Azərbaycan  AzərbaycanMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  Türkiyə
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

TÜRKMENISTAN Türkmenistan Respublikasy Baýdagy Tugrasy Paýtagty Aşgabat şäheri Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Dili Tür

Türkmenistan

  • Baş sahypa
  • Türkmenistan
Türkmenistan
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az
TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Respublikasy
Baýdagy Tugrasy
Paýtagty Aşgabat şäheri
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow
Dili Türkmen dili
Türkmenistanyň döwlet gimni
488 100 km²
Ilaty
 – ilat/km²
6,2 milliondan gowrak9,4/km²
27 oktýabr, 1991 Bellenilýän senesi 27-nji sentýabr. (2017)
Puly Türkmen Manady TMT
+5
+993
.tm

Türkmenistan merkezi Aziýada bir döwletdir. Goňşy döwletleri: Owganystan, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan we Özbegistan.

Taryh

Türkmenistanyň taryhy
Sahypalar

Oguz han
Gorkut Ata

Magtymguly

Baş sahypa: Türkmenistanyň taryhy

Oguz han eýýamy

Baş sahypa:

Gorkut ata eýýamy

Baş sahypa: Gorkut ata eýýamynyň medeniýeti

Görogly beg eýýamy

Baş sahypa:

Magtymguly Pyragy eýýamy

Baş sahypa:

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamy

Geografiki ýerleşişi

Baş sahypa: Türkmenistanyň geografiýasy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen, gündogarda we demirgazyk-gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen we günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär, günbatarda bolsa Hazar deňziniň suwy tolkun atýar.

Relýefi

Türkmenistan çäginiň ýerüsti gurluşy boýunça deň bolmadyk iki bölege bölünýär: uly-düzlük-çöllük we kiçi-dag etek we daglyk. Türkmenistanyň ähli düzlük bölegi geografiki gatnaşykda Turan pesligine (oýluklaryna) degişlidir, onuň çäklerinde landşaftyň üç topary tapawutlanýar: a) üsti tekiz belentlik, b) çäge çöllük, ç) dag etek tokaýly düzlük. Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi, Üstýurduň we Maňgyşlagyň ýakalary, ikinji topara-Merkezi, Günorta-Gündogar we Zangunz Garagumy, üçünji topara-Köpetdagyň we Paropamiziň ähli demirgazyk etekleri degişlidir.

Türkmenistanyň çäginiň ýerüstüniň azyndan bäşden bir bölegini daglar eýeleýärler. Onuň günorta serhedinden Köpetdagyň gerişleri uzaýar, ondan demirgazyk-günbatarda Uly we Kiçi Balkan daglary ýerleşendir. Türkmenistanyň gündogar çetinde Köýtendag daglary bardyr, olar Gissar dag ulgamyna degişlidir.

Düzlük ýerler esasan tekizlikde goňrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr görnüşli gadymy düzlükler, Garagumyň ymgyr çägi çäge-çöllügine, derýaly jülgeler, çemenlik, otluk ýerler, şorluk ýerler bilen gurşalandyr.

Klimaty

Türkmenistan üçin aram mylaýym görnüşli kontinental klimaty häsiýetlidir: dowamly gurak jöwzaly tomus, salkyn çygly güýz, az garly o diýen sowuk bolmadyk gyş. Demirgazyk-gündogarda we günorta-günbatarda gyş döwrüniň dowamlylygy – bir aý, ýurduň demirgazygynda we demirgazyk-gündogarynda dört aýdan gowrak. Ýanwar aýynyň ortaça temperaturasy demirgazyk-gündogarda –6 gradusdan aşak, günorta-gündogarda we günorta-günbatarda +3 gradusdan +5 gradusa çenli bolýar. Iýulda ol +25+32 gradus çäklerinde üýtgäp durýar. Türkmenistanyň düzlük çäklerinde ygalyň ýyllyk mukdary 150mm, ýakasynda we aýlagynda 100, daglyk sebitlerinde - 350 mm-den geçmeýär. Arid şertlerinde ekerançylygy ösdürmek emeli suwaryşa esaslanyp alnyp barylýar.[1] Archived 2009-08-24 at the Wayback Machine

Suw resurslary

Ekerançylygyň geografiki ýerleşişi ilkinji nobatda - suwaryş suwlarynyň ýaýraýşy, olaryň möçberi we peýdalanylyş derejesi bilen baglanşyklydyr. Türkmenistanda suwaryş maksatlary üçin, esasan, derýa we ýerasty suwlary peýdalanylýar. Garagum çölünde maldarçylygyň esasy suw üpjünçiligi guýular arkalydyr. Derýanyň suwlaryny suwaryş üçin peýdalanmak maksady bilen suwaryş ýaplary gazylýar.

Türkmenistanyň iň uly derýasy Amyderýa bolup, ol ýurdumyzyň gündogar-demirgazyk bölegini kesip geçýär. Ekişe ýaramly ýerleriň we ilatyň köp bölegi bolsa ýurduň günorta-günbatar böleginde ýerleşýär. Emma ol ýerde suw upjunçiligi örän ýetmezçilik edýär. Ýöne suwaryş suwunyň gaty çäkli ýerlerinde suw bilen üpjün etmek maksady bilen, Amyderýanyň suwunyň bir bölegini günorta-günbatara Garagum derýasy bilen gönükdirildi.

Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri, ol welaýat hukukly administratiw-territorial gurluşly birlikdir. Aşgabadyň düzümine dört etrap — Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplary girýär.

Türkmenistanda bäş sany welaýat — Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär. Türkmenistanda 37 etrap, 5 şäherlerdäki etraplar, 47 etrapdaky şäher, olardan 6-sy etrap hukukly şäher, 68 şäherçe, 469 geňeşlik (oba ýerli düzümler) we 1690 sany oba ilatly ýerlerdir.

Raýon emele getiriji täsirleriň esasynda, Türkmenistan aşakdaky raýonlara bölünýär:

  • Türkmenistan-bir bütewi halk hojalyk toplumy;
  • Welaýat tipli uly ykdysady raýonlara bölünýär (olar 5 sany);
  • Aşgabat - Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty, Aşgabat şäheri öz derejesi boýunça welaýat hukukly şäher statusyna eýedir;
  • Uly ykdysady raýonlar kiçi raýonlara bölünýärler. (olar 15 sany);
  • Kiçi raýonlar öz gezeginde hojalyk-adminstratiw etraplara bölünýär (49 sany);
  • Ykdysady raýonlaryň esasy bölegi şäherlerdir (olar 20 sany);
  • Şonça şäherçelere bölünýär (68 sany);
  • Geňeşlikler ykdysady raýonlaryň oba ýerlerindäki bölümidir (469 sany);
  • Oba ykdysady raýonlar kiçi ilatly punktlara bölünýär (1690 sany).

Şeýlelikde, Türkmenistanda raýonlaşdyrmagyň 9 basgançagy emele geldi. Olaryň birinjisi we ikinjisi döwlet ähmiýetli mikraýonlardyr. Üçinjisi kiçi raýonlardyr. Dördünji, bäşinji, altynjy, ýedinji, sekizinji we dokuzynjy basgançaklar - mikraýonlardyr. Bu sistema girýän birlikleriň 8-si (kiçi raýonlardan başgasy) adminstratiw organlary tarapyndan edara edilýär. Munuň özi ykdysady-durmuş raýonlaşdyrma bilen adminstratiw-territoriýal bölünşigiň bir bütewi sistemasyny ýene-de bir gezek subut edýär.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti

Baş sahypa: Türkmenistanyň ykdysadyýeti

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwleti Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlaryna tarap gidýän gadymy “Beýik Ýüpek” söwda ýollarynyň çatrygynda, geografik taýdan iňňän amatly ýerde ýerleşýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň territoriýasynyň üsti bilen Gadymy we Orta asyr döwürlerinde hem dünýä bazarlaryna tarap kerwen ýollary, ýodalary geçipdir. Uzaklarda başlanan kerwen ýolunyň bir şahsy öz döwründe gadymy siwilizasiýa merkezleriniň biri bolan Merwiň üsti bilen geçipdir. Gündogardan Ýewropa tarap uzalyp gidýän kerwen ýolunyň söwda merkezleriniň biri bolan gadymy Köneürgenç hem “Türküstanyň derwezesi” diýlip atlandyrylypdyr. Beýik ýüpek ýolunyň ýene bir şahasy ilki Murgap derýasynyň boýy bilen, soňra Owganystanyň üstünden Hindistana çenli baryp ýetipdir.Gündogaryň we Günbataryň gadymy söwda aragatnaşyklaryny Türkmenistanyň çäkleriniň üsti bilen amala aşyrmakda uly orny bolan Beýik ýüpek ýoly indi biziň täze döwrümizde-Garaşsyzlyk zamanamyzda ýene-de dikeldilip başlandy. Ýöne bu gezek usul kerwen ýollary boýunça däl-de, polat reýsleri arkaly dikeldilýär. Tejen-Sarags-Maşat demir ýolunyň gurulmagy bilen Türkmenistanyň üstünden Transaziýa kontinentara demir ýol magistraly açyldy we ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gidýär. Ol Pekinden (Hytaý) Ýewropanyň bosagasynda ýerleşen Ystambula (Türkiýä) çenli ýetýär, Pars aýlagyna hem ýeter. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşmegi, onuň geosyýasy ýagdaýynda örän uly amatlyklyklar döredýär. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynda Amyderýa çenli ýarym million kwadrat kilometre golaý (491,2 müň kw.km) demirgazykdan günorta bolsa 650 km, uzylyp gidýýär. Merkezi Aziýanyň ähli meýdanynyň 12,2%-I Türkmenistanyň paýyna düşýär. Şeýle-de bolsa, Merkezi Aziýa garşsyz döwletleriň arasynda Türkmenistan Gazagystandan soňrf umumy meýdany boýunça iň iri döwlet hasaplanýar. Ilaty 24 million adama golaýlaşan goňşy Özbegistanyň hem tutýan meýdany Türkmenistanyňkydan az. Özbegistan gündogarda Owganystan düwleti bilen Türkmenistanyň araçäk serhetleriniň uzynlygy 864 km, Eýran Yslam Respublikasy bilen bolsa 1,5 müň kilometr golaýlaşýar. Türkmenistan demirgazyk günbatarda Gazagystan döwleti bilen hem araçäkleşýär. Merkezi Aziýanyň döwletlerine garanda Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Ýewropa bölegine ýerleşen ykdysady-geografik raýonlaryna, Kawkazyň garaşsyz döwletlerine has ýakyn we amatly ýerleşmegi bilen tapawutlanýar. Ol döwletler Merkezi Aziýa döwletlerine özleriniň transit ýüklerini Türkmenistanyň üsti bilen daşaýarlar. Hazar deňziniň kenaryna Türkmenbaşy porty Merkezi Aziýanyň “Günbatar derwezesi” hasaplansa, “Türkmenabat-Goňrat-Beýnew” demir ýoly derwezesi. Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine garanda Türkmenistanyň duzluk territoriýalary has agdyklyk edyar. Bu bolsa yurdumyzyn dunya bazarlaryna tarao cykalgalaryn has kop bolmagyna amatly shertler doredyar. Mysal ucin, Türkmenabat-Haýraton aralygynda Amyderya-Hyrat we Atamyrat-Ymamnazar awtomobil yollary arkaly Lyutfabat, Etrek-Gurgen, Aşgabat-Gowdan-Bajygyran awtomobil yollaryndan bashga-da, Eýran Yslam Respublikasyna tarap Tejen-Sarahs-Mashat demir ýolunyn gurulmagy dunya bazaryna täze çykalgadyr. Türkmenistan landşaftynyn esasy bolegini meýdany boýunça Sahara we Gobi çöllüklerinden son dünýäde üçünji orny eýeleýan Garagum çöli tutýar. Ol hojalyk taýdan heniz az özleşdirilen. Ol ýaşaýşyn seýrekligi, juda az orumlaşanlygy, yssylygy bilen tapawutlanyar. Emma ýerasty tebigy baýlyklaryn kopdurliligi bilen Türkmenistan indi dünýä bellidir. Türkmenistanyň giň meýdanynyň 7%-gür ilatly obalaryň, suwarymly ekerançylyk massiwleriniň, iri şäherleriniň, gür gatnaw ýollaryň, oazisleriň paýyna düşýär. Derýa jülgeleriniň, suwaryş kanallarynyň, dag etekleriniň özleşdirilen ýerleri-oazisler Türkmenistanyň köplenç çetki künjeklerinde ýerleşýärler. Garagum derýasynyň zonasy Türkmenistanyň günorta böleginiň ululy-kiçili köp oazislerini ýeke-täk suwaryş sistemasyna birikdirýär.

Uzynlygy 1300 kilometr Garagum derýasy Türkmenistanda ykdysady we durmuş özgerişkleriniň baş zonasydyr. Geografik taýdan has günortada ýerleşişi boýunça Garagum derýasynyň zonasy goňşy Mürzeçöl, Garşy kanallaryň zonalaryndan özüniň agroklimatik resurslary boýunça has amatlylygy bilen tapawutlanýar. Garagum derýasynyň zonasynda ýagtylygy we ýylylygy has köp talap edýän inçe süýümli gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Garagum derýasynyň zonasynda ýurdumyzyň ilatynyň deň ýarsyndan köpüsi ýaşaýar. Halkara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO-nyň) agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň geosyýasy ähmiýeti barha rowaçlanýar. EKO girýän 10 döwletiň ählisiniň 300 million adamdanam gowrak ilaty bolup, olaryň umumy meýdany 7960 müň kwadrat kilometrdir. Türkmenistan EKO-nyň geografik giňişliginiň merkezinde ýerleşýär. Onuň üsti bilen esasy halkara demir ýol magistrallaryň (“Transaziýa”, “Demirgazyk-günorta”) we turbaprowodlaryň geçirilmegi barada birnäçe iri möçberli taslamalar işlenip düzülýär. Türkmenistanyň klimat resurslary, gün radiýasynyň ýokary derejeli oba hojalygyna ýaramly günleriň köp bolmagy, klimatyň gurak we kontinentallygy bilen häsiýetlendirilýär. Tutuşlygyna alanynda Türkmenistanyň agroklimat resurslary oba hojalygyny, onun esasy ugry suwarymly ekerançylygy alyp barmak üçin amatlydyr. Ýurdumyzyn mineral-çig mal resurslary boýunça dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda durýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň territoriýasy himiki çig mallaryň, gurluşyk materýallaryň zapasyna hem baý ýurt hasaplanylýar.

Gaz we nebit

Dokma senagaty

Däneçilik we Pagtaçylyk

Oba hojalygynyň umumy häsiýetnamasy

Ýurdumyzyň ykdysady oba hojalygy örän möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň 40%-den gowragy oba hojalyk önümleridir.

Türkmenistanyň oba hojalygy, esasan, iki pudakdan: ekerançylykdan we maldarçylykdan ybaratdyr. Ekerançylyk oba-hojalykda öndürilýän umumy önümiň 67%-ini we maldarçylyk 33%-ini öndürýär. Şeýlelikde ýurdumyzda oba hojalygyň esasy ugry ekerançylykdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Turkmenbaşynyň “Täze oba” syýasatyna laýklykda, oba hojalygynda hususy eýeçiligiň ösmegine giň ýol açyldy. 1998-nji ýylda oba hojalygynyň umumy önüminiň 62%-ini ilatyň hususy hojalyklary öndürdi. Geljekde onuň tutýan orny has artar. Türkmenistanda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalygyň uly orny bardyr. Oba hojalygyň umumy önüminiň ýarysyndan gowragy azyk önümleriň paýyna düşýär.

Himiýa senagaty

Ýurdumyzda himiýa senagatynyň ilkinji kärhanasy Merkezi Garagumda ýerleşen Derweze kükürt zawodydyr. Ol 1928-nji ýylda guruldy we jöwzaly klimat şertlerinde, transport taýdan amatsyz bolany üçin, bu zawod diňe 1961-nji ýyla çenli işledildi. kükürdiň käni açylandan soň, ol ýerde 1932-nji ýylda kükürt zawody işe girizildi.

Himiýa senagaty has köp pudakly senagat. Ol dag-magdan himiýa, esasy himiýa, nebit himiýa, durmuş himiýasy we farmasewtika ýaly himiýa senagaty köp pudaklary öz içine alýar.

Ekerançylygy

Ýurdumyzda ekerançylygyň aşakdaky pudaklary ösdürilýär

  • Gök ekerançylyk we bakjaçylyk

Ýokardaky ekinlerin tutýan meýdany 1 mln. 700 müň gektardan (1999-njy ýylda) gowrak bolup, olarda esasy orun we degişli. Däne ekinleriniň we gowaçanyň ekin meýdanlary ähli suwarma ekerançylygyň 80% -ne barabardyr.

Syýahatçylyk

Awaza - (). Hazar deňziniň gündogar kenarynda, Türkmenbaşy şäherinden 12 km günbatar tarapynda ýerleşýär. 15 iyunda 2009 — birinji 3 oteller girizildi.Hazar deňziniň Türkmenistana degişli kenarýakasy örän täsin jana şypaly ýumşak howasy we baý tebigy mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan ekologik taýdan arassa zolakdyr. Bu taslama Türkmenistanyň diňe özünden 1 milliarddan gowrak $-ny, daşary ýurt maýa goýujylaryň 4 milliard $-ny gönükdirmek göz öňünde tutuldy. Häzirki wagtda Awa­za­nyň meýdany 1,700 gektar möçberinde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň ilaty we zähmet resurslary

Ilatyň sanynyň artyşy, esasan, iki sany usul bilen kesgitlenilýär. Birinji usul, bu öň ygtybarly we umumy Kabul edilen usul-ilatyň uçdantutma ýazuwynyň geçirmekden, ikinji usul bolsa, heý ilatyň köpelişini hasaplamakdan we oňa baha bermekden ybaratdyr. Ilatyň uçdantutma yazuwynyň materiallarynyň ylmy we praktiki ähmiýeti ulydyr.

Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň taryyhynda ilkinji gezek ilatyň uçdantutma ýazuwy GDA döwletleriniň arasynda ilkinji bolup 1995-nji ýylyň 10-njy ýanwaryndan 20-nji ýanwaryna çenli geçirildi.

Türkmenistanyň Birleṣen Milletler Guramasynyň 1995-204-nji ýyllar döwründe ýer şarynyň ilat ýazuwynyň nobatdaky tapgyryny geçirmegi yglan edenden son, bu möhüm işi amala aşyran ilkinji döwletdir:

Türkmenistanyň ilat sanynyň kopelişiniň tablisasy

şu ýerde[]

Awtomobil ulaglary

Awtomobil ulaglary döwletiň ykdysadyýetiniň iň wajyp baglaşdyryjy bölegidir. Her ýylda awtomobil ulaglary bilen 500 million tonna golaý ýük daşalýar we 1 milliard ýolagçy gatnadylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda awtoulag serişdeleriniň sany 3 esseden hem artdy. Awtoulaglar parky şu aşakdaky ýaly bölünýär: 77% — ýeňil awtomobiller, 19% — ýük we ýöriteleşdirilen awtomobiller we 4% — awtobuslar.

Häzirki wagtda döwlet ähmiýetli awtoýollaryň uzynlygy 13,7 müň km barabardyr. Mundan başga-da şäheriçi we ýerli ähmiýetli, gaty örtükli köp çatrykly ýollaryň ulgamy bardyr. Şu günki gün umumy uzynlygy 1,6 müň km barabar bolan „Türkmenbaşy-Aşgabat-Mary-Türkmenabat“ we „Aşgabat-Garagum-Daşoguz“ awtomagistrallarynyň gurluşygy boýunça işler güýçli depginlerde alnyp barylýar. Awtomagistrallaryň umumy giňligi 31 metr, her bir gatnalýan böleginiň giňligi 12,25 metrdir. Şu obýektlerdäki işleri 2010-njy ýylda tamamlamak bellenildi.

Administratiw Gurluşy

Türkmenistan bäş welaýat we aýratyn paýtagt şäherden ybaratdyr.

Bölekler ISO 3166-2 Merkezi Meýdany (km²) Ilaty (2005) No
Aşgabat şäheri TM-S Aşgabat 440 1 000 000
Ahal welaýaty TM-A 97 160 939 700 1
Balkan welaýaty TM-B Balkanabat  139 270 553 500 2
Daşoguz welaýaty TM-D Daşoguz 73 430 1 370 400 3
Lebap welaýaty TM-L Türkmenabat 93 730 1 334 500 4
Mary welaýaty TM-M Mary 87 150 1 480 400 5

Şäherler

  • Aşgabat
  • Balkanabat
  • Daşoguz
  • Kaka
  • Mary
  • Baýramaly
  • Tejen
  • Türkmenabat
  • Türkmenbaşy
  • Gumdag
  • Hazar (Çeleken)
  • Sarahs

Etraplar

Ýokary okuw mekdepleri barada

Häzirki wagtda Türkmenistanda 16 sany ýokary okuw jaylary bar we olarda 250 dürli kärler boýunça ýokary hünärli spesialistler taýýarlanylýar. Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasysy, Halkara türkmen-türk uniwersitetiti. Ýokary tehniki kolleji, täze ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girýär.

Ýurdumyzda Galkynyş hereketiniň, teatrlardyr çeper höwesjeňler köpçüliginiň durmuş medeni roly artýar. Biziň maksadymyz Türkmenistanyň ykdysadyýetini düýpli özgertmekdir, ol özgerişlikler bolsa halkyň hal-ýagdaýyny uzul-kesil ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Milli goşuny

Türkmenistanyň goşunynyň sany, ýurduñ bitaraplygy sebäpli çäklidir. Esgerleri 36,500 bolup, işjeň goşun sany boýunça ýurtlaryň sanawynda 92-nji ýerde durýar.

Türkmenistanda harby gulluga ýylda iki gezek geçirilýär: 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli; 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli. Taslamanyň ýaşy 18 bilen 27 ýaş aralygy. Raýatlaryň hyzmat ediş möhleti 2 ýyl.

Türkmenistandaky Tañklarynyñ esasy görnüşleri : T-90S, T-72. Söweş ulaglary - BMP-1 / BMP-2 / BMP-3, BRM-1K, BRDM-1 / BRDM-2. Maragly işgär daşaýjy - BRDM-1 / BRDM-2. Tanka garşy ýarag - MT-12. Tanka garşy gönükdirilen raketa Malyutka (ATGM), Konkurs (ATGM), Şturm (ATGM), Metis (ATGM). Birnäçe uçuş raketa ulgamy: BM-21 Grad, BM-21 Grad-1, BM-27 Uragan, BM-30 Smerch. Artilleriýa ulgamlary: 2S9 Nona-S, 2S1 Gwozdika, 2S3 Akatsiya, 122 mm D-30 howitser, 152 mm D-1 howitser ýaragy, 152 mm D-20 howitser ýaragy, PM-38.

Beýleki

  • Garagum
  • Hazar deňzi
  • Türkmen palawy
  • Türkmen milli oýunlary
  • Türkmenistanyň telefon kodlary
  • Türkmenlerde wagt aňladylyşy

Edebiýat

  • Поспелов Е. М. Географические названия мира. Топонимический словарь. - — М.: Русские словари, Астрель, АСТ, 2002. — 512 с.


Türkmenistan
Taryh • Geografiýa •  • Demografiýa • Medeniýet • Ykdysadyýeti



 
we
Türk döwletler: Azerbaýjan • Gazagystan • Gyrgyzystan • Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy •
Özbegistan • Türkiýe • Türkmenistan

Awtonom Türk Döwletler: Altaý Respublikasy | | Başgyrdystan | Çuwaşystan | Dagystan | Gündogar Türkistan | | Gagauzystan | | Garagalpagystan | | | Krym Awtonom Respublikasy | Nahçywan | Tatarystan | Tuwa Respublikasy |

  1. Türkmenistan barada umumy maglumat - Türkmenistanyň daşary işler ministrligi. - Aslyndan arhiwlenen görnüşi.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 06 Iýun, 2025 / 20:48

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Türkmenistan hakda maglumat, Türkmenistan näme? Türkmenistan näme diýmek?

TURKMENISTAN Turkmenistan Respublikasy Baydagy Tugrasy Paytagty Asgabat saheri Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Dili Turkmen dili Turkmenistanyn dowlet gimni 488 100 km Ilaty ilat km 6 2 milliondan gowrak9 4 km 27 oktyabr 1991 Bellenilyan senesi 27 nji sentyabr 2017 Puly Turkmen Manady TMT 5 993 tm Turkmenistan merkezi Aziyada bir dowletdir Gonsy dowletleri Owganystan Eyran Yslam Respublikasy Gazagystan we Ozbegistan TaryhTurkmenistanyn taryhy Sahypalar Oguz han Gorkut Ata Magtymguly Bas sahypa Turkmenistanyn taryhy Oguz han eyyamy Bas sahypa Gorkut ata eyyamy Bas sahypa Gorkut ata eyyamynyn medeniyeti Gorogly beg eyyamy Bas sahypa Magtymguly Pyragy eyyamy Bas sahypa Beyik Saparmyrat Turkmenbasy eyyamyGeografiki yerlesisiBas sahypa Turkmenistanyn geografiyasy Turkmenistanyn sputnikden gorunusi Turkmenistan Merkezi Aziyanyn gunbatar boleginde demirgazyk ginisligin 35 08 nji we 42 48 nji gundogar uzynlygynyn 52 27 nji we 66 41 nji graduslarynyn aralygynda Kopetdagyn demirgazygynda gunbatarynda Hazar denzi gundogarynda Amyderya aralygynda yerlesyar Turkmenistanyn cagi gunbatardan gundogara 1110 kilometre we demirgazykdan gunorta 650 kilometre uzalyp gidyar we 491 2 mun inedordul kilometr meydany tutyar Turkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy bilen gundogarda we demirgazyk gundogarda Ozbegistan Respublikasy bilen gunortada Eyran Yslam Respublikasy bilen we gunorta gundogarda Owganystan bilen serhetlesyar gunbatarda bolsa Hazar denzinin suwy tolkun atyar Relyefi Turkmenistan caginin yerusti gurlusy boyunca den bolmadyk iki bolege bolunyar uly duzluk colluk we kici dag etek we daglyk Turkmenistanyn ahli duzluk bolegi geografiki gatnasykda Turan pesligine oyluklaryna degislidir onun caklerinde landsaftyn uc topary tapawutlanyar a usti tekiz belentlik b cage colluk c dag etek tokayly duzluk Birinji topara Krasnowodsk tekiz belentligi Ustyurdun we Mangyslagyn yakalary ikinji topara Merkezi Gunorta Gundogar we Zangunz Garagumy ucunji topara Kopetdagyn we Paropamizin ahli demirgazyk etekleri degislidir Turkmenistanyn caginin yerustunin azyndan basden bir bolegini daglar eyeleyarler Onun gunorta serhedinden Kopetdagyn gerisleri uzayar ondan demirgazyk gunbatarda Uly we Kici Balkan daglary yerlesendir Turkmenistanyn gundogar cetinde Koytendag daglary bardyr olar Gissar dag ulgamyna degislidir Duzluk yerler esasan tekizlikde gonrumtyl toprak bilen we dag etekleri takyr gornusli gadymy duzlukler Garagumyn ymgyr cagi cage collugine deryaly julgeler cemenlik otluk yerler sorluk yerler bilen gursalandyr Klimaty Turkmenistan ucin aram mylayym gornusli kontinental klimaty hasiyetlidir dowamly gurak jowzaly tomus salkyn cygly guyz az garly o diyen sowuk bolmadyk gys Demirgazyk gundogarda we gunorta gunbatarda gys dowrunin dowamlylygy bir ay yurdun demirgazygynda we demirgazyk gundogarynda dort aydan gowrak Yanwar ayynyn ortaca temperaturasy demirgazyk gundogarda 6 gradusdan asak gunorta gundogarda we gunorta gunbatarda 3 gradusdan 5 gradusa cenli bolyar Iyulda ol 25 32 gradus caklerinde uytgap duryar Turkmenistanyn duzluk caklerinde ygalyn yyllyk mukdary 150mm yakasynda we aylagynda 100 daglyk sebitlerinde 350 mm den gecmeyar Arid sertlerinde ekerancylygy osdurmek emeli suwarysa esaslanyp alnyp barylyar 1 Archived 2009 08 24 at the Wayback MachineSuw resurslaryEkerancylygyn geografiki yerlesisi ilkinji nobatda suwarys suwlarynyn yayraysy olaryn mocberi we peydalanylys derejesi bilen baglansyklydyr Turkmenistanda suwarys maksatlary ucin esasan derya we yerasty suwlary peydalanylyar Garagum colunde maldarcylygyn esasy suw upjunciligi guyular arkalydyr Deryanyn suwlaryny suwarys ucin peydalanmak maksady bilen suwarys yaplary gazylyar Turkmenistanyn in uly deryasy Amyderya bolup ol yurdumyzyn gundogar demirgazyk bolegini kesip gecyar Ekise yaramly yerlerin we ilatyn kop bolegi bolsa yurdun gunorta gunbatar boleginde yerlesyar Emma ol yerde suw upjunciligi oran yetmezcilik edyar Yone suwarys suwunyn gaty cakli yerlerinde suw bilen upjun etmek maksady bilen Amyderyanyn suwunyn bir bolegini gunorta gunbatara Garagum deryasy bilen gonukdirildi Turkmenistanyn dolandyrys cak bolunisiPaytagt Asgabadyn gornusi Turkmenistanyn paytagty Asgabat saheri ol welayat hukukly administratiw territorial gurlusly birlikdir Asgabadyn duzumine dort etrap Bagtyyarlyk Berkararlyk Kopetdag we Buzmeyin etraplary giryar Turkmenistanda bas sany welayat Ahal Balkan Dasoguz Lebap we Mary welayatlarydyr Her welayat etraplara bolunyar Turkmenistanda 37 etrap 5 saherlerdaki etraplar 47 etrapdaky saher olardan 6 sy etrap hukukly saher 68 saherce 469 geneslik oba yerli duzumler we 1690 sany oba ilatly yerlerdir Rayon emele getiriji tasirlerin esasynda Turkmenistan asakdaky rayonlara bolunyar Turkmenistan bir butewi halk hojalyk toplumy Welayat tipli uly ykdysady rayonlara bolunyar olar 5 sany Asgabat Garassyz baky Bitarap Turkmenistanyn paytagty Asgabat saheri oz derejesi boyunca welayat hukukly saher statusyna eyedir Uly ykdysady rayonlar kici rayonlara bolunyarler olar 15 sany Kici rayonlar oz gezeginde hojalyk adminstratiw etraplara bolunyar 49 sany Ykdysady rayonlaryn esasy bolegi saherlerdir olar 20 sany Sonca sahercelere bolunyar 68 sany Geneslikler ykdysady rayonlaryn oba yerlerindaki bolumidir 469 sany Oba ykdysady rayonlar kici ilatly punktlara bolunyar 1690 sany Seylelikde Turkmenistanda rayonlasdyrmagyn 9 basgancagy emele geldi Olaryn birinjisi we ikinjisi dowlet ahmiyetli mikrayonlardyr Ucinjisi kici rayonlardyr Dordunji basinji altynjy yedinji sekizinji we dokuzynjy basgancaklar mikrayonlardyr Bu sistema giryan birliklerin 8 si kici rayonlardan basgasy adminstratiw organlary tarapyndan edara edilyar Munun ozi ykdysady durmus rayonlasdyrma bilen adminstratiw territoriyal bolunsigin bir butewi sistemasyny yene de bir gezek subut edyar Turkmenistanyn ykdysadyyetiBas sahypa Turkmenistanyn ykdysadyyeti Gulistan sowda merkezi Asgabatda bazary bar Garassyz we baky Bitarap Turkmenistan dowleti Gundogaryn we Gunbataryn kop yurtlaryna tarap gidyan gadymy Beyik Yupek sowda yollarynyn catrygynda geografik taydan innan amatly yerde yerlesyar Sona gora de Turkmenistanyn territoriyasynyn usti bilen Gadymy we Orta asyr dowurlerinde hem dunya bazarlaryna tarap kerwen yollary yodalary gecipdir Uzaklarda baslanan kerwen yolunyn bir sahsy oz dowrunde gadymy siwilizasiya merkezlerinin biri bolan Merwin usti bilen gecipdir Gundogardan Yewropa tarap uzalyp gidyan kerwen yolunyn sowda merkezlerinin biri bolan gadymy Koneurgenc hem Turkustanyn derwezesi diylip atlandyrylypdyr Beyik yupek yolunyn yene bir sahasy ilki Murgap deryasynyn boyy bilen sonra Owganystanyn ustunden Hindistana cenli baryp yetipdir Gundogaryn we Gunbataryn gadymy sowda aragatnasyklaryny Turkmenistanyn caklerinin usti bilen amala asyrmakda uly orny bolan Beyik yupek yoly indi bizin taze dowrumizde Garassyzlyk zamanamyzda yene de dikeldilip baslandy Yone bu gezek usul kerwen yollary boyunca dal de polat reysleri arkaly dikeldilyar Tejen Sarags Masat demir yolunyn gurulmagy bilen Turkmenistanyn ustunden Transaziya kontinentara demir yol magistraly acyldy we ol Beyik Yupek yolunyn ugry bilen gidyar Ol Pekinden Hytay Yewropanyn bosagasynda yerlesen Ystambula Turkiya cenli yetyar Pars aylagyna hem yeter Garassyz Turkmenistan dowletinin Yewropa bilen Aziyanyn catrygynda yerlesmegi onun geosyyasy yagdayynda oran uly amatlyklyklar doredyar Garassyz we baky Bitarap Turkmenistan Hazar denzinin gundogar kenarynda Amyderya cenli yarym million kwadrat kilometre golay 491 2 mun kw km demirgazykdan gunorta bolsa 650 km uzylyp gidyyar Merkezi Aziyanyn ahli meydanynyn 12 2 I Turkmenistanyn payyna dusyar Seyle de bolsa Merkezi Aziya garssyz dowletlerin arasynda Turkmenistan Gazagystandan sonrf umumy meydany boyunca in iri dowlet hasaplanyar Ilaty 24 million adama golaylasan gonsy Ozbegistanyn hem tutyan meydany Turkmenistanynkydan az Ozbegistan gundogarda Owganystan duwleti bilen Turkmenistanyn aracak serhetlerinin uzynlygy 864 km Eyran Yslam Respublikasy bilen bolsa 1 5 mun kilometr golaylasyar Turkmenistan demirgazyk gunbatarda Gazagystan dowleti bilen hem aracaklesyar Merkezi Aziyanyn dowletlerine garanda Turkmenistan Russiya Federasiyasynyn Yewropa bolegine yerlesen ykdysady geografik rayonlaryna Kawkazyn garassyz dowletlerine has yakyn we amatly yerlesmegi bilen tapawutlanyar Ol dowletler Merkezi Aziya dowletlerine ozlerinin transit yuklerini Turkmenistanyn usti bilen dasayarlar Hazar denzinin kenaryna Turkmenbasy porty Merkezi Aziyanyn Gunbatar derwezesi hasaplansa Turkmenabat Gonrat Beynew demir yoly derwezesi Merkezi Aziyanyn beyleki dowletlerine garanda Turkmenistanyn duzluk territoriyalary has agdyklyk edyar Bu bolsa yurdumyzyn dunya bazarlaryna tarao cykalgalaryn has kop bolmagyna amatly shertler doredyar Mysal ucin Turkmenabat Hayraton aralygynda Amyderya Hyrat we Atamyrat Ymamnazar awtomobil yollary arkaly Lyutfabat Etrek Gurgen Asgabat Gowdan Bajygyran awtomobil yollaryndan bashga da Eyran Yslam Respublikasyna tarap Tejen Sarahs Mashat demir yolunyn gurulmagy dunya bazaryna taze cykalgadyr Turkmenistan landsaftynyn esasy bolegini meydany boyunca Sahara we Gobi colluklerinden son dunyade ucunji orny eyeleyan Garagum coli tutyar Ol hojalyk taydan heniz az ozlesdirilen Ol yasaysyn seyrekligi juda az orumlasanlygy yssylygy bilen tapawutlanyar Emma yerasty tebigy baylyklaryn kopdurliligi bilen Turkmenistan indi dunya bellidir Turkmenistanyn gin meydanynyn 7 gur ilatly obalaryn suwarymly ekerancylyk massiwlerinin iri saherlerinin gur gatnaw yollaryn oazislerin payyna dusyar Derya julgelerinin suwarys kanallarynyn dag eteklerinin ozlesdirilen yerleri oazisler Turkmenistanyn koplenc cetki kunjeklerinde yerlesyarler Garagum deryasynyn zonasy Turkmenistanyn gunorta boleginin ululy kicili kop oazislerini yeke tak suwarys sistemasyna birikdiryar Garagum coli Uzynlygy 1300 kilometr Garagum deryasy Turkmenistanda ykdysady we durmus ozgerisklerinin bas zonasydyr Geografik taydan has gunortada yerlesisi boyunca Garagum deryasynyn zonasy gonsy Murzecol Garsy kanallaryn zonalaryndan ozunin agroklimatik resurslary boyunca has amatlylygy bilen tapawutlanyar Garagum deryasynyn zonasynda yagtylygy we yylylygy has kop talap edyan ince suyumli gowaca we beyleki oba hojalyk ekinleri osdurilip yetisdirilyar Garagum deryasynyn zonasynda yurdumyzyn ilatynyn den yarsyndan kopusi yasayar Halkara Ykdysady Hyzmatdaslyk Guramasynyn EKO nyn agzasy bolmak bilen Turkmenistanyn geosyyasy ahmiyeti barha rowaclanyar EKO giryan 10 dowletin ahlisinin 300 million adamdanam gowrak ilaty bolup olaryn umumy meydany 7960 mun kwadrat kilometrdir Turkmenistan EKO nyn geografik ginisliginin merkezinde yerlesyar Onun usti bilen esasy halkara demir yol magistrallaryn Transaziya Demirgazyk gunorta we turbaprowodlaryn gecirilmegi barada birnace iri mocberli taslamalar islenip duzulyar Turkmenistanyn klimat resurslary gun radiyasynyn yokary derejeli oba hojalygyna yaramly gunlerin kop bolmagy klimatyn gurak we kontinentallygy bilen hasiyetlendirilyar Tutuslygyna alanynda Turkmenistanyn agroklimat resurslary oba hojalygyny onun esasy ugry suwarymly ekerancylygy alyp barmak ucin amatlydyr Yurdumyzyn mineral cig mal resurslary boyunca dunyade bay yurtlaryn hatarynda duryar Mundan basga da Turkmenistanyn territoriyasy himiki cig mallaryn gurlusyk materyallaryn zapasyna hem bay yurt hasaplanylyar Gaz we nebit Dokma senagaty Danecilik we Pagtacylyk Oba hojalygynyn umumy hasiyetnamasy Yurdumyzyn ykdysady oba hojalygy oran mohum ahmiyete eyedir Turkmenistanda ondurilyan onumlerin 40 den gowragy oba hojalyk onumleridir Turkmenistanyn oba hojalygy esasan iki pudakdan ekerancylykdan we maldarcylykdan ybaratdyr Ekerancylyk oba hojalykda ondurilyan umumy onumin 67 ini we maldarcylyk 33 ini onduryar Seylelikde yurdumyzda oba hojalygyn esasy ugry ekerancylykdyr Turkmenistanyn Prezidenti Saparmyrat Turkmenbasynyn Taze oba syyasatyna layklykda oba hojalygynda hususy eyeciligin osmegine gin yol acyldy 1998 nji yylda oba hojalygynyn umumy onuminin 62 ini ilatyn hususy hojalyklary ondurdi Geljekde onun tutyan orny has artar Turkmenistanda azyk bolculygyny doretmekde oba hojalygyn uly orny bardyr Oba hojalygyn umumy onuminin yarysyndan gowragy azyk onumlerin payyna dusyar Himiya senagatyYurdumyzda himiya senagatynyn ilkinji karhanasy Merkezi Garagumda yerlesen Derweze kukurt zawodydyr Ol 1928 nji yylda guruldy we jowzaly klimat sertlerinde transport taydan amatsyz bolany ucin bu zawod dine 1961 nji yyla cenli isledildi kukurdin kani acylandan son ol yerde 1932 nji yylda kukurt zawody ise girizildi Himiya senagaty has kop pudakly senagat Ol dag magdan himiya esasy himiya nebit himiya durmus himiyasy we farmasewtika yaly himiya senagaty kop pudaklary oz icine alyar EkerancylygyYurdumyzda ekerancylygyn asakdaky pudaklary osdurilyar Gok ekerancylyk we bakjacylyk Yokardaky ekinlerin tutyan meydany 1 mln 700 mun gektardan 1999 njy yylda gowrak bolup olarda esasy orun we degisli Dane ekinlerinin we gowacanyn ekin meydanlary ahli suwarma ekerancylygyn 80 ne barabardyr Syyahatcylyk Awaza milli syyahatcylyk zolagy MSZ Awaza Hazar denzinin gundogar kenarynda Turkmenbasy saherinden 12 km gunbatar tarapynda yerlesyar 15 iyunda 2009 birinji 3 oteller girizildi Hazar denzinin Turkmenistana degisli kenaryakasy oran tasin jana sypaly yumsak howasy we bay tebigy mumkincilikleri bilen tapawutlanyan ekologik taydan arassa zolakdyr Bu taslama Turkmenistanyn dine ozunden 1 milliarddan gowrak ny dasary yurt maya goyujylaryn 4 milliard ny gonukdirmek goz onunde tutuldy Hazirki wagtda Awa za nyn meydany 1 700 gektar mocberinde kesgitlenildi Turkmenistanyn ilaty we zahmet resurslary20 manat Ilatyn sanynyn artysy esasan iki sany usul bilen kesgitlenilyar Birinji usul bu on ygtybarly we umumy Kabul edilen usul ilatyn ucdantutma yazuwynyn gecirmekden ikinji usul bolsa hey ilatyn kopelisini hasaplamakdan we ona baha bermekden ybaratdyr Ilatyn ucdantutma yazuwynyn materiallarynyn ylmy we praktiki ahmiyeti ulydyr Garassyz Turkmenistan dowletinin taryyhynda ilkinji gezek ilatyn ucdantutma yazuwy GDA dowletlerinin arasynda ilkinji bolup 1995 nji yylyn 10 njy yanwaryndan 20 nji yanwaryna cenli gecirildi Turkmenistanyn Birleṣen Milletler Guramasynyn 1995 204 nji yyllar dowrunde yer sarynyn ilat yazuwynyn nobatdaky tapgyryny gecirmegi yglan edenden son bu mohum isi amala asyran ilkinji dowletdir Turkmenistanyn ilat sanynyn kopelisinin tablisasy su yerde Awtomobil ulaglary Awtomobil ulaglary dowletin ykdysadyyetinin in wajyp baglasdyryjy bolegidir Her yylda awtomobil ulaglary bilen 500 million tonna golay yuk dasalyar we 1 milliard yolagcy gatnadylyar Garassyzlyk yyllarynda yurtda awtoulag serisdelerinin sany 3 esseden hem artdy Awtoulaglar parky su asakdaky yaly bolunyar 77 yenil awtomobiller 19 yuk we yoritelesdirilen awtomobiller we 4 awtobuslar Hazirki wagtda dowlet ahmiyetli awtoyollaryn uzynlygy 13 7 mun km barabardyr Mundan basga da saherici we yerli ahmiyetli gaty ortukli kop catrykly yollaryn ulgamy bardyr Su gunki gun umumy uzynlygy 1 6 mun km barabar bolan Turkmenbasy Asgabat Mary Turkmenabat we Asgabat Garagum Dasoguz awtomagistrallarynyn gurlusygy boyunca isler guycli depginlerde alnyp barylyar Awtomagistrallaryn umumy ginligi 31 metr her bir gatnalyan boleginin ginligi 12 25 metrdir Su obyektlerdaki isleri 2010 njy yylda tamamlamak bellenildi Administratiw GurlusyTurkmenistanyn welayatlary Turkmenistan bas welayat we ayratyn paytagt saherden ybaratdyr Bolekler ISO 3166 2 Merkezi Meydany km Ilaty 2005 No Asgabat saheri TM S Asgabat 440 1 000 000 Ahal welayaty TM A 97 160 939 700 1 Balkan welayaty TM B Balkanabat 139 270 553 500 2 Dasoguz welayaty TM D Dasoguz 73 430 1 370 400 3 Lebap welayaty TM L Turkmenabat 93 730 1 334 500 4 Mary welayaty TM M Mary 87 150 1 480 400 5 Saherler Asgabat Balkanabat Dasoguz Kaka Mary Bayramaly Tejen Turkmenabat Turkmenbasy Gumdag Hazar Celeken Sarahs EtraplarYokary okuw mekdepleri baradaHazirki wagtda Turkmenistanda 16 sany yokary okuw jaylary bar we olarda 250 durli karler boyunca yokary hunarli spesialistler tayyarlanylyar Turkmenistanyn dowlet cepercilik akademiyasysy Halkara turkmen turk uniwersitetiti Yokary tehniki kolleji taze yokary okuw mekdeplerinin hataryna giryar Yurdumyzda Galkynys hereketinin teatrlardyr ceper howesjenler kopculiginin durmus medeni roly artyar Bizin maksadymyz Turkmenistanyn ykdysadyyetini duypli ozgertmekdir ol ozgerislikler bolsa halkyn hal yagdayyny uzul kesil yokarlandyrmaga mumkincilik berer Milli gosunyTurkmenistanyn gosunynyn sany yurdun bitaraplygy sebapli caklidir Esgerleri 36 500 bolup isjen gosun sany boyunca yurtlaryn sanawynda 92 nji yerde duryar Turkmenistanda harby gulluga yylda iki gezek gecirilyar 1 nji aprelden 30 njy iyuna cenli 1 nji oktyabrdan 31 nji dekabra cenli Taslamanyn yasy 18 bilen 27 yas aralygy Rayatlaryn hyzmat edis mohleti 2 yyl Turkmenistandaky Tanklarynyn esasy gornusleri T 90S T 72 Sowes ulaglary BMP 1 BMP 2 BMP 3 BRM 1K BRDM 1 BRDM 2 Maragly isgar dasayjy BRDM 1 BRDM 2 Tanka garsy yarag MT 12 Tanka garsy gonukdirilen raketa Malyutka ATGM Konkurs ATGM Sturm ATGM Metis ATGM Birnace ucus raketa ulgamy BM 21 Grad BM 21 Grad 1 BM 27 Uragan BM 30 Smerch Artilleriya ulgamlary 2S9 Nona S 2S1 Gwozdika 2S3 Akatsiya 122 mm D 30 howitser 152 mm D 1 howitser yaragy 152 mm D 20 howitser yaragy PM 38 Turkmenistanyn jet ucarlary Turkmen esgerlerinin baydagy Turkmenistanyn ucarlarynyn baydagy Turkmenistanyn deniz guyclerinin baydagyBeylekiGaragum Hazar denzi Turkmen palawy Turkmen milli oyunlary Turkmenistanyn telefon kodlary Turkmenlerde wagt anladylysyEdebiyatPospelov E M Geograficheskie nazvaniya mira Toponimicheskij slovar M Russkie slovari Astrel AST 2002 512 s Turkmenistan Taryh Geografiya Demografiya Medeniyet Ykdysadyyeti we Turk dowletler Azerbayjan Gazagystan Gyrgyzystan Demirgazyk Kipr Turk Respublikasy Ozbegistan Turkiye Turkmenistan Awtonom Turk Dowletler Altay Respublikasy Basgyrdystan Cuwasystan Dagystan Gundogar Turkistan Gagauzystan Garagalpagystan Krym Awtonom Respublikasy Nahcywan Tatarystan Tuwa Respublikasy Turkmenistan barada umumy maglumat Turkmenistanyn dasary isler ministrligi Aslyndan arhiwlenen gornusi

Iň soňky makalalar
  • Iýun 08, 2025

    Saparmyrat Nyýazow

  • Iýun 05, 2025

    San-Marino

  • Iýun 07, 2025

    Sami dilleri

  • Iýun 08, 2025

    Sosiologiýa

  • Iýun 08, 2025

    Nýu-ýork şäheri

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary