Umumy maglumatlarIňňän irki eýýamdan tä şu günlere çenli özbaşdak taýpalygyny saklap gelýän 5 türkmen taýpasynyň biri ço
Çowdur

Umumy maglumatlar
Iňňän irki eýýamdan tä şu günlere çenli özbaşdak taýpalygyny saklap gelýän 5 türkmen taýpasynyň biri çowdurlardyr (beýlekileri Baýat, Salyr, Eýmir, Ýywa taýpalary). Çimkent gazaklarynyň düzüminde şawuldyr diýen urugyň, şu etrapda şeýle atdaky demir ýol stansiýasynyň bolmagy çowdurlaryň XI asyra çenli Türküstan töwereginde ýaşandygyny görkezýärler. Soňra olaryň uly topary Maňgyşlaga gelýär. Bozajy diýen çowdur taýpasy bu ýerdäki Bozajy ýarym adasynda ornaşýar. XVI一XVII asyrlarda çowdurlaryň bir bölegi abdallar we söýünjajylar bilen birlikde Astrahan hem-de Stawropol etraplaryna göçýärler, beýleki bir bölegi bolsa Daşoguz welaýatynyň Kalinin hem-de Telman raýonlarynda ýaşaýarlar. Uzak taryhy döwür içinde çowdurlaryň öz içine dürli taýpalary (meselem, abdallary (Akhun), Igdirleri) siňdirişi we köpelip-känelişi ýaly, onuň çowdur diýen etnik ady hem dürli fonetik özgerişlere sezewar bolupdyr. Meselem, XI asyr alymy Mahmyt Kaşgaryda bu taýpanyň ady juwaldar görnüşinde duş gelýär, bu alym ony 24 türkmen-oguz taýpasynyň arasynda 20-nji orunda goýýar. Reşideddiniň işinde jawuldyr, Ýazyjy-oglunda çawyndyr, Abulgazyda Çawuldyr görnüşlerinde getirilen bu etnonim 15-nji orunda bolup, sanalan alymlar ony Oguz hanyň 4-nji oglynyň (Gökhan) 3-nji neberesiniň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Diňe Salar Baba Çawuldyry Daghanyň 2-nji ogly hasaplap, ony 18-nji orna geçirýär. Bu alymlaryň etnonime berýän düşündirişleri şeýle: Reşideddin: «Şerefli (şöhratly), üýni ýaýgyn (ýagny sesi gaty); Ýazyjy-ogly: «Namysly we yrak çawly (ýagny sesi uzaga gidýän)»; Salar Baba: «Daýym (mydam) işi uruş-dawa bolgaý»; Abulgazy: «Şan-şerefli» we «Namysly». Häzirki döwrüň alymlary hem çowdur diýen etnonimi orta asyr alymlarynyňka meňzeş terzde düşündirýärler. Meselem, türk alymy I. Kafesogly bu babatda «beýik şöhratly» çowdur şiwesini öwrenen türkmen alymy H. A. Maşakow bolsa «Namysjaň, gahryman» ýaly düşündirişleri getirýär. Biz bu etnonimiň iň gadymy juwaldar (Çowaldar diýip okamak hem mümkin) häzirki döwürde ulanylýan çowdur görnüşlerinden ugur alyp, onuň düýp köküni Çog (Çok, Çoh) diýen türki söz bilen baglanyşdyrmakçy (çok sözi ýemrelileriň çokçy tiresiniň adynda hem duş gelýär). Türkmenistandaky Çohpetde (asly Çokpetde), Çokagaç, Çokjünewüt ýaly ýer-ýurt atlarynda çok sözi «gür», «topbak», «bir ýerde çogdam ösýän» ýaly manylary aňladýar. Häzirki türkmen dilinde çok sözi «köpçülik», «märeke», «ýygyn» diýen manydadyr, hatda «çopan adam çoka (märekä) bolmaz» diýen nakyl hem bar. Çog/ çok sözüniň gadymy manysy çugdumlamak, çugutmak, çokul (depede ýa-da ýeňsede goýulýan çogdam saç), çokaý (agzy bürülip bir ýere ýygnalýan aýakgap), çokga (sakgal), çogmak (topbak) ýaly sözlerde saklanýar. Diýmek juwaldar/çowdur diýen etnonimiň juw/çow sözleri aslynda çog/çok/çug sözünden bolup, ol «ýygyn», «märeke», «topar», «il» diýen manyny aňladypdyr, bu sözüň yzyna goşulan -yl, (-yn) 一köplük sanyň goşulmasydyr. Çowdur,igdir, çandyr ýaly etnonimler üçin umumy bolan -dur/ -dyr/ -dir goşulmalarynyň asyl köki näbelli (kem işlik goşulmasy däl), ýöne etnonimiýada onuň hem köplügi aňlatmagy mümkindir.
Çeşme
Soltanşa Atanyýazow. Şejere (türkmenleriň nesil daragty) Aşgabat «Turan一1» 1994. sah-229-230.
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Çowdur hakda maglumat, Çowdur näme? Çowdur näme diýmek?
Umumy maglumatlarInnan irki eyyamdan ta su gunlere cenli ozbasdak taypalygyny saklap gelyan 5 turkmen taypasynyn biri cowdurlardyr beylekileri Bayat Salyr Eymir Yywa taypalary Cimkent gazaklarynyn duzuminde sawuldyr diyen urugyn su etrapda seyle atdaky demir yol stansiyasynyn bolmagy cowdurlaryn XI asyra cenli Turkustan towereginde yasandygyny gorkezyarler Sonra olaryn uly topary Mangyslaga gelyar Bozajy diyen cowdur taypasy bu yerdaki Bozajy yarym adasynda ornasyar XVI一XVII asyrlarda cowdurlaryn bir bolegi abdallar we soyunjajylar bilen birlikde Astrahan hem de Stawropol etraplaryna gocyarler beyleki bir bolegi bolsa Dasoguz welayatynyn Kalinin hem de Telman rayonlarynda yasayarlar Uzak taryhy dowur icinde cowdurlaryn oz icine durli taypalary meselem abdallary Akhun Igdirleri sindirisi we kopelip kanelisi yaly onun cowdur diyen etnik ady hem durli fonetik ozgerislere sezewar bolupdyr Meselem XI asyr alymy Mahmyt Kasgaryda bu taypanyn ady juwaldar gornusinde dus gelyar bu alym ony 24 turkmen oguz taypasynyn arasynda 20 nji orunda goyyar Resideddinin isinde jawuldyr Yazyjy oglunda cawyndyr Abulgazyda Cawuldyr gornuslerinde getirilen bu etnonim 15 nji orunda bolup sanalan alymlar ony Oguz hanyn 4 nji oglynyn Gokhan 3 nji neberesinin ady bilen baglanysdyryarlar Dine Salar Baba Cawuldyry Daghanyn 2 nji ogly hasaplap ony 18 nji orna geciryar Bu alymlaryn etnonime beryan dusundirisleri seyle Resideddin Serefli sohratly uyni yaygyn yagny sesi gaty Yazyjy ogly Namysly we yrak cawly yagny sesi uzaga gidyan Salar Baba Dayym mydam isi urus dawa bolgay Abulgazy San serefli we Namysly Hazirki dowrun alymlary hem cowdur diyen etnonimi orta asyr alymlarynynka menzes terzde dusundiryarler Meselem turk alymy I Kafesogly bu babatda beyik sohratly cowdur siwesini owrenen turkmen alymy H A Masakow bolsa Namysjan gahryman yaly dusundirisleri getiryar Biz bu etnonimin in gadymy juwaldar Cowaldar diyip okamak hem mumkin hazirki dowurde ulanylyan cowdur gornuslerinden ugur alyp onun duyp kokuni Cog Cok Coh diyen turki soz bilen baglanysdyrmakcy cok sozi yemrelilerin cokcy tiresinin adynda hem dus gelyar Turkmenistandaky Cohpetde asly Cokpetde Cokagac Cokjunewut yaly yer yurt atlarynda cok sozi gur topbak bir yerde cogdam osyan yaly manylary anladyar Hazirki turkmen dilinde cok sozi kopculik mareke yygyn diyen manydadyr hatda copan adam coka mareka bolmaz diyen nakyl hem bar Cog cok sozunin gadymy manysy cugdumlamak cugutmak cokul depede ya da yensede goyulyan cogdam sac cokay agzy burulip bir yere yygnalyan ayakgap cokga sakgal cogmak topbak yaly sozlerde saklanyar Diymek juwaldar cowdur diyen etnonimin juw cow sozleri aslynda cog cok cug sozunden bolup ol yygyn mareke topar il diyen manyny anladypdyr bu sozun yzyna gosulan yl yn 一kopluk sanyn gosulmasydyr Cowdur igdir candyr yaly etnonimler ucin umumy bolan dur dyr dir gosulmalarynyn asyl koki nabelli kem islik gosulmasy dal yone etnonimiyada onun hem koplugi anlatmagy mumkindir CesmeSoltansa Atanyyazow Sejere turkmenlerin nesil daragty Asgabat Turan一1 1994 sah 229 230