Tejen Gerirud derýasy ululygy we ähmiýeti boýunça Türkmenistanda üçünji orunda durýar Ol Murgapdan uzyndyr 1124 km Onuň
Tejen derýasy

Tejen (Gerirud) derýasy ululygy we ähmiýeti boýunça Türkmenistanda üçünji orunda durýar. Ol Murgapdan uzyndyr (1124 km). Onuň 800 kilometre golaýy Owganystanyň we Eýranyň çäklerinden akýar. Bu derýa özüniň gözbaşyny Owganystanyň okean derejesinden 3000 metr belentlikde ýerleşýän daglaryndan alýar. Ol ýerde oňa Saryjeňňel diýlip at berilýär. Derýa orta akymynda Gerirud, Türkmenistanyň çäklerinde bolsa Tejen diýlip atlandyrylýar. Derýanyň suw ýygnanýan meýdany 70 müň km2 bolsa-da, alyp gelýän suwy azdyr (30 m3/s), sebäbi onuň suwunyň esasy bölegini Owganystanyň Hyrat (Gerat) oazisini suwarmak üçin sowup alýarlar. Tejen derýasy hem Murgap derýasy ýaly öz suwuny gardan we ýagyşdan alýar. Şoňa görä-de joşgunlar diňe ýazyna bolýar. Diňe şu wagtda (iki aýda) suw sekuntda 500 m3 we ondan hem köpräk harçlanýar. Emma joşgunlar tiz ýatyşýar, şoňa görä-de derýa tomsuna aşak tarapynda guraýar. Derýa suwunyň 80 göterimi ýaz aýlarynda akýar. Ozallar suw howdanlary we ullakan bentler ýokka, Tejen derýasy joşýardy we oazisiň halk hojalygyna ägirt köp zyýan ýetirýärdi. Häzirki wagtda Tejen derýasynyň suwunyň akyşy doly kadalaşdyryldy. 1950-nji ýylda Ilkinji Tejen suw howdany guruldy we ulanmaga berildi, häzir bolsa Ikinji Tejen we suw howdanlary işleýär. Tejendäki suw howdanlary derýanyň ýazyna joşmagynyň zyýanly netijeleriniň soňuna çykmaga we onuň suwlaryny suwaryş üçin islege laýyk peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Emma derýanyň az suwlulygy oazisiň suwarylýan meýdanlarynyň giňeldilmegini juda çäklendirýär. Derýanyň deltasynda we orta akymynda suwaryş üçin ýaramly 600 müň gektardan köpräk ýer bar bolsa-da, şol ýerleriň diňe az bölegi peýdalanylýar. Garagum derýasynyň Tejen derýasy bilen birikdirilmegi, Tejen suw howdanlaryndaky saklanýan suwaryş suwuny kadalaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Salgylanmalar
- Orta mekdepleriň VII synpy üçin Türkmenistanyň fiziki geografiýasy synag okuw kitaby
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Tejen derýasy hakda maglumat, Tejen derýasy näme? Tejen derýasy näme diýmek?
Tejen Gerirud deryasy ululygy we ahmiyeti boyunca Turkmenistanda ucunji orunda duryar Ol Murgapdan uzyndyr 1124 km Onun 800 kilometre golayy Owganystanyn we Eyranyn caklerinden akyar Bu derya ozunin gozbasyny Owganystanyn okean derejesinden 3000 metr belentlikde yerlesyan daglaryndan alyar Ol yerde ona Saryjennel diylip at berilyar Derya orta akymynda Gerirud Turkmenistanyn caklerinde bolsa Tejen diylip atlandyrylyar Deryanyn suw yygnanyan meydany 70 mun km2 bolsa da alyp gelyan suwy azdyr 30 m3 s sebabi onun suwunyn esasy bolegini Owganystanyn Hyrat Gerat oazisini suwarmak ucin sowup alyarlar Tejen deryasy hem Murgap deryasy yaly oz suwuny gardan we yagysdan alyar Sona gora de josgunlar dine yazyna bolyar Dine su wagtda iki ayda suw sekuntda 500 m3 we ondan hem koprak harclanyar Emma josgunlar tiz yatysyar sona gora de derya tomsuna asak tarapynda gurayar Derya suwunyn 80 goterimi yaz aylarynda akyar Ozallar suw howdanlary we ullakan bentler yokka Tejen deryasy josyardy we oazisin halk hojalygyna agirt kop zyyan yetiryardi Hazirki wagtda Tejen deryasynyn suwunyn akysy doly kadalasdyryldy 1950 nji yylda Ilkinji Tejen suw howdany guruldy we ulanmaga berildi hazir bolsa Ikinji Tejen we suw howdanlary isleyar Tejendaki suw howdanlary deryanyn yazyna josmagynyn zyyanly netijelerinin sonuna cykmaga we onun suwlaryny suwarys ucin islege layyk peydalanmaga mumkincilik beryar Emma deryanyn az suwlulygy oazisin suwarylyan meydanlarynyn gineldilmegini juda caklendiryar Deryanyn deltasynda we orta akymynda suwarys ucin yaramly 600 mun gektardan koprak yer bar bolsa da sol yerlerin dine az bolegi peydalanylyar Garagum deryasynyn Tejen deryasy bilen birikdirilmegi Tejen suw howdanlaryndaky saklanyan suwarys suwuny kadalasdyrmaga mumkincilik berdi SalgylanmalarOrta mekdeplerin VII synpy ucin Turkmenistanyn fiziki geografiyasy synag okuw kitaby