. Ol Azerbaýjanyň tertip-düzgünli goşunyny döredýär. Merkezi häkimiýeti berkidýär. 1598-nji ýylda Sefewiler döwletiniň paýtagtyny Kazwinden Eýranyň Yspyhan şäherine geçirýär. Abbasylaryň döwründe döwlet dili azerbaýjan dili bolupdyr. 1607-nji ýylda Osmanly döwletinden tutuş Azerbaýjany, şeýle hem Ermenistanyň we Gürjistanyň bir bölegini yzyna almagy başarýar. Osman-sefewi urşy ara wagt salnyp, tä 1639-njy ýyla çenli dowam edýär. Urşuň netijesi Sefewiler döwletiniň ýeňşi bilen gutarýar.

Azerbaýjan XIX-XX asyryň başlarynda

XIX asyryň birinji ýarymynda azerbaýjan-rus gatnaşyklary Türkmençaý şertnamasy Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi we onuň netijeleri

XVIII we XIX asyrlaryň sepgidinde hem Azerbaýjanyň halkara ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galypdyr. Eýran we Türkiýe basyp almak syýasatyndan entek el çekmändir. hem Zakawkazýany, şol sanda Azerbaýjany basyp almaga ymtylypdyr. Şu hili şertlerde Azerbaýjanyň ýönekeý ilaty, şeýle hem feodal gatlagyň daşdan görüji dolandyryjy topary Russiýa döwletine birikmegiň tarapdary bolupdyrlar. Patyşa Russiýasy Azerbaýjan meselesinde kolonial syýasatyny ýöredýärdi. Emma muňa garamazdan Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi onuň üçin ähmiýetli bolupdyr. 1800-nji ýylda , we Russiýanyň howandarlygyny kabul edýärlerler. 1801-nji ýylda Gruziýanyň Russiýa birikmegi baradaky manifest täzeden dikeldilýär. Netijede, Azerbaýjanyň şol wagtlar Gruziýanyň düzüminde bolan Gazak we Şamşadil soltanlyklary hem Russiýa birikdirilýär. 1804-nji ýylyň başlarynda rus goşunlary eýeleýärler. 1805-nji ýylda bolsa Garabag, Şeki, Şirwan hanlyklarynyň hökümdarlary özleriniň Russiýa birikdirilmegi baradaky şertnama gol çekýärler. 1806-njy ýylda Kuba we Bakuw, 1809-njy ýylda bolsa Talyş hanlygy Russiýa döwletine birikdirilýär. Şeýlelik bilen, 1809-njy ýyla çenli Demirgazyk Azerbeýjanyň ähli territoriýasy diýen ýaly parahatçylykly ýol bilen Russiýa birikdirilýar. Zakawkazýanyň Russiýa birikdirilmegi Eýranyň, Türkiýänyň şeýle hem Angliýanyň we Fransiýanyň Russiýa bolan gapma-garşylygynyň has ýitileşmegine getiripdir. 1804-nji ýylda Eýran, 1806-njy ýylda bolsa Türkiýe Russiýanyň garşysyna urşa başlaýarlar. Bu uruşda Zakawkazýanyň halklary, Russiýanyň tarapynda durupdyrlar. Uruş Russiýanyň ýeňmegi bilen tamamlanýar. 1813-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Gülüstan ýaraşyk şertnamasyna gol çekilýär. Parahatçylyk şertnama laýyklykda Eýran Demirgazyk Azerbaýjanyň Nahiçewandan galan ähli hanlyklaryň Russiýa birikdirilmegini ykrar edýär. Emma Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi Eýrany we Angliýany kanagatlandyrmandyr. Netijede, Angliýa tarapyndan meçew berlen Eýran 1826-njy ýene-de Russiýanyň garşysyna täzeden urşa başlaýar. Urşa Türkiýe hem goşulýar. Urşuň gidişinde ýerli ilat yzygiderli ýagdaýda rus goşunyna kömek beripdurupdyrlar. Şamhoryň we Genjäniň eteginde Eýranyň goşuny derbi-dagyn edilýär. Rus goşunlary eýran goşunyny Araks derýasynyň aňrysyna çenli gysyp çykaryp, Günorta Azerbaýjanyň territoriýasyna girýärler we Töwriz, Ardabil we beýleki şäherleri eýeleýärler. Günorta Azerbaýjanyň ilaty rus goşunlaryny gyzgyn garşylapdyrlar. Eýran parahatçylyk soramaga mejbur bolupdyr. 1828-nji ýylyň 10-njy fewralynda Töwriz şäheriniň golaýyndaky Türkmençaý obasynda Eýran bilen Russiýanyň arasynda parahatçylyk şertnamasyna gol çekilýär. Şertnama laýyklykda Eýran Demirgazyk Azerbaýjandan el çekýär we ol ýerleriň Nahiçewan bilen birlikde Russiýa birikdirilmegini ykrar edýär. Günorta Azerbaýjan bolsa Eýranyň düzüminde galdyrylýar. Zakawkazýanyň, şeýle hem Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegini Türkiýe hem ykrar edýär. Şeýlelikde, XIX asyryň başlarynda Demirgazyk we Günorta Azerbaýjan taryhy ösüşiň dürli ýoly bilen gitmeli bolupdyrlar. Demirgazyk Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi azerbaýjan halkynyň taryhy ykbalynda uly progressiw rol oýnapdyr. Azerbaýjan halkynyň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösüşiniň mundan beýlekki ýoluny kesgitläpdir. Halk daşarky duşmanlaryň yzygiderli talaňçylykly çozuşlaryndan halas bolup asuda ýaşap başlapdyrlar. Patyşa hökümetiniň düzümine birikdirilmeginiň ilkinji ýyllaryndan başlap, hanlyk düzgüni ýatyrylypdyr. Azerbaýjan welaýatlara-prowinsiýalara bölnüp, onuň başynda patyşa ofiserleri (serkerdeleri)-komendantlar goýlupdyr. Olar harby-okrug ýolbaşçylaryna, harby-okrug ýolbaşçylary bolsa öz gezeginde Kawkazyň baş serkerdebaşysyna tabyn bolupdyrlar. Komendantlar giň ygtyýarlyklardan peýdalanypdyrlar. Garabagda we Nuhda welaýat, Bakuw, Kuba we Genje şäherlerinde şäher sudlary döredilipdir. Komendantlaryň eden-etdikleri, salynýan salgytlar ilatyň arasynda nägilelikleri döredipdir. Bu bolsa daýhanlaryň we şäher garyplarynyň topalaňlaryna getiripdir. Şeýle gozgalaňlar 1831-nji ýylda Talyşda, 1837-nji ýylda Kubada, 1838-nji we 1849-njy ýyllarda Şekide we beýleki ýerlerde bolup geçipdir. Kähalatlarda ýerli han-begler bu gozgalaňlary öz peýdalaryna ulanjak bolupdyrlar. Emma bu gozgalaňlar diňe bir rus kolonizatorlarynyň garşysyna däl-de eýsem baý-feodallaryň garşysyna hem gönükdirilipdir. 1840-njy ýylda patyşa hökümeti Azerbaýjanda öz möwrütini geçiren, Komendant dolandyrylyşyny üýtgedip, onuň ýerine sud-administratiw düzgüni girizýär. 1840-njy ýylyň reformasy boýunça Zakawkazýanyň territoriýasy paýtagty Tbilisi şäheri bolan Gruzin-Imeret guberniýasyna we paýtagty Şemah şäheri bolan Kaspiý oblastyna bölünipdir. Azerbaýjanyň guberniýasynyň bir bölegi Gruzin-Imeret guberniýasyna degişli bolupdyr. Emma territoriýasynyň esasy bölegi Kaspiý oblastyna degişli bolup, oňa Şemah, Nuh, Zenkoran, Bakuw, Kuba we Derbent uýezdleri giripdir. 1846-njy ýylda Kaspiý oblastynyň ýerine Şemah guberniýasy döredilýär. 1859-njy ýylda güýçli ýer titremegi sebäpli Şemahyň weýarn bolmagy guberniýanyň merkeziniň Bakuwa geçirilmegine getirýär. Netijede, geberniýanyň ady hem üýtgedilip Bakuw guberniýasyna öwrülýär. 1868-nji ýylda Azerbaýjanyň territoriýasynda ikinji guberniýa-Ýelizawetpol guberniýasy döredilýär. Patyşa hökümeti Azerbaýjany Russiýa birikdiren ilkinji günlerinden başlap, ýerli feodallara we dindarlara daýanyp başlaýar. Ýerleriň uly bölegi patyşa hökümetiniň we ýerli han-begleriň elinde jemlenipdir. Emma patyşa hökümetiniň alyp baran kolonial syýasatyna garamazdan, Azerbaýjanyň Russiýa birikdirilmegi ol ýerlerde oba hojalygyň, hünärmentçiligiň we söwdanyň ösmegine itergi beripdir. Ýüpekçilik çalt depgin bilen ösüp, Russiýa äkidilýän ýüpegiň mukdary hem artypdyr. Oba hojalygynda haryt önümçiligi giňelipdir, haryt-pul gatnaşygy mundan beýläkde ösüpdir. Azerbaýjanyň şäherlerinde we obalarynda demirden ýasalýan önümleriň, dürli gurallaryň, mis gap-çanaklaryň, dokmaçylyk, küýzegärçilik önümleriniň önümçiligi giňelipdir. Halyçylyk giňden ösüpdir. Azerbaýjan halylary ýurduň daşynda hem uly meşhurlyga eýe bolupdyr. XIX asyryň 20-nji ýyllarynda Azerbaýjanda manufaktura görnüşindäki kärhanalar hem peýda bolup başlapdyr.

Azerbaýjanyň sosial-ykdysady ýagdaýy XIX asyryň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň ösüşinde täze döwür başlanýar. Bu döwürde Russiýada başlanan sosial-ykdysady üýtgeşmeler Azerbaýjana-da öz täsirini ýetiripdir. Russiýada krepostnoýçylyk hukugynyň ýatyrylmagy kapitalistik gatnaşyklaryň ösmegine itergi beripdir. Russiýanyň ýüpek mata senagatynyň ýüpegi talap edip başlamagy Azerbaýjanda ýüpek egirme-dokma fabriginiň döremegine getiripdir. 60-njy ýyllaryň başynda Hanabatda moskwaly senagatçylar Alekseý we doganlar Woroninler 432 stanokly 500 orunlyk ýüpek egirme-dokma fabrigini gurýarlar. 1865-nji ýylda Kadabek mis erediji zawod işe girizilip, onda 200 işçi işläpdir. 1859-njy ýylda rus telekeçileri tarapyndan Surahanda nebiti gaýtadan işleýän iri zawod gurulýar. Bu zawoddan başga-da Apşeronda onlarça nebit senagaty kärhanalary işläpdirler. Obalarda kapitalistik gatnaşyklar haýal ösüpdir. Russiýada krepostnoýçylyk hukugy ýatyrylandan 10 ýyl geçensoň 1870-nji ýylda Azerbaýjanda daýhan reformasy geçirilipdir. Bu reforma daýhanlaryň feodallara garaşlylygynyň soňuna çykman, tersine, feodallaryň daýhanlary mundan beýläkde ezmegine mümkünçilik döredipdir. Daýhanlar reformadan soň hem ýer eýeleriniň peýdasyna dürli borçlary ýerine ýetirmeli bolupdyrlar. Olar tölegleri pul ýa-da azyk görnüşinde töläpdirler. Suwarymly ýerler we öri meýdanlar ýene-de han-begleriň ellerinde galypdyr. Azerbaýjanda daýhan reformasy hemme ýerde geçirilmändir. Ol diňe beglik ýerlerinde ýaşaýanlara degişli bolup, galan ýerlerede geçirilmändir. Daýhanlaryň 70 %-ni öz içine alýan döwlet ýerlerinde ýaşaýan daýhanlara degişli bolmandyr. Bulara garamazdan Azerbaýjanda geçirilen daýhan reformasy belli bir derejede oba kapitalizmiň ösüşine itergi beripdir. Daýhanlaryň azat bolmagy şäherlerde ösýän senagaty üpjün etjek işçi armiýasynyň rezerwini döredipdir. Olar ýuwaş-ýuwaşdan işçi kadrlarynyň üstüni doldurypdyrlar. Deýhanlar reformasy ýurtda haryt gatnaşyklarynyň kapitalistik-haryt gatnaşyklarynyň peýda bolmagyna hem getiripdir. Azerbaýjanda ykdysadyýetiň we pul-haryt gatnaşyklarynyň ösmeginde 1883-nji ýylda Bakuwy Tiblisi şäheri bilen birleşdiren Zakaspiý demir ýolunyň bakuw böleginiň gurluşygy we Kaspi deňiz gämi gatnawy uly orny eýeläpdir. Azerbaýjanyň Russiýa döwleti bilen söwda gatnaşygy giňelip başlapdyr. Rus telekeçileriniň azerbaýjan çig malyna bolan islegi has artyp başlaýar. 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda dörän pagta senagaty Azerbaýjanyň oba hojalygynyň esasy pudagy hökmünde mundan beýläk ösüp başlapdyr. Pagta senagatynyň ösmegine birinji nobatda rus pagta senagatynyň oňa bolan islegi şert döredipdir. Netijede bolsa, Azerbaýjanyň uýezdlerinde senagatyň täze pudagy bolan pagta arassalaýan zawodlaryň peýda bolmagyna getiripdir. Azerbaýjanyň oba hojalygynda buýan köküni almak, temmäkiçilik, üzümdarçylyk, bagbançylyk ýaly pudaklary uly ösüşlere eýe bolup, olar Russiýanyň bazarlary bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyrlar. Emma bulara garamazdan, Azerbaýjanyň obalarynda feodal gatnaşyklaryň saklanmagy ol ýerlerde kapitalizmiň ösüşini bökdäpdir. Ýerleriň öňküsi ýaly döwletiň, pomeşikleriň we han-begleriň elinde saklanmagy daýhanlarda nägileligi artdyrypdyr. Bu bolsa öz gezeginde daýhanlaryň ýerli hen-begleriň we rus kolonizatorlaryň garşysyna göreşe galmagyna getiripdir. Ýaraglanan daýhanlaryň uly bolmadyk toparlarynyň han-begleriň we patyşa çinownikleriniň üstüne çozuş edip, olaryň ellerinden zatlaryny alyp garyplara paýlan wagtlary hem az bolmandyr. Bu daýhanlaryň özboluşly çykyşy bolup, halk arasynda olara gaçaklar diýip at beripdirler. Şeýle otrýadlaryň biri Zangerur we Nahiçewan uýezdlerinde hereket edip, oňa belli gaçak Nabi ýolbaşçylyk edipdir. Ol birnäçe ýyllap ezijileriň garşysyna göreş alyp barypdyr. Umuman alanymyňda, XIX asyryň ikinji ýarymynda Azerbaýjanyň obalarynda kapitalistik gatnaşyklar haýal we köp kynçylyklar bilen ösüpdir. Hemme ýerlerinde bir meňzeş ösmändir. Senagatda esasan hem nebit senagatynda ösüş bildiripdir. Bu ösüş ilkinji nobatda rus senagatynyň ýangyja bolan islegi bilen bagly bolupdyr. Nebit senagatyna XIX asyryň II ýarymyndan başlalp ýerli rus maýadarlary bilen birlikde daşary ýurt maýadarlary hem aralaşyp başlapdyrlar. 1885-nji ýylda Baku guberniýasyndan 489 mln. put nebit alnypdyr. Doganlar Nobeliň firmasy 1879-njy ýylda 3 mln. manat maýa goýan bolsa, 11 ýyldan soň, ol 15 mln. manada baryp ýetipdir. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň sany ýyl geçdigiçe artyp başlapdyr. 1890-njy ýylda Bakuwda şeýle zawodlaryň 148-si işläpdir. Bakuwyň nebiti Ýewropa, Aziýa, 1886-njy ýylda Hindistana, soňra bolsa Hytaýa çenli baryp ýetipdir. Bakuwyň nebit senagatynyň güýçli ösmegi onuň Kawkazda iri senagat merkezine öwrülmegine getiripdir. Senagatyň ösmegi bilen onuň ilaty hem ösüpdir. 1897-nji ýylda onuň ilaty 113.904 adama ýetipdir. Azerbaýjanyň beýleki şäherlerinde hem senagatyň dürli görnüşleri bilen bilelikde ilat sany hem artypdyr. Kuba şäheriniň ilaty 18 müň, Şemahyňky 23 müň, Nuhuňky 26 müň, Şuşuňky 26 müň, Ýelizawetpoluňky 34 müň adama baryp ýetipdir. Netijede, Azerbaýjanyň ilatynyň sosial gurluşynda hem üýtgeşmeler bolup geçýär. Ýurtda täze buržuaz we proletar synplary döreýär. Azerbaýjanda buržuaz synpy köp milletiň ruslaryň, azerbaýjanlaryň, ermenileriň we beýleki milletleriň wekilleri hökmünde kemala gelipdir. Buržuaz synpy bilen bilelikde ýene-de bir synp proletariat synpy hem peýda bolýar. Azerbaýjanda proletariat synpynyň kemala gelmeginde obalardaky ýersizleşen daýhanlar esasy rol oýnapdyrlar. Olar iş gözläp şäherlere gidip proletariatlara öwrülipdirler. Işçiler synpynyň kemala gelmeginiň ýene-de bir çeşmesi Günorta Azerbaýjandan iş gözläp gelýän talaban daýhanlardy. Bakuwda senagatyň güýçli ösmegi köp mukdarda işçi güýjini talap edýärdi. Bu bolsa öz gezeginde Bakuwda köpmilletli işçi synpynyň döremegine şert döredipdir.

Azerbaýjan SSR-niň döredilmegi

1919-njy ýylyň maý aýynda Azerbaýjanyň kommunistleri “Garşsyz Sowet Azerbaýjany ugrunda“ diýen şygary öňe sürýärler. Bu şygar astynda kommunistler işçileri we daýhanlary, tutuş progressiw pikirli adamlary Azerbaýjan Sowet Respublikasyny döretmek ugrundaky göreşe çagyrypdyrlar. Bu çagyryşa jogap edip diňe bir işçiler däl-de, eýsem daýhanlar hem köpçülikleýin guramaçylykly çykyş edip başlapdyrlar. 1919-nji ýylda Azerbaýjanyň ähli uýezdlerinde daýhanlar bilen pomeşikleriň arasynda ýaragly çaknyşyklar bolup geçýär. Genje, Gazak, Şuş, Gökçaý we Lenkoran uýezdlerinde ýaragly gozgalaň has giň gerime eýe bolupdyr. Genje uýezdiniň Gyzyl-Gajylyly obasynda Meşady Kadyryň ýolbaşçylygynda bolup geçen daýhanlar gozgalaňy pomeşiklere uly howyp salypdyr. Ýene-de bir daýhanlaryň ýaragly otrýady Gazak uýezdiniň Ýokary-Aýyply we beýleki obalarynda hereket edipdir. Bu ýerde 1919–njy ýylyň güýz aýynda Gyzyl gwardiýanyň daýhanlar otrýadlary döredilipdir Garabagda, Şamsadil we Gazak yýezdlerinde azerbaýjan we ermeni daýhanlary birleşip, musawat we daşnak häkimetiniň garşysyna çykyş edipdirler. Musawatçylaryň yaragly güýçlerniň garşysyna Geranboý-Ahmetli obasynda Gatyr Mamedin ýolbaşçylygyndaky daýhanlar otrýady duýdansyz göreş alyp barypdyrlar. Gatyr Mamediň we Meşady Kadyryň daýhanlar otrýady dowlet edaralarnyň, hanlaryň, begleriň we pomeşikleriň üstüne çozuş edip, olaryň ýerlerini we mallaryny daýhanlara paýlap beripdirler. Musawatçylara 1919–njy ýylyň sentýabr aýynda Gatyr Mamedi wagşylarça öldürmek başardan hem bolsa, tutuşlugyna daýhanlar hereketiniň öňini almak başartmandyr. Rewolýusion wakalaryň içinde Lenkoran uýezdiniň zähmetkeşlerniň Sowet häkimýeti ugryndaky göreşi has tapawutlanypdyr. 1919–njy ýylyň 25–nji aprelinde işçileriň, daýhanlaryň we rewolýusion esgerleriň ýaragly otrýadlary tarapyndan reaksion ofiserleri ýesir alýarlar we Lenkoran uýezd uprawasyny (iş dolandyryjysyny) agdarýarlar. Häkimýet Rewolýusion Komitetiň eline geçýär. Rewolýusion hereketden gorkan musawaçylar we reaksiýon toparlar tutha – tutlugy we terrorçylykly hereketi güýçlendiripdiler. Sowet häkimiýeti ugrundaky göreşde duşmanyň elinde K. Agasiew, A. Aliew, M. Aýdinbekow, F. Gubanow, B. Dadaşew, A. Katarzade, I. Kolomiýsew, M. Melikýans, M. Musawi, B. Sardarow, A. Suleýmanow we beýlekiler ýaly halkyň edermen ogullary wepat bolupdyrlar. Bu waka Azerbaýjan musawatçylarynyň halka dönükligini ýene-de bir gezek subut etdi. 1920-nji ýylyň 24-nji aprelinde Azerbaýjanyň Kommunistik (bolşewikler) Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň (AK(b) P MK) harby tehniki kommisiýasy ähli raýon harby-syýasy kommisiýalaryna ýaragly gozgalaňy taýarlamak boýunça göreşiň instruksiýasyny iberýär. 1920-nji ýylyň 27-nji aprelinde Bakuwda gozgalaň turýar. Azerbaýjanyň gozgalaň eden zähmetkeşlerine 11-nji Gyzyl Goşun kömege gelipdir. Azerbaýjan kommunistleri musawatçylar parlamentine ultimatum berip, Bakuwyň esasy punktlaryny eýeläpdirler. Netijede, şol gün musawatçylar parlamenti häkimiýetiň Azerbaýjanyň rewolýusion kommitetiniň eline geçýändigi baradaky karara gol çekýär. Şeýlelikde, 1920-nji ýylyň 27-nji aprelinden 28-nji apreline geçilen gije musawatçylar hökümeti agdarylýar we Azerbaýjanda Sowet häkimiýeti ýeňýär. Azerbaýjan Sowet Sosialistik Respublikasy jar edilýär. Wagtlaýyn rewolýusion Kommitet döredilip, onuň düzümüne N. Narimanow (başlyk), A. Aliýew, D. Buniatzade, M. Guseýnow, A. Garaýew, G. Musabekow we G. Sultanow giripdirler. Azerbaýjan Sowet Sosialistik rewolýusiýasy yglan edilýär. 1920-nji ýylyň 28-nji aprelinde bolsa, Azerbaýjan Rewolýusion Kommiteti N. Narimanowyň ýolbaşçylygynda Halk Komissarlar Sowetiniň ilkinji düzümini tassyklaýar. 1921-nji ýylyň 6-njy maýynda Bakuwda Azerbaýjan SSR-niň Sowetleriniň I gurultaýy bolup, onda Azerbaýjanyň ilkinji Konstitusiýasy kabul edilýär. Konstitusiýanyň kabul edilmegi Azerbaýjan halkynyň syýasy ösüşinde uly taryhy ähmiýete eýe bolupdyr. Gurultaýda ýokary döwlet organlary Azerbeýjan Merkezi Ispolnitel Komiteti (AzMIK) we Halk Komissarlar Soweti saýlanypdyr. HKS-yň başlyklygyna N. Narimanow, AzMIK-nyň başlyklygyna M. Gajyýew saýlanypdyr.


Azerbaýjan
Taryh • Geografiýa •  •  •  • 

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 08 Iýun, 2025 / 10:47

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Azerbaýjan taryhy hakda maglumat, Azerbaýjan taryhy näme? Azerbaýjan taryhy näme diýmek?

Bu makalada hic bir maglumat hakynda yok Bu makalada upjun edilen maglumatlar hakynda salgylanma gorkezilmandir Bu maglumatlaryn ygtybarlylygy belli dal Bu mowzuga degisli ygtybarly cesme bilyan bolsanyz makalany uytgetmek hem de osdurmek arkaly salgylanma upjun etmek bilen okyjylara yardam berip bilersiniz Degisli yorgunli salgylanmalar gorkezilenden sonra bu duydurysy ocurmegi unutman XVI XVIII asyrlardaAzerbayjan Sefewiler dowrunde Osmanly sefewi ursy Sefewi turkmenlerin hokumdarlygyny XVI asyryn ahyrlarynda Ysmayyl I 1501 1524 esaslandyryar 1500 1501 nji yylda Sefewiler Sirwan sasy Farruh Yasaryn gosunyny derbi dagyn edip Semahy we Bakuwy eyeleyarler Sonra bolsa gunorta tarap Nahicewana suysyarler Bu yerde 1501 nji yylda Ysmayyl Akgoyunly dowletinin esasy guyjuni yenlise sezewar edyar Ol sol yylyn ahyrynda dabaraly yagdayda Towrize giryar Sol yerde sa tajini geymek bilen ozuni Azerbayjanyn sasy diyip yglan edyar Ysmayyl sa dowletin paytagty edip Towriz saherini saylayar XVI asyryn baslarynda Merkezi Aziyada Temirler dowletini yykan Muhammet Seybany han 1500 1510 guycli dowlet gurup Sefewiler dowletinin garsysyna duryar 1510 nji yylda Ysmayyl sa Seybany hany yenip Seybanylaryn elinden alyar Sefewilerin gunbatara suysmegi bolsa Osmanly dowleti tarapyndan guycli garsylyga sezewar bolyar Seylelikde 1514 nji yylda Caldyran duzluginde gazaply sowes bolup sowesde Ysmayyl I gosuny soltan Selim I gosunyndan yenilyar Sol sowesden son ysmayyl sa uly soweslere gatnasmandyr we 1524 nji yylda 35 yasynda tarpa tayyn aradan cykypdyr Tagta Ysmayylyn ogly Tahmasp I 1524 1576 cykypdyr Tutus XVI asyryn dowamynda Osmanly dowleti Azerbayjany basyp almak meylinden el uzmandir Osmanly hokumdary soltan Suleyman Azerbayjanyn ustune dort gezek 1535 1548 1554 yoris edipdir Sowesin gidisinde osman gosunlary Towriz saherini basyp alyarlar we rehimsizlik bilen talayarlar Ursun netijesinde 1555 nji yylda Amasya saherinde iki dowlet arasynda yarasyk sertnamasyna gol cekilyar Sertnama boyunca Gundogar Ermenistan Gundogar Gurjustan we Azerbayjan Sefewiler dowletinin duzuminde galyar Osmanly dowletinin Azerbayjany basyp alyp Kaspiy denzinin kenarlaryna cykmak meyli basa barmayar 1576 njy yylda Tahmasp I olenden son onun ogullarynyn tagt ugrundaky ozara dawalary baslanyar Yokary gatlak wekillerinin goldamagynda tagta Ysmayyl II 1576 1577 cykyar Emma ol yyl yarym gecenson dilduwsulip oldurilyar Sefewiler dowletinin icki agzalalygyndan Osman soltany Myrat III peydalanypdyr 1578 nji yylda yuz mun adamdan ybarat osman gosuny Zakawkazya cozyar Netijede on iki yyla ceken urus baslanyar Basyp alyjylar Semahy we Sirwany alyarlar Sol bir wagtda Osmanlylary goldap Sefewilerin ustune Krym hanlygy hem cozus edyar Sefewiler bir wagtyn ozunde hem Osmanly dowletinin hem Krym hanlygynyn garsysyna goresmeli bolupdyr Osman soltany Myrat III uly yitgiler cekip tutus Zakawkaziyany seyle hem Azerbayjany basyp alypdyr 1590 njy yylda Stambul sertnamasy boyunca Sefewiler dowletinin patysasy 1587 1629 Azerbayjanyn gunorta gundogar boleginden galanyny Osman dowletine bermage razy bolyar Osman dowletinin Azerbayjany basyp almagy XVII asyryn baslaryna cenli dowam edipdir Azerbayjanyn territoriyasyndan Osman gosunlaryny cykarmak maksady bilen birnace reformalary geciryar Ol Azerbayjanyn tertip duzgunli gosunyny doredyar Merkezi hakimiyeti berkidyar 1598 nji yylda Sefewiler dowletinin paytagtyny Kazwinden Eyranyn Yspyhan saherine geciryar Abbasylaryn dowrunde dowlet dili azerbayjan dili bolupdyr 1607 nji yylda Osmanly dowletinden tutus Azerbayjany seyle hem Ermenistanyn we Gurjistanyn bir bolegini yzyna almagy basaryar Osman sefewi ursy ara wagt salnyp ta 1639 njy yyla cenli dowam edyar Ursun netijesi Sefewiler dowletinin yensi bilen gutaryar Azerbayjan XIX XX asyryn baslaryndaXIX asyryn birinji yarymynda azerbayjan rus gatnasyklary Turkmencay sertnamasy Demirgazyk Azerbayjanyn Russiya birikdirilmegi we onun netijeleri XVIII we XIX asyrlaryn sepgidinde hem Azerbayjanyn halkara yagdayy cylsyrymly bolmagynda galypdyr Eyran we Turkiye basyp almak syyasatyndan entek el cekmandir hem Zakawkazyany sol sanda Azerbayjany basyp almaga ymtylypdyr Su hili sertlerde Azerbayjanyn yonekey ilaty seyle hem feodal gatlagyn dasdan goruji dolandyryjy topary Russiya dowletine birikmegin tarapdary bolupdyrlar Patysa Russiyasy Azerbayjan meselesinde kolonial syyasatyny yoredyardi Emma muna garamazdan Azerbayjanyn Russiya birikdirilmegi onun ucin ahmiyetli bolupdyr 1800 nji yylda we Russiyanyn howandarlygyny kabul edyarlerler 1801 nji yylda Gruziyanyn Russiya birikmegi baradaky manifest tazeden dikeldilyar Netijede Azerbayjanyn sol wagtlar Gruziyanyn duzuminde bolan Gazak we Samsadil soltanlyklary hem Russiya birikdirilyar 1804 nji yylyn baslarynda rus gosunlary eyeleyarler 1805 nji yylda bolsa Garabag Seki Sirwan hanlyklarynyn hokumdarlary ozlerinin Russiya birikdirilmegi baradaky sertnama gol cekyarler 1806 njy yylda Kuba we Bakuw 1809 njy yylda bolsa Talys hanlygy Russiya dowletine birikdirilyar Seylelik bilen 1809 njy yyla cenli Demirgazyk Azerbeyjanyn ahli territoriyasy diyen yaly parahatcylykly yol bilen Russiya birikdirilyar Zakawkazyanyn Russiya birikdirilmegi Eyranyn Turkiyanyn seyle hem Angliyanyn we Fransiyanyn Russiya bolan gapma garsylygynyn has yitilesmegine getiripdir 1804 nji yylda Eyran 1806 njy yylda bolsa Turkiye Russiyanyn garsysyna ursa baslayarlar Bu urusda Zakawkazyanyn halklary Russiyanyn tarapynda durupdyrlar Urus Russiyanyn yenmegi bilen tamamlanyar 1813 nji yylyn 12 nji oktyabrynda Gulustan yarasyk sertnamasyna gol cekilyar Parahatcylyk sertnama layyklykda Eyran Demirgazyk Azerbayjanyn Nahicewandan galan ahli hanlyklaryn Russiya birikdirilmegini ykrar edyar Emma Demirgazyk Azerbayjanyn Russiya birikdirilmegi Eyrany we Angliyany kanagatlandyrmandyr Netijede Angliya tarapyndan mecew berlen Eyran 1826 njy yene de Russiyanyn garsysyna tazeden ursa baslayar Ursa Turkiye hem gosulyar Ursun gidisinde yerli ilat yzygiderli yagdayda rus gosunyna komek beripdurupdyrlar Samhoryn we Genjanin eteginde Eyranyn gosuny derbi dagyn edilyar Rus gosunlary eyran gosunyny Araks deryasynyn anrysyna cenli gysyp cykaryp Gunorta Azerbayjanyn territoriyasyna giryarler we Towriz Ardabil we beyleki saherleri eyeleyarler Gunorta Azerbayjanyn ilaty rus gosunlaryny gyzgyn garsylapdyrlar Eyran parahatcylyk soramaga mejbur bolupdyr 1828 nji yylyn 10 njy fewralynda Towriz saherinin golayyndaky Turkmencay obasynda Eyran bilen Russiyanyn arasynda parahatcylyk sertnamasyna gol cekilyar Sertnama layyklykda Eyran Demirgazyk Azerbayjandan el cekyar we ol yerlerin Nahicewan bilen birlikde Russiya birikdirilmegini ykrar edyar Gunorta Azerbayjan bolsa Eyranyn duzuminde galdyrylyar Zakawkazyanyn seyle hem Demirgazyk Azerbayjanyn Russiya birikdirilmegini Turkiye hem ykrar edyar Seylelikde XIX asyryn baslarynda Demirgazyk we Gunorta Azerbayjan taryhy osusin durli yoly bilen gitmeli bolupdyrlar Demirgazyk Azerbayjanyn Russiya birikdirilmegi azerbayjan halkynyn taryhy ykbalynda uly progressiw rol oynapdyr Azerbayjan halkynyn durmus ykdysady syyasy we medeni osusinin mundan beylekki yoluny kesgitlapdir Halk dasarky dusmanlaryn yzygiderli talancylykly cozuslaryndan halas bolup asuda yasap baslapdyrlar Patysa hokumetinin duzumine birikdirilmeginin ilkinji yyllaryndan baslap hanlyk duzguni yatyrylypdyr Azerbayjan welayatlara prowinsiyalara bolnup onun basynda patysa ofiserleri serkerdeleri komendantlar goylupdyr Olar harby okrug yolbascylaryna harby okrug yolbascylary bolsa oz gezeginde Kawkazyn bas serkerdebasysyna tabyn bolupdyrlar Komendantlar gin ygtyyarlyklardan peydalanypdyrlar Garabagda we Nuhda welayat Bakuw Kuba we Genje saherlerinde saher sudlary doredilipdir Komendantlaryn eden etdikleri salynyan salgytlar ilatyn arasynda nagilelikleri doredipdir Bu bolsa dayhanlaryn we saher garyplarynyn topalanlaryna getiripdir Seyle gozgalanlar 1831 nji yylda Talysda 1837 nji yylda Kubada 1838 nji we 1849 njy yyllarda Sekide we beyleki yerlerde bolup gecipdir Kahalatlarda yerli han begler bu gozgalanlary oz peydalaryna ulanjak bolupdyrlar Emma bu gozgalanlar dine bir rus kolonizatorlarynyn garsysyna dal de eysem bay feodallaryn garsysyna hem gonukdirilipdir 1840 njy yylda patysa hokumeti Azerbayjanda oz mowrutini geciren Komendant dolandyrylysyny uytgedip onun yerine sud administratiw duzguni girizyar 1840 njy yylyn reformasy boyunca Zakawkazyanyn territoriyasy paytagty Tbilisi saheri bolan Gruzin Imeret guberniyasyna we paytagty Semah saheri bolan Kaspiy oblastyna bolunipdir Azerbayjanyn guberniyasynyn bir bolegi Gruzin Imeret guberniyasyna degisli bolupdyr Emma territoriyasynyn esasy bolegi Kaspiy oblastyna degisli bolup ona Semah Nuh Zenkoran Bakuw Kuba we Derbent uyezdleri giripdir 1846 njy yylda Kaspiy oblastynyn yerine Semah guberniyasy doredilyar 1859 njy yylda guycli yer titremegi sebapli Semahyn weyarn bolmagy guberniyanyn merkezinin Bakuwa gecirilmegine getiryar Netijede geberniyanyn ady hem uytgedilip Bakuw guberniyasyna owrulyar 1868 nji yylda Azerbayjanyn territoriyasynda ikinji guberniya Yelizawetpol guberniyasy doredilyar Patysa hokumeti Azerbayjany Russiya birikdiren ilkinji gunlerinden baslap yerli feodallara we dindarlara dayanyp baslayar Yerlerin uly bolegi patysa hokumetinin we yerli han beglerin elinde jemlenipdir Emma patysa hokumetinin alyp baran kolonial syyasatyna garamazdan Azerbayjanyn Russiya birikdirilmegi ol yerlerde oba hojalygyn hunarmentciligin we sowdanyn osmegine itergi beripdir Yupekcilik calt depgin bilen osup Russiya akidilyan yupegin mukdary hem artypdyr Oba hojalygynda haryt onumciligi ginelipdir haryt pul gatnasygy mundan beylakde osupdir Azerbayjanyn saherlerinde we obalarynda demirden yasalyan onumlerin durli gurallaryn mis gap canaklaryn dokmacylyk kuyzegarcilik onumlerinin onumciligi ginelipdir Halycylyk ginden osupdir Azerbayjan halylary yurdun dasynda hem uly meshurlyga eye bolupdyr XIX asyryn 20 nji yyllarynda Azerbayjanda manufaktura gornusindaki karhanalar hem peyda bolup baslapdyr Azerbayjanyn sosial ykdysady yagdayy XIX asyryn ikinji yarymynda Azerbayjanyn osusinde taze dowur baslanyar Bu dowurde Russiyada baslanan sosial ykdysady uytgesmeler Azerbayjana da oz tasirini yetiripdir Russiyada krepostnoycylyk hukugynyn yatyrylmagy kapitalistik gatnasyklaryn osmegine itergi beripdir Russiyanyn yupek mata senagatynyn yupegi talap edip baslamagy Azerbayjanda yupek egirme dokma fabriginin doremegine getiripdir 60 njy yyllaryn basynda Hanabatda moskwaly senagatcylar Aleksey we doganlar Woroninler 432 stanokly 500 orunlyk yupek egirme dokma fabrigini guryarlar 1865 nji yylda Kadabek mis erediji zawod ise girizilip onda 200 isci islapdir 1859 njy yylda rus telekecileri tarapyndan Surahanda nebiti gaytadan isleyan iri zawod gurulyar Bu zawoddan basga da Apseronda onlarca nebit senagaty karhanalary islapdirler Obalarda kapitalistik gatnasyklar hayal osupdir Russiyada krepostnoycylyk hukugy yatyrylandan 10 yyl gecenson 1870 nji yylda Azerbayjanda dayhan reformasy gecirilipdir Bu reforma dayhanlaryn feodallara garaslylygynyn sonuna cykman tersine feodallaryn dayhanlary mundan beylakde ezmegine mumkuncilik doredipdir Dayhanlar reformadan son hem yer eyelerinin peydasyna durli borclary yerine yetirmeli bolupdyrlar Olar tolegleri pul ya da azyk gornusinde tolapdirler Suwarymly yerler we ori meydanlar yene de han beglerin ellerinde galypdyr Azerbayjanda dayhan reformasy hemme yerde gecirilmandir Ol dine beglik yerlerinde yasayanlara degisli bolup galan yerlerede gecirilmandir Dayhanlaryn 70 ni oz icine alyan dowlet yerlerinde yasayan dayhanlara degisli bolmandyr Bulara garamazdan Azerbayjanda gecirilen dayhan reformasy belli bir derejede oba kapitalizmin osusine itergi beripdir Dayhanlaryn azat bolmagy saherlerde osyan senagaty upjun etjek isci armiyasynyn rezerwini doredipdir Olar yuwas yuwasdan isci kadrlarynyn ustuni doldurypdyrlar Deyhanlar reformasy yurtda haryt gatnasyklarynyn kapitalistik haryt gatnasyklarynyn peyda bolmagyna hem getiripdir Azerbayjanda ykdysadyyetin we pul haryt gatnasyklarynyn osmeginde 1883 nji yylda Bakuwy Tiblisi saheri bilen birlesdiren Zakaspiy demir yolunyn bakuw boleginin gurlusygy we Kaspi deniz gami gatnawy uly orny eyelapdir Azerbayjanyn Russiya dowleti bilen sowda gatnasygy ginelip baslapdyr Rus telekecilerinin azerbayjan cig malyna bolan islegi has artyp baslayar 80 nji yyllaryn ahyrlarynda doran pagta senagaty Azerbayjanyn oba hojalygynyn esasy pudagy hokmunde mundan beylak osup baslapdyr Pagta senagatynyn osmegine birinji nobatda rus pagta senagatynyn ona bolan islegi sert doredipdir Netijede bolsa Azerbayjanyn uyezdlerinde senagatyn taze pudagy bolan pagta arassalayan zawodlaryn peyda bolmagyna getiripdir Azerbayjanyn oba hojalygynda buyan kokuni almak temmakicilik uzumdarcylyk bagbancylyk yaly pudaklary uly osuslere eye bolup olar Russiyanyn bazarlary bilen yakyn gatnasykda bolupdyrlar Emma bulara garamazdan Azerbayjanyn obalarynda feodal gatnasyklaryn saklanmagy ol yerlerde kapitalizmin osusini bokdapdir Yerlerin onkusi yaly dowletin pomesiklerin we han beglerin elinde saklanmagy dayhanlarda nagileligi artdyrypdyr Bu bolsa oz gezeginde dayhanlaryn yerli hen beglerin we rus kolonizatorlaryn garsysyna gorese galmagyna getiripdir Yaraglanan dayhanlaryn uly bolmadyk toparlarynyn han beglerin we patysa cinowniklerinin ustune cozus edip olaryn ellerinden zatlaryny alyp garyplara paylan wagtlary hem az bolmandyr Bu dayhanlaryn ozbolusly cykysy bolup halk arasynda olara gacaklar diyip at beripdirler Seyle otryadlaryn biri Zangerur we Nahicewan uyezdlerinde hereket edip ona belli gacak Nabi yolbascylyk edipdir Ol birnace yyllap ezijilerin garsysyna gores alyp barypdyr Umuman alanymynda XIX asyryn ikinji yarymynda Azerbayjanyn obalarynda kapitalistik gatnasyklar hayal we kop kyncylyklar bilen osupdir Hemme yerlerinde bir menzes osmandir Senagatda esasan hem nebit senagatynda osus bildiripdir Bu osus ilkinji nobatda rus senagatynyn yangyja bolan islegi bilen bagly bolupdyr Nebit senagatyna XIX asyryn II yarymyndan baslalp yerli rus mayadarlary bilen birlikde dasary yurt mayadarlary hem aralasyp baslapdyrlar 1885 nji yylda Baku guberniyasyndan 489 mln put nebit alnypdyr Doganlar Nobelin firmasy 1879 njy yylda 3 mln manat maya goyan bolsa 11 yyldan son ol 15 mln manada baryp yetipdir Nebiti gaytadan isleyan zawodlaryn sany yyl gecdigice artyp baslapdyr 1890 njy yylda Bakuwda seyle zawodlaryn 148 si islapdir Bakuwyn nebiti Yewropa Aziya 1886 njy yylda Hindistana sonra bolsa Hytaya cenli baryp yetipdir Bakuwyn nebit senagatynyn guycli osmegi onun Kawkazda iri senagat merkezine owrulmegine getiripdir Senagatyn osmegi bilen onun ilaty hem osupdir 1897 nji yylda onun ilaty 113 904 adama yetipdir Azerbayjanyn beyleki saherlerinde hem senagatyn durli gornusleri bilen bilelikde ilat sany hem artypdyr Kuba saherinin ilaty 18 mun Semahynky 23 mun Nuhunky 26 mun Susunky 26 mun Yelizawetpolunky 34 mun adama baryp yetipdir Netijede Azerbayjanyn ilatynyn sosial gurlusynda hem uytgesmeler bolup gecyar Yurtda taze burzuaz we proletar synplary doreyar Azerbayjanda burzuaz synpy kop milletin ruslaryn azerbayjanlaryn ermenilerin we beyleki milletlerin wekilleri hokmunde kemala gelipdir Burzuaz synpy bilen bilelikde yene de bir synp proletariat synpy hem peyda bolyar Azerbayjanda proletariat synpynyn kemala gelmeginde obalardaky yersizlesen dayhanlar esasy rol oynapdyrlar Olar is gozlap saherlere gidip proletariatlara owrulipdirler Isciler synpynyn kemala gelmeginin yene de bir cesmesi Gunorta Azerbayjandan is gozlap gelyan talaban dayhanlardy Bakuwda senagatyn guycli osmegi kop mukdarda isci guyjini talap edyardi Bu bolsa oz gezeginde Bakuwda kopmilletli isci synpynyn doremegine sert doredipdir Azerbayjan SSR nin doredilmegi1919 njy yylyn may ayynda Azerbayjanyn kommunistleri Garssyz Sowet Azerbayjany ugrunda diyen sygary one suryarler Bu sygar astynda kommunistler iscileri we dayhanlary tutus progressiw pikirli adamlary Azerbayjan Sowet Respublikasyny doretmek ugrundaky gorese cagyrypdyrlar Bu cagyrysa jogap edip dine bir isciler dal de eysem dayhanlar hem kopculikleyin guramacylykly cykys edip baslapdyrlar 1919 nji yylda Azerbayjanyn ahli uyezdlerinde dayhanlar bilen pomesiklerin arasynda yaragly caknysyklar bolup gecyar Genje Gazak Sus Gokcay we Lenkoran uyezdlerinde yaragly gozgalan has gin gerime eye bolupdyr Genje uyezdinin Gyzyl Gajylyly obasynda Mesady Kadyryn yolbascylygynda bolup gecen dayhanlar gozgalany pomesiklere uly howyp salypdyr Yene de bir dayhanlaryn yaragly otryady Gazak uyezdinin Yokary Ayyply we beyleki obalarynda hereket edipdir Bu yerde 1919 njy yylyn guyz ayynda Gyzyl gwardiyanyn dayhanlar otryadlary doredilipdir Garabagda Samsadil we Gazak yyezdlerinde azerbayjan we ermeni dayhanlary birlesip musawat we dasnak hakimetinin garsysyna cykys edipdirler Musawatcylaryn yaragly guyclernin garsysyna Geranboy Ahmetli obasynda Gatyr Mamedin yolbascylygyndaky dayhanlar otryady duydansyz gores alyp barypdyrlar Gatyr Mamedin we Mesady Kadyryn dayhanlar otryady dowlet edaralarnyn hanlaryn beglerin we pomesiklerin ustune cozus edip olaryn yerlerini we mallaryny dayhanlara paylap beripdirler Musawatcylara 1919 njy yylyn sentyabr ayynda Gatyr Mamedi wagsylarca oldurmek basardan hem bolsa tutuslugyna dayhanlar hereketinin onini almak basartmandyr Rewolyusion wakalaryn icinde Lenkoran uyezdinin zahmetkeslernin Sowet hakimyeti ugryndaky goresi has tapawutlanypdyr 1919 njy yylyn 25 nji aprelinde iscilerin dayhanlaryn we rewolyusion esgerlerin yaragly otryadlary tarapyndan reaksion ofiserleri yesir alyarlar we Lenkoran uyezd uprawasyny is dolandyryjysyny agdaryarlar Hakimyet Rewolyusion Komitetin eline gecyar Rewolyusion hereketden gorkan musawacylar we reaksiyon toparlar tutha tutlugy we terrorcylykly hereketi guyclendiripdiler Sowet hakimiyeti ugrundaky goresde dusmanyn elinde K Agasiew A Aliew M Aydinbekow F Gubanow B Dadasew A Katarzade I Kolomiysew M Melikyans M Musawi B Sardarow A Suleymanow we beylekiler yaly halkyn edermen ogullary wepat bolupdyrlar Bu waka Azerbayjan musawatcylarynyn halka donukligini yene de bir gezek subut etdi 1920 nji yylyn 24 nji aprelinde Azerbayjanyn Kommunistik bolsewikler Partiyasynyn Merkezi Komitetinin AK b P MK harby tehniki kommisiyasy ahli rayon harby syyasy kommisiyalaryna yaragly gozgalany tayarlamak boyunca goresin instruksiyasyny iberyar 1920 nji yylyn 27 nji aprelinde Bakuwda gozgalan turyar Azerbayjanyn gozgalan eden zahmetkeslerine 11 nji Gyzyl Gosun komege gelipdir Azerbayjan kommunistleri musawatcylar parlamentine ultimatum berip Bakuwyn esasy punktlaryny eyelapdirler Netijede sol gun musawatcylar parlamenti hakimiyetin Azerbayjanyn rewolyusion kommitetinin eline gecyandigi baradaky karara gol cekyar Seylelikde 1920 nji yylyn 27 nji aprelinden 28 nji apreline gecilen gije musawatcylar hokumeti agdarylyar we Azerbayjanda Sowet hakimiyeti yenyar Azerbayjan Sowet Sosialistik Respublikasy jar edilyar Wagtlayyn rewolyusion Kommitet doredilip onun duzumune N Narimanow baslyk A Aliyew D Buniatzade M Guseynow A Garayew G Musabekow we G Sultanow giripdirler Azerbayjan Sowet Sosialistik rewolyusiyasy yglan edilyar 1920 nji yylyn 28 nji aprelinde bolsa Azerbayjan Rewolyusion Kommiteti N Narimanowyn yolbascylygynda Halk Komissarlar Sowetinin ilkinji duzumini tassyklayar 1921 nji yylyn 6 njy mayynda Bakuwda Azerbayjan SSR nin Sowetlerinin I gurultayy bolup onda Azerbayjanyn ilkinji Konstitusiyasy kabul edilyar Konstitusiyanyn kabul edilmegi Azerbayjan halkynyn syyasy osusinde uly taryhy ahmiyete eye bolupdyr Gurultayda yokary dowlet organlary Azerbeyjan Merkezi Ispolnitel Komiteti AzMIK we Halk Komissarlar Soweti saylanypdyr HKS yn baslyklygyna N Narimanow AzMIK nyn baslyklygyna M Gajyyew saylanypdyr Azerbayjan Taryh Geografiya

Iň soňky makalalar
  • Iýun 08, 2025

    Oba Hojalyk ministrligi

  • Iýun 05, 2025

    Iňlis dili

  • Iýun 07, 2025

    Iwrit dili

  • Iýun 05, 2025

    Italýan dili

  • Iýun 08, 2025

    Ispan dili

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary