Azərbaycan  AzərbaycanDeutschland  DeutschlandLietuva  LietuvaMalta  Maltaශ්‍රී ලංකාව  ශ්‍රී ලංකාවTürkmenistan  TürkmenistanTürkiyə  TürkiyəУкраина  Украина
Goldaw
www.datawiki.tk-tm.nina.az
  • Baş sahypa

Bu makalada hiç bir maglumat hakynda ýok Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir Bu maglu

Jüneýit han

  • Baş sahypa
  • Jüneýit han
Jüneýit han
www.datawiki.tk-tm.nina.azhttps://www.datawiki.tk-tm.nina.az
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda ýok. Bu makalada üpjün edilen maglumatlar hakynda salgylanma görkezilmändir. Bu maglumatlaryň ygtybarlylygy belli däl. Bu mowzuga degişli ygtybarly çeşme bilýän bolsaňyz makalany üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly salgylanma üpjün etmek bilen okyjylara ýardam berip bilersiňiz. Degişli ýörgünli salgylanmalar görkezilenden soňra bu duýduryşy öçürmegi unutmaň.

Jüneýit han türkmenleri we hywalylary bir ara toplap Sowet häkimiýetine garşy göreşen ýomut taýpasynyň lideri, iň soňky hökümdary.

Gurbanmämmet Serdar
Faýl:Gurbanmämmet Serdar.jpg
Iň soňky Hywa hany Gurbanmämmet Serdaryň ýaşlyk wagty
Şahsy maglumatlar
Doglan wagty1862-nji ýyl
Ölüm1938-nji ýyl, Owganystan,
MilletiTürkmenleriñ Ýomut tiresinden
GatnaşykEýran, Owganystan
Çaga(lary), Eýmir
Kakasy
GaryndaşlaryTaýça, Söýer, Älem serdar, agtyklary
Harby hyzmatlary
Hyzmat eden ýyllary1912-1938
DerejeSerdar Karim (Asylly serkerde) 1918-nji ýyl
BuýruklarAtly we pyýada goşunlar
Uruşlar/ÇaknyşyklarSowetler bilen ençeme uruş
Gurbanmämmet Serdar köp çeşmede basmaçy hökmünde taryp edilýär

1862-nji ýylda Tagta etrabynyň (häzirki Görogly etraby) Bedirkent obasynda doglan Gurbanmämmet serdar — Jüneýit han birnäçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolupdyr.

Ýigriminji asyryň başlarynda Hywa hany hökümetiniň goldawyna daýanyp, türkmenleriň üstünden hökümdarlygyny berkitmek maksady bilen, olara agyr düşýän ýer-suw we salgyt reformasyny geçirmäge synanyşýar. Şonsuz hem patyşa hökümetiniň kolonial syýasaty sebäpli horluk baryny gören türkmenler ýaraga ýapyşmaga mejbur bolýar.

Jüneýit han 1938-nji ýylda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň bir obasynda aradan çykýar.

Türkmeniň şeýle agyr ýagdaýa düşmegi Jüneýit hany orta çykarýar. Jüneýit han ilkibada özüniň gowy ýaraglanan garyndaş toparlaryny töweregine jemläp, serdar adyna mynasyp bolýar. Soňra ownugrak galtamanbaşylaryň, serdarlaryň birnäçesini özüne tabyn edýär, hatda adalatyň hatyrasy üçin özüniň doganoglanyny-da öldürýär. Şeýle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugraýar. Öz tiresiniň ady bilen baglanyşykly ony Jüneýit han diýip atlandyryp başlaýarlar. Sebäbi ol öz obasyndaky ilatyň garyp ýa-da baý bolmagyna garamazdan, olaryň ar-namysyny, hak-hukugyny goramagy başarypdyr.

1912-13-nji ýyllarda Hywa hany patyşa Russiýasynyň hökümetiniň kömek bermegi netijesinde türkmen obalaryndaky gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin harby ýöriş geçirýär. Jüneýit han bolsa türkmenleri töweregine jemläp, Hywa hanynyň goşunlaryna garşylyk görkezýär. Şonda Jüneýit hany diňe türkmenler däl, eýsem, Hywa hökümetiniň alyp barýan syýasatyndan nägile bolan özbekler, garagalpaklar, gazaklar hem aktiw goldapdyrlar. Jüneýit han halkyň bähbidini hiç bir zada çalyşmandyr. 1913-nji ýylda türkmenleriň ýaraglanan topary 15 müňe ýetipdir. Türküstandan patyşa Russiýasyny gysyp çykarmakda Jüneýit hanyň uly daýanç boljakdygyna käbir daşary ýurt hökümetleri hem oňat düşünipdirler. Şoňa görä-de 1914-nji ýyldan başlap Jüneýit hanyň ähli alyp baran işlerine ilki german-türk, soňra bolsa iňlis-türk razwedkasy goldaw berýär.

1916-njy ýylda Hywa hanynyň eden-etdiligi, patyşa Russiýasynyň kolonial sütemi diňe bir türkmenleriň däl, eýsem, özbekleriň, garagalpaklaryň we beýleki halklaryň hem halys degnasyna degýär. Hywa hany ýerli halkyň namysyna degip, hatda ýetişen gyzlary zorluk bilen alyp, öz köşgüne getirmäge çenli baryp ýetýär. (Bu taryhy hakykat boýunça ýazyjy Beki Seýtäkow «» kitabyny ýazypdy.)Jüneýit han türkmeniň ar-namysyny goramak üçin aýaga galýar. Jüneýit hany goldaýan toparlar has köpelýär. Sebäbi ol her bir meseläni akylly we adalatly çözmegi başarypdyr. Jüneýit han Hywa hanlygyny, başarsa, bütin Türküstany rus basybalyjylaryndan azat etmäge synanyşýar. Ýöne bu meselede Hywa hany belli bir derejede päsgel berýär. Isfendiýaryň ýaman etmişleri sebäpli, özbekler, garagalpaklar häli-şindi Jüneýit handan kömek sorap, arz edip geler ekenler.

1916-njy ýylyň ýanwarynda özbekler özleriniň nägileliklerini aýtmaga Hywa gelende, Isfendiýar han olary tussag edýär. Hojailiniň ýaşululary kömek sorap, Jüneýit hana ýüz tutýarlar. Ol hem 3 müň atly nöker bilen Hywa galasynyň sebitine baryp, tussag edilenler bir gije-gündiziň dowamynda boşadylmasa, paýtagta girip, ähli zady derbi-dagyn etjekdigini Isfendiýar hana duýdurýar.

Gepleşik netije bermänsoň, Jüneýit han diýenini hem edýär. Isfendiýar hany tagtdan düşürýär. Emma patyşa Russiýasynyň administrasiýasy goşulyp, Isfendiýary ýene tagta geçirýär. Jüneýit han Isfendiýardan 60 müň manat hun alyp, yzyna dolanýar. Ýöne ýurtda halk gozgalaňy barha möwç alýar. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin general Galkiniň ýolbaşçylygynda jeza beriji otrýad türkmen obalarynyň içinden gylyç bilen geçýär. Halky şeýle bir gyrýarlar, hut Gökdepe galasyndaky ýaly gyrgynçylyk bolýar. Bu gyrgynçylyk ilat arasynda häli-şindilerem «Galkin ýyly» diýlip, ýigrenç bilen ýatlanylýar. Onuň ýüzbaşylarynyň biri Söýün serdar bolupdyr.

1916-njy ýylda gozgalaňy basylyp ýatyrylandan soň Jüneýit han Owganystana gidýär. 1917-nji ýylyň sentýabrynda ol Owganystandan yzyna dolanyp gelýär. Ol döwürde ýagdaý düýpgöter üýtgäpdi. Russiýadaky rewolýusiýanyň tolkuny bu ýerlere-de ýetipdi. Halk indi bolşewistik akyma goşulyp, rewolýusion hereketleriň tarapynda göreşýärdi.

Hywadaky wagtlaýyn hökümet Isfendiýar han bilen bilelikde halkyň rewolýusion göreşine garşy göreş alyp barýardy. Jüneýit hanyň ozalky alyp baran ähli göreşi rus kolonizatorlaryna we Isfendiýar hanyň eden-etdiligine garşy gönükdirilen bolsa, soňra han wagtlaýynça olar bilen ylalaşyga gelip, sowet häkimiýetine garşy göreşmeli bolýar. Bu ýagdaýda Isfendiýar han hem Jüneýit hanyň güýjüne daýanmasa, ýurdy özbaşdak dolandyryp biljek däldi.

Hywa tagtynda başga bir han otursa-da, hakykatda 1918-20-nji ýyllarda bütin Hywa hanlygyny Jüneýit hanyň özi dolandyrýar. Her beglikde öz adamlaryndan ýörite wekil goýýar. Özüniň berkarar eden tertip-düzgünine tabyn bolmadyklara ol dözümli darapdyr. Şonuň üçin Jüneýit hanyň ýurdy dolandyran döwründe ogurlyk, talaňçylyk, günäsiz adamy öldürmek, esassyz nika bozmak ýaly türkmençilige mahsus bolmadyk hadysalar bolmandyr. Şol döwri gören ýaşulularyň aýtmagyna görä, hemme zat ýatan-ýatan ýerinde bolupdyr, hiç kim kişiniň zadyna birugsat el degirmändir.

1918-nji ýylyň baharynda Bedirkent obasynda başlanan ilkinji elektrostansiýanyň gurluşygy soňy bilen Jüneýit hanyň raýatyndakylary yşyk bilen üpjün etmeli eken. Ol özüniň manatlyk teňňe puluny çykardyp başlaýar we salgyt sistemasyny girizýär. Bu elbetde, özbaşdak türkmen döwletini döretmäge bolan synanyşykdy.

Hywa hany Isfendiýar eden-etdilige ýüz urup, halkyň nägileligini gazanýar we Jüneýit hanyň geçirýän çärelerine päsgelçilik döretmäge synanyşýar. Şonuň üçin 1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda ol Jüneýit hanyň görkezmesi boýunça özüniň «Nurullabaý» köşgünde öldürilýär. Jüneýit han onuň ýerine Isfendiýaryň kiçi dogany Seýit Abdylla töräni tagta çykarýar. Şeýle-de bolsa ähli häkimiýeti Jüneýit han öz elinde saklaýar. Ol Angliýa, Türkiýe, Owganystan, Eýran, Buhara we Türküstanyň ähli künjekleri bilen aragatnaşyk saklaýar.

1918-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Jüneýit hanyň Dörtgülde agdarmak üçin eden hüjümi şowsuz gutarýar. Ol 1919-njy ýylyň 9-njy aprelinde Tagta etrabynda Sowet häkimiýeti bilen parahatçylykly ýaşaşmak baradaky ylalaşyga gol çekýär. Gol çekişligiň yz ýany amatly pursatdan peýdalanyp, ştaby front üçin 700 atly nöker ibermegini Jüneýit handan haýyş edýär. Emma Jüneýit han sowetleriň bu haýyşyny kanagatlandyrmaýar. Eger kömek bermekçi bolsa-da, onuň ýerine köp mukdarda ok-ýarag talap edipdir. Üstesine-de, kömege iberiljek atlylary musulmanlaryň, aýratyn hem we Eziz hanyň garşysyna ulanmaly däldigini duýdurýar (ol Eziz han bilen ýakyndan gatnaşar eken). Sowet häkimiýetiniň wekilleri bu teklibi kabul etmeýär.

1920-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Bedirkentde we bilen bolan aýgytly söweşden soň, Jüneýit hanyň atlylary öz maşgalalary bilen gum a— diýen ýere çekilýär. 1921-nji ýylyň aprelinde ýolbaşçylygynda Owganystandan, ýolbaşçylygynda bolsa Eýrandan 3 müň , 54 müň , birnäçe we başga-da dürli harytlar ýüklenen Jüneýit han üçin ýardama gelýär.

1924-nji ýylda Garagumda — diýen ýerde ornaşan Jüneýit hana Owganystandan ýene-de 270 ok-, ýarag we başga harytlar gelýär. Şol ýylyň ýanwarynda ol Daşoguz, , , , ýaly etraplary eýeleýär we Hywa howp salýar. Emma jemlenen uly otrýady Jüneýit hanyň toparyna güýçli zarba urandan soň, ol ýene-de guma çekilmäge mejbur bolýar.

Sowet häkimiýetiniň wekilleri Garagumda ornaşan Jüneýit han bilen özara ylalaşyga gelmek üçin gepleşikler geçirýär. 1925-nji ýylyň 4-nji aprelindäki karary bilen onuň emläginiň we graždan hukugynyň eldegrilmesizdigini ykrar edýär. Jüneýit hanyň garamagyndaky adamlar üçin 5 müň gektar ýer bölüp berip, olary üç ýyllap salgytdan boşatmak we pul kömegini bermek hem göz öňünde tutulýar. Emma akylly hem öňdengörüji han Gurbanmämmet serdar — Jüneýit han sowet hökümeti bilen ylalaşyga girmeýär. Ol ýer bermek bilen, sowet hökümetiniň öz daşyna tor gurjak bolýanyna akyl ýetiripdir hem-de 1928-nji ýylda özüniň az sanly nökerleri bilen Eýrana göçýär, 1929-njy ýylda bolsa Owganystana geçýär.

Jüneýit han käbir ýagdaýlarda kem-käs öte geçen-de bolsa, umuman, onuň alyp baran işleri adalatly we külli türkmeni birikdirip, bütewi özbaşdak döwlet döretmäge edilen synanyşyk bolupdyr. Ol daşary ýurtlarda bolanda-da öz ýany bilen gidenleri hor-zar etmändir, türkmen adyny belent tutupdyr.

Jüneýit han öz Watanyny diýseň gowy görüpdir. Ol 1938-nji ýylda Owganystanyň welaýatynyň obalarynyň birinde aradan çykýar. Halkyň arasyndaky gürrüňlere görä, ol ölmeziniň öň ýanynda hossarlaryna: «Ölenimden soň meniň jesedimi Amyderýa bilen Watanyma sary akdyryp goýberiň, men suw bilen baryp, öz dogduk mekanymyň topragyna siňeýin» diýip, sargyt edipdir.

Yene basgaca bir halkyn arasyndaki gurrunlere gora juneyt hany olumunden son onyn jesedini bir gijede eltip Dasaguz welayatynyn Tagta etrabynyn Bedirkent obasynda oz kakasynyn yanynda jaylapdyrlar.

«Ýer berjek» diýende-de, sowet hökümetine ynam etmän, daşary ýurda gitmek bilen, Jüneýit han dogry çözgüt tapypdyr. Sebäbi Jüneýit hanyň-da, Eziz hanyň-da daşyny gurşan adamlaryň ählisi — olaryň maslahatçylary, nökerleri, dogan-garyndaşlary... tarapyndan sudsuz-zatsyz atylyp öldürildi.

Awtor: www.NiNa.Az

Neşir edilen senesi: 21 Iýun, 2025 / 05:46

wikipediýa, wiki, kitap, kitaplar, kitaphana, makala, oka, göçürip al, mugt, mugt göçürip al, mp3, wideo, mp4, 3gp, jpg, jpeg, gif, png, surat, aýdym-saz, aýdym, film, kitap, oýun, oýunlar, jübi telefony, android, ios, alma, jübi telefony, samsung, iphone, xiomi, xiaomi kompýuter, Jüneýit han hakda maglumat, Jüneýit han näme? Jüneýit han näme diýmek?

Bu makalada hic bir maglumat hakynda yok Bu makalada upjun edilen maglumatlar hakynda salgylanma gorkezilmandir Bu maglumatlaryn ygtybarlylygy belli dal Bu mowzuga degisli ygtybarly cesme bilyan bolsanyz makalany uytgetmek hem de osdurmek arkaly salgylanma upjun etmek bilen okyjylara yardam berip bilersiniz Degisli yorgunli salgylanmalar gorkezilenden sonra bu duydurysy ocurmegi unutman Juneyit han turkmenleri we hywalylary bir ara toplap Sowet hakimiyetine garsy goresen yomut taypasynyn lideri in sonky hokumdary Gurbanmammet SerdarFayl Gurbanmammet Serdar jpgIn sonky Hywa hany Gurbanmammet Serdaryn yaslyk wagtySahsy maglumatlarDoglan wagty1862 nji yylOlum1938 nji yyl Owganystan MilletiTurkmenlerin Yomut tiresindenGatnasykEyran OwganystanCaga lary EymirKakasyGaryndaslaryTayca Soyer Alem serdar agtyklaryHarby hyzmatlaryHyzmat eden yyllary1912 1938DerejeSerdar Karim Asylly serkerde 1918 nji yylBuyruklarAtly we pyyada gosunlarUruslar CaknysyklarSowetler bilen enceme urusGurbanmammet Serdar kop cesmede basmacy hokmunde taryp edilyar 1862 nji yylda Tagta etrabynyn hazirki Gorogly etraby Bedirkent obasynda doglan Gurbanmammet serdar Juneyit han birnace wagt oz obasynda kazy we mirap bolupdyr Yigriminji asyryn baslarynda Hywa hany hokumetinin goldawyna dayanyp turkmenlerin ustunden hokumdarlygyny berkitmek maksady bilen olara agyr dusyan yer suw we salgyt reformasyny gecirmage synanysyar Sonsuz hem patysa hokumetinin kolonial syyasaty sebapli horluk baryny goren turkmenler yaraga yapysmaga mejbur bolyar Juneyit han 1938 nji yylda Owganystanyn Hyrat welayatynyn bir obasynda aradan cykyar Turkmenin seyle agyr yagdaya dusmegi Juneyit hany orta cykaryar Juneyit han ilkibada ozunin gowy yaraglanan garyndas toparlaryny toweregine jemlap serdar adyna mynasyp bolyar Sonra ownugrak galtamanbasylaryn serdarlaryn birnacesini ozune tabyn edyar hatda adalatyn hatyrasy ucin ozunin doganoglanyny da olduryar Seyle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugrayar Oz tiresinin ady bilen baglanysykly ony Juneyit han diyip atlandyryp baslayarlar Sebabi ol oz obasyndaky ilatyn garyp ya da bay bolmagyna garamazdan olaryn ar namysyny hak hukugyny goramagy basarypdyr 1912 13 nji yyllarda Hywa hany patysa Russiyasynyn hokumetinin komek bermegi netijesinde turkmen obalaryndaky gozgalany basyp yatyrmak ucin harby yoris geciryar Juneyit han bolsa turkmenleri toweregine jemlap Hywa hanynyn gosunlaryna garsylyk gorkezyar Sonda Juneyit hany dine turkmenler dal eysem Hywa hokumetinin alyp baryan syyasatyndan nagile bolan ozbekler garagalpaklar gazaklar hem aktiw goldapdyrlar Juneyit han halkyn bahbidini hic bir zada calysmandyr 1913 nji yylda turkmenlerin yaraglanan topary 15 mune yetipdir Turkustandan patysa Russiyasyny gysyp cykarmakda Juneyit hanyn uly dayanc boljakdygyna kabir dasary yurt hokumetleri hem onat dusunipdirler Sona gora de 1914 nji yyldan baslap Juneyit hanyn ahli alyp baran islerine ilki german turk sonra bolsa inlis turk razwedkasy goldaw beryar 1916 njy yylda Hywa hanynyn eden etdiligi patysa Russiyasynyn kolonial sutemi dine bir turkmenlerin dal eysem ozbeklerin garagalpaklaryn we beyleki halklaryn hem halys degnasyna degyar Hywa hany yerli halkyn namysyna degip hatda yetisen gyzlary zorluk bilen alyp oz kosgune getirmage cenli baryp yetyar Bu taryhy hakykat boyunca yazyjy Beki Seytakow kitabyny yazypdy Juneyit han turkmenin ar namysyny goramak ucin ayaga galyar Juneyit hany goldayan toparlar has kopelyar Sebabi ol her bir meselani akylly we adalatly cozmegi basarypdyr Juneyit han Hywa hanlygyny basarsa butin Turkustany rus basybalyjylaryndan azat etmage synanysyar Yone bu meselede Hywa hany belli bir derejede pasgel beryar Isfendiyaryn yaman etmisleri sebapli ozbekler garagalpaklar hali sindi Juneyit handan komek sorap arz edip geler ekenler 1916 njy yylyn yanwarynda ozbekler ozlerinin nagileliklerini aytmaga Hywa gelende Isfendiyar han olary tussag edyar Hojailinin yasululary komek sorap Juneyit hana yuz tutyarlar Ol hem 3 mun atly noker bilen Hywa galasynyn sebitine baryp tussag edilenler bir gije gundizin dowamynda bosadylmasa paytagta girip ahli zady derbi dagyn etjekdigini Isfendiyar hana duyduryar Geplesik netije bermanson Juneyit han diyenini hem edyar Isfendiyar hany tagtdan dusuryar Emma patysa Russiyasynyn administrasiyasy gosulyp Isfendiyary yene tagta geciryar Juneyit han Isfendiyardan 60 mun manat hun alyp yzyna dolanyar Yone yurtda halk gozgalany barha mowc alyar Gozgalany basyp yatyrmak ucin general Galkinin yolbascylygynda jeza beriji otryad turkmen obalarynyn icinden gylyc bilen gecyar Halky seyle bir gyryarlar hut Gokdepe galasyndaky yaly gyrgyncylyk bolyar Bu gyrgyncylyk ilat arasynda hali sindilerem Galkin yyly diylip yigrenc bilen yatlanylyar Onun yuzbasylarynyn biri Soyun serdar bolupdyr 1916 njy yylda gozgalany basylyp yatyrylandan son Juneyit han Owganystana gidyar 1917 nji yylyn sentyabrynda ol Owganystandan yzyna dolanyp gelyar Ol dowurde yagday duypgoter uytgapdi Russiyadaky rewolyusiyanyn tolkuny bu yerlere de yetipdi Halk indi bolsewistik akyma gosulyp rewolyusion hereketlerin tarapynda goresyardi Hywadaky wagtlayyn hokumet Isfendiyar han bilen bilelikde halkyn rewolyusion goresine garsy gores alyp baryardy Juneyit hanyn ozalky alyp baran ahli goresi rus kolonizatorlaryna we Isfendiyar hanyn eden etdiligine garsy gonukdirilen bolsa sonra han wagtlayynca olar bilen ylalasyga gelip sowet hakimiyetine garsy goresmeli bolyar Bu yagdayda Isfendiyar han hem Juneyit hanyn guyjune dayanmasa yurdy ozbasdak dolandyryp biljek daldi Hywa tagtynda basga bir han otursa da hakykatda 1918 20 nji yyllarda butin Hywa hanlygyny Juneyit hanyn ozi dolandyryar Her beglikde oz adamlaryndan yorite wekil goyyar Ozunin berkarar eden tertip duzgunine tabyn bolmadyklara ol dozumli darapdyr Sonun ucin Juneyit hanyn yurdy dolandyran dowrunde ogurlyk talancylyk gunasiz adamy oldurmek esassyz nika bozmak yaly turkmencilige mahsus bolmadyk hadysalar bolmandyr Sol dowri goren yasulularyn aytmagyna gora hemme zat yatan yatan yerinde bolupdyr hic kim kisinin zadyna birugsat el degirmandir 1918 nji yylyn baharynda Bedirkent obasynda baslanan ilkinji elektrostansiyanyn gurlusygy sony bilen Juneyit hanyn rayatyndakylary ysyk bilen upjun etmeli eken Ol ozunin manatlyk tenne puluny cykardyp baslayar we salgyt sistemasyny girizyar Bu elbetde ozbasdak turkmen dowletini doretmage bolan synanysykdy Hywa hany Isfendiyar eden etdilige yuz urup halkyn nagileligini gazanyar we Juneyit hanyn geciryan carelerine pasgelcilik doretmage synanysyar Sonun ucin 1918 nji yylyn 30 njy oktyabrynda ol Juneyit hanyn gorkezmesi boyunca ozunin Nurullabay kosgunde oldurilyar Juneyit han onun yerine Isfendiyaryn kici dogany Seyit Abdylla torani tagta cykaryar Seyle de bolsa ahli hakimiyeti Juneyit han oz elinde saklayar Ol Angliya Turkiye Owganystan Eyran Buhara we Turkustanyn ahli kunjekleri bilen aragatnasyk saklayar 1918 nji yylyn 25 nji noyabrynda Juneyit hanyn Dortgulde agdarmak ucin eden hujumi sowsuz gutaryar Ol 1919 njy yylyn 9 njy aprelinde Tagta etrabynda Sowet hakimiyeti bilen parahatcylykly yasasmak baradaky ylalasyga gol cekyar Gol cekisligin yz yany amatly pursatdan peydalanyp staby front ucin 700 atly noker ibermegini Juneyit handan hayys edyar Emma Juneyit han sowetlerin bu hayysyny kanagatlandyrmayar Eger komek bermekci bolsa da onun yerine kop mukdarda ok yarag talap edipdir Ustesine de komege iberiljek atlylary musulmanlaryn ayratyn hem we Eziz hanyn garsysyna ulanmaly daldigini duyduryar ol Eziz han bilen yakyndan gatnasar eken Sowet hakimiyetinin wekilleri bu teklibi kabul etmeyar 1920 nji yylyn 22 23 nji yanwarynda Bedirkentde we bilen bolan aygytly sowesden son Juneyit hanyn atlylary oz masgalalary bilen gum a diyen yere cekilyar 1921 nji yylyn aprelinde yolbascylygynda Owganystandan yolbascylygynda bolsa Eyrandan 3 mun 54 mun birnace we basga da durli harytlar yuklenen Juneyit han ucin yardama gelyar 1924 nji yylda Garagumda diyen yerde ornasan Juneyit hana Owganystandan yene de 270 ok yarag we basga harytlar gelyar Sol yylyn yanwarynda ol Dasoguz yaly etraplary eyeleyar we Hywa howp salyar Emma jemlenen uly otryady Juneyit hanyn toparyna guycli zarba urandan son ol yene de guma cekilmage mejbur bolyar Sowet hakimiyetinin wekilleri Garagumda ornasan Juneyit han bilen ozara ylalasyga gelmek ucin geplesikler geciryar 1925 nji yylyn 4 nji aprelindaki karary bilen onun emlaginin we grazdan hukugynyn eldegrilmesizdigini ykrar edyar Juneyit hanyn garamagyndaky adamlar ucin 5 mun gektar yer bolup berip olary uc yyllap salgytdan bosatmak we pul komegini bermek hem goz onunde tutulyar Emma akylly hem ondengoruji han Gurbanmammet serdar Juneyit han sowet hokumeti bilen ylalasyga girmeyar Ol yer bermek bilen sowet hokumetinin oz dasyna tor gurjak bolyanyna akyl yetiripdir hem de 1928 nji yylda ozunin az sanly nokerleri bilen Eyrana gocyar 1929 njy yylda bolsa Owganystana gecyar Juneyit han kabir yagdaylarda kem kas ote gecen de bolsa umuman onun alyp baran isleri adalatly we kulli turkmeni birikdirip butewi ozbasdak dowlet doretmage edilen synanysyk bolupdyr Ol dasary yurtlarda bolanda da oz yany bilen gidenleri hor zar etmandir turkmen adyny belent tutupdyr Juneyit han oz Watanyny diysen gowy gorupdir Ol 1938 nji yylda Owganystanyn welayatynyn obalarynyn birinde aradan cykyar Halkyn arasyndaky gurrunlere gora ol olmezinin on yanynda hossarlaryna Olenimden son menin jesedimi Amyderya bilen Watanyma sary akdyryp goyberin men suw bilen baryp oz dogduk mekanymyn topragyna sineyin diyip sargyt edipdir Yene basgaca bir halkyn arasyndaki gurrunlere gora juneyt hany olumunden son onyn jesedini bir gijede eltip Dasaguz welayatynyn Tagta etrabynyn Bedirkent obasynda oz kakasynyn yanynda jaylapdyrlar Yer berjek diyende de sowet hokumetine ynam etman dasary yurda gitmek bilen Juneyit han dogry cozgut tapypdyr Sebabi Juneyit hanyn da Eziz hanyn da dasyny gursan adamlaryn ahlisi olaryn maslahatcylary nokerleri dogan garyndaslary tarapyndan sudsuz zatsyz atylyp oldurildi

Iň soňky makalalar
  • Iýun 09, 2025

    Afýonkarahisar

  • Iýun 13, 2025

    Afrika

  • Iýun 15, 2025

    Adana (il)

  • Iýun 14, 2025

    Adana

  • Iýul 03, 2025

    Adamyň iýmit siňdiriş ulgamy

www.NiNa.Az - Studiýa

    Habarlaşyň
    Diller
    Biziň bilen habarlaşyň
    DMCA Sitemap
    © 2019 nina.az - Ähli hukuklar goragly.
    Awtor hukugy: Dadash Mammadov
    Dünýäniň ähli ýerlerinden maglumat we faýl paýlaşygyny üpjün edýän mugt websaýt.
    Ýokary