Azərbaycan  AzərbaycanLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Mollanepes Beýik söz ussady XIX asyrda ýaşap geçen nusgawy şahyrymyzdyr Beýleki nusgawy şahyrlarymyza garanyňda Mollanep

Mollanepes

  • Baş sahypa
  • Mollanepes
Mollanepes
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Mollanepes —Beýik söz ussady XIX asyrda ýaşap geçen nusgawy şahyrymyzdyr. Beýleki nusgawy şahyrlarymyza garanyňda, Mollanepesiň terjimehalyna degişli köp maglumatlar saklanyp galypdyr. Adamlarda gözel duýgulary, ajaýyp arzuwlary oýarýan şygyrlary bolan lirik şahyrymyz Mollanepes 1810-njy ýylda häzirki Sarahs etrabynda dünýä inýär. Onuň kakasyna molla Kadyrberdi diýer ekenler. Kadyrberdiniň dört ogly bolupdyr, oalryň iň kiçisi Nepes bolupdyr. Örän ylymly, sowatly adam bolansoň, onuň adynyň öňüne “molla” sözi soň goşulyp, Mollanepes diýen at ýörgünli bolýar. Umuman öňki zamanlarda şahyrlara Molla Kemine, Molla Zelili ýaly epitet bilen ýüzlenilipdir. Mollanepes ilki oba mekdebinde soňra Maryda Molla Töre ahunyň medresesinde bilim alypdyr. Has soňrak Buhar medresesini tamamlap ahunlyk derejesine ýetipdir. Gündogaryň beýik söz ussatlary Nyzamynyň, Nowaýynyň, Firdewsiniň, Jamynyň Fizuliniň, Magtymgulynyň eserlerini ürç edip okapdyr. Şahyr arap, pars dillerinden gowy baş çykarypdyr. Şonuň üçin ol pars dili şahyrlaryň goşgularyny, poemalaryny asyl nusgasyndan okapdyr. Şeýle hem ol musulmanlaryň, hristianlaryň keramatly kitaplary bolan Gurhany, Injili gowy öwrenipdir. Muny onuň özüniň ölmez-ýitmez “Zöhre-Tahyr” dessanda ulanan Musa pygamber, Isa pygamber bilen baglanyşykly rowaýatlary hem tassyk edýär. Şahyryň:

Mollanepes

Mollanepes
Doglan wagty we ýeriSarahs etraby , Mary
GuburyHoja Abdylla gonamçylygy Gowşut hanyň ýanynda, Mary welaýaty, Türkmenistan
Galam adyYşk mülküniň şasy
Kärişahyr, pelsepeçi
DiliTürkmen
MilletiTürkmen
EtnikasyTürkmen
Gezdim Buhar şährin Samarkant bilen… 

Seýran edip gezdim ýakyny – ýady… –

diýen setirleri onuň köp ýerlere jahankeşdelik edendigini, gözýetiminiň giň bolandygyny görkezýär. Ol öz döwrüniň görnükli şahsyýetleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Şolaryň biri hem nusgawy şahyrymyz Mämmetweli Keminedir. Bu hakynda Mollanepesiň çowlugy Oguljahan eje şeýle gürrüň beripdir: “Babamyň alty aý oglan okadyp, alty aý kitap okamak, goşgy ýazmak bilen wagt geçireni hakda kakam pahyr gürrüň edip bererdi. Olar üç kişi ekenler, biri babam, ikinjisi Aman diýen adam, üçünjisi molla Kemine bolara çemeli. Olar bütin gijäni her hili kitaplar okamak, goşgy düzmek we ýomak atyşmak bilen geçirer ekenler.” Mollanepesiň nesil şejeresi şeýledir. Molla Kadyrberdiniň dört ogly bolupdyr. Olaryň birisine Agajyk bagşy diýer ekenler. Ol bu dünýäden perzentsiz ötüpdir. Beýleki ogly Ördekberdi bolup, onuň ogluna molla Erçi diýer ekenler. Şahyryň ýene bir dogany Hakberdi. Onuň perzentleri Meşret hem Ýemşik. Mollanepes öz obadaşy Bossantäç diýen gyzy söýüp oňa öýlenýär. Mollanepesiň Mämmetreýim hem Resul atly ogullary bolupdyr. Mollanepesiň Mämmetreýimden bolan agtygyna Hojanazar diýipdirler. Il içinde tutulýan ady Hojaş. Hojaşyň iki gyzy bolup, birine enesi Bossantäjiň ady dakylypdyr. Ol köp goşgy ýazar eken. Mollanepes teke türkmenleriniň Sarahsdan Mara süýşmegi netijesinde ömrüni häzirki Wekilbazar etrabynda ýaşap geçipdir. Ol il-ýurduny tüýs ýürekden söýüpdir. Şahyr öz ýurduny diňe bir wasp etmän, eýsem, daşky duşmanlardan goramaga mydam taýýar mert adam bolupdyr. Nasretdin şanyň goşunlary Hemze Mürzäniň ýolbaşçylygynda 1861-nji ýylda Marynyň üstüne ýöriş edýär. Basybaljylara garşy şol gazaply söweşlere eli ýaragly gatnaşan şahyr şol söweşde agyr ýaralanýar. Şahyr şol ýarasyndan aýňalyp bilmän 1862-nji ýylda 52 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Ony Marydaky Hoja Abdylla baba gonamçylygynda Gowşut hanyň ýanynda jaýlaýarlar. Onuň nesilleri häzir Mary, Murgap, Wekilbazar, Sakarçäge etrabynda ýaşaýarlar. 

Mollanepes Ömri we DÖREDIJILIGI.

Mollanepes döredijilik işine ýaşlykdan başlap, halk eserleri, türkmen we gündogar halklarynyň edebi ýadygärlikleri bilen içgin tanşypdyr hem-de şygyr sungatynyň inçe tilsimlerini ele alypdyr. Ol köp sanly goşgulary hem-de halkyň uly söýgüsini gazanan “Zöhre-Tahyr” dessany bilen türkmen halkynyň aňynda ebedilik orun aldy. Şahyryň döredijiliginiň esasy bölegi söýgi-ahlak, öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlardyr. Söýgi-ahlak: Mollanepesiň döredijiliginde yşky-ahlak häsiýetdäki şygyrlar esasy orny eýeleýär. Ol bu meselelere bagyşlap ýazan “Bäri gel”, “Haýrana galar”, “Söwdügim”, “Istäp ki gözel ýary”, “Kakar” ýaly onlarça goşgularynda türkmen gelin-gyzlarynyň ahlak sypatlaryny, görk-görmeklerini, edim-gylymlaryny taryplamak bilen birlikde, ýaşaýşyň gönezligi söýgi diýen pikiri orta atypdyr. Öwüt-nesihat: Mollannepes öwüt-nesihat häsiýetdäki şygyrlarynda adamlara agzybirlikde hem-de özüňe berlen az pursatlyk ömre erk edip ýaşamaklygy ündew edýär. Şahyryň bu ugurdan ýazan goşgularynyň içinde “Ner gezgin” hem-de “Aňsa” goşgulary özüniň ähmiýeti taýdan has-da tapawutlanýar.

“ZÖHRE-TAHYR” DESSANY

Temasy, köp görnüşliligi. Mollanepes sözleriň süýjüsinden saýlap şygyr döretmek bilen birlikde, halk rowaýatlary esasynda “Zöhre-Tahyr” dessanyny-da ýazýar. Mollanepesden öň XVI asyrda ýaşap geçen özbek şahyry Saýýady hem “Tahyr we Zuhra” atly bir poema ýazýar. Ýöne bu poema gysga bolup, wakalar anyk berilmeýär. Edebiýat taryhynda bu sýužeti dessançylyk tärinde işlän ýeke-täk şahyr Mollanepesdir. Şahyr bu sýužeti täzeden işlemek, öz arzuw-hyýallaryny, oý-pikirlerini dessanyň içinde goşgy görnüşinde bermek bilen, ony millilik häsiýeti bilen-de baýlaşdyrypdyr.

Çeşme

Gollanma [[]]

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 12 Iýun, 2025 / 08:07

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Mollanepes hakda maglumat, Mollanepes näme? Mollanepes näme diýmek?

Mollanepes Beyik soz ussady XIX asyrda yasap gecen nusgawy sahyrymyzdyr Beyleki nusgawy sahyrlarymyza garanynda Mollanepesin terjimehalyna degisli kop maglumatlar saklanyp galypdyr Adamlarda gozel duygulary ajayyp arzuwlary oyaryan sygyrlary bolan lirik sahyrymyz Mollanepes 1810 njy yylda hazirki Sarahs etrabynda dunya inyar Onun kakasyna molla Kadyrberdi diyer ekenler Kadyrberdinin dort ogly bolupdyr oalryn in kicisi Nepes bolupdyr Oran ylymly sowatly adam bolanson onun adynyn onune molla sozi son gosulyp Mollanepes diyen at yorgunli bolyar Umuman onki zamanlarda sahyrlara Molla Kemine Molla Zelili yaly epitet bilen yuzlenilipdir Mollanepes ilki oba mekdebinde sonra Maryda Molla Tore ahunyn medresesinde bilim alypdyr Has sonrak Buhar medresesini tamamlap ahunlyk derejesine yetipdir Gundogaryn beyik soz ussatlary Nyzamynyn Nowayynyn Firdewsinin Jamynyn Fizulinin Magtymgulynyn eserlerini urc edip okapdyr Sahyr arap pars dillerinden gowy bas cykarypdyr Sonun ucin ol pars dili sahyrlaryn gosgularyny poemalaryny asyl nusgasyndan okapdyr Seyle hem ol musulmanlaryn hristianlaryn keramatly kitaplary bolan Gurhany Injili gowy owrenipdir Muny onun ozunin olmez yitmez Zohre Tahyr dessanda ulanan Musa pygamber Isa pygamber bilen baglanysykly rowayatlary hem tassyk edyar Sahyryn MollanepesMollanepesDoglan wagty we yeriSarahs etraby MaryGuburyHoja Abdylla gonamcylygy Gowsut hanyn yanynda Mary welayaty TurkmenistanGalam adyYsk mulkunin sasyKarisahyr pelsepeciDiliTurkmenMilletiTurkmenEtnikasyTurkmen Gezdim Buhar sahrin Samarkant bilen Seyran edip gezdim yakyny yady diyen setirleri onun kop yerlere jahankesdelik edendigini gozyetiminin gin bolandygyny gorkezyar Ol oz dowrunin gornukli sahsyyetleri bilen yakyn aragatnasykda bolupdyr Solaryn biri hem nusgawy sahyrymyz Mammetweli Keminedir Bu hakynda Mollanepesin cowlugy Oguljahan eje seyle gurrun beripdir Babamyn alty ay oglan okadyp alty ay kitap okamak gosgy yazmak bilen wagt gecireni hakda kakam pahyr gurrun edip bererdi Olar uc kisi ekenler biri babam ikinjisi Aman diyen adam ucunjisi molla Kemine bolara cemeli Olar butin gijani her hili kitaplar okamak gosgy duzmek we yomak atysmak bilen gecirer ekenler Mollanepesin nesil sejeresi seyledir Molla Kadyrberdinin dort ogly bolupdyr Olaryn birisine Agajyk bagsy diyer ekenler Ol bu dunyaden perzentsiz otupdir Beyleki ogly Ordekberdi bolup onun ogluna molla Erci diyer ekenler Sahyryn yene bir dogany Hakberdi Onun perzentleri Mesret hem Yemsik Mollanepes oz obadasy Bossantac diyen gyzy soyup ona oylenyar Mollanepesin Mammetreyim hem Resul atly ogullary bolupdyr Mollanepesin Mammetreyimden bolan agtygyna Hojanazar diyipdirler Il icinde tutulyan ady Hojas Hojasyn iki gyzy bolup birine enesi Bossantajin ady dakylypdyr Ol kop gosgy yazar eken Mollanepes teke turkmenlerinin Sarahsdan Mara suysmegi netijesinde omruni hazirki Wekilbazar etrabynda yasap gecipdir Ol il yurduny tuys yurekden soyupdir Sahyr oz yurduny dine bir wasp etman eysem dasky dusmanlardan goramaga mydam tayyar mert adam bolupdyr Nasretdin sanyn gosunlary Hemze Murzanin yolbascylygynda 1861 nji yylda Marynyn ustune yoris edyar Basybaljylara garsy sol gazaply soweslere eli yaragly gatnasan sahyr sol sowesde agyr yaralanyar Sahyr sol yarasyndan aynalyp bilman 1862 nji yylda 52 yasynyn icinde aradan cykyar Ony Marydaky Hoja Abdylla baba gonamcylygynda Gowsut hanyn yanynda jaylayarlar Onun nesilleri hazir Mary Murgap Wekilbazar Sakarcage etrabynda yasayarlar Mollanepes Omri we DOREDIJILIGI Mollanepes doredijilik isine yaslykdan baslap halk eserleri turkmen we gundogar halklarynyn edebi yadygarlikleri bilen icgin tansypdyr hem de sygyr sungatynyn ince tilsimlerini ele alypdyr Ol kop sanly gosgulary hem de halkyn uly soygusini gazanan Zohre Tahyr dessany bilen turkmen halkynyn anynda ebedilik orun aldy Sahyryn doredijiliginin esasy bolegi soygi ahlak owut nesihat hasiyetli sygyrlardyr Soygi ahlak Mollanepesin doredijiliginde ysky ahlak hasiyetdaki sygyrlar esasy orny eyeleyar Ol bu meselelere bagyslap yazan Bari gel Hayrana galar Sowdugim Istap ki gozel yary Kakar yaly onlarca gosgularynda turkmen gelin gyzlarynyn ahlak sypatlaryny gork gormeklerini edim gylymlaryny taryplamak bilen birlikde yasaysyn gonezligi soygi diyen pikiri orta atypdyr Owut nesihat Mollannepes owut nesihat hasiyetdaki sygyrlarynda adamlara agzybirlikde hem de ozune berlen az pursatlyk omre erk edip yasamaklygy undew edyar Sahyryn bu ugurdan yazan gosgularynyn icinde Ner gezgin hem de Ansa gosgulary ozunin ahmiyeti taydan has da tapawutlanyar ZOHRE TAHYR DESSANYTemasy kop gornusliligi Mollanepes sozlerin suyjusinden saylap sygyr doretmek bilen birlikde halk rowayatlary esasynda Zohre Tahyr dessanyny da yazyar Mollanepesden on XVI asyrda yasap gecen ozbek sahyry Sayyady hem Tahyr we Zuhra atly bir poema yazyar Yone bu poema gysga bolup wakalar anyk berilmeyar Edebiyat taryhynda bu syuzeti dessancylyk tarinde islan yeke tak sahyr Mollanepesdir Sahyr bu syuzeti tazeden islemek oz arzuw hyyallaryny oy pikirlerini dessanyn icinde gosgy gornusinde bermek bilen ony millilik hasiyeti bilen de baylasdyrypdyr CesmeGollanma

Iň soňky makalalar
  • Iýun 10, 2025

    Bagmal etraby

  • Iýun 15, 2025

    Bagdad

  • Iýun 13, 2025

    Bagdat

  • Iýun 07, 2025

    Babarap obasy

  • Iýun 10, 2025

    Babadaýhan etraby

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary