Azərbaycan  AzərbaycanMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  Türkiyə
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Bu makalada hiç bir maglumat hakynda ýok Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir Bu maglu

Günorta Afrika Respublikasy

  • Baş sahypa
  • Günorta Afrika Respublikasy
Günorta Afrika Respublikasy
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda ýok. Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir. Bu maglumatlaryň ygtybarlylygy belli däl. Bu mowzuga degişli ygtybarly çeşme bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly salgylanma üpjün etmek bilen okyjylara ýardam berip bilersiňiz. Degişli ýörgünli salgylanmalar görkezilenden soňra bu duýduryşy öçürmegi unutmaň.
Günorta Afrika
(Baýdag) (Gerb)

Günorta Afrika Respublikasy (GAR) ( Republiek van Suid-Afrika; iňl. Republic of South Africa) — Afrika kontinentiniň günorta böleginde ýerleşýän döwlet. Ol demirgazykda Namibiýa, Botswana we Zimbabwe, demirgazyk-gündogarda Mozambik we Eswatini bilen serhetleşýär.

Afrikanyň günortasynda ýerleşýän döwlet. Kenarlaryny Atlantik we Hindi okeanlary ýuwýar. Tutýan meýdany 1,2 million inedördül kilometr. Ilaty 43 million adamdan geçýär. Olaryň 76 göterimi afrikalylar, galan bölegini bolsa beýleki milletler tutýar.

Resmi dili

GAR-da dürli halklaryň we etniki toparlaryň arasynda ulanylýan dilleri hem hasaba alanyňda, ýurtda 11 sany dil ulanylýar. Olar: afrikaans, iňlis, ndebele, kosa, zulu, pedi, suto, tswana, swazi, wenda we tsonga. Käbir maglumatlara görä, zulu iň köp ýaýran dil hasaplanýar. Ilatyň 22,9 göterimi şol dilde gürleýär. Halkyň 17,9 göterimi kosa, 14,4 göterimi Afrikaans, 9,2 göterimi pedi we 8,6 göterimi iňlis dilinde gürleşýär. Iňlis dili resmi we iş ýüzünde köp ulanylýar.

Dini

Günorta Afrikanyň ilatynyň 80 göterimi diýen ýaly hristian dinine uýýar. Şeýle hem ýurtda induizm, yslam we iudaizm dinine hem uýýanlar bar. Ýurduň ilatynyň belli bir bölegi bolsa ýokarda agzalan dinlere uýman, eýsem öz däp-dessurlaryna ynanýarlar. Afrika yklymynyň günorta böleginde ýerleşýän GAR demirgazykda Namibiýa, Botswana we Zimbabwe, demirgazyk-gündogarda Mozambik we Eswatini bilen araçäkleşýär. Umumy maglumatlar

GAR Afrika yklymynyň etniki taýdan köp milletli ýurdy hasaplanýar. Ol tebigy baýlyklara baý bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de yklymyň ykdysady taýdan iň ösen ýurdudyr. GAR ykdysady ösüşi boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öz ornuny aldy. GAR 50-den gowrak halkara guramalaryň agzasydyr, şeýle hem 1946-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Ýurtda ösümlikleriň 16 müň görnüşi bar. 18 sany milli seýilgäh döredildi. GAR-yň käbir goraghanalary Dongola goraghanasynyň düzümine girýär. Günorta Afrika ýewropalylaryň aralaşmagy bilen ýurduň haýwanat dünýäsi barada täze maglumat çykyp ugrady. Ýurdun baý haýwanat dünýäsi bar. Soňky ýyllarda dürli görnüşdäki haýwanlaryň awlanmagy azaldy. Ýurduň köp böleginde pillere duş gelmek bolýar. Mundan öň köp duş gelinýän haýwanlardan ýolbarslara indiden beýläk diňe Krýuger milli seýilgähinde duş gelmek bolýar.

Ilaty

2001-nji ýyldaky maglumatlara görä, ýurtda ilatyň gürlügi boýunça 1 inedördül kilometre 36,8 adam düşýär. Ýohannesburg, Keýptaun we Durban ýaly şäherlerde köp adam ýaşaýar. 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda ýurduň ilatynyň ortaça köpelişi birneme yza galdy. 2004-nji ýyldaky maglumatlara seredeniňde ýurduň ilatynyň 64 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Iri şäherleri - Keýptaun (4 million adam), Durban, Ýohannesburg, Port-Elizabet, Piterma-risburg we Blumfonteýn. Ýurda Zimbabwe, Nigeriýa, Hytaý we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlardan adamlar ýaşamaga gelipdir.

GAR-daky şahtalarda we fermalarda işlemek üçin Eswatini, Lesoto we Botswana ýaly ýurtlardan adamlar gelýärler. 2003-nji ýylda GAR-dan ABŞ-a, Ýewropa ýurtlaryna, Awstraliýa we Täze Zelandiýa 10 müňe golaý adam iş bilen gidýär. Olaryň agramly bölegini lukmanlar. hasapçylar we mugallymlar tutýar. 2000-nji ýyldan bäri emigrant we immigrantlaryň arasyndaky tapawut kem-kemden azalýar.

Döwlet gurluşy

Günorta Afrika federalizm elementi bolan respublika. 1996-njy ýylda kabul edilen konstitusiýa hereket edýär. Döwlet baştutany we Ýaragly güýçleriň baş serkerdebaşysy – prezident. Prezidentiň iş möhleti bäş ýyl, ol iki gezekligine şaýlanyp bilýär. Kanun çykaryjy organy iki palataly parlament ýerine ýetirýär. Olar Milli Assambleýa (400 orunlyk) we Milli welaýatlar geňeşi (90 orun). Milli assambleýadaky deputatlar 5 ýyllyk möhlete saýlanýar. Prezident – Mbeki Tabo. Ol 2004-nji ýylyň 23-nji aprelinde prezident saýlandy. Ondan öň bolsa 1999-njy ýylda prezidentlige saýlanypdy. Prezidentiň orunbasary-Mlambo-Ngkuka Fumzile. 2005-nji ýylda bu wezipä bellendi. Döwlet 9 welaýatdan durýar. Olar: gündogar Keýp, Gauteng, günbatar Keýp, Kwazulu-Natal, Limpopo, Mpumalanga, erkin respublika, demirgazyk-günbatar we merkezi Keýp.

Kazyýet ulgamy

Ýurduň kazyýet ulgamy roman-golland we iňlis hukugynyň ýörelgeleri esasyndan döredildi. Döwletde konstitusion, ýokary apellýasion, ýokary kazyýet we magistratur kazyýetler hereket edýär.

Goranmak güýji

2002-nji ýyldaky maglumatlara görä, Günorta Afrikanyň milli goranmak güýçleriniň düzüminde 60 müň esger bar. Günorta Afrika bilen ABŞ-nyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Günorta Afrikanyň harby güýçleri BMG-niň baýdagynyň astynda Burundi, Şirmaýy Kenar Respublikasy, Sudan ýaly bimäçe Afrika ýurtlarynda parahatçylyk ugrundaky hereketlere gatnaşdy. 2004-nji ýyldaky maglumata görä, ýurtda goranmak pudagy üçin 3,172 milliard dollar harçlandy.

Daşary syýasaty

Günorta Afrika dünýäniň ähli ýurtlary bilen şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy özüniň daşary syýasatynyň ileri tutyan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Botswana, Lesoto we Eswatini bilen ykjam gatnaşyklar ýola goýuldy. Günorta Afrika Beýik Britaniýanyň Afrika yklymyndaky esasy daşary syýasy hyzmatdaşy hasaplanýar. Prezident Mbeki ýurduň halkara jemgyýetçiliginde we dünýädäki abraýyny belende galdyrmak üçin işjeň zähmet çekýär. GAR – BMG-niň işjeň agzasydyr. Şonuň üçin hem bu döwlet BMG-niň Afrika yklymyndaky parahatçylyk hereketlerine işjeň gatnaşýar.

Syýasy partiýalary

Günorta Afrika köp partiýaly döwlet. Ýurtda 20 sany syýasy partiýa hasaba alyndy. Olaryň iň abraýlylary şeýleräk:

  • “Günorta Afrikanyň Milli kongresi” partiýasy. Başlygy - prezident Mbeki Tabo. Ýurduň esasy syýasy guramalarynyň biridir. 1912-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda döredildi. 1994-nji ýyldan bäri döwleti dolandyryp gelýän partiýadyr.
  • “Demokratik alýansy” partiýasy. Başlygy - Leon Toni. Partiýa 2000-nji ýylda döredildi.
  • “Demokratiýa hereketiniň birleşigi” partiýasy. Başlygy - Holomisa Bantu. 1997-nji ýylyň sentýabrynda esaslandyryldy.
  • “Garaşsyz demokratlar” partiýasy. Başlygy - De Lill Patrisiýa. 2003-nji ýylyň martynda döredildi.

Ykdysadyýeti

Günorta Afrika Respublikasy Afrika yklymynda ykdysady gatnaşyklar babatda iň ösen ýurtlaryň biridir. Dünýä ülňülerine laýyklykda bu ýurt jan başyna düşýän girdeji babatda ýokary görkezijilere eýedir. Ýurduň ilatynyň işe ýaramly bölegi orta hasap bilen 15,23 million adam.

Senagaty

Senagat pudagy ýurduň umumy milli girdejisiniň 31,6 göterimini tutýar. Senagat pudagynyň esasyny gaýtadan işleýän senagaty düzýär. Ýurtda gara metallurgiýa, reňkli metallaryň önümçiligi (GAR hrom we marganes önümçiliginde dünýäde öňdäki orunlarda durýar), altyn we platin böleginiň önümçiliginde ösen. Döwletde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar işleýär. «SAB-Miller» atly piwo şereketi öz önümlerini dünýäniň 11 ýurduna satýar. Günorta Afrikada dokma, tikinçilik, aýakgap we himiýa (kömürden benzin alynýan zawodlar) ýaly pudaklar hem ösýär. Kagyz we sement önümçiligi hem işe girizildi.

GAR - mineral serişdelere hem baý ýurt. Magdan senagatynyň esasy pudagy - altyndyr. Günorta Afrika altyn gazyp almakda dünýäde öňdäki orunlarda durýar. Onuň merkezi Ýohannesburg şäheridir. Käte bu şähere «altyn şäher» hem diýilýär. Ilkinji şahta 120 ýyl mundan ozal açylypdyr. Altynyň gory azalýar. 2004-nji ýylda onun çykarylyşy 346 tonna çenli azaldy. 2001-nji ýylda bolsa bu görkeziji 500 tonna barabardy. «Anglo platinum» şereketi platin metalyny çykarýan iri şereketleriniň biri hasaplanýar. GAR-da «BMW», «Mersedes», «Toýota», «Mazda», «Ford» ýaly dünýä belli awtomobiller ýygnalýar. «General Motors» şereketi Port-Elizabet şäherinde golçur kärhanasyny açdy.

Oba hojalygy

Günorta Afrikanyň ykdysadyýetiniň häzirkizaman tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen ösen pudagydyr. Oba hojalygy pudagynda öndürilýän esasy azyk önümleri bilen ilat doly üpjün edilýär. Ýurtda arahis, mekgejöwen, mango, günebakar, bugdaý, şeker çiňňirik, nohut, pagta, arpa ekilýär. GAR gök önüm we miwe (ananas, apelsin, üzüm, alma) eksport edýär. Oba hojalygyna ýygy-ýygydan bolýan guraklyk ýaramaz täsir edýär. Ýurtda maldarçylyk, guşçulyk hem ösen. GAR angor geçişinin derisinden ýasalýan moher önümçiliginde dünýäde birinji orunlarda barýar. Her ýyl derýalardan we ummanlardan 700 müň ton-nabalyk we beýleki suw jandarlary tutulýar. Bir million tonna çenli tutmaga rugsat berilýär. Derýalardan krokodiller hem tutulýar.

Daşary söwdasy

Daşary söwda ýurduň ykdysady ulgamynda esasy rol oýnaýar. Eksport bilen importyň mukdary bir ugurda barýar. 2005-nji ýylda orta hasap bilen import 52,97 milliard dollar, eksport 50,91 milliard dollar. Esasy import edýän harytlary: ulag, nebit, himiýa önümleri. Import boýunça esasy hyzmatdaşlary: Germaniýa, ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Saud Arabystany we Eýran. Esasy eksport edýän harytlary: mineral çig mallar (almaz, altyn we platina), awtoulag, tehnika, hojalyk harytlary we şerbetler. Eksport boýunça esasy hyzmatdaşlary: ABŞ, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Gollandiýa. «De Birs» şereketi göwherden ýasalan şaý-seplerini Londondaky, Nýu-Ýorkdaky we Tokiodaky dükanlarynda satýar. 2005-nji ýylda Parižde dükan açdy.

Energetika pudagy

Ýurduň çäginde sarp edilýän elektrik energiýasynyň 80 göterimi 20 sany elektrik beketlerinden öndürilýär. Şeyle hem bir atom stansiýasy hereket edýär. Ol 1985-nji ýylda Keýptaun bilen Saldanýa-Beý şäherleriniň arasynda gurlupdyr. Günorta Afrikaly alymlar ýadro generatoryň nusgasyny oýlap tapdylar. Ýurduň energiýa ulgamy Botswananyfl, Lesotonyň, Namibiýanyň we SEswatiniiň energiýa ulgamy bilen birikýär. GAR bu ýurtlara elektrik energiýasyny satýar. 2003-nji ýyldaky maglumata görä, ýurtda 215,9 milliard kWt/sagat elektrik energiýa öndürilip, onun 10,14 milliardy eksport edildi.

Syýahatçylygy

Ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridir. Daşary ýurtly jahankeşdeleri umman kenary, tebigy ajaýyplygy ýerli halkyň baý medeni gymmatlyklary özüne çekýär. Jahankeşdeler her ýyl Durbanda geçirilýän «Afrikanyň kenary» atly festiwala hem gatnaşýarlar. Ýurtda käbir ýeňillikleriň döredilmegi syýahatçylaryň sanyny artdyrdy. 2001-nji ýylda ýurda 5,9 million syýahatçy geldi. 2005-nji ýylda bu görkeziji 6,7 million adama ýetdi. Soňky 2-3 ýylyň içinde hyzmat ediş nyrhy ýewropa derejesinden hem köpeldi. Esasy syýahatçylyk merkezi - Durban. Syýahatçylyk senagatynda 539 müň adam zähmet çekýär.

Gözel ýerleri

Günorta Afrikanyň paýtagtyndaky botanika bagy we dag garbanyşhanasy UNESKO-nyň bütindünýä miras sanawyna girizildi. Şeyle hem ýurtda köp sanly muzeýler, milli seýilgähler. zulu, kosa ýaly halklaryň döwrebaplaşdyrylan obalary, goraghanalary bar.

Bilimi

Afrikaly çagalar üçin ilkinji mekdep baryp 1799-njy ýylda Kap koloniýasy döwründe açylypdy. 1994-nji ýyla çenli döwletiň mekdep ulgamy jynsparazlyga esaslanýardy. Aparteid ulgamyň ýatyrylmagy bilen ýurtda ýaşaýan ähli halklaryň bilim almaga mümkinçiligi döredi. Mekdep bilimi hökmanydyr. Ýokary okuw mekdepleriniň ulgamyna 20 uniwersitet 15 tehniki mekdepler girýär. 2002-nji ýyldaky maglumatlara görä, Keýptaundaky uniwersitetiň 6 fakultetinde 672 mugallym zähmet çekýär we 16 müň talyp bilim alýar. Şeýle hem Pretoriýa şäherindäki uniwersitetde 1460 mugallym, 26 müň talyp, Günorta Afrika uniwersitetinde 1074 mugallym we 117 müň talyp bar. Günorta Afrika uniwersiteti iň iri bilim ojagy bolup, bu ýerde dünýä ülňülerinde bilim berilýär. 2003-nji ýylda Keýptaunda Afrika yklymynyň ilkinji matematika bilimleri instituty açyldy. 1990-njy ýyllaryň soňlarynda ýurtda kompýuter hünärmenlerini taýýarlamak üçin gazna döredildi. 2002-nji ýyldan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň bilim derejesiniň hilini artdyrmak maksady bilen täze reformalar durmuşa geçirilip başlandy. Döwlet bütjetinden bu reformalar üçin 3,1 milliard rand bölünip berildi. Teatry: Keýptaunda ilkinji teatr 1801-nji ýylda açyldy. 1920-nji ýyllarda teatrlarda afrikaans dilinde teatr oýunlary sahnalaşdyrylyp başlandy. 1950-nji ýylda ýazyjy we dramaturg Ezeldi Mpahiele tarapyndan ilkinji teatr topary döredildi.

Kinematografiýasy

Ýurduň kinematografiýasy 1912-nji ýyldan soň ösüp ugrady 1915-nji ýyldan başlap “Kilarni film” kinostudiýasy yzygiderli çeper filmleri surata düşürip başlady. Sesli kinolaryň çykyp başlamagy bilen ýurtda iňlis we afrikans dillerinde kinolar surata düşürildi. 1979-njy ýyldan bäri Durban şäherinde Afrikanyň günorta böleginiň halkara kinofestiwaly geçirilýär. 2004-nji ýylda golliwudyň kino ýyldyzy asly ýohannesburgly Şarliz Teron «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem ol «Altyn şar» baýragyna mynasyp bolan ilkinji afrikaly aktrisa hem boldy.

Belli günorta afrikaly režissýor Leon Şusteriň surata düşüren filmi Berlin kinofestiwalynda baýraga mynasyp boldy. 2005-nji ýylda şol festiwalda Günorta Afrikanyň «Karmen» atly filmi hem baýrak aldy. 2005-nji ýylda GAR-yň kinematograflarynyň sungatyna ýokary baha berdiler. Şol ýyl geçirilen FESPAKO festiwalynda iň ýokary baýrak bolan «Skakun Ýennegi» heýkeli režissýor Zol Masekonyň surata düşüren «Baraban» atly filmine berildi.

Şeýle hem günorta afrikaly režissýorlar Ramadan Sulemanyň (“Zulunyň söýgi haty” filmi) we Teddi Materiň (“Maks we Mona” filmi) sungatyna ýokary baha berildi. Soňky ýyllarda Keýptaun şäheri kinoindustriýanyň merkezine öwrülip barýar. Her ýyl bu ýerde 12-13 sany kino surata düşürilýär.


Bu geografiýa makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 09 Iýun, 2025 / 05:34

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Günorta Afrika Respublikasy hakda maglumat, Günorta Afrika Respublikasy näme? Günorta Afrika Respublikasy näme diýmek?

Bu makalada hic bir maglumat hakynda yok Bu makalada upjun edilen maglumatlar hakynda salgylanma gorkezilmandir Bu maglumatlaryn ygtybarlylygy belli dal Bu mowzuga degisli ygtybarly cesme bilyan bolsanyz makalany uytgetmek hem de osdurmek arkaly salgylanma upjun etmek bilen okyjylara yardam berip bilersiniz Degisli yorgunli salgylanmalar gorkezilenden sonra bu duydurysy ocurmegi unutman Gunorta Afrika Baydag Gerb Gunorta Afrika Respublikasy GAR Republiek van Suid Afrika inl Republic of South Africa Afrika kontinentinin gunorta boleginde yerlesyan dowlet Ol demirgazykda Namibiya Botswana we Zimbabwe demirgazyk gundogarda Mozambik we Eswatini bilen serhetlesyar Afrikanyn gunortasynda yerlesyan dowlet Kenarlaryny Atlantik we Hindi okeanlary yuwyar Tutyan meydany 1 2 million inedordul kilometr Ilaty 43 million adamdan gecyar Olaryn 76 goterimi afrikalylar galan bolegini bolsa beyleki milletler tutyar Resmi diliGAR da durli halklaryn we etniki toparlaryn arasynda ulanylyan dilleri hem hasaba alanynda yurtda 11 sany dil ulanylyar Olar afrikaans inlis ndebele kosa zulu pedi suto tswana swazi wenda we tsonga Kabir maglumatlara gora zulu in kop yayran dil hasaplanyar Ilatyn 22 9 goterimi sol dilde gurleyar Halkyn 17 9 goterimi kosa 14 4 goterimi Afrikaans 9 2 goterimi pedi we 8 6 goterimi inlis dilinde gurlesyar Inlis dili resmi we is yuzunde kop ulanylyar DiniGunorta Afrikanyn ilatynyn 80 goterimi diyen yaly hristian dinine uyyar Seyle hem yurtda induizm yslam we iudaizm dinine hem uyyanlar bar Yurdun ilatynyn belli bir bolegi bolsa yokarda agzalan dinlere uyman eysem oz dap dessurlaryna ynanyarlar Afrika yklymynyn gunorta boleginde yerlesyan GAR demirgazykda Namibiya Botswana we Zimbabwe demirgazyk gundogarda Mozambik we Eswatini bilen aracaklesyar Umumy maglumatlar GAR Afrika yklymynyn etniki taydan kop milletli yurdy hasaplanyar Ol tebigy baylyklara bay bolmak bilen caklenman eysem de yklymyn ykdysady taydan in osen yurdudyr GAR ykdysady osusi boyunca dunya yurtlarynyn arasynda oz ornuny aldy GAR 50 den gowrak halkara guramalaryn agzasydyr seyle hem 1946 njy yylda Birlesen Milletler Guramasynyn agzalygyna kabul edildi Yurtda osumliklerin 16 mun gornusi bar 18 sany milli seyilgah doredildi GAR yn kabir goraghanalary Dongola goraghanasynyn duzumine giryar Gunorta Afrika yewropalylaryn aralasmagy bilen yurdun haywanat dunyasi barada taze maglumat cykyp ugrady Yurdun bay haywanat dunyasi bar Sonky yyllarda durli gornusdaki haywanlaryn awlanmagy azaldy Yurdun kop boleginde pillere dus gelmek bolyar Mundan on kop dus gelinyan haywanlardan yolbarslara indiden beylak dine Kryuger milli seyilgahinde dus gelmek bolyar Ilaty2001 nji yyldaky maglumatlara gora yurtda ilatyn gurlugi boyunca 1 inedordul kilometre 36 8 adam dusyar Yohannesburg Keyptaun we Durban yaly saherlerde kop adam yasayar 1990 njy yyllaryn ahyrlarynda yurdun ilatynyn ortaca kopelisi birneme yza galdy 2004 nji yyldaky maglumatlara seredeninde yurdun ilatynyn 64 goterimi saherlerde yasayar Iri saherleri Keyptaun 4 million adam Durban Yohannesburg Port Elizabet Piterma risburg we Blumfonteyn Yurda Zimbabwe Nigeriya Hytay we Beyik Britaniya yaly yurtlardan adamlar yasamaga gelipdir GAR daky sahtalarda we fermalarda islemek ucin Eswatini Lesoto we Botswana yaly yurtlardan adamlar gelyarler 2003 nji yylda GAR dan ABS a Yewropa yurtlaryna Awstraliya we Taze Zelandiya 10 mune golay adam is bilen gidyar Olaryn agramly bolegini lukmanlar hasapcylar we mugallymlar tutyar 2000 nji yyldan bari emigrant we immigrantlaryn arasyndaky tapawut kem kemden azalyar Dowlet gurlusyGunorta Afrika federalizm elementi bolan respublika 1996 njy yylda kabul edilen konstitusiya hereket edyar Dowlet bastutany we Yaragly guyclerin bas serkerdebasysy prezident Prezidentin is mohleti bas yyl ol iki gezekligine saylanyp bilyar Kanun cykaryjy organy iki palataly parlament yerine yetiryar Olar Milli Assambleya 400 orunlyk we Milli welayatlar genesi 90 orun Milli assambleyadaky deputatlar 5 yyllyk mohlete saylanyar Prezident Mbeki Tabo Ol 2004 nji yylyn 23 nji aprelinde prezident saylandy Ondan on bolsa 1999 njy yylda prezidentlige saylanypdy Prezidentin orunbasary Mlambo Ngkuka Fumzile 2005 nji yylda bu wezipa bellendi Dowlet 9 welayatdan duryar Olar gundogar Keyp Gauteng gunbatar Keyp Kwazulu Natal Limpopo Mpumalanga erkin respublika demirgazyk gunbatar we merkezi Keyp Kazyyet ulgamyYurdun kazyyet ulgamy roman golland we inlis hukugynyn yorelgeleri esasyndan doredildi Dowletde konstitusion yokary apellyasion yokary kazyyet we magistratur kazyyetler hereket edyar Goranmak guyji2002 nji yyldaky maglumatlara gora Gunorta Afrikanyn milli goranmak guyclerinin duzuminde 60 mun esger bar Gunorta Afrika bilen ABS nyn arasyndaky harby hyzmatdaslyk gatnasyklary osdurilyar Gunorta Afrikanyn harby guycleri BMG nin baydagynyn astynda Burundi Sirmayy Kenar Respublikasy Sudan yaly bimace Afrika yurtlarynda parahatcylyk ugrundaky hereketlere gatnasdy 2004 nji yyldaky maglumata gora yurtda goranmak pudagy ucin 3 172 milliard dollar harclandy Dasary syyasatyGunorta Afrika dunyanin ahli yurtlary bilen sol sanda Afrika dowletleri bilen dostlukly gatnasyklary yola goymagy ozunin dasary syyasatynyn ileri tutyan ugurlarynyn biri hasaplayar Botswana Lesoto we Eswatini bilen ykjam gatnasyklar yola goyuldy Gunorta Afrika Beyik Britaniyanyn Afrika yklymyndaky esasy dasary syyasy hyzmatdasy hasaplanyar Prezident Mbeki yurdun halkara jemgyyetciliginde we dunyadaki abrayyny belende galdyrmak ucin isjen zahmet cekyar GAR BMG nin isjen agzasydyr Sonun ucin hem bu dowlet BMG nin Afrika yklymyndaky parahatcylyk hereketlerine isjen gatnasyar Syyasy partiyalaryGunorta Afrika kop partiyaly dowlet Yurtda 20 sany syyasy partiya hasaba alyndy Olaryn in abraylylary seylerak Gunorta Afrikanyn Milli kongresi partiyasy Baslygy prezident Mbeki Tabo Yurdun esasy syyasy guramalarynyn biridir 1912 nji yylyn 8 nji yanwarynda doredildi 1994 nji yyldan bari dowleti dolandyryp gelyan partiyadyr Demokratik alyansy partiyasy Baslygy Leon Toni Partiya 2000 nji yylda doredildi Demokratiya hereketinin birlesigi partiyasy Baslygy Holomisa Bantu 1997 nji yylyn sentyabrynda esaslandyryldy Garassyz demokratlar partiyasy Baslygy De Lill Patrisiya 2003 nji yylyn martynda doredildi YkdysadyyetiGunorta Afrika Respublikasy Afrika yklymynda ykdysady gatnasyklar babatda in osen yurtlaryn biridir Dunya ulnulerine layyklykda bu yurt jan basyna dusyan girdeji babatda yokary gorkezijilere eyedir Yurdun ilatynyn ise yaramly bolegi orta hasap bilen 15 23 million adam SenagatySenagat pudagy yurdun umumy milli girdejisinin 31 6 goterimini tutyar Senagat pudagynyn esasyny gaytadan isleyan senagaty duzyar Yurtda gara metallurgiya renkli metallaryn onumciligi GAR hrom we marganes onumciliginde dunyade ondaki orunlarda duryar altyn we platin boleginin onumciliginde osen Dowletde oba hojalyk onumlerini gaytadan isleyan karhanalar isleyar SAB Miller atly piwo sereketi oz onumlerini dunyanin 11 yurduna satyar Gunorta Afrikada dokma tikincilik ayakgap we himiya komurden benzin alynyan zawodlar yaly pudaklar hem osyar Kagyz we sement onumciligi hem ise girizildi GAR mineral serisdelere hem bay yurt Magdan senagatynyn esasy pudagy altyndyr Gunorta Afrika altyn gazyp almakda dunyade ondaki orunlarda duryar Onun merkezi Yohannesburg saheridir Kate bu sahere altyn saher hem diyilyar Ilkinji sahta 120 yyl mundan ozal acylypdyr Altynyn gory azalyar 2004 nji yylda onun cykarylysy 346 tonna cenli azaldy 2001 nji yylda bolsa bu gorkeziji 500 tonna barabardy Anglo platinum sereketi platin metalyny cykaryan iri sereketlerinin biri hasaplanyar GAR da BMW Mersedes Toyota Mazda Ford yaly dunya belli awtomobiller yygnalyar General Motors sereketi Port Elizabet saherinde golcur karhanasyny acdy Oba hojalygyGunorta Afrikanyn ykdysadyyetinin hazirkizaman tehnologiyalary bilen doly upjun edilen osen pudagydyr Oba hojalygy pudagynda ondurilyan esasy azyk onumleri bilen ilat doly upjun edilyar Yurtda arahis mekgejowen mango gunebakar bugday seker cinnirik nohut pagta arpa ekilyar GAR gok onum we miwe ananas apelsin uzum alma eksport edyar Oba hojalygyna yygy yygydan bolyan guraklyk yaramaz tasir edyar Yurtda maldarcylyk gusculyk hem osen GAR angor gecisinin derisinden yasalyan moher onumciliginde dunyade birinji orunlarda baryar Her yyl deryalardan we ummanlardan 700 mun ton nabalyk we beyleki suw jandarlary tutulyar Bir million tonna cenli tutmaga rugsat berilyar Deryalardan krokodiller hem tutulyar Dasary sowdasyDasary sowda yurdun ykdysady ulgamynda esasy rol oynayar Eksport bilen importyn mukdary bir ugurda baryar 2005 nji yylda orta hasap bilen import 52 97 milliard dollar eksport 50 91 milliard dollar Esasy import edyan harytlary ulag nebit himiya onumleri Import boyunca esasy hyzmatdaslary Germaniya ABS Hytay Yaponiya Beyik Britaniya Fransiya Saud Arabystany we Eyran Esasy eksport edyan harytlary mineral cig mallar almaz altyn we platina awtoulag tehnika hojalyk harytlary we serbetler Eksport boyunca esasy hyzmatdaslary ABS Beyik Britaniya Yaponiya Germaniya Gollandiya De Birs sereketi gowherden yasalan say seplerini Londondaky Nyu Yorkdaky we Tokiodaky dukanlarynda satyar 2005 nji yylda Parizde dukan acdy Energetika pudagyYurdun caginde sarp edilyan elektrik energiyasynyn 80 goterimi 20 sany elektrik beketlerinden ondurilyar Seyle hem bir atom stansiyasy hereket edyar Ol 1985 nji yylda Keyptaun bilen Saldanya Bey saherlerinin arasynda gurlupdyr Gunorta Afrikaly alymlar yadro generatoryn nusgasyny oylap tapdylar Yurdun energiya ulgamy Botswananyfl Lesotonyn Namibiyanyn we SEswatiniin energiya ulgamy bilen birikyar GAR bu yurtlara elektrik energiyasyny satyar 2003 nji yyldaky maglumata gora yurtda 215 9 milliard kWt sagat elektrik energiya ondurilip onun 10 14 milliardy eksport edildi SyyahatcylygyYurdun ykdysadyyetinin esasy pudaklarynyn biridir Dasary yurtly jahankesdeleri umman kenary tebigy ajayyplygy yerli halkyn bay medeni gymmatlyklary ozune cekyar Jahankesdeler her yyl Durbanda gecirilyan Afrikanyn kenary atly festiwala hem gatnasyarlar Yurtda kabir yenilliklerin doredilmegi syyahatcylaryn sanyny artdyrdy 2001 nji yylda yurda 5 9 million syyahatcy geldi 2005 nji yylda bu gorkeziji 6 7 million adama yetdi Sonky 2 3 yylyn icinde hyzmat edis nyrhy yewropa derejesinden hem kopeldi Esasy syyahatcylyk merkezi Durban Syyahatcylyk senagatynda 539 mun adam zahmet cekyar Gozel yerleriGunorta Afrikanyn paytagtyndaky botanika bagy we dag garbanyshanasy UNESKO nyn butindunya miras sanawyna girizildi Seyle hem yurtda kop sanly muzeyler milli seyilgahler zulu kosa yaly halklaryn dowrebaplasdyrylan obalary goraghanalary bar BilimiAfrikaly cagalar ucin ilkinji mekdep baryp 1799 njy yylda Kap koloniyasy dowrunde acylypdy 1994 nji yyla cenli dowletin mekdep ulgamy jynsparazlyga esaslanyardy Aparteid ulgamyn yatyrylmagy bilen yurtda yasayan ahli halklaryn bilim almaga mumkinciligi doredi Mekdep bilimi hokmanydyr Yokary okuw mekdeplerinin ulgamyna 20 uniwersitet 15 tehniki mekdepler giryar 2002 nji yyldaky maglumatlara gora Keyptaundaky uniwersitetin 6 fakultetinde 672 mugallym zahmet cekyar we 16 mun talyp bilim alyar Seyle hem Pretoriya saherindaki uniwersitetde 1460 mugallym 26 mun talyp Gunorta Afrika uniwersitetinde 1074 mugallym we 117 mun talyp bar Gunorta Afrika uniwersiteti in iri bilim ojagy bolup bu yerde dunya ulnulerinde bilim berilyar 2003 nji yylda Keyptaunda Afrika yklymynyn ilkinji matematika bilimleri instituty acyldy 1990 njy yyllaryn sonlarynda yurtda kompyuter hunarmenlerini tayyarlamak ucin gazna doredildi 2002 nji yyldan baslap yokary okuw mekdeplerinin bilim derejesinin hilini artdyrmak maksady bilen taze reformalar durmusa gecirilip baslandy Dowlet butjetinden bu reformalar ucin 3 1 milliard rand bolunip berildi Teatry Keyptaunda ilkinji teatr 1801 nji yylda acyldy 1920 nji yyllarda teatrlarda afrikaans dilinde teatr oyunlary sahnalasdyrylyp baslandy 1950 nji yylda yazyjy we dramaturg Ezeldi Mpahiele tarapyndan ilkinji teatr topary doredildi KinematografiyasyYurdun kinematografiyasy 1912 nji yyldan son osup ugrady 1915 nji yyldan baslap Kilarni film kinostudiyasy yzygiderli ceper filmleri surata dusurip baslady Sesli kinolaryn cykyp baslamagy bilen yurtda inlis we afrikans dillerinde kinolar surata dusurildi 1979 njy yyldan bari Durban saherinde Afrikanyn gunorta boleginin halkara kinofestiwaly gecirilyar 2004 nji yylda golliwudyn kino yyldyzy asly yohannesburgly Sarliz Teron Oskar bayragyna mynasyp boldy Seyle hem ol Altyn sar bayragyna mynasyp bolan ilkinji afrikaly aktrisa hem boldy Belli gunorta afrikaly rezissyor Leon Susterin surata dusuren filmi Berlin kinofestiwalynda bayraga mynasyp boldy 2005 nji yylda sol festiwalda Gunorta Afrikanyn Karmen atly filmi hem bayrak aldy 2005 nji yylda GAR yn kinematograflarynyn sungatyna yokary baha berdiler Sol yyl gecirilen FESPAKO festiwalynda in yokary bayrak bolan Skakun Yennegi heykeli rezissyor Zol Masekonyn surata dusuren Baraban atly filmine berildi Seyle hem gunorta afrikaly rezissyorlar Ramadan Sulemanyn Zulunyn soygi haty filmi we Teddi Materin Maks we Mona filmi sungatyna yokary baha berildi Sonky yyllarda Keyptaun saheri kinoindustriyanyn merkezine owrulip baryar Her yyl bu yerde 12 13 sany kino surata dusurilyar Bu geografiya makala ownuk makaladyr Ony uytgetmek hem de osdurmek arkaly Wikipediya komek edip bilersiniz

Iň soňky makalalar
  • Iýun 06, 2025

    Günbatar Ýewropa

  • Iýun 08, 2025

    Günbatar Aziýa

  • Iýun 05, 2025

    Günorta Ýewropa

  • Iýun 08, 2025

    Günorta polýus

  • Iýun 08, 2025

    Günorta okean

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary