Žan Anri Dýunan fransuzça Jean Henri Dunant 8 maý 1828 30 oktýabr 1910 şweýsar telekeçisi we jemgyýet işgäri Fizik Žan D
Žan Genry Dunant

Žan Anri Dýunan (fransuzça Jean Henri Dunant; 8 maý 1828 - 30 oktýabr 1910) - şweýsar telekeçisi we jemgyýet işgäri. Fizik Žan-Daniel Kolladonyň ýegeni. 1901-nji ýylda Frederik Passi bilen bilelikde parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragynyň ilkinji laureaty bolýar.
Irki durmuşy we bilimi
Telekeçi Žan-Žak Dýunanyň we Antuanetta Dýunan-Kolladonyň ilkinji ogly - Anri Dýunan jemgyýetinde uly abraýy bolan maşgalada dogulýar. Onuň ene-atasy jemgyýetçilik işlerine uly ähmiýet beripdirler, kakasy ýetimlere we tussaglykdan boşadylanlara işjeň hemaýat eden bolsa, ejesi keselli we garyp adamlar kömek edipdir. Kakasy türmede we ýetimler öýünde hem işlän.
Reveil diýip bilinýän dini galkynma döwründe ulalan Dýunan 18 ýaşynda Ženewaň goşulýar. Bir ýyldan soň dostlary bilen bile, Injili öwrenmek we garyplara kömek etmek üçin ýygnanşan ýaş ýetginjekleriň açyk toparyny - "Thursday Association-y" döredýär we boş wagtynyň köp bölegini türmelere kömek etmäge we jemgyýetçilik işlerine sarp edýär.
1849-njy ýylda pes bahalary sebäpli Kalwin kollejini terk etmeli bolýar we Lullin et Sautter pul alyş-çalyş firmasynda tälim alyp başlaýar. Ony üstünlikli tamamlandan soň bankyň gullukçysy bolup galýar.
Alžir
Ol 1856-njy ýylda daşary ýurt koloniýalarynda iş alyp barmak üçin biznes gurnaýar. Fransuz koloniýasy bolan Alžirde oňa ýer berlenden soň "Financial and Industrial Company of Mons-Djémila Mills" diýip at berlen gallaçylyk we söwda kompaniýasyny açýar. Emma ýer we suw hukuklarynyň açyk-aýdyň bolmazlygy we koloniýal häkimýetleriň hyzmatdaşlyk etmäge ýykgyn etmezlikleri kompaniýaň öňünde kynçylyklary döredipdir. Dýunan ýagdaýdan çykalga tapmak üçin şol wagt öz goşuny bilen bolýan fransuz imperatory -iň göniden göni özüne ýüz tutmaly diýen karara gelýär. Fransiýa şol wagtlar häzirki Italiýaň agramly bölegini eýelän Awstriýa garşy uruş alyp barýan (Pemonta-Sardiniýa hem diýilýär) tarapynda söweşipdir. Dýunan imperatora gowşurmak niýeti bilen ony öwgiler bilen taryplaýan kitap ýazýar we oňa duşuşmak üçin fransuzlaryň ştab-kwartirasynyň ýerleşen uly bolmadyk Solferino şäherine ugraýar.
Solferino söweşi
1859-nji ýylyň 24-nji iýunynda uzak bolmadyk ýerde iki tarapyn arasynda söweş bolýar. Şol gün agşam hem Solferino gelen Dýunan söweş meýdanynda hiç hili kömeksiz diýen ýaly galan 38 müň ýaraly, jan berip ýatan we ölen adamlara gabat gelýär. Gören ahwalatyndan täsirlenen Dýunan ýaraly we keselli esgerlere kömek etmek üçin parahat ilatdan, esasan hem aýallardan we gyzlardan düzülen toparlary döretmek inisiatiwasyna öz üstüne alýar. Ýetmezçilik edýän zerur zatlary satyn almaklygy gurnaýar, wagtlaýyn keselhanalary gurmaklyga kömek edýär. Oňa, golaýda ýerleşýän şäheriniň aýallarynyň oýlap tapan "Tutti Fratelli" (Ählimiz dogandyrys) şygaryna eýgerip, haýsy tarapda uruşýandygyna garamazdan ýaralananlara kömek etmeklige ilaty yrmak başardypdyr. Şeýle-de ol fransuzlar tarapyndan ýesir alnan awstriýaly lukmanlaryň boşadylmagyny hem gazanypdyr.
Gyzyl Haç
Iýulyň başynda Ženewa gaýdyp gelenden soň Dýunan görenleri barada kitap ýazyp başlaýar we ony 1862-nji ýylda "" ady bilen öz hasabyna 1600 sany nusgada çap etdirýär. Ol kitapda söweşi, edilen çykdajylary we onuň getiren netijelerini beýan edýär. Şeýle hem geljekde ýaralanan esgerlere kömek edip biljek bitarap guramanyň bolmalydygy baradaky ideýany öňe sürýär. Ol goldaw tapmak maksady bilen kitabyny Ýewropanyň belli syýasy we harby işgärlerine iberipdir.
Öz ideýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen Ýewropa syýahat edip başlan Dýunanyň kitaby gowy garşylanýar we Ženewa maddy üpjünçilik jemgyýetiniň prezidenti, ýurist kitaby we ondaky teklipleri guramanyň 1863-nji ýylyň 9-njy fewralyndaky ýygnagynyň esasy temasyna öwürýär. Ýygnakda Dýunanyň tekliplerine agzalar tarapyndan oňyn baha berilýär we olary amala aşyrmak mümkinçiligini hasda çuňlaşdyrmak maksady bilen bäş adamdan ybarat bolan Komitet döredilýär. Oňa Dýunanyň özünden başga Muanýe, şweýsar goşun generaly we lukmanlar bilen Teodor Monuar kabul edilýär. Olaryň ilkinji ýygnagynyň geçirlen güni (1863-njy ýylyň 17-nji fewraly) häzirki wagtda döredilen güni hasaplanýar.
Guramanyň döredilen ilkinji günlerinden Muanýe bilen Dýunanyň arasynda garaýyşlary we planlary bilen bagly düşünişmezlikler we dawalar artyp başlaýar. Muanýe ýaralananlara kömek edýänleri bitarap gorag bilen üpjin etmek baradaky Dýunanyň ideýasyny durmuşa geçirmek mümkin däl hasap edensoň, oňa ol ideýadan ýüz öwürmegi maslahat berýär. Emma Dýunan saparlarynda, ýokary wezipeli syýasy we harby işgärler bilen duşuşyklarynda öz pikiriniň tarapynda çykyş edýär. Bu bolsa olaryň arasyndaky şahsy konfliktiň has hem güýçlenip, Muanýeň Dýunana we onuň ýolbaşçy bolmak baradaky meýillerine garşy hereket edip başlamagyna getirýär.
1863-nji ýylyň oktýabrynda ýaraly esgerlere kömek edilşini kämilleşdirmegi maslahat etmek üçin komitetiň Ženewada gurnan ýygnagyna 14 döwlet gatnaşýar. Onda Muanýeň tagallalary sebäpli Dýunan kagyz ýüzünde ýolbaşçy bolup galýar. Bir ýyldan soň şweýsar parlamentiniň gurnan diplomatik konferensiýasynda Ženewa konwensiýasyna 12 döwlet gol goýýar. Bu gezek bolsa Dýunana diňe gatnaşyjylaryň myhmanhanalarda ýerleşdirilmegini gurnamak ynanylýar.
Ýatdan çykarylan döwüri
Öz gumanistik ideýallaryna wepalylygy onuň Alžirdäki biznesine hem zyýan ýetirýär. 1867-nji ýylyň aprelinde "Crédit Genevois" maliýe firmasynyň tozmagy Dýunany dawaň üstünden eltýär. Ol öz kompaniýasynyň batandygyny yglan etmäge mejbur bolýar we şol ýylyň awgustynda Ženewaň Söwda Sudy tarapyndan gözboýagçylykda günäli bilinýär. Kompaniýaň çökmegi oňa maliýe taýdan goşant goşan eden maşgalasyna we dostlarynyň köpüsine uly zyýan ýetirýär. çuňňur ornaşan şäheri bolan Ženewadaky sosial närazylyklar Dýunany Halkara komitetden gitmäge çagyryp başlaýar. Ol 1868-nji ýylyň 25-nji awgustynda sekretarlyk wezipesinden gidýär, 8-nji sentýabrda bolsa komitetden doly çykarylýar. Onuň kowulmagynda 1864-nji ýylda komitetiň prezidenti bolan Muanýe esasy rol oýnaýar.
Ol 1867-nji ýylyň martynda dogduk şäherini terk edýär we ömrüniň ahyryna çenli gaýdyp gelmeýär. Dýunana dostlaryndan goldaw we kömek bolmazlygyny gazanmak üçin soňky Muanýe ýyllarda-da öz abraýyny ulanypdyr. Meselem, Parižiň bütin dünýä ýarmarkasynda "Ahlak Ylymlary baýragynyň" altyn medaly ilkibaşda planlaşdyrylşy ýaly Dýunana berilmän, pul baýragy dolulygyna Komitete gider ýaly Muanýe, Dýufur we Dýuna üçüsine bilelikde berlipdir. Eger Dýunanyň dostlary onuň bergileriniň ýarysyny üpjin eden ýagdaýynda, galan ýarysyny öz üstüne almak baradaky Napoleon III-iň teklibine böwet bolmak üçin hem Muanýe yhlas edipdir. Dýunan Pariže göçüp barandan soň mätäçlikde ýaşan hem bolsa özüniň gumanistik ideýalaryny we planlaryny terk etmeýär. Fransiýa-Prussiýa urşy (1870-1871) döwründe Umumy haýyr-sahabat jemgyýetini (Common Relief Society), az soň bolsa Gurluşyň we siwilisaziýaň umumy alýansyny (Common Alliance for Order and Civilization) esaslandyrýar. Ol ýaragsyzlandyrma barada gepleşikleriň geçirilmegini we halkara konfliktlerde araçy bolar ýaly halkara suduň döredilmelidigini nygtap gelipdir. Dýunan ýaly soň peýda bolan proýektlerde seslenme tapan dünýä kitaphanasyny döretmek ideýasynyň üstünde hem iş alyp barypdyr. Öz ideýalarynyň tarapynda çykyş edip olary ýaýmagyny dowam etdirmegi onuň şahsy ýagdaýynyň hasda kynlaşmagyna, öňküden beter bergä batmagyna, ondan tanyşlarynyň hem gaçyp başlamagyna getirýär. Awstriýaň, Niderlandlaryň, Şwesiýaň, Prussiýaň we Ispaniýaň milli Gyzyl Haç jemgyýetleriniň hormatly agzasy bellenilmegine garamazdan, Gyzyl Haç Hereketiniň resmi sahnasynda düýbünden diýen ýaly ýatdan çykarylýar. Ol 1874-1886-njy ýyllar aralygynda Ştutgart, Rim, Korfu, Basel, Karlsrue şäherlerinde garyplykda ýaşaýar. Ştutgartda bolan döwri Týubingen uniwersitetiniň talyby Rudolf Mýuller bilen tanyşýar we onuň bilen ýakyn dostlukda bolýar. 1881-nji ýylda ştutgartly dostlary bilen bilelikde Şweýsariýaň kiçeňräk Haýden kurort obasyna gidip görýär. 1887-nji ýylda Londonda ýaşaýan döwri uzak garyndaşlaryndan maliýe kömek alyp başlaýar. Bu oňa ýaşaýyş şertlerini azda-kände gowulaşdyrmaga mümkinçilik berýär, we şol ýylyň iýuly Haýdene göçüp barýar. 1892-njy ýylda saglyk ýagdaýy sebäpli Dr. Hermann Altherr-iň ýolbaşçylyk edýän hassahanasyna we garrylar öýüne ýerleşýär we ömrüniň soňky 18 ýylyny şol ýerde geçirýär. Haýdende ol ýaş alym Wilgelm Sonderegger we onuň aýaly Sýuzanna bilen tanyşýar. Olar Dýunany öz durmuş tejribesini beýan etmäge ruhlandyrýarlar. Ol Sýuzannaň Haýdende açan Gyzyl Haç bölümine 1890-njy ýylda hormatly prezident bellenilýär. Dýunan Sondereggerler bilen öz ideýalarynyň hasda öňe gitmegine, şol sanda öz kitabynyň täze neşiriniň çap edilmegine ynam edýär. Emma Sondereggeri Muanýe bilen Ženewada özüne garşy dildüwşik gurnamakda esassyz aýyplamagy olaryň gatnaşyklaryny ýitileşdiripdir. 1904-nji ýylda Sonderegger 42 ýaşynda aradan çykýar. Dostluk gatnaşyklarynyň peselendigine garamazdan garaşylmadyk ölüm oňa agyr täsir edipdir. Wilgelm we Sýuzanna Sondereggerleriň Dýunana onuň aýyplamalardan soň hem hormat bilen garamagyny olaryň çagalary hem dowam edipdirler. 1935-nji ýylda olaryň ogly Rene Dýunanyň öz kakasyna ýazan hatlarynyň ýygyndysyny çap etdirýär. Köpçülige gaýdyp gelmegi
1895-nji ýylda St.Gallende çykýan "Die Ostschweiz" gazediniň baş redaktory Georg Baumberger Haýdende gezelençde mahaly Dýunan bilen söhbetdeş bolýar we bir aýdan soň ol barada makala ýazýar. Ol makala "Anri Dýunan, Gyzyl Haç-y esaslandyryjy" ady bilen "Über Land und Meer" nemes žurnalynda peýda bolýar we tiz wagtda Ýewropanyň beýleki neşirlerinde hem çap edilýär. Makala adamlarda seslenme tapyp, Dýunana abraýy hem-de goldawy gaýtaryp getirýär. Oňa "Swiss Binet-Fendt" baýragy berilýär, Rim Papasy Lew XIII-den hat gelýär. Russiýaň dul patyşa zenany Mariýa Feýodorownaň we başgalaryň hemaýat bermeginde maliýe ýagdaýy hem öňkülerden has gowulaşýar.
1897-nji ýylda Ştutgartda mugallym bolup işläp ýören Rudolf Mýuller Gyzyl Haç-yň döredilşi hakynda ýazan kitabynda, Dýunanyň guramanyň esaslandyrylmagyndaky roluny bellemek üçin, Gyzyl Haç-yň döredilşiniň resmi taryhyny düzeldýär. Kitapda "Solferino söweşiniň ýatlamalarynyň" tekstini hem getiripdir. Dýunan awstriýaly ýazyjy Berta fon Zutner bilen hem hat alyşypdyr, köp sanly makalalary, ylmy işleri ýazypdyr. Aýratyn hem aýallaryň hukuklary barada köp ýazypdyr, 1897-nji ýylda "Ýaşyl Haç" aýallar guramasyny esaslandyrmaga ýardam edipdir.
Parahatçylyk Nobel baýragy
1901-nji ýylda Gyzyl Haç Halkara Hereketini döretmekde we Ženewa konwensiýasynyň başlangyjyny tutmakda bitiren işleri üçin Dýunan ilkinji bolup parahatçylyk ugry boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. Dýunanyň kandidaturasyny norwegiýaly harby lukman Hans Daae goldapdyr. Dýunan baýraga esaslandyran fransuz pasifisti Frederik Passi bilen bilelikde eýe bolupdyr. Halkara komitetden resmi gutlagyň gelmegi onuň bitiren işleriniň ahyrsoňy ykrar edilendigini görkezipdir:
"Bu hormata 40 ýyl mundan ozal söweş meýdanynda ýaralananlara kömek etmek üçin döredilen halkara guramanyň düýbini tutan adamdan başga mynasyp hiç kim ýokdur. Sizsiz adamzadyň XIX asyrda ynsanperwerlikde gazanan in uly üstünligi - Gyzyl Haç megerem hiç haçan bolmazdy".
Baýraga Muanýe we Halkara komitetiň özi hem hödürlenipdir. Dýunanyň kandidatirasy saylaw prosesinde giňden goldaw tapan bolsada, ol jedelli dalaşgär bolmagynda galypdyr. Käbirleri Gyzyl Haç-yň we Ženewa konwensiýasynyň uruşdaky ejir çekmeleriň azalmagyna getirendigi nygtapdyrlar. Mýuller komitete ýazan hatynda baýragyň çekişmelerde birnäçe wagtlap esasy dalaşgär bolan Passiň hem-de Dýunanyň arasynda paýlanylmalydygyny belläpdir. Şeýle hem ol, eger baýrak Dýunana gowşuryljak bolsa, onda onuň gartaşan ýaşyny we saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny göz öňüne tutup, baýragyň mümkin boldugyça tiz berilmegini teklip edipdir. Baýragy Passi bilen Dýunanyň arasynda bölmek bilen Nobel komiteti soňky ýyllara hem öz täsirini ýetirjek ýagdaýy döredipdir. Sebäbi Nobeliň wesýetnamasynyň bir bölüminde baýragyň goşunlary azaltmak (ýa-da ýatyrmak) ýa-da parahatçylyk konferensiýalaryny ýaýmak üçin gönüden-göni iş alyp baran bir adama berilmelidigi barada aýdylyp geçilýändigine seretseň, baýraga Passi laýyk gelýär. Emma Nobeliň wesýetiniň başga bölüminde baýragyň "adamlaryň arasynda dostluk-doganlygy" artdyrmakda özüni görkezen adama berilmelidigi barada hem bellenilip geçilmegi Dýunanyň alyp baran işleriniň hem oňa laýyk gelýändigini görkezipdir. Soňky ýyllarda hem bu baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda iki kategoriýaň birine gabat gelenler köp bolupdyr.
Hans Daae pul baýragyň Dýunana düşýän bölegini - 104 müň şweýsar frankyny Norwegiýa Bankynda ýerleşdiripdir we ony Dýunanyň algydarlarynyň almagyna ýol bermändir. Dýunanyň özi ol puly hiç haçan ulanmandyr.
Ölümi we mirasy
Soňraky ýyllarda Dýunana birnäçe sylaglar bir hatarda, medisina fakultetiniň hormatly doktory ady hem berlipdir. Ol ömrüniň ahyryna çenli garrylar öýünde ýaşaýar. Ömrüniň soňky ýyllarynda sustypeslikden hem-de Muanýe we algydarlary yzarlar diýen paranoýýadan ejir çekipdir. Hatda zäherlenmekden heder edip, aşpezden nahary gözüniň alnynda dadyp görmegini talap eden günleri hem bolupdyr.
Şepagat uýalarynyň aýtmaklaryna görä, onuň iň soňky eden işi Mýulleriň kitabynyň nusgasyny Italiýaň şa zenanyna ibermegi bolupdyr. Dýunanyň 1910-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda aradan çykýar. Ölmezinden öň aýdan soňky sözleri "Adamkärçilik nirä ýitirim boldy?" bolupdyr. Ol öz duşmany Muanýeden iki aý soň ölýär. Halkara komitetiň gutlaglaryna garamazdan, iki bäsdeş barybir ýaraşyk gazanyp bilmändirler.
Ol Zilfeld öwülýäsinde özüniň sargyt edişi ýaly hiç hili dabarasyz jaýlanýar. Wesýetnamasynda öz serişdelerini garyp raýatlara mydama açyk bolar ýaly Haýdeniň garrylar öýüne, Norwegiýanyň we Şweýsariýaň haýyr-sahawat guramalaryna wesýet edipdir. Galan serişdeleri bergilerini bölekleýin üzmeklige gidipdir. Öz bergilerini dolulygyna üzüp bilmezligi onuň üçin ölünçä agyr ýük bolupdyr.
Häzirki wagtda Dýunanyň doglan güni bolan 8-nji maýda Gyzyl Haç komitetiniň bütindünýä güni bellenilýär. Haýdeniň öňki garrylar öýünde häzir Anri Dýunanyň muzeýi ýerleşýär. Ženewada we başga ýerlerde onuň ady dakylan birnäçe köçeler, mekdepler bar. Halkara Gyzyl Haç-yň iň ýokary sylagy bolan "Anri Dýunan medaly" (The Henry Dunant Medal) onuň hemişelik hereket edýän topary tarapyndan her iki ýyldan gowşurylyp durulýar.
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Žan Genry Dunant hakda maglumat, Žan Genry Dunant näme? Žan Genry Dunant näme diýmek?
Zan Anri Dyunan fransuzca Jean Henri Dunant 8 may 1828 30 oktyabr 1910 sweysar telekecisi we jemgyyet isgari Fizik Zan Daniel Kolladonyn yegeni 1901 nji yylda Frederik Passi bilen bilelikde parahatcylyk ugry boyunca Nobel bayragynyn ilkinji laureaty bolyar Irki durmusy we bilimiTelekeci Zan Zak Dyunanyn we Antuanetta Dyunan Kolladonyn ilkinji ogly Anri Dyunan jemgyyetinde uly abrayy bolan masgalada dogulyar Onun ene atasy jemgyyetcilik islerine uly ahmiyet beripdirler kakasy yetimlere we tussaglykdan bosadylanlara isjen hemayat eden bolsa ejesi keselli we garyp adamlar komek edipdir Kakasy turmede we yetimler oyunde hem islan Reveil diyip bilinyan dini galkynma dowrunde ulalan Dyunan 18 yasynda Zenewan gosulyar Bir yyldan son dostlary bilen bile Injili owrenmek we garyplara komek etmek ucin yygnansan yas yetginjeklerin acyk toparyny Thursday Association y doredyar we bos wagtynyn kop bolegini turmelere komek etmage we jemgyyetcilik islerine sarp edyar 1849 njy yylda pes bahalary sebapli Kalwin kollejini terk etmeli bolyar we Lullin et Sautter pul alys calys firmasynda talim alyp baslayar Ony ustunlikli tamamlandan son bankyn gullukcysy bolup galyar AlzirOl 1856 njy yylda dasary yurt koloniyalarynda is alyp barmak ucin biznes gurnayar Fransuz koloniyasy bolan Alzirde ona yer berlenden son Financial and Industrial Company of Mons Djemila Mills diyip at berlen gallacylyk we sowda kompaniyasyny acyar Emma yer we suw hukuklarynyn acyk aydyn bolmazlygy we koloniyal hakimyetlerin hyzmatdaslyk etmage yykgyn etmezlikleri kompaniyan onunde kyncylyklary doredipdir Dyunan yagdaydan cykalga tapmak ucin sol wagt oz gosuny bilen bolyan fransuz imperatory in goniden goni ozune yuz tutmaly diyen karara gelyar Fransiya sol wagtlar hazirki Italiyan agramly bolegini eyelan Awstriya garsy urus alyp baryan Pemonta Sardiniya hem diyilyar tarapynda sowesipdir Dyunan imperatora gowsurmak niyeti bilen ony owgiler bilen taryplayan kitap yazyar we ona dususmak ucin fransuzlaryn stab kwartirasynyn yerlesen uly bolmadyk Solferino saherine ugrayar Solferino sowesi1859 nji yylyn 24 nji iyunynda uzak bolmadyk yerde iki tarapyn arasynda sowes bolyar Sol gun agsam hem Solferino gelen Dyunan sowes meydanynda hic hili komeksiz diyen yaly galan 38 mun yaraly jan berip yatan we olen adamlara gabat gelyar Goren ahwalatyndan tasirlenen Dyunan yaraly we keselli esgerlere komek etmek ucin parahat ilatdan esasan hem ayallardan we gyzlardan duzulen toparlary doretmek inisiatiwasyna oz ustune alyar Yetmezcilik edyan zerur zatlary satyn almaklygy gurnayar wagtlayyn keselhanalary gurmaklyga komek edyar Ona golayda yerlesyan saherinin ayallarynyn oylap tapan Tutti Fratelli Ahlimiz dogandyrys sygaryna eygerip haysy tarapda urusyandygyna garamazdan yaralananlara komek etmeklige ilaty yrmak basardypdyr Seyle de ol fransuzlar tarapyndan yesir alnan awstriyaly lukmanlaryn bosadylmagyny hem gazanypdyr Gyzyl HacIyulyn basynda Zenewa gaydyp gelenden son Dyunan gorenleri barada kitap yazyp baslayar we ony 1862 nji yylda ady bilen oz hasabyna 1600 sany nusgada cap etdiryar Ol kitapda sowesi edilen cykdajylary we onun getiren netijelerini beyan edyar Seyle hem geljekde yaralanan esgerlere komek edip biljek bitarap guramanyn bolmalydygy baradaky ideyany one suryar Ol goldaw tapmak maksady bilen kitabyny Yewropanyn belli syyasy we harby isgarlerine iberipdir Oz ideyalaryny ornasdyrmak maksady bilen Yewropa syyahat edip baslan Dyunanyn kitaby gowy garsylanyar we Zenewa maddy upjuncilik jemgyyetinin prezidenti yurist kitaby we ondaky teklipleri guramanyn 1863 nji yylyn 9 njy fewralyndaky yygnagynyn esasy temasyna owuryar Yygnakda Dyunanyn tekliplerine agzalar tarapyndan onyn baha berilyar we olary amala asyrmak mumkinciligini hasda cunlasdyrmak maksady bilen bas adamdan ybarat bolan Komitet doredilyar Ona Dyunanyn ozunden basga Muanye sweysar gosun generaly we lukmanlar bilen Teodor Monuar kabul edilyar Olaryn ilkinji yygnagynyn gecirlen guni 1863 njy yylyn 17 nji fewraly hazirki wagtda doredilen guni hasaplanyar Guramanyn doredilen ilkinji gunlerinden Muanye bilen Dyunanyn arasynda garayyslary we planlary bilen bagly dusunismezlikler we dawalar artyp baslayar Muanye yaralananlara komek edyanleri bitarap gorag bilen upjin etmek baradaky Dyunanyn ideyasyny durmusa gecirmek mumkin dal hasap edenson ona ol ideyadan yuz owurmegi maslahat beryar Emma Dyunan saparlarynda yokary wezipeli syyasy we harby isgarler bilen dususyklarynda oz pikirinin tarapynda cykys edyar Bu bolsa olaryn arasyndaky sahsy konfliktin has hem guyclenip Muanyen Dyunana we onun yolbascy bolmak baradaky meyillerine garsy hereket edip baslamagyna getiryar 1863 nji yylyn oktyabrynda yaraly esgerlere komek edilsini kamillesdirmegi maslahat etmek ucin komitetin Zenewada gurnan yygnagyna 14 dowlet gatnasyar Onda Muanyen tagallalary sebapli Dyunan kagyz yuzunde yolbascy bolup galyar Bir yyldan son sweysar parlamentinin gurnan diplomatik konferensiyasynda Zenewa konwensiyasyna 12 dowlet gol goyyar Bu gezek bolsa Dyunana dine gatnasyjylaryn myhmanhanalarda yerlesdirilmegini gurnamak ynanylyar Yatdan cykarylan dowuriOz gumanistik ideyallaryna wepalylygy onun Alzirdaki biznesine hem zyyan yetiryar 1867 nji yylyn aprelinde Credit Genevois maliye firmasynyn tozmagy Dyunany dawan ustunden eltyar Ol oz kompaniyasynyn batandygyny yglan etmage mejbur bolyar we sol yylyn awgustynda Zenewan Sowda Sudy tarapyndan gozboyagcylykda gunali bilinyar Kompaniyan cokmegi ona maliye taydan gosant gosan eden masgalasyna we dostlarynyn kopusine uly zyyan yetiryar cunnur ornasan saheri bolan Zenewadaky sosial narazylyklar Dyunany Halkara komitetden gitmage cagyryp baslayar Ol 1868 nji yylyn 25 nji awgustynda sekretarlyk wezipesinden gidyar 8 nji sentyabrda bolsa komitetden doly cykarylyar Onun kowulmagynda 1864 nji yylda komitetin prezidenti bolan Muanye esasy rol oynayar Ol 1867 nji yylyn martynda dogduk saherini terk edyar we omrunin ahyryna cenli gaydyp gelmeyar Dyunana dostlaryndan goldaw we komek bolmazlygyny gazanmak ucin sonky Muanye yyllarda da oz abrayyny ulanypdyr Meselem Parizin butin dunya yarmarkasynda Ahlak Ylymlary bayragynyn altyn medaly ilkibasda planlasdyrylsy yaly Dyunana berilman pul bayragy dolulygyna Komitete gider yaly Muanye Dyufur we Dyuna ucusine bilelikde berlipdir Eger Dyunanyn dostlary onun bergilerinin yarysyny upjin eden yagdayynda galan yarysyny oz ustune almak baradaky Napoleon III in teklibine bowet bolmak ucin hem Muanye yhlas edipdir Dyunan Parize gocup barandan son mataclikde yasan hem bolsa ozunin gumanistik ideyalaryny we planlaryny terk etmeyar Fransiya Prussiya ursy 1870 1871 dowrunde Umumy hayyr sahabat jemgyyetini Common Relief Society az son bolsa Gurlusyn we siwilisaziyan umumy alyansyny Common Alliance for Order and Civilization esaslandyryar Ol yaragsyzlandyrma barada geplesiklerin gecirilmegini we halkara konfliktlerde aracy bolar yaly halkara sudun doredilmelidigini nygtap gelipdir Dyunan yaly son peyda bolan proyektlerde seslenme tapan dunya kitaphanasyny doretmek ideyasynyn ustunde hem is alyp barypdyr Oz ideyalarynyn tarapynda cykys edip olary yaymagyny dowam etdirmegi onun sahsy yagdayynyn hasda kynlasmagyna onkuden beter berga batmagyna ondan tanyslarynyn hem gacyp baslamagyna getiryar Awstriyan Niderlandlaryn Swesiyan Prussiyan we Ispaniyan milli Gyzyl Hac jemgyyetlerinin hormatly agzasy bellenilmegine garamazdan Gyzyl Hac Hereketinin resmi sahnasynda duybunden diyen yaly yatdan cykarylyar Ol 1874 1886 njy yyllar aralygynda Stutgart Rim Korfu Basel Karlsrue saherlerinde garyplykda yasayar Stutgartda bolan dowri Tyubingen uniwersitetinin talyby Rudolf Myuller bilen tanysyar we onun bilen yakyn dostlukda bolyar 1881 nji yylda stutgartly dostlary bilen bilelikde Sweysariyan kicenrak Hayden kurort obasyna gidip goryar 1887 nji yylda Londonda yasayan dowri uzak garyndaslaryndan maliye komek alyp baslayar Bu ona yasayys sertlerini azda kande gowulasdyrmaga mumkincilik beryar we sol yylyn iyuly Haydene gocup baryar 1892 njy yylda saglyk yagdayy sebapli Dr Hermann Altherr in yolbascylyk edyan hassahanasyna we garrylar oyune yerlesyar we omrunin sonky 18 yylyny sol yerde geciryar Haydende ol yas alym Wilgelm Sonderegger we onun ayaly Syuzanna bilen tanysyar Olar Dyunany oz durmus tejribesini beyan etmage ruhlandyryarlar Ol Syuzannan Haydende acan Gyzyl Hac bolumine 1890 njy yylda hormatly prezident bellenilyar Dyunan Sondereggerler bilen oz ideyalarynyn hasda one gitmegine sol sanda oz kitabynyn taze nesirinin cap edilmegine ynam edyar Emma Sondereggeri Muanye bilen Zenewada ozune garsy dilduwsik gurnamakda esassyz ayyplamagy olaryn gatnasyklaryny yitilesdiripdir 1904 nji yylda Sonderegger 42 yasynda aradan cykyar Dostluk gatnasyklarynyn peselendigine garamazdan garasylmadyk olum ona agyr tasir edipdir Wilgelm we Syuzanna Sondereggerlerin Dyunana onun ayyplamalardan son hem hormat bilen garamagyny olaryn cagalary hem dowam edipdirler 1935 nji yylda olaryn ogly Rene Dyunanyn oz kakasyna yazan hatlarynyn yygyndysyny cap etdiryar Kopculige gaydyp gelmegi 1895 nji yylda St Gallende cykyan Die Ostschweiz gazedinin bas redaktory Georg Baumberger Haydende gezelencde mahaly Dyunan bilen sohbetdes bolyar we bir aydan son ol barada makala yazyar Ol makala Anri Dyunan Gyzyl Hac y esaslandyryjy ady bilen Uber Land und Meer nemes zurnalynda peyda bolyar we tiz wagtda Yewropanyn beyleki nesirlerinde hem cap edilyar Makala adamlarda seslenme tapyp Dyunana abrayy hem de goldawy gaytaryp getiryar Ona Swiss Binet Fendt bayragy berilyar Rim Papasy Lew XIII den hat gelyar Russiyan dul patysa zenany Mariya Feyodorownan we basgalaryn hemayat bermeginde maliye yagdayy hem onkulerden has gowulasyar 1897 nji yylda Stutgartda mugallym bolup islap yoren Rudolf Myuller Gyzyl Hac yn doredilsi hakynda yazan kitabynda Dyunanyn guramanyn esaslandyrylmagyndaky roluny bellemek ucin Gyzyl Hac yn doredilsinin resmi taryhyny duzeldyar Kitapda Solferino sowesinin yatlamalarynyn tekstini hem getiripdir Dyunan awstriyaly yazyjy Berta fon Zutner bilen hem hat alysypdyr kop sanly makalalary ylmy isleri yazypdyr Ayratyn hem ayallaryn hukuklary barada kop yazypdyr 1897 nji yylda Yasyl Hac ayallar guramasyny esaslandyrmaga yardam edipdir Parahatcylyk Nobel bayragy1901 nji yylda Gyzyl Hac Halkara Hereketini doretmekde we Zenewa konwensiyasynyn baslangyjyny tutmakda bitiren isleri ucin Dyunan ilkinji bolup parahatcylyk ugry boyunca Nobel bayragyna mynasyp bolyar Dyunanyn kandidaturasyny norwegiyaly harby lukman Hans Daae goldapdyr Dyunan bayraga esaslandyran fransuz pasifisti Frederik Passi bilen bilelikde eye bolupdyr Halkara komitetden resmi gutlagyn gelmegi onun bitiren islerinin ahyrsony ykrar edilendigini gorkezipdir Bu hormata 40 yyl mundan ozal sowes meydanynda yaralananlara komek etmek ucin doredilen halkara guramanyn duybini tutan adamdan basga mynasyp hic kim yokdur Sizsiz adamzadyn XIX asyrda ynsanperwerlikde gazanan in uly ustunligi Gyzyl Hac megerem hic hacan bolmazdy Bayraga Muanye we Halkara komitetin ozi hem hodurlenipdir Dyunanyn kandidatirasy saylaw prosesinde ginden goldaw tapan bolsada ol jedelli dalasgar bolmagynda galypdyr Kabirleri Gyzyl Hac yn we Zenewa konwensiyasynyn urusdaky ejir cekmelerin azalmagyna getirendigi nygtapdyrlar Myuller komitete yazan hatynda bayragyn cekismelerde birnace wagtlap esasy dalasgar bolan Passin hem de Dyunanyn arasynda paylanylmalydygyny bellapdir Seyle hem ol eger bayrak Dyunana gowsuryljak bolsa onda onun gartasan yasyny we saglyk yagdayynyn agyrdygyny goz onune tutup bayragyn mumkin boldugyca tiz berilmegini teklip edipdir Bayragy Passi bilen Dyunanyn arasynda bolmek bilen Nobel komiteti sonky yyllara hem oz tasirini yetirjek yagdayy doredipdir Sebabi Nobelin wesyetnamasynyn bir boluminde bayragyn gosunlary azaltmak ya da yatyrmak ya da parahatcylyk konferensiyalaryny yaymak ucin gonuden goni is alyp baran bir adama berilmelidigi barada aydylyp gecilyandigine seretsen bayraga Passi layyk gelyar Emma Nobelin wesyetinin basga boluminde bayragyn adamlaryn arasynda dostluk doganlygy artdyrmakda ozuni gorkezen adama berilmelidigi barada hem bellenilip gecilmegi Dyunanyn alyp baran islerinin hem ona layyk gelyandigini gorkezipdir Sonky yyllarda hem bu bayraga mynasyp bolanlaryn arasynda iki kategoriyan birine gabat gelenler kop bolupdyr Hans Daae pul bayragyn Dyunana dusyan bolegini 104 mun sweysar frankyny Norwegiya Bankynda yerlesdiripdir we ony Dyunanyn algydarlarynyn almagyna yol bermandir Dyunanyn ozi ol puly hic hacan ulanmandyr Olumi we mirasySonraky yyllarda Dyunana birnace sylaglar bir hatarda medisina fakultetinin hormatly doktory ady hem berlipdir Ol omrunin ahyryna cenli garrylar oyunde yasayar Omrunin sonky yyllarynda sustypeslikden hem de Muanye we algydarlary yzarlar diyen paranoyyadan ejir cekipdir Hatda zaherlenmekden heder edip aspezden nahary gozunin alnynda dadyp gormegini talap eden gunleri hem bolupdyr Sepagat uyalarynyn aytmaklaryna gora onun in sonky eden isi Myullerin kitabynyn nusgasyny Italiyan sa zenanyna ibermegi bolupdyr Dyunanyn 1910 njy yylyn 30 njy oktyabrynda aradan cykyar Olmezinden on aydan sonky sozleri Adamkarcilik nira yitirim boldy bolupdyr Ol oz dusmany Muanyeden iki ay son olyar Halkara komitetin gutlaglaryna garamazdan iki basdes barybir yarasyk gazanyp bilmandirler Ol Zilfeld owulyasinde ozunin sargyt edisi yaly hic hili dabarasyz jaylanyar Wesyetnamasynda oz serisdelerini garyp rayatlara mydama acyk bolar yaly Haydenin garrylar oyune Norwegiyanyn we Sweysariyan hayyr sahawat guramalaryna wesyet edipdir Galan serisdeleri bergilerini bolekleyin uzmeklige gidipdir Oz bergilerini dolulygyna uzup bilmezligi onun ucin olunca agyr yuk bolupdyr Hazirki wagtda Dyunanyn doglan guni bolan 8 nji mayda Gyzyl Hac komitetinin butindunya guni bellenilyar Haydenin onki garrylar oyunde hazir Anri Dyunanyn muzeyi yerlesyar Zenewada we basga yerlerde onun ady dakylan birnace koceler mekdepler bar Halkara Gyzyl Hac yn in yokary sylagy bolan Anri Dyunan medaly The Henry Dunant Medal onun hemiselik hereket edyan topary tarapyndan her iki yyldan gowsurylyp durulyar