Azərbaycan  AzərbaycanMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  Türkiyə
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Murgap derýasy ululygy we ykdysady taýdan ähmiýeti boýunça Türkmenistanda ikinji orunda durýar Bu derýa gadym döwürde kö

Murgap derýasy

  • Baş sahypa
  • Murgap derýasy
Murgap derýasy
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az

Murgap derýasy ululygy we ykdysady taýdan ähmiýeti boýunça Türkmenistanda ikinji orunda durýar. Bu derýa gadym döwürde köp hili atlandyrylypdyr. Onuň ekerançylyk üçin giňden peýdalanylandygyna derýanyň Merwab («Merw derýasy») diýen ady hem şaýatlyk edýär. Onuň beýleki ady – Margab («Marg suwy», «Marg derýasy») ösümlige baý ýerden akandygyna we ozal suwunyň köp bolandygyna güwä geçýär. Sebäbi, «Marg» sözi «çyrmaşyk» diýmegi aňladýar. Murgap derýasy özüniň gözbaşyny Owganystanda okean derejesinden 2600 m belentlikde ýerleşen Sefid-Kuh daglaryndan alýar. Derýanyň umumy uzynlygy 978 kilometr bolup, onuň 350 kilometri Türkmenistanyň çäginde ýerleşýär. Onuň ähli suwy diýen ýaly suwaryş işleri üçin peýdalanylýar. Derýanyň suw toplaýan meýdany 60 müň km2-dir. Murgap az suwly derýadyr. Tagtabazaryň golaýynda derýa sekuntda 50 m3 suw getirýär.

Türkmenistanyň çäklerinde Murgabyň iki goşandy – we bar. Murgabyň iki goşandynyň gündogardakysy has aýlawly bolany üçin, ýerli gepleşikde oňa Gaş ýa-da Gaşyň jary diýýärler. Bu goşandyň «Kaşan» ady hem şondan gelip çykandyr. Ol derýa ululygy boýunça soň 2-nji orunda durýar. Kaşanyň umumy uzynlygy 250 km. Türkmenistanyň çäklerinde bolsa 100 kilometre barabar. Onuň suw ýygnaýan meýdany (7000 km2), esasan, Owganystanda, diňe 19 göterimi biziň ýurdumyzda ýerleşýär. Derýanyň jülgesiniň giňligi Türkmenistanda 1 km töweregi bolup, käbir ýerde iki esse daralýar. Jülgesiniň çuňlugy günortada 100–150 metr bolup, Murgaba birigýän ýerinde 30 m-e çenli peselýär.

Murgabyň günbatardaky Guşgy goşandynyň ady pars-owgan dillerindäki Kuşk («Köşk») sözünden hasap edilýär we ol at gadymy döwürde derýanyň golaýynda galanyň bolandygyny aňladýar. Ýerli ýaşaýjylar «Moruň suwy» diýip atlandyrýarlar, sebäbi onuň golaýynda Morgala (türkm. ) atly gala ýerleşýär. Bu goşandyň umumy uzynlygy 277 kilometr, Türkmenistanyň çägindäki uzynlygy 140 kilometr. Suw ýygnaýan meýdany 10700 km2. Jülgesiniň çuňlugy ýanynda 80–100 m, Murgaba goşulýan ýerinde 10 metre çenli peselýär.

Derýanyň suwunyň azlygy ekerançylyk üçin ýaramly ýerleriň ählisini peýdalanmaga doly mümkinçilik bermeýär. Şu sebäpli Murgap oazisinde ekerançylyk üçin Garagum derýasynyň suwy giň möçberde peýdalanylýar.Onuň gözbaşyny nirden alyp gaýdýanyny bilemzok kartadan yzarlap tapyp bilmedik.

Ýolöten şäherine çenli derýanyň kenarlary belentdir. Şoňa görä-de bu ýerde diňe darajyk zolak suwarylýar. Ýolötenden aşakda derýa düzlükden akýar we gollara bölünip başlaýar. Bu ýerde derýa giň meýdanlary suwarýar.

Murgap derýasy hem gardan, hem ýagyşdan suwlulanýar. Şonuň üçin-de ol ýylda bir sapar – ýazyna joşýar. Tomus ekin meýdanlaryny suwarmak üçin köp mukdarda suw gerek bolan mahaly, derýada suw az bolýar. Tomusky suwaryş işleri üçin ýaz suwuny peýdalanmakdan ötri, Murgapda birnäçe suw howdanlary guruldy. Şol suw howdanlarynyň kömegi bilen derýanyň suwy doly peýdalanylýar. Derýada gurlan ozalky köne suw howdanlary – , , suw howdanlary, soňrak gurlan (1939-njy ýyl), (1957-nji ýyl) suw howdanlary täzeden dikeldildi. Şol suw howdanlary arkaly Murgap derýasynyň suwy rejeli peýdalanylýar. Onuň çägindäki suwaryş kanallarynyň, uly ýaplaryň umumy uzynlygy 10000 kilometre golaýdyr. Murgap jülgesi we onuň aşak akymy Diýarymyzyň gülläp ösýän pagtaçylyk oazisine öwrüldi. Garagum derýasynyň Murgap bilen birikdirilmegi Amyderýanyň suwuny Murgap oazisine bolelin akdyrmaga mümkinçilik berdi. Garagum derýasynyň suwy gysga möhletlerde gurlan suw sorujy desgalaryň kömegi bilen 25 metr ýokary galdyrylyp, Murgaba akdyryldy. Ekin meýdanlaryna sekuntda 15 kubmetr suw berildi. Bu bolsa suwuň az bolan ýyly pagtadan we beýleki ekinlerden ýokary hasylyň alynmagyna ýardam etdi.

Salgylanmalar

  1. Orta mekdepleriň VII synpy üçin Türkmenistanyň fiziki geografiýasy synag okuw kitaby, 104-nji sahypa

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 09 Iýun, 2025 / 00:42

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Murgap derýasy hakda maglumat, Murgap derýasy näme? Murgap derýasy näme diýmek?

Murgap deryasy ululygy we ykdysady taydan ahmiyeti boyunca Turkmenistanda ikinji orunda duryar Bu derya gadym dowurde kop hili atlandyrylypdyr Onun ekerancylyk ucin ginden peydalanylandygyna deryanyn Merwab Merw deryasy diyen ady hem sayatlyk edyar Onun beyleki ady Margab Marg suwy Marg deryasy osumlige bay yerden akandygyna we ozal suwunyn kop bolandygyna guwa gecyar Sebabi Marg sozi cyrmasyk diymegi anladyar Murgap deryasy ozunin gozbasyny Owganystanda okean derejesinden 2600 m belentlikde yerlesen Sefid Kuh daglaryndan alyar Deryanyn umumy uzynlygy 978 kilometr bolup onun 350 kilometri Turkmenistanyn caginde yerlesyar Onun ahli suwy diyen yaly suwarys isleri ucin peydalanylyar Deryanyn suw toplayan meydany 60 mun km2 dir Murgap az suwly deryadyr Tagtabazaryn golayynda derya sekuntda 50 m3 suw getiryar Turkmenistanyn caklerinde Murgabyn iki gosandy we bar Murgabyn iki gosandynyn gundogardakysy has aylawly bolany ucin yerli geplesikde ona Gas ya da Gasyn jary diyyarler Bu gosandyn Kasan ady hem sondan gelip cykandyr Ol derya ululygy boyunca son 2 nji orunda duryar Kasanyn umumy uzynlygy 250 km Turkmenistanyn caklerinde bolsa 100 kilometre barabar Onun suw yygnayan meydany 7000 km2 esasan Owganystanda dine 19 goterimi bizin yurdumyzda yerlesyar Deryanyn julgesinin ginligi Turkmenistanda 1 km toweregi bolup kabir yerde iki esse daralyar Julgesinin cunlugy gunortada 100 150 metr bolup Murgaba birigyan yerinde 30 m e cenli peselyar Murgabyn gunbatardaky Gusgy gosandynyn ady pars owgan dillerindaki Kusk Kosk sozunden hasap edilyar we ol at gadymy dowurde deryanyn golayynda galanyn bolandygyny anladyar Yerli yasayjylar Morun suwy diyip atlandyryarlar sebabi onun golayynda Morgala turkm atly gala yerlesyar Bu gosandyn umumy uzynlygy 277 kilometr Turkmenistanyn cagindaki uzynlygy 140 kilometr Suw yygnayan meydany 10700 km2 Julgesinin cunlugy yanynda 80 100 m Murgaba gosulyan yerinde 10 metre cenli peselyar Deryanyn suwunyn azlygy ekerancylyk ucin yaramly yerlerin ahlisini peydalanmaga doly mumkincilik bermeyar Su sebapli Murgap oazisinde ekerancylyk ucin Garagum deryasynyn suwy gin mocberde peydalanylyar Onun gozbasyny nirden alyp gaydyanyny bilemzok kartadan yzarlap tapyp bilmedik Yoloten saherine cenli deryanyn kenarlary belentdir Sona gora de bu yerde dine darajyk zolak suwarylyar Yolotenden asakda derya duzlukden akyar we gollara bolunip baslayar Bu yerde derya gin meydanlary suwaryar Murgap deryasy hem gardan hem yagysdan suwlulanyar Sonun ucin de ol yylda bir sapar yazyna josyar Tomus ekin meydanlaryny suwarmak ucin kop mukdarda suw gerek bolan mahaly deryada suw az bolyar Tomusky suwarys isleri ucin yaz suwuny peydalanmakdan otri Murgapda birnace suw howdanlary guruldy Sol suw howdanlarynyn komegi bilen deryanyn suwy doly peydalanylyar Deryada gurlan ozalky kone suw howdanlary suw howdanlary sonrak gurlan 1939 njy yyl 1957 nji yyl suw howdanlary tazeden dikeldildi Sol suw howdanlary arkaly Murgap deryasynyn suwy rejeli peydalanylyar Onun cagindaki suwarys kanallarynyn uly yaplaryn umumy uzynlygy 10000 kilometre golaydyr Murgap julgesi we onun asak akymy Diyarymyzyn gullap osyan pagtacylyk oazisine owruldi Garagum deryasynyn Murgap bilen birikdirilmegi Amyderyanyn suwuny Murgap oazisine bolelin akdyrmaga mumkincilik berdi Garagum deryasynyn suwy gysga mohletlerde gurlan suw sorujy desgalaryn komegi bilen 25 metr yokary galdyrylyp Murgaba akdyryldy Ekin meydanlaryna sekuntda 15 kubmetr suw berildi Bu bolsa suwun az bolan yyly pagtadan we beyleki ekinlerden yokary hasylyn alynmagyna yardam etdi SalgylanmalarOrta mekdeplerin VII synpy ucin Turkmenistanyn fiziki geografiyasy synag okuw kitaby 104 nji sahypa

Iň soňky makalalar
  • Iýun 08, 2025

    Wizantiýa imperiýasy

  • Iýun 07, 2025

    Waşington (Kolumbiýa okrugy)

  • Iýun 08, 2025

    Wagzy-azat

  • Iýun 06, 2025

    Wayback Machine

  • Iýun 09, 2025

    S.A.Nyýazow adyndaky etrap

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary