Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Ylmyň dürli ugurlaryndan şol sanda lukmançylykdan hem giňişleýin bilim alan alym lukman 980 1037 gündogaryň beýik akylda

Lukmançylyk ylmynyň kanunlary

  • Baş sahypa
  • Lukmançylyk ylmynyň kanunlary
Lukmançylyk ylmynyň kanunlary
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Ylmyň dürli ugurlaryndan, şol sanda lukmançylykdan hem giňişleýin bilim alan, alym lukman (980–1037), gündogaryň beýik akyldary Abu Aly Ibn Sina (Awisenna) özüniň «Al–Kanun ttib» (Lukmançylyk ylmynyň kanunlary) atly kitabyny ýazýar. Öz döwrüniň görnükli kitaby bolan «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» alty asyryň dowamynda ähmiýetini ýitirmeýär. Daşary ýurt gündogar lukmanlary häzirki wagta çenli hem hassalary «Kanunlar» boýunça bejerýärler. Ibn Sina beýleki döwürdeş alymlardan tapawutlylykda, görnükli anatom, adam bedeniniň gurluşyny bilýän ökde alym bolupdyr. «Kanunyň» baplarynda diňe maglumatlar toplanman, olar ulgamlar boýunça berlen, üstleri doldurylan we kesgitlenendir. Ony düzýän agzalaryň we dokumalaryň, «peýdalylygyna», bütewiligine bolan garaýşy esasynda adam bedeniniň gurluşy düşündirilýär.

«El bir topar ownuk süňklerden durýar. Eger-de bir süňke zyýan ýetse, beýlekisi sagdyn galýar. Eliň süňkleri iki hatarda ýerleşýärler. Ýokarky hatarynda üç süňk we aşaky hatarynda dört süňk bar. Şol iki hatara girmeýän bir sany artykmaç süňk bolýar. Ol süňküň ýakynynda geçýän nerwleri goramak üçin hyzmat edýär».

«Çigin. Çigin süňküniň iki ähmiýeti bar: birinjiden, şu süňk arkaly el birleşýär we olaryň hereketleri has kämilleşendir. Eger-de el gönümel döş bilen birleşen bolsa, onda onuň käbir hereketleri az möçberde ýerine ýetirilerdi. Ikinjiden, çigin süňki döş kapasasynda ýerleşýän agzalary goraýar. Çigin süňki yzky tarapdan boljak urgulary yzyna gaýtarýar».

«Burnuň uly ähmiýeti bar. Burun deşikleri arkaly geçýän howa ýyladylýar we orta ýylylyga getirilýär, howanyň köp mukdary öýkenlere, az mukdary baş agza-beýnä barýar. Burun howany kabul edip, onuň hilini kesgitleýär. Gepleýiş wagtynda birnäçe sesleri emele getirmäge kömekleşýär. Burun boşlugy arkaly kä- bir hapalar daşary çykarylyp, netijede olaryň gözhanasyna geçmeginiň öňi alynýar we olaryň göze düşmeklerinden goralýar. Burun iki sany üçburç süňklerden durýar, bu süňkler ketirdewüklere birleşýärler. Burnuň ortasynda bir ketirdewük bolýar. Bu ketirdewügiň ýokarky bölegi burny iki bölege bölýär. Burnuň iki kanaly bolup, onuň birisinden sümük çyksa, onda beýlekisi howa geçmek üçin açyk galýar».

Abu Aly Ibn Sina gözüň gurluşyny ýazanda, häzirki wagtda ulanylýan atlary: nem (suwuklyk), göreç, gözüň älemgoşar bardasy, gözüň monjugy (merjenjigi), protein, göz nerwi, çüýşe (aýna) görnüşli beden, torly, gözüň diwarlaryny düzýän üç sany bardasy, göz muskullary, ýag, gözi gorap durýan kirpikler, ketirdewük, iki gatlakdan durýan gabaklar, onuň düzümindäki deri, ýag we muskullary tapawut- landyrylýar. Ol gözhanasy bilen burun boşlugynyň arasynda ýerleşýän gözýaş – burun kanalynyň barlygyny habar berýär. Ol ilkinji gezek göz muskullarynyň anyk ýazgysyny berýär.

Abu Aly Ibn Sina garyn muskullary barada ýazýar. Garyn muskullary içegelere, olardan täret maddalarynyň, peşew haltasyndan peşewiň çykmagyna we çaganyň aňsat dünýä inmegine kömek edýär. Muskullar garyn agzalaryny sowukdan goraýar.

Ol süňkleriň we bogunlaryň doly anatomiýasyny berýär. Skeletiň süňkleriniň we bogunlarynyň anatomiýa adalgalary häzirki wagtdaky adalgalara ýakynlaşýar.

Muskullaryň hereketiniň güýjüni häsiýetlendirende Abu Aly Ibn Sina şeýle ýazýar: «Muskuly herekete getirýän güýç nerwleriň üstünden geçýär. Hereket güýji bir, ýöne her bir aýratyn muskullaryň häsiýetine görä, hereketler dürli bolýar». Şu garaýyşlar we häzirkizaman garaýyşlaryň arasyndaky baglanyşyk örän ýakyndyr. Manysy boýunça aýdylanda, ol häzirki morfologiýanyň we fiziologiýanyň ýagdaýlaryny yzarlaýar, agzalaryň gurluşy bilen we olaryň işleriniň özara baglanyşygynyň barlygyny kesgitleýär. Bu barlaglardan başga Ibn Sina dişleriň 32 sanydygyny, olaryň görnüşlerini, işlerini öwrenipdir. Alymlaryň pikirleri boýunça «arteriýa» diýlen termin ilkinji gezek Ibn Sinada duş gelýär. «Arteriýa» – howa saklaýan damar diýip düşündirýär. Arteriýa ýüregiň çep boşlugyndan başlanýar, sag boşlugy bolsa bagra ýakyn ýerleşýär. Ähli wenalar bagyrdan ösüp başlaýar. Ilkinji bolup bagyrdan iki damar ösüp, olaryň biri bagryň egrelen tarapyndan ösüp başlaýar. Ol bagra iýmit maddalaryny getirýär we derweze wenasy diýlip atlandyrylýar. Ikinji damar bagryň güberçek tarapyndan ösüp başlaýar, ol bagyrdan agzalara iýmit maddalaryny daşaýar. Abu Aly Ibn Sinanyň göreldeli we döredijilikli ömri, halka eden hyzmatlary lukmanlar üçin nusga alarlykdyr.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 25 Iýul, 2025 / 20:09

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Lukmançylyk ylmynyň kanunlary hakda maglumat, Lukmançylyk ylmynyň kanunlary näme? Lukmançylyk ylmynyň kanunlary näme diýmek?

Ylmyn durli ugurlaryndan sol sanda lukmancylykdan hem ginisleyin bilim alan alym lukman 980 1037 gundogaryn beyik akyldary Abu Aly Ibn Sina Awisenna ozunin Al Kanun ttib Lukmancylyk ylmynyn kanunlary atly kitabyny yazyar Oz dowrunin gornukli kitaby bolan Lukmancylyk ylmynyn kanunlary alty asyryn dowamynda ahmiyetini yitirmeyar Dasary yurt gundogar lukmanlary hazirki wagta cenli hem hassalary Kanunlar boyunca bejeryarler Ibn Sina beyleki dowurdes alymlardan tapawutlylykda gornukli anatom adam bedeninin gurlusyny bilyan okde alym bolupdyr Kanunyn baplarynda dine maglumatlar toplanman olar ulgamlar boyunca berlen ustleri doldurylan we kesgitlenendir Ony duzyan agzalaryn we dokumalaryn peydalylygyna butewiligine bolan garaysy esasynda adam bedeninin gurlusy dusundirilyar El bir topar ownuk sunklerden duryar Eger de bir sunke zyyan yetse beylekisi sagdyn galyar Elin sunkleri iki hatarda yerlesyarler Yokarky hatarynda uc sunk we asaky hatarynda dort sunk bar Sol iki hatara girmeyan bir sany artykmac sunk bolyar Ol sunkun yakynynda gecyan nerwleri goramak ucin hyzmat edyar Cigin Cigin sunkunin iki ahmiyeti bar birinjiden su sunk arkaly el birlesyar we olaryn hereketleri has kamillesendir Eger de el gonumel dos bilen birlesen bolsa onda onun kabir hereketleri az mocberde yerine yetirilerdi Ikinjiden cigin sunki dos kapasasynda yerlesyan agzalary gorayar Cigin sunki yzky tarapdan boljak urgulary yzyna gaytaryar Burnun uly ahmiyeti bar Burun desikleri arkaly gecyan howa yyladylyar we orta yylylyga getirilyar howanyn kop mukdary oykenlere az mukdary bas agza beyna baryar Burun howany kabul edip onun hilini kesgitleyar Gepleyis wagtynda birnace sesleri emele getirmage komeklesyar Burun boslugy arkaly ka bir hapalar dasary cykarylyp netijede olaryn gozhanasyna gecmeginin oni alynyar we olaryn goze dusmeklerinden goralyar Burun iki sany ucburc sunklerden duryar bu sunkler ketirdewuklere birlesyarler Burnun ortasynda bir ketirdewuk bolyar Bu ketirdewugin yokarky bolegi burny iki bolege bolyar Burnun iki kanaly bolup onun birisinden sumuk cyksa onda beylekisi howa gecmek ucin acyk galyar Abu Aly Ibn Sina gozun gurlusyny yazanda hazirki wagtda ulanylyan atlary nem suwuklyk gorec gozun alemgosar bardasy gozun monjugy merjenjigi protein goz nerwi cuyse ayna gornusli beden torly gozun diwarlaryny duzyan uc sany bardasy goz muskullary yag gozi gorap duryan kirpikler ketirdewuk iki gatlakdan duryan gabaklar onun duzumindaki deri yag we muskullary tapawut landyrylyar Ol gozhanasy bilen burun boslugynyn arasynda yerlesyan gozyas burun kanalynyn barlygyny habar beryar Ol ilkinji gezek goz muskullarynyn anyk yazgysyny beryar Abu Aly Ibn Sina garyn muskullary barada yazyar Garyn muskullary icegelere olardan taret maddalarynyn pesew haltasyndan pesewin cykmagyna we caganyn ansat dunya inmegine komek edyar Muskullar garyn agzalaryny sowukdan gorayar Ol sunklerin we bogunlaryn doly anatomiyasyny beryar Skeletin sunklerinin we bogunlarynyn anatomiya adalgalary hazirki wagtdaky adalgalara yakynlasyar Muskullaryn hereketinin guyjuni hasiyetlendirende Abu Aly Ibn Sina seyle yazyar Muskuly herekete getiryan guyc nerwlerin ustunden gecyar Hereket guyji bir yone her bir ayratyn muskullaryn hasiyetine gora hereketler durli bolyar Su garayyslar we hazirkizaman garayyslaryn arasyndaky baglanysyk oran yakyndyr Manysy boyunca aydylanda ol hazirki morfologiyanyn we fiziologiyanyn yagdaylaryny yzarlayar agzalaryn gurlusy bilen we olaryn islerinin ozara baglanysygynyn barlygyny kesgitleyar Bu barlaglardan basga Ibn Sina dislerin 32 sanydygyny olaryn gornuslerini islerini owrenipdir Alymlaryn pikirleri boyunca arteriya diylen termin ilkinji gezek Ibn Sinada dus gelyar Arteriya howa saklayan damar diyip dusundiryar Arteriya yuregin cep boslugyndan baslanyar sag boslugy bolsa bagra yakyn yerlesyar Ahli wenalar bagyrdan osup baslayar Ilkinji bolup bagyrdan iki damar osup olaryn biri bagryn egrelen tarapyndan osup baslayar Ol bagra iymit maddalaryny getiryar we derweze wenasy diylip atlandyrylyar Ikinji damar bagryn gubercek tarapyndan osup baslayar ol bagyrdan agzalara iymit maddalaryny dasayar Abu Aly Ibn Sinanyn goreldeli we doredijilikli omri halka eden hyzmatlary lukmanlar ucin nusga alarlykdyr

Iň soňky makalalar
  • Iýul 20, 2025

    Futbol boýunça dünýä çempionaty-1930

  • Iýul 25, 2025

    Fizika inženerligi

  • Iýul 24, 2025

    Ebu Reýhan Biruny

  • Iýul 26, 2025

    Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

  • Iýul 22, 2025

    Dido

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary