Ädäb arap أدب edep Yslamda edebe uly üns berilýär SalamlaşmakSalam duşuşan adamyňyza saglyk we esenlik arzuw etmek diýme
Ädäb

Ädäb (arap. أدب — edep). Yslamda edebe uly üns berilýär.
Salamlaşmak
Salam – duşuşan adamyňyza saglyk we esenlik arzuw etmek diýmekdir. Salam bermek sünnetdir, almak bolsa farzy-kifaýedir. Salam köpçülige berilse, olardan biri salamy alsa, şol farzyň ýerine ýetirildigi bolýar. Eger hiç biri almasa, hemmesi günäkär bolýar. Salam bermek Allahyň buýrugydyr. «Eý, iman edenler, kesekiniň öýüne eýesinden rugsat soraman we salam bermän girmäň», (Nur, 27). Pygamberimiz bolsa: «Iman etmeseňiz jennete girip bilmersiňiz. Biri-biriňizi söýmeseňiz kämil imana eýe bolup bilmersiňiz. Size biri-biriňizi söýdürjek bir zady öwredeýinmi? Araňyzda salamy ýaýyň», (Müslim) diýip ündäpdir.
Salamlaşmagyň iň gözel görnüşi «äs-sälämu aleýkum» diýmekdir. «Sälämun aleýkum» diýilse-de dürsdür. Munuň iki görnüşi hem Kurany Kerimde bardyr (ser. Ra'd, 24; Saffat, 79,130; Taha, 47; Merýem, 33). Salam berlen kişi «We aleýkum-selam» diýip jogap bermelidir. Kurany Kerimde «Salam berlen wagty siz ondan has gözeli bilen şol salamy alyň ýa-da edil şol derejede jogap beriň...», (Nisa, 86) buýrulýar.
Salam bereniňde şu aýratynlyklara üns bermelidir:
- Ulagly pyýada, pyýada ýöräp barýan oturana, kiçi ula, azlyk köplüge salam bermelidir, (Buhary). Başga bir hadysda bolsa, «Adamlaryň arasynda Allahyň iň halany ilki salam berýänlerdir», (Ebu Dawud) diýilýär.
- Köpüň ýygnanan ýerine barlanda salam berlişi ýaly, gideniňde-de salam berilmelidir. Pygamberimiz: «Sizden biriňiz köpüň ýygnanan ýerine gelende salam berşi ýaly, gidende-de salam bersin... », (Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir.
- Salam musulmanyň şygarydyr. Tanasaň-tanamasaň salam bermek iň laýygydyr. Pygamberimiziň ýanyna bir adam gelip: «Yslamyň haýsy işi has gowudyr?» diýip soranda Pygamberimiz: «Tagam iýdirmek we tananyňa-tanamadygyňa salam bermekdir», (Buhary) diýipdir. Emma gynansagam, uly mähelleli ýerlerde muny berjaý etmek kyndyr. Şonuň üçin diňe tanaýanlaryňa, gatnaşyk saklaýanlaryňa salam berseň, bu sünnetiň ýerine ýetirildigi saýylýar.
- Aýallara, çagalara hem salam bermek dürsdür. Hezreti Enes (r.a) çagalara duş gelende salam berip: «Resulullah (s.a.w.) hem şeýle edýärdi» diýer eken. Ýezidiň gyzy Esma şeýle gürrüň berýär: «Birnäçe aýal bilen otyrdyk. Pygamberimiz deňimizden geçende, bize salam berdi», (Ebu Dawud). Bir kişä aýalynyň ýanyndaka salam bermek hem dürsdür. Çünki Pygamberimiz itikafdaka ýanyna gelen aýaly Safiýýäni öýüne äkidende, iki sany sahaba Pygamberimize salam beripdir, («Težpidi Saryh»). Diýmek, aýal erkege salam berip bilýär we salamyny hem alyp bilýär. Ýöne, salam berende we alanda aýallar diňe garyndaşyna ýa-da zerurlyk bolan ýagdaýda özgä-de salam bermelidir. Aýal ýolda ýöräp barşyna, her öňünden çykana salam bermegi dürs däldir. Bu pitne döredip biler. Şonuň üçin Hanefi alymlary «Aýal erkege, erkek aýala salam berip biler, ýöne, erkegiň ýaş aýala, ýaş aýalyň erkege salam bermegi mekruhdyr» diýip belläpdir. Telefonda gürleşilende-de şu kada saklansa has laýygydyr. Häzirki döwürde aýallar salamlaşanlarynda diňe «salam» ýa-da «salamälik» diýýärler.
Bolmalysy şu aşakdaky ýalydyr: Eger bir aýal bir aýala salam berjek bolsa: «Sälämu aleýki», birnäçe aýala salam berjek bolsa: «äs-sälämu aleýkunne», aýal-erkek garyşyk ýa-da diňe erkeklere salam berjek bolsa: «Äs-sälämu aleýkum» diýmeli.
- Bir kişi öz öýüne girende, öýde hiç kim bolmasa-da salam bermelidir. Pygamberimiz hezreti Enese (r.a) şeýle maslahat beripdir: «Oglum, öýüňe gireniňde salam ber. Şeýle etseň saňa we içeriňe bereket geler», (Tirmizi). Kurany Kerimde bolsa: «Öýe giren wagtyňyz biri-biriňize Allahdan feýiz, bereket, ýagşylyk, gözellik, esenlik bolan salamy beriň», (Nur, 61).
- Musulman däller bilen görşülende, Pygamberimiziň musulman däl döwlet ýolbaşçylaryna iberen çakylyk hatlaryndaky ýaly, şeýle hem Kurany Kerimde geçýän görnüşde «Dogry ýola eýerenlere salamatlyk bolsun!». (Taha, 47) diýip salam bermek iň laýygydyr. Eger şeýdip salam bermek olary ynjytjak bolsa, olaryň salam berşi ýaly salamlaşmak has laýygydyr.
Şu ýerlerde we şu kişilere salam berilmeýär:
Goňşuçylyk
Allah (j.j.) Kurany Kerimde ene-ata we ýakyn garyndaşa ýagşylykdan soň, goňşy arasyndaky gatnaşykda hak-hukuklara doly amal etmegi emr edipdir. «Allaha ybadat ediň, Oňa hiç zady şärik goşmaň. Ene-ata, garyndaşlara, ýetimlere, ýoksullara, ýakyn we daş goňşa, ýakyn dosta, ýolda galan biçäre bendelere, gol astyňyzdaky hyzmatkäre ýagşylyk ediň», (Nisa, 36). Goňşuçylyk gatnaşygynyň maşgalanyň we jemgyýetiň sagdynlygyna, agzybir we parahat ýaşaýşa täsiri uludyr. Pygamberimiziň: «Jibril maňa goňşy barada şeýle köp maslahat ündedi welin, goňşyny goňşa mirasdar eder öýtdüm», (Buhary) hadysy hem muny tassyklaýar.
Pygamberimiziň bir hadysyna görä: «Goňşy üçdür. Birinjisi, goňşulyk hukugy, garyndaşlyk hukugy we yslam hukugy diýen üç hukuga eýe bolanlardyr. Ikinjisi, goňşulyk we yslam hukugyna eýe bolanlar. Üçünjisi, diňe goňşulyk hukugy barlardyr. Bular – müşrik we Ähli Kitap (ýahudi we hristianlar) bolan goňşulardyr», (el-Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid»).
Yslam alymlary bolsa bu hadysa daýanyp, ýakyn we daş goňşyny şeýle kesgitleýärler:
Ýakyn goňşy:
- a) Öýi iň ýakyn goňşy.
- b) Garyndaşlar.
- ç) Musulmanlar.
Daş goňşy:
- a) Öýi daşdaky goňşular.
- b) Garyndaş däller.
- ç) Musulman däller.
Goňşa ýagşylyk etmegiň görnüşleri
Pygamberimiz bir hadysy şerifinde: «Allaha we ahyret gününe ynanan kişi goňşusyna haýyr-yhsan etsin», (Buhary, Müslim) diýýär. Başga bir hadysynda bolsa: «Goňşusy açka, özi dok ýatan mü'min däldir», (Buhary) diýilýär.
Goňşuçylyk gatnaşyklary ýyl geçdigiçe pese gaçýar. Döwür we şertler nähili bolsa bolsun, hakyky musulman kişi Allahyň emrine tagat edip, goňşusyny güýjüniň ýetdiginden hoşal etjek bolmalydyr. Goňşusyna ezýet berýän we goňşusy onuň şerinden özüni aman duýmaýan bolsa, hadysyň beýanyna görä, şol kişi hakyky musulman bolup bilmez, (Buhary).
Muaz b. Jebeliň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz goňşulyk hukugyny şeýle suratlandyrýar: «Senden karz islese, karz bermek, ýardam islese, ýardam etmek, mätäçligini üpjün etmek, kesellände ýagdaýyny soramak, ölende jynazasyna gatnaşmak, begenen ýerinde begenmek, ony gutlamak, gynanan ýerinde gynanmak we duýgudaşlyk bildirmek, öýüňde bişirilýän tagamyň ysy bilen oňa ezýet bermezlik (şeýle ýagdaýda oňa-da tagamdan hödür etmek) gerek. Eger zyýan berjek bolsa, rugsat soraman öz jaýyň diwaryny galdyrmak, bazardan miwe ýaly zatlar alaňda, sereçläp öýe äkelmek, çaga daşarda zat iýdirmek bolmaýar. Size nämeler aýdanyma doly düşündiňizmi? Goňşuçylyk hukugyny doly ýerine ýetirýän, diňe Allahyň rehim eden az sanly kişileridir», (Kurtubi, «el-Jami», el-Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid»). Bulardan başga käbir hadyslarda käwagt goňşa sowgat bermek, berere zadyň bolmasa, güler ýüzli bolmak, hal-ýagdaýyny soramak goňşa edilmeli ýagşylyklardan saýylypdyr.
Goňşy arasynda gerek-ýarak zatlary alyş-beriş etmek hem yslamyň däplerindendir. Goňşyň bitirip boljak dilegini bitirmezlik halal saýylmandyr. Hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda Pygamberimiz: «Eý, Aişe, kim goňşusyna nahar bişirmek üçin ot berse, hamala şol otda bişen naharyň hemmesini sadaka beren ýaly sogap gazanar. Kim duz berse, şol duzuň lezzet beren tagamyny sadaka eden ýaly bolar. Az mukdarda suw berse, hamala altmyş adamy gul bolmakdan azat eden ýalydyr...», (el-Heýsemi, «Mejmauz-Zewaid») diýipdir. Allah Tagala Maun suresinde goňşy arasyndaky şeýle alyş-berişde gysgançlyk edeni ýazgarypdyr. Şeýle hem goňşa zyýan ýetiren ýagdaýyňda şol zyýany ödemek ündelipdir.
Myhmançylyk we onuň edebi
Musulmanyň biri-birine hödür-kerem etmegi yslamyň esaslaryndan biridir. Ibnul Arabiniň aýdyşyna görä, myhman kabul etmek farzy-kifaýedir. Käbir alymlar iýer-içere, ýatara ýeri bolmadyk adamy myhman almak wajypdyr diýýärler. Kurtubiniň aýtmagyna görä bolsa: «Myhman kerimdir, myhman almak bolsa keramatdyr, alysdan gelenleri kabul etmek bolsa farzdyr. Şeýle hem myhman almak kerim kişileriň, nebileriň we salyhlaryň ahlagyndan, yslamyň edebindendir» diýýär. Pygamberimiziň: «Allaha we ahyret gününe iman eden – myhmanyna hödür-kerem etsin. Bir gün we bir gije oňa hyzmat etsin», (Buhary), diýip, iman bilen myhmana hödür-keremi bir aýtmagy onuň ähmiýetine yşaratdyr. Ymam Gazaly «Ihýa» atly kitabynda şu wakany gürrüň berýär. Bir gün Ymam Mälik okuwçysy, ýaş ýigit Ymam Şafygynyň eline suw akydýar we: «Ýalňyş düşünme, meniň bu hereketim seni utandyrmasyn. Munda geň galara zat ýok. Çünki myhmana hyzmat farzdyr» diýipdir.
Yslamda şeýle uly ähmiýet berilýän myhmançylygyň öz edebi bardyr.
Myhman kabul edilende, öý eýesiniň üns bermeli zatlary:
- Öý eýesi eşigine üns bermelidir. Musulman hemişe arassa we gelşikli geýinmelidir. Yslam dini myhmana ýakymly görünmek we oňa hödür-kerem etmek üçin arassa we gelşikli geýinmegi ündeýär. Çünki egniňdäki eşigiň göze ýakymly bolmasa, ähli eden hyzmatyň ýerine düşmän biler. Pygamberimiz hem bu meseläni ünsden düşürmez eken. «Daşary ýurtdan gelýän ilçileri kabul edende we juma günleri has gelşikli geýnerdi», (Müslim) diýilýär. «Aýt, Allahyň gullary üçin berlen tämiz ryzky we zynaty kim haram edip biler?!», (A'raf, 32) aýaty hem iýip-içmegiň, oňat geýinmegiň mübahdygyny belleýär. Başga bir aýatda bolsa ysryp edilmeli däldigi şeýle nygtalýar: «Eý adam ogullary, namaz okajak wagtyňyz hemişe oňat geýiniň, iýip-içiň, ýöne isrip etmäň. Çünki Allah isrip edenleri söýmez», (A'raf, 31).
- Myhmany güler ýüz bilen garşy alyp, hoş söhbet etmek oňa ilkinji edilýän hödür-keremdir.
- Myhmany uzak wagtlap ýeke goýmaly däldir. Ýöne myhmany dynç alyş otagyna geçireniňden soň, özüni arkaýyn duýar ýaly, az salym ýeke galdyrmak ýagşy görlüpdir.
- Myhmana hödür-kerem etmekde howlukmalydyr. Ibrahimiň (a.s.) myhman kabul edişi bilen baglanyşykly müfessirleriň (Kuran tefsirçileriniň) beýanyna görä, Kurany Kerimdäki şu aýatlar myhmana hödür-kerem etmekde howlukmalydygyny görkezýär: «Ibrahimiň şerefli myhmanlarynyň gelmeginden habarlymyň. Olar gelende salam berdiler, Ibrahim hem: «Size-de salam» diýip, jogap berdi. Ýöne içinden: «Bular tanamaýan adamlarym, inşallah, haýyrdyr» diýip olara nahar getirmek üçin usullyk bilen maşgalasynyň ýanyna geçdi we dessine semiz göläniň etinden kebap getirdi. Öňlerine goýup: «Baş üstüne, alyň» diýip, hödür etdi», (Zariýat, 24-27). Bu barada Hatim el-Es'am şeýle diýýär: «Howlukmak şeýtandandyr. Ýöne şu bäş ýagdaýda howlukmak sünnetdir:
- Myhmana hödür etmekde,
- Kämillik ýaşyna ýeten gyzy durmuşa çykarmakda,
- Meýidi ýuwmakda, jynazasyny okamakda, depin etmekde,
- Bergiňi üzmekde,
- Toba etmekde.
Myhmana mümkinçiligiňe görä hödür-kerem edilmelidir. Myhmany gowy kabul etjek bolup, özüňi kyn güne salmak dogry däldir. Eger şeýle edilse, Fudaýl b. Yýazyň belleýşi ýaly, gatnaşyk uzaga çekmeýär.
- Myhmana mümkin bolan ýagdaýda öý eýesi hyzmat etmelidir. Öý eýesi ýokary wezipeli işgär bolsa, öýünde özüni edarasynda bolşy ýaly alyp barmaly däldir. Bu ulumsylyk bolýar. Pygamberimiziň huzuryna Hebeşistandan ilçiler gelende sahabalar: «Siz oturyň, eý, Resulallah, biz hyzmat ederis» diýseler-de, Pygamberimiz: «Ýok, bolmaz.Bular bir wagtlar meniň sahabalaryma hyzmat eden, arka duran milletiň ilçileridir, bulara hut özüm hyzmat etmek isleýärin» diýýär, (Buhary).
- Öý eýesi myhmany ugradanda-da garşylaýşy ýaly güler ýüzli ugratmalydyr. Ibni Majäniň gürrüň bermegine görä, «Kişiniň myhmany daşky gapa çenli ugratmagy sünnetdir».
Myhmanyň üns bermeli zatlary
- Öňünden habarlaşmak. Barjak öýüňi öňünden habardar etmek edeplilikdir. Kurany Kerimde: «Eý iman edenler, kesekiniň öýüne eýesinden rugsat soraman we salam bermän girmäň», (Nur, 27) buýrulýar. Myhmançylyga barlanda, hökman öňünden habar beräýmeli diýen düzgün ýokdur. Bu diňe öý eýesini kyn ýagdaýda goýmazlyk üçin edilýändir. Şeýle hem myhmançylyga baryljak wagty kesgitlenen bolsa, şol wagtda barmalydyr. Ir ýa-da giç barmak dogry däldir.
- Myhman hem arassa we gelşikli geýinmelidir.
- Myhman baran ýerinde islänini edip ýörmeli däldir. Oturanyňda köp girip-çykylýan gapa seredip däl-de, oňa arkaňy öwrüp oturmak has edeplilikdir. Bu öýüň aýal-gyzyna gözüň düşüp durmazlygy üçin edilýändir. Abdullah b. Mesud bir näsagy soramaga gidende, ýanyndakylardan biri öýüň aýalyna zol-zol seredýärdi. Muny duýan Ibni Mesud gaharlanyp, oňa şeýle diýdi: «Wallahi, beýle seredip duranyňdan iki gözüň oýulsa gowy bolardy».
- Myhman hödür edilen zada göwnüýetmezçilik etmeli däldir. Eger halamaýan zady bar hem bolsa, ony aňdyrmajak bolmalydyr ýa-da: «Şu zady men öýümde-de iýip bilmeýärin», «Bu maňa ýaranok», «Berhiz tutýaryn» diýen ýaly sypaýçylyk etmelidir.
Zyýapat we onuň edebi
Allah Tagala Kurany Kerimde ýetmiş töweregi ýerde haýyr-sahawat etmäge, sadaka bermäge çagyryp, Allahyň razylygy üçin hödür-kerem etmegiň sogaby barada söz açmagy, şeýle hem Pygamberimiziň hadyslarynda başgalara ýardam we ýagşylyk etmegiň fazileti barada nygtamagy sebäpli, yslam dininiň ornaşdyran däpleriniň biri hem toý we baýram günlerinde we begençli wakalardan soň zyýapat bermek däbidir. Zyýapat mü'minleriň arasynda özara söýgini we hormaty ornaşdyryp, din doganlygyny berkidipdir.
Sahabalaryna begençli wakalar bolanda zyýapat bermegi ündeýşi ýaly, Pygamberimiziň özi hem zyýapat berýär eken. Enes (r.a.) bir wakany şeýle gürrüň berýär: «Abdurrahman b. Awf Medinä hijret edip gelende, Pygamberimiz ony Sa'd b. Rebi bilen dogan okaşdyrdy, soňra: «Eý, Sa'd! Indi bir goýun öldür-de zyýapat ber» diýdi» (Buhary). Pygamberimiz Zeýnep enemiz bilen goş birikdirenden soň, tutuş Mekge halkyna zypat beripdir, (Buhary).
Zyýapatda üns berilmeli zatlar
- Zyýapat berlende myhmanlara ýörite çakylyk ibermeli. Çakylyk iberilmedik zyýapata barmazlyk iň laýygydyr. Çünki zyýapat berýäniň taýýarlygy çäkli bolup biler. Zyýapata çagyrylanyň başga birine: «Senem ýör, bile gideli» diýmäge haky ýokdur. Eger ýüzünden geçip bilmän diýläende-de beýlekiniň gitmezligi dogrudyr.
- Geljek myhmanlary dürli nahar bilen hoşal etmäge çalyşmalydyr.
Iýip-içmekde edep
Kurany Kerimiň möçberi iň uly surelerinden biri Maide suresidir. Maide sözi – saçak, supra, desterhan manylaryny berýär. Bu surede iýip-içilýän tagamlaryň halal we arassa bolmagy ündelýär.
- «(Eý, Muhammed!) Olar senden özleri üçin nämäniň halal edilendigini sorarlar. (Olara) aýt: "Ähli päk zatlar size halal edildi. Allanyň size öwreden zatlary bilen tälim berip ýetişdiren awçy haýwanlaryňyzyň siziň üçin tutan awlaryndan iýiň we (olary awlamaga salanyňyzda) Allanyň adyny aýdyň! Alladan gorkuň! Takyk, Allanyň hasaby gaty tiz (gelýändir).», (Maide, 4).
Pygamberimiz (s.a.w.) hem öz ýaşaýan döwründe halal we arassa azykdan nähili peýdalanmalydygynyň edebini musulmanlara görkezipdir.
Nahardan öň we soň eliňi ýuwmak
Pygamberimiz (ﷺ): «Naharyň bereketi iýmekden öň we soň eliňi ýuwmakdyr», (Ebu Dawud, Tirmizi) diýipdir. Pygamberimiz el ýuwmakdan başga agyz arassalygyna hem üns beripdir. Ol: «Dyrnaklaryňyzy aýryň, olary gömüň, dişleriň arasyny nahar galyndylaryndan arassalaň, miswak ulanyň. Saralan dişleriňiz bilen, agzyňyz ysly halda ýanyma gelmäň» (Tirmizi) diýipdir.
Nahar
Nahara «Bismillä» diýip başlamaly, bolanyňdan soň, «» diýip doga etmeli. Pygamberimiz bir hadysynda: «Sizden kim bir zat iýip-içse «bismillah» diýsin. Başda aýtmagy unudan bolsa, ýadyna düşende şeýle diýsin: «Bismillähi fi ewwellihi we ahyrihi» (Başynda-da, soňunda-da bismillah)», (Ebu Dawud) diýip buýrupdyr. Ol bir hadysynda şeýle aýdypdyr: «Kişi öýüne gelip, içeri girende we nahar iýende Allahyň adyny zikr etse, şeýtan özüniňkilere: «Size bu taýda gijäni geçirmegem, agşam naharam ýok» diýer. Ýöne kişi öýüne girende Allahy zikr edip, agşam naharyny iýende zikr etmese, şeýtan bu gezek özüniňkilere: «Agşam naharyna ýetdiňiz, emma bu ýerde gijäni geçirmegiňiz mümkin däl» diýer. Adam öýe girende we naharyň başynda «Bismillah» diýip Allahy zikr etmese, şeýtan bu gezek özüniňkilere begenç bilen buşlap: «Nahara-da ýetdiňiz, bu ýerde gijänem geçirersiňiz» diýer», (Müslim). Nahar iýen ýa-da bir nygmata eýe bolan biriniň Süleýman (a.s.) ýaly:
«Bu Rabbimiň fazl we keremindendir», (Neml, 40) diýmegi gowy görlüpdir.
Pygamberimiz nahar iýenden soň, dürli dogalar edipdir. Olaryň käbirleri: «Bize iýdiren, içiren, geýdiren we musulman bolmagy nesip etdiren Allaha hamd bolsun», (Ebu Dawud).
«Allahym bize, bu iýen naharymyza bereket ber, ondan haýyrlysyny iýdir», (Tirmizi).
Nirede we nähili naharlanmak
Pygamberimiz hem uly iliňki ýaly adaty saçakda nahar iýer eken. Pygamberimiz nahar iýende köplenç çök düşüp oturar eken. Käwagt bolsa sag aýagyny dikeldip, çep aýagynyň üstünde oturýar eken. Ol bu barada şeýle aýdypdyr: «Men ýassanyp iýmerin. Çünki menem gulduryn», (Buhary). Eliňe direnip, ýaplanyp, ýatyp iýip-içmegi Pygamberimiz halamandyr (Ebu Dawud). Bu mekruhdyr. Şeýle hem Ymam Gazaly «Ihýa» atly kitabynda: «Beýiklikde, stolda nahar iýmek tekepbirlik bilen edilmese, hiç hili zeleli ýokdur. Çünki stol nahar iýmegi ýeňilleşdirýär» diýip düşündirýär. Dik durup iýip-içmek halanmaýar. Ýöne «Oturmaga mümkinçilik bolmany üçin, bazarda dik duran ýeriňden iýip-içmegiň zeleli ýok diýip, Ymam Gazaly aýdypdyr. Bu meselede ýurduň däp-dessuryna, şahsyň ýagdaýyna esaslanylýar.
Nahary hemişe sag eliň bilen iýmelidir. Pygamberimiz terbiýeleýän sahaba çagalaryna sag el bilen iýmegi ündäpdir. Serwerimiz bir hadysynda: «Siz iýeniňizde, içeniňizde, bir zat uzadanyňyzda, bereniňizde sag eliňizi ulanyň. Çünki şeýtan çep eli bilen iýýär, berende-de, alanda-da çep elini ulanýar», (Ibni Maje) diýipdir.
Çep el bilen iýip-içmek mekruhdyr. Ýöne unudyp ýa-da bir näsaglyk sebäpli çep eli ulanmagyň, şeýle hem çöregi döweniňde çep eliňi kömekçi edinmegiň zeleli ýokdur. Çöregi iki eliň bilen döwmek has laýygydyr.
Iýip-içeniňde üflemeli däldir. Şonuň üçin nahary biraz sowadyp äbermelidir. Bu saglyk taýyndan hem has gowudyr. Pygamberimiz bu barada: «Gyzgyn naharda bereket ýokdur. Allah Tagala bize ot iýdirmändir. Şonuň üçin nahary sowadyp iýiň», (Gazaly, «Ihýa») diýip ündäpdir.
Naharda ölçeg
Dinimizde köp iýmegiň halanmaýşy ýaly, aç gezmek hem maslahat berilmeýär. Çünki köp iýmeklik, uky, ýaltalyk, gowşaklyk döredýäp, açlyk bolsa ejizledýär. Kurany Kerimde: «Eý adam ogullary, iýip-içiň, isrip emäň. Çünki Allah isrip edenleri söýmez», (A'raf, 31) diýilýär. Pygamberimiz bolsa bir hadysynda: «Nahar iýeniňde aşgazanyň üçden bir bölegini nahara, üçden birini suwa we üçden bir bölegini hem howa üçin bölüň. Allahyň iň ýigrenýän gaby – doly aşgazandyr», (Tirmizi) diýipdir. Pygamberimiziň başga bir hadysynda şeýle diýilýär: «Nebilerden soň ymmatyň arasynda dörejek ilkinji bela doklukdyr. Çünki millet dok bolanda bedenler semräp, ýürek ejizlär, harsydünýälige ýüz urlar, (Ibrahim Janan «Hz. Pygamberiň sünnetinde terbiýe»).
Pygamberimiz we Onuň sahabalarynyň köplenç günde iki gezek naharlanandygy aýdylýar. Pygamberimiz agşamlyk we ertirlik nahar edinmegi maslahat beripdir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Bir gysym hurma bilen hem bolsa agşamlyk ediniň. Çünki agşam naharyny terk etmek tiz garradar», (Tirmizi) diýipdir. «Kim ajwe hurmasy bilen ertirlik edinse, şol gün oňa zäherem, jady (sihir) hem täsir etmez», hadysynda hem ertirlik edinmegi maslahat beripdir. Ebu Dawudyň gürrüň beren şu hadysy Pygamberimiziň bir günde iki wagtyna nahar iýendigini anyk görkezýär. Pygamberimizden:
- – Siz näme iýip-içýärsiňiz, eý, Resulallah? – diýip soralanda:
- – Agşam bir bulgur süýt, ertir bir bulgur süýt – diýip jogap berýär. Buharynyň gürrüň beren bu hadysy bolsa ýokarky aýdylany has güýçlendirýär: «Muhammediň içersiniň bir günde iýýän iki naharyndan biri hökman hurmady», (Ibrahim Janan «Hz. Pygamberiň sünnetinde terbiýe»).
Tabakda nahar galdyrmaly däldir. «Pygamberimiz nahar iýende tabakda zat goýmazdy we şeýle diýerdi: «Naharyň soňy has bereketlidir», (Beýhaky).
Köplük bolup naharlanmak
Pygamberimiz hemişe agzybir bolmagy, jemagat bolup ýaşamagy ündeýşi ýaly, nahary hem köplük bolup iýmegi ündäpdir. Bir gün sahabalardan biri: «Eý Resulallah, iýýäs, ýöne doýmaýarys» diýipdir. Pygamberimiz: «Onda siz ýeke, özbaşyňyza iýýänsiňiz» diýende, sahaba munuň şeýledigini tassyklapdyr. Pygamberimiz: «Üýşüp bile iýiň, besmele aýdyň, şonda naharyňyz bereketli bolar», («Riýazus-salyhyn») diýip nesihat beripdir. Başga bir hadysynda: «Allahyň nazarynda naharlaryň iň gowusy – oňa uzaýan eller köp bolan nahardyr», («et-Tergib») diýipdir. Serwerimiziň ýene bir hadysy ýokarda aýdylanlaryň üstüni ýetirýär: «Bir kişilik nahar – iki kişä, iki kişilik nahar – dört kişä, dört kişilik nahar – sekiz kişä ýeter», (Müslim).
Bilelikde nahar iýlende, her kim öz öňünden iýmelidir. Sahabalardan Ikras b. Züýeýb bir wakany şeýle gürrüň berýär: «Bir gün Selemäniň öýünde nahar iýýärdik. Men tabagyň ähli ýerine elimi aýladym. Pygamberimiz çep eli bilen elimden tutup: «Eý, Ihras, öňüňden iý. Çünki gapdaky naharyň hemmesi bir nahar» diýdi. Soň: ýaňy bişen hurma bilen guradylan hurmany bir tabakda getirdiler. Bu gezek öňümden iýip başladym, emma Pygamberimiziň eli tabagyň hemme ýerinde aýlanýardy. Ol maňa: «Eý, Ihras indi islän ýeriňden iý, çünki tabakdaky miwe hil-hil» diýdi», (Tirmizi). Nahar wagty terbiýeleýji, peýdaly gürrüňleri etmek bolýar. Çünki Pygamberimiz hem saçak başynda söhbet eder eken, (Müslim). Nahar iýlip bolnandan soň bile turmalydyr. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdypdyr: «Nahar iýilýän wagty doýan kişem saçagyň başyndan turup gitmesin. Eger tursa ýanyndaky ýoldaşyny utandyrar. Ýoldaşy doýmasa-da, iýmegini bes etmegi mümkin», (Ibni Maje).
Suw içmegiň edebi
- Suwy bir demde içmegi Pygamberimiz halamandyr. Ol bu barada şeýle diýipdir: «Suwy düýe ýaly bir demde içmäň. Bolmanda iki ýa-da üç demde içiň. Besmele aýdyň. Suwdan gananyňyzdan soň Allaha hamd ediň», (Tirmizi). Hamd etmek «Älhämdulillä» diýmekdir.
- Suw gaplaryny agzy açyk goýmaly däldir. Pygamberimiz altyn-kümüş gapdan suw içmegi gadagan edipdir,(Buhary). Şeýle hem suw içeniňde suwa dem bermeli däldir. Pygamberimiz bir hadysynda şeýle aýdýar: «Suw içeniňizde gabyň içine dem bermäň. Demiňiz ýetmedik wagtynda, gaby agzyňyzdan aýryp dem alyň, soň içiň», (Janan, «Kütübi Sitte»).
- Pygamberimiz dik duran ýeriňden suw içmegi gadagan edipdir, ýöne Onuň dik durup suw içen wagty hem bolupdyr, («Riýazus-salyhyn»). Şonuň üçin zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda dik duran ýeriňden suw içmezlik gowudyr. Ýöne dik duran ýeriňden içmegem günä däldir.
- Halk arasynda: «Suw kiçiniňki, söz ulynyňky» diýilýär. Emma hakykatda, kim juda suwsan bolsa, suwy ilki şoňa bermelidir. Şeýle hem uly mežlisde ýaşululara hormat etmelidir. Kiçi ýaşly çaganyň gepe düşünmeýänligi üçin suwy ilki oňa içirmek has makuldyr.
- Zemzem suwuny içmegiň edebi. Zemzem suwuny kybla bakyp, besmele aýdyp, dik durup içmek sünnetdir. Çünki Pygamberimiz zemzem suwuny dik durup içer eken. Ibni Abbas şeýle gürrüň berýär: «Resulullaha zemzem suwuny hödür etdim – Ol dik duran ýerinden içdi», (Dawud ogly, «Müslimiň şerhi»). Zemzem suwuny içeniňde şu doga okalsa has laýygydyr:
«Allahym, Senden peýdaly ylym, bol ryzk, her dürli dertden şypa dileýärin».
Salgylanmalar
- https://en.wikipedia.org/wiki/Adab_(Islam)
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Ädäb hakda maglumat, Ädäb näme? Ädäb näme diýmek?
Adab arap أدب edep Yslamda edebe uly uns berilyar SalamlasmakSalam dususan adamynyza saglyk we esenlik arzuw etmek diymekdir Salam bermek sunnetdir almak bolsa farzy kifayedir Salam kopculige berilse olardan biri salamy alsa sol farzyn yerine yetirildigi bolyar Eger hic biri almasa hemmesi gunakar bolyar Salam bermek Allahyn buyrugydyr Ey iman edenler kesekinin oyune eyesinden rugsat soraman we salam berman girman Nur 27 Pygamberimiz bolsa Iman etmeseniz jennete girip bilmersiniz Biri birinizi soymeseniz kamil imana eye bolup bilmersiniz Size biri birinizi soydurjek bir zady owredeyinmi Aranyzda salamy yayyn Muslim diyip undapdir Salamlasmagyn in gozel gornusi as salamu aleykum diymekdir Salamun aleykum diyilse de dursdur Munun iki gornusi hem Kurany Kerimde bardyr ser Ra d 24 Saffat 79 130 Taha 47 Meryem 33 Salam berlen kisi We aleykum selam diyip jogap bermelidir Kurany Kerimde Salam berlen wagty siz ondan has gozeli bilen sol salamy alyn ya da edil sol derejede jogap berin Nisa 86 buyrulyar Salam bereninde su ayratynlyklara uns bermelidir Ulagly pyyada pyyada yorap baryan oturana kici ula azlyk kopluge salam bermelidir Buhary Basga bir hadysda bolsa Adamlaryn arasynda Allahyn in halany ilki salam beryanlerdir Ebu Dawud diyilyar Kopun yygnanan yerine barlanda salam berlisi yaly gideninde de salam berilmelidir Pygamberimiz Sizden biriniz kopun yygnanan yerine gelende salam bersi yaly gidende de salam bersin Ebu Dawud Tirmizi diyipdir Salam musulmanyn sygarydyr Tanasan tanamasan salam bermek in layygydyr Pygamberimizin yanyna bir adam gelip Yslamyn haysy isi has gowudyr diyip soranda Pygamberimiz Tagam iydirmek we tananyna tanamadygyna salam bermekdir Buhary diyipdir Emma gynansagam uly mahelleli yerlerde muny berjay etmek kyndyr Sonun ucin dine tanayanlaryna gatnasyk saklayanlaryna salam bersen bu sunnetin yerine yetirildigi sayylyar Ayallara cagalara hem salam bermek dursdur Hezreti Enes r a cagalara dus gelende salam berip Resulullah s a w hem seyle edyardi diyer eken Yezidin gyzy Esma seyle gurrun beryar Birnace ayal bilen otyrdyk Pygamberimiz denimizden gecende bize salam berdi Ebu Dawud Bir kisa ayalynyn yanyndaka salam bermek hem dursdur Cunki Pygamberimiz itikafdaka yanyna gelen ayaly Safiyyani oyune akidende iki sany sahaba Pygamberimize salam beripdir Tezpidi Saryh Diymek ayal erkege salam berip bilyar we salamyny hem alyp bilyar Yone salam berende we alanda ayallar dine garyndasyna ya da zerurlyk bolan yagdayda ozga de salam bermelidir Ayal yolda yorap barsyna her onunden cykana salam bermegi durs daldir Bu pitne doredip biler Sonun ucin Hanefi alymlary Ayal erkege erkek ayala salam berip biler yone erkegin yas ayala yas ayalyn erkege salam bermegi mekruhdyr diyip bellapdir Telefonda gurlesilende de su kada saklansa has layygydyr Hazirki dowurde ayallar salamlasanlarynda dine salam ya da salamalik diyyarler Bolmalysy su asakdaky yalydyr Eger bir ayal bir ayala salam berjek bolsa Salamu aleyki birnace ayala salam berjek bolsa as salamu aleykunne ayal erkek garysyk ya da dine erkeklere salam berjek bolsa As salamu aleykum diymeli Bir kisi oz oyune girende oyde hic kim bolmasa da salam bermelidir Pygamberimiz hezreti Enese r a seyle maslahat beripdir Oglum oyune gireninde salam ber Seyle etsen sana we icerine bereket geler Tirmizi Kurany Kerimde bolsa Oye giren wagtynyz biri birinize Allahdan feyiz bereket yagsylyk gozellik esenlik bolan salamy berin Nur 61 Musulman daller bilen gorsulende Pygamberimizin musulman dal dowlet yolbascylaryna iberen cakylyk hatlaryndaky yaly seyle hem Kurany Kerimde gecyan gornusde Dogry yola eyerenlere salamatlyk bolsun Taha 47 diyip salam bermek in layygydyr Eger seydip salam bermek olary ynjytjak bolsa olaryn salam bersi yaly salamlasmak has layygydyr Su yerlerde we su kisilere salam berilmeyar we yaly hapa yerdakilere Guna is bilen mesgullanyana Sozuni bolmezlik we unsi cekmezlik ucin azan okayana namaz okayana Kuran okayana ylym bilen mesgullanyana sohbet edip oturanlara GonsucylykAllah j j Kurany Kerimde ene ata we yakyn garyndasa yagsylykdan son gonsy arasyndaky gatnasykda hak hukuklara doly amal etmegi emr edipdir Allaha ybadat edin Ona hic zady sarik gosman Ene ata garyndaslara yetimlere yoksullara yakyn we das gonsa yakyn dosta yolda galan bicare bendelere gol astynyzdaky hyzmatkare yagsylyk edin Nisa 36 Gonsucylyk gatnasygynyn masgalanyn we jemgyyetin sagdynlygyna agzybir we parahat yasaysa tasiri uludyr Pygamberimizin Jibril mana gonsy barada seyle kop maslahat undedi welin gonsyny gonsa mirasdar eder oytdum Buhary hadysy hem muny tassyklayar Pygamberimizin bir hadysyna gora Gonsy ucdur Birinjisi gonsulyk hukugy garyndaslyk hukugy we yslam hukugy diyen uc hukuga eye bolanlardyr Ikinjisi gonsulyk we yslam hukugyna eye bolanlar Ucunjisi dine gonsulyk hukugy barlardyr Bular musrik we Ahli Kitap yahudi we hristianlar bolan gonsulardyr el Heysemi Mejmauz Zewaid Yslam alymlary bolsa bu hadysa dayanyp yakyn we das gonsyny seyle kesgitleyarler Yakyn gonsy a Oyi in yakyn gonsy b Garyndaslar c Musulmanlar Das gonsy a Oyi dasdaky gonsular b Garyndas daller c Musulman daller Gonsa yagsylyk etmegin gornusleri Pygamberimiz bir hadysy serifinde Allaha we ahyret gunune ynanan kisi gonsusyna hayyr yhsan etsin Buhary Muslim diyyar Basga bir hadysynda bolsa Gonsusy acka ozi dok yatan mu min daldir Buhary diyilyar Gonsucylyk gatnasyklary yyl gecdigice pese gacyar Dowur we sertler nahili bolsa bolsun hakyky musulman kisi Allahyn emrine tagat edip gonsusyny guyjunin yetdiginden hosal etjek bolmalydyr Gonsusyna ezyet beryan we gonsusy onun serinden ozuni aman duymayan bolsa hadysyn beyanyna gora sol kisi hakyky musulman bolup bilmez Buhary Muaz b Jebelin gurrun beren bir hadysynda Pygamberimiz gonsulyk hukugyny seyle suratlandyryar Senden karz islese karz bermek yardam islese yardam etmek matacligini upjun etmek kesellande yagdayyny soramak olende jynazasyna gatnasmak begenen yerinde begenmek ony gutlamak gynanan yerinde gynanmak we duygudaslyk bildirmek oyunde bisirilyan tagamyn ysy bilen ona ezyet bermezlik seyle yagdayda ona da tagamdan hodur etmek gerek Eger zyyan berjek bolsa rugsat soraman oz jayyn diwaryny galdyrmak bazardan miwe yaly zatlar alanda sereclap oye akelmek caga dasarda zat iydirmek bolmayar Size nameler aydanyma doly dusundinizmi Gonsucylyk hukugyny doly yerine yetiryan dine Allahyn rehim eden az sanly kisileridir Kurtubi el Jami el Heysemi Mejmauz Zewaid Bulardan basga kabir hadyslarda kawagt gonsa sowgat bermek berere zadyn bolmasa guler yuzli bolmak hal yagdayyny soramak gonsa edilmeli yagsylyklardan sayylypdyr Gonsy arasynda gerek yarak zatlary alys beris etmek hem yslamyn daplerindendir Gonsyn bitirip boljak dilegini bitirmezlik halal sayylmandyr Hezreti Asanin gurrun beren bir hadysynda Pygamberimiz Ey Aise kim gonsusyna nahar bisirmek ucin ot berse hamala sol otda bisen naharyn hemmesini sadaka beren yaly sogap gazanar Kim duz berse sol duzun lezzet beren tagamyny sadaka eden yaly bolar Az mukdarda suw berse hamala altmys adamy gul bolmakdan azat eden yalydyr el Heysemi Mejmauz Zewaid diyipdir Allah Tagala Maun suresinde gonsy arasyndaky seyle alys berisde gysganclyk edeni yazgarypdyr Seyle hem gonsa zyyan yetiren yagdayynda sol zyyany odemek undelipdir Myhmancylyk we onun edebiMusulmanyn biri birine hodur kerem etmegi yslamyn esaslaryndan biridir Ibnul Arabinin aydysyna gora myhman kabul etmek farzy kifayedir Kabir alymlar iyer icere yatara yeri bolmadyk adamy myhman almak wajypdyr diyyarler Kurtubinin aytmagyna gora bolsa Myhman kerimdir myhman almak bolsa keramatdyr alysdan gelenleri kabul etmek bolsa farzdyr Seyle hem myhman almak kerim kisilerin nebilerin we salyhlaryn ahlagyndan yslamyn edebindendir diyyar Pygamberimizin Allaha we ahyret gunune iman eden myhmanyna hodur kerem etsin Bir gun we bir gije ona hyzmat etsin Buhary diyip iman bilen myhmana hodur keremi bir aytmagy onun ahmiyetine ysaratdyr Ymam Gazaly Ihya atly kitabynda su wakany gurrun beryar Bir gun Ymam Malik okuwcysy yas yigit Ymam Safygynyn eline suw akydyar we Yalnys dusunme menin bu hereketim seni utandyrmasyn Munda gen galara zat yok Cunki myhmana hyzmat farzdyr diyipdir Yslamda seyle uly ahmiyet berilyan myhmancylygyn oz edebi bardyr Myhman kabul edilende oy eyesinin uns bermeli zatlary Oy eyesi esigine uns bermelidir Musulman hemise arassa we gelsikli geyinmelidir Yslam dini myhmana yakymly gorunmek we ona hodur kerem etmek ucin arassa we gelsikli geyinmegi undeyar Cunki egnindaki esigin goze yakymly bolmasa ahli eden hyzmatyn yerine dusman biler Pygamberimiz hem bu meselani unsden dusurmez eken Dasary yurtdan gelyan ilcileri kabul edende we juma gunleri has gelsikli geynerdi Muslim diyilyar Ayt Allahyn gullary ucin berlen tamiz ryzky we zynaty kim haram edip biler A raf 32 ayaty hem iyip icmegin onat geyinmegin mubahdygyny belleyar Basga bir ayatda bolsa ysryp edilmeli daldigi seyle nygtalyar Ey adam ogullary namaz okajak wagtynyz hemise onat geyinin iyip icin yone isrip etman Cunki Allah isrip edenleri soymez A raf 31 Myhmany guler yuz bilen garsy alyp hos sohbet etmek ona ilkinji edilyan hodur keremdir Myhmany uzak wagtlap yeke goymaly daldir Yone myhmany dync alys otagyna gecireninden son ozuni arkayyn duyar yaly az salym yeke galdyrmak yagsy gorlupdir Myhmana hodur kerem etmekde howlukmalydyr Ibrahimin a s myhman kabul edisi bilen baglanysykly mufessirlerin Kuran tefsircilerinin beyanyna gora Kurany Kerimdaki su ayatlar myhmana hodur kerem etmekde howlukmalydygyny gorkezyar Ibrahimin serefli myhmanlarynyn gelmeginden habarlymyn Olar gelende salam berdiler Ibrahim hem Size de salam diyip jogap berdi Yone icinden Bular tanamayan adamlarym insallah hayyrdyr diyip olara nahar getirmek ucin usullyk bilen masgalasynyn yanyna gecdi we dessine semiz golanin etinden kebap getirdi Onlerine goyup Bas ustune alyn diyip hodur etdi Zariyat 24 27 Bu barada Hatim el Es am seyle diyyar Howlukmak seytandandyr Yone su bas yagdayda howlukmak sunnetdir Myhmana hodur etmekde Kamillik yasyna yeten gyzy durmusa cykarmakda Meyidi yuwmakda jynazasyny okamakda depin etmekde Bergini uzmekde Toba etmekde Myhmana mumkinciligine gora hodur kerem edilmelidir Myhmany gowy kabul etjek bolup ozuni kyn gune salmak dogry daldir Eger seyle edilse Fudayl b Yyazyn belleysi yaly gatnasyk uzaga cekmeyar Myhmana mumkin bolan yagdayda oy eyesi hyzmat etmelidir Oy eyesi yokary wezipeli isgar bolsa oyunde ozuni edarasynda bolsy yaly alyp barmaly daldir Bu ulumsylyk bolyar Pygamberimizin huzuryna Hebesistandan ilciler gelende sahabalar Siz oturyn ey Resulallah biz hyzmat ederis diyseler de Pygamberimiz Yok bolmaz Bular bir wagtlar menin sahabalaryma hyzmat eden arka duran milletin ilcileridir bulara hut ozum hyzmat etmek isleyarin diyyar Buhary Oy eyesi myhmany ugradanda da garsylaysy yaly guler yuzli ugratmalydyr Ibni Majanin gurrun bermegine gora Kisinin myhmany dasky gapa cenli ugratmagy sunnetdir Myhmanyn uns bermeli zatlary Onunden habarlasmak Barjak oyuni onunden habardar etmek edeplilikdir Kurany Kerimde Ey iman edenler kesekinin oyune eyesinden rugsat soraman we salam berman girman Nur 27 buyrulyar Myhmancylyga barlanda hokman onunden habar beraymeli diyen duzgun yokdur Bu dine oy eyesini kyn yagdayda goymazlyk ucin edilyandir Seyle hem myhmancylyga baryljak wagty kesgitlenen bolsa sol wagtda barmalydyr Ir ya da gic barmak dogry daldir Myhman hem arassa we gelsikli geyinmelidir Myhman baran yerinde islanini edip yormeli daldir Oturanynda kop girip cykylyan gapa seredip dal de ona arkany owrup oturmak has edeplilikdir Bu oyun ayal gyzyna gozun dusup durmazlygy ucin edilyandir Abdullah b Mesud bir nasagy soramaga gidende yanyndakylardan biri oyun ayalyna zol zol seredyardi Muny duyan Ibni Mesud gaharlanyp ona seyle diydi Wallahi beyle seredip duranyndan iki gozun oyulsa gowy bolardy Myhman hodur edilen zada gownuyetmezcilik etmeli daldir Eger halamayan zady bar hem bolsa ony andyrmajak bolmalydyr ya da Su zady men oyumde de iyip bilmeyarin Bu mana yaranok Berhiz tutyaryn diyen yaly sypaycylyk etmelidir Zyyapat we onun edebiAllah Tagala Kurany Kerimde yetmis toweregi yerde hayyr sahawat etmage sadaka bermage cagyryp Allahyn razylygy ucin hodur kerem etmegin sogaby barada soz acmagy seyle hem Pygamberimizin hadyslarynda basgalara yardam we yagsylyk etmegin fazileti barada nygtamagy sebapli yslam dininin ornasdyran daplerinin biri hem toy we bayram gunlerinde we begencli wakalardan son zyyapat bermek dabidir Zyyapat mu minlerin arasynda ozara soygini we hormaty ornasdyryp din doganlygyny berkidipdir Sahabalaryna begencli wakalar bolanda zyyapat bermegi undeysi yaly Pygamberimizin ozi hem zyyapat beryar eken Enes r a bir wakany seyle gurrun beryar Abdurrahman b Awf Medina hijret edip gelende Pygamberimiz ony Sa d b Rebi bilen dogan okasdyrdy sonra Ey Sa d Indi bir goyun oldur de zyyapat ber diydi Buhary Pygamberimiz Zeynep enemiz bilen gos birikdirenden son tutus Mekge halkyna zypat beripdir Buhary Zyyapatda uns berilmeli zatlar Zyyapat berlende myhmanlara yorite cakylyk ibermeli Cakylyk iberilmedik zyyapata barmazlyk in layygydyr Cunki zyyapat beryanin tayyarlygy cakli bolup biler Zyyapata cagyrylanyn basga birine Senem yor bile gideli diymage haky yokdur Eger yuzunden gecip bilman diylaende de beylekinin gitmezligi dogrudyr Geljek myhmanlary durli nahar bilen hosal etmage calysmalydyr Iyip icmekde edepKurany Kerimin mocberi in uly surelerinden biri Maide suresidir Maide sozi sacak supra desterhan manylaryny beryar Bu surede iyip icilyan tagamlaryn halal we arassa bolmagy undelyar Ey Muhammed Olar senden ozleri ucin namanin halal edilendigini sorarlar Olara ayt Ahli pak zatlar size halal edildi Allanyn size owreden zatlary bilen talim berip yetisdiren awcy haywanlarynyzyn sizin ucin tutan awlaryndan iyin we olary awlamaga salanynyzda Allanyn adyny aydyn Alladan gorkun Takyk Allanyn hasaby gaty tiz gelyandir Maide 4 Pygamberimiz s a w hem oz yasayan dowrunde halal we arassa azykdan nahili peydalanmalydygynyn edebini musulmanlara gorkezipdir Nahardan on we son elini yuwmak Pygamberimiz ﷺ Naharyn bereketi iymekden on we son elini yuwmakdyr Ebu Dawud Tirmizi diyipdir Pygamberimiz el yuwmakdan basga agyz arassalygyna hem uns beripdir Ol Dyrnaklarynyzy ayryn olary gomun dislerin arasyny nahar galyndylaryndan arassalan miswak ulanyn Saralan disleriniz bilen agzynyz ysly halda yanyma gelman Tirmizi diyipdir Nahar Nahara Bismilla diyip baslamaly bolanyndan son diyip doga etmeli Pygamberimiz bir hadysynda Sizden kim bir zat iyip icse bismillah diysin Basda aytmagy unudan bolsa yadyna dusende seyle diysin Bismillahi fi ewwellihi we ahyrihi Basynda da sonunda da bismillah Ebu Dawud diyip buyrupdyr Ol bir hadysynda seyle aydypdyr Kisi oyune gelip iceri girende we nahar iyende Allahyn adyny zikr etse seytan ozuninkilere Size bu tayda gijani gecirmegem agsam naharam yok diyer Yone kisi oyune girende Allahy zikr edip agsam naharyny iyende zikr etmese seytan bu gezek ozuninkilere Agsam naharyna yetdiniz emma bu yerde gijani gecirmeginiz mumkin dal diyer Adam oye girende we naharyn basynda Bismillah diyip Allahy zikr etmese seytan bu gezek ozuninkilere begenc bilen buslap Nahara da yetdiniz bu yerde gijanem gecirersiniz diyer Muslim Nahar iyen ya da bir nygmata eye bolan birinin Suleyman a s yaly Bu Rabbimin fazl we keremindendir Neml 40 diymegi gowy gorlupdir Pygamberimiz nahar iyenden son durli dogalar edipdir Olaryn kabirleri Bize iydiren iciren geydiren we musulman bolmagy nesip etdiren Allaha hamd bolsun Ebu Dawud Allahym bize bu iyen naharymyza bereket ber ondan hayyrlysyny iydir Tirmizi Nirede we nahili naharlanmak Pygamberimiz hem uly ilinki yaly adaty sacakda nahar iyer eken Pygamberimiz nahar iyende koplenc cok dusup oturar eken Kawagt bolsa sag ayagyny dikeldip cep ayagynyn ustunde oturyar eken Ol bu barada seyle aydypdyr Men yassanyp iymerin Cunki menem gulduryn Buhary Eline direnip yaplanyp yatyp iyip icmegi Pygamberimiz halamandyr Ebu Dawud Bu mekruhdyr Seyle hem Ymam Gazaly Ihya atly kitabynda Beyiklikde stolda nahar iymek tekepbirlik bilen edilmese hic hili zeleli yokdur Cunki stol nahar iymegi yenillesdiryar diyip dusundiryar Dik durup iyip icmek halanmayar Yone Oturmaga mumkincilik bolmany ucin bazarda dik duran yerinden iyip icmegin zeleli yok diyip Ymam Gazaly aydypdyr Bu meselede yurdun dap dessuryna sahsyn yagdayyna esaslanylyar Nahary hemise sag elin bilen iymelidir Pygamberimiz terbiyeleyan sahaba cagalaryna sag el bilen iymegi undapdir Serwerimiz bir hadysynda Siz iyeninizde iceninizde bir zat uzadanynyzda bereninizde sag elinizi ulanyn Cunki seytan cep eli bilen iyyar berende de alanda da cep elini ulanyar Ibni Maje diyipdir Cep el bilen iyip icmek mekruhdyr Yone unudyp ya da bir nasaglyk sebapli cep eli ulanmagyn seyle hem coregi doweninde cep elini komekci edinmegin zeleli yokdur Coregi iki elin bilen dowmek has layygydyr Iyip iceninde uflemeli daldir Sonun ucin nahary biraz sowadyp abermelidir Bu saglyk tayyndan hem has gowudyr Pygamberimiz bu barada Gyzgyn naharda bereket yokdur Allah Tagala bize ot iydirmandir Sonun ucin nahary sowadyp iyin Gazaly Ihya diyip undapdir Naharda olceg Dinimizde kop iymegin halanmaysy yaly ac gezmek hem maslahat berilmeyar Cunki kop iymeklik uky yaltalyk gowsaklyk doredyap aclyk bolsa ejizledyar Kurany Kerimde Ey adam ogullary iyip icin isrip eman Cunki Allah isrip edenleri soymez A raf 31 diyilyar Pygamberimiz bolsa bir hadysynda Nahar iyeninde asgazanyn ucden bir bolegini nahara ucden birini suwa we ucden bir bolegini hem howa ucin bolun Allahyn in yigrenyan gaby doly asgazandyr Tirmizi diyipdir Pygamberimizin basga bir hadysynda seyle diyilyar Nebilerden son ymmatyn arasynda dorejek ilkinji bela doklukdyr Cunki millet dok bolanda bedenler semrap yurek ejizlar harsydunyalige yuz urlar Ibrahim Janan Hz Pygamberin sunnetinde terbiye Pygamberimiz we Onun sahabalarynyn koplenc gunde iki gezek naharlanandygy aydylyar Pygamberimiz agsamlyk we ertirlik nahar edinmegi maslahat beripdir Pygamberimiz bir hadysynda Bir gysym hurma bilen hem bolsa agsamlyk edinin Cunki agsam naharyny terk etmek tiz garradar Tirmizi diyipdir Kim ajwe hurmasy bilen ertirlik edinse sol gun ona zaherem jady sihir hem tasir etmez hadysynda hem ertirlik edinmegi maslahat beripdir Ebu Dawudyn gurrun beren su hadysy Pygamberimizin bir gunde iki wagtyna nahar iyendigini anyk gorkezyar Pygamberimizden Siz name iyip icyarsiniz ey Resulallah diyip soralanda Agsam bir bulgur suyt ertir bir bulgur suyt diyip jogap beryar Buharynyn gurrun beren bu hadysy bolsa yokarky aydylany has guyclendiryar Muhammedin icersinin bir gunde iyyan iki naharyndan biri hokman hurmady Ibrahim Janan Hz Pygamberin sunnetinde terbiye Tabakda nahar galdyrmaly daldir Pygamberimiz nahar iyende tabakda zat goymazdy we seyle diyerdi Naharyn sony has bereketlidir Beyhaky Kopluk bolup naharlanmak Pygamberimiz hemise agzybir bolmagy jemagat bolup yasamagy undeysi yaly nahary hem kopluk bolup iymegi undapdir Bir gun sahabalardan biri Ey Resulallah iyyas yone doymayarys diyipdir Pygamberimiz Onda siz yeke ozbasynyza iyyansiniz diyende sahaba munun seyledigini tassyklapdyr Pygamberimiz Uysup bile iyin besmele aydyn sonda naharynyz bereketli bolar Riyazus salyhyn diyip nesihat beripdir Basga bir hadysynda Allahyn nazarynda naharlaryn in gowusy ona uzayan eller kop bolan nahardyr et Tergib diyipdir Serwerimizin yene bir hadysy yokarda aydylanlaryn ustuni yetiryar Bir kisilik nahar iki kisa iki kisilik nahar dort kisa dort kisilik nahar sekiz kisa yeter Muslim Bilelikde nahar iylende her kim oz onunden iymelidir Sahabalardan Ikras b Zuyeyb bir wakany seyle gurrun beryar Bir gun Selemanin oyunde nahar iyyardik Men tabagyn ahli yerine elimi ayladym Pygamberimiz cep eli bilen elimden tutup Ey Ihras onunden iy Cunki gapdaky naharyn hemmesi bir nahar diydi Son yany bisen hurma bilen guradylan hurmany bir tabakda getirdiler Bu gezek onumden iyip basladym emma Pygamberimizin eli tabagyn hemme yerinde aylanyardy Ol mana Ey Ihras indi islan yerinden iy cunki tabakdaky miwe hil hil diydi Tirmizi Nahar wagty terbiyeleyji peydaly gurrunleri etmek bolyar Cunki Pygamberimiz hem sacak basynda sohbet eder eken Muslim Nahar iylip bolnandan son bile turmalydyr Pygamberimiz bu barada seyle aydypdyr Nahar iyilyan wagty doyan kisem sacagyn basyndan turup gitmesin Eger tursa yanyndaky yoldasyny utandyrar Yoldasy doymasa da iymegini bes etmegi mumkin Ibni Maje Suw icmegin edebiSuwy bir demde icmegi Pygamberimiz halamandyr Ol bu barada seyle diyipdir Suwy duye yaly bir demde icman Bolmanda iki ya da uc demde icin Besmele aydyn Suwdan gananynyzdan son Allaha hamd edin Tirmizi Hamd etmek Alhamdulilla diymekdir Suw gaplaryny agzy acyk goymaly daldir Pygamberimiz altyn kumus gapdan suw icmegi gadagan edipdir Buhary Seyle hem suw iceninde suwa dem bermeli daldir Pygamberimiz bir hadysynda seyle aydyar Suw iceninizde gabyn icine dem berman Deminiz yetmedik wagtynda gaby agzynyzdan ayryp dem alyn son icin Janan Kutubi Sitte Pygamberimiz dik duran yerinden suw icmegi gadagan edipdir yone Onun dik durup suw icen wagty hem bolupdyr Riyazus salyhyn Sonun ucin zerurlyk bolmadyk yagdayynda dik duran yerinden suw icmezlik gowudyr Yone dik duran yerinden icmegem guna daldir Halk arasynda Suw kicininki soz ulynynky diyilyar Emma hakykatda kim juda suwsan bolsa suwy ilki sona bermelidir Seyle hem uly mezlisde yasululara hormat etmelidir Kici yasly caganyn gepe dusunmeyanligi ucin suwy ilki ona icirmek has makuldyr Zemzem suwuny icmegin edebi Zemzem suwuny kybla bakyp besmele aydyp dik durup icmek sunnetdir Cunki Pygamberimiz zemzem suwuny dik durup icer eken Ibni Abbas seyle gurrun beryar Resulullaha zemzem suwuny hodur etdim Ol dik duran yerinden icdi Dawud ogly Muslimin serhi Zemzem suwuny iceninde su doga okalsa has layygydyr Allahym Senden peydaly ylym bol ryzk her durli dertden sypa dileyarin Salgylanmalarhttps en wikipedia org wiki Adab Islam