Azərbaycan  AzərbaycanMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  Türkiyə
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Çölde suwaryş desgalarynyň iň ulusy Garagum derýasydyr Ol Günorta Gündogar we Günorta Türkmenistanyň çöllük ýerlerinden

Garagum derýasy

  • Baş sahypa
  • Garagum derýasy
Garagum derýasy
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Çölde suwaryş desgalarynyň iň ulusy Garagum derýasydyr. Ol Günorta-Gündogar we Günorta Türkmenistanyň çöllük ýerlerinden akyp geçýär. Ol döwletimiziň üç derýasyny – Amyderýany, Murgap we Tejen derýalaryny birleşdirdi. Garagum derýasynyň Amyderýa – Murgap aralygyndaky birinji nobatdakysy (uzynlygy 400 km.) 1954–1959-njy ýyllarda guruldy.
Emeli derýa Amyderýanyň çep kenarynda ýerleşýän Kerki (öňki Atamyrat) şäheriniň golaýyndan – Başsakadan başlanýar. Onuň 40 kilometre golaýy Bosaga–Kerki kanaly boýunça akýar. Şondan soň, ol Amyderýanyň köne akabasy bolan Kelif Uzboýunyň guran hanasy boýunça akýar. Soňra Obruçew sährasy diýilýän çägeli toýunsow tekizliginiň üstünden geçip, Günorta-Gündogar Garagumyň ulgam çägelikleriniň içi bilen akýar. Bu ýerde onuň çägesöw kenarlaryny köwüp, akýan ýoluny gömýän pursatlary hem bolýar. Şular ýaly howply hadysalara garşy kuwwatly tehnikalaryň kömegi arkaly göreş alnyp barylýar.

Amyderýanyň suwy Garagum derýasynyň kömegi bilen Mary şäherinden dört kilometrlikde Murgap derýasy bilen birleşýär. Şu ýerden Murgap – Tejen aralykdaky ikinji nobatdakysy başlanýar. Onuň ikinji nobatdakysy (uzynlygy 140 km) 1960-njy ýylda guruldy. 1961-nji ýylda Murgap – Tejen aralygynda uly Hanhowuz suw howdany (göwrümi 87,5 mln. m3, 1974 ý.) guruldy.

Tejen–Aşgabat aralygyndaky üçünji nobatdakysy (uzynlygy 257 km) 1961–1962-nji ýyllarda gazyldy. 1962-nji ýylyň 12-nji maýynda Amyderýanyň suwy Aşgabada geldi. Onuň paýtagta gelmegi bilen Aşgabadyň golaýynda Gurtly suw howdany guruldy.
Garagum derýasynyň Gökdepe – Bereket aralygyndaky dördünji nobatdakysynyň gurluşygy hem çalt tamamlandy. Gökdepäniň golaýynda suw saklamak üçin uly Köpetdag suw howdany guruldy (göwrümi 190 mln. m3, 1974 ý.) Garagum derýasynyň Amyderýa – Bereket aralygyndaky uzynlygy 1100 km-dir. Derýanyň suwy Bereketden turba arkaly Balkanabada, Hazara we Türkmenbaşa akdyrylýar.

Garagum derýasy we beýleki suwaryş desgalarynyň gurlan we ulanylan wagtlarynda, olar bilen akýan suwlaryň bir bölegi çöle akdyrylyp, oýtak ýerleriň uly meýdanlaryny suw basýardy. Netijede, köldür arnalar emele gelip, esli ýerlerde batgalaşan köller peýda bolýardy. Hanadan agyp akýan suwlaryň ýaýran ýerleri Ýylanly suwlulandyryş derýasynyň zolagynda hem bardy. Olar öri meýdanlarynyň oýtymynyň kiçelmegine sebäp bolýardy. Türkmenistanda çölüň aýry-aýry suw basan ýerleri 250 müň gektar meýdany tutýardy, suw baýlyklarynyň ýitgisine getirýärdi. Soňky ýyllarda suwlaryň biderek akdyrylmagynyň öňi alnyp başlandy we çöl landşaftlaryny dikeltmek işi geçirilýär.

Salgylanmalar

  1. Orta mekdepleriň VII synpy üçin Türkmenistanyň fiziki geografiýasy synag okuw kitaby

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 09 Iýun, 2025 / 00:17

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Garagum derýasy hakda maglumat, Garagum derýasy näme? Garagum derýasy näme diýmek?

Colde suwarys desgalarynyn in ulusy Garagum deryasydyr Ol Gunorta Gundogar we Gunorta Turkmenistanyn colluk yerlerinden akyp gecyar Ol dowletimizin uc deryasyny Amyderyany Murgap we Tejen deryalaryny birlesdirdi Garagum deryasynyn Amyderya Murgap aralygyndaky birinji nobatdakysy uzynlygy 400 km 1954 1959 njy yyllarda guruldy Emeli derya Amyderyanyn cep kenarynda yerlesyan Kerki onki Atamyrat saherinin golayyndan Bassakadan baslanyar Onun 40 kilometre golayy Bosaga Kerki kanaly boyunca akyar Sondan son ol Amyderyanyn kone akabasy bolan Kelif Uzboyunyn guran hanasy boyunca akyar Sonra Obrucew sahrasy diyilyan cageli toyunsow tekizliginin ustunden gecip Gunorta Gundogar Garagumyn ulgam cageliklerinin ici bilen akyar Bu yerde onun cagesow kenarlaryny kowup akyan yoluny gomyan pursatlary hem bolyar Sular yaly howply hadysalara garsy kuwwatly tehnikalaryn komegi arkaly gores alnyp barylyar Amyderyanyn suwy Garagum deryasynyn komegi bilen Mary saherinden dort kilometrlikde Murgap deryasy bilen birlesyar Su yerden Murgap Tejen aralykdaky ikinji nobatdakysy baslanyar Onun ikinji nobatdakysy uzynlygy 140 km 1960 njy yylda guruldy 1961 nji yylda Murgap Tejen aralygynda uly Hanhowuz suw howdany gowrumi 87 5 mln m3 1974 y guruldy Tejen Asgabat aralygyndaky ucunji nobatdakysy uzynlygy 257 km 1961 1962 nji yyllarda gazyldy 1962 nji yylyn 12 nji mayynda Amyderyanyn suwy Asgabada geldi Onun paytagta gelmegi bilen Asgabadyn golayynda Gurtly suw howdany guruldy Garagum deryasynyn Gokdepe Bereket aralygyndaky dordunji nobatdakysynyn gurlusygy hem calt tamamlandy Gokdepanin golayynda suw saklamak ucin uly Kopetdag suw howdany guruldy gowrumi 190 mln m3 1974 y Garagum deryasynyn Amyderya Bereket aralygyndaky uzynlygy 1100 km dir Deryanyn suwy Bereketden turba arkaly Balkanabada Hazara we Turkmenbasa akdyrylyar Garagum deryasy we beyleki suwarys desgalarynyn gurlan we ulanylan wagtlarynda olar bilen akyan suwlaryn bir bolegi cole akdyrylyp oytak yerlerin uly meydanlaryny suw basyardy Netijede koldur arnalar emele gelip esli yerlerde batgalasan koller peyda bolyardy Hanadan agyp akyan suwlaryn yayran yerleri Yylanly suwlulandyrys deryasynyn zolagynda hem bardy Olar ori meydanlarynyn oytymynyn kicelmegine sebap bolyardy Turkmenistanda colun ayry ayry suw basan yerleri 250 mun gektar meydany tutyardy suw baylyklarynyn yitgisine getiryardi Sonky yyllarda suwlaryn biderek akdyrylmagynyn oni alnyp baslandy we col landsaftlaryny dikeltmek isi gecirilyar SalgylanmalarOrta mekdeplerin VII synpy ucin Turkmenistanyn fiziki geografiyasy synag okuw kitaby

Iň soňky makalalar
  • Iýun 07, 2025

    Babarap obasy

  • Iýun 07, 2025

    Babadaýhan

  • Iýun 09, 2025

    Bosniýa we Gersegowina

  • Iýun 09, 2025

    Boldumsaz etraby

  • Iýun 09, 2025

    Aý (hemra)

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary