Türkmen dili ençeme müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň milli dilidir Türkmen dili türki dilleriň oguz dilleri topar
Türkmen dili

Türkmen dili ençeme müňýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň milli dilidir. Türkmen dili - türki dilleriň oguz dilleri toparyna degişlidir. Ol Türkmenistanyň resmi dili bolmak bilen, şeýle hem Eýranda, Owganystanda, Türkiýede, Garagalpagystanda, Täjigistanda, Gazagystanda, Özbegistanda, Stawropol ülkesinde, Astrahan oblastynda bölekleýin ulanylýar.
Türkmen dili Türkmen dili, تورکمن ﺗﻴﻠی | ||
---|---|---|
Gürlenilýär: | Türkmenistan, Eýran, Owganystan, Türkiýe | |
Jemi gürleýän sany: | 12 million | |
: | Altaý dilleri
| |
: | (Türkmen elipbiýi) | |
Resmi ýagdaýy | ||
Resmi dil: | Türkmenistan | |
: | Resmi sazlaýjy ýok | |
Dil kod | ||
: | tk | |
: | tuk | |
: | tuk | |
Bellik: fonetik simwollary görnüşinde bu sahypada bolmagy mümkin. |
Häzirki zaman türkmen edebi diliniň kemala gelip başlan eýýamy Magtymguly Pyragydan başlanýar we onuň ösýän we kämilleşýän döwri täze galkynyş eýýamydyr.
Taryhy
Öz köküni Oguz han türkmenden alyp gaýdýan türkmen dili ýetmişden gowrak döwlet guran türkmenleriň durmuşynda aýgytly hyzmaty ýerine ýetiripdir we häzir hem Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda döwlet dili hyzmatyny ýerine ýetirýär. Türkmen dili daşary ýurtda ýaşaýan türkmenleriň hem milli dilidir. „Gorkut Ata” eposy, Ýusup Balasagunlynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Ýunus Emräniň, Nowaýynyň, Nesiminiň, Fizulynyň, Azadynyň, Magtymgulynyň, Andalybyň. eserleri türkmen dilinde ýazylypdyr we asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna gulluk edip gelipdir.
1990-njy ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanda dil hakynda karar kabul edildi we 1993-nji ýylyň 12-nji aprelinde täze türkmen elipbiýine geçmek hakynda Perman kabul edildi. 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen milli elipbiýi ulanylyşa girizildi. Gadym döwürlerde türkmenler arap elipbiýini ulanypdyrlar. Türkmeniň häzirki ulanýan edebi diliniň döreýşi köp kişi tarapyndan Magtymgulynyň şygryýeti bilen baglanyşdyrylýar. Magtymguly ilkinjileriň hatarynda halkyň ulanýan dilini öz çylşyrymly dini-pelsepewi-sosial temalarda ýazylan şygyrlaryna sygdyrmagy başarypdyr. Şol bir wagtyň özünde gündelik türkmen durmuşynyň meselelerine hem örän ýiti çemeleşmegiň hötdesinden gelendigi üçin türkmenleriň we beýleki Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda aýratyn hormata eýedir. Häzirki döwürde türkmen dili halkara resmi duşuşyklaryň, simpoziumlaryň, ylmy maslahatlaryň diline öwrüldi. Daşary ýurtlarda hem türkmen dili öwrenilip başlanyldy.
Görnüşleri
Edebi diliň agzeki we ýazuw görnüşleri bar. Agzeki sözleýiş - bu ilkinji nobatda gepleşikdir. Gepleşik adatça gysga ýa-da ulurak sözlemlerden ybarat bolup, gürrüňdeşlikde amala aşyrylýar. Ol özüniň dürli heňde aýdylýandygy we duýgy öwüşginlerine baýdygy bilen tapawutlanýar. Ýazuw sözleýşi bolsa haýsydyr bir "Görüş dilini" döredip bilenok, ol diňe doly ýa-da doly däl görnüşe geçirilen sesli sözleýşi gaýtalamaga (okamaga) ýardam edýär. Ýazuwda ulanylýan dyngy belgiler hem janly sözleýşiň intonasiýasyny, dürli öwüşginli many-mazmunyny doly berip bilenok. Ýazuw arkaly beýan edilen sözleýiş ýazýan adamyň ýok ýagdaýynda oňa düşünilmegi üçin niýetlenilýär. Ol agzeki sözleýişden tapawutlylykda diňe bir döwürdeşler üçin niýetlenilmän, eýsem geljekki nesil üçin hem niýetlenilendir. Ýazuw sözleýşi sözleriň örän taraşlanylyp saýlanylyp alnandygy, söz düzümleriniň hem sözlemleriniň has dolulygy bilen agzeki sözleýişden tapawutlanýar.
Bölümleri
Fonetika - (grekçe: [phonetike] [phone – ses]) – diliň ses gurluşy baradaky ylymdyr. Fonetikanyň amaly bölüminiñ biri-de orfoepiýadyr ([orthos] – dogry we [epos] – „söz” diýmekdir). Ol „dogry aydylyş baradaky ylym” diýmekdir. Fonetika bilen [grafika] hem (grekçe: [grapho] – „ýazýaryn” diýmek) yakyn baglanyşyklydyr. Ol sözleýşiň seslerini harp arkaly şekillendirmek bilen meşgullanyar.
Söz ýasalyş – täze sözleriň döreýiş serişdeleri we usullary hem-de bar bolan sözlerin düzümi (gurluşy) baradaky ylym.
Grammatika (grekçe: [grammatike]) – diliň gurluşy baradaky ylym. Ol iki bölümden: morfologiýadan hem-de sintaksisden ybarat.
Morfologiýa (grekçe: [morphe] – şekil, [logos] – ylym) – grammatikanyň bir bölümi bolup, sözüň üýtgeýşini we dilde bar bolan söz toparlaryny öwrenýär.
Sintaksis (grekçe: [sintaxis]) – „düzmek” diýmekdir). Ol söz düzüminiň we sözlemleriň görnüşlerini, gurluşyny öwrenýär.
Fonetikanyň we grammatikanyň esasynda türkmen diliniň orfografiýasy (dürs ýazuwy) we punktuassiýasy işlenilip düzülipdir.
Orfografiýa dogry ýazmagyň düzgünleridir.
Punktuassiýa bolsa dyngy belgilerden peýdalanmagyň düzgünleridir.
Leksikologiýa (grekçe: [lexis] – „söz” we [logos] – „ylym”) – diliň sözlük düzümi baradaky ylym.
Frazeologiýa (grekçe: [phrasis] – „beýan ediliş”) – dilde ulanylýan durnukly söz düzümleri baradaky ylym.
Stilistika - diliň labyzlylyk serişdeleri we olaryň sözleýişde ulanylyş şertleri baradaky ylym.
Sözleýiş medenýeti dil biliminiň edebi diliň normalarynyň sözleýişde amaly ulanylyşyny öwrenýän bölümi.
Sözlükleri
Türkmen dili hakynda, onuñ söz baýlygy barada ilkinji ylmy maglumatlar XI asyryň meşhur dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň arap dilinde ýazan “Diwan-y-lugat-at-türk” atly üç jiltden ybarat sözlüginde berilýär. Diwanyň adyny türkmen diline “Türk dilleriniň sözlügi” diýip terjime etmek mümkin. Bu sözlük diýlip atlandyrylsa-da, onda ses kanunalaýyklyklary, söz ýasalyş, söz toparlary we sözlem hakynda hem maglumatlar berlipdir. Alym sözlüge girizen mysallaryny türkmen we beýleki türki dillerde, olara berýän düşündirişlerini bolsa arap dilinde ýazypdyr. Mysallar hem arap diline terjime edilipdir. Bu sözlük arap dilinde gürleýän musulman halklar üçin niýetlenilipdir.
Belli sözlükşynas S.Altaýew XX asyryň sowet ýyllarynda (70-nji ýyllara çenli) sözlük düzülişini üç döwre bölýär: 1) 20-30-njy ýyllar; 2) 40- 50-nji ýyllar; 3) 60-70-nji ýyllar.
Ilkinji sözlükleriň biri J.A.Belýaýewiň düzen rusça-türkmençe sözlügidir (Aşgabat, 1913). Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda iki dilli adalgalar sözlüguniň zerurlygy ýüze çykýar. 1926-nji ýylda “Краткий русско-туркменский словарь применительно к нуждам государственной статистики ТССР” (Aşgabat, 1926 ý.) diýen sözlük neşir edilýär. Bu sözlük esasan oba-hojalygy, jemgyýetçilik-syýasy we ylmy-tehniki adalgalary öz içine alypdyr. 1956-njy, 1968-nji ýyllarda “Rusça-türkmençe” sözlügiň bir tomlugy, 1968-nji ýylda şol sözlügiň gysgaça görnüşi, 1986-87-nji ýyllarda iki tomlugy neşir edilýär. 1962-nji ýylda ilkinji gezek türkmen diliniň düşündirişli sözlügi (“Türkmen diliniň sözlügi” ady bilen) neşir edilýär. Aýry-aýry ugurlar boýunça hem sözlükler neşir edilýär. 1967-nji ýylda S.Myradowanyň halyçylyga we el hünärine degişli sözlügi, 1971-nji ýylda S.Atanyýazowyň ýer-ýurt atlarynyň düşündirişli sözlügi, 1960-njy ýylda B.B.Kerbabaýewiň düzen “Botanika terminleriniň rusça-türkmençe sözligi”, 1962-nji ýylda Ç.B.Baýryýewiň, M.H.Dawlekomowyň düzen latynça-rusça-türkmençe medisina sözleriniň sözlügi, 1974-nji ýylda J.Hudaýberdiýewiň “Anatomiýa terminleriniň latynça-rusça-türkmençe sözlügi”, 1973-nji ýylda G.Mälikgulyýewiň fiziki adalgalaryň rusça-türkmençe sözlügi, 1976-njy ýylda “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi”, 1988-nji ýylda A.Babakulyýew, O.Akmämmedow tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň ykdysady terminleriniň gysgaça sözlügi”, 2004-nji ýylda M.Babakulyýew, Ö.Muhammetberdiýew tarapyndan düzülen “Maglumatlar tilsimatynyň adalgalarynyň sözlügi”, bulardan başga-da, 80-90-njy ýyllarda ikidilli okuw sözlükleri, şeýle-de dürs ýazuw hem dürs aýdylyş boýunça sözlükler neşir edildi.
Ýöne türkmen dili boýunça düşündirişli okuw sözlikleri, omonimik, etimologik sözlükler, manydaş sözleriň (sinonimleriň), garşyklykly manyly sözleriň sözlükleri heniz neşir edilenok. S.Atanyýazow tarapyndan düzülen “Türkmen diliniň sözköki sözlügi” (2004ý.) etimologik sözlük düzmek babatda edilen ilkinji synanyşykdyr.
Stilistika
Stilistika – bu diliň labyzlylyk serişdelerini we aragatnaşyk etmegiň maksady, ýagdaýy (ebeteýi) hem-de ulanylýan şertleri bilen baglylykda olaryň sözleýişde ulanylyş kanunalaýyklygyny öwrenýän dil baradaky ylmyň özboluşly bir ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda türkmen edebi diliniň birnäçe özboluşly stilleri aýratynlandyrylýar. Olara ylmy, resmi-iş, jemagatçylyk, çeper, gepleşik stilleri degişlidir. Bu stiller aragatnaşyk etmegiň (pikir alyşmagyň) şertlerine görä iki topara – gepleşik we kitap stillerine bölünýärler. Kitap stillerine bolsa ylmy, resmi-iş, jemagatçylyk, çeper stilleri degişlidir.
Ylmy stil – bu adamyň ylmy işine mahsus bolup, ylmy pikirlenmäniň özboluşlylygyndan gelip çykýan umumy alamatlary (berk logiki yzygiderligi) bilen, şeýle-de bir topar hususy alamatlary boýunça tapawutlanýar.
Resmi-iş stil adamlaryň hem guramalaryň arasynda hukuk we kanunçylyk ulgamlarynda iş hem resmi gatnaşyklary alyp barmak üçin ulanylýar.
Jemagatçylyk (publistik) stili – bu stil ilkinji nobatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine (gazet, radio, teleýaýlym) häsiýetlidir.
Çeper eseriň stili - çeper eser pikir alyşmak, gyzyklanma döretmek, habar bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen birlikde, täsir etmek, tolgundyrmak (estetik) hyzmatyny-da özünde jemleýär. Eseriň awtory okyjyny öz gahrymanynyň ykbaly üçin tolgunmaga, gyzyklanmaga mejbur edýär.
Gepleşik stili - sözleriň aýdylyşynda gysgaltmalara ýol berilmegi (alýa, gelýä…), agzeki sözleýşe mahsus işlik zaman şekiliniň köp ulanylmagy (alamok, gelemok), sözlem agzalarynyň grammatik taýdan normalaşan tertibiniň bozulmagy (Geldiler gidenler), üm-yşaratlaryň ulanylmagy, şonuň netijesinde-de sözleriň, söz düzümleriniň, sözlemleriň taşlanylmagy (ulanylmazlygy) bilen ýüze çykýar.
Söz toparlary
Aňladýan leksik many görnüşleri, söz üýtgediji goşulmalary we sözlemde ýerine ýetirýän sintaktik hyzmatlary boýunça sözler söz toparlaryna bölünýärler. Ol iki topara: özbaşdak many aňladýan söz toparlaryna we özbaşdak many aňlatmaýan söz toparlaryna bölünýär. Ylmy grammatikada söz toparlary atlara, işliklere we kömekçi sözlere bölünýär.
Özbaşdak many aňladýan söz toparlary:
Atlar – bu söz topary bolup, zatlary, düşünjeleri, hadysalary, wakalary aňlatmaga hyzmat edýärler. Olar kim? näme? nire? diýen soraglara jogap bolýarlar.
Sypatlar – nähili? neneňsi? nätüýsli? haýsy? diýen soraglara jogap bolýan, öz manysynda zatlaryň alamatyny jemleýän sözler bolan söz toparydyr. Sanlar - näçe? näçenji? diýen soraglara jogap bolup, zatlaryñ, düşünjeleriň sanyny, mukdaryny (bir, iki, üç, dört, bäş) ýa-da sanalmakdaky tertibini (birinji hatar, bäşinji öý, üçünji dükan) aňladýarlar.
Çalyşma – bu öz hususy manysy bolmadyk we beýleki söz toparlarynyň (atlaryň, sypatlaryň, sanlaryň) sözleriniň ýerini çalyşýan sözleri özünde jemleýän söz toparydyr.
Işlik – bu hereketi ýa-da zadyň ýagdaýyny bildirýän sözleri özünde jemleýän söz toparydyr. Ol näme etdi? näme edýär? näme etjek? näme eder? diýen soraglara jogap bolýar.
Hallar gymyldy-hereketiň alamatyny, hal-ýagdaýyny, nähili ýagdaýda ýüze çykandygyny görkezýän özbaşdak manyly söz toparydyr. Hallar sözlemde işliklere baglanyp, ahwalat hyzmatynda gelýärler. Olar söz üýtgediji goşulmalary kabul etmeýärler.
Özbaşdak many aňlatmaýan söz toparlary:
Baglaýjy kömekçi - sözleri, söz düzümlerini we goşma sözlemleriň ýönekeý sözlemlerini özara baglamaga hyzmat edýän kömekçi sözlere hem-de ownuk böleklere diýilýär.
Sözsoňy kömekçiler özbaşdak many aňladýan sözleriň arasyndaky dürli hili garaşly gatnaşyklary aňladýarlar. Sözsoňularyň haýsy gatnaşygy bildirýändigi olaryň öň ýanynda gelýän sözleriň manylary bilen baglanyşykly ýüze çykýar.
Ownuk bölek - sözlere, şeýle-de sözlemlere dürli many ýokundylaryny berýän söz böleklerine diýilýär.
Modal sözler (latynça "modus" terjime edilende "tär, gyşarma") - gepleýäniň habar berýän maglumatyna dürli derejeli hem-de görnüşli garaýşyny aňladýan sözlere diýilýär.
Ümlükler – bular gürleýän adamyň içki duýgusyny – begenjini, şatlygyny, gynanjyny, haýran galmagyny, gahar-gazabyny, gorkusyny, nägileligini, ýigrenjini we şuňa meňzeşleri bildirýärler, ýöne olary atlandyrmaýarlar.
Ses we şekil (obraz) aňladýan sözler - tebigatyň janly-jandarlarynyň, jansyz zatlarynyň seslenmesine öýkünilip, şol seslenmelere meňzedilip aýdylýan sözlere ses aňladýan sözler diýilýär. Zatlaryň, hereketleriň we ş.m. şekiline, durkuna, daş sypatyna meňzedilip aýdylýan sözlere şekil (obraz) aňladýan sözler diýilýär.
Şeýle hem serediň
Daşarky çykgytlar
- Orhon Yazgıları Archived 2012-04-11 at the Wayback Machine
- EneDilim Proýekti
- Türkmençe-iňlisçe sözlük Archived 2015-07-24 at the Wayback Machine
- Edebi dil barada
Çeşmeler
Bu dunýasy dili makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |
Türki diller | |||
Ogur/Bulgar | Çuwaş dili | * | * | * | * | ||
Karluk/Çagataý | | * | | | Özbek dili | * | Uýgur dili | ||
Gypjak | 1 | | * | Nogaý dili | * | | | | Gazak dili | Gyrgyz dili 1 | | Krym tatar dili1 | | | | | ||
Oguz | | Azarbeýjan dili | * | Gagauz dili | Horasan Türki dili | * | | 1 | | Türk dili | Türkmen dili | 1 | ||
Hakas-Altaý | , | | | | * | * | | | ||
Sayan | | | | ||
Saha | | | ||
Argu | |||
Duýduryş: *-Ölü dil, 1-birden köp topary degişli |
Awtor: www.NiNa.Az
Neşir edilen senesi:
wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Türkmen dili hakda maglumat, Türkmen dili näme? Türkmen dili näme diýmek?
Turkmen dili enceme munyyllyk taryhy bolan turkmen halkynyn milli dilidir Turkmen dili turki dillerin oguz dilleri toparyna degislidir Ol Turkmenistanyn resmi dili bolmak bilen seyle hem Eyranda Owganystanda Turkiyede Garagalpagystanda Tajigistanda Gazagystanda Ozbegistanda Stawropol ulkesinde Astrahan oblastynda bolekleyin ulanylyar Turkmen dili Turkmen dili تورکمن ﺗﻴﻠی Gurlenilyar Turkmenistan Eyran Owganystan Turkiye Jemi gurleyan sany 12 million Altay dilleri Turki Turkmen dili dd Turkmen elipbiyi Resmi yagdayy Resmi dil Turkmenistan Resmi sazlayjy yok Dil kod tk tuk tuk Bellik fonetik simwollary gornusinde bu sahypada bolmagy mumkin Hazirki zaman turkmen edebi dilinin kemala gelip baslan eyyamy Magtymguly Pyragydan baslanyar we onun osyan we kamillesyan dowri taze galkynys eyyamydyr TaryhyOz kokuni Oguz han turkmenden alyp gaydyan turkmen dili yetmisden gowrak dowlet guran turkmenlerin durmusynda aygytly hyzmaty yerine yetiripdir we hazir hem Garassyz baky Bitarap Turkmenistanda dowlet dili hyzmatyny yerine yetiryar Turkmen dili dasary yurtda yasayan turkmenlerin hem milli dilidir Gorkut Ata eposy Yusup Balasagunlynyn Hoja Ahmet Yasawynyn Yunus Emranin Nowayynyn Nesiminin Fizulynyn Azadynyn Magtymgulynyn Andalybyn eserleri turkmen dilinde yazylypdyr we asyrlaryn dowamynda turkmen halkyna gulluk edip gelipdir 1990 njy yylyn 24 nji mayynda Turkmenistanda dil hakynda karar kabul edildi we 1993 nji yylyn 12 nji aprelinde taze turkmen elipbiyine gecmek hakynda Perman kabul edildi 1996 njy yylyn 1 nji yanwarynda turkmen milli elipbiyi ulanylysa girizildi Gadym dowurlerde turkmenler arap elipbiyini ulanypdyrlar Turkmenin hazirki ulanyan edebi dilinin doreysi kop kisi tarapyndan Magtymgulynyn sygryyeti bilen baglanysdyrylyar Magtymguly ilkinjilerin hatarynda halkyn ulanyan dilini oz cylsyrymly dini pelsepewi sosial temalarda yazylan sygyrlaryna sygdyrmagy basarypdyr Sol bir wagtyn ozunde gundelik turkmen durmusynyn meselelerine hem oran yiti cemelesmegin hotdesinden gelendigi ucin turkmenlerin we beyleki Merkezi Aziya halklarynyn arasynda ayratyn hormata eyedir Hazirki dowurde turkmen dili halkara resmi dususyklaryn simpoziumlaryn ylmy maslahatlaryn diline owruldi Dasary yurtlarda hem turkmen dili owrenilip baslanyldy GornusleriEdebi dilin agzeki we yazuw gornusleri bar Agzeki sozleyis bu ilkinji nobatda geplesikdir Geplesik adatca gysga ya da ulurak sozlemlerden ybarat bolup gurrundeslikde amala asyrylyar Ol ozunin durli hende aydylyandygy we duygy owusginlerine baydygy bilen tapawutlanyar Yazuw sozleysi bolsa haysydyr bir Gorus dilini doredip bilenok ol dine doly ya da doly dal gornuse gecirilen sesli sozleysi gaytalamaga okamaga yardam edyar Yazuwda ulanylyan dyngy belgiler hem janly sozleysin intonasiyasyny durli owusginli many mazmunyny doly berip bilenok Yazuw arkaly beyan edilen sozleyis yazyan adamyn yok yagdayynda ona dusunilmegi ucin niyetlenilyar Ol agzeki sozleyisden tapawutlylykda dine bir dowurdesler ucin niyetlenilman eysem geljekki nesil ucin hem niyetlenilendir Yazuw sozleysi sozlerin oran taraslanylyp saylanylyp alnandygy soz duzumlerinin hem sozlemlerinin has dolulygy bilen agzeki sozleyisden tapawutlanyar BolumleriFonetika grekce phonetike phone ses dilin ses gurlusy baradaky ylymdyr Fonetikanyn amaly boluminin biri de orfoepiyadyr orthos dogry we epos soz diymekdir Ol dogry aydylys baradaky ylym diymekdir Fonetika bilen grafika hem grekce grapho yazyaryn diymek yakyn baglanysyklydyr Ol sozleysin seslerini harp arkaly sekillendirmek bilen mesgullanyar Soz yasalys taze sozlerin doreyis serisdeleri we usullary hem de bar bolan sozlerin duzumi gurlusy baradaky ylym Grammatika grekce grammatike dilin gurlusy baradaky ylym Ol iki bolumden morfologiyadan hem de sintaksisden ybarat Morfologiya grekce morphe sekil logos ylym grammatikanyn bir bolumi bolup sozun uytgeysini we dilde bar bolan soz toparlaryny owrenyar Sintaksis grekce sintaxis duzmek diymekdir Ol soz duzuminin we sozlemlerin gornuslerini gurlusyny owrenyar Fonetikanyn we grammatikanyn esasynda turkmen dilinin orfografiyasy durs yazuwy we punktuassiyasy islenilip duzulipdir Orfografiya dogry yazmagyn duzgunleridir Punktuassiya bolsa dyngy belgilerden peydalanmagyn duzgunleridir Leksikologiya grekce lexis soz we logos ylym dilin sozluk duzumi baradaky ylym Frazeologiya grekce phrasis beyan edilis dilde ulanylyan durnukly soz duzumleri baradaky ylym Stilistika dilin labyzlylyk serisdeleri we olaryn sozleyisde ulanylys sertleri baradaky ylym Sozleyis medenyeti dil biliminin edebi dilin normalarynyn sozleyisde amaly ulanylysyny owrenyan bolumi SozlukleriTurkmen dili hakynda onun soz baylygy barada ilkinji ylmy maglumatlar XI asyryn meshur dilci alymy Mahmyt Kasgarlynyn arap dilinde yazan Diwan y lugat at turk atly uc jiltden ybarat sozluginde berilyar Diwanyn adyny turkmen diline Turk dillerinin sozlugi diyip terjime etmek mumkin Bu sozluk diylip atlandyrylsa da onda ses kanunalayyklyklary soz yasalys soz toparlary we sozlem hakynda hem maglumatlar berlipdir Alym sozluge girizen mysallaryny turkmen we beyleki turki dillerde olara beryan dusundirislerini bolsa arap dilinde yazypdyr Mysallar hem arap diline terjime edilipdir Bu sozluk arap dilinde gurleyan musulman halklar ucin niyetlenilipdir Belli sozluksynas S Altayew XX asyryn sowet yyllarynda 70 nji yyllara cenli sozluk duzulisini uc dowre bolyar 1 20 30 njy yyllar 2 40 50 nji yyllar 3 60 70 nji yyllar Ilkinji sozluklerin biri J A Belyayewin duzen rusca turkmence sozlugidir Asgabat 1913 Gecen asyryn 20 nji yyllarynda iki dilli adalgalar sozlugunin zerurlygy yuze cykyar 1926 nji yylda Kratkij russko turkmenskij slovar primenitelno k nuzhdam gosudarstvennoj statistiki TSSR Asgabat 1926 y diyen sozluk nesir edilyar Bu sozluk esasan oba hojalygy jemgyyetcilik syyasy we ylmy tehniki adalgalary oz icine alypdyr 1956 njy 1968 nji yyllarda Rusca turkmence sozlugin bir tomlugy 1968 nji yylda sol sozlugin gysgaca gornusi 1986 87 nji yyllarda iki tomlugy nesir edilyar 1962 nji yylda ilkinji gezek turkmen dilinin dusundirisli sozlugi Turkmen dilinin sozlugi ady bilen nesir edilyar Ayry ayry ugurlar boyunca hem sozlukler nesir edilyar 1967 nji yylda S Myradowanyn halycylyga we el hunarine degisli sozlugi 1971 nji yylda S Atanyyazowyn yer yurt atlarynyn dusundirisli sozlugi 1960 njy yylda B B Kerbabayewin duzen Botanika terminlerinin rusca turkmence sozligi 1962 nji yylda C B Bayryyewin M H Dawlekomowyn duzen latynca rusca turkmence medisina sozlerinin sozlugi 1974 nji yylda J Hudayberdiyewin Anatomiya terminlerinin latynca rusca turkmence sozlugi 1973 nji yylda G Malikgulyyewin fiziki adalgalaryn rusca turkmence sozlugi 1976 njy yylda Turkmen dilinin frazeologik sozlugi 1988 nji yylda A Babakulyyew O Akmammedow tarapyndan duzulen Turkmen dilinin ykdysady terminlerinin gysgaca sozlugi 2004 nji yylda M Babakulyyew O Muhammetberdiyew tarapyndan duzulen Maglumatlar tilsimatynyn adalgalarynyn sozlugi bulardan basga da 80 90 njy yyllarda ikidilli okuw sozlukleri seyle de durs yazuw hem durs aydylys boyunca sozlukler nesir edildi Yone turkmen dili boyunca dusundirisli okuw sozlikleri omonimik etimologik sozlukler manydas sozlerin sinonimlerin garsyklykly manyly sozlerin sozlukleri heniz nesir edilenok S Atanyyazow tarapyndan duzulen Turkmen dilinin sozkoki sozlugi 2004y etimologik sozluk duzmek babatda edilen ilkinji synanysykdyr StilistikaStilistika bu dilin labyzlylyk serisdelerini we aragatnasyk etmegin maksady yagdayy ebeteyi hem de ulanylyan sertleri bilen baglylykda olaryn sozleyisde ulanylys kanunalayyklygyny owrenyan dil baradaky ylmyn ozbolusly bir ugrudyr Sunun bilen baglylykda turkmen edebi dilinin birnace ozbolusly stilleri ayratynlandyrylyar Olara ylmy resmi is jemagatcylyk ceper geplesik stilleri degislidir Bu stiller aragatnasyk etmegin pikir alysmagyn sertlerine gora iki topara geplesik we kitap stillerine bolunyarler Kitap stillerine bolsa ylmy resmi is jemagatcylyk ceper stilleri degislidir Ylmy stil bu adamyn ylmy isine mahsus bolup ylmy pikirlenmanin ozboluslylygyndan gelip cykyan umumy alamatlary berk logiki yzygiderligi bilen seyle de bir topar hususy alamatlary boyunca tapawutlanyar Resmi is stil adamlaryn hem guramalaryn arasynda hukuk we kanuncylyk ulgamlarynda is hem resmi gatnasyklary alyp barmak ucin ulanylyar Jemagatcylyk publistik stili bu stil ilkinji nobatda kopculikleyin habar beris serisdelerine gazet radio teleyaylym hasiyetlidir Ceper eserin stili ceper eser pikir alysmak gyzyklanma doretmek habar bermek hyzmatlaryny yerine yetirmek bilen birlikde tasir etmek tolgundyrmak estetik hyzmatyny da ozunde jemleyar Eserin awtory okyjyny oz gahrymanynyn ykbaly ucin tolgunmaga gyzyklanmaga mejbur edyar Geplesik stili sozlerin aydylysynda gysgaltmalara yol berilmegi alya gelya agzeki sozleyse mahsus islik zaman sekilinin kop ulanylmagy alamok gelemok sozlem agzalarynyn grammatik taydan normalasan tertibinin bozulmagy Geldiler gidenler um ysaratlaryn ulanylmagy sonun netijesinde de sozlerin soz duzumlerinin sozlemlerin taslanylmagy ulanylmazlygy bilen yuze cykyar Soz toparlaryAnladyan leksik many gornusleri soz uytgediji gosulmalary we sozlemde yerine yetiryan sintaktik hyzmatlary boyunca sozler soz toparlaryna bolunyarler Ol iki topara ozbasdak many anladyan soz toparlaryna we ozbasdak many anlatmayan soz toparlaryna bolunyar Ylmy grammatikada soz toparlary atlara isliklere we komekci sozlere bolunyar Ozbasdak many anladyan soz toparlary Atlar bu soz topary bolup zatlary dusunjeleri hadysalary wakalary anlatmaga hyzmat edyarler Olar kim name nire diyen soraglara jogap bolyarlar Sypatlar nahili nenensi natuysli haysy diyen soraglara jogap bolyan oz manysynda zatlaryn alamatyny jemleyan sozler bolan soz toparydyr Sanlar nace nacenji diyen soraglara jogap bolup zatlaryn dusunjelerin sanyny mukdaryny bir iki uc dort bas ya da sanalmakdaky tertibini birinji hatar basinji oy ucunji dukan anladyarlar Calysma bu oz hususy manysy bolmadyk we beyleki soz toparlarynyn atlaryn sypatlaryn sanlaryn sozlerinin yerini calysyan sozleri ozunde jemleyan soz toparydyr Islik bu hereketi ya da zadyn yagdayyny bildiryan sozleri ozunde jemleyan soz toparydyr Ol name etdi name edyar name etjek name eder diyen soraglara jogap bolyar Hallar gymyldy hereketin alamatyny hal yagdayyny nahili yagdayda yuze cykandygyny gorkezyan ozbasdak manyly soz toparydyr Hallar sozlemde isliklere baglanyp ahwalat hyzmatynda gelyarler Olar soz uytgediji gosulmalary kabul etmeyarler Ozbasdak many anlatmayan soz toparlary Baglayjy komekci sozleri soz duzumlerini we gosma sozlemlerin yonekey sozlemlerini ozara baglamaga hyzmat edyan komekci sozlere hem de ownuk boleklere diyilyar Sozsony komekciler ozbasdak many anladyan sozlerin arasyndaky durli hili garasly gatnasyklary anladyarlar Sozsonularyn haysy gatnasygy bildiryandigi olaryn on yanynda gelyan sozlerin manylary bilen baglanysykly yuze cykyar Ownuk bolek sozlere seyle de sozlemlere durli many yokundylaryny beryan soz boleklerine diyilyar Modal sozler latynca modus terjime edilende tar gysarma gepleyanin habar beryan maglumatyna durli derejeli hem de gornusli garaysyny anladyan sozlere diyilyar Umlukler bular gurleyan adamyn icki duygusyny begenjini satlygyny gynanjyny hayran galmagyny gahar gazabyny gorkusyny nagileligini yigrenjini we suna menzesleri bildiryarler yone olary atlandyrmayarlar Ses we sekil obraz anladyan sozler tebigatyn janly jandarlarynyn jansyz zatlarynyn seslenmesine oykunilip sol seslenmelere menzedilip aydylyan sozlere ses anladyan sozler diyilyar Zatlaryn hereketlerin we s m sekiline durkuna das sypatyna menzedilip aydylyan sozlere sekil obraz anladyan sozler diyilyar Seyle hem seredinElipbiyDasarky cykgytlarOrhon Yazgilari Archived 2012 04 11 at the Wayback Machine EneDilim Proyekti Turkmence inlisce sozluk Archived 2015 07 24 at the Wayback Machine Edebi dil baradaCesmelerBu dunyasy dili makala ownuk makaladyr Ony uytgetmek hem de osdurmek arkaly Wikipediya komek edip bilersiniz Turki diller Ogur Bulgar Cuwas dili Karluk Cagatay Ozbek dili Uygur dili Gypjak 1 Nogay dili Gazak dili Gyrgyz dili 1 Krym tatar dili1 Oguz Azarbeyjan dili Gagauz dili Horasan Turki dili 1 Turk dili Turkmen dili 1 Hakas Altay Sayan Saha Argu Duydurys Olu dil 1 birden kop topary degisli