Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Bu makalada hiç bir maglumat hakynda ýok Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir Bu maglu

Atajan Tagan

  • Baş sahypa
  • Atajan Tagan
Atajan Tagan
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda ýok. Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir. Bu maglumatlaryň ygtybarlylygy belli däl. Bu mowzuga degişli ygtybarly çeşme bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly salgylanma üpjün etmek bilen okyjylara ýardam berip bilersiňiz. Degişli ýörgünli salgylanmalar görkezilenden soňra bu duýduryşy öçürmegi unutmaň.

Atajan Tagan, Türkmenistanly ýazyjy.

Atajan Tagan

Atajan Tagan
Doglan wagty we ýeriMaý 15, 1940(1940-05-15)
Murgap etraby, Mary welaýaty, Türkmenistan
Käriýazyjy
Dilitürkmençe
Milleti
Žanrlary, ,
Edebi hereket
Esasy eserleri

Gowşut Han

Ömri we döredijiligi

Ussat ýazyjy Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda, Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Murgap etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. Kakasy Tagan Öwez 1943-nji ýylda Beýik Watançylyk urşynda Orýol şäherinde wepat boldy. Geljekki ýazyjy Mary şäherindäki 10-njy orta mekdebi tamamlady. Okuwynyň arasynda iki ýyl Sowet goşunynyň hatarynda gulluk etmek bilen 1967-nji ýylda Moskwanyň Edebiýat institutyny tamamlady. Şol ýyl hem Türkmenistan Ýazyjylar guramasy ony SSSR Ýazyjylar birleşigine türkmen edebiýaty boýunça geňeşçi wezipesine Moskwa şäherine işe ýollady we şol ýerde ol 1993-nji ýyla çenli, Türkmenistana gaýdyp gelýänçä işleýär.

Atajan Tagan türkmen, rus, bolgar, täjik, gyrgyz dillerinde jemi 620.000 ekz. tiraž bilen çap bolan 15-den gowrak kitabyň awtory. Onuň iň gowy powestleri we hekaýalary “Družba narodow”, ”Ogonýok”, “Znamýa”, ”Oktýabr” ýaly meşhur jurnallarda çap edildi, hekaýalarynyň birnäçesi ( esasanam “Uruş haçan gutarýar” hekaýasy) dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edildi. Hekaýa janrynyň ussady hökmünde A.Taganyň Berlinde, Budapeştde ýörite “Hekaýa agşamy” geçirildi.

A.Taganyň eserleriniň esasynda “Babagambaryň gaýdyp gelmegi”, “Takdyr”,”Tentek”,“Ogul”(“Ak maýanyň ýoly”) çeper filmleri surata düşürildi, ”Söýgüniň haky üçin” (“Uruşdan soňky söweş”), “Padymanyň tallary”, “Gaýnene“ (“Gaýnene” Gyrgyzystanda hem oýnaldy), “Iň owadan gyz” spektakllary teatrlaryň sahnasynda goýuldy. Onuň “Keseki” (“Pereňli ýesiriň ýatlamasy”) taryhy romany esasynda döredilen spektakl köp ýyllar bäri Aşgabadyň A.S. Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynda sahnadan düşmän gelýär.

Atajan Tagan Jek Londonyň, E. Hemingueýiň, Ç. Aýtmatowyň, W.Rasputiniň, I.Turgenewiň, M. Lukoniniň, W. Şukşiniň hem başga-da birnäçe rus ýazyjylarynyň eserleri bilen türkmen okyjylaryny tanyşdyrdy.

A.Tagan Halkara ýazyjylar birleşiginiň agzasy. Ol türkmen-rus medeni gatnaşygynyň ösmegine goşan goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň permany bilen “Russiýa Federasiýasynyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen hormatly at berilen ilkinji türkmenistanlydyr. Kino hem teatr suhgaty ugrunda bitiren işleri üçin Tükmenistanyň Prezidentiiň permany bilen A.Tagana “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly at berildi. Häzirki wagtda ýazyjy "Dünýä edebiýaty" žurnalynda işleýär. Bu ýerde häli-şindi onuň dünýä edebiýatynyň dürdäne eserlerinden eden terjimeleri çap edilýär. Ýakyn wagtda ýazyjy Özbegistanyň "Johon edebiýoty" žurnalynda özüniň "Keseki" atly täze döreden taryhy-dokumental eserini çap etdirdi. Bahym bu eser kitap bolup, türkmen okyjylaryna-da ýetiriljekdigi şübhesiz. Ondan daşary hem Garagum žurnalynda ýazyjynyň "40 ýylda ýazylan kitap" atly gündelik-essesinden parçalar çap edilýär.

Eserleri

  1. Sallançak mukamy, powest
  2. Lal perişde, powest
  3. Aglasy gelýäň ak bulut, powest
  4. Aýylganç baharyň jybarly güni, powest
  5. Serwi gelin ( “Uruşdan soňky söweşiň” täzeden ýazylan nusgasy) powest
  6. Ýalňyzlyk, powest
  7. Jennet derwezesiniň açary, powest
  8. Ogul, (Gyzdurdy enäniň ogly) powest
  9. Hasaplaşyk pursaty, powest
  10. Mähnet dünýädäki kiçijik jaý, powest
  11. Keseki (Pereňli ýesir), roman
  12. Gowşut han ( “Saragt galasynyň” täzeden işlenen nusgasy)
  13. 40 ýylda ýazylan kitap, ýatlama—esse

Hekaýalar:

  1. Uruş haçan gutarýar
  2. Ýekşenbe güni öýleden soň
  3. Sazyň piri nirede
  4. Ýedi derýanyň aňyrsynda
  5. Kim günäkär?
  6. Goňşy gelin
  7. Hojaýyn
  8. Şol agşam ýagyş ýagypdy
  9. Awda
  10. Goja, çoluk, Garagöz
  11. Wekil ýegen ogul öýerýär
  12. Gara garganyň gözlegi
  13. Possun
  14. Nowruzda satylan gyzyl alma
  15. Çekir Goşanyň aladay
  16. Leksiýa
  17. Sergin şemal
  18. Gara pagta
  19. Ülker bireýýäm ýaşypdy
  20. Gara seçekli arzan ýaglyk
  21. Hajy aga
  22. Ak çeşmäniň aýdymy
  23. Annagül
  24. Gara dogan
  25. Ýazylmadyk hat
  26. Bossan ene
  27. Üç aýlyk bagt
  28. Ykbal köçesi
  29. Galada
  30. Köne goňşy
  31. Ýekegöz
  32. Halanmaýan adam
  33. Ajal bilen duşuşyk
  34. Gijeki waka
  35. Hassalyk
  36. Süýji kekre
  37. Iň soňky kempir
  38. Gök derwezä barýan köçe
  39. Toýçy
  40. Otly geçip barýar
  41. Ägä
  42. Tersmaňlaý
  43. Bugdaýreňk gyz
  44. Ahyrzaman
  45. Sähra balasy
  46. ”Tamdyr”
  47. ”Kleptomaniýa”

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 18 Iýul, 2025 / 06:23

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Atajan Tagan hakda maglumat, Atajan Tagan näme? Atajan Tagan näme diýmek?

Bu makalada hic bir maglumat hakynda yok Bu makalada upjun edilen maglumatlar hakynda salgylanma gorkezilmandir Bu maglumatlaryn ygtybarlylygy belli dal Bu mowzuga degisli ygtybarly cesme bilyan bolsanyz makalany uytgetmek hem de osdurmek arkaly salgylanma upjun etmek bilen okyjylara yardam berip bilersiniz Degisli yorgunli salgylanmalar gorkezilenden sonra bu duydurysy ocurmegi unutman Atajan Tagan Turkmenistanly yazyjy Atajan TaganAtajan TaganDoglan wagty we yeriMay 15 1940 1940 05 15 Murgap etraby Mary welayaty TurkmenistanKariyazyjyDiliturkmenceMilletiZanrlary Edebi hereketEsasy eserleriGowsut HanOmri we doredijiligiUssat yazyjy Atajan Tagan 1940 njy yylyn 15 nji mayynda Turkmenistanyn Mary welayatynyn Murgap etrabynda dayhan masgalasynda dunya indi Kakasy Tagan Owez 1943 nji yylda Beyik Watancylyk ursynda Oryol saherinde wepat boldy Geljekki yazyjy Mary saherindaki 10 njy orta mekdebi tamamlady Okuwynyn arasynda iki yyl Sowet gosunynyn hatarynda gulluk etmek bilen 1967 nji yylda Moskwanyn Edebiyat institutyny tamamlady Sol yyl hem Turkmenistan Yazyjylar guramasy ony SSSR Yazyjylar birlesigine turkmen edebiyaty boyunca genesci wezipesine Moskwa saherine ise yollady we sol yerde ol 1993 nji yyla cenli Turkmenistana gaydyp gelyanca isleyar Atajan Tagan turkmen rus bolgar tajik gyrgyz dillerinde jemi 620 000 ekz tiraz bilen cap bolan 15 den gowrak kitabyn awtory Onun in gowy powestleri we hekayalary Druzba narodow Ogonyok Znamya Oktyabr yaly meshur jurnallarda cap edildi hekayalarynyn birnacesi esasanam Urus hacan gutaryar hekayasy dunya dillerinin onlarcasyna terjime edildi Hekaya janrynyn ussady hokmunde A Taganyn Berlinde Budapestde yorite Hekaya agsamy gecirildi A Taganyn eserlerinin esasynda Babagambaryn gaydyp gelmegi Takdyr Tentek Ogul Ak mayanyn yoly ceper filmleri surata dusurildi Soygunin haky ucin Urusdan sonky sowes Padymanyn tallary Gaynene Gaynene Gyrgyzystanda hem oynaldy In owadan gyz spektakllary teatrlaryn sahnasynda goyuldy Onun Keseki Perenli yesirin yatlamasy taryhy romany esasynda doredilen spektakl kop yyllar bari Asgabadyn A S Puskin adyndaky rus dowlet drama teatrynda sahnadan dusman gelyar Atajan Tagan Jek Londonyn E Hemingueyin C Aytmatowyn W Rasputinin I Turgenewin M Lukoninin W Suksinin hem basga da birnace rus yazyjylarynyn eserleri bilen turkmen okyjylaryny tanysdyrdy A Tagan Halkara yazyjylar birlesiginin agzasy Ol turkmen rus medeni gatnasygynyn osmegine gosan gosandy ucin Russiya Federasiyasynyn Prezidentinin permany bilen Russiya Federasiyasynyn at gazanan medeniyet isgari diyen hormatly at berilen ilkinji turkmenistanlydyr Kino hem teatr suhgaty ugrunda bitiren isleri ucin Tukmenistanyn Prezidentiin permany bilen A Tagana Turkmenistanyn sungatda at gazanan isgari diyen hormatly at berildi Hazirki wagtda yazyjy Dunya edebiyaty zurnalynda isleyar Bu yerde hali sindi onun dunya edebiyatynyn durdane eserlerinden eden terjimeleri cap edilyar Yakyn wagtda yazyjy Ozbegistanyn Johon edebiyoty zurnalynda ozunin Keseki atly taze doreden taryhy dokumental eserini cap etdirdi Bahym bu eser kitap bolup turkmen okyjylaryna da yetiriljekdigi subhesiz Ondan dasary hem Garagum zurnalynda yazyjynyn 40 yylda yazylan kitap atly gundelik essesinden parcalar cap edilyar EserleriSallancak mukamy powest Lal perisde powest Aglasy gelyan ak bulut powest Ayylganc baharyn jybarly guni powest Serwi gelin Urusdan sonky sowesin tazeden yazylan nusgasy powest Yalnyzlyk powest Jennet derwezesinin acary powest Ogul Gyzdurdy enanin ogly powest Hasaplasyk pursaty powest Mahnet dunyadaki kicijik jay powest Keseki Perenli yesir roman Gowsut han Saragt galasynyn tazeden islenen nusgasy 40 yylda yazylan kitap yatlama esse Hekayalar Urus hacan gutaryar Yeksenbe guni oyleden son Sazyn piri nirede Yedi deryanyn anyrsynda Kim gunakar Gonsy gelin Hojayyn Sol agsam yagys yagypdy Awda Goja coluk Garagoz Wekil yegen ogul oyeryar Gara garganyn gozlegi Possun Nowruzda satylan gyzyl alma Cekir Gosanyn aladay Leksiya Sergin semal Gara pagta Ulker bireyyam yasypdy Gara secekli arzan yaglyk Hajy aga Ak cesmanin aydymy Annagul Gara dogan Yazylmadyk hat Bossan ene Uc aylyk bagt Ykbal kocesi Galada Kone gonsy Yekegoz Halanmayan adam Ajal bilen dususyk Gijeki waka Hassalyk Suyji kekre In sonky kempir Gok derweza baryan koce Toycy Otly gecip baryar Aga Tersmanlay Bugdayrenk gyz Ahyrzaman Sahra balasy Tamdyr Kleptomaniya

Iň soňky makalalar
  • Iýul 07, 2025

    Abhazlar

  • Iýul 06, 2025

    Abhaziýa

  • Iýun 17, 2025

    Abhaz dili

  • Iýun 12, 2025

    Abe Lenstra

  • Iýul 01, 2025

    Abdysetdar Kazy

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary