Azərbaycan  AzərbaycanLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Dehistan Dehista n Etrek derýasynyň aşak akymlaryny öz içine alýan sebit Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda Madaw obasyn

Dehistan

  • Baş sahypa
  • Dehistan
Dehistan
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Dehistan [Dehista:n] - Etrek derýasynyň aşak akymlaryny öz içine alýan sebit; Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda, Madaw obasynyň 22 kilometr demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän şähristanlyk; geçmişde gadymy welaýat we onuň adybir merkezi. Bu ýer Dehistan diýilmeginiň sebäbi ol ýerde ýaşanlygyndandyr.

Gadymy Dehistan

Bu köne şähristanlyk iki at bilen - Maşat-Misserian ýa-da Dehistan diýlip tanalýar. Dehistan diňe bir-iki ýüz gektar meýdany tutýan orta asyrlaryň paýtagt şäheri bolman, eýsem, galalar ulgamyny we ownukly-irili obalaryň toplumyny özünde birleşdirýän gür ilatly tutuş welaýatdyr. Hazar deňziniň kenarynyň Köpetdagyň baýyrlaryna çenli uzalyp gidýän Günorta-Gündogar bölegi häzirki döwrüň geografiki kartalarynda Misserian düzlügi diýlip atlandyrylýar. Gadym zamanlarda Girkaniya ady bilen meşhur bolan bag-bakjaly uly oazis hem bolupdyr. Ol Demirgazyk Eýranyň Gürgen jülgesini özüne birleşdirýän giň medeni ulgamyň bir bölegi hasaplanypdyr. XX asyrda bu düzlük adamlar tarapyndan özleşdirilmändir, ýagny birmahallar ilatyň tuluşlygyna göçüp gideli bäri adam aýagyny sekmedik çölüstanlygyň topragy deslapky durkuny saklap galypdyr. Şeýlelikde, binagärlik sungatynyň, çylşyrymly suwaryş ulgamynyň, birmahalky özleşdirilen ekinzarlyklarynyň we bossanlyklarynyň taryhyny özünde jemleýän Dehistanyň düzi biziň günlerimize şol mes topragynyň bereketi bilen gelip ýetipdir.

Araplaryñ basyp alan ýyly

Bu etraplarda suwarymly ekerançylyk işleri köp asyrlaryň dowamynda yzygiderli alnyp barlypdyr: arheologlar oba hojalyk işleriniň gözbaşyny bürünç asyryndan (biziň eýýamymyzdan ozalky II asyr) alyp gaýdýanlygyny we uzak wagtlyk — XVI asyra çenli dowam edenligini kesgitlediler. Biziň eýýamymyzdan ozalky I asyrda bu ady agzalýan oazis Uly Horezmiň tabynlygyna degişli ekeni. Soňra beýik Aleksandryň we onuň mirasdüşerleri Selewkidleriň döwründe grekleriň basyp alyşlaryny başdan geçirýär, parfiýalylaryň golastyndaka bolsa güýçli depginde gülläp ösýär. Gündogara agalyk etmek ugrunda Rim imperiýasy bilen elmydama bäsleşip gelen, öz döwründe çäksiz kuwwatly hasaplanan Parfiýa patyşalygynyň hökümdarlary Arşakidler - dahlaryň, ýagny sak-massaget taýpalaryndan gaýdýan gadymy milletiň nebereleridir. Ähtimal, bu ülkäniň ady hem şol dah sözünden gelip çykan bolsa gerek. Dogry, alymlar «Dehistan» sözüniň gelip çykyşyny başgaça hem düşündirýärler. Olaryň pikirine görä, gadymy şäheriň ady «deh» diýen pars sözi bilen baglanyşyklydyr. «Deh» sözi parsça oba, il diýmegi aňladýar, gönümel manysy bolsa «obalaryň ýurdy» diýmekdir. Sasanylaryň hökümdarlygy wagtynda bu künjeklere türkler aralaşyp ugraýar we eýran dünýäsinden Aleksandryň diwary diýlip atlandyrylan beýik seňňer arkaly bölünip aýrylýar. Bu seňňere başgaça Gyzylalaň hem diýýärler, ol baryp-ha parfiýalylaryň dolandyran zamanlarynda gurulýar. Gyzylalaň Gürgen derýasynyň akabasy boýunça 170 kilometre çenli uzap gidýär we Hazar deňziniň kenaryny Köpetdag bilen birleşdirýär. Beýik hytaý diwaryna kybapdaşlykda bu diwar birnäçe asyrlap Pars döwletiniň demirgazyk künjeklerini daşky hüjümlerden goramak wezipesini ýerine ýetirýär we bu töwereklere kese ýerlileriň göçüp gelmegini gözegçilikde saklamagy üpjün edýär. Araplaryň basyp alyşlary başlananda Dehistanyň ilatу olara gaýduwsyzlyk bilen garşylyk görkezýär. Paýtagt şäheriň daşynyň gabawy esli wagt dowam edensoň, ilat ahyrynda ýeňijileriň golastyna düşýär. Araplaryň goşuny bu şäheri harby goranyş bekedine öwürýär, oňa täze er- Rabat ady dakylýar. Tutuş Gürgen welaýaty arap diliniň gepleýiş kadasyna laýyklykda Jürjan diýlip atlandyrylýar. XI asyrda we XII asyryň birinji ýarymynda Dehistan Beýik Seljuklaryň döwletiniň düzümine girýär hem-de gülläp ösýän welaýatlaryň birine öwrülýär. Şol döwürlerde bu ýerde bişirilen kerpiçden ilkinji beýik ymaratlar salnyp başlanýar. Bu berk gurlan binalaryň harabaçylygy şu güne çenli saklanyp galypdyr. Şeýle hem senetgärligiň, ussaçylygyň dürli-dürli ugurlary giňden ýaýraýar. Arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan ýüzüne her-hili nagyşlar çekilen toýundan ýasalan gap-gaçlar muny gönüden-göni tassyklaýar. Seljuklaryň imperiýasy dargansoň, Dehistan Horezm soltanlygynyň bir welaýatyna öwrülýär. Gürgenç (häzirki Köneürgenç) şäheri Horezmiň şol wagtky paýtagty ekeni. Bu döwür Dehistanyň taryhynda şäher binagärligi babatda iň öňe gidişligiň gazanylan, meşhur ýadygärlikleriň gurlan wagtydyr. Mongollaryň çozuşyndan soňra ozalky kerwen ýollarynyň gatnawy kesilýär we bu gözel ülke kem- kemden gurpdan gaçyp çökýär. Bereketli topragy bol suw bilen üpjün edýän Etrek derýasynyň gatlasynyň weýran bolmagynyň netijesinde Dehistanyň düzlüginde ekerançylyk işleri başbitin ýatyp galýar.

Gadymy şäheriň ýadygärlikleri

Misserianyň gadymy harabalyklary häzirki güne çenli dolulygyna saklanyp galan gorag diwary iki gatly galadan, köp sanly garawul diňlerinden we çuň garymdan ybaratdyr. Bu desgalaryň galyndylarynyň ählisi şäheriň berk harby-inženerçilik ulgamlarynyň esasynda gurlandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy şähristanyň içki meýdanynda 18-20 metr belentlige ýetýän dört sany minara (şäheriň esasy böleginiň daşyna aýlanan diwar bilen goralýar) daşdan hem seleňläp görünýär. Olaryň ikisi şol bir wagtda, XIII asyryň başynda gurlan juma namazy okalýan metjidiň gönüburçly sütüni bolup hem hyzmat edýär. Olaryň arasyny birleşdiriji arka XX asyrda ýykylyp weýran bolupdyr. Ýöne bu ýerlere syýahat eden ilkinji fotoapparatly jahankeşde onuň suratyny alyp ýetişipdir. Bu taryhy suraty düşüren rus harby inženeri Boris Kastalskidir. Beýleki iki minaranyň bolsa sütünleri togalak bolup, olaryň deslapky beýikliginiň diňe ýarpysy ýykylman galypdyr. Minaralaryň demirgazyk tarapda ýerleşýäni gurlan senesi boýunça iň gadymysydyr. Sütüniň ýüzünde sudury bozulmadyk ýazgylara görä, ony uly metjit bilen bilelikde 1004-1005-nji ýyllarda ussa Aly ben Ziýýad gurupdyr. Metjidiň jaýy soňra ýer bilen ýegsan edilipdir. Bu binalar Abu Jafar Ahmet atly adamyň buýrmagy esasynda dikeldilipdir. Ikinji minara birinjiden 200 ýyldan soň 120 metr çemesi günortada, ýokarda ýatlanyp geçilen metjidiň burçunda peýda bolupdyr. Ol howly şekilli, sütünli galereýalardan ybaratdyr. Onuň esasy binasy üsti aýlaw görnüşinde ýapylan inedördül jaýdyr, ýöne häzir onuň diňe iki sany gönüburçly sütüni galypdyr. Bu sütünler binýadyndan başlap tä depesine çenli bişen kerpiçden örülipdir we owadan çykgytlar, diş-diş kertikler bilen nagyşlanypdyr, mawy reňkde syrçalanypdyr. Onuň bezeg işleri, esasan, ösümlikleriň şekilleriniň has çeperleşdirilen mysalynda ýerine ýetirilipdir. Arap hatynyň süýnmek nusgasynda Horezm şasy Muhammet II-niň we binagär-ussalaryň atlary nagyşlanyp ýazylypdyr. Misserianda ýene-de pesinden dört metjit gurlupdyr diýlip çaklanylýar: olaryň ikisi şähristanyň içinde, galan ikisi bolsa senetgärleriň ýaşaýan ýanaşyk obasynda - rabatda ýerleşipdir. Demirgazyk rabatda gurlan juma namazy okalýan uly metjidiň kaşaň görnüşi diňe fotosuratyň üsti bilen bize gelip ýetipdir. Ol XX asyrda ýykylýar we haraba öwrülýär. Diňe alymlaryň irginsiz geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde beýleki minaralaryň binýadynyň sudurynyň üsti açylýar. Metjitleriň üçünjisiniň tapylmagyna bolsa, XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda bu ýerde barlag işlerini alyp baran rus alymlarynyň maglumatlary we fotosuratlary sebäp bolýar. Tutuşlygyna alanyňda, binagärligiň taryhyny öwreniji, akademik Galina Pugaçenkowanyň çaklamasyna görä, Dehislanyň binagärlik stiline sütünli-gümmezli kompozisiýa, bezege we boýag-reňklere az üns berilmegi mahsusdyr. Bu sebitde binalaryň kaşaňlygy hem-de owadanlygy, esasan, olaryň deňölçegli we köp nusgaly meýilnamalaşdyrylyşynyň esasynda gazanylypdyr. Gymmatly harytlardan ýüki ýetik kerwenler gündogardan-günbatara gidenlerinde-de, yzyna gaýdanlarynda-da Dehistanyň üstünden geçipdirler. Bu gatnawlar ençeme asyrlap dowam edipdir, şonuň üçin hem bu ýerde kerwensaraýlaryň köp gurulmagy düýbünden geň däldir. Aslynda, Dehistanyň oba-şäherleriniň döremegine we ösmegine sebäp bolan esasy şertleriň biri - Hazar deňzi bilen Köpetdagyň arasyndaky giňişlikden kerwen ýollarynyň geçmegidir. XI asyryň ahyrlarynda tutuş Horasana we onuň goňşy welaýatlaryna mahsus arhitektura binalarynyň myhmanhanalaryň ornuny tutýan jaýlaryň görnüşinde salynmagy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bu gönüburçly ýa-da inedördül, ýöne hökmany suratda deňölçegli, gyradeň desgalaryň meýilnamalaşdyryş gerimi: içki howlyny, myhmanlar üçin özbaşdak ýatak jaýlaryny, ammarlary, dalbarlary, eýwanlary we kerwene goşulýan mallar üçin ot-iým saklanýan bassyrmalary, telärleri göz öňünde tutupdyr. Dehistanyň gündogar rabadynda şeýle görnüşdäki iki sany uly kerwensaraýyň galyndysynyň üsti açyldy.

Maşat gonamçylygy

Gadymy şähristanyň ýedi kilometr golaýyndaky köne öwlüýäniň çäginde orta asyr aramgähleriniň birnäçesi we Maşat atanyň zyýarathana öwrülen kiçeňräk metjidi özüniň başky durkuny saklap galypdyr. Ýerli ilatyň zyýarata gelýän metjidi dörtgyraň bina bolup, onuň üçegi gümmez şekilinde galdyrylandyr. Bu metjit ilkibada çig kerpiçden salnypdyr. XII asyrda, soňra hem orta asyrlaryň ahyrlarynda (ähtimal XVII- XIX asyrlarda) halys lagşansoň, pagsadan galdyrylan metjidiň durky tutuşlygyna täzelenipdir. Onuň dörtgyraň jaýynyň daşyna bir gat bişen kerpiç örtülipdir we onuň üstünde täze gümmez galdyrylypdyr. Gaýta-gaýtadan abatlaýyş işleriniň geçirilmegi hem-de goşmaça jaýlaryň gurulmagy metjidiň başky keşbini düýbünden üýtgedipdir, ýöne onuň içindäki IX - X asyrlara degişli aýry-aýry ownuk gurnawlar, özboluşly oýulyp haşamlanan mährap we şuňa meňzeş mukaddes saýylýan zatlar ilkinji nusgasynda galdyrylypdyr. Mährap bir-biriniň içine salnan üç gatly, ösümlikleriň şeklinde nagyşlanan we hatdadyň arap elipbiýinde owadanlap ýazan çarçuwasyndan ybaratdyr. Ýaňy-ýakynda Medeni mirasy goramak boýunça halkara maksatnamasynyň çäklerinde türkmen hünärmenleri metjidiň mährabynyň, onuň içki otagynyň durkuny täzelemek işine girişdiler. Şol bir wagtda hem metjidiň esasy girelgesiniň öňündäki gumaksy depede gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Bu gözlegleriň netijesinde metjidiň golaýynda dikeldilen IX asyra degişli minaranyň binýadynyň saklanyp galan bölegi tapyldy. Şeýle hem bu ýerde bir metr çemesi çuňlukda hojalyk howlusynyň ýykylmadyk diwary tapyldy. Deňölçegli sünnälenip meýilnamalaşdyrylan howlynyň ortasynda ajaýyp serhowuz gurlupdyr. Howlynyň gapdalynda ýerli dini jemagaty düzýän sufiý alymlarynyň mejlishana jaýy - hanaka ýerleşipdir. XI-XII asyrlarda Dehistanda sopuçylyk taglymatynyň muşdaklarynyň uly topary ýaşapdyr. Olaryň gündelik durmuşda ulanan serişdeleri arheologiki tapyndylaryň uly kolleksiýasyny düzýär. Bu tapyndylar agyr degirmen daşlaryndan başlap, tä bürünç çyralara, toýundan ýasalan gap-gaçlara we hoşboý ysly atyrlaryň aýnadan ýasalan çüýşelerine çenli uly sanawdan ybaratdyr. Maşat gonamçylygynda saklanyp galan dört sany atsyz aramgäh (1947-nji ýylda olar ýedi sany ekeni) bişen kerpiçden XI - XII asyrlarda salnypdyr. Olaryň ählisiniň üstünde gönüburçly ýa-da tegelek görnüşdäki gümmezler bar. Bu aramgähler şeýle nusgadaky desgalar üçin seýrek duş gelýiin uly göwrümleri boýunça beýlekilerden düýpli tapawutlanýarlar. Olarda bezeg maksatly tegelek ýa-da gapyrga şekilli diňjagazlar ulanylypdyr. Daşky diwarynyň käbir ýerlerinde alebaster suwagynyň yzlary häli-häzirem galypdyr.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 15 Iýun, 2025 / 15:36

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Dehistan hakda maglumat, Dehistan näme? Dehistan näme diýmek?

Dehistan Dehista n Etrek deryasynyn asak akymlaryny oz icine alyan sebit Balkan welayatynyn Etrek etrabynda Madaw obasynyn 22 kilometr demirgazyk gunbatarynda yerlesyan sahristanlyk gecmisde gadymy welayat we onun adybir merkezi Bu yer Dehistan diyilmeginin sebabi ol yerde yasanlygyndandyr Gadymy DehistanBu kone sahristanlyk iki at bilen Masat Misserian ya da Dehistan diylip tanalyar Dehistan dine bir iki yuz gektar meydany tutyan orta asyrlaryn paytagt saheri bolman eysem galalar ulgamyny we ownukly irili obalaryn toplumyny ozunde birlesdiryan gur ilatly tutus welayatdyr Hazar denzinin kenarynyn Kopetdagyn bayyrlaryna cenli uzalyp gidyan Gunorta Gundogar bolegi hazirki dowrun geografiki kartalarynda Misserian duzlugi diylip atlandyrylyar Gadym zamanlarda Girkaniya ady bilen meshur bolan bag bakjaly uly oazis hem bolupdyr Ol Demirgazyk Eyranyn Gurgen julgesini ozune birlesdiryan gin medeni ulgamyn bir bolegi hasaplanypdyr XX asyrda bu duzluk adamlar tarapyndan ozlesdirilmandir yagny birmahallar ilatyn tuluslygyna gocup gideli bari adam ayagyny sekmedik colustanlygyn topragy deslapky durkuny saklap galypdyr Seylelikde binagarlik sungatynyn cylsyrymly suwarys ulgamynyn birmahalky ozlesdirilen ekinzarlyklarynyn we bossanlyklarynyn taryhyny ozunde jemleyan Dehistanyn duzi bizin gunlerimize sol mes topragynyn bereketi bilen gelip yetipdir Araplaryn basyp alan yylyBu etraplarda suwarymly ekerancylyk isleri kop asyrlaryn dowamynda yzygiderli alnyp barlypdyr arheologlar oba hojalyk islerinin gozbasyny burunc asyryndan bizin eyyamymyzdan ozalky II asyr alyp gaydyanlygyny we uzak wagtlyk XVI asyra cenli dowam edenligini kesgitlediler Bizin eyyamymyzdan ozalky I asyrda bu ady agzalyan oazis Uly Horezmin tabynlygyna degisli ekeni Sonra beyik Aleksandryn we onun mirasduserleri Selewkidlerin dowrunde greklerin basyp alyslaryny basdan geciryar parfiyalylaryn golastyndaka bolsa guycli depginde gullap osyar Gundogara agalyk etmek ugrunda Rim imperiyasy bilen elmydama baslesip gelen oz dowrunde caksiz kuwwatly hasaplanan Parfiya patysalygynyn hokumdarlary Arsakidler dahlaryn yagny sak massaget taypalaryndan gaydyan gadymy milletin nebereleridir Ahtimal bu ulkanin ady hem sol dah sozunden gelip cykan bolsa gerek Dogry alymlar Dehistan sozunin gelip cykysyny basgaca hem dusundiryarler Olaryn pikirine gora gadymy saherin ady deh diyen pars sozi bilen baglanysyklydyr Deh sozi parsca oba il diymegi anladyar gonumel manysy bolsa obalaryn yurdy diymekdir Sasanylaryn hokumdarlygy wagtynda bu kunjeklere turkler aralasyp ugrayar we eyran dunyasinden Aleksandryn diwary diylip atlandyrylan beyik senner arkaly bolunip ayrylyar Bu sennere basgaca Gyzylalan hem diyyarler ol baryp ha parfiyalylaryn dolandyran zamanlarynda gurulyar Gyzylalan Gurgen deryasynyn akabasy boyunca 170 kilometre cenli uzap gidyar we Hazar denzinin kenaryny Kopetdag bilen birlesdiryar Beyik hytay diwaryna kybapdaslykda bu diwar birnace asyrlap Pars dowletinin demirgazyk kunjeklerini dasky hujumlerden goramak wezipesini yerine yetiryar we bu towereklere kese yerlilerin gocup gelmegini gozegcilikde saklamagy upjun edyar Araplaryn basyp alyslary baslananda Dehistanyn ilatu olara gayduwsyzlyk bilen garsylyk gorkezyar Paytagt saherin dasynyn gabawy esli wagt dowam edenson ilat ahyrynda yenijilerin golastyna dusyar Araplaryn gosuny bu saheri harby goranys bekedine owuryar ona taze er Rabat ady dakylyar Tutus Gurgen welayaty arap dilinin gepleyis kadasyna layyklykda Jurjan diylip atlandyrylyar XI asyrda we XII asyryn birinji yarymynda Dehistan Beyik Seljuklaryn dowletinin duzumine giryar hem de gullap osyan welayatlaryn birine owrulyar Sol dowurlerde bu yerde bisirilen kerpicden ilkinji beyik ymaratlar salnyp baslanyar Bu berk gurlan binalaryn harabacylygy su gune cenli saklanyp galypdyr Seyle hem senetgarligin ussacylygyn durli durli ugurlary ginden yayrayar Arheologlaryn gazuw agtarys islerinin netijesinde tapylan yuzune her hili nagyslar cekilen toyundan yasalan gap gaclar muny gonuden goni tassyklayar Seljuklaryn imperiyasy darganson Dehistan Horezm soltanlygynyn bir welayatyna owrulyar Gurgenc hazirki Koneurgenc saheri Horezmin sol wagtky paytagty ekeni Bu dowur Dehistanyn taryhynda saher binagarligi babatda in one gidisligin gazanylan meshur yadygarliklerin gurlan wagtydyr Mongollaryn cozusyndan sonra ozalky kerwen yollarynyn gatnawy kesilyar we bu gozel ulke kem kemden gurpdan gacyp cokyar Bereketli topragy bol suw bilen upjun edyan Etrek deryasynyn gatlasynyn weyran bolmagynyn netijesinde Dehistanyn duzluginde ekerancylyk isleri basbitin yatyp galyar Gadymy saherin yadygarlikleriMisserianyn gadymy harabalyklary hazirki gune cenli dolulygyna saklanyp galan gorag diwary iki gatly galadan kop sanly garawul dinlerinden we cun garymdan ybaratdyr Bu desgalaryn galyndylarynyn ahlisi saherin berk harby inzenercilik ulgamlarynyn esasynda gurlandygyna sayatlyk edyar Gadymy sahristanyn icki meydanynda 18 20 metr belentlige yetyan dort sany minara saherin esasy boleginin dasyna aylanan diwar bilen goralyar dasdan hem selenlap gorunyar Olaryn ikisi sol bir wagtda XIII asyryn basynda gurlan juma namazy okalyan metjidin gonuburcly sutuni bolup hem hyzmat edyar Olaryn arasyny birlesdiriji arka XX asyrda yykylyp weyran bolupdyr Yone bu yerlere syyahat eden ilkinji fotoapparatly jahankesde onun suratyny alyp yetisipdir Bu taryhy suraty dusuren rus harby inzeneri Boris Kastalskidir Beyleki iki minaranyn bolsa sutunleri togalak bolup olaryn deslapky beyikliginin dine yarpysy yykylman galypdyr Minaralaryn demirgazyk tarapda yerlesyani gurlan senesi boyunca in gadymysydyr Sutunin yuzunde sudury bozulmadyk yazgylara gora ony uly metjit bilen bilelikde 1004 1005 nji yyllarda ussa Aly ben Ziyyad gurupdyr Metjidin jayy sonra yer bilen yegsan edilipdir Bu binalar Abu Jafar Ahmet atly adamyn buyrmagy esasynda dikeldilipdir Ikinji minara birinjiden 200 yyldan son 120 metr cemesi gunortada yokarda yatlanyp gecilen metjidin burcunda peyda bolupdyr Ol howly sekilli sutunli galereyalardan ybaratdyr Onun esasy binasy usti aylaw gornusinde yapylan inedordul jaydyr yone hazir onun dine iki sany gonuburcly sutuni galypdyr Bu sutunler binyadyndan baslap ta depesine cenli bisen kerpicden orulipdir we owadan cykgytlar dis dis kertikler bilen nagyslanypdyr mawy renkde syrcalanypdyr Onun bezeg isleri esasan osumliklerin sekillerinin has ceperlesdirilen mysalynda yerine yetirilipdir Arap hatynyn suynmek nusgasynda Horezm sasy Muhammet II nin we binagar ussalaryn atlary nagyslanyp yazylypdyr Misserianda yene de pesinden dort metjit gurlupdyr diylip caklanylyar olaryn ikisi sahristanyn icinde galan ikisi bolsa senetgarlerin yasayan yanasyk obasynda rabatda yerlesipdir Demirgazyk rabatda gurlan juma namazy okalyan uly metjidin kasan gornusi dine fotosuratyn usti bilen bize gelip yetipdir Ol XX asyrda yykylyar we haraba owrulyar Dine alymlaryn irginsiz geciren gazuw agtarys islerinin netijesinde beyleki minaralaryn binyadynyn sudurynyn usti acylyar Metjitlerin ucunjisinin tapylmagyna bolsa XIX asyryn ahyrlarynda we XX asyryn baslarynda bu yerde barlag islerini alyp baran rus alymlarynyn maglumatlary we fotosuratlary sebap bolyar Tutuslygyna alanynda binagarligin taryhyny owreniji akademik Galina Pugacenkowanyn caklamasyna gora Dehislanyn binagarlik stiline sutunli gummezli kompozisiya bezege we boyag renklere az uns berilmegi mahsusdyr Bu sebitde binalaryn kasanlygy hem de owadanlygy esasan olaryn denolcegli we kop nusgaly meyilnamalasdyrylysynyn esasynda gazanylypdyr Gymmatly harytlardan yuki yetik kerwenler gundogardan gunbatara gidenlerinde de yzyna gaydanlarynda da Dehistanyn ustunden gecipdirler Bu gatnawlar enceme asyrlap dowam edipdir sonun ucin hem bu yerde kerwensaraylaryn kop gurulmagy duybunden gen daldir Aslynda Dehistanyn oba saherlerinin doremegine we osmegine sebap bolan esasy sertlerin biri Hazar denzi bilen Kopetdagyn arasyndaky ginislikden kerwen yollarynyn gecmegidir XI asyryn ahyrlarynda tutus Horasana we onun gonsy welayatlaryna mahsus arhitektura binalarynyn myhmanhanalaryn ornuny tutyan jaylaryn gornusinde salynmagy ayratyn bellemage mynasypdyr Bu gonuburcly ya da inedordul yone hokmany suratda denolcegli gyraden desgalaryn meyilnamalasdyrys gerimi icki howlyny myhmanlar ucin ozbasdak yatak jaylaryny ammarlary dalbarlary eywanlary we kerwene gosulyan mallar ucin ot iym saklanyan bassyrmalary telarleri goz onunde tutupdyr Dehistanyn gundogar rabadynda seyle gornusdaki iki sany uly kerwensarayyn galyndysynyn usti acyldy Masat gonamcylygyGadymy sahristanyn yedi kilometr golayyndaky kone owluyanin caginde orta asyr aramgahlerinin birnacesi we Masat atanyn zyyarathana owrulen kicenrak metjidi ozunin basky durkuny saklap galypdyr Yerli ilatyn zyyarata gelyan metjidi dortgyran bina bolup onun ucegi gummez sekilinde galdyrylandyr Bu metjit ilkibada cig kerpicden salnypdyr XII asyrda sonra hem orta asyrlaryn ahyrlarynda ahtimal XVII XIX asyrlarda halys lagsanson pagsadan galdyrylan metjidin durky tutuslygyna tazelenipdir Onun dortgyran jayynyn dasyna bir gat bisen kerpic ortulipdir we onun ustunde taze gummez galdyrylypdyr Gayta gaytadan abatlayys islerinin gecirilmegi hem de gosmaca jaylaryn gurulmagy metjidin basky kesbini duybunden uytgedipdir yone onun icindaki IX X asyrlara degisli ayry ayry ownuk gurnawlar ozbolusly oyulyp hasamlanan mahrap we suna menzes mukaddes sayylyan zatlar ilkinji nusgasynda galdyrylypdyr Mahrap bir birinin icine salnan uc gatly osumliklerin seklinde nagyslanan we hatdadyn arap elipbiyinde owadanlap yazan carcuwasyndan ybaratdyr Yany yakynda Medeni mirasy goramak boyunca halkara maksatnamasynyn caklerinde turkmen hunarmenleri metjidin mahrabynyn onun icki otagynyn durkuny tazelemek isine girisdiler Sol bir wagtda hem metjidin esasy girelgesinin onundaki gumaksy depede gazuw agtarys isleri gecirildi Bu gozleglerin netijesinde metjidin golayynda dikeldilen IX asyra degisli minaranyn binyadynyn saklanyp galan bolegi tapyldy Seyle hem bu yerde bir metr cemesi cunlukda hojalyk howlusynyn yykylmadyk diwary tapyldy Denolcegli sunnalenip meyilnamalasdyrylan howlynyn ortasynda ajayyp serhowuz gurlupdyr Howlynyn gapdalynda yerli dini jemagaty duzyan sufiy alymlarynyn mejlishana jayy hanaka yerlesipdir XI XII asyrlarda Dehistanda sopucylyk taglymatynyn musdaklarynyn uly topary yasapdyr Olaryn gundelik durmusda ulanan serisdeleri arheologiki tapyndylaryn uly kolleksiyasyny duzyar Bu tapyndylar agyr degirmen daslaryndan baslap ta burunc cyralara toyundan yasalan gap gaclara we hosboy ysly atyrlaryn aynadan yasalan cuyselerine cenli uly sanawdan ybaratdyr Masat gonamcylygynda saklanyp galan dort sany atsyz aramgah 1947 nji yylda olar yedi sany ekeni bisen kerpicden XI XII asyrlarda salnypdyr Olaryn ahlisinin ustunde gonuburcly ya da tegelek gornusdaki gummezler bar Bu aramgahler seyle nusgadaky desgalar ucin seyrek dus gelyiin uly gowrumleri boyunca beylekilerden duypli tapawutlanyarlar Olarda bezeg maksatly tegelek ya da gapyrga sekilli dinjagazlar ulanylypdyr Dasky diwarynyn kabir yerlerinde alebaster suwagynyn yzlary hali hazirem galypdyr

Iň soňky makalalar
  • Iýun 08, 2025

    Garaşsyz Döwletler Arkalaşygy

  • Iýun 06, 2025

    Garagalpagystan

  • Iýun 09, 2025

    Garagum etraby

  • Iýun 09, 2025

    Garagum derýasy

  • Iýun 13, 2025

    Garagum çöli

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary